Sähra 1 (Roman)

Meşhur ýazyjy hem terjimeçi Žan-Mari Gýustaw Le Klezio 1940-njy ýylyň 13-nji aprelinde Nissa şäherinde dogulýar.
Ýedi ýaşynda wagty ýazan ilkinji eseri deňiz hakda bolupdyr. 1963-nji ýylda «Protokol» atly romany çap edilýär. Bu roman Renodo baýragyna mynasyp bolýar. 1965-nji ýylda hekaýalar ýygyndysyny çap etdirýär. Ol 30-dan gowrak kitabyň awtory. «Altyn gözleýji», «Azaşan ýyldyz» ýaly romanlarynda ýazyjynyň kämillik derejesine ýetendigi görünýär.
1980-nji ýylda ýazyja «Sähra» romany üçin Pol Moran baýragy berilýär. 1994-nji ýylda fransuz dilinde ýazýan iň ezber ýazyjy diýlip yglan edilýär. 2008-nji ýylda bolsa ol edebiýat boýunça Nobel baýragyna eýe bolýar.
-1-
Olar edil düýşde ýaly bolup alaňyň depesinde göründiler. Aýaklarynyň aşagyndan göterilýän tozanyň arasynda, göýä, buludyň içinden ýöräp gelýän ýalydylar. Çala göze ilýän ýoda bilen howlukman aşak düşdüler. Kerweniň başyny erkekler çekip gelýärdi. Eginlerinde gök burnus bardy, ýüzlerini şol reňkdäki nikap ýapyp durdy. Olaryň yzy bilen iki-üç sany düýe äwmän ädimläp gelýärdi. Soňra öňüne bir bölek goýun-geçini salyp gelýän oglanjyklar göründi. Aýallar kerweniň soňundady. Agyr burnusyň aşagynda olaryň hereketi haýaldy, ýüzleridir elleri bolsa goýy gök reňkli ýapynjanyň aşagynda bolşundanam garamtyl öwsüp görünýärdi.
Olar nirä barýandyklaryna aň salman, ses-üýnsüz, haýallyk bilen süýşüp gelýärdiler. Gündiz epgek, gijesine sowuk çöl ýeli arasyny kesmän öwüsýär. Üstünden düýäniň dabany basyp bimaza edilen çäge suw ýaly akýar, ýel aýallaryň ýüzüni dürre gamçy bolup çawlaýar. Onsoň olar gök ýapynjany ýüzlerine çekmäge mejbur bolýar. Çülpe çagalar kerwenden galmajak bolup haýdaýar, süýtden aýrylmadyk bäbekler ejeleriniň arkasyndaky torbadan jyklap aglaýarlar. Düýeler pyşgyrýar. Ugruň hanjakdygyny welin, hiç kim bilenok.
Gün ýalaňaç asmanyň dik depesine dyrmaşyp çykypdy. Ys-koklary, ses-owazlary şemal syryp-süpürip äkidip durdy. Ýolagçylaryň ýüzünden haýallyk bilen ajy der syrygýardy. Garamyk gözler erän demriň damjasy ýaly bolup, daş-töwerege ünsüni sowman, gyrkylyk yzly alaňlaryň arasyndan ýeke-täk ýodany gözleýärdi.
Bu wagt ýeriň ýüzünde olardan başga hiç kim ýok ýalydy. Olary dünýä beren sährady, şonuň üçin ýollary hem sähranyň üstündendi. Jahan ýagtylandan bäri ýolagçydylar. Teşnelik hem argynlyk ýüpek gurçugynyň gozasy bolup, olaryň daşyny gurşap alypdy. Epgek çawlan dodakdyr dilleri gatap galypdy. Içleri eljuk diýýärdi. Dillerinde ýeke söz diýere gurbat ýokdy. Gündiz ýalaňaç asmanda ot sowurýan Gün şöhleleriniň astynda kakap, hereketsiz ýyldyzly gijeler sowukdan gagşap, olar birmahal ümsümlik ýapynjasyny üstlerine atypdylar.
Olar ýüzi kesmekläp duran sary çägäni biynjalyk edip, alaňdan aşak düşüp başladylar. Erkekler dabanynyň aşagyna seretmän, ýol saýlap barýar. Olar göze ilmeýän ýodany külterläp, ýalňyzlygyň aýagujuna — gije şalygyna tarap barýan ýalydylar. Aralarynda diňe bir kişide tüpeň bardy. Ol hem üýtgeşik bir zat däldi — çakmak daşyndan därä ot düşüp göçýän, uzyn nili garalyp giden myltykdy. Ol tüpeňi boýnundan asyp, gundagy iki eli bilen döşüne gysyp gelýärdi. Tüpeňiň ujy asmana gönügen nili baýdagyň jonnuk sapyna meňzeýärdi. Kerwenbaşyny gapdallap, onuň doganlary agyr ýüküň astynda ýegşerilip gelýärdiler. Burnusyň aşagyndaky, ýandak ýyrtyp, çäge deşen eşikleriniň şylhasy çykypdy. Argyn mallar bilen aýallaryň arasynda, ejesidir uýalarynyň öňüne düşüp, tüpeňli kişiniň ogly Nur gelýärdi. Ýüzüni epgek çawlan-da bolsa, onuň gözleriniň düýbünde üýtgeşik bir uçgun ýylpyldap gidýärdi.
Çäge, ýel, Gün, gije tümlügi bilen olaryň bagyrlary badaşyp gidipdi. Olar göýä bulutsyz asmandan inen dek, alaňyň depesinde peýda boldular. Olaryň hemrasy açlyk hem teşnelik. Jaýryk-jaýryk dodaklary ganjaryp dur. Ýalaňaç dabanlar üstünden basanda, barmaklaryň arasyndan zire-zire çäge çogup çykýar.
Çagalaryň öňüne düşüp gelýän goýun-geçiler hem ýoluň haçan-nirede tükenjeginden bihabar, aýaklarynyň arasynda tüweleý turuzýan çäge olaryň tüýleriniň arasyna siňip köşeşýär. Düýeleriň sürekçisi boguk sesi bilen olary gyssaýar. Ýolagçylaryň käte bir çykýan gyryk sesleri depeleriň arasynda ýitip gidýär.
Olar indi ençe hepde, ençeme aý bäri, bir guýudan beýleki guýa tarap ýol ýasap gelýärdiler. Süri käte bir göze ilýän iglije otlaryň başyny çürtüp gelýär. Gün öýlä agyp, gyrymsy agaçlaryň kölegesi gündogara tarap süýnüp gidende, olar düşleg edýärdiler. Erkekler çadyr diker, aýallar biş-düşüň ugruna çykar. Sährada hä diýmän garaňky düşer. Äpet sowuk asman ýeriň üstüni örter. Ýyldyzlar patrak ýaly bolup, älem giňişligine ýaýrar. Özlerem bir-birine göz gypyşyp, käte bolsa pitjiň atýan ýalydyr.
Nuruň kakasy hemme ýyldyzyň adyny bilýär. Ol, Gün dogansoň, kerweniň haýsy ýol bilen gitjekdigini, göýä, ýerdäki ýoluň sudury asmandaky ýyldyzlardan serpigýän dek, sag eliniň süýem barmagyny göge dürtüp diýen ýaly, ogluna görkezýär.
Mis çäýnegiň aşagynda ýalyn tans edýär. Oduň ýeňse tarapynda aýallar gybata gyzypdy. Olaryň biri gujagynda irkilen bäbegini hüwdüläp başlady. Nirededir bir ýerde şagal uwlady. Onuň sesi alaňlaryň arasyna ýaň salyp gitdi. Çägeden göterilýän çygyň ysy mallaryň ysy bilen garylyp burnuňa urýardy.
Soňra çaga-çuga, aýal-ebtat çadyrda, erkek kişiler bolsa oduň başynda uka gitdi.
Olar şeýdip, aý-ýyllap sährada ýol söküp ýördüler. Ýyldyzlar olaryň ýol görkezijisi. Biri ýolda amanadyny tabşyrsa, ýene biri dünýä inýärdi. Çöl şemaly olaryň hakydasyny hem syryp-süpürip gidýän ýalydy. Gün hemmäni öz şuglasyna gark edýär. Çäge ýeliň öňüne düşüp, aýak yzlarynyň üstüni gömüp ýör. Adamlar sähranyň özlerini kabul etmeýändigine düşünýärdiler. Şonuň üçinem olar mydama ýoldadylar. Guýularyň düýbünde çägeden syzyp çykýan suw ýylpyldap görünýär. Ýöne ol suw göwnüňe rahatlyk berenok. Ol suw çölüň maňlaýyndan syrygan iň soňky der damjasy kysmy bir zat. Çägäniň deminden sogrulyp çykan bijan suw. Ony içen teşnäniň hem ganjak gümany ýok. Entek ýöremeli, ýyldyzlaryň salgy berýän ýolundan sowulman, öňe hereket etmeli.
Alysdan adam bardygynyň alamatlary — daşyna daşdan haýat örülen şüdügär ýer, düýeler üçin agyl, girdenek hindi hozlarynyň ýapragy bilen üsti basyrylan külbeler, düňderilen gaýyga çalym edip duran çadyrlar göründi. Erkekler ökjelerini çägä çuň çümdürip, howlukman aşak indiler. Aýallar ädimlerini haýalladyp, suwuň ysyny alaly bäri el-aýakdan çykyp başlan süriniň ýeňsesine duwlandylar. Nur nazary bilen gözýetimi sermäp, dury suwly köle egele bolan hindi hozlarynyň asmana uzaýan ýaşyl sudurlaryny, ululardan eşiden gürrüňlerindäki minaradyr köşkleri gözledi. Ol ellerini sallap, gözlerini süzgekledip, depeden indi.
Adamlar aşak düşdügiçe, gözleriniň öňünde dikelen şäher hem kem-kemden ýitmek bilen boldy. Ýene-de takyrap ýatan ýerden başga alar göz taşlar ýaly zat ýok. Nuruň ýüzünden syrygýan deriň yzy üzülenok, eşigi ýagyrnysyna ýelmeşipdi.
Onda-munda keseki aýal-erkekler göze ilip başlady. Aýallar ojagyň başyndady, erkek kişiler çaň-tozan basan çadyrlaryny galdap durdular. Bu ýerde daşlyk Hamadadan, Şeheibdir Warksiziň daglarynyň aňyrsyndan, Siruadan, Um-Şagurt gerişlerinden, hatda, günortadan — Gurar ýerasty kölüniň töwereginden gelenler hem bardy. Olaryň hemmesi — çarwalar, täjirler, çopanlar, ýol urýan garakçylar, gedaýlar şu ýere ýygnanypdylar. Aralarynda ýat dilde gepleýän, uzyn boýly, gyzgylt tenli adamlar hem bardy. Olar tubu taýpasynyň adamlarydy. Çölüň aňrujundan gelipdiler.
Kerwen suwa golaý geldigiçe, adam sudury köpeldi. Egri agaçlaryň ýeňsesinde şahalardan örülip, daşyna palçyk suwalan sümelgeler göründi. Zordan dyzyňa ýetip duran daş haýatlar öňdenem ujypsyz ýeri has ownujak böleklere bölýärdi. Şol kindiwanja melleklere noýba, burç, süle ekilipdi. Ýalpak ganawjyklar, topragyň iň soňky çygyny hem sorup almakçy bolýan dek, çar tarapa uzalyp gidýärdi.
Bu ýer Nury alyp gelýän kerweniň niýetini diken ýeri — beýik Smara şäheridi. Hemmeler – adamlar hem mallar ýüzüni ýalyn çawlan ýeri depgiläp, şol ýere — Segiýet jülgesine barýardylar.
Birehim günleriň näçesi yzda galdy. Näçe sagatlap olar şu güne garaşdylar. Adamlaryň hem mallaryň goh-galmagalyna ähmiýet bermän, olar guýa tarap özlerine ýol arçadylar. Guýynyň alkymyna baryp, düýbüni ýumşak topraga dirän daş haýatyň öňünde togtadylar. Çagalar mallary daşlap kowsalar, erkek kişiler doga-dileg etmek üçin dyz epdiler. Soňra her kim ýüzüni suwa çümrüp, howlukman suw süzüp başlady.
Ýyly suwda entek ýeliň, çägäniň hem erňeksiz asmanyň güýji saklanypdy. Nur suw owurtlap durşuna, özüni guýudan-guýa kowalan çölüň birehimliginiň şu damjalar bilen ýuwlup barýandygyny duýdy. Suwuň ýüzünde ýaprak bilen goýun ýüňüniň pişgeleri ýüzüp ýördi. Beýleki bir guýuda aýallar ahyry öl degen zülplerini sypap, özlerine serenjam berýärdiler.
Çadyrlaryň arasynda erkek kişiler ikibaka aýlanyp ýördüler. Olar sähranyň Gök Esgerleridi. Olaryň ýüzleri nikaply, elleri uzyn nilli tüpeňlidi, billerinden hanjar sallanyp durdy. Olar hiç kimiň ýüzüne bakman, aýaklaryny giň taşlap, ädimläp ýördüler. Şylhasy çykan eşikli hammallar süledir hurmaly haltalary, ýag guýlan meşikleri daşaýardylar. Bu ýerde garamtyl gök eşikli taýpa begleri, deňiz ýakasynyň çypar saçly adamlary, gedaýlar hem göze ilýärdi. Bularyň hemmesi mukaddes Smara şäheriniň diwarlarynyň düýbünde kanagat tapmak üçin, sütemli ýoly geçen adamlardy. Olar birnäçe günlük çölüň gujagyndan sypypdylar. Agyr çadyrlaryny dikläp, ýüň burnuslaryna dolanyp, gijäniň düşerine garaşýardylar. Häzir olar gatyk goşulan süle ýarmasyny, tagamy ary balynyňka çalym edýän kakan hurmany symyşlap otyrdylar. Iňrigiň doýgun howasynda çagalaryň depesinde çybyn-çirkeýler toý gursa, arylar çekinmän, olaryň tozan siňen elleridir çekgelerine gonýardylar.
