Saglygyň gadyry (Powest)
ŞYN Roň,
hytaý ýazyjysy
1
Gözüňe ýyldyzlar görnüp gaýykda ikiýana yranyp ýatan ýalydy.
Göz lukmany Wyntiň özüne näme bolanyny, nirededigini bilmän hassahanada ýatyrdy. Gygyrjak boldy, sesi çykmady. Edil dili tutulan ýaly diňe demi gelip-gidýärdi. Aňy başyndan uçup, gözüne her hili zatlar görnüp başlady. Göwnüne bolmasa, öňünde reňkleri garyşan älemgoşar peýda boldy. Özüni käte suwuň ýüzüne çykyp, käte-de tolkunlaryň içine düşen ýaly duýýardy. Nämeler bolýarka?! Düýş görýärmikä ýa-da soňky ýoluna taýynlanýarmyka?! Muňa özem düşünenokdy. Bolan zatlary ýatlamaga çalyşdy, adatdaky ýaly işe geldi, operasiýa otagyna geçip çalşyryndy. El ýuwulýan ýere bardy. Soňra jorasy Ýafyň geldi. Bu gün olar iň soňky gezek bile operasiýa edýärdi. Sebäbi Ýafyň iş bilen maşgalasyny alyp Kanada gidýärdi. Ikisem bir ýerde ellerini ýuwup durdy. Olar talyplykdan bäri jorady. Bu dostluk ýigrimi ýyl ozal, ellinji ýyllarda lukmançylyk institutynda başlanypdy. Şondan bäri hem şu hassahanada bile işleýärdiler. Häzir bolsa ajy aýralyk garaşýardy. Ol hakda pikir etdigiň saýy ýüregiň suw üstüne düşüp, eliň işden sowaýardy. Wyntiň bu sessizligi bozup:
— Ýafyň, uçara petek aldyňyzmy? — diýip sorady.
Boýdaşy soraga jogap bermän:
— Wyntiň, bu irdenden bäri üçünji operasiýaň, köp dälmi? — diýip sorady.
Ol sesini çykarmady. Ellerini ýuwmak bilen boldy. Sürtgüç täze bolmaly, ujy tiken ýaly bolansoň, barmaklarynyň ujuny awuşadýardy. Ol diwar sagadyna göz aýlady. Düzgüne görä, elini üç minutlap tirsegine çenli ýuwdy. On minutdan soňra güýçli spirt ergini bilenem gaýtadan geçdi. Häzir elleri ot ýaly ýanýardy. Belki, gijilewük derdine ýolugandyr! Ýok, beýle bolmal-a däl! Lukman bolaly bäri ýigrimi ýyl geçdi. Erkegiňki ýaly gatan elleri indi erginiň täsirini duýanok. Bu gün olara näme boldy?! Näme üçin gollary galanok?!
Iş başyna geçip, näsagyň gözüne sanjym edip, operasiýa başlaýşyny ýadyna saldy. Birden Ýafyň ünsüni bölüp sorag berdi:
— Körpäň nähili, gowulaşdymy?
Bu gün Ýafyňa näme boldy?! Bu operasiýa wagty soraljak soragmyka?! Hassanyň janyna garamat çekýän lukmanyň gözüne ne maşgalasy, ne-de çagasy — hiç biri görünmeli däldi. Ol bulary oňat bilýärdi. Wah, soňky bolýan zatlara işden eli sowap, darygýan bolmaly. Gahary gelen Wyntiň:
— Häzir meni diňe şu göz gyzyklandyrýar! — diýip, pert jogap berdi.
Ol näsagyň üstüne eglip, elindäki kiçijik gaýçysyny işledip başlady. Operasiýalara gutarma ýokdy. Şu gün-ä üst-üstüne boldy. Irden sagat sekizden başlap, bire çenli iki epilip dümtünip otyrdy. Ine-de, iň soňky tikini salyp, hassanyň gözüne sargy sarady. Özüni dürsejek boldy. Ýöne aýaklary daş ýaly gurşup, arkasy şeýle bir agyrdy welin, öňe bir ädimem ädip bilmedi. Oňa çenli eýýäm geýnip gelen Ýafyň:
— Ýör, gideli! — diýdi.
— Sen gidiber, men yzyňdan ýeterin.
— Ýok, men garaşjak, bu gün iň soňky iş günüm!
Ýafyň bu sözleri diýende, onuň gözleri ýene-de ýaşdan doldy. Wyntiň:
— Sen gidiber. Adamyň garaşýandyr. Ýol üçin goşlaryňy ýygnamaly…
— Biz hemme zady taýyn etdik — diýip, Ýafyň gözüni ýerden galdyrdy-da: — Waý, saňa näme boldy? Aýaklaryňa seret! — diýdi.
— Gurşupdyr, häzir geçer. Men agşam seni görmäge bararyn.
— Bolýar onda, men gitdim — diýip, Ýafyň gapa tarap ýöneldi.
Wyntiň diwara ýapyşyp zordan turşuny, çalşyrgyç otagyna baryp, geýnip çykyşyny ýatlady. Öýleriniň ýanyndaky çatryga ýetende welin, birden süňňi gowşap, demigip haýy gaçdy. Köçe süýnüp öýüni aňyrlygyna äkidip barýan ýalydy. Oňa hiç haçan ýetip bilmejegine düşündi. Elleri aýaklary ýumşap sowuk der indi. Bedeni kesekiniňki ýalydy. Ýadawlyk basan gözlerini ysgynsyz ýumup, guran dodaklaryny pugta gysdy. Suwsuzlykdan ýaňa başy aýlandy.
2
Haly teň Wyntiňiň başujunda duran Ýafyň:
— Ýoldaş Sun, serediň, lukman Wyntiň bir zada diýýär! — diýdi.
Bölüm müdiri Sun onuň ýüreginiň çat açandygyny bilende, depesinden gaýnag suw guýlan ýaly boldy. Gaşyny çytyp, çal başyny ýaýkap ardynjyrady. Bu eýýäm bölümde ilkinji hadysa däldigi ýadyna düşdi. Wyntiň ýaňy kyrk iki ýaşyndady, saglygyndan hiç wagt zeýrenmezdi. Birdenem, ine, saňa gerek bolsa! Dertleriň ýamanyna sataşdy! Ol eglip ak esgä dönen Wyntiňiň ýüzüne seretdi. Hassanyň gözleri ýumukdy. Ýarylan dodaklary titreýärdi. Gulagyny tutanda zordan demi gelip-gidýärdi.
— Lukman Wyntiň — diýip, adyny tutanda ondan ses çykmady.
