Sähra 2 (Roman)

Žan-Mari Gýustaw Le KLEZIO,
fransuz ýazyjysy
(Soňy. Başlangyjy žurnalyň geçen sanynda).
Lalla çopanyň ellerini synlamagy gowy görýär. Onuň elleri inçejik, sadap dyrnakly barmaklary uzyn. Aýalary sarymtyl-gülgüne öwüsse, aýasynyň ýeňsesi goňur öwüşginli. Ýapraklaryň reňki şeýdip iki tarapyndan dürli-dürli bolýar. Esasy zat, onuň elleri gürlemegi başarýar. Bu Lalla ýaraýar. Elbetde, muny gürrüň hasap etmeseň-de bolardy. Ol elleriniň, dodaklarynyň hereketi, gözleriniň uçguny bilen howada keşpleri çyzýardy. Ol keşpler edil ýyldyrym ýaly, birden ýanyp, dessine-de öçüp gidýärdiler. Ýöne Lalla hiç wagt şolardan ajap, şolardan çyn gürrüňi eşidip görmändi. Hatda balykçy Namanyň, Emmanyň söhbetlerem olar bilen deňleşip bilmejekdi. Hartaniniň söhbetleri, edil özi ýaly, düýşe meňzeşdi. Ol uzak gürläp biljekdi. Gürlän wagty gözleriniň öňünden guşlar ganatyny ýaýyp geçip gidýärdi. Gaýalar münder-münderdir. Dag şemaly ukudakylaryň ýüzüni sypap geçýändir. Lalla onuň ýüzüne seredip, elleriniň hereketini nazary bilen künjege gabanda, şu zatlary görýärdi. Çopan şu gürrüňleri öz aýasyndan uçuryp goýberýän ýalydy. Gürrüňler onuň dodaklarynyň arasyndan süzülip çykýan, nazaryndan döreýän ýalydy.
Gowy ýeri, Hartaniniň söhbediniň dowamynda hiç zat ümsümligi bozanokdy. Gün öňküsi ýaly gyzyl gaýalary ýakyp gowurýardy. Käte sowuk ýel öwser. Hartaniniň uzyn barmaklarynyň ujunda görnen ýylan jara tarap süýşüp gider-de, şol ýerde başyny göterip, ýeňsesine gaňrylar. Birdenem onuň aýalaryndan pasyrdap ullakan ak bürgüt uçup çykar. Gijeki asmana dolan Aý tigirlenip çykar, Hartani barmaklarynyň ujy bilen ýyldyzlary ýakyp başlar… Ilki birini… Soň ýene birini… Ol üçburç daşy gögüň ortasyna dazladyp zyňar… Daş barha ýokary galar… Birdenem Ýere gaçar-da, üsti guşdan doly, gür ýaprakly daragta öwrüler… Ýöne bu pursatlar uzak dowam edenok. Hartani, göýä, nämedir bir zatdan ürken keýik ýaly, ýerinden towsup turýar-da, gözden ýitýär. Lalla onuň haýsy deşige sümeninem görmän galýar.
Şäherjikde Lallanyň Hartani bilen tirkeşýänini oňlap baranoklar. Emmanyň uly ogly Hartanini ogry hasaplaýar. Nämemiş, onuň boýnundan asylgy gaýyş haltajykda bir bölek altyn barmyş. Ýöne bu ýalandy. Hartani ol bölek altyny derýanyň gury hanasyndan tapypdy.
Lalla ody gowy görýär. Şäherjikde hem ody gowy görýärler. Aýratynam, çagalar bilen garrylar. Bir ýerde ot ýananyny gördükleri, derrew daşyna üýşýärler. Lalla balykçy Namanyň ýakan oduna çoýunmagy halaýar. Balykçy şepbik eredip, gaýygynyň deşiklerini ýamamak üçin ot ýakýar. Ol ýogynly-inçeli şahalary bir ýere üýşürýär-de, aşagyna gury ýapraklardan tutaşdyrlyk edip ot degirýär. Oduň üstüne gury suwotular bilen garamandalaklaram basýar. Gojanyň ýüzünden dynman der akýar, çäge bolsa ot bolup ýanýar. Lalla onuň her bir hereketini sypdyrman synlaýar. Onuň ot ýakmagy öwrenesi gelýär. Ot öçse, balykçy elini şahalaryň arasyna sokup, ony gorsaýar. Eli oda ýanar öýdüp birjigem gorkanok. Ot özünden gorkmaýanlary halaýar. Onsoň ot gaýtadan tutaşýar. Ot mazaly tutaşansoň, Naman onuň üstüne üç aýakly çoýun tagany goýup, içi şepbikli ullakan gazany oturdýar. Kenarda iki-üç ädimlikde onuň gaýygy garnyny asmana tutup, deşiklerini ýamatmaga taýýar bolup ýatyr. Lalla Namanyň nazarynda deňiz tolkunynyň reňkine meňzeş şöhläni görmek üçin jan edýär. Balykçy ony görüp, elini salgap goýberýär: «Men saňa Bilbilgöýe hakda gürrüň berdimmi?».
Lalla başyny ýaýkaýar. Onuň göwni heýjana gelýär. Kenar, çäge, otda şepbik gaýnaýar: tüýs gürrüň diňlemegiň wagtydy.
«Men saňa näme üçin Bilbilgöýe hakda gürrüň bermedimkäm?».
Goja ýerinden turup, gazanda gaýnap duran şepbige gözüni aýlaýar. Eline taýak alyp, şepbigi garýar. Ol hemme zatdan göwnühoş halda köne okarany Lalla uzadýar: «Sakla, maňa gerek bolan wagty şuny şepbikden doldur-da, getirip ber!».
Ol jogaba-da garaşman, gaýyga tarap ýönelýär. Çöpüň ujuna esgi sarap ýasan çotgalaryny öňünde setirläp goýýar. Gaýygyň jaýryklaryna letde dykyp bolansoň, Lalla tarap öwrülýär:
— Getir!
Lalla okarany gara şepbikden doldurýar. Şepbik köpürjikläp gaýnaýar. Gyzyň gözüni tüsse ýaşardýar. Ol eli okaraly Namana tarap ylgaýar.
Goja balykçy çotgasyny şepbige batyryp, gaýyga çalyp başlaýar. Eli şepbik çalýar, dili alysda galan wakanyň bir ujundan girýär:
— Bu juda ir döwür bolan… Ol wagt entek meniň atamam dünýäde ýok ekeni. Ol wagt düýbünden başga adamlar ýaşapdyrlar. Entek jynlaram Ýerden kowup ýetişmän ekenler. Şol döwür Gündogaryň uly şäherleriniň birinde bir emir ýaşapdyr, onuňam Leýla atly ýeke gyzy bar ekeni. Juda owadan gyz ekeni…
Goja balykçy gürrüňiň arasynda çotgasyny şepbige batyryp, gaýygyň jaýrygyndan ýöredip goýberýär. Gyzgyn şepbik jaýrygy dolduryp, çägäniň üstüne syrygýar. Lalla gojanyň elinden gözüni aýyrman synlaýar. Naman gürrüňini dowam edýär:
— Birdenem ol ýurduň üstüne betbagtçylyk inipdir. Ýyl gurak gelip, guýudyr derýalar gurapdyr. Suwsuzlykdan janly-jandar gyrlyp başlapdyr. Ilki agaçdyr otlar, soň goýun-geçiler, düýeler… Guşlar… Iň soňunda-da adamlar… Emir wezir-wekillerini geňeşe ýygnapdyr. Ýöne olaryň hiç biri gurakçylygyň nädip soňuna çykmalydygyny bilmändir. Ine, şol günleriň birinde-de şähere bir müsürli gelmişegiň aýagy düşüpdir. Onuň jadygöýlikdenem habary bar ekeni. Emir müsürlini köşge çagyryp, melamat bolup inen betbagtçylykdan ýurdy gutarmagyny haýyş edipdir. Müsürli ak kagyzyň üstüne syýa döküpdir-de, gara tegmile çiňerilip birsalym durupdyr. Birdenem tutuş göwresi bilen saňňyldap, emirden gitmäge rugsat sorapdyr. Emir, eger kömek etse, ony ýurduň iň baý adamy etmäge söz beripdir. Müsürli bolsa: «Hökümdar, maňa şu syry aç diýme, meni goýber» diýip, özelenip ýalbarýarmyş… Emiriň sabyr käsesi dolup: «Ýa aýdarsyň, ýa-da ölersiň» diýipdir… Jellat eýýäm gylyjyň baljagyna elini ýetirenmiş… Şonda müsürli gelmişek: «Saklanyň, men syry açaýyn… Bilip goý, emir, Allanyň lagnaty seniň öz başyňdan inipdir… Gurakçylygyň sebäbi şol» diýipdir…
Goja balykçy okaradaky şepbigiň soňuny gazap almak üçin gürrüňiň arasyny kesýär. Soňra ýeke sözem diýmän, boş okarany Lalla uzadýar. Gürrüň diňlemäge üýşen çagalaryň gözleri Namandan Lalla tarap süýşenekleýär. Lalla boş okarany alyp, gaýnap duran şepbikli gazana tarap ylgaýar. Kellesinde bolsa ýeke pikir köwsarlaýar: «Men gelýänçäm, gürrüňe başlaýmabilseýdir…»…
Lallanyň elinden şepbikli okarany alan goja gürrüňini ýolnan ýerinden dowam edýär:
— Müsürli emirden sorapdyr: «Sen bir gezek täjiriň gyzylyny ogurlady diýlip günä ýapylan adama jeza beripdiňmi?». «Hawa, sebäbi ol ogry». «Ol adam bigünädi. Oňa töhmet atdylar, sen bolsa bigünä jeza berdiň, şonuň üçinem başyňdan nälet indi»…
— Men näleti başymdan aýyrmak üçin näme etmeli? — diýip, emir sorapdyr.
— Ýeke gyzyňy tokaýa eltip, ýyrtyjy haýwanlaryň arasynda taşlap gaýtmaly, şonda gurakçylyk ýurtdan çekiler — diýip, müsürli kesgitli jogap beripdir.
Başga alaç ýok. Üç gün gözýaş döken emir gyzyny tokaýa taşlap gaýtmagyň kül-külüne düşýär. Ýöne şol ýurtda Leýlany jany-teni bilen söýýän bir ýaş ýigit bar ekeni. Ol gyzy halas etmegiň ugruna çykýar. Oňa öz jadygöý garyndaşyndan bir ýüzük miras galan ekeni. Şol ýüzügi barmagyna ötürse, islendik haýwana öwrülip bilýär ekeni. Ýöne soňra yzyna — adam keşbine girip bilmejek ekeni… Bellenen gün emir gyzyny tokaýyň jümmüşine eltip, atdan düşürýär-de, agaja saraýar. Özem gapdalynda hünübirýan aglap duranmyş… Sebäbi ýyrtyjy haýwanlaryň arlaýan sesleri barha golaýlap gelýärmişin… Agaja saralan betbagt Leýla aglap kakasyny kömege çagyrýarmyşyn. Ine, gözleri ýanyp duran äpet bir möjek onuň alkymynda aýak çekdi… Birdenem…Tokaýda aýdym sesi ýaňlanypdyr. Ol ses şeýlebir şirin ekeni welin, ony eşidip, gyzyň gorkusy zym-zyýat bolupdyr. Hatda ýyrtyjy haýwanlar hem biygtyýar bu aýdyma diň salyp durmuşynlar… Jadyly owaz tokaýy doldurypdyr… Iň bir ýyrtyjy haýwanlar ýere süýnüp, ony diňläp ýatyrmyşyn… Gyzyň elindäki tanap öz-özünden çözülip, ol tokaýyň içi bilen ýöräp gidiberipdir. Nirä barsa şol aýdym eşidilip, ýyrtyjy haýwanlar onuň el-aýagyny ýalap, ýol berip duranmyş… Leýla uzak gije ýol ýöräp, jahan ýagtylanda köşge gelipdir. Şol jadyly aýdym oňa köşgüň derwezesine çenli ýoldaş bolupdyr. Melikäniň sag-aman dolanyp gelenine hemmeler begenipdir, ýöne hiç kim onuň yzy bilen şahadan-şaha böküp gelen kiçijik guşjagaza ünsem bermändir… Şol gün säher bilenem halys guran teşne topragyň üstüne ak çabga şaglap inipdir…
Goja balykçynyň çotgaly eli haýallaýar. Lalla hem çagalar onuň ýaşyl gözleri ýaldyrap duran bugdaýreňk ýüzüne tiňkesini dikýär. Hiç kimden ses çykanok. Hiç kim soň näme bolandygyny soranok. Goja çagalary birsalym irikge edip, gürrüňini soňlaýar:
— Ýöne Bilbilgöýe atly guşjagaz ýagşyň aşagynda-da saýrapdyr. Ol guş gyzy söýýän ýaş ýigitdi. Ol gaýtadan adam keşbine girip bilmänsoň, her agşam Leýlanyň penjiresiniň öňünde daň atýança saýraýan ekeni. Ýöne melike gyz dünýäsini täzelänsoň, guşa öwrülip, aşygy bilen birigenmiş diýip gürrüň berýärler…
Gürrüňini soňlan goja dymdy. Ol indi gaýygy bilen başagaý. Gün gözýetimdem aşak sallanyp, iňrik garalyp başlapdy. Çagalar dargap, Lalla goja bilen ýeke galdy. Goja balykçy işini tamamlap, goş-golamyny ýygnady-da, haýaljak ädimläp, bu ýerden arany açdy. Kenarda diňe Lalla bilen öçeňkirlän ot galdy. Küle gömlen iki sany köz entegem käte bir ýylpyldap gidýär. Soňky köz sönen ýyldyz deýin ýylpyldap, soň ymykly öçende, Lalla ýerinden turup, öýlerine tarap ýöneldi…
…Tozanly ýoluň ýüzüne aýak yzlaryndan ýaňa nagyş çekilen ýaly. Lalla bu yzlaryň yzyna düşüp gitmegi halaýar. Eger olar guşuň ýa mör-möjegiň yzy bolsa, hiç ýere eltenok. Käte hine ýa bir öýüň işigine getiräýmesem bar. Yz çalmagy oňa Hartani öwretdi. Hartani edil yzçy tazy ýaly. Ol yz çalanda burnunyň hanasy ýellenip, gözleri gyzarýar. Käte ol yzy has gowy duýmak üçin, ýere ýapyrylýar…
…Lalla deňze dolanýar. Deňiz ilki görendäki ýaly ajaýyp. Gün deňziň üstündäki dumany dargatdy. Tolkunlaryň gerşinde uçgunjyklar ýylpyldaýar. Deňziň ýüzüni sypap gelýän şemal suwotularyň, balykgulaklaryň, duzdur köpürjigiň ysyny getirýär. Çarlak sürüsiniň kölegesi gyzyň üstüne düşýär. Lalla aýaklaryny öl çägä çümdürip oturyşyna, kellesini arkan gaýşardyp, deňiz guşlarynyň yzyndan seredip galýar. Guşlar ujy ýiti ganatlary bilen howany dilip, ýyly howa akymyna tarap kellelerini gapdala çala gyşardyp, çala açyk çüňklerinden geň-enaýy ses çykaryp, haýallyk bilen uçup barýarlar. Süriniň ortasyndaky çarlak Lalla tanyş. Ol ýekeje-de gara tegmilsiz… Ap-ak…
Goja Naman deňiz guşlary deňizde pida bolan adamlaryň ruhlary diýýär. Diýmek, ýaňky ak çarlak uzyn boýly, ak ýüzli, saçlary ýagtydan, gözleri otdan dörän kişiniň ruhy bolsa gerek… Belki, ol deňiz şazadasydyr…
Käte ak çarlak Lallanyň üstünden birki aýlaw edip, soňra süriniň yzyndan ýetmäge howlugýar. Lalla oňa elini bulap, her hili adam atlaryny tutup çagyrýar:
— Süleýman!
— Mömin!
— Daniýel!
Kim bilýär, birden onuň tutýan atlarynyň biri guşlaryň şazadasynyň ady bilen gabat geläýse… Birdenem guş adam keşbine girip, tolkunlaryň arasyndan saçy ýagtydan, gözleri otdan dörän şazada çykyp geläýse…
Ýöne ak çarlak ýene bir öwrüm edýär-de, deňze tarap uçup gidýär. Ujy ýiti ganatlary bilen tolkunlara degip diýen ýaly uçup barşyna, ol gözlerini Lalladan aýranok, ýöne jogabam berenok. Göwni galan Lalla elini bulaýlap, süriniň yzyndan ylgaýar. Deňiz şazadasynyň gaharyny getirmek üçinem onuň göwnüne degäýjek atlary tutup gygyrýar:
— Jüýjejik!
— Serçejik!
Soňra çarlaklaryň halamaýan guşlarynyň adyny tutýar:
— Gyrgy!
— Maslykçy!
Ýöne atsyz ak guş göwnübir halda, haýallyk bilen öz ugruna uçup barýar. Ol gündogar şemalynyň akymyna goşulyp, kenardan barha daşlaşýar. Lallanyň öl çägäni basgylap ylgany biderek. Ol guşuň yzyndan hiç wagt ýetip bilmez…
Käte başga günlere meňzemeýän günler bolýar: ol baýramçylyk günleri… Sen, göýä, diňe şol günlere garaşyp, umyt bilen ýaşaýan ýaly. Baýramçylyk golaý geldigiçe, ähli ýerde gürrüň şol barada… Hemmeler ol günleriň tiz gelerini isleýär. Ýöne baýramçylykdan öň agyz beklemeli günler bar. Ol günler diňe Gün dogmanka hem ýaşansoň iýip-içmeli. Şol döwür, göwnüňe bolmasa, içiňde boşluk emele gelip, barha giňelip barýan ýaly. Soňabaka gulaklaryň şaňlap başlaýar. Lalla, barybir, şol döwri gowy görýär. Sebäbi uzak wagtlap iýmeseň, içgoşlaryň päkizelenen ýaly bolýar. Wagt uzaga çekip, örän dykyz görnüşe geçýär, sebäbi iň bir ownuk-uşak zada çenli ýadyňa berk çümýär.
Birnäçe gün agyz bekläniňden soň, asman öňküden tämiz, dury, gök ýaly bolup görünýär. Gün şöhlesem päkize, owadan, özüňem, göýä, gowagyň içinde oturan dek, her bir ses batly hem bir ýerlerden süýnüp gelýän ýaly bolup eşidilýär. Gündizem öňküden uzaýan ýaly, ertirden agşama çenli tutuş bir aý geçene dönýär.
Agyz beklenýän döwür Lalla her gün daşly baýyrlara Hartanini görmäge gidýär. Çopan oglanjyk hem uzakly gününi iýmän-içmän geçirýär. Ol şeýle günler bedeni guramaz ýaly, burnusyna berk dolanýar.
Gije baýyrlaryň depesinden Aý görnenden, Emma saçaga owkat äberýär. Hemmeler howlukmaç iýip başlaýar. Dymyşlyk. Hiç kimden ses çykanok. Lallanyň gürläsi gelip içini it ýyrtýar, ýöne agyz bekleýän döwrüň gürlemek bolanok. Şol döwür söze-de, pikire-de gadaganlyk girizilýär. Ýöräňde-de aýagyňy süýräp zordan ýöremeli, hiç bir zady barmagyňy çommaldyp görkezmeli däl, sygyrmak bolanok.