Indi hemmeleriň sesi batlydy. Aýallar dymyk çadyryň içinden daşarda oýnap ýören çagalaryň üstüne owunjak daş oklaýardylar. Erkek kişileriň eňegine jaň dakylan ýalydy. Bogazda gaýnan sözler iki dodagyň arasyndan atylyp çykýardy. Çadyrlaryň ýeňsesinde Smaranyň diwarlarynyň düýbünde, girdenek hindi hozlarynyň şahalarynda şemal şygyrdaýardy. Barybir, bu adamlara ümsümlikden saplanmak başardanokdy, sebäbi olar çölden saplanyp bilenokdylar.
Hiç zat olaryň hakydasyny süpürip bilenok. Kalplaryň törüne alaňlaryň arasynda höküm sürýän ümsümlik mäkäm ornaşypdy. Olaryň zandyndaky iň uly syr şudy. Nura nämedir bir zat barada gürrüň berýän tüpeňli adam käte ýeňsesine, alaňyň depesine tarap gaňrylyp, sözüne dyngy berýärdi.
Beýleki taýpalaryň erkek kişileriniň arasyndan bular bilen tanyşmaga gelip başladylar. Olar açyk aýalaryny görkezip salamlaşýardylar, atlaryny aýdýardylar. Ýöne bularyň bary üstüni çäge gömen, ýüzleý düşen aýak yzy ýaly bolup, dessine unudylýardy.
Birneme dynç almaga salym bardy. Kerwenbaşy tüpeňini çadyryň agzynda goýup, irkiljiräp otyrdy. Ojagyň başyndaky aýallaryň goh-galmagaly onuň gulagyna ýetenokdy. Megerem, onuň pikirleri Gün şöhleleriniň bedeninde goýan ýanyk tegmilleriniň yzyna düşüp, düýnki wakalara tarap çapyp gidendir. Onuň bokurdagyny guradyp barýan teşnelik bolsa başga bir aladalaryň jarçysydy.
Uky haýallyk bilen Smaranyň üstüne çökdi. Uzak günortada, daşlyk Hamadada gije uky gelmelidirem öýdenokdy. Ol ýerde sowuk ýel daglaryň etegini ýalaňaçlap, çägäni bulut kimin kowalap başlanda, adamlar uzakly gije «çigildem köwläp» geçýärdiler. Çöl ýollarynda hem uky ýokdy. Ol ýerde-de ýadawlyga hem Gün şöhlesine çirkizilen kirpiklerini çatman dünýäden ötüp gidýärdiler.
Uky suw kysmy bir zat: adam çeşmeden alysda bolsa, ine-gana uklap bilmeýär. Şemal, göýä, älemden gelýän ýaly bolup, Ýeriň ähli ýylysyny süpürip äkidip durdy.
Ýöne bu ýerde — gyzyl jülgede ýolagçylar kirpigi kirpige çatyp, mazaly ukusyny alyp biljekdiler.
Hemmeden ir oýanan kerwenbaşy çadyryň bosagasynda dikilen gazyk ýaly bolup durşuna, jülgäniň ýapgyt erňeginden ýokaryk dyrmaşýan tüssä meňzeş dumany synlaýardy. Duman öz ýolunda eglenen gijäniň alamatlaryny syryp-süpürip barýardy. Ellerini döşünde gowşuran kerwenbaşy demini alman, daňyň düýbüniň agarjak tarapyna gözlerini dikdi. Ol gündogardan, alaňlaryň aňyrsyndan atjak daňa garaşýardy. Jahan ýagtylandan, ol Nura tarap egildi-de, egnine elini goýup, eda bilen ogluny oýardy. Sähel salymdan ataly-ogul tirkeşip, çäge düşelen ýoda bilen guýa tarap haýdap barýardylar. Niredendir bir ýerden itleriň üýrýän sesi gelýärdi. Daňyň ümüş-tamyşlygynda ataly-ogul guýynyň sowuk suwuna el-ýüzlerini ýuwup, gözlerini gündogara dikdiler. Alaňlaryň depesine gyzyl şapak çaýylyp başlapdy.
Düşelgäniň üstünden duman syrylmadyk hem bolsa, eýýäm ojaklarda ot ýanyp durdy. Aýallar küýzelerini horja eginlerine mündürip, suwa barýardylar. Çadyrdyr ýerkümeleriň içinde hereket artdy. Nur dyzyna çöküp oturyşyna, düşelgäniň üstüne abanyp duran asmany ýagtyldýan şöhlelere syn edýärdi. Holha bir süri ördek gyzyl jülgäniň üstünden ganat kakyp geçip gitdi. Olaryň ugry hanjak? Megerem, jülgäniň üstüne abanyp duran dag çulbalaryna tarapdyr… Gün ýaşansoň bolsa, olar ýene jülgä — sümelgeleri garynja hinlerine meňzäp duran adamlaryň ýanyna dolanyp gelerler…
Belkem, olar Aýuna — üçegi gyzyl demir ýapynjaly öýleriň şäherine tarap uçup barýandyrlar… Ýa-da olaryň ýoly deňze tarapmyka?!
Gyzyl tozan turzup alaňdan düşýän kerwenleriň sany artdy. Jülgä täze ýolagçylar dolup başlady. Olar çadyrlara üns bermän, olaryň gapdalyndan, göýä, özlerini entegem çölüň orruk ortasynda duýýan ýaly, äwmän geçip barýardylar. Olaryň ugry guýa tarapdy. Ganjaryp duran dodaklara öl çalmalydy. Ýolagçylaryň yzyna düşüp gelýän şemal külbeleriň, girdenek hindi hozlarynyň arasynda azaşan çaga dek, badyny gowşatdy. Ýöne başbermezek dagly, soňsuz çägeli, şöhlesi bedeniňi çirkizip barýan Günli, düzlügiň ortasyndan somalyp çykýan gaýalaryň päki ýaly ýiti uçlary bilen böwri kesim-kesim edilen dünýä hem ýolagçylaryň hakydasyndan gider ýaly däldi. Alaňlaryň aňyrsynda galan şol dünýäde entegem ýol söküp ýören adamlar bardy.
Ol ýer şolaryň çyn dünýäsidi. Çäge, daş, asman, Gün, ümsümlik, jebir-jepa, ine, olaryň dünýäsi. Adam sesleriniň çogup çykýan ýeri bolan demirdir betona çümen şäherler olara ýatdy. Olaryň dünýäsinde çölüň ýazylmadyk kanuny höküm sürýär. Ol ýerde hemme zat mümkin, ol ýerde sen kölegäňe duwlanyp, ajal okarasynyň erňeginden ýöräp barýarsyň.
Bu ýol aýlanyp-öwrülip, ýene başlan ýerine gelýärdi. Sergezdanlygyň soňy ýokdy, sebäbi ol adam ömründen has uzyndy.
Käbir ýolagçylar gündogardan — Ettiniň, Tabelbalyň, Adme-Riýeh daglarynyň aňyrsyndan gelen bolsa, käbirleri bu ýere El-Harikden, Abdalmäligiň guýularyndan bärik ýol söküp gelipdi. Olaryň ugry ilki demirgazyga — deňze tarapdy ýa-da Terazyň duzly düzlügini söküp geçmelidiler. Ol ýerden azyk-owkatdan ýüküni ýetiribem, mukaddes ýere — Segiýet-el-Hemra jülgesine dolanyp gelýärdiler. Bu ýerden soň haýsy tarapa ýol salynjagyny olaryň özlerem bilenokdy. Olar ýyldyzdan ýol ýasap gelişlerine, asmany gyzyl reňke öwrüp, çäge depelerini herekete getirýän tüweleýlerden bukulyp, bu ýoly geçipdiler.
Erkek kişiler, aýallar dem-dynçsyz mydama ýolda ýaşap ýördüler. Aýallar çadyryň kölegesine duwlanyp çaga dogurýardylar. Ol çaga-da doglan pursadyndan şu sähra — çägelere, ot-çöplere, ýylandyr alakalara, esasanam, ýele degişli bolýardy. Şu zatlar onuň maşgala agzalaryna öwrülýärdi. Gyzjagazlar durmuşyň soňsuz däplerini öwrenip, ösüp-ulalýardylar. Olar üçin dury asmanyň astyndaky ýalpyldawuk düzlükden özge aýna ýokdy. Oglanjyklar ilki ýörjen-ýörjen bolup, soň olara dil bitýärdi. Aw düzgünlerini öwrenýärdiler, soňra bolsa, günleriň bir güni, şu çägeleriň arasynda amanadyny tabşyrmak hukugyna eýe bolmak üçin, göreşe çykýardylar.
Çadyryň bosagasynda duran kerwenbaşy uzak wagtlap guýa tarap barýan kerwenleri synlady. Nur oňa gep atmak isledi, ýöne kakasy üns bermedi. Soňra kerwenler sabaşansoň, ol ogluny yzyna tirkäp, ýoda bilen demirgazyga — ýaýlanyň ortasyna tarap ýöneldi. Käte Smara tarap barýan ýolagçy öňlerinden çykyp, birki agyz gep alyşýardylar:
— Sen kim?
— Bu-Sba. Sen kim?
— Ýamaýa.
— Nirelisiň?
— Aýn-Ragly…
— Men günortadan, Igettiden…
Onsoň hoşlaşmalydyr hem öýtmän, her kim öz ýoluna gidibererdi. Ýoda ownuk çaglyň üstünde käte ýitip gidýärdi, käte gyzyl öwüsýän toprakdan somalyp duran daşlardan ýaňa, ýöremek kynlaşyp, Nur kakasynyň yzyna zordan eýerýärdi. Günüň şöhlesi ýitidi, ýel tozan turzup başlapdy. Bu ýerde ýaýla inçelip, jülgä dönüpdi. Çeşmäniň guran hanasynda daşlar üýşmek-üýşmek bolup ýatyrdy. Olaryň arasynda Gün şöhlesini yzyna serpikdirýän çakmak daşlary hem bardy.
Gün alnyňdandy. Kerwenbaşy kellesini burnusyň başlygy bilen örtüp, ýapyrylyp barýar. Gyrymsy agaçlaryň ýiti tikenleri Nuruň ýalaňaç injiklerini, dabanyny persala etdi. Ol hiç zada ünsüni sowman, haýdap barýan kakasynyň ýeňsesine gözlerini dikip, onuň söbügini basyp gelýär. Ikisi-de deň togtady: daşly baýyrlaryň arasynda Gün şöhlesine ýalpyldap ak kümmet otyrdy. Kerwenbaşy, göýä, kümmete baş egýän ýaly, çala öňe eglip saklandy. Soňra ikisi-de dabanlaryň astynda şygyrdaýan daşlary basgylap, öňe ümzük atdy.
Kümmete golaý geldikleriçe, ol töweregindäki gyzyl daşlardan saýlanyp, göge dyzap barýan ýaly bolup göründi. Gün şöhlelerine gyzyp, ol birneme gabarylan ýalydy. Bu ýere hiç zatdan kölege düşenokdy. Baýryň üstüni örten ýiti gyýakly daşlar bilen çeşmäniň gury hanasyndan başga gözüň eglenere zat hem ýokdy.
Olar kümmeti alkymlap geldiler. Ine, gyzyl daşy bina edinip, palçykdan galdyrylan dört diwar. Daşyna hek çalnypdyr. Ojagyň agzyna çalym edip duran ýekeje gapysynyň hem öňüne daş üýşürilipdir. Diwarlaryň üstünde oturdylan ýumurtga meňzeş gümmeziň ujy çürelip gidýärdi. Nur gözlerini kümmetiň gapysyndan aýryp bilmän durdy. Gapy bolsa, göwnüne bolmasa, ulalyp, dag ýaly gümmezli haýsydyr bir ägirt ymaratyň girelgesine öwrülip barýardy. Ýel pessaýlap, epgek köşeşip, ýüzleýje aýak yzlary hem şu ýere gelip ýoluny tamamlaýan ýalydy. Belki, şu ýeri çölüň ýüregidir. Adamyň ilki döräp, ähli zadyň başlanan ýeridir. Gyzyl baýryň eňňidinde ak kümmet ýalpyldap durdy. Käte diwarlardaky jaýryjaklardan gyzyl tozan tozap gidýär diýmeseň, bu ýerde hereket doňupdy.
Kerwenbaşy gapynyň öňüne goýlan daşlary gyra süýşürdi. Garalyp girelge göründi. Onuň ýüzüne tümlügiň demi uran ýaly boldy.
Kümmetiň töweregindäki meýdança bu ýere gelýän zyýaratçylaryň dabanlarynyň astynda ýap-ýasy bolupdy. Ataly-ogul doga-dileg etmek üçin, şu ýerde dyz epdi.
«Ata-babamyň ruhlary, men siziň ýanyňyza kömek isläp geldim. Çöl söküp, ajal demligime münmänkä, sizden ak pata almaga geldim. Men siziň öz balaňyz. Maňa kömek ediň… Men… Men geldim…»
Kakasy mynajat etdi, ogly, manysyna aň salman, muny diňledi. Kakasy birden sesine bat berse, birdenem, şol bir sözleri gaýtalap, pyşyrda geçýärdi: «Men geldim… men siziň ýanyňyza geldim…»
Kerwenbaşy öňe eglip, aýasyny gyzyl gumdan doldurdy-da, öz depesinden guýup başlady. Soňra ol ýerinden turup, girelgä golaý bardy. Girelgäniň öňünde dyz epdi-de, maňlaýyny daş bosaga goýup, ýene mynajat etdi. Kümmetiň içindäki tümlük, göýä, gijeki duman ýaly, kem-kemden eräp gitdi. Diwarlaryň iç tarapyna hem hek çalnypdy, pessejik petik bolsa samanly palçyk bilen suwalypdy.
Nur emedekläp kümmete girdi. Aýalarynyň aşagynda gaty hem sowuk ýerdüşegi duýdy. Kakasy kümmetiň töründe ýere bagryny berip, ýüzin düşüp ýatdy. Ol indi doga-dileg edenokdy. Ol döşüni ýere diräp haýallyk bilen dem alýardy, öz ýüreginiň urgusyny gulagy bilen däl-de, tutuş bedeni bilen diňläp ýatyrdy. Maňlaýyndan, aýalaryndan, döşünden göwresine nähilidir bir närse siňip, ony özgerdip barýan ýalydy. Belki, ol närse çölüň dogran ümsümligidir, belki, ýeriň gözi ýaly bolup asmana seredip ýatan ýaşyl suwly howuzlaryň ýa-da bulutsyz, guşsuz, diňe şemal at salyp ýören asmanyň döreden ümsümligidir.