Solan ýüzi tisginmedi, gara halka atan gözleriniň daşynda hereket ýokdy. Emeli howa beriji turbajygy sazlap, hassanyň ýürek urşuny görkezýän abzala syn etdi. Ondaky kadaly ýazgyny görüp biraz ynjaldy. Soňra adamsyny çagyrdy. Kyrk ýaşly, saçlary düşen daýaw erkek adam dessine içerik girdi. Ol lukman Wyntiňiň adamsy Diadiýedi. Aýalynyň başujunda ukusyz gijäni geçiripdi. Näme-de bolsa, müdiriň haýyşy bilen zaldaky oturgyçda azajyk dynjyny alypdy. Gelenini gören müdir ýer bermek üçin bir gyra çekildi. Diadiýe gözgyny bolup ýatan aýalyna nebsagyryjylyk bilen seredip oňa tarap egildi. Birden Wyntiň agzyny gymyldatdy. Bu sessiz pyşyrda hiç kim düşünmese-de, adamsy düşündi. Ol:
— Çalt, suw beriň! — diýdi.
jorasy stolda ýörite hassalar üçin niýetlenen uzyn jürnükli çäýnegi howlukmaç alyp uzatdy. Diadiýe ony alyp içirip başlady. Elleri titreýäni üçin Wyntiňiň gan-peti galmadyk ýüzüne düşen damjalar çalajadan aşaklygyna syrygyp gaýtdy.
— Wyntiň, meni eşidýäňmi! — diýip näçe janyksa-da, jogap bolmady.
3
Wyntiňiň göwnüne, bejeren gözleri üýşüp oňa seredýän ýalydy. Arasynda dertlisem bardy, gutulyp gülüp bakýanam. Şol giden gözleriň içinden ol şunça söýgini beren adamsynyň gussaly, ýöne mähirdir umytdan doly didelerini tanady. Olar onuň kalbynyň aýnasydy. Bir bakaňda ondaky zatlary okap bolýardy. Bu hem onuň sesidi. Ol şeýle ýumşak bolsa-da, näme üçindir, başga dünýäden eşidilýän ýalydy:
Eger men akym bolsam…
Örküç-örküç, päkize,
Towlanýan tolkunymda
Goý, bolsun söýgülim bir
Kümüşsöw balyk onda…
Bu ýeri nirekä?! Ähli zat ýaldyrap görünýärdi. Wyntiň özüni ertekä düşen ýaly duýdy. Doňan kölüň ýüzüne daş-töwerek surat bolup siňen ýalydy. Hanha, jak-jak gülüp, el tutuşyp giden adamlaryň içinden saýlanyp, Diadiýe bilen Wyntiň gelýär. Gyzyň gözi şondan başgany görenokdy. Bagtly maşgala diýip şulara aýdaýsaň! Olar Beýhaý seýilgähinde biri-birine gumry ýaly gysmyljyrap, iki perwana dek pyrlanyşyp aýlanyp ýördüler. Ine, olar ak daşly diwara söýenip durlar. Iri-iri gar tozgalary üstlerine ýagýardy. Öwüsýän sowuk şemal gyzyň saçlaryny oýnaýardy. Ikisem sowugy duýanokdy. Gol tutuşyp gyşyň gujagyna çümen seýilgähi doýa-doýa synlaýardylar. Juwan ömrüň edil bosagasynda durdular… Wyntiň bu görnüşleri gamaşyk şekilde düýşünde görýän ýalydy.
Ol durmuşa hantamaçylyk bilen bakmandy. Kakasyz ulalypdy. Ony bu günlere getiren käbesidi. Çagalygyndan ýadynda galan zat — ejesiniň gijesi bilen ýatman tikin tikişidi. Şeýdip ýyllar üstüne ýyllar geçipdi. Soňra gyz lukmançylyk institutyna okuwa girdi. Umumy ýaşaýyş jaýynda ýaşady. Iller bilen deň oturyp, deň turdy. Dilleri öwrenmäge, özbaşdak okamaga üns berdi. Gijelerini okalga otagynda geçirerdi. Sapaklaryna jürdi. Kitabyny ýanyndan aýyrmazdy. Söýgi onuň üçin däl-de, inçe billi, alçak häsiýetli jorasy Ýafyň üçin döredilen ýalydy. Boýdaşy söýgi hatlarynyň, duşuşyklaryň dünýäsinde ýaşardy. Ine, onuň ýaşlygy hem şeýdip geçipdi. Wyntiň özüni unudylan ýaly duýýardy. Bir asyrlyk taryhly bu hassahananyň işiginden ätlänlerinde, iş şertlerini eşidip gyzlaryň depe saçlary bir ýere üýşüpdi. Içinde ýaşamaga ýer berdiler. Uzynly gün şol ýerde bolmalydy. Edilýän talaplar sussuňy basýardy. Başlary boş gezseler dört ýyl hä diýmän geçip gitjekdi. Ýafyňa gaty agyr düşdi. Tow berlen gurjak ýaly iňirdäp goýmady. Özüni kapasa düşen guş ýaly duýýardy. Wyntiň bolsa tersine — hemme zady kysmata kaýyllyk bilen kabul edip, tutuş düýrmegi bilen işe berlipdi. Hassahananyň ody bilen girip, küli bilen çykýardy. Kärini hemme zatdan ileri tutýardy. Özüni büs-bütin unudypdy. Giç durmuş gurýan meşhur lukmanlardan mysal alýardy. Hünärini bäş barmagy ýaly kämil bilip, bilimiň soňuna çykasy geldi. Ýöne ykbalyň öz hasaby bardy. Ol birinji bolup söýgüsine duşdy. Öz ugruna akýan durmuşynda Diadiýe peýda boldy. Bu nähili boldy? Nämeden başlandy? Muny özem bilenokdy. Diadiýe göz şikesi bilen hassahana düşdi. Onuň bejergisini Wyntiňe ynandylar. Şeýdip arada söýgi döredi. Bu duýgy yşk oduny ýakdy. Ähli zat üýtgedi. Ýowuz gyş aýy bolsa-da, olar üçin tomus ýalydy. Wyntiň şeýle süýji duýgudan binesip galyp, ömrüniň ýigrimi sekizinji baharynda gijräk duýmaly bolany üçin özüne nebsi agyrdy. Ol ýüreginiň gapysyny bu päk duýga giňden açdy:
Eger gür tokaý bolsam…
Goý, ýaşyl şahalamda
Bolsun söýgülim bir guş.
Tünek ýasap içinde
Saýrasyn ol göwnühoş.
Diadiýe ylmy-barlag boýunça ýöriteleşdirilen institutda işläp, esasan, demir önümlerde gözleg işlerini geçirýärdi. Özüçe bir zatlar oýlap tapmak isleýärdi. Bir ýola uçarlar üçin täze önümiň üstünde işleýändigini gürrüň berdi. Ol çepiksi, sadaja ýigitdi. Jorasy ony «kitap gurçugy» diýip atlandyrýardy. Goşgyny diýseň labyzly okaýardy. Bir gezek Wyntiň:
— Bular kimiň goşgulary? — diýip gyzyklandy.