Agyz beklemek şeýle bir uzaga çekýär welin, ondan öň nähili ýaşany Lallanyň ýadyndan çykyp gidýär. Onsoň günleriň bir güni Emma baýyrlyga tarap goýun satyn almaga gider. Diýmek, baýramçylyk golaýlandyr. Emmanyň ýeke özi gidýär. Ol Sussi lakamly Selimiň bu işiň hötdesinden gelip bilmeýändigini aýdýar. Emma inçejik egrem-bugram ýoda bilen daşly baýyrlara — çopanlaryň ýaşaýan ýerine gider. Lalla hem beýleki çagalar bilen garaba-gara yzyna düşüp barýandyr. Lalla baýyrlyga golaý barandan, Hartanini gözläp başlar. Ýöne Hartani ýokdur, ol köpçüligi halanok. Goýunlary onuň öweý ata-enesi satýar. Olar satjak goýunlaryny çöpden dikilen agyla gabap, alyjylaryň gelerine garaşyp oturandyrlar.
Beýleki çopanlar hem goýun satýarlar. Goýun satyn almaga, hatda hakyky şäherden gelenem az däl. Olar ulaglaryny ýoluň gutaran ýerinde, şäherjigiň alkymynda goýup, bu ýere ýoda bilen paý-u-pyýada gelipdiler. Olaryň arasynda demirgazykdan gelenler hem bar, olaryň hamy sary, özlerem burnusly däl-de penjekli. Günortadan gelen daýhanlar hem gabat gelýär. Olar bu ýerde mal köpdügini bilensoňlar, amatlyja söwda ymsynyp gelipdiler. Olar agylyň daşynda hümer bolup jedelleşýärler, elläp görüp, satlyk malyň ýagdaýyny kesgitleýärler.
Emma howlukman bu ýere gelýär. Aýak çekmän, goýunlara nazar taşlap, agyllaryň daşyndan aýlanyp çykýar. Onuň eýýäm satyn aljak goýnuny saýlandygyna müňkür bolubam oturmaň. Ol yzyna dolanýar-da, mal eýesiniň ýanyna baryp, saýlan goýnunyň nyrhyny sorar. Söwdalaşyp durman, diýlen bahany beribem, janawary aňyrsyna geçirer. Ol mydama ýany bilen ýüp getirer. Çopan onuň ýüpüni goýnuň boýnuna daňyp, bir ujuny Emmanyň eline berer. Indi goýny öýe getiräýmek galýar. Emmanyň uly ogly Bareki bu işiň hötdesinden gelmelidir. Işşek çykan daýaw goýun baş bermejek bolup dyzar. Bareki ýüpi çekip, goýny bogup barýandyr. Soň goýny öýüň ýeňsesindäki gazyga baglap, soýuljak güni gelýänçä, aldygyna bakarlar.
Ol gün ýetip geler. Lalla ir bilen ukudan oýanyp, gözüni açandan şu gün baýramdygyny biler. Kimdir birinden eşidendigi üçin däl, ýok, Gün şöhlesine gözi düşenden biler. Ol böküp turar-da, köçä — beýleki çagalaryň arasyna ylgar. Howadan guşlaryň jürküldisine meňzeş bir ses gelýändir. Çatmalaryň depesinden bolsa baýramçylyk şowhuny inendir.
Lalla aýagaldygyna deňze tarap ylgap barýandyr. Depesinden ak çarlagyň uçup barýanyny görüp, oňa elini bulaýlap, diline gelen adam atlaryny batly ses bilen sanap başlar:
— Kalla!
— Illa!
— Zamzar!
— Habyb!
— Haşym!
Soňky ady diýenden, çarlak kellesini egip, Lalla seredýär-de, onuň üstünden aýlaw ýasap uçup başlaýar. «Haşym! Haşym!». Lalla haçandyr birwagt deňizde gark bolan deňizçiniň adynyň Haşym bolandygyny indi bilýär.
— Haşym, bärik uçsana…
Ak çarlak ýene bir aýlaw edýär-de, şäheriň zir-zibil dökülýän ýerine uçmazdan ötri, çarlaklaryň üýşýän ýerine tarap ugur alýar.
Emma ýag gaýnap duran gazanda çapady bişirýär. Şu pursat Lalla üçin baýramçylygyň iň gowy pursady. Ol oda golaý oturyp, çapady iýýär. Ojagyň başyna Emmanyň ogullary bilen Sussi hem gelýär. Emmanyň adamsy sakgyç çeýneýän ýaly, howlukman gäwüşeýär. Barmagyndan syrygan ýagy ýalap, arasynda dilinden birki sany söz hem sypdyrýar. Ýöne bu wagt ony diňleýän ýok.
Bu baýramçylykdan, barybir, ganyň ysy gelýär — bu gün goýun öldürilmeli. Goýun soýmak bellibir adama ynanylýar. Bu işi, köplenç, goja Naman boýnuna alýar. Ol jöhit bolansoň, bu iş üçin oňa günä ýokanok. Käte bolsa çet ýerli — essaua taýpasyndan bir gassaby çagyrýardylar. Ol Lallanyň göwnüne ýaranok. Naman — başga gürrüň. Naman eden işi üçin pul alanok, oňa bir bölek eti gowrup berseň bolany. Ol gassap bolsa diňe pul üçin goýun soýup berýär. Lalla bu pursady görmejek bolup, deňze tarap gaçyp gidýär. Ýöne ol tiz yzyna dolanýar. Sebäbi — garny aç. Öýe golaý geldigisaýy, ol oduň şatyrdysyny eşidip, bişýän etiň tagamly ysyny alýar. Emma et bişirmäge kömek etjek bolsaň halanok. Ýeke özi közüň başynda oturyp, et düzülen çişleri eýläk-beýläk agdarmagy gowy görýär. Goýnuň budy bilen gapyrgalary gowy bişensoň, olary oduň üstünde duran jama agdarýar. Onsoň ol Lallany çagyrýar — eti kakatmagyň wagty gelipdi. Lalla oduň başynda Emma golaý oturyp, tüssäniň arasyndan oňa seredýär. Emma käte oda bir desse öl ot oklaýar welin, burum-burum bolup, asmana gara tüsse göterilýär. Lalla eti kiçijik pyçak bilen kesişdirip, ot bilen tüssäniň çäkleşen ýerinde asylyp goýlan, öl çybyklardan edilen gözenegiň üstüne taşlaýar.
— Emma, Hawa hakda gürrüň bersene! — diýip, Lalla haýyş edýär.
Gün uzak, etmeliň şol birmeňzeş iş — gözenegiň üstünde tüssä kakaýan et böleklerini agdaryp durmak bolansoň, gürrüňe wagt kändi. Onsoň Emma gürrüňe başlaýar:
— Lalla, Hawa menden uludy, kakaňyň ony öýümize getiren güni gowy ýadyma düşýär… Ol günortalydy… Sähralydy… Onuň taýpasy Smara şäheriniň töwereginde Segiýet el-Hemra ýaýlasynda ýaşaýar eken. Beýik Ma al-Aýniniň maşgalasy hem şol taýpadan. Olar isaýy esgerleriň zulumyna çydaman, dogduk mekanlaryny taşlap gitmeli bolupdyrlar. Ençeme aýlap sährada sergezdançylyk çekipdirler. Bu zatlary maňa seniň ejeň gürrüň beripdi. Biz güzeranymyzy zordan aýlasak-da bagtlydyk. Kakaň Lalla Hawany juda gowy görýärdi. Ejeň gitara çalyp, aýdymam aýdyp bilýärdi. Käte güneşli günler daş çykardy-da, öýüň diwaryna arkasyny ýaplap aýdym aýdardy…
— Nähili aýdymlar aýdardy, Emma?
— Günortalylaň aýdymlaryny… Assakiniň, Guliminiň, Tan-Tanyň aýdymlaryny… Men onça aýdyp bilemok…
— Emma, aýdaý-da… Şeýlebir aýdym diňläsim gelýär…
Ine, onsoň ýalnyň şatyrdysyna goşup, Emma pessaý ses bilen hiňlenip başlaýar. Lalla ejesiniň aýdan aýdymyny gowy diňlemek üçin, demini gatyrak almaga-da gorkýar.
— Bir gün geler, ol gün geler,
Gargalar ak reňke öwrüler.
Bal akar ýandak gülünden,
Deňizleň düýbi çöwrüler.
Düşek bor bägül ýapragy,
Ýylan zäheri tükener.
Men seni terk eden günüm,
Hiç kim ok sürmez tüpeňe.
Lalla ýalyndan pyşyrdap çykýan sese diň salýar. Ol Emmanyň ýüzüni görenok. Göwnüne bolmasa, ol ejesiniň sesini eşidýän ýaly…
Bir gün geler, ol gün geler,
Çägeler öwrüler ganda.
Seni terk ederin bir gün,
Çölde çeşmeler akanda.
Şemalyň sesi kesiler,
Balary aýdar aýdymyn.
Şol gün men seni terk edip,
Baky öýüme gaýdaryn.
Indi Emmanyň sesi üýtgäpdi. Ol beýik perdelere çykyp, sesi dilli tüýdügiň sesi ýalydy. Mis jaňjagazyň sesi ýalydy. Ol indi Emmanyň sesi däldi. Haýsydyr bir nätanyş aýalyň sesi gyzgyn tüsseden süzülip, Lallanyň, hawa, diňe şonuň gulaklaryna ýetýärdi.
Bir gün geler, ol gün geler,
Garaňky gije Gün dogar.
Aýyň süýt ýaly şuglasy,
Döwük käsesinden çogar.
Asman aşak düşüp, halys,
Towsup ýyldyza ýeterin.
Şol gün gelen wagty, ýarym,
Menem seni terk ederin.
Uzakdan eşidilýän ses Lallanyň bedeninde at bolup çapyp ýör. Onuň daşyny dolap alýar. Uzakdan deprek sesleri eşidilýär. Nirededir bir ýerde baýramçylyk ýetjek derejesine ýetipdi. Göýä, Emma Lallany nätanyş ses bilen bile galdyryp, oduň başyndan birmahal turup giden ýalydy.
Bir gün geler, ol gün geler,
Aýna baksam, görnersiň sen.
Sesiňi yzlap bararyn,
Çuňňur guýyň düýbüne çen.
Çägede görüp yzyňy,
Depäme çykar hederim.
Ajal eýe çykyp jana,
Şol gün seni terk ederin…
Ses halys pyşyrda geçip, ol oduň diline goşulyp, ikibaka yrgyldaýan ýaly… Gök tüssä goşulyp ýitip barýan ýaly…
Bir gün geler, ol gün geler,
Gün ýüzüne gara çeker.
Ikimiziň aramyza,
Dag ýaly aýralyk çöker…
Nätanyş ses, dogrudanam, tüssäniň içinde ýitip gitdi. Lalla gymyldaman garaşýar. Sesiň dolanmajagyna gözi ýetýänçä garaşýar. Gözleriniň owasyna ýaş aýlanyp, ýüregi sanjyp başlaýar. Emma bolsa eti kesişdirip, agaç gözenegiň üstüne taşlaýar.
— Emma, ýene nämedir bir zat hakynda gürrüň bersene…
— Lalla Hawa köp aýdym bilýärdi. Sesi owadandy, labyzlydy… Gitaradyr tüýdük çalardy… Kakaň başyna betbagtçylyk inen gününden soň, onuň aýdym aýdanyny gören adam bolmady… Diňe sen bäbejikkäň, aglan wagtyň hüwdi aýdyp berdi diýmeseň… Ol öýe gabalyp oturmagy halamazdy. Seni arkasyna alardy-da, aýagynyň ýeten ýerine giderdi. Nirä gidýänini bir Alla bilýär. Awtobusa münerdi-de, kenaryň boýuny syryp gidibererdi. Bazara baryp, bir daşyň üstüne çöker-de, nätanyş adamlary synlap başlar. Öýde ýatan çöpi galdyrasy gelmezdi. Biziňkileriň ony gowy görüp barmaýandyklary üçin bolsa gerek. Men welin ony edil uýam ýaly gowy görerdim…
Et bişdi… Lalla çybykdan örülen gözenegi közden düşürýär-de, taýyn eti okara gapgaryp başlaýar. Töwerekde ary köpeldi. Olar Lallanyň saçynyň tarlaryna çolaşyp, azar ýamanyny berýärler. Lalla arydan gorkanok. Ol arylary seresaplyk bilen saçyndan aýyrýar-da, öňlerine bir bölejik et taşlaýar. Bu gün arylar üçinem üýtgeşik gün ahyry.
Soň ol inçejik ýoda bilen deňze tarap gidýär. Suwa golaý barman, baýyrlaryň arasyndaky çöketlikde, garamandalak bilen garynjalaryň ýok ýerinde argyn göwresini ýere goýberýär. Arkan düşüp ýatyşyna asmana gözlerini dikýär. Ol ýerde ullakan ak bulutlar ýüzüp barýar. Deňiz kenaryň çägesini ýalap, ýaltalyk bilen güwleýär. Lalla deňziň özüni görmän, sesini diňlemegi halaýar. Howa akymynda gaýyp ýören çarlaklaryň sesi eşidilýär. Olar Ýer bilen Günüň arasyna düşende, Gün gözüni gypýan ýaly…
Lallanyň ýene şol nätanyş sesi eşidesi gelýär. Uzakdan gelýän sesi… Çeşmäniň sesi ýaly dury… Gün şöhlesi ýaly ýiti sesi…
Garaňky haýallyk bilen Ýeriň üstüne inýär. Birdenem… Deňziň güwwüldisiniň, şemalyň şuwwuldysynyň, çarlaklaryň sesiniň arasyndan şol mylaýym ses gulagyna gelýär… Ol ses edil birnäçe günüň teşneliginden soň dodagyňa degen dury suw ýaly… Ol ses diňe asmanda döräp biler… Soň howa ýaýrap, baýyrlaryň arasynda köwsarlaýar… Ony, hatda garamandalagyň gury ýapraklarynyň arasyndan hem eşitse bolýar… Ol ses diňe Lalla üçin… Ol ses mähirli akymy bilen onuň saçlaryny sypap geçýär…
Lalla ýüzüni çägä berip aglaýar. Ýaňaklaryndan syrygan gözýaşlary çäge sorup ýatyr. Hiç kim onuň horja egnine elini goýup: «Sen näme üçin aglaýaň, Lalla?» diýip soranok. Eňeginiň çümen çägesi gözýaşdan öl-myžžyk bolýar. Birdenem hemme zat ýitip gidýär. Asmanda dörän ses kesilýär. Lalla entegem öz aýak yzlary bozulmadyk inçejik ýoda bilen şäherjige dolanýar.
Lalla nämedir bir zada garaşýar. Nämä garaşýanyny bilmese-de garaşýar. Ýel-ýagmyrly günler uzaga çekýär. Käte, göwnüne bolmasa, ol ertirki güne garaşýan ýaly. Şol gün gelýär, ýöne garaşýan zady entegem ýok. Ol barybir garaşýar. Adamlar juda kanagatly bolupdyr, olar üçin garaşmak hiç zadam däl.
Erkekler kellesini burnusyň etegi bilen örtüp, daşyň üstüne çökendir. Depäňi deşip barýan Günüň aşagynda gözlerini alyslara dikip oturandyrlar. Olaryň gözi nämede eglendi? Çaň-tozanly gözýetimdemi ýa äpet tomzaklara meňzäp, uzakdan geçip gidýän ýük ulaglarynda? Ýok, olaryň gözi asmanda ýüzüp ýören ak bulutlarda. Gör, olara näme gerek. Aýallar hem ýalaňaç dabanlaryny ýere diräp, ýüzlerini gara nykap bilen örtüp, guýynyň başynda oturyşlaryna, nämedir bir zada garaşýar. Çagalar hem garaşmaga öwrendekli bolupdyr. Dükanyň işiginde goh-galmagal etmän oturandyrlar. Käte biri dükana girer-de, gysymyny narpyzly süýjüden dolduryp çykar. Beýlekiler sesini çykarman oturyşlaryna, ony gözleri bilen iýäýjek bolýandyr.
Garaşsaň wagt haýal geçýär. Adamlar kä uly ýoluň ugrundaky köprä çykýarlar, käte bolsa deňziň kenaryna gelýärler. Bu ýeri şäherjikde ýaşamak islemedikleriň alysdaky başga bir dünýälere tarap ýol taşlaýan ýeri…
Şeýle günleriň birinde Emma Lallany haly ussahanasynyň eýesiniň ýanyna äkitdi. Olar derýadan geçip şähere bardylar-da, demir gözenek tutulan penjireli ullakan ak jaýyň gapysyny kakdylar. Giň otagyň içinde ýigrimi töweregi haly dokalýan stanok bardy. Olaryň her biriniň öňünde bolsa bir halyçy gyz otyrdy. Olaryň ulusy on dört, kiçisi sekiz ýaş töweregi bolsa gerek. Olar bir-biri bilen gepleşmän, hatda öýe girenlere-de pitiwa etmän, öz işlerine gümra. Ussahananyň eýesiniň ady Zora, ol gara eşikli, bitginli aýal. Elindäki tal çybygy bilen käte bir halyçynyň aýagyny çawlap goýberýär. Ol Lalla tarap gözünem aýlaman, sowal berýär:
— Öň haly dokap gördüňmi?
Emma Lalla nädip haly dokalýanyny görkezendigini aýdýar. Zora başyny ýaýkaýar. Onuň ýüzi ak öwüsýär, belki, gara eşikde bolany üçin şeýle görünýändir, mümkin, ussahanadan çykmaýany üçindir. Ol ullakan gyrmyzy halyly stanogyň ýanyna barýar:
— Şu halyny dokap gutarsyn…
Lalla stanogyň başyna geçýär-de, işe başlaýar. Ol Emmany ýüňsakgal etmejek bolup, uly garaňky otagyň içinde ençeme sagatlap başyny galdyrman işleýär. Barmaklary ýadanda ara salym salýar. Ýöne Zoranyň nazarynyň özüne dikilenini aňyp, ýene işe başlaýar. Ol Zoranyň özüne çybyk çalmajagyny bilýär, sebäbi ol indi uly gyz. Hojaýyn gazabyny ejizje gyzlaryň üstünden eňterýär. Olar ýetim çagalar, şu ýerde ýatyp-turýarlar, olara hak hem tölenenok. Ol çagalaryň depesinden çybyk inende, Lalla dişini gysyp zordan çydaýar. Zora bilen mäşiniň bişişmejegini duýýar. Ýerinden turagada tal çybygy elinden gaňryp alyp, bu semiz aýalyň özüni saýgylasy gelýär. Ýöne çydaýar. Ol Emma pul getirip bermeli. Lalla halys çydamadyk wagty, bilgeşleýin çitimleri bulaşdyrýar.
Ýöne ertesi gün sabyr käsesi pürepür bolan Lalla çydamady. Zora tegegi döweni üçin, on ýaşly Minany saýgylap başlanda, ol ýerinden turdy-da:
— Bes ediň! — diýdi.
Zora nämäniň nämedigine düşünmän, gözlerini Lalla dikdi. Birbada gepläre söz tapman hum ýaly çişdi. Lalla ýöwselläp durman gaýtadan dillendi:
— Urmagyňyzy bes ediň!
Gahardan ýaňa Zoranyň ýüzi gyşaryp, ol çybykly elini Lallanyň depesinden inderdi. Lalla sowlup ýetişse-de, çybyk onuň çep egnini çawlap gitdi. Gözüne gan inen Zora jabjynýar:
— Men seniň gözüňe görkezerin, entek garaş bakaly, senem saýgylaryn!
Lalla onuň elinden çybygy gaňryp alýar-da, döwüp gapdala oklaýar.
Gorkudan ýüzi üç ýuwlan ak esgä dönen semiz aýal ýeňsä çekilýär:
— Gümüňi çek! Häziriň özünde gümüňi çek!