Ýere bagryny berip ýatan adam göwresiniň barha agralyp barýandygyny duýdy. Göýä, irkilip barýan ýaly, gözüne kölege indi. Şol bir wagtyň özünde-de döşüni, gollaryny, bedeniniň her bölegini täze bir güýç dolduryp barýan ýalydy. Bedeni gaýtadan dünýä inen ýaly, jebir-jepalaryň yzalary ýatdan çykdy. Höwesdir ar almak islegi ýatdan çykdy. Mynajat ruhuny tämizlän dek, olaryň baryny unutdy. Sözler tükendi — kümmetiň tümlüginde olar zerur hem däldi. Olaryň ornuny toprakdan süzülip çykýan ýylylyk eýeledi. Muny hiç zat bilen deňäp bolar ýaly däldi. Bu pikiriň araçylygyny ret edýän erkdi. Bu Ýeriň jümmüşinden çogup çykýan erkdi. Ol erk ýüzin düşüp ýatan kişiniň daşyna göze ilmeýän sapaklaryny çolap, ony tutuş dünýä bilen mäkäm baglap goýupdy.
Ataly-ogul şeýdip uzak ýatdy. Ahyry kerwenbaşy göwresini dikläp, ogluny yzyna tirkäp, kümmetden çykdy. Ol girelgäniň öňüne daşlary süýşürdi-de, göwresini diwara ýaplady. Ol, azyk-suwsuz uzak ýoly geçen sergezdan ýaly, halys tapdan düşüpdi. Ýöne bu ýerde tapdan düşen göwräni täze öwüsgin eýeläpdi. Ol indi näme etmelidigini, haýsy ýoldan ýöremelidigini bilýän adama meňzeýärdi. Kümmetiň diwaryna arkasyny ýaplap oturyşyna, Günüň öýlä aganyny-da duýanokdy, açlykdyr suwsuzlyk oňa ýatdy. Başga bir güýç onuň kalbyny eýeläp, pelegiň başga bir ýörelgesine salyp goýberipdi. Belki, bu onuň garaşýan zadydyr…
Iňrik garalyp başlady. Nur kakasynyň egninden yralady. Ol oglunyň gözlerine seredip, ýeke söz diýmän, çala ýylgyrdy. Olar guran çaýyň hanasyna düşdüler.
Aşakda, Smaranyň gyzyl diwarlarynyň golaýynda çadyrlaryň depesinde ýarganatlar bazar gurýardy. Birinji gabat gelen guýa sowlup, ataly-ogul el-ýüzüni ýuwdy…
Segiýet-el-Hemra jülgesine gelýän adamlaryň yzy üzülenokdy. Atly, düýeli, köpüsi paý-pyýada, olar günorta tarapdan dökülip durdular. Her gün şäheriň palçyk diwarlarynyň düýbünde täze çadyr obalar döräp barýardy.
Täze gelýänleriň aglabasy garrylar, çagalar hem aýal-ebtatlardy. Olar ýadawdy, eşikleri sal-saldy. Güne garalan ýüzlerinde gözleri köz ýaly ýanyp durdy. Nur çadyrlaryň arasynda aýlanyp ýörşüne, beýle köp adamyň bir ýere üýşüp bilşine haýran galýardy. Olaryň köpüsiniň diline düşünenokdy. Erkekleriň ýüzi nikaplydy, eginlerinde ýüň burnus bardy, aýaklary geçi hamyndan çepeklidi. Ýarag ugrundan çakmak daşly tüpeňleri, naýzalary hem hanjarlary bardy. Nur Smaranyň derwezelerini nazarlap barýan bir topbak erkek kişä ýol berip, gapdala çekildi. Olar «Ma al-Aýnin — Gözleriň Çygy» diýip at berlen beýik şeýh Maul Ahmed ben Muhammed al-Fadalyň ýanyna tagzyma barýardylar.
Gije birçene baranda, Nur çadyra dolanyp geldi. Çadyryň sag böwründe azyk-owkatly haltalardyr münderlenip goýlan düýe hataplarynyň ortasyna keçe taşlap, ejesi bilen uýasy nämedir bir zadyň gürrüňini edip otyrdy. Çäge gündiziň ýylysyny entek ininden çykarmadyk-da bolsa, gije sowap başlapdy. Nur ellerini kellesiniň aşagynda goýup gyşardy-da, ýadawlykdan ýaňa, başy ýere ýetenden uka gitdi.
Ol oýananda, kakasy bilen agasy çadyrda ýokdy. Sag böwürde keçä dolanyp ýatan aýallardyr çagalaryň göwreleri garalyp görünýärdi. Nur çadyrdan çykdy-da, ýüzüni Smaranyň diwarlaryna tarap öwrüp, dyzlaryna agram saldy. Aýyň şuglasy düşýän çäge ak öwüsýärdi. Töwerekde ses-üýn ýok. Şäheriň diwaryna golaýlanda, erkek kişileriň seslerini eşitdi. Derwezäniň agzynda garawul tüpeňiniň uzyn niline söýenip, çöküne düşüp otyrdy. Ýöne Nur haýatyň çöken ýerini bilýärdi, şol ýerden, garawula bildirmän, şähere girip boljakdy.
Şeýhiň öýüne erkek kişiler geňeşe ýygnanypdylar. Olar dörtden-bäşden topbak bolup ojagy töwerekläp otyrdylar. Ojakdaky mis çäýneklerde çaý demlemek üçin suw gaýnap durdy. Nur adamlaryň arasyna sümüldi. Oňa hiç kim ünsem bermedi. Hemmäniň gözi öýüň öňündäki nökerlerdedi. Olar — çölüň gök eşikli esgerleri — egni adaty ak burnusly ýaşuly bilen iki sany ýaragly ýigitden gözlerini aýyrman durdylar.
Olaryň gürrüňi Nuruň gulagyna ýetenokdy. Gözi garaňka öwrenişensoň, ol ýaşulyny tanady, ol beýik Ma al-Aýnindi. Nur gapdalynda oturandan, şeýhiň ýanyndakylaryň kimdigini sorady. «Ahmet ad-Dehibiň doganlary Saadbu bilen Larhdaf. Tiz wagtdan olar biziň hökümdarlarymyz bolar» diýen jogaby eşidibem, göwni ynjaldy.
Hemmäniň gözi ýaşuludady. Hemmäniň göwnüne, ol bir alamat oklasa, ähli zat üýtgejek ýalydy. Ýöne goja, göýä, doňan ýaly bolup otyrdy. Oturanlaryň goh-galmagaly onuň gulagyna ilmeýän ýalydy. Ol käte bir nazaryny adamlaryň üstaşyr uzaklara — dag çulbalarynyň garalyp duran tümlügine tarap oklap goýberýärdi.
«Ýa-da ol biziň yzymyza — çöle dolanmagymyzy isleýärmikä?» Bu pikir kellesine gelen oglanjygyň ýüregi sanjyp gitdi. Ol gapdalyndakylaryň gürrüňinden many alyp bilenokdy. Smaranyň bolsa asmany düýpsüzdi, ýyldyzlar Aýyň şuglasyna çümüpdiler.
Gojanyň ýanyna beýleki taýpalaryň serdarlary gelip başlady. Ýadawlykdan hem yssydan ýaňa, olaryň sesleri gyrlyp gidipdi. Hemmesiniň gürrüňi şol bir zat — çarwalar bilen jeňe girip, günorta ülkeleri eýelän isaýy esgerleri, olaryň gurýan galalary, guýulary eýeläp, deňze barýan ýoly ýapyşlary baradady. Ýeňlen söweşleri, çölüň içi bilen demirgazyga gaçyşlary, isaýylar bilen bile çöli dolduran ýol urýan galtamanlar baradady. Ol gürrüňleri diňläp oturanlar «Alladan ant içýän, şu zatlaryň hemmesi dogry» diýip, baş atyp tassyklaýardylar.
Baýyrlaryň gerşini ýalap geçýän çöl ýeli ýaly bolup, bir möwjeýän, bir-de köşeşýän goh-galmagaly diňläp oturan oglanjygyň bokurdagy doldy. Ol şu pursat bu şäheriň, bu adamlaryň üstüne özüniň entek nämedigine düşünip bilmeýän uly bir howpuň abanýandygyny duýdy.
Nur gözlerini gyrpman, gojanyň ogullarynyň arasynda duran suduryna seretdi. Ol diňe Ma al-Aýniniň bu gijäniň akymyny üýtgedip biljegine, mähelläni köşeşdirip ýa gazaba mündürip biljegine ynanýardy. Hemmäniň nazary goja dikilipdi. Olaryň bedeni Gün şöhlesine eýlenip, dodaklaryny epgek guradypdy. Olar gojanyň nähilidir bir alamat görkezerine garaşýardylar. Goja welin, olary görmeýän dek, adamlaryň howsalasynyň jogabyny asmandan gözleýän ýaly, gözlerini ýokaryk dikip otyrdy.
Ma al-Aýniniň daşyny gallap oturan adamlar ahyry kem-kemden sesini kesdiler. Nur bu adamlar hakynda kakasyndan eşidipdi. Olar ýowuz taýpalaryň serdarlarydy. Olaryň arasynda maakil, arib, ulad-ýahýa, ulad-delim, arosiin, işergigin, regibar we ýene ençeme taýpalaryň wekilleri bardy. Bu ýere Mawritaniýanyň çäklerinden, Tombuktydan hiç kime mälim bolmadyk adamlar hem gelip, meýdançanyň alkymynda burnuslaryna çolanyp durdular.
Ma al-Aýnin olary görenokdy. Ol hiç kime seretmeýän ýalydy. Birdenem onuň nazary Nuruň ýüzünde eglendi. Şeýh uly adamlaryň arasyna oglanjygyň nädip düşüp ýörendigine geň galýan ýalydy. Nuruň ýüregi batly urup başlady, ol gojadan bir alamata garaşdy. Ahyrsoňy şeýh jübüsinden agaçdan monjukly tesbisini çykardy-da, howlukman garran göwresini ýere goýberdi. Gojanyň ogullary hem oturdylar. Mähelle, şu pursada garaşyp duran ýaly, birden dymdy. Ozal çöl tarapdan çala eşidilýän şemalyň sesi, guran daşlaryň jaýrylandaky şatyrdysy, şagallaryň uwlamasy kem-kemden bu ümsümligi doldurdy. Adamlar ýeke agyz hem gürlemän, yzly-yzyna meýdançany terk edip başladylar. Kakasy Nuruň egnine elini goýdy, oglanjyk ýerinden turup, onuň yzyna düşdi. Ýöne oglanjyk meýdançany terk etmänkä, yzyna öwrülip, gojanyň çepiksije göwresine ýene bir gezek nazaryny çüýledi. Goja göwresini eýeriň üstünde oturan dek öňe-yza çaýkap, doga okaýardy.
Soňky günler howsala artmasa, kemelmedi. Munuň sebäbini düşündirip biljegem ýokdy. Ýöne ol hemmäni eýerläp münüpdi. Gündiz yssydy, Gün şöhleleri gyýçak-gyýçak daşlarda, çeşmeleriň guran hanalarynda oýnaýardy. Segiýet jülgesiniň üstünden salgym sowulmady. Sagatsaýyn günortadan gelýän çarwa bosgunlaryň sany artýardy. Olar paty-putusyny gerişlerine ýükläp, geçi hamyndan tikilen çepeklerini süýräp gelýärdiler. Käte olaryň yzyna düşüp gelýän, süňklerinden torba asaýmaly arryk düýeler, agsak ýabylar, goýun-geçiler göze ilýärdi. Täze gelenler düşelgäniň çetinde howlukmaç gazyk kakyp, çadyr dikmek bilen bolýardylar. Olaryň ýanyna salam-helige barýanam, nireden gelenlerini sorag-ideg edýänem ýokdy. Käbirleriniň teninde täze ýara yzlarynyň ýüzi kesmekläp durdy. Megerem, olar isaýy leşgeri ýa galtamanlar bilen bolan çaknyşykdan galan bolsa gerek.
Şol gijeden soň Nur Ma al-Aýninem, onuň ogullarynam görmedi. Ýöne howsala ýatmandy. Ol düşelgäniň depesine göterilýän galmagalda, bisabyr mallaryň sesinde, täze gelýän bosgunlaryň aýak seslerinde duýulýardy. Howsalany daş-töweregi tutan der ysynda, açlygyň göwräňe ýükleýän ejrinde, guýularyň barha bulanýan suwunda duýmak bolýardy. Gant birmahal tükenip, hurmalar gatap daşa dönüpdi. Gün geçdigiçe, düşelgä ýygnananlar özlerini bialaçlygyň gysyp-gowrup barýandygyna has çuň düşünýärdiler. Olaryň hemmesi alysdan Smara, göýä, şu ýerde ähli ejirleriň soňuna çykyljak ýaly, uly umyt bilen gelipdiler. Olaryň nazarlary düýpsüz asmanda ýitip gidýärdi. Şonda howsala gorka, gorky bolsa gazaba öwrülýärdi.
Gün ýaşyp barýarka Nur palçyk haýatyň düýbünde oturyşyna, Ma al-Aýniniň doga okan meýdançasyna göz aýlady. Käte bu ýere ulular hem gelip, meýdança seredip, birsalym durardylar-da, seslerini çykarman, ýene çadyrlaryna dolanardylar. Ahyrsoňy, asmany, ýeri gahar-gazap dolduranda, ýaňy uka giden adamlar tisginip oýandylar. Hemmeler bu ýeri terk etmegiň wagty gelendigine göz ýetiripdi. Nur muňa has öň, entek ejesi bu barada dil ýarmanka düşünipdi. Ine, indem agasy: «Erte-birigün bu ýerden göterilýäs. Demirgazyga tarap ýola düşeris. Ma al-Aýnin şeý diýipdir. Biz gaty uzaga gideris» diýýär.