— Wenger şahyry Petefiniňki.
— Ylmy adamy bolup, haçan ýat tutup ýetişýäň?
— Ylmy oýlaptapyjylyk güýçli hyýalbentligi talap edýär. Şonuň üçin onuň poeziýa bilen ugry bir. Sen şygyr okamagy halaýaňmy?
— Men edebiýaty az okadym. Umuman, adamyň jany bilen iş salyşýan. Biziň kärimiz hyýalbentligi däl-de, töwekgelligi talap edýär.
— Beýle diýme, sen duranja poema. Bu işde uly zähmetiň bar. Seniň saýaňda ynsanlar göreçlerine gowuşýar — diýip, ýigit tolgunyp onuň sözüni böldi.
Diadiýe ýylgyryp gyza ýakynlaşdy. Birdenem ony özüne tarap çekdi-de, gujagyna gysdy. Bakyşlar biri-birine sataşdy. Wyntiň beýle ýakynlyga garaşmandy. Aljyrady, ýüregi çalt-çaltdan urdy. Yza çekilse-de, barybir, bu söýginiň torunda ejizdigini duýdy. Gugaryp duran Beýhaý seýilgähi bagtly aşyk-magşugy ak gujagynda gizledi. Ine-de, garaşylmadyk ýagdaý! Dört ýyldan soňra ilki bolup Wyntiň durmuşa çykdy. Diadiýe oňa ykbalynyň beren iň uly sowgadydy. Ýigit onuň üçin hemme zada taýyndy. Gyzyň göwnünden turmak üçin elinden gelenini edipdi:
Köne bir saraý bolsam…
Goý, meň söýgülim onda
Bolsun çyrmaşyk oty.
Saýrap bütin äleme
Bezesin tebigaty.
Durmuş, gör, nähili ajap! Söýgi ynsana uçmaga ganat berýär. Bu janly pursatlar ony huşuna getirdi. Wyntiň çalaja gözlerini açdy.
4
Wyntiň agyryny aýyrýan dermanyň güýjüne ýene uka gitdi. Içkeseller bölüm müdiri gelip, ýüregini, öýkenini diňläp doly barlag geçirdi. Bejergi boýunça almaly dermanlaryny ýazyp berdi. Nobatçy lukmana ýürek urşuny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Otagdan çykanda lukman Suna gabat geldi.
— Lukman Wyntiňiň ýagdaýy agyr. Bize işe gelend-ä sagdyndy.
Uludan demini alan lukman Sun:
— Ondan bäri on sekiz ýyl geçdi, ol wagt ol ýaşajyk gyzdy! — diýdi.
Bölüm müdir hem professor bolan lukman Sun näçe ýylyň at alan göz lukmanydy. Işine berlen adamdy. Ýaş hünärmenleri ýetişdirmegi özüne möhüm wezipe edinipdi. Onuň synagyndan geçen uçurymlar işe alynýardy. Ol bu hassahananyň göz bölümini ýurda meşhur etmek isleýärdi. Şonuň üçin geljegi uly lukmanlary saýlaýardy. Ol Wyntiňi nädip işe aldy?! Ýogsa ilki görende üýtgeşik täsir galdyrmaýardy. Ýadyna şol söhbetdeşlik güni düşdi. Geleniň hiç biri göz bölümine gyzyklanma bildirenokdy, hatda bärde işläsi gelmeýänem tapylypdy. Razylaşanam işlejek bölümini özi saýlaýardy. «Ýaşlara saýlan kärine nädip söýgini döretmeli?» diýip oýlanyp otyrka, sadaja geýnüwli horajyk Wyntiň gapydan girdi. Göwresi ýumruk ýalyjak gyz lukmana meňzemeýärdi. Wyntiň lukman Sunuň garşysyna geçip oturdy.
— Diýmek, siz göz lukmany bolmak isleýäňiz? Näme üçin? — diýip, ol sorady.
— Sebäbi göz lukmançylygy ösüşden yza galýar…
Gyzyň gyssanman beren jogaby onuň üçin garaşylmadyk boldy.
— Şeýlemi, näme babatda?
— Anyk aýdyp biljek däl… Meselem, edil daşary ýurtlardaky ýaly göz şikeslerini bejermek üçin şöhleli abzallary ulanyp başlamaly… Bu babatda tejribe toplamaly. Mümkinçilik döretmeli.
Maňzyna batan pikirleri eşiden lukman Sunuň baş agyrysy ýatdan çykdy.
— Dogry bellediňiz! Dil bilen araňyz nähili? Hünäriňiz boýunça daşary ýurt kitaplaryny okaýaňyzmy? — diýip soranda, içinden eýýäm oňa «bäşlik» goýupdy.
— Entek sözlük bilen okaýaryn. Ýöne dil öwrenmäge höwesim uly.
— Bu gowy zat!
Öwgüde, adatça, gysganç lukman Sunuň bu bolşy geňdi. Birnäçe günden soňra göz bölüminde Wyntiň bilen Ýafyň peýda boldy. Ilki deridäki ýeňil, soňra agyr operasiýalara geçdiler. Gyzlar şeýdip tanalyp başlandy.
Wyntiňe lukman Sunuň has-da göwnüniň ýetmegine bir waka sebäp boldy. Bir gezek topar bolup barlaga çykdylar. Her kim ýerli-ýerden onuň etjek belligine, maslahatyna garaşýardylar. Hassalaram professor ýaly adamyň eli degse, özlerini tiz gutulaýjak ýaly duýýardylar. Lukman Sun her birine göwünlik berdi, bejerýän lukmanlaryny diňledi. Soňra, adatça bolşy ýaly, pikir alyşmak üçin ýygnak jaýyna üýşdüler. Esasan, bölüm müdirler çykyş edýärdi. Berkidilen şägirt lukmanlaram üns bilen diňleýärdi. Lukman Sun ýygnagy jemläp:
— Kimde ýene sorag bar? — diýip soranda, çüňkden zenan sesi geldi:
— Professor Sun, dördünji otagdaky üçünji hassanyň şikesiniň düşürilen suratyna ýene bir gezek seredip bilersiňizmi? — diýdi.
Hemmeler bu soragy beren Wyntiňe tarap öwrüldi.
— Kim diýýäň? — diýip, bölümiň müdiri gyzyklandy.
— Iş wagty zeper ýeten… — diýip, Wyntiň anyklady. — Bejergi edildi, suraty arassa çykdy. Ýöne näsag ýarasy bitse-de, agyrydan şikaýat edýär. Gaýtadan suratyny alamda, galyndyň galanyna göz ýetirdim. Sizem gaýtadan seretseňiz görersiňiz.