Lalla giň otagy kesip geçýär-de, daş çykýar. Ol Emmanyň öýüne çenli badyny gowşatmaýar. Agşamlyk Emma öýüne gelende, Lalla oňa iki agyz söz diýýär:
— Indiden beýläk Zoranyň bosagasyndan ätlemerin!
Içýan çakana dönen Emma oňa gözüni dikip esli durýar, ýöne sesini çykarmaýar.
Lalla şol günden başlap özünde üýtgeşiklik duýdy. Göýä, ol indi ullakan adam bolup özgeleriň gözüne ilip başlan ýalydy. Hatda Emmanyň ogullary-da indi oňa ozalkylary ýaly, göwnüýetmezçilik edip duranokdylar.
Diňe goja Naman bilen Hartaniniň öňki boluşlarydy. Goja balykçy toruny ýamap durka ýa Emmanyň tamdyra ýapan mekgejöwen zagarasyndan döwüm-dişlem garbanmak üçin gelende, ýadyňa-oýuňa düşmejek wakalar barada gürrüň berýärdi. Namanyň toruna balyk düşenok diýen ýalydy, barybir, ol bosagadan ätlese, adamlar begenerdiler. Onuň agymtyl-ýaşyl öwüsýän gözleri durudy, ýüzüniň ýygyrtlary köne ýaradan galan tyg yzy ýaly çuňdy.
Emma onuň Ispaniýa, Marsel, Pariž hakyndaky gürrüňlerini höwes bilen diňleýär. Goja balykçy şol şäherleriň köçeleriniň atlaryny birme-bir sanap bilýär, ol ýerde ýaşaýanlaryň arasynda tanyş-bilişleri-de bar. Emma ondan şol ýerde ýaşaýan doganynyň iş tapmaga kömek edip biljegini-bilmejegini soraýar.
«Elbetde, tapyp biler» diýip, goja balykçy baş atýar. Ol doganyna hat ýazyp, gyzyklanyp görmäge söz berýär. Ýöne ol ýere gitmegiň aňsat däldigine hemmeleriň gözi ýetýär: aňryňda az-kem maýaň bolmaly, hat-petekleri düzetmeli.
Emma gözüni bir nokada gönükdirip pikire çümýär. Ol köpden bäri alysdaky şäherleriň arzuwynda, belki, bu onuň garaşýan zadydyr.
Lallanyň welin bu zatlar azaryna däl. Ol goja balykçynyň gözlerine nazaryny dogrulaýar, bu bolsa gyz üçin şol şäherlere baryp gelmek bilen des-deň.
Ol kişi Emmanyň öýünde tomsuň bir güni ir säher peýda boldy. Ol çalymtyl-ýaşyl öwüsýän penjekli, ýalpyldap duran gara gaýyş köwüşli şäherli kişidi. Bu kişi Emma hem onuň ogullaryna sowgat baryny getiripdir. Ol bosagada Lalla bilen tas çaknyşan-da bolsa, gyza pitiwa etmän öýe girdi-de, getiren sowgatlaryny ýerde ýaýradyp goýdy.
Emma oňa oturmagy mürehet etdi. Myhman gözüni öýüň içine aýlap oturgyç gözledi. Öýde diňe iki-üç sany ýassyk bilen Lallanyň ejesiniň agaç sandyjagy bardy. Şäherli kişi aýasy bilen sandygyň üstüni süpürip, göwresini goýberdi-de, süýjüli çaýyň getirilerine garaşdy.
Soňra Lalla bu kişiniň özi üçin söz aýtmaga gelenini bilende, gorkudan jany bokurdagyna geldi. Ýüregi gürsüldäp urup, kellesi güwläp başlady. Bu habary oňa ýetirenem Emma däl-de, onuň uly ogly Barekidi:
— Ejem seni şoňa äre berýär, sebäbi ol gurply adam…
— Men äre çykmakçy däl…
— Senden soralybam durulmaz, sen daýzaňyň diýeni bilen bolmaly.
— Hiç haçan!
Lalla atylyp öýden çykdy, onuň gözlerinde gazap gözýaşy ýalpyldap durdy.
Soň ol, barybir, öýe dolandy. Çalymtyl-ýaşyl penjekli adam gaýdan hem bolsa, getiren sowgatlary öýdedi. Emmanyň kiçi ogly Aly kiçijik sowgatlyk radiony gulagyna tutup, saz diňleýärdi.
— Näme üçin sowgatlary alyp galdyň, men oňa durmuşa çykman! — diýip, Lalla Emmanyň öňünde keserip, kesgitli gürledi.
— Ol ýaşy birçene baran-da bolsa, juda baý adam, şäherde ullakan öýi bar. Sen oňa durmuşa çykaýmaly…
— Hiç haçan!
Emma birsalym dymyp durýar-da, mylaýymlyk bilen sözüni dowam edýär:
— Men seni gyzym deregine ulaltdym, senem indi meniň göwnümi ýykjak bolýarmyň?
Lalla onuň sözlerinde ilkinji gezek ýalan gatanjyny duýup, ýigrenç bilen Emma seredýär-de, bosagadan ätläp daş çykýar. Onuň ýoly deňze tarap. Ýodajyk bilen çala ädimläp barýar. Ylgap däl, ädimläp barýar. Bu gün ähli zat üýtgeşik. Adamlaryň nazary düşen ýerdäki ähli zat müsserip gurap barýan ýaly.
«Bu ýerden gitmeli!» diýip, Lalla öz-özi bilen gürleşýär. Ýöne gidere ýeriniň ýokdugy dessine aňyna dolýar. Onsoň ol baýyrdan kenara düşýär-de, goja Namany gözläp başlaýar. Goja balykçy şu wagt kenarda toruny ýamap oturan bolsady, ondan ispan şäherleri barada sorardy. Ýöne goja hiç ýerde görnenok. Diňe ak çarlak depesinde halka ýasap uçup ýör.
— Şazada! — diýip, Lalla oňa gygyrýar. Çarlak gyzyň depesinde ýene birki aýlaw ýasaýar-da, şemalyň ugruna, deňze tarap uçup gidýär.
Birki günläp Lalla ýüzüň üstünde burnuň bar diýen bolmady. Çalymtyl-ýaşyl penjekli kişem guýa gaçana döndi. Sowgat getirilen radio eýýäm döwlüp ýetişipdi. Lallanyň ukusy gaçdy. Ol her gün jahan ýagtylyp-ýagtylmanka örüp, guýudan suw getirmäge giderdi. Şol ýerden şäherjige kimiň gelip, kimiň gidýänini gowy synlap bolýardy.
Ara biraz böwşeňlik salyp, günleriň bir güni çalymtyl-ýaşyl penjekli kişi ýene şäherjige geldi. Olar bosagada bir-birine pete-pet geldiler. Ony görüp Lalla gygyryp goýberdi. Gyz onuň ýene geljegini bilýärdi, ýöne edil şu pursat gapyda pete-pet öňünden çykar öýtmändi. Myhman ýene sowgatly gelipdi. Lalla onuň gapdalyndan geçip barşyna, sowgatly düwünçeklere gözüni aýlap goýbereninem duýmady. Myhman muňa özüçe düşündi: ol bir ädim öňe süýşüp, düwünçekleri gyza uzatdy. Lalla gapdala böküp düşdi-de, bu ýerden ökjäni göterdi. Ol diňe daşly baýyrlara tarap äkidýän çäge ýodajygyň gerşine dabany degende özüne geldi.
Lalla ýodajygyň gutaranyny duýanok. Gözleriniň ýaşy ýaňagyndan syrygýar. Göýä, sen asmana bir ädim golaý gelen ýaly, bu ýerde Gün şöhlesi adama has zabun daraýar. Lalla şu ýere gelende, göýä, başga bir dünýä düşen ýaly bolýar. Ol guran derýanyň hanasy bilen ýokary dyrmaşýar. Ýalaňaç dabanyny gyzgyn daşlar köýdürip barýar. Ol meýdança çykýar. Ol şu ýere as-Siriň geljegini bilýär. Çalymtyl-ýaşyl penjekli kişiden gaçan wagty gyz muňa göz ýetirdi. Bu ýerde oňa as-Sir — ýüzi gök nykaply çöl esgeri garaşýar. Lalla onuň nazarynyň hanjar ýaly ýitidigini bilýär. Depäniň üstünden seredenden, onuň nazary Lallanyň kalbyna batdy ahyry. Batybam, şu ýere alyp geldi.
Çöl esgeri geler. Ol eýýäm şu ýerde bolmaly. Lallanyň göwnüne bolmasa, aýak sesleri eşidilýän ýaly. Ýüregi çalt-çaltdan urýar. Düzlügiň ortasynda Lallanyň entegem ýeke özi dur. As-Sir asmandan seredip duran bolmasyn? Hemme gözden bukulýany üçin onuň ady şeýle ahyry. Ol geläýmeli; ol Lallany guşa öwrer, onsoň gyz asmana göteriler. Onsoň mydama deňziň üstünde halka ýasap uçup ýören ak çarlagyň — şazadanyň yzyndan ýeter.
Ol, dogrudanam, geldi. Daşlaryň ýiti gyýçaklarynyň üstünden ses-üýnsüz süýşüp geldi. Egni ak ýüň burnusly, ýüzi gök nykaply geldi. Lalla gözüni gyrpman oňa seredýär. Ondan ses çykanok. Ol mydama şeýle. Ol nazary bilen düşündirýär. Onuň ýaşaýan dünýäsinde adam sözlerine zerurlyk ýok. Lalla özüniň uzakdan gelýän ýürek urgusyny eşidýär.
Lalla söze mätäç däl. Oňa sowal bermek, hatda pikir etmegem gerek däl. Ol gözlerini ýumup durşuna, Gök adamyň nazarynyň ýylysyny duýýar. Ol ýyly göwresiniň iň soňky öýjüklerine çenli ornaýar.
As-Sir onuň alnynda dur. Ýagtylyk tolkuny çöl esgeriniň ak ýüň burnusynyň daşyndan aýlanýar. Birden alaňlar nirädir bir ýere ýitirim bolýar. Lalla beýik diňli ak şäherleri görýär… Bag-bakja çümüp oturan gyzyl köşkler… Mawy suwly köller… Lalla düýşde ýaly bolup şu zatlaryň arasyna girýär… Gök adamyň nazary ony guran derýanyň hanasynyň, gaýadyr jarlaryň üsti bilen alyp barýar. Birdenem… Onuň gulagyna gaýgyly aýdym sesi gelýär… Ol aýdym uzakda, çäge depeleriniň jümmüşinde döräp, şemala goşulyp gelýän ýaly… Gyz bu aýdymy öňem eşidipdi… Bu onuň ejesiniň aýdymy… Ony Emma aýdyp beripdi… «Bir gün geler, ol gün geler, gargalar ak reňke öwrüler, bal akar ýandak gülünden, deňizleň düýbi çöwrüler…»… Lalla aýdymyň sözlerine düşünenok… Sebäbi ol juda uzakdan gelýär… Lalla biserhet düzlügiň jümmüşinde gyzyl şäheri görýär… Beýleki şäherlere meňzeş däl şäheri… Onda ne köçe bar, ne-de öý… Palçykdan gurlup, ýel-ýagmyr bozan bu şäher arylaryň öýüne meňzeş… Lallanyň aňyna bir pikir gelýär: bu ýeri Gök adamyň mekany bolmaly…
Lallanyň keýpi bozuldy. Kalbynda bir zat aşak çöken dek, egni ýegşerildi…
Ol başyny göterip gözlerini açdy. Gözleriniň öňüni duman alypdy. Ilki baýyrlar peýda boldy, soňra üstünde şemal çapalap ýören ot-çöpsüz düzlük… Lalla yzyna dolandy… Ol öýleriň arasyndan ses-üýnsüz ýöräp barşyna, özüniň hiç kime gerek däldigi barada pikir edýär. Göýä, ol birmahal şäherjikden çykyp gidip, özgeler üçin onuň bar ýa ýokdugy deň ýaly.
Emmanyň öýüne sowulman, ol şäherjigiň çetine — goja Namanyň külbesine tarap ugur alýar. Gijäniň çigregi endamyny gagşadyp, açlygyndan dyzlary sandyraýar. Düýnden bäri onuň damagyndan zat ötmändi. Namanyň külbesiniň çala açyk gapysyndan içeri girýär. Öýüň içi garaňky. Goja sypal düşegiň üstünde agyr dem alyp ýatyr. Gözleri tümlüge dikilipdir. Açyk agzyndan çala demi gelip-gidýär. Dodaklarynyň ýylgyrmaga-da mejaly ýok.
«Naman… Naman…». Lalla onuň gulagyna pyşyrdaýar.
Goja Namanda güýç-kuwwat galmandyr. Ol demini sanap ýatyr.
«Ölmesene… Ýene azajyk ýaşaý-da…». Gyz özelenip ýalbarýar.
Uky Lallany halys bürüp ýykýar. Ýöne ol uklamaga gorkýar. Uklasa goja dem almasyny kesäýjek ýaly. Ol, göýä, gämisi kenardan uzaga giden balykçy ýaly: balykçy uklasa, gämini deňziň girdaby ýuwudyp-ýalmaýjak…
Gözüniň awusyny alan Lalla, göýä, biri egninden iten ýaly bolup oýandy. Goja gapdalynda süýnüp ýatyrdy. Ýüzi gapdala gyşaryp, demi gelip-gitmesi galypdyr…
Lalla öýden gitjekdigini hiç kime aýtmady. Gitmese-de bolmajakdy. Sebäbi çalymtyl-ýaşyl penjekli kişi Emmanyň öýüne garynja gatnawyny salypdy. Ol her gelende, Lallany gözi bilen iýäýjek bolýardy. Soňra onuň ejesiniň sandygynyň üstüne çökerdi-de, narpyzly çaý süzerdi. Lalla bir gün onuň girisine düşjegini aňýardy. Sebäbi ol baýdy, hökmürowandy, beýle adamlaryň gaňryşyna gaýtmak aňsat däldi.
Ol gün Lalla öýden çykanda, entek jahan ýagtylmandy. Lalla törde ýatan Emma tarap nazar aýlajagam bolman, bir bölek gaty nany, bir gysym kakan hurmany hem-de ejesinden galan tylla bilezigi düwünçege düwdi-de, bosagany ýassanyp ýatan iti hem oýarman, gapydan çykdy. Gyz şäherjikden arany açmaga howlukdy. Geçi ýodajygyna düşüp, ýüzüni daşly baýyrlara tarap öwürdi. Sowuk şemal içiňden geçip barýar. Töwerekde yns-jyns ýok. Çopanlar entek agylyň gapdalyndaky çöp çatmalarynda uklap ýatyr. Baýryň aňyrsyndan gijäniň çal tümlügi bilen ýaňkalaşyp, gyzylymtyl-sary tegmil görünýär. Ol — Gün. Lalla Güni görenine begenýär.
Lalla baýryň bir kemerinden beýlekisine geçýär. Pikirleri hem bir ýerde duranok: ol şäherjigi mydamalyk terk edenine düşünýär. Indi oňa bu düzlügi, ak çarlagy, toruny ýamap oturan goja balykçyny görmek ýok. Ol ädimini haýalladýar, ýeňsesine gaňrylyp seredesi gelýär. Ýöne beýdenok, düwünçegini döşüne gysyp, öňe ümzük atýar. Ýiti daşlar ýerden somalyp çykyp dur. Baýryň çür başyna çykýançaň, dyzlaryňa mazaly agram salmaly. Şol ýerde oňa Hartani garaşmaly. Düýn Lalla oňa öýden gitjegini duýdurdy. Hartani görnenok. Megerem, gowakda bukulan bolsa gerek. Mümkin, ol gapdalyndaky gyrymsy agaçlygyň ýeňsesindedir. Bir pursat, göýä, suwulgan ýaly bolup süýnüp, çykmaga häzirlenip durandyr. Hartani edil ýabany itler ýaly — mydama hatyrjem. Mümkin, ol uzak ýola gitmekden gorkup, şertim şahyma edendir. Ol Lalla çölüň jümmüşine äkidýän — entek hiç kimiň yzyna dolanmadyk ýoluny salgy beripdi.
Lalla entegem ýolda. Ugrunyň hanjakdygyny bilmese-de, ýöräp barýar. Kölegesiniň garşysyna — gözýetime tarap ýöräp barýar. Ol ýerde başy asmana ýeteýin diýýän gyzyl daglar, derýalar, asman ýaly mawy suwly köller, obalar bar.
Duýdansyz ýerden Hartani onuň öňünde dikeldi. Egni burnusly, başy selleli dikeldi. Lalla oňa golaý barýar. Hartani ýylgyrýar. Onuňam goltugynda düwünçegi bar. Bir döwüm nanly… Hurmaly düwünçegi…
Lalla düwünçegini çözüp, onuň bilen çöregini bölüşýär. Olar dik duran ýerinde garbanýarlar. Çopan gözüni töwerege aýlaýar. Ol gözlerini gyrpmaýan wagşy guş ýaly: nazary bilen her bir çöpüň düýbüni sermäp çykýar. Ol gyzyl daglar tarapdaky bir tegmiljigi Lalla görkezýär-de, barmaklaryny çugdumlap, aýasyny dodagyna ýetirýär. Diýmek, şol ýerde suw bar!
Olar ýola düşýär. Hartani daşdan-daşa böküp öňden ýöreýär. Lalla onuň ökjesini basyp barýar. Çopan daşlaryň arasynda towsaklap arany açaýjak ýaly, ýöne Lalla hem bu baýyrlary şu gün görmeli däl. Çopan gyzyň gözüne oduň diljagazy bolup görünýär.
Gün ähli zoruny depesinden eňterip, Lallanyň eginlerini çirkizýär. Irden göwresine ornaşan şöhleler indi çykmaga ýol gözleýän ýaly, endam-jany syzlap dur. Gözünde ýaşy kepäp, gabaklarynyň çetine çäge dänesi ýaly ýiti duzjagazlar çökdi. Dodaklary gurap gatady. Lalla dodaklarynyň üstünden barmagyny ýöredip pikire çümdi: dodaklary düýäniňki ýaly gatan bolsa, indi ol ýandakdyr garamandalagam çeýnäp bilse gerek.
Hartani badyny gowşadanok. Ol barha arany açyp barýar. Lalla onuň yzyndan ýetmek isleýär, ýöne ragbaty gaçan dyzlary diýen edenok. Dabanlaryny daş çyzyp ganjaryp dursa-da, awusy ýüregine batanok.
Hartani, göýä, ýerden dabanyny üzen kölege ýaly bolup gözden ýitdi. Lallanyň gözüne gyzyl daglar hem görnenok. Ol öňe ýa yza barýanynam bilenok. Ýalaňaç aýaklaryny daş çyzyp, ýol dabanynyň astynda ýitip giden ýaly. Lalla daşlaryň arasynda dyzyna çöküp oturyşyna gygyrýar: «Hartani!»… Jogap ýok… Hatda ýaň hem onuň sesini yzyna gaýtaranok… Lalla daşlaryň arasynda süýnýär… Ol tapdan düşüpdi… Göwnüne bolmasa, Gün şöhleleri öýkenidir ýüregini hem küle öwren ýalydy…
Birdenem… Ýene Hartani onuň alnynda dikeldi. Ol guş ýaly bolup, bir aýagynyň üstünde deňagramlylygyny saklap durdy. Soňra golaý gelip, Lallanyň üstüne egilýär. Lalla onuň burnusynyň eteginden ýapyşýar. Sypdyrsa, ol gözünden gaýyp bolaýjak ýaly. Hartani çöküne düşýär. Aýasyny Lallanyň maňlaýyndan, dodaklaryndan ýöredýär. Soň elini Günüň ýaşýan tarapyna uzadýar. Ol ýerde gaýanyň ýanynda agaç ösüp otyr. Şol ýerde suw bar. Lalla ýerinden turmakçy bolýar, ýöne göwresi diýenini edenok.