Bu habar, mümkin, ýel ýa tozan bilen gelendir. Mümkin, Nur ony aýak astynda depgilenen meýdança gözüni dikip oturan mahaly duýandyr. Bu habar düşelgä tiz dolup, onuň depesinde saz bolup ýaňlandy. Erkek kişileriň sesleri, çagalaryň gykylygy, mis gap-gaçlaryň zarňyldysy, düýeleriň bögürmesi, ýabylaryň kişňemesi – bularyň hemmesi birigip, jülgäniň ugry bilen aşak eňen siliň sesini ýadyňa salýardy. Aýal-erkek diýmän çadyrlaryň arasynda pelesaň urýardy, atlar toýnaklary bilen ýer köwýärdi, düýeler duşaklaryna agyz urup, boşanmaga howlugýardy. Bisabyrlyk ýetjek derejesine ýetipdi. Aýallar ýüzüňi çawlap barýan jöwza seretmän, çadyryň daşyna çykyp, bir-birine habar gatýardy. Mähelle şol bir sözleri gaýtalaýardy: «Biz demirgazyga tarap ýola düşýäs!»
Nuruň kakasynyň hem gözleri uçgunlydy:
— Tiz wagtdan ýola düşeris. Beýik şeýh şeý diýipdir.
Nur soraman saklanyp bilmedi:
— Nirä?
— Demirgazyga, Dra daglarynyň üsti bilen Susa, Tiznite tarap. Ol ýerde ýer-suw ýeterlikmiş. Ma al-Aýniniň ogly Maulýa Hiba şeý diýýärmiş. Ahmet aş-Şams hem muny tassyklapdyr.
Çadyrlaryň arasy bilen ýer süýşen ýaly bolup barýan mähelläniň ýüzi Smara tarapdy. Nur hem olara goşuldy. Adamlaryň dabanlarynyň, mallaryň toýnaklarynyň aşagyndan göterilýän tozan düşelgäniň üstünden bulut bolup sallanyp durdy. Tüpeň sesleri eşidildi. Ýanan däriniň ysy şu wagta çenli bu ýerde höküm süren gorkusyny kowup çykaran dek boldy. Tozan bokurdagyny kepedip, gözlerini gijedip başlan-da bolsa, Nuruň ümzügi öňedi. Tozan gatlagyny böwsüp geçýän Gün şöhleleri hem gazabyna tutup başlapdy. Taýak oklasaň, ýere düşmejek mähelle oglanjygy çar tarapdan gysyp, ahyry haýsydyr bir çadyryň bosagasyndan itip goýberdi. Ol emedekläp çadyra girdi. Alagaraňky çadyryň töründe burnusa çolanyp oturan kempir ony ogry-jümrümikä öýdüp gygyryp başlady. Soňra golaýa süýşüp, oglanyň tozan basan ýüzünden syrygýan gözýaşlary görüp, mylaýym dillendi:
— Ýaraňokmy?
Nur başyny ýaýkady. Kempir has golaýa geldi:
— Bir käse çaý içip, nepesiňi durla…
Ol mis kürüşgä çaý guýup, oglanjyga uzatdy.
Gyzgyn çaý bokurdagyny syryp giden Nur ekezlendi:
— Tiz wagtdan biz bu ýerden göterileris…
Kempir oňa tiňkesini dikip oturyşyna, ynamsyz gürledi:
— Hawa, düýnden bäri bu ýeriň dil biteni şeý diýýär.
Kempir juda garry bolara çemli, hatda, şeýle habar hem onuň göwnüni sarsdyryp bilmändi. Ol pessaý ses bilen sözüni dowam etdi:
— Sen täze göçülip baryljak ýere aşarsyň, men welin ýolda amanadymy tabşyraýsam gerek…
Nur çadyrdan daş çykanda, golaý-goltumda janly-jemende ýokdy. Ol şäheriň diwarlaryna golaý geldigiçe, gulagyna sazyň owazy eşidilip başlady. Smaranyň derwezesiniň öňünde mähelle sazandalary galdap durdy. Nur ilki tüýdügiň kä batlanyp, käte peselýän çirkin sesini eşitdi. Soň ol ses kesilip, deprekleriň gümmürdisi batlandy. Bir erkek kişi sesini süýndürip, andaluz aýdymyny aýdýardy. Häzir, adatça, göçhä-göçlügiň öňýany tutulýan toý başlanan bolsa gerek. Ol daň atýança, belki, ertir gündizem dowam etse gerek. Baýdaklar şemala parlap, ýigitler at çapdyryp, şäheriň diwarynyň daşyndan aýlanarlar. Uzyn nilli tüpeňlerinden gümpüldedip ok atarlar. Aýallar bolsa titrewük seslerine bat berip, töweregiň goh-galmagalyny artdyrarlar.
Sazyň güýji Nury dolap alyp, ol çadyrlaryň arasynda gezim edýän ajal gorkusyny oglanyň göwnünden kowup çykardy. Ol göwnünde eýýäm demirgazykdaky beýik gaýalara tarap ýol taşlapdy. Ol ýerde oglanjyga dury suwly derýalar, bol otly örüler garaşyp duran ýalydy. Ýöne, barybir, ýüreginiň törüne çöken gussa ony terk ediberenokdy. Ma al-Aýnini görse, gussa ýeňläýjek ýalydy. Ol aýdymçylaryň ýanynda gojany görerin diýen niýet bilen, öňündäki adamlaryň köpüsini ozup geçdi. Ýöne ol ýerde goja ýokdy. Onsoň ol geňeş gijesi giren ötüginden şähere aralaşdy. Şol gije mähelläniň dabanynyň astyna düşüp depgilenen at gaýtarym meýdançada yns-jyns ýokdy.
Nur meýdançanyň ortasyna tarap ýöneldi. Aýagynyň aşagyndaky toprak, edil çölde gabat gelýän ýasy daş bölekleri ýaly, gaty hem gyzgyndy. Ol, göýä, başga bir dünýä düşen ýaly boldy. Bu ýere sazyň sesem gelenokdy. Oglan meýdançanyň ortasyna golaýladygyça, töweregini galdap alan dünýä hem ulalyp barýan ýalydy. Ol çekge damarlarynda ganyň tirpildisini duýdy. Ýüreginiň urgusy bolsa, ýerden ýaň bolup yzyna gaýdyp duran ýalydy. Şol gije gojanyň doga okan ýerine baryp, Nur hiç zat hakda pikir etmän, tükge düşüp ýatdy. Barmaklary, göýä, ol gaýanyň erňeginden asylyşyp duran ýaly, ýere çümüp, agzy-burny tozandan dolupdy.
Nur esli wagtdan soň ýüzüni göterende, alnynda duran ak burnusly şeýhe gözi düşdi.
— Sen bu ýerde näme işleýäň?
Ma al-Aýniniň sesi alys bir ýerden gelýän ýaly bolup eşidildi.
Nur dyzyna galsa-da, başyny göterip, gojanyň ýüzüne seretmäge het edip bilmedi.
Goja ýaňky sözlerini gaýtalady:
— Sen bu ýerde näme işleýäň?
— M-men… Doga okadym… Okajak boldum, — diýip, oglan sakynyp jogap berdi.
Goja ýylgyrdy:
— Onsoň… Okap bildiňmi?
— Ýok…
Ol elini gojanyň eline ýetirdi:
— Allanyň haky üçin maňa ak pata beriň…
Ma al-Aýnin aýasy bilen Nuruň saçyny sypap goýberdi, soňra ony ýerinden turzup, maňlaýyndan ogşady.
— Seniň adyň näme, geňeş gijesi şu ýerde men seni gören-ä däldirin?!
Nur özüniň, kakasydyr ejesiniň adyny aýtdy. Soňky ady eşiden gojanyň ýüzi ýagtylyp gitdi:
— Diýmek, seniň ejeň Sidi Muhammediň neslinden-dä…Olara al-Azrak — Gök adam diýilýändir…
— Ol meniň mamamyň daýysy…
— Onda sen şeriplerden bolýarsyň…
Goja oglana gözüni dikip durşuna, entek Smara şäheriniň düýbi hem tutulmanka ýaşap geçen Gök adam hakynda gürrüň berip başlady. Gök adam çölüň eteginde daşdyr agaç şahalaryndan gurlan çatmada ýaşapdyr. Ol her gün irden daş çykanda, Allanyň eradasy bilen, çatmanyň öňünde bir gysym hurma, bir okara gatyk hem bir küýze suw taýyn durýar eken. Ma al-Aýnin ýanyna şägirtlige gelende, Gök adam ony kabul etmändir. Ma al-Aýnin bir aýlap onuň çatmasynyň bosagasyny ýassanyp ýatypdyr. Gök adam, habar gatmaga beýlede dursun, oňa tarap ýeke gezek seretmändirem. Ýöne ýarym gysym hurmany, ýarty okara gatyk bilen ýarty küýze suwy oňa galdyrypdyr.
Bir aýdan soň Ma al-Aýnini alada basyp başlapdyr. Bir aý az möhlet däl, al-Azrak welin, oňa gözüniň gytagynam aýlanok. Şonda ol al-Azrak özüni Alla gulluk etmäge nämynasyp görendir diýen pikire uýup, yzyna dolanmakçy bolýar. Umytdan düşüp, öýüne gaýdyp gelýärkä, ýolda kimdir biriniň özüne garaşyp durandygyny görýär. Ol al-Azrakdy. Ol Ma al-Aýninden: «Näme üçin meni taşlap gaýtdyň?» diýip soraýar. Soň çatma dolanmagy teklip edýär. Olar ençeme aýlap bir gapydan girip-çykýarlar. Günleriň bir güni Gök adam myhmanyna oňa mundan artyk hiç zat öwredip bilmejekdigini aýdýar. «Ýöne sen maňa hiç zat öwretmediň ahyry!» Şonda Gök adam oňa hurmaly tabagy, gatykly okarany hem suwly küýzäni görkezip: «Men seniň bilen owkadymy deň paýlaşdym» diýýär. Ol demirgazyga — Segiet-el-Hemra jülgesine tarap elini uzadyp, Ma al-Aýnine şol ýerden ogullary üçin şäher gurmagy buýurýar. Onuň ogullarynyň biriniň günortada hökümdar boljagynam aýdýar. Onsoň Ma al-Aýnin maşgalasy bilen dogduk obasyny terk edip, şu ýerde Smara şäheriniň düýbüni tutýar.
Söhbedini soňlan şeýh ýene bir gezek Nuruň maňlaýyndan ogşady-da, ýeňsesine öwrüldi.
Ertesi gün giçlik Ma al-Aýnin öýünden çykanda, şu ýerde çadyr dikenleriň hemmesi aýak üstündedi. Olar üçin çölüň üstünden ýol salmaly pursat eýýäm başlanypdy. Çöl eýýämden olary jöwza-epgeginden gandyryp, gözleriniň öňünde salgym gaýmalaýardy. Öňki geçilen ýollaryň görkezen azaby entek hiç kimiň ýadyndan çykmandy. Açlyk hemmäniň hakydasyndady. Özem ol diňe garyn açlygy däldi, göwün hem açdy. Ol umyda, erkinlige, özüniň ýitiren ähli zadyna zardy. Şol pursat dabanyň ýer tutman, ol açlyk seni mallaryň toýnagynyň astyndan göterilýän tot-tozanyň arasy bilen öňe iterýär, ýeňsäňden itip, soňra ýene gözýetimi nazarlap, aşak eňip gaýdaryň ýaly, alaňyň üstüne mündürýär.
Ma al-Aýnin diwarlaryna hek çalnan öýleriň öňündäki meýdançanyň ortasynda göwresini ýere goýberdi. Bu gezek taýpa serdarlary ony galdap otyrdy. Nur bilen kakasyny şeýh gapdalynda oturtdy. Oglanjygyň agasy bilen ejesi mähelläniň arasyndady. Çadyr şäherjigiň ilaty meýdançada agşamyň sowugyndan goranmak üçin, ýüň burnusa çolanyp, ýarym aýlaw ýasap otyrdy. Käbirleri haýadyň uzaboýuna dik durdy. Sazandalar gamgyn saz çalýardy.
Çöl tarapdan öwüsýän çapgyn ýel çäge zerrelerini olaryň ýüzüne urýardy. Asman garamtyl-gök reňke geçipdi. Smaranyň daş-töweregini ümsümlik — gyzgylt reňkli daşly baýyrlaryň, salgymlap gelen agşamyň ümsümligi gurşap alypdy. Dünýäde şu ýerdäkilerden başga adam ýok ýalydy. Başga ýerde diňe daş hem ýel, gyrkylyk yzly çägeler bilen duz, ondan aňyrda bolsa deňiz ýa çöl bolaýmalydy.
Ma al-Aýnin zikr okap başlanda, onuň sesi ümsümligi deşip çykýan owlak sesi ýaly bolup, juda geň eşidildi. Ýogsa ol dogany göwresini öňe-yza yrgyldadyp, pyşyrdap diýen ýaly okaýardy. Ýöne sähranyň dem alýan şemalyndan iýmitlenýän ümsümlikde onuň sesi juda aýdyň eşidilýärdi.
Nur tutuş göwresi bilen sandyrap şeýhi diňleýärdi. Aýal-erkek hemmesi, göýä, öz böwrüne diň salýan ýaly, dymyp durdy.
Günbatarda Hamadanyň ujy çiş çulbalarynyň ýeňsesinde Gün gyzyl tegmile öwrülip, ýaşyp barýardy. Ýeriň üstüne süýnen äpet kölegeler akyp gelýän suwa meňzäp birikdiler.
Ma al-Aýniniň sesi her jümläniň soňunda öz demine özi boglan ýalnyň diljagazy ýaly bolup titreýärdi. Ýöne her bir söz ümsümligiň içinde juda dury hem düşnükli eşidilýärdi.
Gije haýallyk bilen ýere ýazylyp gelşine, alaňlaryň arasyna, palçyk haýatlaryň düýbüne, itleriň ýatan çukurlaryna, gögümtil-ýaşyl öwüsýän guýulara dolýardy.
Gün şöhlesi birwagt günbatara tarap ýumlugyp, Ýeriň göwsünden, depgilenen çäge zerreleriniň arasyndan sowuk howa çogup çykyp, adamlaryň dabanlaryny üşedip başlapdy.