Rentgen şöhleleri getirildi. Lukman Sun görüp, soňra oturanlara geçirdi. Jorasy Ýafyň: «Ýygnak gutarandan soň ýanyna baranda bolmadymyka?!» diýip içini gepledip, gözüni ondan aýyrman otyrdy. Eger ýalňyşýan bolsa, gepe-gürrüňe galjakdy, dogry çyksa-da, bejergi bellän uly lukmanyň öz işine sowuk-sala garaýan ýaly görünjekdi.
— Dogry aýdýaňyz. Geleniňiz ýaňy welin, tüweleme, ösüş duýulýar! Bu bizi begendirýär. Şu ruhda dowam ediberiň! — diýip, suraty gören lukman Sun sözüni jemledi.
Hemmeleriň öňünde onuň öwgüsi gyzy utandyrdy. Wyntiň aşak bakdy. Professor täze lukmanyň baş lukmana garşy çykmagynyň nämedigine düşünýärdi. Munuň üçin ýokary jogapkärçilik duýgusy we batyrlyk gerekdi… Şonuň üçin gyzdan tamasy uludy.
On sekiz ýyl gaty çalt geçdi. Iki boýdaş wezipä, şan-şöhrata kowalaşman borçlaryny aňryýany bilen ödediler. Ýöne döwrüň medeni öwrülişigi bulara-da täsir etmän geçip bilmedi. Olara bölüm müdirlik, uly lukmanlyk derejesi berilmedi. Wyntiňiň gözgyny bolup ýatyşy lukman Suny otdan alyp, suwa atýardy. Ol otagdan yzyna çykyp, içkeseller bölüm müdiriň yzyndan ýetdi.
— Gutulmazmy?.. Näme üçin ol gözlerini açanok?
Kärdeşi uludan demini alyp, başyny ýaýkady-da şeýle diýdi:
— Esasy maksat — häzirki howply ýagdaýdan sag-aman çykarmak!
Ol gaýtadan girjek bolanda, Ýafyňy görüp gapyda saklandy. Bosaga-da güýzdi. Günler gysgalyp gijeler uzapdy. Daşarda öwüsýän şemala agajyň sary ýapraklary ikiýana urunýardy. Lukman Sunuň gulagyna olar ýas tutýan agy sesleri bolup eşidilýärdi. Wyntiň onuň sag eli bolsa, Ýafyň sol goludy. Biri gutulmaz derde ulaşypdy, beýlekisi bolsa başga ülkä gidip barýardy. Boşap galan çynary synlap duran lukman Sun başyny aşak salyp, özüni oňa meňzetdi.
5
Wyntiň düýş görüp ýatyrdy. Ol ýola çykdy. Oýmur-oýmur dag ýodasyndan ýöräp barşyna, bir ýerlerden ekin meýdanyň janyňa hoş ýakýan ýakymly ysyny aldy. Töwerekde yns-jyns ýokdy. Soňabaka başy aýlanyp ýüregi çalt-çalt urup başlady. Beýdip kösenenden kenara çykyp dynjyny alyp ýatanyny gowy gördi. Özüne: «Goý, daşa dönen bedenime toprak eýe çyksyn! Baharam ýyly güneşine çoýsun!» diýdi. Birden onuň gulagyna ajalyň sesi geldi:
— Özüňe haýpyň gelsin, lukman Wyntiň!
Aladany, agyryny, ýadawlygy unudyp ömürlik uka gitmek gözüne süýji geldi. Ol bu uzyn ýoluň soňunda özüne hassalaryň garaşýanyny bilýärdi. Ine, biri agyrydan zeýrenýärdi, beýlekisi göreçden galanyny eşidip, damagy dolup ýuwdunyp otyrdy. Olar haraý gözläp onuň ýüzüne naýynjar bakýardylar. Olaryň: «Lukman Wyntiň!» diýip, çagyrýan howsalaly sesleri eşidilýärdi. Dözmedi, bar güýjüne daýanyp ýerinden galdy. Aslynda, bu agyr ýol ony on sekiz ýyllap öýünden hassahana, ondan barlaghana, tiz kömek nokadyna çenli aýlap çykypdy. Şeýdip etek alty, ýeň ýedi bolup, gün däl, aý däl, ömrüniň ýarysyny geçiripdi…
— Lukman, Wyntiň!..
Hassahananyň direktory Jao jaň edip, ony öz ýanyna çagyrdy. Hassalaryny jorasy Ýafyňa tabşyryp, ol haýdap çykyp gaýtdy. Direktoryň iş otagyna barmak üçin daş ýodaly kiçijik gür baglygy kesip geçdi. Wyntiň ädimlerini giňden açyp ýere bakyp barşyna, bagdaky gözellikleriň hiç birini görmedi. Bar pikiri — tabşyryklary alyp, yzyna ýel çalmaka gaýtmakdy. Günüň birinji ýarymydy, on ýedi hassany kabul etmelidi. Ol olaryň ýaňybir ýedisini görüp ýetişipdi. Kakmagy unudyp gapyny açanda, bir erkek adam bilen zenanyň oturanyny görüp işikde saklandy. Direktor Jao gelenini görüp, ýylgyryp içerik mürehet etdi. Wyntiň penjirä ýakyn ýere geçip oturdy. Otagyň içi giňdi, arassa we ýagtydy. Bejerişhana bilen deňeşdireniňde, bu ýer jennetdi, birje goham ýokdy. Içindäki adamlaram şeýledi, edil öz öýünde ýaly rahat otyrdy. Direktor Jaonyň ylym adamsydygy daşyndan bildirýärdi. Salykatly geýnerdi. Gyrasy altyn çaýylan äýneginiň aňyrsynda gülüp duran gözleri görünýärdi. Wyntiň oturanlary birlaý synlap çykdy. Erkek adamyň boýunyň uzyndygy daşyndan bildirip durdy. Bir derdi bar bolmaly, gözünde gara äýnegi bardy. Ýanyndaky zenanyň ýaşy ulam bolsa owadandy. Gara saçlaryny timarlap depesine ýygnapdyr. Eginbaşy edil üstünde tikilen ýaly ykjam otyrdy. Zenan Wyntiň geçip oturandan gözlerini edil gazyk kakylan ýaly ondan aýyrmandy. Wyntiň myhmanyň oňa pisindiniň oturmadygyny bu bakyşlardan duýdy. Direktor Jao:
— Lukman Wyntiň, men sizi tanyşdyraýyn! Bu döwlet gullukçysy jenap Çyňsi, ýanyndaky onuň maşgalasy hanym Tinbo — diýdi.
Wyntiň hassalary hiç wagt jemgyýetde tutýan orunlaryna görä bölmändi. Aýdylýanlary gulak düýbünden geçirip, bar bileni borjudy. Dertli gözleriň dermany bolmakdy. Wyntiň syn edip, onuň näme derde uçranyny aňdy.