«Hartani, meni taşla-da, git özüň». Gyz gany damyp duran aýaklaryny görkezýär: «Taşla meni…»…
Çopan entegem onuň öňünde çöküne düşüp otyr. Lalla onuň ýüzüne seredýär, gyzyň şu daşlaryň arasynda ýitip gidesi gelýär. Birden Hartani onuň göwresini ellerine alyp, ýerden göterýär. Lalla çopanyň aýaklaryna agram düşüp sandyraýanyny bilýär. Ol Hartaniniň boýnundan gujaklap, öz agramyny çopanyň göwresiniň agramynyň üstüne ýüklemek isleýär.
Hartani ýoluny dowam edýär. Ol Lallanyň agramyny duýmaýan ýaly. Çopanyň boýun damaryndan onuň ýüreginiň urgusy eşidilýär. Olar garaňky düşmänkä gapdalynda agaç ösüp oturan gaýa ýetdiler. Ullakan daşyň oýugy çalymtyl suwdan pürepürdi. Hartani Lallany emaý bilen ýere goýberip, aýasyny dolduryp, oňa suw äberýär. Soň çopanyň özem suwa eňegini basyp, uzak wagtlap teşneligini gandyrýar…
— 3 —
«Gyrmyldan gyr aşar» diýleni, gün geçdigiçe, ýol önüp barýardy. Kerwen üçe bölünip ýola çykypdy, her bölegiň arasynda-da iki-üç sagatlyk menzil ýatyrdy. Larhdafyň topary çep tarapa ýanynlap, Sidi-el-Haşa tarap ugur alypdy. Sagda şeýhiň kiçi ogly Saadbynyň topary Segiýet-el-Hemra jülgesindäki Ýaň-Sakkum derýasynyň gury hanasynyň boýy bilen ýöräp barýar. Ortada, biraz yzda şeýh Ma al-Aýnin öz esgerleri bilen düýeli ýol öndürip gelýär. Olaryň yzyndan bolsa ullakan gyzyl tozany depesinde göterip, haýallyk bilen göç süýşýär. Göçüň öňüni mal sürüleri çekip, soňra erkek kişiler, aýaldyr oglan-uşaklar ýola düşüpdi.
Gyşyň aýagy bolansoň, entek ýagyş topragy gandyrmandy. Jülgäniň topragy jaýrylyp, üstünden ýyl öten deri dek gatapdy. Käte Larhdaf bilen Saadbynyň topary bir-birine şeýle bir golaý gelýärdi welin, şeýhiň esgerleriniň gulagyna olaryň at toýnaklarynyň sesi bilen düýeleriniň bögürmesi mesaňa mälim eşidilýärdi. Şeýle pursat üç sany tozan buludy birigip, asmanyň ýüzüni tutýardy.
Nur azykly düwünçegini boýnundan asyp, şeýhiň esgerleriniň yzy bilen gelýär. Ir ertirden gijagşama çenli ol atdyr adamlaryň yzyny çalyp gelýär. Diňe garaňky düşüp, düşleg yglan edilende, ol göçüň yzyndan ýetip, özüniňkilere goşulýar.
Soňra beýleki çarwa toparlary hem Ma al-Aýniniň toparyna goşuldy. Indi göçdäki adamlaryň sany ençeme müňe ýetipdi. Nur bu sergezdançylygyň başlany bäri geçen günleriň hasabyny ýitirdi. Ma al-Aýniniň ogullary öz esgerleri bilen juda uzaga gidipdi. Garrylar, aýal-ebtatlar ýükse bolan üçünji topar entegem çölüň içindedi. Nur käte aýak çekip, ýeňsede garaba-gara gelýän ejesidir uýalaryna garaşýardy. Ol burnusyň etegini başyna büräp, gyzgyn daşyň üstüne çökerdi-de, gapdalyndan geçýänleri synlardy. Ilki pyýada esgerler arkasyndaky ýüküň agramyna ýegşerilip, haýallyk bilen geçip başlar. Käbirleri tüpeňdir naýzasyny hasa edinip, şoňa daýanyp barýandyr. Soňra goýundyr geçi sürüsini öňüne salyp, çagalar hem çopanlar görner. Ýalaňaç aýaklaryny gyzgyn ýere eda bilen basyp, aýallar ýükli düýeleri gapdallap gelýär. Käbiri çagasyny burnusa dolap goltugyna alandyr. Tylladyr mis bilezikler olaryň topuklarynda şyňňyrdap ses edýär. Olar haýsydyr bir gaýgyly aýdyma hiňlenip gelýändir. Göçüň soňunda bolsa tapdan düşen garrylar, ýaralylar, maşgalasynda arka diräre erkek kişi galmadyk dul aýallar süýrenip gelýärdi. Olar kändi. Olaryň sany ýene köpelip gidip barýardy…
Üç topar birikdi. Nur guýynyň daşyny gallap oturan müňlerçe adamy gördi. Hemmeler suwdan ganypdy. Guýynyň başy boşap galdy: bu — guýynyň suwunyň hapalanmazlygy üçin şeýhiň beren buýrugydy.
Indi kerwen suwsuz Hamadu düzlügini kesip, Tindufa tarap ugur alypdy. Şeýhiň ogullary tapdan düşmedik esgerleriň bir topary bilen öňe — ýoly barlamaga gitdi. Nur kerweniň soňundan barýar. Ol azykly düwünçeginiň barha ýeňläp barýandygyny duýýar. Ýoluň soňuna çenli azygy ýetmese gerek…
Bir gün giçlik kerwen dagdan aşyp, Dra derýasynyň kenaryna çykdy. Bu gije ýatdan çykmasa gerek. Bu gije köp wagtdan bäri eşidilmedik deprekdir tüýdügiň owazy ýaňlandy. Bu ýerde howa sowuk däldi. Mallaryň agzyna iljek ot hem bardy. Şol gije kerwen dagyň etegindäki çuň guýa ýetdi. Nur şeýhiň esgerleriniň golaýynda düşledi. Ma al-Aýnin çadyr dikmedi. Ol burnusyna dolanyp, açyk meýdanda ýatdy. Şeýhiň ýanyna pata almak üçin adamlar gelip başlady. Olar şu töweregiň çarwalarydy. Nur gijäniň bir wagty oýanyp, tirsegine dikeldi. Hemmeler ýatyrdy, diňe Ma al-Aýnin gözlerini garaňka dikip, heýkel ýaly bolup otyrdy.
Gün dogmanka kerwen aýak üstündedi. Her kim ýüküni egnine atar, aýallar çagasyny arkasyndaky torba salar. Mallar hem dikelip, toýnaklary bilen ýer peşäp durandyr. Giçlik kerwen haýsydyr bir guýa ýetip dyz eper. Şol töweregiň ilaty elleri hurmadyr zagaraly kerweniň düşlän ýerine geler. Olar şeýhiň ýanyna näsag çagalaryny görkezmäge getirerdiler. Şeýh olara pata berip, gözi agyrylylaryň gözüne tüýkülik garylan toprak çalyp goýbererdi. Käte ýaragly erkek kişiler gelip, şeýhiň esgerleriniň arasyna goşulardy.
Ýene bir dag gerşinden aşyp, kerwen hindi hozunyň bol biten jülgesine düşdi. Nun derýasy şu ýerden gözbaş alýardy, şu ýerden Gulimine tarap ýol başlaýardy. Nur kerwen şu ýerde teşneligini gandyrar öýtdi. Ýöne jülge juda dar, üstesine, gurakçylyk bilen çöl ýelleri onuň haýyny alypdy. Ullakan çal alaňlar jülgäni ýuwudyp gelýärdi. Kerwen ertesi gün bu ýerdenem göterildi. Onuň ýoly derýanyň gury hanasy bilen Gulimine tarapdy.
Gyzyl daglaryň üstünden aşyp, derýalaryň gury hanalarynyň ugry bilen kerwen hepdeläp ýol geçdi. Esgerler, aýallar, çopanlar öz sürüleri bilen, ýük urlan düýeler, atlylar — hemmesi kelle ýaly daşlaryň arasynda aýak basara ýer gözläp dyknyşýardy. Ahyry kerwen ýagşyzada Sidi Ahmed Mussanyň aramgähi ýerleşýän şähere ýetdi. Adamlar jülgede çadyr dikdi. Şeýh ogullary hem müritleri bilen aramgähiň howlusynda galdy. Nur doga okap oturan şeýhiň çepiksije göwresini gözleriniň aýtymyna sygdyrdy. Tüsse ýaly ýeňiljek owaz ümsümligiň bagryny dilip-dilip gidýärdi. Her ýerräkde adamlar burnuslaryna dolanyp, oda çoýunyp otyr. Alysda dogup, asmanyň depesine tarap süýşüp barýan Aýy hasap etmeseň, gymyldy-hereket ýok. Ümsümlik.
Şeýh uzakly gije doga okady. Adamlar oturan-oturan ýerinde uka gitdi. Otlar kem-kemden öçüp başlady. Nur iki gezek jülgäniň töründäki gyrymsy agaçlyga aýakýoluna gidip geldi. Onuň gabaklaryna çiş kakylan ýalydy. Gapdalynda burnusa dolanyp kakasy, ejesidir uýalary uklap ýatyr.
Kerwen ir säher ýola düşdi. Ýene ençeme günläp ýalaňaç daglardan aşdylar, gury hanalary kesip geçdiler. Nur eýýäm oturymly ýeriň topragynyň nähili bolýandygyny ýatdan çykarypdy. Aýallaryň suw küýzelerini alyp, daşyna üýşýän guýulary ýatdan çykypdy. Süriniň yzyna düşen çopanlaryň aýdymlarydyr çägäniň üstündäki çaga oýunlary-da ýatdan çykaňkyrlapdy. Göwnüne bolmasa, ol dünýä ineli bäri diňe ýöräp ýören ýalydy.
Kerweniň ýoly haýsydyr bir obanyň üstünden düşende, adamlar aýak çekerdiler. Kepäp, jaýryk-jaýryk bolan dodaklar ol obanyň adyny bir-birine geçirerdi: «Tirhmi… Anezi… Assaka…Assersif…».
Indi kerwen suwly derýanyň boýuny syryp barýardy. Bir gün gijara demirgazykdan gelen birtopar atlynyň ýoly kerweniň üstünden düşdi. Olaryň öňüni çekip gelen şeýh Lahussin kerwen üçin azyk-owkat getirendigini aýtdy. Adamlar şondan soň sergezdançylygyň paýawlap barýandygyna düşündiler. Kerwen Sus derýasynyň ýaýlymyna gelipdi. Bu ýerde suw hem, mallar üçin otluk öri-de bardy.
Derýanyň aňyrky kenarynda, göýä, asmandan inen ýaly bolup, käbiri daşdan örülen, käsi pagsadan jaýly, ullakan şäher peýda boldy. Şäher çölüň sergezdanlaryny gujagyna almak üçin garaşyp oturan ýalydy. Nur entek beýle şähere gabat gelip görmändi. Gyzyl daşdan örülen penjiresiz diwarlar asmana uzap gidýän ýalydy. Palçyk suwaga garylan samandan Gün şöhlesi serpigýärdi. Kerweniň bimaza eden tozany şäheriň üstünde saýawan bolup durdy.
Ýolagçylar derýanyň aşak akymynda, şäher bilen ara biraz ýer salyp goş ýazdyrdylar. Her kim şähere mähir hem az-kem heder bilen gözüni aýlaýardy. Diňe şu wagt eşikleri sal-sal, dodaklary jaýryk-jaýryk adamlar nähili ýadandyklaryny duýdular.
Ullakan çadyrlar dikilip, düýeleriň ýüki ýazdyryldy.
Nur irden gözüni açanda, eýýäm aýallar derýadan küýzelerini dolduryp, çöpleme çöpläp ýördüler. Şäheriň säherdäki keşbi ony aňk etdi. Dagyň eteginde Tarudant galasy howalanyp görünýärdi. Onuň gyzyl daşdan örülen diwarlary, minaralary aýdyň görnüp, göýä, gaýadan çapylyp ýasalan ýalydy. Şäher bilen derýanyň arasyny duman gaplap alansoň, gala daşdan ýasalan gämi ýaly bolup, jülgäniň üstünde ýüzüp ýörene meňzeýärdi.
Nur gözüni aýyrman şähere seredýärdi. Penjiresiz diwarlar onuň ünsüni jemläpdi. Ol diwarlaryň aňyrsynda ýönekeý adamlar däl-de, üýtgeşik ýagşyzadalar ýaşaýan ýalydy. Nur ukudan oýanan, ertekilerdäki dek şäherden entegem gözüni aýryp bilenokdy. Diwarlaryň aňyrsyndan onda-munda asmana tüsse göterildi. Adam sesleri, çaga gülküleri eşidildi…
Çölüň sergezdanlary üçin bu tüssedir sesler salgym dek howaýy bolup göründi, göýä, bu şäher çölüň orruk-ortasynda olaryň düýşlerine girýän ýalydy. Gün dik asmana galypdy. Şäher tarapdan üýtgeşik bir ys ýolagçylaryň burnuna geldi. Bu ys olary ýagyr eden gorkynyň ysy däldi. Bu ys ýagda gowrulýan soganyň, burçuň janyňy alyp barýan ysydy. Nur ýerinden gozganmaga-da çekinip, bu ysy demine sorýardy. Hemmeleriň gözi şäheriň beýik gyzyl diwarlaryna dikilipdi. Bu şäheriň öz öňlerinde derwezelerini açyp biljekdigi baradaky pikir kellelerine gelende, olaryň ýürekleri gürsüldäp, çalt-çaltdan urup başlady…
— 4 —
Lalla germewden ýapyşyp durşuna, gözýetimde dörän bölejik ýere syn edýär. Ýadaw bolsa-da, ol öýleri, ýollary, hatda adamlary hem aýyl-saýyl etmek üçin, şol zolakdan gözüni aýranok. Gapdalynda hümer bolup duran ýolagçylaryň hem nazary şol tarapa dikilen. Olar ellerini bulaýlap, dürli dilde gygyryşýarlar. Palubanyň üstüne üýşen mähelle bu pursada, gör, näçe garaşypdy! Olaryň köpüsi çagalar hem ýetginjekler. Hemmeleriň eşigine birmeňzeş bölek mata tikilipdir. Ol ýerde ady, doglan ýyly hem-de Marselde barmaly ýeriniň salgysy bilen garşylamaly adamyň ady ýazylgydy. Onsoňam gara halkanyň içinde gyzyl hajyň kiçijik suraty ýerleşdirilendi. Bu kiçijik gyzyl haç Lallanyň maňzyna batanok. Göýä, ol köýnegini deşip geçip, tagma bolup tenine ýelmeşäýjek ýaly…
Lallanyň ýüregi bulanýar. Gyzyl Hajyň wekiliniň beren goýaldylan süýdünden aşa düşen çagalar gije gowy ýatyp bilmändiler. Ýatalga hem hemmä ýetmedi. Lalla ýere düşek taşlap ýatmaly boldy. Ol Günüň doganyny görüp bilmedi. Ol kellesiniň aşagyna ýassyk deregine galyň kagyzy goýup uklap ýatyrdy. Oýanan wagty hemmeler eýýäm palubada gözýetimdäki zolak ýere gözlerini dikip durdy. Ýagyş ýagyp başlady. Hiç kim palubadan düşenok. Sowuk damjalar çagalaryň buýra saçlaryndan syrygyp, burunlarynyň ujuna düşýär.
Lalla alysa çiňerilip seredýär. Goja Namanyň gürrüň beren ak şäheri şumy? Hany onda köşkler, ybadathanalaryň diňleri nirede?.. Diňe daş bilen sementiň reňkini alan kenar ýakasy… Bir-biriniň yzyna tirkelip, uzalyp gidýän kenar ýakasy… Gämi garamtyl suwuň ýüzünden haýallyk bilen tyrpyp barýar. Çagalar gygyryp, ellerini bulaýarlar… Ýöne kenardan hiç kim olara jogap berenok. Sowuk ýagyş çisňäp dur.
Şeýle şäher barmyka bir?! Halkara Gyzyl Hajyň gämisiniň üstündäki çagalaryň keýpi gaçýar. Halkara Gyzyl Hajyň wekili çagalary bir ýere üýşürip, olaryň sanawyny okap başlaýar:
— Makel…
— Safar…
— Kodiki…
— Hamal…
— Lagor…
Oňa jogap berýän ýok. Gämi bir gapdalyny kenara diräp togtaýar. Kenardaky ullakan çal jaýyň penjirelerinden yşyk görünýär. Ýolagçylara kenara düşmäge rugsat berlenok. Wagt geçip dur. Lalla düwünçegini gapdalynda goýup, asmandaky çarlaklara seredýär.
Ahyry kenara düşmäge rugsat berilýär. Ýöne garaşyp halys bolan ýolagçylaryň birbada ýerinden gobsunyberýäni ýok. Lalla märekä goşulyp, çal jaýyň ýanyna barýar. Ol ýerde üç sany polismen bilen dilmaçlar gelenlere her hili sowallary berýärler. Lallanyň eşigine tikilen mata bölejigine göz gezdiren polismen ondan soraýar:
— Fransiýada işlemekçimi?
— Hawa — diýip, Lalla tiz jogap berýär.
— Nirede?
— Bilmedim.
Polismen: «Hyzmatkär» diýýär-de, elindäki kagyzyna nämedir bir zat belleýär.
Lalla düwünçegini alyp, hemmeler bilen bile çyra ýanyp duran giň otaga geçýär. Otagda ýekeje-de dyzeper ýok, daşarda sowuk ýagyş çisňäp duran-da bolsa, bu ýerde demiňi tutup barýan yssy. Adamlaryň sabyr käsesini pürepürläp, ahyrsoňy Gyzyl Hajyň wekili göründi. Ol jaýyň töründäki gapyny açyp, ýene sanawy okamaga başlady. Mähelle gapynyň öňünde hümer. Goh-galmagal. Lalla düwünçegini döşüne gysyp, adam kelleleriniň üstünden nämedir bir zatlary saýgarmaga çalyşýar. Wekil onuň adyny tutanda, ol birbada näme diýlenine düşünmedi. Ol ikinji gezek gygyrdy:
— Hawa! Hawa ben Hawa!
Lalla düwünçegini bulaýlap öňe dyzady. Eşigindäki mata tagmany kagyzdaky maglumat bilen deňäp görýänçäler, ol gapynyň öňünde säginýär-de, atylyp daş çykýar. Köçe şeýle bir ýagtydy welin, Lallanyň başy aýlanyp gitdi. Kimdir biri onuň elinden çekip, bagryna basýar. Bu Emmady.
Emmanyň ýeke özi portuň golaýyndaky köne şäherde, ýarym haraba jaýyň ikinji gatynda ýaşaýar. Gapdalyna aşhana ýanalan otagda köneje diwan bilen epleme ýatalgadan başga zat ýok diýen ýaly. Penjireler howla tarap açylyp, ol ýerden asmanyň bir bölejigi görnüp dur. Emma ýaşamak üçin ýer tapanyna begenýär. Onuňky şowuna — hassahana aşpez bolup işe-de ýerleşipdir. Birki aý mundan öň, Marsele ýaňy gelen wagty şäheriň eteginde muňa görä ganymat öýde-de ýaşapdyr. Ýöne ol ýerde bäş aýal bolup bir otagda ýaşamaly ekeni, günüň-güni hem polisiýa dökülip durupdyr. Bir gezek iki sany erkek kişi gapdalky otagda gyzyl ýumruga girende, Emma gorkusyna paty-putusyny goltugyna gysyp, ol ýerden garasyny saýlapdyr.