Gündogarda daşly baýyrlaryň aňyrsyndan howlukman Aý dogdy. Nur çalaja yranyp durşuna nazaryny oňa gönükdirdi. Şeýh Ma al-Aýnin henizem meýdançanyň ortasynda maňlaýyny ýere degrip otyrdy. Onuň horja barmaklary bolsa säginmän tesbiniň monjuklaryny sanaýar. Erkek kişiler ýeke-ýekeden ýerinden turup, derwezä tarap çekildiler. Diňe Ma al-Aýnin entegem nazaryny Aý şuglasyny ýapynan Ýeriň bir nokadyna diräp, gymyldaman otyrdy. Onuň barmaklary märekäniň her gezekki dem alşyna gabatlap, agaç tesbiniň bir monjugyny aşak goýberýärdi. Onuň özem indi doganyň demine boýun bolup dem alýan ýalydy. Goja özüniň garrydygynam, ýadawdygynam duýanokdy. Göwnüniň howsalasy köşeşipdi. Mähelle hem nazaryny gojadan sowupdy. Ol gözlerini ýumup, ýüzüni gijä tarap öwrüp, howada gaýyp ýörşüne, ugruny demirgazyga dikipdi.
Gündiz gündogardaky daşly baýyrlaryň üstüne dyrmaşyp çykanda, aýal-erkek hemmesi çadyrlara tarap ýöneldi. Ukusyz geçen gijä garamazdan, hiç kim ýadawlyk duýanokdy. Erkek kişiler atlary eýerlediler, çadyrlary düýrläp, düýelere ýüklediler. Nur agasy bilen dabanlarynyň astyndan tozan turzup, demirgazyga ugur alanlarynda, Gün entek ol diýen ýokary galyp ýetişmändi. Olaryň arkasynda egin-eşikli hem azyk-owkatly düwünçekler bardy. Olaryň öňünde-yzynda uly-kiçi ýolagçydy. Tozan çal bulut bolup asmana göterilip başlapdy.
Smaranyň derwezesiniň öňünde daşyny ogullary galdan, pelegiň çemmerinden geçen Ma al-Aýnin çöle siňip barýan uzyn kerweni nazary bilen ýola salyp durdy.
-2-
Gün al-asmana galansoň, çal çägäniň, tozanly ýoluň üstünde süýnmek kölegeler görnüp başlaýar. Ak alaňlar deňze ýetip togtady. Pessejik ösümlikler şemala yrgyl atýar. Açyk gök reňkli asmanda ne guş bar, ne-de bulut. Diňe Gün. Ýöne säheriň ýagtysy entek ol diýen ötgür däl.
Lalla iki tarapyna çal baýyrlar hatarlanan ýol bilen ýöräp gelýär. Käte aýak çekip, ýolda gabat gelen nämedir bir zada tiňkesini dikip seredýär ýa-da ýowşan ýaprajygyny ýolup alýar-da, ony barmaklarynyň arasynda mynjyradyp, ysyny hezil edip öýkenine sorýar. Altynsow ganatly gögeýin gapdalyndan uçup geçýär. Lalla onuň söbügine münse-de, golaý barmaga gorkýar. Barybir, tutmak isleýän dek, iki elini uzadyp, onuň yzyndan oýunlyga salyp ylgaýar.
Gözüň ýeten ýerini asman tutup dur. Deňiz tolkunlarynyň zarbyna çydap bilmän alaňlar sarsýar. Ýöne deňziň özi görnenok, diňe sesi eşidilýär. Pessejik ösümlikleriň ýapragyna, göýä, der kimin, duz düşüpdir. Mör-möjeklerem gözüňe ilmän duranok. Aksowult kekene, bili juda inçe bolansoň, ikä bölünen ýaly bolup görünýän üýtgeşik bir ary, çägede aýak yzyny nagyşlap barýan garry suwulgan dek, häzir gyzjagazyň gözüniň öňünden hatarlanyp geçip gitdiler.
Lalla bu baýyrlara, olaryň arasyndaky ýodajyklara juda belet. Gyrymsy ösümlikleriň arasy bilen çal baýyrlary gapdallap, soň ýitip gidýänem; aýlaw ýasap, ýene yzyna dolanýanam; soňunyň nirä eltýänini bilip bolmaýan hem onuň tanyş ýodalary. Ol bu ýerde gözüni ýumup gezip ýörşüne, dabany bilen syzyp, nirä düşendigini aýdyp biljekdi. Bu ýerde ol günde täze bir zada gabat gelýär. Bu gün altynsow ganatly gögeýin. Ol gögeýiniň yzyna düşüp, ýata suwly güzeri erňekläp oturan balykçylaryň obajygyna çenli ýetdi. Soňra gapagynyň iki ýerinden deşik deşilen demir gapyrjagyň üstünden bardy.
Lalla nazaryny çal çägä çümdürip, howlukman, barha aňry gidýär. Onuň gözi çägede, hatda asmana-da seredenok. Ahyry, ýadaw halda ýaýraw şahaly gaýyň agajynyň kölegesinde süýnýär. Kirpigini kirpigine çatyp ýatyşyna, göwresini çalaja çaýkap, pereňlileriň aýdýan aýdymyna hiňlenýär: «Or-ta-ýer-deň-z-i-i…».
Ol bu sözüň manysyna düşünenok. Gyzjagaz bu aýdymy ýekeje gezek radioda diňledi. Aýdymyň göwnüne ýaran birje sözünem ýat tutdy. Şonuň üçinem, ol keýpi kök wagty ýa tersine, keýpi gaçanda, iň bolmanda, edere işi ýok mahaly, şol ýekeje söze hiňlenerdi… Käte şeýle bir pessaý ses bilen aýdardy welin, öz gulaklaryna zordan eşidilerdi, käte bolsa, töweregi oýaryp, gorkudan saplanmakçy bolýan ýaly, bokurdagyna sygdygyndan gygyrardy…
Gyz çalajadan hiňlenýär. Onuň keýpi kök. Ullakan kelleli gyzyl garynjalar agajyň pürlerine dyrmaşýar. Lalla gury çöp bilen olary ýeňsä itýär. Şemal deňziň ysyna garyp, otlaryň ysyny getirýär. Käte kiçijik çäge tüweleýi asmana göterilýär. Tüweleýiň sütünjigi baýryň depesinde az salym dikelip durýar-da, birdenem pytrap, aşak dökülýär.
Lalla, Gün dik depä galýança agajyň kölegesinde bukulýar. Soňra ol yzyna, şäherjige howlugýar. Gaýdyşyn ol öz aýak yzlaryny tanaýar. Ol aýak yzlary birneme kiçi hem inçe görünýär, ýöne gyz dabanyny gaýtadan çägä basyp, deňäp görýär-de, olaryň öz aýak yzlarydygyny bilýär. Ol ylgap başlaýar, barmagyna tiken çümüp agsaýar. Başam barmagyna çümen tikeni çykarmak üçin aýak çekýär.
Dyz epdigi bes, çar tarapdan garynjalar üstüne çozýar. Olar daşlaryň arasyndan çogup, çägäniň üsti bilen at salyp gelýärler. Lalla garynjalary gowy görýär. Ol tomzaklaram, kekenelerem, ýanan çöpe meňzäp duran çekirtgelerem gowy görýär. Ullakan hudaýatylardan welin Lalla çekinýär. Ýolundan sowulýança garaşýar ýa-da özi sowlup geçýär. Olar öň aýaklaryna daýanyp, öz daşyndan öwrüm ýasaýança gözüni aýryp bilenok.
Bu ýerde çal, ýaşyl suwulganlaram bar. Olar bat almak üçin, guýruklaryny ýere batly urup, alaňlaryň üstünde gözden ýitýärler. Lalla suwulganyň guýrugyndan tutmagy gowy görýär. Soňra ýolnup, elinde galan suwulgan guýrugy çabalanyp sypjak bolýar. Bir oglanjyk biraz garaşyp bilseň, şol guýrukdan suwulganyň kellesidir aýaklary ösüp çykýar diýdi. Ýöne Lalla munuň çypdyrmadygyny bilýärdi.
Lalla böküp turýar-da, aldyrany bar ýaly bolup, alaňlara tarap ylgaýar. Alaňa dyrmaşanda, ýalaňaç aýaklarynyň aşagyndaky çäge süýşýär. Onuň tizräk depä dyrmaşyp, deňzi göresi gelýär.
Depäniň üstünde şemal ýaňagyna şarpyk bolup degen Lalla tasdanam ýere ýazylyp gidipdi. Sowuk deňiz şemaly burnuna, gözüne düşüp gijedýär. Deňiz äpet, çalymtyl gök reňkli, onda-munda ak köpükden tegmiller görünýär. Ilki bilen deňziň güwwüldisi gulagyňa gelýär, çägeli güzere çykan tolkunlardan ümmülmez asmanyň çalymtyl gök reňki serpigýär.
Lalla ýeliň garşysyna durup, göwresini çala öňe egýär. Deňziň güwwüldisi bilen şemalyň şuwwuldysy kä çep, käte bolsa sag gulagyna urulýar. Çekgesine degýän saçynyň şarpyldysy eşidilýär. Käte şemal bir gysym çägäni gyzyň ýüzüne zyňýar. Lalla gözüni ýumup ýetişse-de, olara ýaş inip, dişleriniň arasynda çäge gyjyrdaýar.
Ol baýyrdan aşak düşýär. Baýryň eteginde dem-dynç almak üçin dyz epýär. Baýryň bu tarapynda şemal ýok. Ol baýyrlaryň üstaşyr, gury ýeriň törüni nazarlap geçip gidýär. Şemalda kanagat ýok. Ol dabanyna ot degen ötegçi ýaly, deminiň düşen ýerini çapawullap geçip barýar. Ýüz-gözüne çäge zyňsa-da, Lalla şemalyň bardygyna begenýär. Şäherjikdäki dymyk öýlerinde ol, köplenç, şemaly hem deňzi küýseýär. Kanagatsyz şemal tozan turzup, daglaryň üstünden aşýar, käte şäherjige hem aralaşýar-da, tagtadan külbeleriň üçegini sypyryp oýnaýar, diwaryny ýumurýar. Ol, barybir, Lallanyň göwnüne ýaraýar: ol güýçli, ýyldyrym ýaly çalasyn, islese, ýer ýüzündäki ähli şäherleri ýumrup biljek.
Lalla ýeliň adynyň nämediginem bilýär. Entek kiçijik wagty — ýel tagtalaryň deşiklerinden öýe şuwlap girýän döwri onuň adyny öwrenip goýdy. Onuň ady «Ş-u-u-w!»
Kenardan daşlaşyp, gyrymsylyga ýetende, ýene ýel oňa gabat gelýär. Ýel, göýä, eli bilen sypaýan dek, saralan otlary ýere ýapyrýar.
Otly meýdanyň üstünde ganatlaryny şemala gerip, gyrgy asyl-asyl bolup dur. Lalla oňa haýran galýar: ine, kim ýeli eýerläp münmegi başarýar! Gyrgy guýrugyny ýelpewaç dek ýazyp, ganatlarynyň ujuny çala gymyldadyp, özüne agram salman gaýyp ýör. Saralan otlaryň üstüne onuň haç şekilli kölegesi düşýär. Ol käte bir «Kaýik! Kaýik!» diýip gygyryp goýberýär. Lalla ýaltanman oňa jogap berýär.
Birdenem, gyrgy ganatlaryny ýygnaýar-da, ýaýdan sypan peýkam ýaly bolup aşak gaýdýar. Ýere degdim-degdim diýende, ýene ganatlaryny ýaýyp, göýä, suwotularyna çolaşan balyk dek, otlaryň ýüzüni gydyrdyp, gözden ýitýär. Lalla «Kaýik! Kaýik!» diýip, näçe gygyrsa-da, gyrgy yzyna dolananok.
Lalla duran ýerinde kellesini arkan gaýşardyp, jöwzanyň derdinden agaryp başlan asmana gözüni dikýär. Ol ýerde ak halkalar, suwly çelege daş oklanyňda bolşy ýaly, bir-biriniň üstüne towsup oýnaýar. Asmanyň ýüzünde guş hem, mör-möjek-de ýok, ýöne, göýä, ol ýerde müňlerçe garynja gyrmyldaşyp ýören ýaly, sansyz-sajaksyz nokatjyklar gözüňe ilýär. Ol nokatjyklar uçanok, olar nirede gizlenjegini bilmeýän dek, çar tarapa ýaýrap, müňedekleşip ýörler. Belki, olar uly şäherleri dolduryp, ertirden agşama çenli haýdap ýören adamlaryň ýüzleridir. Ol ýerde bir ýüze ikinji gezek gabat geljek gümanyň ýok. Bu goja Namanyň sözleri. Ol şol şäherleriň atlaryny gaýtalamagy hem gowy görýär: Madrid, Marsel, Lion, Pariž, Ženewa…
Ýene deňiz albaý bulap çagyrýar. Lalla gyrymsylygyň içi bilen çal baýyrlara tarap ylgaýar. Baýyrlar gäwüş gaýtaryp ýatan sygyrlara meňzeş. Tumşuklary ýerde, ýagyrnylary egrelip dur. Lalla olaryň art aýaklaryna münüp, arkalaryna dyrmaşmagy gowy görýär. Soňra bolsa öl tumşugynyň üstünden togalanyp, deňziň çägeli kenaryna düşýär. Umman ala-goh bolup kenara eňterilýär, soňra ýeňsä çekilýär, kenarda galýan ak köpükler bolsa Gün şöhlesine eräp gidýär. Bu ýeri juda ýagty hem galmagally. Lalla agzyny, gözlerini ýumýar. Deňziň şor suwy gabaklarydyr dodaklaryny gyjyklaýar. Çapgyn şemal bokurdagyny guratsa-da, Lalla kenarda ýüzüni ummana tarap öwrüp durmagy gowy görýär. Ol suwa girýär, tolkunlar aýaklaryna, garnyna urulýar. Aýaklary goşa sütün dek, çägä çümýär. Ýöne ol mundan aňryk suwa girmäge çekinýär.
Ine, ol ýene kenarda, şol bilýänje aýdymyna hiňlenip barýar: «Or-ta-ýer deň-zi-i-i…».