— Lukman Wyntiň, siz şu gün nirede kabul edýäňiz? Saglyk öýündemi ýa-da hassahanadamy? — diýip, direktor sorady.
— Bu gün saglyk öýünde, ertir bolsa hassahanada barlagda bolaryn.
— Bize geregem şu. Jenap Çyňsi gözüni biziň hassahanamyzda operasiýa etdirmek isleýär. Gözüne gara suw inipdir.
Wyntiň asyl edişi ýaly soraga başlady.
— Haýsy gözüňiz görenok?
— Çep.
— Görmekden doly galdyňyzmy ýa-da…
— Doly galdym.
— Öň görnen ýeriňiz barmy? Bejergi aldyňyzmy?..
Ol hassahananyň adyny aýtsa-da, Wyntiňiň ýadynda galmady. Ýerinden turup onuň gözüni görjek bolanda aýaly ony saklady.
— Lukman, howlukmaň! Barlagy iş otagyňyzda arkaýyn edersiňiz — diýip ýylgyrdy-da, başyny ýaýkap baş lukmana tarap öwrüldi. — Direktor Jao, ýoldaşym şeýle ýagdaýa uçraly bäri, özüm göz lukmany boldum. Köp zat öwrendim.
Indi sorag berme gezegi bu zenana geçdi.
— Lukman Wyntiň, näçe ýyllyk iş tejribäňiz bar?
— 1961-nji ýyldan bäri işleýän — diýip, ol instituty gutaran ýylyny aýtdy.
— Diýmek, eýýäm on sekiz ýyl! Saglygyňyz nähili?
Muny diýmek bilen ol näme diýjek bolýarka?! Wyntiň öz saglygyny alada etmän, her gününi näsaglary bejermek bilen geçirýärdi. Hatda onuň saglyk depderçesem ýokdy. Ömründe ilkinji gezek görýän bu myhman näme üçin birden özüni duýşy bilen gyzyklandy?! Direktor goşuldy:
— Lukman Wyntiňiň öz ugrundan örän baý tejribesi bar. Lukmanlyk borjuny halallady diýseňem boljak…
Wyntiň sesini çykarman aňka-taňka boldy. Iki tarapyň gürrüňine düşünmedi. Biri saglygyny soraýan bolsa, biri öwýärdi…
— Hudaýa şükür, güýjüm-kuwwatym ýerinde!
Onuň küýi-köçesi başga ýerdedi. «Ýeke goýup gaýdan jorasy baş alyp çykýarmyka?» diýip alada edýärdi. Ondan ünsüni sowmadyk hanym Tinbo ýylgyryp soragyny dowam etdi.
— Lukman Wyntiň, siziň ýoldaşyma etjek operasiýaňyz şowly boljagyna kepil geçýäňizmi?
Onuň şu güne çenli säwlik goýberen ýeri ýokdy. Ýöne adamçylyk, garaşylmadyk ýagdaýlar bolup biljekdi. Mysal üçin, gan basyşy galyp ýa-da peselip bilme ähtimallygy bardy. Dokuzyň düzüw bolmaýşy ýaly, hiç bir zada doly güwä geçip bolmaýardy. Zenanyň özüne ynamsyzlyk bilen bakýanyny duýýardy. Her dürli häsiýetli hassalar bilen iş salyşmaly bolupdy. Köplenjem zenanlar bilen dil tapyşmak kyn düşýärdi. Esasanam, dürli kärde işleýänler ynjyk bolýardy. Muňa garamazdan, Wyntiň baş alyp çykýardy. Sebäbi köpýyllyk iş tejribesi bardy. Hanym Tinbonyň jogaba garaşyp, agzyna bakyp oturyşy ony aljyratdy. Oňa çenli adamsy oňa tarap öwrülip ardynjyrady welin, onuň sesine suw sepilen ýaly boldy. Bu maňzyna batmadyk ýakymsyz gürrüňdeşlik şu ýerde tamamlandy. Onýança Ýafyň gapydan jyklap boýnuny uzatdy:
— Lukman Wyntiň, Jaň aga seniň barlag etmegiňe sabyrsyzlyk bilen garaşýar, seni sorap goýanok — diýdi.
Ýaňky zenan:
— Lukman Wyntiň, işiňiz bar bolsa aladaňyz bilen boluberiň! Hassalary garaşdyrmaň! — diýdi.
Wyntiň derrew ýerinden turup, özüni howasyz bogup barýan giň otagdan çykdy.
6
Iş günüň ahyrynda direktor Jao lukman Suny görmäge geldi. Ondan Wyntiňiň halyny sorady. Iş haky, ýaşaýyş şertleri bilen içgin gyzyklandy. Dört kişi bolup bir otagly kiçijik öýde mydar edýändigini eşidende gulaklaryna ynanmady. Onuň üçin bu akyla sygjak zat däldi. Eklenç ýagdaýam öwerlik däldi. Aýlygy azdy…
Ol:
— Muny beýle goýup bolmaz! Bölümler boýunça köpýyllyk zähmet çekýänleriň şahsy maglumatyny taýýarlaň! Onda durmuş üpjünçilik boýunça ähli şertler nazarda tutulsyn! — diýdi.
Göwnüçökgün lukman Sun:
— Netije bolarmyka?! Öňem şu mesele gozgalypdy — diýip, söhbetdeşinden gözüni aýryp sorady.
Ol professor Sundan sekiz ýaş kiçidi, ýöne deň-duş işdeşleriniň hemmesinden ýaş görünýärdi.
— Kärdeş Sun «Aglamadyga emzik ýok» diýipdirler. Saglygy goraýyş müdirlige ýüz tutup, elimden gelenini ederin. Şeýle-de, işgärleri goldamak boýunça ýörite tabşyryklar bar — diýip gürleşip baryşlaryna, Wyntiňiň otagyna girdiler.