Uzak aýralykdan soň Lalla bilen ýene bir öýden örýänine Emma juda begendi. Ol Lallanyň Hartani bilen çöle gaçyşy, soň ony näsag ýagdaýda şäheriň hassahanasyna getirişleri barada ýeke agzam gürrüň gozganokdy. Hartaniniň täk özi günorta tarap ýoluny dowam edipdi.
Emma garrapdy. Endamynyň derisi çalaryp, gözleriniň aşagyna gara halka aýlanypdy. Giçlik işden dolanyp gelensoň, ol narpyzly çaýa köke batyryp oturyşyna, Ispaniýa gelip düşüşi, soňra awtobusly ençeme günläp ýol söküşi, ahyry ony Marselde däl-de, Parižde düşürip gidişleri, Marsele — Namanyň doganynyň ýaşaýan şäherine çenli ýene bir gijäni otluda geçirişi barada gürrüň berýärdi.
Marsel, dogrudanam, uly şäher. Bir ýerde munça adamyň ýaşap biljegi Lallanyň ýatanda-turanda pikirine-oýuna gelenokdy. Geleli bäri, onuň günüň-güni şäherde selpäp ýörşüdi. Ol köçeleriň atlaryny bilenok, şonuň üçin gabat gelen tarapa gidiberýär. Kä porta baryp, ýük düşürýän gämileri synlaýar, käte bolsa şäheriň ortasyndaky giň şaýollary ädimläp ýörendir. Köplenç bolsa haýsydyr bir bagdaky dyzepere çökerdi-de, kepderileri synlardy. Ol hiç kim bilen gürleşenok. Käte ybadathana girip, goňur ýüň paltosyna çolanyp oturyşyna, adamlara syn ederdi.
Lallanyň bikär aýlanyp ýörşi Emmanyň göwnüne ýaranok, ýöne, birinjiden-ä, ol entek kämillik ýaşyna ýetmändi, ikinjiden bolsa, iş tapaýmagam aňsat däl. Şäher bilen öwrenişensoň, Lalla goja Namanyň dogany Asafyň ýanyna gitdi. Bu ýerde onuň adyny Jozef diýip tutýan ekenler. Şapelýe köçesinde onuň öz dükanjygy bar. Ol Lallany görüp begendi, doganynyň hal-ahwalyny sorady. Ýöne Lalla onuň begenjiniň ýürekdendigine ynanmady. Onuň doganyna çalym edýän ýeri ýok. Girdenek, takyrkelle diýseňem boljak. Ýaşylymtyl-çal gözleri bäbeneginden çogup duran, ýylgyryşy mekir… Lallanyň iş gözleýänini eşidende, gözleri ýyldyrap gitdi. Dessine özüne kömekçi gerekdigini aýtdy. Harytlary tekjelere ýerleşdirmeli… Işe ökdelese, pulhananyň başyna geçirse-de geçiräýer… Bu sözleri diýende, onuň gözleri oýnaklap durdy. Lalla bu ýerden garasyny saýlanyny kem görmedi.
Asaf birki güni geçirip, Emmanyň ýanyna geldi. Ýöne Lalla onuň garasy görnenden, öýden çykyp gitdi. Köne şäheriň köçelerinde selpäp, dükançy öýüne gaýdar uçurlary yzyna dolandy.
Marsel — geň şäher. Onda ýaşaýanlar hem geň adamlar. Özüňiň bardygyňy bildirmek islemeseň, olar sen barada bilmegem islänoklar. Lalla hem göze görünmezlige çalyşýar. Ilki günler onuň ýüzünden entek gyzgyn Günüň tagmasy öçmän, uzyn buýra saçlary şol şöhleleriň ýalkymyny serpikdirip durka, adamlar oňa geň galyp seredýärdiler. Hepde geçdi, aý geçdi, Lalla üýtgedi. Saçyny gysgajyk edip gyrkdy, olaryň reňki hem öçüşdi. Köp wagtlap Gün görmänsoň, onuň bedenine hem agymtyl-çal reňk çaýyldy. Goňur paltosam üstesine… Emma ony ybadathananyň gapdalynda köne-küşül satýan jöhitden satyn alyp getirdi. Onuň boýy Lallanyň topugyna ýetýär. Ýeňleri uzyn, egni sallanyp dur… Şu paltony egnine atandan, Lalla, dogrudanam, özüni göze görünmeýän ýaly duýýardy.
Ötüp-geçýänleriň gürrüňine diň salyp, ol kem-kemden şäheriň köçeleriniň atlaryny ýat tutup başlady: «La-Mažor, La-Turett, Lanş meýdançasy, Sadi-Karno meýdançasy, Şwal köçesi, Belsens bulwary»… Gör, näçe köçe, näçe-de at bar! Her gün irden entek Emma oýanmanka, ol şapbat ýaly gaty çöregi paltosynyň jübüsine salardy-da, öýden çykardy. Onsoň ol şäheriň içinde selpäp başlar: ilki Panýe mähellesi, soň La-Prizon köçesi… Ol ýerdenem deňziň kenaryna çykar. Bir ýerde oturyp, ötüp-geçýän ulaglary synlar… Ýöne uzak oturyp bilmez. Birden polismen näme işläp ýöreni bilen gyzyklanaýsa…
Lalla demir ýol menziline barmagy gowy görýär. Ol ýerde basgançakda oturýar-da, gelýän-gidýänleri synlaýar. Gelýänleriň gözi ukuly, saçlary bulaşyk. Olar haýallyk bilen yraň-daraň atyp basgançakdan düşüp gelýändirler. Gidýänler mydama howlukmaç. Olar otla gijä galaýmakdan howatyr edip, iki basgançagy birden böküp geçýärler. Demir ýol menzili bolmadyk bolsa, şäheriň bir zady kem ýaly bolardy. Lalla şu ýerden otla münüp demirgazyga — atlary albaý bulap çagyrýan şäherler bolan Bordo, Amsterdam, Lion, Pariž şäherlerine gitsedim diýip göwün ýüwürderdi. Ol käte wagona girip, ýaşyl mawut çekilen dyzeperde oturyp görerdi. Onsoň birden-ikiden ýolagçylar gelip başlar. Lalladan: «Şu ýeri boşmuka?» diýip soraýanam bar. Ol jogap hökmünde başyny atýar. Otlynyň ugrajakdygy baradaky bildirişi eşidibem, atylyp wagondan çykýar.
Menzil tüýs bardygyňy bildirmän, adamlary synlamak üçin oýlanyp tapylan ýer. Bu ýerde adamlar şeýle bir başagaý welin, saňa üns bermäge ellerem ýetenok. Bu ýerde her hili adama gabat gelýärsiň. Lalla telefon çatmasy bilen mahabat tagtasynyň arasynda duran ýerinden olary synlaýar. Olar özlerine gowulykdan başga hemme zadyň garaşýandygyny bilýänem däldirler. Olar hapa dökülýän ýerleriň gapdalynda gazylan, gubra meňzeş ýerkümelerde ýaşamaly bolar. Paty-putusyny arkasyna alyp, çagasyny hem boýnundan sallan bu aýallar özlerine yza ýoluň ýokdugyny bilýänem däldirler. Olara keseki bir ýurt garaşýar: janlaryny alyp, ýuwudyp-ýalmajak ýurt. Şu pikirler kellesine dolanda, Lallanyň bu ýerden ökjäni göteresi gelýär. Şäherler, öýler, ýollar, kenarlar tükenýänçä gaçasy gelýär. Iň soňunda diňe bir ýodajyk — ony sähra tarap alyp gitjek ýodajyk galar…
Garaňky düşýär. Menziliň töweregindäki köçelerde çyralar ýanýar. Lalla sessiz-üýnsüz kölege ýaly bolup, köne şähere — Emmanyň ýaşaýan ýerine howlugýar. Ol pişik basyşyny edip ikinji gata çykýar. Gapyny pişik dyrnaçaklan ýaly edip kakýar-da, aňyrdan Emmanyň sesini eşidip, ýeňillik bilen dem alýar…
Şäherde gedaý kän. Lalla ilki günler muňa geň galsa-da, soňabaka öwrenişip gitdi. Radiç hem şolaryň biri. Lalla onuň bilen menziliň ýanyndaky köçede tanyşdy. Gyşyň bir günüdi. Entek jahan hem ýagtylmansoň, köçe adamsyzdy. Şol ýerde-de ol Radiçi gördi. Ol çisňäp ýagýan ýagyş bilen çapgyn ýelden bukulmak üçin, gapynyň söýesine ýaplanyp durdy. Ol üşäpdi. Gabadyna ýetip, Lalla oňa seretdi:
— Bu ýerde näme işleýäň? Sen üşeýän-ä dälsiň?
Oglanjyk başyny ýaýkady, soň elini uzatdy:
— Maňa näme bolsa-da, bir zat ber-dä…
Lallanyň ýanynda bir bölek çörek bilen bir alma bardy. Lalla olary oglanjyga uzatdy. Oglanjyk garbap aldy-da, dessine alma agyz urdy. Şeýdibem tanyş boldular. Soň Lalla menzilde oňa kän gezek gabat geldi. Ol hiç kime üns bermän, gözlerini bir nokada dikip oturandyr. Lalla gözi düşenden ýylgyrardy, megerem, şol alma üçin bolsa gerek. Ol adynyň Radiçdigini aýtdy, hatda çöp bilen topur ýerde adyny ýazybam görkezdi. Lallanyň hat okap bilmeýändigini eşidip bolsa, juda geň galdy. Onuň çep gulagynda halkajyk bar. Radiç ol altyndan diýýär. Egninde amanat alnan ýaly, özüne uly bolýan penjegi, aýagynda bolsa gara gaýyş köwşi bar.
Lallanyň ony myhmançylyga çagyrasy gelýär, ýöne Emma halamaz öýdüp çekinýär. Sebäbi Radiç — sygan. Ol şäheriň günbatar eteginde ýaşaýar. Öýi hakda gürrüň bermegi halanok, şäherde köçede ýatyp-turýan gijeleriniň hem az däldigini aýdýar. Onuň üçin nirede ýatyp-turanynyň parhy ýok, ol şäherde üşemän gijäni geçirip boljak ýerleri bilýär. Mysal üçin, gümrükhananyň jaýynda basgançagyň aşagynda adam sygar ýaly deşik bar. Şol deşige girýärsiň-de, agzyny bölek gaty kagyz bilen ýapýarsyň. Bolany. Gurluşyk gidýän ýerdäki bassyrmanyň aşagynda, ýük ulaglaryň nowasynda hem gijäni geçirse boljak.
Açyk howaly günler ol menziliň basgançagynda güneşläp oturandyr. Lalla hem baryp, onuň gapdalyna çöker. Iki bolup gelýän-gidýäni synlarlar. Käte Radiç: «Seret!» diýer-de, ýerinden turup, menziliň jaýyndan çykan ýolagçydan zat dilär. Onuň gözleri gussaly, ýylgyryşy mylaýym. Onsoň ýolagçy jübüsini dörüp, oňa bermek üçin ownuk pul gözläp başlaýar.
Ýaş, bezemen aýaly görenden, Radiç Lallany hürsekläp goýberýär: «Bar, dile şondan…». Lalla dilegçilik etmäge utanýar. Ýogsa buzgaýmak almak ýa kino girmek üçin puly bolsa kemem däl…
— Şu ýyl dilegçilik edýän soňky ýylym — diýip, Radiç yglan edýär. — Indiki ýyl Pariže işlemäge gitjek… Sebäbi işe ýaran oglana zat berlenok, «Git-de, işle!» diýýärler…
Ol awtobuslaryň ýanynda sümsünip ýören oglany görkezýär:
— Şol ikimiz bir hojaýynyň elinde işleýäs…
Lallanyň hiç zada düşünmändigini görübem, sözüniň üstüni ýetirýär:
— Hawa… Biziň hojaýynymyz hem men ýaly sygan… Ady Lino… Biziň ýaşaýan ýerimizde çaga kän, olaryň hemmesi eline düşen puly Lino eltip berýär…
Köçede dilegçilik edip ýören eli bäbekli ýaş gelne gabat gelse, Lallanyň ýüregi sanjyp başlaýar. Lalla ozal gorky diýen zadyň nämedigini bilmezdi. Sebäbi sährada ýylan-içýandan başga gorkar ýaly hiç zat ýok; bu ýerde welin, mätäçlikdir açlykdan gorkmalydy. Bu bir atsyz gorkudy: ol porsy ýerzeminlerden, gurruk guýulardan çykyp, sowuk otaglara girýärdi, giň şaýollardan aýyň-aýy, günüň-güni pursat sypdyrman çapyp geçýärdi…
Açlygyň şarpygyny Lalla hem dadyp gördi. Bir gezek onuň başy aýlanyp, ugur-utgusyny ýitirdi. Gözi bilen sermäp, oturara ýer gözledi…
— Size näme boldy?
Bu ses alys bir ýerden gelýän ýaly. Hudaýa şükür, gözleri töweregi saýgaryp başlady. Ol ýanýolda arkasyny diwara berip otyr. Kimdir biri üstüne abanyp, elinden çekýär…
— Hi-i-ç za-a-t bolanok… I-n-di go-wy…
Dili peltekläp dur… Belki, ol bu sözleri aýdanam däldir… Bu häki bir kellesine gelen pikirlerdir…
Üstüne abanan adam ýerinden turmaga kömek edýär. Gapdalda garbanyşhana bar. Şol ýere eltip oturgyçda oturdýar. Ol keltejik adam. Çişik, takyrkelle…
— Siz nämedir bir zat içseňiz, kuwwatlanardyňyz…
— Men aç. — Lalla dil ýarýar. Onuň üçin indi bary bir. Öljegi-galjagy belli däl. — Men aç — diýip, ol haýallyk bilen gaýtalaýar.
Keltejik adam dessine telpertabagy münderläp, gyzgynjak somsa alyp gelýär. Ol nämedir bir zat diýýär. Ýöne Lalla ony diňlänok. Ol birinji somsa agyz urýar. Soň ikinjä… Üçünjä… Tä tabak boşaýança, başyny götermän iýýär…
— Siz meniň edil öňümde ýykyldyňyz… Dogrymy aýtsam, gorkdum, sizi depeläp geçmekleri mümkindi… — Keltejik boýly, takyrkelle adam Lallanyň birneme özüni dürsänini görüp, sözüni dowam edýär. — Meniň adym Pol… Pol Estew… Siziň adyňyz näme? Siz fransuzça bilýäňizmi? Doýmadyk bolsaňyz, ýene getireýin…
Erkek kişi gürlände, sarymsagyň ysy haplap ýüzüne ursa-da, Lalla onuň gapdalynda bardygyna begenýär.
— Men size miwe şerbedini getirip bereýin… Az-kem gurplandyrar… Bilýäňizmi, birinji gezek huşuny ýitiren adamy görýän… Çypbakaý-çynym… Özüm aragatnaşyk edarasynda işleýän… Belki, lukmana jaň etmelidir…
Ol towsup ýerinden turýar, ýöne Lallanyň başyny ýaýkanyny görüp, ýene aşak oturýar. Soň ýene ýerinden turýar-da, Lalla süýjüli çaý getirip berýär. Ol nepesi durlanan Lallany köçä alyp çykýar.
— Öýüňize aşjagyňyza ynamyňyz barmy?
— Hawa, hawa, köp sag boluň — diýip, Lalla jogap berýär.
Pol Estew bir bölek kagyzyň ýüzüne ady bilen salgysyny ýazyp uzadýar:
— Alyň, bilip bolmaz, gerek-ýarak zadyňyz bolsa…
Ol Lallanyň elini gysýar. Keltejik boýly, garynlak, takyrkelle adam… Mawy gözlerinden welin, entegem birahatlyk şöhlesi öçmändi…
Panýe mähellesinde şäheriň beýleki ýerlerindäki ýaly däl, bu ýerde adamlar bir-birini azda-kände bolsa-da tanaýarlar. Bu ýerde köçeler gysgajyk… Bir köçe beýleki köçä goşulyp gidýär… Bu ýerde adamlar mydama nämedir bir zatdan heder edýän ýaly… Ýöne nämeden? Belki, dürli dilde gürleýändikleri üçindir?! Bu ýerde Demirgazyk Afrikadan gelen marokkolylar, alžirliler, tunisliler, mawritanlylar; soň başga afrikalylar: senegallylar, malililer, hatda jöhitlerem bar… Onsoň portugallar, italýanlar, türkler, ermeniler… Lalla bu milletleriň atlarynam dogry aýdyp bilenok. Ýöne Emma bilýär. Bu ýerde, esasanam, syganlar kän. Syganlar şeýle bir kän welin, Lalla olaryň haýsynyň ozaldan ýaşap, haýsynyň täze gelendigini saýgarybam bilenok.
Käte bu ýere polismenler gelerdi. Olar ullakan gara ulagyny girelgäniň agzynda goýardylar-da, öýe girerdiler. Köplenjem araplar bilen syganlaryň ýaşaýan öýlerine. Emmanyň öýüne gelen polismen agyr göwresini gaýyş diwanyň üstüne goýbererdi-de, sowal ýagdyryp başlardy. Ol diwan Lallanyň ýatalgasydy. Göwnüne bolmasa, polismeniň oturan ýeri onuň agramyna çydaman deşiläýjek ýalydy. Onsoň agşam ýatjak wagty, ol ýerde-de ullakan deşik bolaýsa…
Polismeniň sowallary onuň pikirleriniň arasyny ýolardy.
— Adyň, familiýaň, haýsy taýpadan? Ýaşamaga rugsatnamaň? Işlemäge rugsadyň? Iş bereniň ady? Öý eýesi bilen şertnamaň? Öýüň tölegini töländigiň baradaky petek?
Polismen Emmanyň uzadýan kagyzlarynyň ýüzüne-de seredenok. Gözleri gapynyň söýesine ýaplanyp duran Lallada eglenýär:
— Gyzyňmy?
— Ýegenim — diýip, Emma howlukmaç jogap berýär.
Polismen kagyzlara göz gezdirip oturyşyna soraýar:
— Ene-atasy nirede?
— Ýogaldy.
— Işleýärmi?
— Iş tapylsa, işlejek-le…
— On ýedi ýaşadymy?
— Hawa.
— Sen seresap bol, on ýedi ýaşan gyzlaryň güni bu ýerde aňsat däl…
Polismen gidýär. Lalla öz diwanynda gözlerini petige dikip ýatyr. Goja Naman, guýynyň başyna üýşen gyzlar, Sussi, Emmanyň ogullary, Hartani… setirlenip gözüniň öňünden geçýär. Soňra Gyzyl Hajyň wekili Lallany äkitmek üçin gelýär. Onsoň indi olar deňziň beýleki tarapyna, deňziň näme, hemme zadyň beýleki tarapyna düşüp biljekmi? Olar ýollaryň arasyndan zerur ýoly, gapylaryň içinden gerekli gapyny tapyp biljekmi?