Soňra ol kenarda baýryň eteginde özüni ýere goýberýär. Ýüzüni, çäge düşmez ýaly, köýneginiň etegi bilen ýapyp, elleri bilen dyzlaryny gujaklap, birsellem gymyldaman oturýar. Ol mydama şol bir ýerde – suwdan ujy çykyp duran agaç sütüniň gabadyndaky tolkun köwen çukurjykda oturyp, balykçy Namana garaşmagy gowy görýär.
Lalla uzak garaşýar, ýüregi gysyp, bilýänje aýdymyna hiňlenýär.
Ol deňze tiňkesini dikip garaşýar. Aksowult bulutlar gözýetimi ýapýar. Tolkunlaryň arasynda gyzyň gözüne gara nokatjyk görnüp giden ýaly bolýar. Ol bu nokady goja Namanyň gaýygydyr öýdüp, ýerinden gobsunýar. Gözýetimde görünýän zat ýok. Ol salgym, belkem, delfiniň sagrysydyr.
Naman delfinler hakda kän zat gürrüň beripdi. Bir delfiniň balykçyny halas edişi hakyndaky gürrüň has-da gyzyklydy. Iki günläp deňiz balykçynyň gaýygyny top kimin depip oýnaýar. Haçan gark bolsa bolubermeli. Deňizde azaşyp, eýýäm kelemesini çöwren balykçynyň dadyna ullakan delfin ýetişýär. Ol gaýygyň yzyndan ýüzüp, ony tumşugy bilen öňe itekläp başlaýar. Şeýdip uzak gün ýüzýärler. Agşam düşüp başlanda, balykçy kenardaky o:tlary görýär. Delfin gaýygy güzere getirip, yzyna dolanýar. Gözi ýaşdan doly balykçy delfiniň Aýyň ýagtysyna ýalpyldap giden sagrysyny görüp galýar.
Bu hekaýat Lalla ýaraýar. Ol şol delfine duşmak üçin kenara köp gelýär, ýöne Naman bu wakanyň juda öň bolandygyny, ol delfiniň, eger diri bolsa, birwagt garrap gidendigini aýdýar.
Gün dik depä galanda, Lalla şäherjige dolanýar. Howlukman, aýagyny süýräp gelýär: oňa öýde birtopar iş garaşýar. Ilki köne, posly suwgabyňy alyp, öýe suw getirmeli, soň derýanyň kenaryna eşik ýuwmaga gitmeli. Eşik ýuwmak gyza ýaraýar. Ol ýerde her hili gep-gürrüň diňläp bolýar. Esasanam, Ikikr lakamly bir gyz kän zat hakda gyzykly gürrüň berýär. Onuň eňeginde siňňil bar. Iki işi: çöpleme çöplemek bilen däne üwemegi bolsa Lalla halys ýigrenýär.
Ine, ol dähedem-dessemläp öýe gelýär. Ol aýdym aýtmakdan ellibizar. Günüň şu mahaly kimdir biriniň gabat gelmegem mümkin. Guran duzagyny barlamaga barýan oglanjyklar ýa işe ýönelen erkek kişiler. Aýakýalaň gezmeýäni üçin, oglanjyklar Lallanyň üstünden gülýärler. Uzakdan olaryň sesini eşiden Lalla gyrymsylykda bukulýar. Goý, geçip gitsinler.
Lalla ýene bir aýaldan gorkýar. Ol eşikleri sal-sal garry kempir. Onuň ýigrenýäni çagalar. Adyny Aýşa Kondişa diýip tutýarlar, hakyky adynyň nämedigini welin, bilýänem ýok bolsa gerek. Honha, onuň özem gelýär. Lalla ýene gyrymsylykda gizlenýär. Aýşa Kondişa nämedir bir zatlary samrap, gabadyndan geçip gidýär. Birdenem ädimini haýalladyp, kellesini göterýär. Kimdir biriniň bardygyny duýaýdymyka? Hernä, kempir hüňürdäp, ýoluny dowam edäýdi.
Deňizden derýa tarap ýarym sagat ýöreseň, öwrümiň aňyrsyndan şäherjik görünýär. Lalla oňa näme üçin şäherjik diýilýändigini bilenok. Öň derýanyň bu kenarynda hakyky şäher bilen aralykdaky boş meýdanyň eteginde tagtadan taslanan on-on iki sany çatmajyk bolupdyr. Ýerli ilat itdir alakalaryň arasynda ýaşaýanyny unutsyn diýip, bu ýere şäherjik ady goýlan bolsa gerek.
Lallany, ejesi aradan çykansoň, daýzasy şu ýere — öz oglunyň öýüne getirdi. Ozal her gezek alaňlaryň arasyndan gelende, bu külbeleriň üçeklerine gözi düşüp, şu ýere ilki aýak basan gününi ýatlardy. Ondan bäri ýoňsuz wagt geçdi. Indi welin ol wakalar, göýä, özge biriniň başyndan geçen ýaly bolup gözüniň öňüne gelýär.
Gyşyna, sowuk, çapgyn şemalyň köçä çykmaga maý bermeýän günleri, Lalla ýerde Emmanyň gapdalynda ornaşyp, özüniň dünýä inişi baradaky hekaýaty diňlärdi.
Bu hekaýat juda uzak hem geňdi. Emma ony her gezek düýbünden başgaça gürrüň bererdi. Başyny çala ýaýkap, irkilip barýana meňzäp, Emma hiňlenip diýen ýaly söhbedine başlardy:
— Seniň dünýä inmeli möhletiň gelende, ýazyň soňky günleridi. Bu gün-erte gurak günler başlasa başlabermelidi. Ejeň wagt-müddetiň dolandygyny duýup, hiç kimi oýarman, pişik basyşyny edip çadyrdan çykýar. Ol bilini berk guşap, çeşmäniň boýundaky agajyň aşagyna howlugýar. Sebäbi şeýle ýagdaýdaky aýala, Gün dogansoň kölege bilen suw gerekdi. Ol çeşmäniň boýuna baryp, agajyň düýbünde süýnýär-de, Günüň dogaryna garaşyp başlaýar. Onuň çadyrdan çykyp gaýdanyny hiç kim duýmandyr. Ýogsa men onuň gapdalynda ýatýardym… Menem bihabar galypdyryn…
— Onsoň…
— Onsoň jahan ýagtyldy, aýallar çadyrda ejeňiň ýokdugyny görüp, nämäniň nämedigine düşündiler. Men ony gözlemäge gitdim. Çeşmäniň boýunda agajyň şahasyndan asyl-asyl bolup, dogurjak bolýar, görgüli…
— Onsoň…
— Onsoň sen dünýä indiň… Seni ýuwup, burnusa doladylar… Howaň çigregi bardy… Gün dogdy, ejeň ukusyny almak üçin çadyra geldi. Arlygymyz bolmansoň, sen burnusa dolangylygyňa ýatdyň… Ejeň seniň doglanyňa begendi… Ýöne kakaň ýogalyp, gün-güzerany öwerlik bolmansoň, seni ekläp bilmerin öýdüp gorkýardy…
Käte Emma bu hekaýaty, göýä, käbir zady anyk bilmeýän ýaly, başgaça gürrüň bererdi. Mysal üçin, Lallanyň ejesi agajyň şahasyndan däl-de, guýynyň ýüpünden asylyp duran bolardy ýa-da ötüp barýan çopan sowlup, bäbegi burnusyna dolardy. Iň esasy zat, bu gürrüňler, göýä, çölüň aňyrsynda, asmandyr Günüň bärdäkiden üýtgeşik ýerinde bolup geçen ýaly, dumana dulanar durardy.
— Birnäçe günden soň ejeň guýyň başyna baryp, ýuwnup-ardynmaga maý tapdy. Sen entegem şol gök burnusa dolangydyň. Seniň adyňy soranlara ol Lalla Hawa diýip jogap bererdi. Ol saňa öz adyny dakypdy, sebäbi sen şeripleriň neslinden ahyry…
— Maňa al-Azrak — Gök adam hakynda gürrüň bersene…
Emma başyny ýaýkady:
— Soň bir gün…
— Gürrüň beräý-dä…
Emma başyny ýaýkap gapynyň öňündäki ullakan okarada hamyr ýugurmaga başlady. Emma şeýle adam. Ol uzak gürrüň bermegi halanok. Esasanam, gürrüň Gök adam ýa-da Ma al-Aýnin hakynda bolanda…
Şäherjikde güzeran pes hem bolsa, hiç kim gününden nalanok. Käte güýçli harasat turup, külbedir çatmalary süpürip äkidýär, şonda ählisini gaýtadan gurmaly bolýar. Ilat bolsa gülýär-de oňaýýar: olar şeýle bir garyp welin, goş-golamym diýip gorkup oturasy iş ýok.
Şeýle ýagdaýda Lalla hyýala çümmegi gowy görýär. Ol as-Sir atly biri hakyndaky pikirlere ulaşýar. As-Siriň nazary Gün şöhlesi ýaly bolup, onuň daşyny dolap alyp, bela-beterden goraýan ýalydy. Şäherjikde ol hakda hiç kim hiç zat bilenok. Lalla as-Sir hakynda balykçy Namana gürrüň berende, ol başyny ýaýkap, beýle ada, hatda gürrüň berýän hekaýatlarynda-da gabat gelmändigini aýdýar. Ýöne hut şeýle atly adam bar bolsa gerek, ony Lalla öz gulagy bilen eşitdi ahyry. Ýöne onuň göwnüne şeýle bolan bolmagy-da mümkin. Emma hem ol barada eşitmändi. At welin owadan, ony eşideniňden, göwnüňe rahatlyk aralaşýar diýip, Lalla pikir edýär.
Ine, onsoň bu ady eşitmek, onuň nazarynyň ýylysyny duýmak üçin, Lalla şäherjikden çykyp gidýär. Ol baýyrlaryň arasyna — deňizden, çägeden hem asmandan başga hiç kimiň ýok ýerine gidýär. As-Sir garyp çatmalaryň arasynda özüniň adynyň tutulmagyna ýol bermez. Ol goh-galmagaly, ys-koky halanok. Ol asmanda ganat ýaýýan guş ýaly, ýel bilen ýekme-ýek galmaly.
Goňşulary Lallanyň näme üçin şäherjikden çykyp gidýänini bilenoklar. Gaýaly baýyrlaryň arasyndaky çopan goşlaryna gidýändir diýip güman edýän bolmaklary mümkin. Ýöne hiç kim bu barada dil ýaranok.
Adamlar garaşýar. Dogrusy, şäherjikde başga hiç zat edilenok diýen ýalydy. Şäherjigiň ilaty deňziň golaýynda tagta çatmalarda çöküp galypdy. Gün dogansoň az salymlyk külbelerinden çykýardylar-da, goňşy goňşusy bilen birki agyz söz alyşýardy. Soň gyzlar guýa suw almaga gider, ýaş ýigitler bolsa hakyky şäheriň köçelerinde köw-söw edişip ýörendir.
Lalla her gün irden şäherjigiň köçesini kesip geçip, guýa suwa gidýär. Guýuda ol gezegine garaşyp durşuna, suwa gelenleri gözden geçirýär. Käbir gyz, mysal üçin, Ikikr garaýagyz bolsa, Merýem akýagyz, gözlerem ýaşyl. Guýa ýüzi nykaply kempirler hem gelýär, olar suw gabyny tiz dolduryp, bu ýerden arany açanlaryny kem görenok.
Lalla suwly gabyny kellesine mündürip, çaýkanyp suw dökülmez ýaly, göwresini dik saklap yzyna gaýdýar.
Lallanyň öz gezim edýän ýeri bar. Ilki ýoda bilen gündogara gitmeli, soň guran derýanyň hanasy bilen ýokaryk galmaly. Daşly baýyrlar görnensoň bolsa, geçi ýodalary bilen ýoluňy dowam etmeli. Asmanda Gün ýowuz şöhlelerini seçeläp duran-da bolsa, bu ýeriň sowujak şemaly bar. Sebäbi bu ýere ol çölüň jümmüşinden — agaçlaryň, suwuň ýok ýerinden gelýär. Bu ýerde Lallanyň as-Sir diýip at dakany ýaşaýar. Lalla onuň kimdigini, niredendigini bilenok. Ol kä gazaply, käte asuda. Ýüzi nykaply bolansoň, Lalla onuň diňe gözlerini görýär. Onuň göwresi giň burnusa çolanan. Gök selläniň aşagyndan garaýan gözlerinde geň ot ýylpyldaýar. Onuň nazary düşende Lalla özüni bagtly saýýar. Ol hakda hiç kime gürrüň bermeli däldigini Lalla bilýär, sebäbi bu onuň syry — ömrüniň iň gymmatly zady. Syr syrlygyna galar, sebäbi daşly baýyrlaryň arasyna gelmäge diňe Lalla het edip bilýär. Hartani atly bir çopanyň käte sürüden tazygan geçisini gözläp bu ýere gelýändigini hasap etmeseň, bu, dogrudanam, şeýledi…
As-Sir hiç zat gürlänok. Dogrusy, adaty adam dilinde gürlänok. Lallanyň gulagynda onuň sesi ýaňlanyp dur. Öz aýratyn dilinde ol juda täsin sözleri gaýtalaýar. Onuň sesi — ýeliň şuwwuldysy bolaýmasyn ýa-da iki şemalyň ortasyna düşen ümsümlikmikä? Gün şöhleleri onuň diýýän sözleridir ýa-da çägedir daşyň, çägäni nagyşlap barýan ýylan-içýanyň dili bolmagam mümkin. As-Sir bu dilleriň hemmesinde gürlemegi başarýar.
Lalla bu gizlin gürrüňleri diňlemek üçin şu ýere — ak daş düşelen düzlüge gelýär. Ol as-Sir diýilýäni tananok. Ol gara bermedik mahaly hem, Lalla daş-töwerege onuň gözi bilen seredýär. Bu edil düýşde ýaly. Bu — Gök adamyň nazarynyň ýeňse tarapyna geçmek diýmekdi.