Olary görüp Diadiýe ýerinden turdy. Baş atyp salamlaşdylar, direktor Jao hassanyň üstüne eglip, ýüzüni dykgat bilen synlady. Nobatçy lukman soňky täzelikleri aýtdy. Direktor Jao ýurda belli kardiologdy. Bilimi daşary ýurtda alypdy. Ellinji ýyllaryň oňyn öwrülişikleri işine ykjam ýapyşmagyna ýardam edip, «Gyzyl elli lukman» diýen adyny alypdy. Jemgyýetçilik işlerine gatnaşyp, partiýa agzasy bolupdy. Şeýdip uly hassahana jogapkär bellenipdi. Wezipe döwründe ýygnaklar, köpçülikleýin çäreler ýaly zähmet ýüki artany üçin iş üstünde durup bilmändi. Hünär ussatlygyny ýokarlandyrmaga wagty galmandy. Duranlar onuň aýtjak sözüne garaşsa-da, ýürek urşuny görkezýän abzalyň berýän görkezijilerine görä, aýdylan pikirler bilen ylalaşdylar. Soňra Wyntiňiň adamsyny sorady, lukman Sun ony görkezip tanyşdyrdy. Onuň gözi Diadiýeniň saçy düşen depesinde, ýygyrt düşen maňlaýynda eglendi. Ol içinden: «Ir garrapdyr. Bu alamat orta ýaşly adamda bolmaly däl! Saglygyň gadyryny bilýän adam bolsa, aýalam bu güne düşmezdi. Özem bu sypatda bolmazdy» diýip pikir öwürdi. Goluny gysyp durka-da, göwünlik berip, duýgudaşlyk bildirdi:
— Gaýrat ediň! Lukman Wyntiňe rahatlyk bilen gözegçilik zerur! Üç günlük rugsat alyp, ýanynda bolsaňyz gowy bolar!
Diadiýe:
— Wah, bolar welin, çagalar kiçi, öýde-de adam gerek. Şonuň üçinem oňa nobatçy lukmanlary belleseňiz… — diýip haýyş etdi.
— Birki günüň gürrüňi ýok! Ýöne işgär ýetmezçiligi bar. Düşüniň! — diýende Diadiýe:
— Şulam uly kömek, ondan aňrynam görübereris — diýdi.
Hassa ýatan Wyntiňiň solgun ýüzüne gaýtadan sereden-de ýüregi jigläp gitdi. Onuň bu derde nädip ulaşyp ýörenine geň galdy. Bu pikir ony erkine goýmady. Belki, «Soňky operasiýalary alada edendir» diýip düşündi…
Şol gün Wyntiň gidenden soň, hanym Tinbo onuň hassahanadaky wezipesi, iş ýagdaýy bilen içgin gyzyklandy. Adaty bir lukmandygyny eşidip, onuň operasiýa etmegine büs-bütin garşy çykdy. Çyňsi ajy sözlerini aýdyp duran ýanýoldaşyna tarap öwrülip şeýle diýdi:
— Tinbo, sen, gowusy, goşulma! Bu hassahananyň jogapkärçiliginde! — diýse-de, ony razy edip bilmedi.
— Men seniň saglygyňy gözden salyp bilmerin…
Olaryň dawa edişini gören direktor Jao ýagdaýy ýumşatjak bolup:
— Hanym, siziň adamyňyzy işini bilýän adama ynandym. Oňa janyňy ynanyp bolar. Siz alada etmäň, köşeşiň!
— Men muny özümden tapamok. Bir emelsiziň elinden gözüne öňküden beter şikes alany gördüm… Meniň bar aladam ýanymdakyň saglygy.
— Hanym Tinbo, beýle hadysalar hassahanamyzda entek bolan däldir.
Ýöne bu sözlerem zenany ynandyryp bilmedi.
— Bu operasiýany göz bölümiň müdiri lukman Suna ynanyp biljek.
Başyny ýaýkap ýylgyran direktor Jao:
— Ol ýetmiş ýaşynda, üstesine, gözlerem kütek. Operasiýa başynda näçe ýyllap bolmady. Häzir ylmy barlaglaryň üstünde işleýär. Ýaşlaryň işlerine gözegçilik edýär. Bu aýdanyňyzy makul göremok…
Zenan ýene-de öz eňegine tutjak boldy. Ýöne adamsy ony yşarat bilen saklady.
— Direktor Jao, men professor gözläp size ýüz tutmadym. Siziň hassahanaňyza bil baglap geldim. On ýyl mundan ozal sag gözümi sizde operasiýa etdiripdim, olam şowly çykdy.
— Şeýlemi? Operasiýany kim etdikä? — diýip, direktor Jao gyzyklandy.
— Haýp, ol lukmany tanamok, hatda familiýasynam bilemok.
— Muny bilmek kyn däl. Arhiw ýazgylaryny göräýeris! — diýip, direktor Jao ahyry onuň aýalyny köşeşdirip biljek deliliň tapylanyna begendi. Jaň etjek bolup elini telefona uzadanda, ýaşuly:
— Gerek däl, size iş bolmaýyn! Meniň bir ýadyma düşýän zat — ol zenan lukmandy. Özem günorta şiwesinde gürleýärdi.
— Beýle şiwede gürleýän zenan lukmanlar bizde kän. Bu maglumat az. Ýogsa-da lukman Wyntiňem şolaryň biri. Geliň, gowusy operasiýany şol edipdir diýip saklanaýalyň! — diýip, direktor Jao sözüni jemledi.
Haçanda, zenan adamsyna ýerinden galmaga kömek edende, bu soragyň çözülendigini aýdyň görkezýärdi. Netijede, operasiýa lukman Wyntiňe ynanyldy. Kim bilýär, belki, şu operasiýanyň aladasy ony aýakdan düşürendir. Soňra bolsa «Beýle däldir» diýip başyny ýaýkap yza çekildi. Bular ýaly operasiýa onuň çep elinden gelýär. Soňky gezek görende Wyntiň özüne gaty ynamlydy. Ol, her näme diýende-de, özüni ynandyryp bilmedi. Aladaly gözleri bilen ýene-de bir ýola onuň ýüzüne seretdi. Wyntiňiň solgun keşbi gaty rahat görünýärdi. Ölüm bilen göreşýäne meňzänokdy.
7
Wyntiň parahat häsiýetlidi. Kärdeşleri ony şeýle tanaýardy. Hanym Tinbonyň bolşy islendik ynsany özüne çekýärdi. Ýöne Wyntiň özüne erk edip bilýärdi. «Operasiýa meselesini hassanyň özi çözmeli» diýip hasaplaýardy. Ýafyň ony görenden:
— Ýene bir «üýtgeşik» tabşyrykmy? — diýip sorady.
— Entek hiç zat belli däl — diýip, Wyntiň jogap berdi.
Jorasy Jaň aga operasiýa bolmak islemeýändigini näçe düşündirse-de, diňlemeýändigini aýtdy. «Senem bir gepleşip gör» diýip, ony gyssap alyp gitdi…
Iki bolup tirkeşip bejerişhana girenlerinde, zalda garaşyp oturan hassalaryň köpüsi ýerinden turup baş atyp salam berdi. Olaram ýylgyryp jogap berdiler. Wyntiň iş başyna geçende, daşyndaky goh ünsüni böldi. Gyýma balakly, uzyn donly, kellesine mata saralgy, daýhan keşpli ýaşulynyň bolup gelşini görüp, nobata duranlar çekilip ýol berdiler. Wyntiň daşyna çykyp ony saklady.
— Jaň aga, geliň, geçiň! — diýip oturmaga kömek etdi.