Öýüň içindäki galyň tümlügi deşip biljek zat ýok. Ýöne onuň içi boş… Boş ýerde bolsa girdap döreýär… Girdap pyrlanyp, Lallany öz köwegine sorup barýar… Lalla diwanyň erňeginden ýapyşýar… Göwresi ikä bölünäýjek bolýar. Gygyrasy gelýär… Gygyryp bilenok… Gijäniň agyr ýüküni egninden zyňasy gelýär… Başardanok… Gysylan bokurdagyndan ses çykanok… Birnäçe sagatlap ol şu halda düşekde towlanýar. Ahyrsoňy säheriň birinji şöhlesi bilen onuň göwnüne ýeňillik aralaşýar… Tapdan düşen göwresi diwanyň üstünde bulaşyp ýatyr…
Panýe mähellesinde ýaşaýanlar — onuň bendileri. Belki, olaryň özleri muny bilýänem däldir. Ýöne bu şeýle. Olaryň göwnüne, bir gün bu ýeriň deminden sypyp, öz dag obajyklaryna, ýaýlalaryna dolanaýjak, dogan-garyndaşlary bilen didarlaşaýjak ýalydyr. Ýöne bu mümkin däldi. Üstüne çalamydar haýatlar abanyp duran darajyk köçeler; sowuk otaglar; gyzlaryň balakdyr köýnek tikýän petiş ussahanalary; hassahana otaglary; gurluşyk meýdançalary; täze düşelmeli gyzgyn asfaltyň ysy öýkeniňi deşip gelýän ýollar — bularyň hemmesi olary zynjyrlap, bendilikde saklap durdy.
Lalla ahyrsoňy iş tapyldy. Ol köne şäheriň demirgazyk çetinde ýerleşýän «Sent-Blanş» myhmanhanasyna süpüriji bolup işe ýerleşdi. Ol indi her gün, entek dükanlar açylmanka öýden çykýar. Köçelerde hiç kim ýok, diňe itler hapa dökülýän ýerlerde bir bölek lukma üçin hyňranyp, bir-birine azm urýar. Lallanyň jübüsinde bir bölek gaty çörek bar. Myhmanhanada onuň nahar paýy ýok. Bosagadan ätländen hojaýyn eline bedre bilen esgi tutdurýar. Lalla her gün näçe ýuwsaňam ýüzi açylmaýan basgançaklary ýuwmalydy. Hojaýyn ol diýen garry däl, ýöne gözleri mydama ukuda. Myhmanhana üç gatly ýarym haraba jaý. Birinji gatynda merhumlary jaýlaýan edara ýerleşýär. Birinji gezek gelen güni sowuk otaglaryň hapa-hupasy, ysy ony gorkuzypdy. Ýöne dura-bara öwrenişdi. Panýe mähellesinde ýa Emmanyň ýaşaýan öýünde bolşy ýaly, öwrenişmek juda kyn zat däldi. Diňe dodaklaryňy berk ýumup, burnuňdan demiňi juda haýaljakdan almak gerekdi. Şeýtseň, bu otaglardaky, basgançaklardaky gedaýçylygyň, keselçiligiň, ajalyň ysy göwräňe haýal ornaýardy.
Myhmanhananyň eýesi ýa ýunan, ýa-da türkdi. Lalla muny anyk bilenok. Lallanyň eline bedredir esgi tutduryp, ol ikinji gatdaky otagyna dolanýar. Onuň otagynyň gapysy aýnalanan, şonuň üçin ol kimiň gelip, kimiň gidýänini görüp ýatyr. Myhmanhanada diňe erkekler ýaşaýar, özleriniňem mydama jübülerinde it uwlaýar. Demirgazyk Afrikadan gelip gurluşykda işleýänler, Antil adalaryndan gelen zeňňiler, öýi-ili bolmadyk ispanlar: «Dura-bara günüm gowulanar» diýen umyt bilen, bu ýerini özüne düşleg edinýärdiler. Soň bolsa öwrenişip, çöküp galanlarynam duýman ýaşaberýärdiler. Yzyna dolanýanlar hem az däldi. Ine, «Sent-Blanş» myhmanhanasynda şeýle adamlar ýaşaýardy. Olar her gün ir bilen hojaýynyň gapysyny kakyp, bir günüň hakyny öňünden töläp gidýärdiler.
Basgançaklar bilen dälizi süpürip bolansoň, Lalla suwa düşülýän otagy gaty çotga bilen päkizelärdi. Soňra otaglardaky küldanlary kakyp, tozanlary süpürerdi. Otaglary süpürmek köp wagtyňy almazdy. Olarda ýaşaýanlaryň üýtgeşik goş-golamlary ýokdy.
Işläp ýören wagty Lalla hiç kime gabat gelenok. Ol bu ýerde ýaşaýanlaryň ýüzünem görenok diýseňem boljak. Emmanyň etegi uzyn köýneginiň üstünden paltosyny geýýär-de, kellesinem ýaglyk bilen bogýar welin, onsoň onuň özem känbir göze ilip baranok. Myhmanhananyň alagaraňky dälizdir otaglarynda zordan göze ilýän esgi üýşmeginiň sudury salgym dek süýşüp ýören ýaly. Ony diňe myhmanhananyň eýesi bilen gije garawuly — uzyndan gelen hortap alžirli tanaýar. Alžirliniň edil balykçy Namanyňky ýaly owadan ýaşyl gözleri bar. Ol her gün Lalla bilen salamlaşyp, oňa göwün göteriji birki sany söz aýdyp galýar. Ol Lallanyň köne juluň içinde ýetişip gelýän, gözlerinden ot syçrap duran juwan gyzdygyny saýgaran ýeke-täk adam bolsa gerek. Beýlekiler üçin onuň bary-ýogy deňdi.
Lalla Gün öýlä eňňit atmanka, işlerini birýüzli edýär-de, giň şaýol bilen deňze tarap gidýär. Bu pursat ol, göýä, hakydasyndan hemme zat süpürilip gidýän ýaly, bar zady ýadyndan çykarýar. Ýanýol bilen mähelle süýşüp gelýär. Olar öň görülmedik bir zada ýetmäge howlugýan ýaly. Bezemen erkek kişiler äýneklerini Gün şöhlesine ýaldyradyp, giň ädimläp gelýär. Olaryň alnyndan egnine köne jinde atan, gözleri aladaly adamlar ýöräp gelýär. Ulaglar ýa deňze, ýa-da şäher merkezine tarap myçyp barýar. Olarda bir-birine juda meňzeş aýallardyr erkekler otyr. Lalla ýanýol bilen şu zatlary synlap barýar. Içi eljuk diýýär. Işden soň göwresi ýadawlykdan ýaňa sykylyp barýar. Şonda-da onuň ümzügi deňze tarap. Öýkenine köpräk arassa howa sorasy, gözlerini ýagty şöhleden doýrasy gelýär. Belki, şeýdende kalbyna çöken duman syrylar. Ol gözlerini çala açyp, göwresini öňe egýär-de, birmahal çöldäki ýaly, şaýoluň soňunda görünýän ýagtylyga tarap barýar.
Birden dünýä ümsümlik aralaşýar. Onuň öňünde Gün şöhlesine öwşün atýan kenar ýaýylyp gidýär. Şemaldan sowarak ýer tapyp, ol ornaşýar. Deňzi synlap oturyşyna, peýnirli çöreginiň gyrasyndan dişleýär. Käte gapdalyndan ala-goh bolup, ullakan çarlaklar pessaýlap uçup geçýär. Lallanyň öz düşelgesi, çarlaga öwrülen şazada ýadyna düşýär. Lalla Gün şöhleleriniň göwresine dolup, ol ýerdäki gaýgy-gamlary syryp-süpürip barýandygyny duýýar. Ol özüni gapdalyndaky üstüne gyrymsy ot ören gaýanyň bir bölegi ýaly duýýar. Käte oturan ýerinde irkilýär. Şonda ol düýş görýär: düýşünde gämide deňziň tolkunlarynyň arasy bilen başga bir dünýä tarap ýüzüp barýarmyşyn…
Lalla «Sent-Blanş» myhmanhanasyna göçüp geldi. Üçekdäki kiçijik otaga. Ol ýerde sübseler, bedredir esgiler saklanýar. Köne epleme ýatalga hem bar. Lalla myhmanhananyň eýesinden: «Şu otaga göçüp gelsem bolarmy?» diýip soranda, ol hemme zadyň änigine-şänigine ýetjek bolup durman, ýeke agyz: «Hawa» diýip jogap berdi. Soňra suw hem elektrik togy üçin aýlygynyň ujundan tutup galjakdygyny aýtdy-da, okap oturan gazetine gümra boldy. Hojaýyn hapysa bolsa-da, onuň hemme zada burnuny sokup ýörmeýändigi Lalla ýaraýar.
Emma bilen welin ähli zat başgaça boldy. Lalla myhmanhana göçjekdigini aýdanda, onuň gahardan ýaňa ýüzi gyp-gyzyl boldy. Soňra köşeşdi. Her iş bolsun, bähbit bolsun: tiz wagtdan onuň ogullary hem bu ýere gelmekçidi. Onsoň bujagaz külbe juda dar boljakdy.
Lalla myhmanhananyň üçeginde ýaşaýar. Şonuň üçin onuň syçanlardan başga goňşusy ýok. Onuň otagynyň aşagyndaky otagda üç sany hebeşi dogan ýaşaýar. Olaryň adyny, näme işleýändiklerini Lalla bilenok. Olar mydama şadyýan. Ýekşenbe günleri olaryň aýdym aýdyşlaryny diňlemek Lalla ýaraýar. Otagy süpürmäge gelende, olar eýýäm işe gidýärler. Otagda olaryň eşikleri bilen gitara galýar.
Hebeşileriň gapdalyndaky otagda Demirgazyk Afrikadan gelenler ýaşaýar. Olar gurluşykda işleýär. Dymma adamlar. Otaglarynda ýel öwüsýär. Goş-golam ýok. Eşiklerini gaty kagyzdan ýasalan çemedana salyp, ýatalganyň aşagyna dykýarlar. Ogurlanar öýdüp.
Üçünji gatda däliziň töründäki otagda iki sany zeňňi dogan ýaşaýar. Bu otagyň penjiresinden howlynyň bir künjegi görünýär. Ol ýerde bir düýp agaç ösüp otyr. Lalla doganlaryň ulusynyň adyny bilenok. Kiçisiniň ady Daniýel. Ol garaýagyz, saçy buýra-buýra. Kellesi togalak, boýny uzyn. Onuň hemme ýeri süýnmek: elleri, aýaklary… Özi mydama şadyýan, Lalla bilen gürleşmegi gowy görýär. Ýöne Lalla onuň hemme diýýän zadyna düşünenok. Geplände ellerini kelemenledip geplemegi gowy görýär. Ol Lalla ýaraýar, sebäbi gülende çaga ýaly hezil edip gülýär. Agasy bilen bile hassahanada işleýär. Şenbe hem ýekşenbe günleri futbol oýnamagy gowy görýär. Her gezek Lallany görende: «Haçan stadiona meniň futbol oýnaýşymy görmäge geljek?» diýip soraýar.
Ýekşenbe günleriniň birinde öýlän Lalla stadiona gitdi. Iň ýokarky dyzeperde oturyp, Daniýeli synlap başlady. Ol aşakda — ýaşyl meýdançada garynja ýaly bolup görünse-de, ony tanady. Daniýel hüjüm edýän ýarymgoragçy bolup oýnaýan ekeni. Lalla oňa stadiona baranyny aýtmady. Belkem, onuň şadyýan gülküsine düwnügip, gaýta-gaýta stadiona çagyrmagyny islän bolsa gerek.
Däliziň gabat garşydaky töründe niredendigi näbelli goja ýaşaýar. Onuň juda gamgyn gözleri bar. Ol ýetde-gütde güzeran görýär. Öýden diňe ir bilen bazarda tekjeden ýere gaçan miweleri toplap almak hem garry süňklerini Güne gyzdyrmak üçin çykýar. Lalla onuň adyny bilenok. Ol goja Namany ýadyna salýar. Onuň hem şu garrynyňky ýaly Güne ýanan daýaw gollary bardy. Goja kimdigi, nireden gelendigi hakda gürrüň berenok. Ol ýatlamalary özi üçin, ýüreginiň töründe saklaýar. Her duşenbe güni ol hojaýyna bir hepdäniň hakyny öňünden töleýär. Ol puly nireden alýar, hiç kim bilenok. Lalla onuň juda garypdygyny bilýär — otagda miwe gabyklaryndan başga hiç zat ýok. Lalla artyk-süýşük puly bolanda, birki sany owadan alma ýa pyrtykal satyn alýar-da, gojanyň otagyndaky ýeke-täk oturgyjyň üstünde goýup gaýdýar. Goja sag bol aýdanok, ýöne pete-pet gelende, Lalla onuň minnetdardygyny gözlerinden aňýar.
Bu adamlar ýaşap ýör diýer ýaly däl. Olar edil yz-sor galdyrmaýan kölege ýaly. Olar günleriň bir güni bu ýerde bolmadyk ýaly ýitip gidýärler. Epleme ýatalga, çagşan oturgyç, tegmilli diwarlar bolsa, göýä, olar bolmadyk ýaly, şol öňküligine galýar…
Demir ýol menziliniň öňündäki basgançaklaryň ýanynda duran Radiçi ol dessine görýär. Ýöne birbada tanamajak bolýar. Radiç ýigit çykypdyr. Egninde, horja göwresinde amanat ýaly sallanyp duran goňur penjegi bar. Gara gaýyş köwşüniň aýaklaryna uly bolýany bildirýär. Lalla jübüsinden çykaryp, oňa bir petde pul görkezýär. Radiçiň gözleri hanasyndan çykaýjak bolýar, ýöne sesini çykaranok. Lalla bu pullary ogurlandyr öýden bolsa gerek, mümkin, has-da mojuk pikirler kellesine gelendir.
Lalla pullary jübüsine salýar. Myhmanhananyň eýesine işden gitjekdigini aýdanda, ol hiç zat diýmedi. Sessiz-üýnsüz ýerinden turdy-da, otagyň töründäki seýfiň öňüne bardy. Ol ýerden pul alyp sanady, Lallanyň hakyny, üstüne-de bir hepdäniň muzduny goşup, gyzyň eline berdi. Ýeke söz aýtman, göwresini ýatalga goýberip, göýä, dünýäde şondan başga güýmenje ýok ýaly, ýene ýüzüni gazete çümürdi.
Erkinlik Lallanyň başyny aýlady. Ol nebsewürlik bilen töweregine göz aýlaýar. Adamlar, köçeler, diwarlar, ulaglar… Bularyň hemmesini häziriň özünde Gün eredip, şemal süpürip gidäýjek ýaly… Lalla Radiçiň elinden çekýär. Olar giň hem ýagty dükana girýärler. Lalla her bir tekjäniň öňünde aýak çekip, dürli reňkdäki sabynlary satyn alýar. Kiçijik çüýşejikde satylýan atyrlaryň hem deňesinden geçip bilenok. Dükanyň ikinji gatyna çykyp, ol özüne eşik saýlap başlaýar: gök reňkli köýnek, gyzyl jorap, köwüş… Oda atsaň tütemejek çal köýnegi bilen köne çepegini eşik çalşylýan ýerde taşlap gaýdýar, ýöne goňur paltosyny egnine atýar. Bu palto onuň göwnüne ýaraýar. Ol ellerini täze köýneginiň jübüsine sokup, täze köwşüniň maýyşgak oltaňyny jygyldadyp, ýeňillik bilen ýöräp barýar.
Radiç gyzdan gözlerini aýryp bilenok. Ol juda owadan. Ýöne ýetginjek muny gyza aýdyp bilenok. Olar köçä çykýarlar. Lalla ýeňsesine gaňrylýar: «Ajykdyňmy?». Radiç sesini çykaranok. «Häzir garbanarys!». Lalla şeý diýýär-de, jübüsinden galan puluny çykarýar.
Beýik ak diwarlar hem uly penjireler. Bu — restoran. Lalla şu ýere gelip görmegi köpden bäri arzuwlap ýördi. Ol säginmän aýnaly gapyny itýär. Ýarymgaraňky restoranda stollaryň üstüne ýazylan saçaklar akjaryp görünýär. Billur küýzelere salnan bägüller, kümüş çemçe-çarşaklar, bulgurlar, mawy mahmala dulanan oturgyçlar, gar dek ak eşikli ofisiantlar — hemmesi birden Lallanyň gözleriniň aýtymyna doldy. Ertekidäki ýaly. Lalla Radiçiň elinden tutup bosagadan ätleýär.
— Ýör, biz şu ýerde oturarys!
Ol penjiräniň öňündäki stoly görkezýär. Restorandakylar birsalym çeýnemegi goýup başyny göterýär. Ofisiantlaryň biri tümmek tüwä çemçäni dürtüp, ýene biri çüýşeden bulgura şerbet guýup duran ýerinde doňup galdy. Bulguryň erňeginden syrygýan şerbet eýýäm sönüp barýan oda meňzäp, stoluň üstünde bölek-bölek bolup pytraýardy. Lalla bilen Radiç bir-biriniň alnyna geçip oturýar. Aralarynda bägül çemeni. Restorandakylar ýene äňlerini herekete getirip, çeýnemäge başlaýar. Şerbet bulgura guýulýar. Çemçe tüwi äberýär. Ulaglar, göýä, akwariumyň içindäki mähnet balyklar deýin, aýnanyň aňyrsyndan geçip gidýärler.
Gara penjekli, ak köýnekli syratly erkek kişi olaryň gapdalynda gögerýär. Ol bu iki çaganyň tiz bu ýerden gümüni çekmegini talap etmek üçin agzyny açandan, gözleri Lallanyň gözlerine kaklyşýar. Lallanyň nazary edil çakmak daşy ýaly — ot syçraýar. Gara penjekli kişi bir ädim ýeňsä çekilip sakawlaýar:
— Si-iz… Nä-me i-i-ýip-içer-si-ňiz…
Lalla ondan nazaryny aýranok:
— Biz aç, iýere näme-de bolsa bir zat getiriň…
Gara penjekli gidýär-de, eli bir bölek kagyzly dolanyp gelýär. Lalla kagyzy yzyna berip, gapdaldaky oturanlara ümleýär:
— Bize-de şolaryň iýýäninden getiriň!
Gara penjekli ofisiantlaryň birine ümleýär. Ol üsti owkatly arabajygyny tigirläp bärligine gaýdýar. Ofisiant telpertabaklaryň içine dogralan pomidor, gaýnadylan ýeralma, bişirilip üwelen ýumurtga, mesgä ýatyrylan kakmaç ýaly ýene ençeme tagamlary goýup başlaýar. Radiç ýalagyň üstüne eglip süňk gemirýän it ýaly juda çalt iýýär. Oňa seredip Lallanyň gülküsi tutýar.
Saçagyň üstüne bolsa täze tagamlar getirilip goýulýar. Goýy çorbaly balyk, münder-münder miweler, içinde nämedigi näbelli kümüş gapakly okara…
Radiç gapagy galdyryp, tagamly ysy burnuna dartýar. Ol hemme tagama agyz urup ýetişýär. Lalla welin hiç zat iýmeýär diýen ýaly. Ol gözüni bir ýetginjege, birem bolýan zatlara aňk bolup oturan müşderilere aýlaýar.
Ahyrsoňy gerk-gäbe doýan Radiç dodagyny süpürip, oturgyçda arkan gaýyşýar. Ol leňňeç ýaly gyzaryp, gözleri ýalpyldap dur.
— Hezil etdiňmi? — diýip, Lalla soraýar.
— Hawa — diýip, ýigdekçe gysgajyk jogap gaýtarýar.
Gara penjekli olaryň ýanyna gelýär:
— Kofe meýliňiz barmy?
Lalla başyny ýaýkaýar. Gara penjekli iýlen-içilenleriň hasaby çykarylan kagyzy berýär. Lalla kagyzy yzyna itip, jübüsinden çykaran pullaryny oňa uzadýar:
— Özüňiz sanap alyň!