Birdenem, göýä, ýel ugruny üýtgeden ýaly, hemme zat ýitip gidýär. Diýmek, as-Sir ondan nazaryny sowandyr. Ine, şonda Lalla gaýtadan öz nazarynyň täsirine düşýär. Ýene-de öz ýüreginiň gürsüldisini eşidip başlaýar. Indi ol her bir daşy, her bir jaýrygy, çägäniň üstündäki her bir nagşy jikme-jik görüp bilýär. Diňe şondan soň ol yzyna dolanýar. Ujy ýiti daşlardan, tikenli otlardan sowlup, argyn halda guran derýanyň hanasyna düşýär. Ýodany yzarlap şäherjige tarap ýönelýär. Guýynyň başyna baryp, göýä, uzak bir sapardan dolanan ýaly, el-ýüzüni ýuwýar.
Şäherjigiň depesi mydama tüsseläp dur. Bir ýerde aýallar biş-düş bilen başagaýdyr, ýene bir ýerde bolsa çagalar zibile ot berendirler. Lalla wagt tapyndygy, oda seredip oturmagy gowy görýär. Käte derýanyň gury hanasyna gidip, öýe bir gujak çöpleme getirýär. Ot şatyrdap, şahadan-şaha böküp hezil edýär. Şahanyň ujundan çogup çykýan agaç şiresi oda düşüp, nämedir bir zatlary pyşyrdaýar. Säheriň sowujak howasynda ýalyn tans edýär. Emma oda siňe seretseň, ruhlary görmek bolýar diýýär. Onsoň baýyrlary, jülgeleri, şäherdir derýalary hem otda görmek bolýar. Ot nämäniň keşbine girip bilenok, ýöne olaryň hemmesi derrew oduň öz gyzgynyna çydaman eräp gidýärler.
Nahar wagty gelende, Gün eýýäm al-asmanda. Naharyň ysyny alan dek, Emmanyň ogullary hem ýetip gelýär. Onuň iki ogly bar. Biriniň ady Aly, ol on dört ýaşynda, beýlekisi Bareki, ol on ýedi ýaşady. Gaýnap bişen goýun etini Emma ilki ogullaryna äberýär. Olar sesini çykarman öňüne süýşürilen eti howlukmaç symyşlaýarlar. Soňra Emmanyň adamsy gelýär. Ol şäherjigiň günortasyndaky pomidor ekilen atyzlarda işleýär. Çyn ady Selim bolsa-da, oňa Sus derýasynyň boýunda doglany üçin, köplenç Sussi diýýärler. Ol çepiksije, ýaşyl gözli adam. Oňa ýalta diýselerem, Lalla ony gowy görýär. Ol hiç wagt arylary öldürenok. Aryny tutýar, onuň biderek ýere neşderini çykaryşyna seredip hezil edýär-de, uçuryp goýberýär.
Günorta naharyna gabatlap, köplenç kimdir biri gelýär. Emma myhmanyň hakyny aýryp goýýar. Käte balykçy Naman bularyň gapysyny kakýar. Lalla onuň gelenine begenýär, sebäbi ol gyzykly wakalar hakynda gürrüň berýär. Naman şeriplerdendigini göz öňünde tutup, oňa «kiçijik Lalla» diýip ýüzlenýär. Lalla onuň gözlerine seredende, özüni gögümtil-ýaşyl deňziň öňünde ýaly duýýar. Hamana, ol şol deňizde ýüzüp ýörenmişin.
Emmanyň ogullaryna hem gyzykly gürrüňler ýaraýar. Onsoň olar sabyrsyzlyk bilen Namanyň okarasyny boşadaryna garaşýarlar. Olar balykçydan ummanyň aňyrsyndaky şäherler barada soraýarlar: ol ýerde näçe maşyn, näçe kinoteatr bar? Naman indi gojalypdyr, şonuň üçin köp zat hakydasyndan uçupdyr, onsoňam ol şäherlerde uruşdanam öň bolup görüpdi. Ondan bäri köp zat üýtgän bolsa gerek. Oglanlar egnini gysyp oňaýýarlar: Namanyň Marselde dogany ýaşaýar, günleriň bir güni onuň nepiniň degmegi ahmal.
Käte özüniň başyndan geçirenlerini gürrüň beresi gelip Namanyň içini it ýyrtyp başlaýar. Şonda ol Lallany özüne söhbetdeş edinýär. Ol Lallany eý görýär, onsoňam gyzjagaz hiç wagt artykmaç sorag berenok.
Agramly böleginiň çypdyrmadygyny bilse-de, Lalla gojanyň gürrüňlerini diňlemegi gowy görýär. Ol tutuş gulaga öwrülip, balykçynyň deňziň boýundaky uly ak şäherler, baýyrlara dyrmaşyp gidýän her dürli gülli atyzlar, baglar, dag çulbalary ýaly beýik minaralar, uzyn-uzyn köçeler, gije çyralaryny ýakyp, şol köçelerden myçyp gelýän maşynlar, dükanlaryň owadan yşykly aýnalary, ýüzüp gelip, kenara böwrüni direýän äpet gämiler hakdaky gürrüňlerini diňleýärdi. Gyzjagaz gojany diňledigiçe, şol şäherlere gidip göresi gelýärdi. Hiç kimiň tozanly harasatlar, aç enteşip ýören itler, ýele gaýyp gitjek külbeler hakynda hiç zat bilmeýän ýerinde ýaşamak, gör, nähili hezildir.
— Şol ýerlere gideňde, menem äkitsene — diýip, Lalla özelenýär.
Goja Naman başyny ýaýkaýar:
— Men garrapdyryn, indi hiç ýere gitmän, ýedi ýoluň çatrygynda ölüp galaryn. Ýöne sen gidersiň. — Gyzjagazy köşeşdirmek üçin, ol sözüniň üstüni ýetirýär. — Sen ol şäherleriň hemmesini görersiň, soň bolsa, edil men dek, yzyňa dolanarsyň…
Lalla deňziň düýbüne gözüni diken dek, gojanyň gözlerine seredýär. Ol şeýtse, ol gözlerde balykçynyň gören ýerlerini göräýjek ýalydy…
Käte Emma gojadan alysdaky şäherler barada gürrüň bermegini haýyş edýär. Onsoň Naman Ispaniýanyň kenaryndaky garaýol bilen Marsele barşy, ol ýerdäki jaýdyr köçeler, beýik jaýlara deň geljek gämiler, olardan düşürilýän ýükler hakynda gürrüň berip başlaýar. Bu gürrüňler Emmanyň ogullarynyň bir gulagyndan girip, beýlekisinden çykyp gidýär. Olar goja ynanmaýarlar. Naman gidensoň onuň Marselde aşpez bolup işlänini hemme bilýär diýip, gojanyň adyny «Tabbah» diýip tutup, üstünden gülýärler.
Emma welin Namany üns berip diňleýär. Gojanyň Marselde aşpez, bärde bolsa ýönekeý bir balykçydygy ony biynjalyk edip duranok…
Naman köplenç deňziň kenarynda, agajyň kölegesinde oturyp, balyk tutýan torlaryny ýamamagy gowy görýär. Ine, şol ýerde-de onuň gep sandygyndan gyzykly wakalar çogup başlaýar. Ol gürrüňler harasada uçrap, ummanda gark bolan gämiler, halas bolup ýaşalmaýan adada galan deňizçiler hakyndady. Onuň gep sandygynda hemme zat hakda gürrüň bardy.
Bir gezek goja kelek dyrnakly barmaklary bilen tory ýamap otyrka, Lallanyň tordaky ullakan deşige gözi düşdi-de:
— Muny kim deşdi? Ullakan balyk düşüpdir öýdýän — diýdi.
Naman az salym dymdy-da, adaty bir zat barada gürrüň barýan ýaly, howlukman dillendi:
— Men saňa akula tutuşymy gürrüň bermänmidim?
Lalla başyny ýaýkaýar. Onsoň Naman nobatdaky gürrüňine başlar. Onuň gürrüňleriniň köpüsinde wakalar deňizde tupan turan wagty bolup geçýärdi. Ýyldyrym asmany ikä bölüp, dag ýaly tolkunlar üstüňe sürnüp gelýändir, ýagyş bolsa bedreden guýýan ýalydyr. Tor şeýle bir agralyp, ony deňizden çekip çykarmakçy bolanlarynda, gämi ýanbaşyna ýataýjak bolýandyr. Ahyrsoňy tor suwuň ýüzüne çykanda, oňa äpet gök akulanyň düşenini görendirler. Ol ullakan agzyny açyp, torda urunýandyr. Ony paltadyr pil bilen urup başlandyrlar. Ýogsa ahmal galsaň, ol toruňy deňziň düýbüne süýräp äkitjek. Akula hem el berer ýaly däldir, ol gäminiň erňegine agyz urup, ony edil tagta gapyrjak ýaly edip pytradaýjakdyr. Ahyry Derýabegi serdesse bilen urup, akulany seňseledendir.
— Garnyny ýardyk welin, içinden gymmatbaha daşdan gaşly tylla ýüzük çykdy. Şeýle bir ajap, gözüňi aýryp bolar ýaly däl. Her kimiň şol ýüzügi alasy gelýär. Deňizçiler ýaňy bir ýaka tutuşyp başlapdylar welin, men rejäniň geň däldigini aňyp, bije atmagy teklip etdim. Gom köşeşer ýaly däldi, biz bolsa gäminiň gapagynyň üstünde, ýüzügiň kimiňki bolmalydygyny anyklamak üçin, bije atarman bolduk. Ha ynan, ha ynanma, meniň bijäm çykdy. Diýmek, ýüzük meňkidi! Men ilki begenmek begendim. Gözümi aýryp bilmän ýüzüge seredýärin, kellämde bolsa müň dürli pikir köwsarlaýar. Elimdäki ýüzüge seredip duran ýoldaşlarymyň gözleri hanasyndan çykaýjak bolýar. Şonda men bu ýüzügiň oňlulygyň üstünden eltmejegine düşündim. Eger ýüzügiň öňki eýesem akulanyň garnyna düşen bolsa, bu näletsiňen ýüzük bolmalydy. Lap edip aýtdygym däl, men ýüzügi barmagymdan sogurdym-da, deňze zyňyp goýberdim. Derýabegi bilen beýleki deňizçiler etimi iýäýjek bolup, tas özümi suwa oklapdylar. «Nämä gaharyňyz gelýär?» diýdim. «Deňizden tapylan deňze-de çümdi. Hiç zat bolmady diýip hasap edäýiň» diýdim. Şu sözleri diýdimem welin, deňiz köşeşip ýalpyldap Gün çykdy. Deňizçileriňem gylawy ýatdy. Derýabegi ýanyma gelip: «Ýüzügi deňze zyňyp hak etdiň» diýdi. Akulanyň läşinem deňze okladyk.
— Sen, dogrudanam, ýüzüge nälet siňendigine ynanýarmyň? — diýip, Lalla sorag berýär.
— Nälet siňenmi ýa dälmi bilmedim, ýöne ony deňze zyňmadyk bolsam, şol gije ýoldaşlarymyň biri oňa eýe bolmak üçin meni kyhlardy — diýip, goja sözüni soňlaýar.
Lalla deňziň kenarynda, agajyň kölegesinde oturyp, goja balykçynyň gürrüňlerini diňlemegi gowy görýär. Gyzjagazyň göwnüne bolmasa, ol deňziň sesini eşidýän ýaly. Onuň gabaklary agralyp, gözleri ýumlup başlaýar. Ol agajyň köküni ýassyk edinip düýrülip ýatyr. Goja balykçy toruny ýamaýar. Toruň ýüpüne ýelmeşip galan duz bölekleriniň üstünde arylar bazar gurýar.
…Hartani mydama şol bir eşiginde. Egninde ýeňi, etegi tüýdülip giden goňur burnusy, kellesi bilen boýnuna-da uzyn ak mata oralan. Ýüzi süýnmek, gaşy göni, gözlerinde sowuk ýalpyldy uçganaklap gidýär. Ol keýik ýaly çalasyn. Gysgajyk saçynyň ujy buýralanyp dur.
Bu gün Lalla ony uzak gözlemeli bolmady. Ol harsaň daşyň üstünde oturyşyna, otlap ýören geçileri synlaýar. Gymyldaman otyr. Ýel sellesiniň ujuny oýnaýar. Lalla sessiz-üýnsüz oňa golaýlaýar. Hartaniniň gulagy ýiti, depäniň aňyrsyndan ylgap barýan towşanyň aýak sesinem eşidip bilýär. Asmandaky uçaryň özi görünmänkä sesini eşidýär.
Lalla golaý baranda, ol ýeňsesine öwrülýär. Ýylgyrýar. Seteran ak dişleri ýalpyldap gidýär. Hartani Lalladan kiçi bolsa-da boýlary deň. Çep elinde sapsyz kiçijik pyçak bar. «Saňa pyçak nämä gerek?». Hartani yzyna öwrülýär-de, daşlyk eňňide tarap ylgaýar. Sähel salymdanam eli bir gysym gamyşly dolanyp gelýär. «Sen tüýdük ýasajakmy?». Lalla gürlände Hartani ony üns bilen diňleýär. «Tüýdük» sözüni eşidip, ol uzyn ellerini ýaýyp, duran ýerinde pyrlanýar. Ol iki barmagyny agzyna sokup batly sygyrýar. Geçiler üşerilişip, bärik seredýärler. Soňra gamşa üfläp başlaýar.
Hartani beýleki oglanlara meňzänok. Onuň nirede doglanynam hiç kim bilenok. Günleriň bir güni düýeli bir adam şäherjige geldi. Onuň egninde gök burnusy bardy, ýüzüni gök nykap bilen ýapypdy. Ol guýynyň başyna geldi. Düýesini suwa ýakdy, özem owurtlap, uzak wagtlap suw içdi. Geçi çopanyň aýaly Ýasmina suwa gelende ony görüp, suw içmäge päsgel bermejek bolup, esli aralykda saklanypdyr. Düýeli adam bu ýerden garasyny saýlanda, çopanyň aýaly guýynyň gapdalynda gök esgä dolangy bäbejigiň ýatandygyny görüpdir. Bäbejige hiç kim eýe çykmak islemänsoň, Ýasmina ony öz öýüne aldy. Oňa Hartani diýip at dakdylar. Sebäbi ol berberilere meňzeş bolsa-da juda garaýagyzdy.