— Sizem oturyň, menem siz bilen gürleşmäge geldim. Diňle gyzym, men eýýäm birnäçe gün bäri bärde. Ölçerdim-dökdüm, ahyram karara geldim. Yzyma gitjek, soňra elim giňände geläýerin.
— Jaň aga, diýýäniňiz näme! Ozalam ýol söküp, pul döküp geldiňiz… Bizem gelşiksiz ýagdaýda goýýaňyz! Eliňiz boş barsaňyz öýdäkiler näme diýer?!
Dyzyna batly uran goja:
— «Gözi görmese, derde ýaranok» diýip pikir etmäň! Iki adamlyk işleýän, kömekçilerimem bar. Häzirlikçe hoşlaşmak üçin geldim. Bu gözüm bilen saňa-da dert boldum, aladaňa sag bol! — diýdi.
Ol köp ýyl bäri göz perdesinde dörän ýaradan ejir çekýärdi. Ötüşeni üçin ony bejerip bolmaýardy. Wyntiň lukmanlar topary bilen oba ugradylanda, derdiniň üsti açylypdy. Şonuň üçin şähere gelipdi.
Wyntiň:
— Gözleriňizi bejereris welin, at ýaly bolup işlärsiňiz. Size hiç kimiň kömegi gerek bolmaz! — diýdi.
— Wah, bu hiç-le!.. Olar şeýdip durmadyk bolsa, işden-ä gaçamok-la.
— Onda düşünişdik. Karara gelindi — diýip, Wyntiň ýylgyrdy.
— Lukman Wyntiň — diýip, goja sesini peseldip gürledi. — Seni özümiňki ýaly görenim üçin aýdaýaýyn. Elim ýuka, şony alada edýän. Gözüme goýjak diýen zadyňyzam entek gelenok. Ýygnanjalarymy orta goýdum. Eger uzak bolmaly bolsam, kyn düşjek — diýip, goja içindäkini dökdi.
— Wah, Jaň aga, muny dert edinmäň! Sizi «Gaýra goýulmasyz» diýip hasaba aldyrdym. Nobatyňyz erte, birigün gelse operasiýaňyzy ederis. Ylalaşdykmy?! — diýip, ony gapa çenli ugratdy.
Muňa goja monça boldy. Wyntiň ony ugradyp yzyna gaýdanda, on bir, on iki ýaşyndaky bir gyzjagaz öňünden çykdy. Onuň gara saçlary, alma ýaly gyzaryp duran ýaňaklary bardy. Ýöne gözüniň çaşylygy naşyja ýüzüniň bar gelşigini gaçyrýardy. Ol akja hassa geýimindedi.
— Siýaoman, sen bärde näme işleýäň? — diýip, Wyntiň oňa gatyrgandy.
Gyzjagaz:
— Wyntiň daýza, meniň öýümize gidesim gelýär! Operasiýa bolasym gelenok. Gorkýaryn — diýip aglamjyrady.
— Samsyjak, biz gepleşdig-ä! Bir sanjym ederin, hiç hili agyry duýmarsyň! Daýzaň, ine, şu gözüňi düzeder welin, olam beýlekisi ýaly owadan bolar. Häzirlikçe göni ýeriňe bar. Bärde gezmek bolanok! — diýip aşak eglip ýüzüne seredende, onuň häzirki halyna öz ýanyndan gynandy.
Göwni galkynan gyzjagaz gözleriniň ýaşyny eli bilen syryp, öz ýatýan otagyna ylgap gitdi. Wyntiň haýdap ýerine geldi. Soňky günlerde hassa köpelipdi. Ol ýitiren wagtynyň öwezini dolmak üçin howlukdy. Adamlary kabul edip başlady. Barlady, derman ýazdy, hassahana ýerleşdirmek üçin görkezmeler berdi… Şepagat uýasynyň sesi onuň ünsüni böldi:
— Lukman Wyntiň, telefona geliň!
Telefonyň aňyrsyndan çagalar bagynyň terbiýeçisiniň sesi geldi:
— Diadia ýaranok, gyzdyrýar. Düýnem gowy däldi, bu gün beterleşipdir. Seretdirdik, sanjym etdirdik, şonda-da gyzgyny düşenok. Işiňiz kändir, ýöne gelmeseňiz bolanok. «Eje» diýip aglap goýanok.
Wyntiň «bolýar» diýip gysga jogap berip, telefony goýdy. Näsagy köp bolany üçin gitmedi. Derrew adamsynyň iş ýerine jaň etdi. Oňa: «ýygnakda» diýip aýtdylar. Näme etjegini bilmän ýaýdandy.
— Kim jaň etdi? Bir zat boldumy? — diýip, Ýafyň sorady.
— Hiç zat — diýip, Wyntiň jogap berdi.
Wyntiň şahsy meselesi üçin rugsat soramagy makul görmeýärdi. Işini bolup gitme kararyna geldi-de, stoluna gaýdyp bardy. Ýöne gulagyna gyzynyň «eje, eje» diýip aglaýan sesi gelip durdy. Soňky hassany görenden soňra, ol geýnip işden çykyp gaýtdy.
8
— Hanym Wyntiň, gijä galdyňyz? — diýip, terbiýeçi ýüzüni kürşertdi.
Ol çagalar bagynyň lukmançylyk otagyna girende, ýatalgada ýygrylyp ýatan gyzyny gördi. Onuň ýüzi ot ýaly ýanýardy, gözleri ýumukdy. Agyr dem alýardy.
— Gyzym, ejeň geldi! — diýip, ol eglip oýarmaga çalyşdy.
Ýassykdan başyny çalaja galdyran gyz:
— Eje, geldiňmi? Öýe gideli! — diýip, gyryk sesi bilen aglap başlady.
— Bolýar! — diýip, ol ony eline alyp işleýän hassahanasyna gaýtdy.
Sowuklany üçin sanjym etdiler, soňra kärdeşi derman ýazyp berdi. Wyntiň ol ýerden howlugyp çykyp gaýtdy. Günortan arakesme wagty iş durupdy. Hemmeler dynç alýardy. Hatda hassahananyň öňündäki bagam boşap galypdy. Häzir ol ýerde gykuwlaýan gargalar mekan tutupdy. Jeňňel tebigat gözelligini bu guşlaryň sesleri bilen goramak isleýän ýalydy. Wyntiň birinji gezek olara üns berdi. Eli çagaly näme etjegini bilmän saklandy. Gyzyny çagalar bagyna goýsa boljak däldi. Öýe gitse ony kime goýmaly?! Ol ýüregine berk düwüp, yzyna öwrüldi. Başyny galdyran gyzy birden aglamaga başlady.
— Çagalar bagyna gitjek däl, äkitme…
— Diadia, diňle… — diýse-de, çaga has beter aglap başlady.