Gara penjekli gerek puluny sanap alýar-da, bir zat ýadyna düşen ýaly säginýär:
— Gapynyň ýanyndaky stolda oturan jenap siz bilen gürleşmek isleýär.
Radiç Lallanyň elinden tutup, gapa tarap çekýär:
— Çöregimiz bitinkä, gideli bu ýerden!
Gapynyň öňünde säginen Lalla stoluň başynda oturan otuz ýaşlaryndaky gamgyn gözli erkek kişini saýgarýar. Ol ýerinden turýar-da, Lalla golaý gelip, peltekläp söze başlaýar:
— M-m-eni ba-gyşlaň… Me-n-n…
Lalla ýylgyryp durşuna, onuň göni garaçygyna bakýar.
— Umuman-a, men — suratçy… Şeýlebir sizi surata düşüresim gelýär… Haçan size amatly bolsa…
Ýylgyryp duran Lalla jogap bermäge howluganok. Ýygra kişi entegem özüni tutup bilenok:
— Düşünýäňizmi, siz restorana gireniňizden… Bu akyla sygjak zat däl…
Ol penjeginiň jübüsinden galam-depderini çykaryp, bir bölek kagyza adyny hem salgysyny ýazyp uzadýar. Lalla başyny ýaýkap, bölek kagyza elini uzadanok. Soň:
— Men okap bilemok — diýýär.
Ol owadan gözleri bilen ýygra ýigide dikanlap seredýär-de:
— Men «Sent-Blanş» myhmanhanasynda ýaşaýan — diýip, restorandan çykýar…
…Lalla reňkli žurnalyň 1-nji sahabyndaky öz suratyny synlap hezil edýär. Ol kellesini bir gapdala gyşardyp oturyşyna, žurnaly başdan-aýak waraklap çykýar.
Suratçy ýüregindäki howsalany basyp: «Ýaraýarmy?» diýip soraýar.
Lalla ak dişlerini görkezip sessiz gülýär. Onuň üçin suratdaky özi däl ýaly, bu bolýan zatlar onuň diňe gülküsini tutdurýar. Bu, dogrudanam, ol däl. Bu — Hawa! Ol suratça adyny şeýle diýip aýdypdy. Soňra suratçy Panýe mähellesindäki şaňlap ýatan boş öýünde ony surata düşürdi.
Indem Hawanyň ýetişmeýän ýeri ýok. Ol žurnallaryň sahypasynda, suratçynyň öýüniň diwarlarynda… Ol ak köýnekde, gara guşakly… Ol kölegesiz gaýalaryň öňünde… Ol gara ýüpege çolanan, gaşyna düşüp duran ýaglykly… Ol Ortaýer deňziniň üstüne abanyp dur… Ol mähelläniň arasynda… Onuň ýeňsesinde içi nebitli ullakan çelekler… Hawa ýöräp barýar… Hawa tans edýär… Hawa uklap ýatyr…
Kim bu — Hawa? Ol her gün irden giň myhman jaýda oýanýar. El-ýüzüni ýuwýar-da, açyk penjireden daşaryk çykyp, deňziň kenaryna gezmäge gidýär. Suratçy hem öz ýatýan otagynda oýanýar, ýöne sesini çykaranok. Hawa päsgel bermejek bolýar. Ony öýde saklap bolmajakdygyna düşünýär. Onuň bar edýän zady: penjiräni açyklygyna galdyrmak… Hawa haçan yzyna dolansa, pişik ýaly öýe girip bilmegi üçin…
Ol käte gijäniň bir wagty dolanyp, penjireden öýe girýär. Suratçy onuň şygyrdysyny eşidýär. Ol surat çykarýan jaýyndan gelip, gyzyň gapdalynda oturýar. Suratçynyň oňa kän zat aýdasy gelýär, ýöne ýanyna gelenden, diline badak atylan ýaly bolýar. Gyz welin eňegine jaň dakylan ýaly bolup gürleýär. Gündiz gören-eşidenleri barada gürrüň berýär. Ýüzugra satyn alan çöregi bilen hurmasyny çeýnäp oturyşyna gürrüň berýär.
Hawanyň adyna gaty kän hat gelýär. Olar ýoň bolan reňkli žurnallardan gelýär. Bukjanyň ýüzünde suratçynyň ady bilen salgysy ýazylgy. Bu hatlaryň gelmegine suratçy hem begenýär, hem biynjalyk bolýar. Hawa ondan bu hatlary okap bermegi haýyş edýär-de, kellesini gapdala gyşardyp, üns bilen diňleýär. Hatlaryň arasynda Hawanyň deň-duş gyzlaryndan gelenleri-de az däl. Olar Hawanyň suratyny nirededir bir ýerde bir gezek görüp, indem köneden tanyş ýaly, onuň bilen iç döküşmek isleýärdiler. Onuň suratyna aşyk bolan ýaş ýigitlerden gelýän hatlar hem bardy. Olar Hawanyň Nefertiti ýaly owadandygyny ýazyp, tanyş bolmak isleýärdiler.
«Gör, göwünleri näme isleýär» diýip, Hawa gülýärdi.
Suratçy oňa täze düşürilen suratlary görkezýär. Lalla — Hawa ýene gülýär. Ol suratlarynyň özüne birjigem meňzeş däldigine ynanýar.
Käte işewür hatlar hem gelýär. Olarda şertnama baglaşmak, pul tölemek, duşuşyk guramak, soňky döwürde ýoň bolan eşikleriň mahabatyna gatnaşmak barada ýazýardylar. Bu zatlaryň ähli aladasyny suratçy öz üstüne alýar. Ol şertnamalara gol çekýär, tikinçiler bilen gürleşýär, haçan, nirede, kim bilen duşuşmalydygyny depderçesine belläp alýar. Ol eşikleriň biçüwini, reňkini saýlap, nirede, nähili surata düşürmelidigini kesgitleýär. Soňra Lallany öz gyzyl reňkli «Folkswagen» ulagyna mündürýär-de, ony uzaklara alyp gidýär. Olar öýleriň ýok ýerine, baýyrlaryň arasyna ýa-da derýanyň şaha ýaýradyp, asman bilen suwuň reňkiniň bir-birine meňzeş ýerine gidýärler.
Lalla suratçynyň ulagynda gezim etmegi gowy görýär. Penjiräniň aňyrsynda manzaryň üýtgeýşi ony heýjana getirýär. Ýoluň gyrasynda duran adamlar oňa biparh gözleri bilen seredýärler. Bu gije bilen gündiziň, açlyk bilen doklugyň anyk serhedi bolmadyk düýş bolaýmasyn. Diňe pessejik baýyrlar, tikenekli gyrymsy agaçly jeňňeller, şäherleriň köçeleri, ýadygärlikleri, myhmanhanalary gapdalyňdan zymdyrylyp geçip dur.
Suratçy bolsa irmän Hawany surata düşürýär. Apparatyny çalyşýar, çyranyň yşygyny üýtgedýär, umuman, surata düşürýär. Hemme ýerde Hawanyň ýüzi. Suratçy laboratoriýasynda işe girişýär. Kagyzyň ýüzünde ilki Hawanyň ullakan gözleri peýda bolýar. Iki sany tegmil. Olar guýy ýaly bolup barha çuňlaşýar. Soňra gara saçlary, çyzyjak ýaly bolup agzy, burnunyň gönüje çyzygy, eňeginiň aşagyndaky kölege peýda bolýar. Lallanyň nazary mydama nirädir bir ýere gönügen. Tötänden nazarlary çaknyşaýsa, suratçynyň ýüregi gürsüldäp, agzyndan çykaýjak bolýar. Ol Lallanyň bedeniniň diňe daşky gabygyna eýelik edip bilýändigine aňryýany bilen düşünýär.
Ol Hawany uçarda Pariže alyp gidýär. Şäheriň çal asmanynyň astynda, Sena derýasynyň boýy bilen, olar takside işewür duşuşyklara gatnaýarlar. Hawa gara atlaz köýnekde… Hawa goýy gök reňkli ýapynja atynan… Saçyny örüp, öňünden goýberen Hawa… Hawa bilen her gezek nazary kaklyşanda, suratçynyň ýüregine ot düşen ýaly bolýar… Şonuň üçin ol ýene-ýene Hawany surata düşürýär… Ol golaýa gelip düşürýär… Ýeňsä çekilip düşürýär… ýeke dyzyna çöküp düşürýär…
«Sen tans edýän ýaly» diýip, Hawa gülýär…
Suratçy gaharlanjak bolýar, ýöne başaranok. Ol maňlaýyndan gaşynyň üstüne inen deri eliniň ýeňsesi bilen süpürip goýberýär. Lalla çyranyň yşygy düşüp duran ýeri terk edýär: ol surata düşüp ýadady. Suratçy dörän boşlugy nämedir bir zat bilen ýapmak üçin, uzak wagtlap onuň suratyndan nazaryny aýyrman oturýar. Ýüreginiň gürsüldisine gulak asyp, himiki suwuklykly gapyrjagyň içindäki ak kagyzdan ýüzüni sowup bilmän otyr. Hä diýmän ol ýerde Lallanyň keşbi döräp başlar. Öňi bilen, ýalpyldap duran gözleri görner. Ol gözler, göýä, alysdan seredip duran ýalydyr. Soň bolsa, göýä, kem-kemden goýalýan bulut ýaly bolup, maňlaýy, çekgeleri görner. Ol gözlerde bir syr bar, özem diňe fotosuratda bardygy bildirýän syr. Ol şeýle bir syr — bardygy bildirýär, ýöne düýbüne ýetip bolmaýar. Ömrüň soňuna çenli onuň her bir sekundyny surata düşüräý, barybir, ol syryň ýüzünden perdesini syryp bilmersiň. Badam gabaklaryny aşak goýberip, çala ýylgyranda, dodaklarynyň çetinde döreýän çukanaklary diýsene… Suratçy şu pursatlary tutmak isleýär. Soň ol pursat laboratoriýanyň garaňky künjeginde himiki suwuklykly gapyrjagyň içinde gaýta-gaýtadan döräp durar… Käte onuň göwnüne bolmasa, suratdaky Lalla ýylgyrýan ýaly… Ýöne bu bir pursatjyk şeýle bolup görünýär. Soň suratdaky keşp barha goýalyp başlaýar-da, şekil janly keşbi gysyp çykarýar.
Belki, bu syr onuň daş keşbinde-de däldir? Onuň ýöreýşinde bir syr bar bolaýmasyn? Onuň boýy uzyn, bili inçe, ýüzi süýrüden gelşikli, küljümek gara reňkli saçy giň sagrysyna ýaýrap gidende, bir-biriniň üstüne münderlenip gelýän deňiz tolkunlary ýadyňa düşýär.
Käte Hawa nazary bilen daş-töweregindäkileri bu barlykdan süpürip goýberýän ýaly. Şu nazaryň öňüne gabat gelen pursady suratçynyň damarlaryndaky gany sowap gidýän ýaly bolýar. Ol Lalla Hawany çöli ýadyňa salýan ýerlere äkidýär. Lalla ol ýerde, göýä, nämedir bir zat gözleýän ýaly, nazaryny alysa dikip doňup galýar. Suratçy bu pursady sypdyrmazlyk üçin, aldygyna surata düşürmäge başlaýar.
Lalla puldan bizar. Suratçy ençeme sagatlyk zähmetiniň tölegi hökmünde, her gezek oňa bir daňy pul hödürlände, ol bir ýa iki sany kagyzy daňydan sogrup alýar-da, galanyny yzyna berýär. Käte, göýä, olar tenine ýelmeşip barýan ýaly, jübüsinde galan ownuk pullary çykaryp, suratça berýär. Käte bolsa tutuş şäheri söküp, gedaý gözleýär. Tapansoň, gysymyndaky ähli şaýlyklary onuň etegine döküp ynjalýar.
Hemmeler onuň gürrüňini edýär. Bir gezek myhmanhananyň girelgesinde bir zenan onuň bilen söhbetdeş bolmaga synanyşdy:
— Hemmeler siziň, Hawanyň syry barada gürrüň edýär. Hawa bolanda kim bolýar?
— Hawa — meniň adym däl. Doglamda maňa at dakmandyrlar. Ýöne Bla-Esm — Atsyz diýip ýörüpdirler.
— Onda näme üçin size Hawa diýýärler?
— Ejemiň ady Hawady, şonuň üçin maňa-da Hawa diýýärler, has dogrusy, Hawanyň gyzy Hawa bolýar…
— Siz haýsy ýurtdan geldiňiz?
— Meniň ýurdum hem özüm ýaly atsyz…
— Nirede ýerleşýär?
— Hiç zadyň, hiç kimiň ýok ýerinde.
— Bu ýere näme üçin geldiňiz?
— Syýahat etmegi gowy görýärin.
— Durmuşda nämäni gowy görýäňiz?
— Durmuşyň özüni.
— Näme iýmegi gowy görýäňiz?
— Miweleri.
— Gowy görýän reňkiňiz?
— Gök reňk.
— Gowy görýän daşyňyz?
— Gije yşyk berýän ak daş.
— Gowy görýän aýdymyňyz?
— Hüwdüler.
— Siz goşgy hem ýazýamyşyňyz…
— Men hat ýazyp bilemok.
— Kino düşmek isleýäňizmi?
— Ýok.
— Söýgi barada siz nähili pikirde?
Söhbetdeşlik Lallanyň ýüregine düşüp başlansoň, ol sowala jogap bermän bu ýerini terk edýär.
Köçede ony tanaýarlar. Gyzlar onuň suratyny uzadyp, awtograf soraýarlar. Lalla bisowat, şonuň üçin ol uzadylan suratyna öz taýpasynyň tagmasyny — ýürege meňzeş şekili çekýär.
Lalla bu köp adamly köçeleri tiz terk etmek isleýär. Soňra suratçy ony tans meýdançasyna alyp gidýär. Lalla Hawa bir çetde basgançakda oturyp, tans edýänleri synlaýar. Giň otagyň töründe gowagyň içinde ýaly bolup, sazandalar otyr. Kim gitaranyň tarlaryny çümmükleýär, kim taýak bilen deprekleri ýenjýär. Saz alys bir ýerde arlaýan ýolbarsyň sesi ýaly bolup eşidilýär.
Soň Lalla hem tans edýänlere goşulýar. Suratçy basgançakda ony surata düşürmelidigini hem unudyp otyr. Ilki hiç kim Hawa üns bermedi. Yşyk hem gözüňi iýip barýar. Soňra hemmeler, göýä, ýüreklerine bir ýerden şeýle buýruk gelen ýaly, tans etmegi goýup, Lalla Hawa tarap öwrüldiler. Ol mylaýym saza goşup tans edýär. Onuň gara reňkli köýneginden, gara saçlaryndan yşyk serpigýär. Ol tekiz ýerde ýalaňaç dabanlary bilen depregiň sesine goşup, ýeri depýär. Ol bu ýeri taşlap gitmek üçin, guşa öwrülip, asmana galmak üçin tans edýär…
Töweregindäkiler indi onuň tansyna goşulýar. Olar tansyň ruhunyň göwrelerine siňerine garaşýarlar. Olar saza däl-de, Lallanyň bedeniniň hereketine goşup tans edýärler. Ýalaňaç dabanlar ýeri has gaty depýär. Lalla Hawanyň töweregini uç-gyraksyz ak daşlar gurşan ýaly… Ol janly çägeleriň giňişligine düşen ýaly… Ol as-Siriň nazaryny ilki öz bedeninde duýanda hem şeýle bolupdy…
Haýaljakdan pyrlanyp ýören Lalla, göýä, towy gutaran gurjak ýaly, aşak çökýär. Bir minut töweregi wagt geçýär. Ol entegem dem-düýtsüz ýatyr. Ýüzüne dökülen saçlary şemala çala ykjaýar. Nämäniň nämedigine düşünmedik märeke ýeňsä çekilýär…
-5-
Nur her gün ir bilen beýleki oglanlara goşulyp, derýanyň boýuna leňňeç tutmaga gidýärdi. Çöpden duzak ýasap, towşanyň geçjek ýoluna gurýardy. Ýöne tilkiler onuň duzagyna düşen towşany ilki kakyp gidýärdiler.
Gyzyl şäheriň diwarlarynyň etegine gelenleri bäri ençeme gün geçenem bolsa, olara azyk-owkat hödürlän bolmady. Şeýh her gün kömek sorap şähere adam iberdi. Ýöne şäher begleri häzire çenli-hä diňe gury söz bermek bilen çäklenýärdiler. «Özümizem ýetde-gütde güzeran aýlaýarys» diýýärdiler. «Gurakçylyk bolup hasylsyz galdyk, öňki tetärikligimizem tükenip barýar». Käte şeýhiň özi ogullary bilen derwezäniň alkymyna baryp, mal bakmaga öri, ekin ekmäge ýer bermeklerini soraýardy. «Özümize ýer ýetenok» diýen jogaby eşidýärdi. «Deňze çenli ähli hasylly ýerleri isaýylar basyp aldy» diýibem, şäherliler jogabyň üstüni ýetirýärdiler.
Ma al-Aýnin her gezek şäher begleriniň jogabyny diňläp, sesini çykarman yzyna dolanýardy. Bu gyzyl topragyň, baýyrlaryň biline guşak bolup aýlanan miweli baglaryň, hurma agaçlarynyň olara degişli ýeri ýokdy. Ogullary şähere çozmagy teklip edende, şeýh oňa garşy boldy.
Şäherliler hem heder edip, derwezeleri gaty mäkäm gulpuň astynda saklaýardylar. Derwezeden aşyp geçmekçi bolan käbir batyrlary bolsa gülle bilen garşy alypdylar.
Ahyry paltasy daşa degen Ma al-Aýnin demirgazygy ugurlap, ýola düşmäge buýruk berdi. Bu gezek uzak ýörişiň öňünden ne aýdym aýdyldy, ne-de saz çalyndy, hatda doga-da okalmady. Ysgyndan gaçan mallar zordan ýerinden galyp, derýanyň kenaryny terk etdiler. Gök adamlar ýene-de nämälimlige tarap ümzük atdylar.
Şeýhiň gorag toparynyň görnüşi hem indi öňki ýaly däldi. Esgerler beýleki ýolagçylar bilen garym-gatym bolup gelýärdiler. Olar şu ýoluň soňunda bellibir maksadyň bardygyna indi ynanmaýana meňzeşdiler. Ýöne öwrenilen endige görä, ýol külterläp barýardylar. Kerweniň guýrugynda tutuş jülgä ýaýrap garrylar, çaga-çugalar hem ýaraly esgerler gelýärdi. Nur şolaryň arasyndady. Ol çal tozanyň arasynda özüniňkileriň niredediginem bilenokdy. Aty diri galan esger az-azdy. Şolaryň arasynda akmaýanyň üstünde ak burnusly beýik şeýh barýardy.
Dymyşlyk. Her kim günbatardaky baýyrlaryň gyzyl reňkli eňňitlerinden gözüni aýyrman, mukaddes şäher Marrakeşe eltýän ýoly yzarlap barýardy. Şemal, aýak sesleri hiç kimiň gulagyna ilenok. Her kim öz ýüreginiň gürsüldisini hem yzalaryň gulak perdesine urlup çykarýan iňňildisini eşidýärdi.
Nur näme üçindiginem bilmän, öňe haýdap barýardy. Ejesidir kakasy günortadaky düşelgelerini terk edenlerinde, guýudan-guýa, jülgeden-jülgä tarap uzap barýan tükeniksiz sergezdançylygy boýunlaryna alan bolsalar gerek.
Kerweniň başyny çekip barýan şeýhiň ogullary münder-münder daglaryň arasyndaky darajyk deräni görkezip: «Holha ýol! Demirgazyga barýan ýol!» diýip gygyryşdylar.