Hartani düýeli adamyň ony taşlap giden ýerinde — daşly baýyrlardan soň çölüň başlanýan ýerinde ösüp ulaldy. Ýasminanyň geçilerini bakyp, beýleki oglanjyklar ýaly kem-kemden çopana öwrüldi. Ol haýwanlaryň dilini tapmagy başarýar, geçi bakmak üçin oňa taýak gerek däl, barmagyny agzyna sokup sygyrsa bes, geçiler onuň islän tarapyna ýüwrüp barýandyr. Adamlar Hartaniden çekinýärler. Ol ýylandyr içýanlary beýleki sürüleriň üstüne iberýär diýýärler. Lalla bu gürrüňlere ynananok, şonuň üçinem Hartaniden gorkanok.
Hartani gürläp bilenok, ýöne täsin zatlaryň köpüsini onuň bilen baglaýarlar. Ol şäherjige gelenok. Käte ol günorta, kerwen ýollaryna tarap ugur alyp, birnäçe günläp ýitirim bolýar. Soň günleriň birinde, göýä, hiç ýere gitmedik ýaly, gaýadan aýagyny sallap, geçi sürüsini synlap oturandyr.
…Bir-birine meňzeş günler geçip dur. Olar şeýle bir meňzeş welin, şu günüň haýsy gündügini bilesiňem gelip duranok. Hiç kim özüniň kimdigi bilenem gyzyklananok. Lalla bu barada köp pikir edýär. Esasanam, özüniň as-Sir diýip at dakany bolan Gök adamyň ýaşaýan ýerine — daş düşelen meýdança gelende, şeýle pikirler onuň ejizje beýnisini tutuşlygyna eýeleýär. Ýöne günler bir-birine juda bir meňzeşem däl. Olar edil Emmanyň gürrüňleri, guýa suwa gelen gyzlaryň ýüzleri ýaly dürli-dürli.
— Maňa Gök adam hakynda gürrüň bersene — diýip, Lalla Emmadan haýyş edýär.
Emmanyň gürrüň bermäge wagty ýok. Ol ullakan jamda hamyr ýugrup otyr. Ol başyny ýaýkaýar:
— Soň bir gün gürrüň bererin.
— Ýok, şu gün. — Lalla eňek bermeýär.
— Bilýänjämiň baryny eýýäm gürrüň berdim ahyry.
— Meniň ol hakda, onsoňam Ma al-Aýnin hakda ýene eşidesim gelýär.
Emma hamyrly çanagy çete süýşürýär-de, gürrüňe başlaýar. Şeýlekin seretseň, onuň özem her dürli wakalary gürrüň bermegi gowy görýär.
— Bu waka juda ir döwürlerde, entek seniň ejeňem, menem dünýä inmänkäm bolup geçipdir diýip, men saňa öňem aýdypdym. Sebäbi Gök adam diýilýän beýik al-Azrak entek seniň ejeňiň mamasy kiçijik gyzjagaz wagty dünýäsini täzeläpdi. Ma al-Aýnin welin ol döwür ýaňy murty taban ýaş ýigit ekeni.
Bu tutulýan atlar Lalla tanyş — çagalykdan eşidip, gulagy ganan atlary. Barybir, şu atlar tutulanda, onuň ini jümşüldäp gidýär.
— Al-Azrak seniň ejeňiň mamasy bilen tiredeş. Ol günortada, Dradan, hatda Segiýet el-Hemradanam günortada ýaşapdyr. Ol döwür bu ülkelere entek çet ýurtlularyň dabany düşmän ekeni. Ol döwür çölüň esgerlerinden üstün çykyp bilen bolmandyr. Dradan günorta mukaddes şäher bolan Şingettä çenli aralyk olaryň örüsi bolupdyr…
Emma her gezek al-Azrak hakda gürrüň berende, öňki aýdanlarynyň üstüne ýene nämedir bir zatjagaz goşup goýberýärdi. Göýä, özem bu gürrüňiň hiç wagt soňlanmagyny islemeýän ýaly, nämedir bir zady jikme-jik anyklap bererdi ýa-da gürrüňe täze bir jümläni ýelmäp goýbererdi.
— Oňa al-Azrak diýilmeginiň sebäbi ýagşyzada öwrülýänçä, ol Şingettiniň töwereginde çölüň esgeri ekeni. Özem şeýhiň ogly ekeni. Günleriň birinde onuň gulagyna Allanyň sesi eşidilýär. Onsoň ol egnindäki gök esger eşigini derwüş eşigine çalşyp, göýä, gedaý ýaly, eli hasaly, aýakýalaň şäher yzyna şäher söküp başlaýar. Ýöne Alla onuň beýleki derwüşlere garylyp gitmegini islemän, el-ýüzüniň derisini gök reňke boýapdyr. Özem ol reňk suw bilen ýuwulsa-da aýrylmandyr. Adamlar ony görenden, egni şylhasy çykan burnusly bu kişiniň ýöne-möne adam däl-de, çölüň gaýduwsyz esgeridigine düşünip, onuň adyny al-Azrak — Gök adam diýip tutup başlapdyrlar…
Emma jamy öňüne çekip, hamyr ýugrup başlaýar. Lalla gürrüňiň dowamyna garaşýar. Ony birsalym irikge eden Emma gürrüňine dolanýar:
— Ol döwürlerden bize diňe gürrüňler gelip ýetdi. Indi bu gürrüňlere ynanyp barýanam ýok diýen ýaly. Köp kişi muňa toslamadyr öýdýär. Al-Azrak ýagşyzada bolan, ol hassalaram bejeripdir. Tapan ýerinde: çopan çatmasynda, daglaň gowagynda, baglaň kölegesinde ýatyp-turup ýörüpdir. Adamlar ony görmek üçin hemem kömek hantama bolup, çar tarapdan gelipdirler. Bir gezek bir goja onuň ýanyna batyl ogluny getirip: «Oglumyň gözüni açsaň, bir halta tylla bereýin» diýip, gyzylly haltajygy oňa uzadypdyr. «Bu ýerde tyllanyň nämä zerurlygy bar?» diýip, al-Azrak haltajykdaky gyzyllary daş-töwerege sepeläp goýberipdir. Gyzyllar ýere degenden, ýylan-içýana öwrülip çar tarapa ýaýrapdyr. Şonda al-Azrak gojadan: «Sen ogluňa derek kör bolmaga razymy?» diýip sorapdyr. Goja: «Men indi garry, maňa göz nämä gerek, goý, oglumyň gözi açylsyn, şonda menem bagtly bolaryn» diýipdir. Oglanyň gözi açylypdyr. Ol Gün şöhlesine gözlerini ýumjukladyp durşuna, özüne derek kakasynyň batyl bolandygyna düşünipdir-de: «Kakamyň görer gözüni gaýtaryp ber!» diýipdir. Al-Azrak ataly-ogluň ikisiniňem ak ýürekli adamdyklaryny görüp, ikisinem görer gözli edipdir…
Emma sesini kesýär. Lalla al-Azragyň ýaşan baýyrlyklary barada pikir edýär. Gulagyna ýeldir deňziň güwwüldisi gelen ýaly bolýar.
— Balykçylar oňa her gün azyk-owkat getirip durupdyrlar. Onuň ýagşyzadadygyny bilip, ak pata diläpdirler. Juda uzakdaky baý şäherlerden gelýänler hem bolupdyr. Al-Azrak uzak wagtlap doga okap oturypdyr, soňra ýanyna gelen baý kişä çöplemedir suw getirdipdir. Olar bilen ýowuz gepleşip, ýumşuny bitiresi gelmeýäne, göýä, ol öz hyzmatkäri ýaly, ýalta diýip käýäpdir. Garyp-gasarlardyr çagalar bilen ol mylaýym gepleşipdir. Sebäbi olaryň ýüreginiň päkdigini bilipdir. Olara ýardam bolsun diýip, käte bir gudrat görkezip durupdyr. Men saňa daşyň aşagyndan urup çykan çeşme hakynda gürrüň beripdimmi?
— Hawa, ýöne ýene gürrüň bersene — diýip, Lalla özelenýär.
Bu onuň iň gowy görýän gürrüňi. Bu gürrüňi her gezek diňlände, onuň kalbyna nämälim bir duýgy dolup, aglaberesi gelýärdi. Lalla ol wakany göz öňüne getirmäge çalyşýar: çölüň serhedindäki oba. Obanyň ortasynda öýdür hindi hozlarynyň arasyndaky guýy. Guýynyň suwuna Gün şöhlesi düşüp ýylpyldaýar.
— Ine, şol guýa eli küýzeli bir aýal suw almaga gelýär. Indi onuň adynyň näme bolandygyny bilýänem ýok, birmahallar bolan zat bu… Ol garrap, halys tapdan düşen aýal ekeni. Ol guýynyň başyna baryp, suw üçin şeýle uzak ýoly sökmeli bolýandygyny aýdyp aglap başlapdyr. Çöküne düşüp aglap oturanmyş görgüli… Birdenem, gapdalynda al-Azrak peýda bolupdyr. Aýal onuň nireden geleninem görüp ýetişmändir…
Gök adamyň keşbi Lallanyň göz öňünde dikelýär: uzyn boýly, agajet, egninde çäge bilen reňkdeş burnusy bar. Ýüzi nykaply bolsa-da, ýanyp duran gözleriniň şöhlesi çyranyň yşygy ýaly bolup, kalbyňa teselli berýär.
Lalla ony tanady. Çöl bilen çäkdäki daş düşelen meýdançada Lallany hökmürowan nazary bilen dolap alýan şol bolmaly. Ol mydama kölege ýaly bolup, sessiz-üýnsüz peýda bolýar.
— Al-Azrak garry aýaldan näme üçin aglaýandygyny soraýar. Ol duýdansyz peýda bolsa-da, ondan gorkmaly däldigine hemmeler düşünýär. Onuň ýüzi nurana, sesi mylaýym hem mähirli…
Garry aýal oňa özüniň ýalňyzdygyny, beýle uzaga suwa gelmäge gurbatynyň çatmaýandygyny, doly küýzäni öýüne çenli göterip eltmäge güýç-kuwwatynyň galmandygyny aýdýar…
— Aglama — diýip, al-Azrak garry aýala ýüzlenýär. — Men saňa öýüňe ýetmäge kömek ederin.
Ol goltugyndan gop berip, garry aýaly öýüne getirýär. Öýe gelenlerinde, ýerde ýatan daşy görkezip: «Ýoluň boýunda ýatan şu daşy göter. Onsoň seniň üçin mydama suw bolar» diýýär. Garry aýal daşy galdyrýar welin, aşagyndan süýji suwly dury çeşme urup çykýar-da, howuz döreýär. Aýal al-Azraga alkyş baryny okaýar. Daş-töwerekden adamlar üýşüp gelýär.
Lalla süýji suwly çeşme hakda pikir edýär. Emma hamyr ýugurýar. Gök adamyň kölegesi, peýda bolşy ýaly, sessiz-üýnsüz gaýyp bolýar…
…Gün şöhlesini gözüňi gyrpman synlap bolýan ýerlerem bar. Bir gün irden Hartani Lallany şeýle ýerleriň biriniň üstünden eltdi. Ol daşly gaýanyň erňegindäki uçut. Bu ýeri diňe Hartani bilýär. Öň gelip görmedik bolsaň, bu ýere ýol ýasamak kyn. Olar darajyk jülge bilen Ýeriň jümmüşine aralaşýarlar. Salkyn kölege Lallany gurşap alýar. Ses-üýn ýok. Göýä, suwa çümen ýaly. Lallanyň göwnüne gorky aralaşýar.
Birden aýak çekýärler. Uzyn hem ýagty jülge göni asmana tarap açylýar. Lalla baş çykaryp bilenok: olar barha aşak düşüpdiler, ine-de, saňa gerek bolsa, asmana tarap çykdylar. Bu ýerde asmandan başga hiç zat ýok. Özem şeýle bir dury welin, göwnüňe bolmasa, özüň şol ýerde ganat ýaýyp ýören ýaly.
Hartani Lalla çykalga tarap ýöremegi yşarat edýär. Özem emaý bilen daşlary birahat etmän, göwresini ýere goýberýär. Lalla ondan birneme ýeňsede oturýar. Başy aýlanýar. Aşakda, gaýanyň düýbünde tüssäniň arasyndan guran derýanyň hanasyny saýgarmak bolýar. Gözýetimde ýere duman ýazylypdyr: ol ýerden sähra başlanýar. Hartani käte düwünçegine el ýaly nany düwüp şol ýere gidýär. Sähra gündogarda Gün şöhleleriniň has owadan ýerinde başlanýar. Hartani ýaly Lallanyň hem ýiti daşlaryň üstünden towsup, aýakýalaň çägede ylgasy gelýär.
«Hartani, munuň owadandygyny!».
Lalla çopanyň oňa düşünip bilmejegini käte ýadyndan çykarýar. Lalla geplän mahaly, Hartani ýüzüni oňa tarap öwürýär. Gözleri ýanyp dur, dodaklary gyzyň dodaklarynyň hereketini gaýtalamaga synanyşýar. Soňra oglan ýüzüni gyşardyp gülýär. Hartani adam diline düşünenok. Emmanyň uly ogly Hartani ker bolany üçin gürlänok diýýär. Lalla muňa ynananok, sebäbi ol Hartaniniň hemmeden gowy eşidýänini bilýär. Ol ýere gulagyňy goýup ýatsaňam eşitmejek sesleriňi eşidip bilýär. Ol daşly düzlügiň aňry çetinden ylgap geçen towşanyň, jülgäniň töründäki ýodajykdan gelýän adamyň aýak sesini eşidip bilýär. Ýöne ol adam diline düşünmekden ýüz öwürýär, sebäbi ol adam ýaşamaýan ýerden, ol ýerde diňe baýyrlar hem asman.
(Dowamy bar).
1. Burnus — giň biçüwli, uzyn etekli aýal hem erkek eşigi.
2. Şerip — arapça «ynsaply» diýmek.
3. Ikikr – berberi dilinde «siňňil» diýmek.
4. Aýşa Kondişa — rowaýatlaryň gahrymany, arwah.
5. Emma — kakasynyň aýal dogany.
6. as-Sir — syr.
7. Tabbah — aşpez.
8. Hartani — günortada berberiler bilen zeňňileriň garyşyk ýaşaýan ýeri.
Rusçadan terjime eden Jumageldi MÜLKIÝEW,
«Dünýä edebiýaty»