Dereden epgek öwüsýärdi. Ol ahmal bolsaň tepbediňi okajakdy. Yns-jyns görnenok. Käte asmanda gaýyp ýören maslykçy guşa gözüň düşýär. Ýol bolsa egrem-bugram bolup, deräniň içini syryp barýardy.
Ahyry Isen derýasynyň kenaryna çykdylar. Ot-çöpsüz iki kenaryň ortasyndan päkize suw akyp ýatyrdy. Adamlar bu suwa biparhdy, sebäbi ol kesekiniň suwudy. Bosagadan-bosaga bökýän buz ýaly suwuň yzyna düşüp, olar bir obanyň üstünden bardylar. Dagyň etegindäki bu obanyň ady Aglalady. Ýolagçylar hiç zat tamakin bolman, galanyň diwarynyň eteginde ornaşdylar. Ýöne giçlik obanyň oglanjyklary ýolagçylara çişe düzülip, közde bişirilen et bilen gatyk getirip berdiler. Köp wagtdan bäri beýle tagam hiç kimiň dişine degmändi…
Ertesi gün ýolagçylar dagdan aşyp, gyzyl toprakly düzlüge düşdüler. Öňde akmaýanyň üstünde, daşyny ogullary gallap, beýik şeýh barýardy. Nur uzakda bulut ýaly bolup göterilen tozany gördi. Ol tozan kerwene ýol görkezip barýan ýalydy.
Beýik şäher Marrakeş alysdan göründi. Ýolagçylar oňa golaý barmaga milt edip bilmän, şäherden bir çakrym aralykda derýanyň gury hanasynyň eteginde goş ýazdyrdy. Olar demlerini gaty almakdan gorkup, iki gün garaşdylar. Üçünji gün şeýhiň şähere giden ogullary dolanyp geldi…
…Orandaky, Rabatdaky, hatda Dakardaky goşunlaryň hem serkerdeleri bu pursada köpden bäri garaşyp ýördüler. «Goja» gapana düşdi: bir tarapy — deňiz, beýlekisi — çöl. Indi oňa boýun egmekden başga ýol galmady. Hemmeler ony terk etdi. Demirgazykda Maulýa Hafid fransuzlaryň agalygyny ykrar edip, ylalaşyga gol çekdi. Smaraly goja indi näme edip bilsin? Ol indi burça gabalan ýyrtyjy ýaly alaçsyz. Ýöne onuň, barybir, boýun egesi gelenok. Ol fransuzlara ýesir düşmezlik üçin hiç zatdan gaýtmakçy däl. Ony hemmeler terk etdi. Beýleki taýpalaryň serdarlary isaýylaryň demirgazykdan — günortadan, deňizden — gury ýerden hüjüme geçjekdiklerini ir duýdular. Bu Denibde bolan söweşde general Winýi Maulýa Hibanyň alty müň esgerli toparyny kül-peýekun etdi. Ma al-Aýniniň ogly bu masgaraçylyga çydam edip bilmän daga-daşa siňdi. Ol indi ýeňlendi, ýagny «çylka etdi»… Ile görnere ýüzi ýokdy…
Goja şeýhiň Smaradaky galasynda ýalňyz özi galdy…
Üçeginiň ýarysy ýumrulan palçyk tamyň içinde goja şeýh burnusyna çolanyp ýatyr. Öýüň içi petiş. Ma al-Aýnin hemme zadyň gutarandygyna düşünýärmikä? Düýn onuň ýanyna günortadan çaparlar geldi. Ýöne goja olary diňlemek hem islemedi. Çaparlar şonuň üçin getiren habarlaryny oňa aýdyp bilmediler. Ýogsa olar gojanyň ogullarynyň isaýylardan ýeňlip, Atlas daglaryna gaçandyklaryny aýtmaga gelipdiler. Indi olar günorta başga bir habar bilen barýardylar: «Beýik şeýh Ma al-Aýnin demini sanap ýatyr. Onuň gözi görenok, dili geplänok»… Olar beýik şeýhiň öz taýpasyndan, ogullaryndan uzakda bir garyp külbede amanadyny tabşyrmaga taýyndygyny gürrüň bererler…
Külbäniň daşynda birnäçe adam başyny sallap otyr. Olar beýik şeýhiň iň soňky esgerleri. Olar Tadla derýasynyň hanasyny syryp gaçdylar. Yzyna garaman, hiç zada düşünjek bolman gaçdylar. Galanlary günorta — öz köne düşleglerine dolandy. Ýöne bu adamlar üçin beýik şeýhden ýokarda hiç zat ýokdy. Şonuň üçin olar bu ýerde. Nur hem şolaryň arasynda. Agaç şahalaryndan edilen bassyrmanyň aşagynda guma bulaşyp oturyşyna, ol gözüni aýyrman, Ma al-Aýniniň gözlerden gizlenen, üçeginiň ýarysy ýumrulan tamyna seredýär. Ol şeýhiň demini sanap ýatanyndan bihabar. Ýöne indi birnäçe gün bäri, şeýh, ozal edişi ýaly, baýry aýaly Lalla Meýmunanyň egnine ýaplanyp öýden çykmasyny kesipdi. Tiznide gelen dessine şeýh ogullarynyň yzyndan çapar ýollapdy. Ýöne ogullaryndanam, çaparlardan hem habar ýokdy. Her gün agşam namazynyň öňinçäsi şeýh tamdan çykyp, demirgazyga gözüni dikip durardy. Ogullarynyň gelmejegine kaýyl bolan Ma al-Aýnin soňky günler bu endigini-de taşlapdy.
Gök adamlaryň aglabasy ýüzüni Dra daglarynyň etegine, köne düşleglerine tarap öwrüpdi. Nuruň kakasydyr ejesi hem şolaryň arasyndady. Nur olar bilen gidip bilmedi. Ol entegem beýik şeýhiň keramatyna — keseki esgeriň dabany düşmejek rysgally topragy tapyp berjegine ynanýardy.
Nuruň bedenine sowuk aralaşdy. Ol birdenkä şeýhi gujagyna alan külbä tarap öwrüldi. Biygtyýar külbäniň garalyp görünýän gapysyna tarap ýöneldi. Şeýhiň esgerlerinden hiç kim oglanjygyň öňüne böwet bolanok. Ýadaw nökerler, göýä, ukuda ýaly.
Nur birwagt kakasy ikisiniň ýagşyzadanyň aramgähine girendäki ýaly duýgy bilen bosagadan ätleýär. Gözi garaňka öwrenişýänçä, bosagada garaşýar. Giň otagyň töründe burnusyny düşek edinip şeýh ýatyr. Onuň kellesiniň aşagyna ullakan ýasy daş goýlupdyr. Gapdalynda gara burnusyna çolanyp, ýüzi nykaply, şeýhiň baýry aýaly Lalla Meýmuna otyr.
Nur demini almaga-da gorkup, butnaman dur. Birhaýukdan Lalla Meýmuna oglanjyga tarap öwrülýär. Onuň ýaňaklaryndan syrygýan gözýaşlary görüp, Nur ýeňsä çekilýär. Ol eýýäm öýden çykmaga taýyn. Birdenem şeýhiň baýry aýalynyň «Giriber!» diýen sesi eşidilýär. Oglan öýüň ortasyna ýönelýär. Şeýhe golaý baranda, dyzlary diýenini etmän epilýär. Nur ellerini öňe uzadyp ýere ýazylýar. Barmaklarynyň ujy Ma al-Aýniniň ak burnusynyň etegine ýetýär. Onuň gözlerinden nem damanok, dili ýeke söz gürlänok, kellesine hiç hili pikir gelenok, ýöne ak burnusyň eteginden ýapyşan barmaklarynyň welin, yzasy süňküne ötüpdi.
Ma al-Aýniniň çala demi gelip-gidýärdi. Onuň çala açyk agzyndan bölek-büçek söz eşidilýän ýaly. Demirgazyga gözüni dikip garaşan ogullarynyň adyny tutýarmyka?! Baýry aýaly burnusyň etegi bilen şeýhiň maňlaýynyň derini süpürýär…
Daňa golaý beýik şeýh amanadyny tabşyrdy. Şeýhiň elini aýasyna alyp oturan Lalla Meýmuna muny duýup, möňňürip goýberdi. Nur alňasaman gapydan çykdy. Asmandan dökülýän Aý şuglasynyň aşagynda indi onuň ýeke özüdi. Göwnüni gam basan, ýadaw oglanjyk uzak gidip bilmän, golaýdaky gyrymsy agaçlyga ýetip gyşardy. Ýadaw göwre şeýhiň baýry aýalynyň zaryn aýdyma meňzeş agysyny hem eşitmän, dessine uka gitdi.
-6-
Günleriň bir güni Lalla hiç kime duýdurman ýitirim boldy. Ir bilen turan-da bolsa, penjiräniň aňyrsyndan eýýäm guşlaryň sesi eşidilýärdi. Bir ýerden suwuň şapyrdysy gelýär, köçäni suwlaýan bolsalar gerek. Lalla bosaga ýetip sägindi: suratçy üçin nähilidir bir alamat goýup gidesi geldi. Ýanynda hiç zat bolmansoň, el ýuwulýan ýerden bir bölek sabyny aldy-da, aýnanyň ýüzüne öz taýpasynyň ýürege meňzeş tagmasynyň suratyny çekdi. Ol Parižiň köçelerinde öz janköýerleriniň awtograf üçin uzadýan suratlaryna şu tagmany çekip berýärdi. Soňra öýden çykdy-da, hiç wagt yzyna dolanmazlyk üçin, bu ýerden arany açdy.
Ol köp günläp otluda şäherden-şähere, ýurtdan-ýurda ýol aşdy.
Ine, indi ol gämide Tanžere barýar. Palubada erkeklerdir aýallar, çagalar galyň kagyzdan edilen çemedanlaryny gujaklap otyr. Käbiri kalbyndaky gussany kowmak üçin, süýkdürip aýdym aýtmaga başlaýar. Soňra bu seslerem tapba kesilip, diňe gäminiň hereketlendirijisiniň gürrüldisi gulagyňa gelýär.
Lalla germewe ýaplanyp durşuna, deňzi synlaýar. Ak çarlak — jadylanan şazada onuň ýadyna düşýär. Ýüregi gürsüldäp agzyndan çykaýjak bolýar. Birden zaryn aýdym sesi onuň ýüregine damyp, gözlerinden gözýaş bolup çykdy. Ol bu aýdymy juda kän wagt mundan ozal eşidipdi. Häzir bu aýdymy aýagy çepekli, gysgajyk balakly garaýagyz erkek kişiler aýdýardy. Olar palubada yraň atyp oturyşlaryna, özlerinden başga hiç kim düşünmejek aýdyma hiňlenýärdiler. Aýdymy diňläp duran Lallanyň göwnüniň töründe nämedir bir zat oýanan ýaly boldy. Ol Lalla Emmanyň üsti bilen ejesinden geçen aýdymdy:
— Bir gün geler, ol gün geler,
Gargalar ak reňke öwrüler.
Bal akar ýandak gülünden,
Deňizleň düýbi çöwrüler…
Düşek bor bägül ýapragy,
Ýylan zäheri tükener.
Men seni terk eden günüm,
Hiç kim ok sürmez tüpeňe…
Bir gün geler, ol gün geler,
Çägeler öwrüler ganda.
Seni terk ederin bir gün,
Çölde çeşmeler akanda…
Şemalyň sesi kesiler,
Balary aýdar aýdymyn.
Şol gün men seni terk edip,
Baky öýüme gaýdaryn…
Hereketlendirijiniň gürrüldisi Lallanyň sesini basýar. Ol şonda içine howa ýygnaýar-da, bogazyna sygdygyndan: «Or-ta-ýer-deň-zi-i-i-i!» diýip gygyryp goýberýär.
Gözýetimde deňziň üstüne çöken bulut ýaly bolup, gara tegmil görünýär. Ol Tanžer şäheri. Hemmeleriň nazary şoňa dikilýär. Ondan aňyrda Afrika başlanýar.
Deňziň ýalpakdygy bildirýär, suwy çal öwüsýär. Asmanda ilkinji çarlaklar peýda bolýar. Olar hem çal, hor…
Hemme zat şeýle üýtgäýdimikä? Lalla ilkinji syýahatyny — Marsele gidişini ýadyna salýar. Hemme zat — köçeler, öýler, adamlar onuň üçin nätanyşdy. Emmanyň ýaşaýan öýi, «Sent-Blanş» myhmanhanasy ýadyna düşýär. Radiç, suratçy… — hemmesi onuň üçin kölegä öwrülipdi.
Indi onda egnindäki eşiklerden, Emmanyň beren goňur paltosyndan başga hiç zat ýok. Dogry, suratçynyň penjeginiň jübüsinden çilen bir penje puly bar. Ýöne göwnüne bolmasa, ol zatlaryň hiç biri bolmadyk ýaly, ol hiç wagt şäherjigi terk etmedik ýalydy…
Awtobus tozanly ýol bilen myçyp barýar. Käte durup ýolagçy mündürýär. Daş-töweregiňde ýylanyň gowuna meňzeş guran toprak. Awtobusyň daşynda Gün ot sowurýar, içi demir ojaga meňzäp gyzýar. Lallanyň endam-jany gara der boldy…
…Lalla awtobusdan düşüp, derýanyň kenary bilen haýaljak ädimläp barýar. Aňyrky kenarda şäherjige äkidýän ýol başlanýar. Lalla derýa girýär. Suw guşaklygyna ýetýär. Öňde ýene bir aýal suwy boýlap barýar. Ol şäherjigiň çetinden girýär. Täze öýler dikilipdir. Lalla topragyň büdür-südür gerşini duýmak üçin, köwşüni çykaryp gapdala taşlaýar. Indi tanyş külbeler setirlenip otyr. Köze öwrülen kömrüň tanyş ysyny demine dartýar. Şemalyň sesine düşünip başlady. Göýä, hiç wagt, hiç bir ýere gitmän, birki sagatlyk irkilen ýaly, bu zatlaryň bary dessine yzyna dolandy.
Lalla baýyrlara tarap öwrülýär. Aýak çekip, ýowşanyň baldagyny ýolup alýar-da, aýasynda mäjum edip, onuň gaňşyrawugyňy kükedip barýan ysyny demine dartýar. Ol bu ýerlere belet. Gijäniň goýazy tümlüginde asmandaky ýyldyzlar has-da ýiti şöhle saçýan ýaly. Näçe wagt geçen-de bolsa, olar ýerinden gozganmandyr, olaryň şöhlesi öçmändir. Lalla baýyrlaryň arasyndan öz gowy görýän ýerini gözläp tapyp bilenok. Kenara eltýän ýodajygy çäge basypdy. Ol kynlyk bilen sowuk alaňyň depesine dyrmaşýar. Ine, balykçy Namanyň toruny ýamaýan ýeri. Ol şu ýerde gaýygynyň jaýryklaryna şepbik hem çalardy. Lalla ýadaw göwresini depäniň etegindäki tekiz ýere goýberdi…
Lalla dyzyna galyp, ýola tarap süýşjek bolýar. Daňyň salkyny töwerege ýaýran-da bolsa, onuň endamy derden ýaňa öl-myžžyk bolýar. O ýüzüni ýola tarap öwrüp, sesiniň ýetdiginden gygyrýar:
— Har-ta-n-i-i-i!
Ol çopanlaryň sygyryşy ýaly, iki barmagyny agzyna sokup sygyrmakçy bolýar. Ýöne jaýryk-jaýryk bolan dodaklary diýenini edenok.
Sähel salymdam şäherjikde adamlar oýanar. Aýallar küýzelerini alyp, suw almaga guýa gelerler. Gyzlar ertirlik owkadyny bişirmek üçin çöpleme çöplär. Bu zatlar indi, göýä, düýş ýaly. Ondan alysda, oňa degişli däl ýaly…
-7-
Olar iň soňky gezek deňziň etegindäki giňişlige döküldiler. Olar — demirgazyk ülkeleriň ilaty. Olar şeýle bir kändi welin, dabanlaryň astyndan göterilýän tozanyň derdinden jülge gözden ýitipdi. Ýöne aralarynda esger ýok diýen ýalydy. Hemmesi aýal-ebtat, çül-çaga hem garry haýranlardy. Şu ýerde — Agadir şäheriniň eteginde deňiz olaryň ýoluny kesdi.
Olaryň köpüsi näme üçin hut şu ýere gelneninem bilenokdy. «Ajyň aňy bolmaz» diýleni. Eýsem, nirä gitmelidiler? Düşläre amatly asuda ýer gözläp, ýyllarboýy dag-u-düz diýmän selpediler. Köpüsi günorta — köne düşelgelerine dolandy. Ýöne köne guýular gurapdy. Smarada Ma al-Aýniniň galasynyň ýerinde häzir hazan ýeli öwüsýär.
Nur ýekelige öwrenişipdi. Kakasydyr ejesi, uýalary günorta dolananlar bilen gidipdi. Ol welin beýik şeýh dünýäden gaýdandan soň hem, günorta gidip bilmän galypdy. Ma al-Aýniniň görkezen demirgazyga tarap ýoly onuň hiç ýadyndan çykanokdy. Iki ýylyň dowamynda açlyk hem ýadawlyk onuň üçin adaty bir zada öwrülip gidipdi. Ol diňe bir zada — ýakyn günlerde öňünde açyljak ak ýola garaşýardy.
Ol ajyganda Gök adamlaryň ýanyna barýardy. Olar Nur bilen iň soňky döwüm çöregini paýlaşmaga taýyn adamlardy. Gök adamlar indi Ma al-Aýnin hakynda rowaýat gürrüň bermegi bes edipdiler. Olar aýdym aýtmagy ýadyndan çykarana meňzeşdiler. Şylhasy çykan burnusa dolanyp, oduň başynda dymyp oturandyrlar. Olar indi hiç zada garaşmaýana meňzeşdi. Olaryň ýürekleri zordan urýana çalym edýärdi.
Nur gözüni asmana dikip ýatyşyna, beýik şeýh Ma al-Aýnin hakynda pikir edýärdi. Gojany Tiznitde, jan beren külbesiniň gapdalynda depin edipdiler. Kellesini gündogara öwrüp gubra goýberip, eline-de bar baýlygyny — mukaddes Kitaby, döwet galamyny hem-de tesbisini beripdiler.
Şol gije gubruň başynda Nur bilen Lalla Meýmuna iň soňuna galypdy. Ol mazaryň gapdalynda uklap galypdy. Ol ençeme günläp şeýhiň mazaryny terk etmedi. Ahyry ini gyzdyryp, huşuny ýitirdi. Tiznitli bir kişi ony öýüne äkidip bakyp-bejerdi. Bir hepdeden ol aýak üstüne galyp, ýene şeýhiň ýogalan külbesine geldi. Ýöne ol ýerde hiç kim ýokdy — Lalla Meýmuna öz taýpasynyň arasyna dolanypdy. Soňky günler öwsen ýel mazaryň üstüne şeýle bir kän çäge sürüpdi welin, Nur onuň takyk ýerini çaklabam bilmedi.
Nur Ma al-Aýniniň ruhunyň çägedir tozana garylyp, tutuş ýeri gurşap alandygyna ynanýardy. Daşlaryň ujunda ýylpyldap görünýänem, gaýalaryň jaýryklaryna siňip eräp gidýänem şol ruhdy.
Nur onuň nazaryny asmanda-da, ýeriň gara tegmil dek kölegelerinde hem duýýardy. Ol şol nazaryň yzyna düşüp uka gitdi…
Rusçadan terjime eden Jumageldi MÜLKIÝEW,
«Dünýä edebiýaty»