Şeýdip ol iki gapdaly söwda jaýly köçäniň boýuny syryp öýüne gaýtdy. Pyýada geçelgä ýetende daýhanlaryň bazary başlady. Wyntiňiň nazary hiç zatda eglenmedi. Maşgalada iki çaga bolaly bäri, ol bu aýdan ol aýa zordan ýetirinýärdi. Ýarawsyz gyzyny gujagyna gysyp, oglunyň nahar aladasy bilen öýüne howlukdy. Şeýdip sagat bir töweregi gapydan girdi.
— Eje, näme üçin beýle gijä galdyň? — diýip, ogly tasady.
— Göreňokmy, gyz jigiň ýaramady! — diýip, Wyntiň onuň ýüzüne seretmän jogap berdi-de, gyzynyň eşiklerini çalşyryp, ýorgana dolap ýatyrdy.
— Eje, men ajykdym. Iýer ýaly zat bersene. Ýogsam mekdebe gijä galaryn — diýip, stoluň başynda duran ogly sabyrsyzlyk bilen aýtdy.
— Gyssama, sen elmydama şeýle! — diýip, Wyntiň gatyrganyp gepledi.
Wyntiň aşhana ylgady. Howluksaň tersine bolşy ýaly, ne sowan pejiň kömrüni oňardy, ne-de nahar etdi. Gazan boşdy. Yşgapdanam iýere zat tapmady. Otaga gelende ogly şol bir ýerinde ýüzüni turşadyp durdy. Soňky döwür öýüň keşigini çekmek oňa agyr gelýärdi. Medeni öwrülişik ýyllarynda adamsynyň barlag instituty wagtlaýynça ýapylypdy. Diadiýe gurluşykda işläp, günüň ikinji ýarymy öýdedi. Hojalygy öz üstüne alansoň, Wyntiň yzyndan arkaýyndy. Edarasy täzeden işe başlady welin, ýene-de öňki-öňkülik bolupdy. Wyntiň sowuk-yssyny bilmän iş bilen öýüň arasynda ikä bölünäýjek bolýardy. Her minutda ýaşamak üçin göreşýärdi. Nahary saçaga goýýança arakesme gutarardy. Şeýdip ogluny mekdebe, adamsyny işine ýetişdirerdi. Özem işine ylgardy. Şu gün şeýle bolaýmalymy diýsene! Demini çala dürsäp, çekmeden tapan şaýlyklaryny iýer ýaly zat almagy üçin ogluna berdi. Körpe olary alyp gapa ylgady. Ýöne bosagadan yzyna gelip:
— Eje, sen näme? Hiç zat iýjek dälmi? — diýdi.
— Ýok, men dok.
— Ýok, men saňa-da alaryn — diýip, ogly ylgap çykyp gitdi.
Ýöräp gelşine symyşlap gelýän Ýuanýuan ejesine-de alan kökesini uzadyp okuwa gaýtdy. Ýadaw Wyntiň oturgyçda oturyp içerik göz aýlady. Bular är-aýal bolanlaryna şükür edip oňýan ynsanlardy. Ýorgana görä aýak uzadyp durmuş gurupdylar. Ilkibaşda bu öýde oturmaga oturgyjam ýokdy. Oňa derek kitap dünýäleri baýdy. Goňşy Çen daýzanyň: «Bu kitap gurçuklarynyň öýlerinde almaga zatlaram ýok» diýen sözlerini eşitseler-de, üns bermän özleriçe bagtlydylar. Işden sypyndyklary okaýardylar. Agşamlaryna ýarygijä çenli garyp külbäniň bir burçunda hersi öz işi bilen meşgul bolardy. Güýçlerini we saglyklaryny gaýgyrman, her gün iki çalşykda işlärdiler. Üýtgeşik düşewünt ýogam bolsa, muny kärlerini söýüp edýärdiler. Iller ýaly tomusda daşaryk çykyp çaý içen wagtlary ýokdy.
Wah, şol asuda günler geçip gidipdi. Ýaňy başlan düýş ýaly, durmuş birden başga öwrüm etdi. Tizara ogly soňra gyzy boldy. Şeýdip aladalar üst-üstüne artdy gidiberdi. Sallançak geldi welin, ozalam dar öýde aýak basmaga ýer galmandy. Onda-da bagtlydylar. Mekdebe gidip ugranda, tördäki üç çekmeli köneje ýazuw stoluny Wyntiň ogluna bermeli boldy. Durmuş, gör, nähili kyn zat! Oglunyň beren kökesini iýip otyrka, sagadyň kakýan sesine diň salýardy. Diadiany kime goýmaly?! Adamsyna jaň edeýin diýse, golaý-goltumda telefon ýokdy. Jaň edende-de ýerindemi, dälmi olam belli däldi. Şu pursat durmuş guranyna ökündi. Söýgä ynanyp sadalyk edendigini bildi. Öňünde şeýle günleriň bardygyny bilen bolsa, toý etmäge howlukmazdy. Wagt bolsa garaşanokdy. Ahyry ol Çen daýzalara tarap ylgady. Onuň ýogy ýokdy, uly höwes bilen çaga seredýärdi. Ol Wyntiňe:
— Yzyňdan arkaýyn bol! — diýdi.
Gyzynyň halaýan kitabyny başujunda goýup, bermeli dermanlaram Çen daýza ykjam tabşyryp, haýal etmän işine ugrady. Ýerine gelip şepagat uýadan azrak hassa ugratmagyny haýyş etjekdi. Emma direktor Jao operasiýa taýynlyk görmelidigini aýtdy. hanym Tinbo iki gezek jaň edip, hassa nämäni iýmegiň gadaganlygy, umuman, operasiýa taýýarlyk talaplary bilen gyzyklandy.
— Üýtgeşik taýýarlyk gerek däl — diýip, Wyntiň aýtdy.
— Beýle zat bolmaz! Hany, ýüzbe-ýüz oturyp gürleşeliň!
Ýöne Wyntiňiň onuň samahyllysyny diňlemäge wagty ýokdy.
— Meniň bu gün wagtym ýok. Hassam köp.
Olar ertir görüşmegi şertleşdiler. Iň soňky hassasyny ugradyp işden çykanda eýýäm garaňky gatlyşypdy. Öýüniň deňine ýetende penjireden Çen daýzanyň aýdyma hiňlenişini, gyzynyň gülki sesini eşidip özi bilmezden ýylgyrdy. Işikden aýagyny ädenden gyzynyň ýanyna ylgady. Maňlaýyny ellände gyzgyny ýokdy. Sanjym edip, derman berip ýatyrdy. Uly kömegi degen mähriban zenany minnetdarlyk bildirip ugratdy. Oňa çenli adamsy işden geldi. Soňra gapy kakyldy. Işikde adamsy bilen Ýafyň durdy. Jorasy:
— Biz siziň bilen hoşlaşmak üçin geldik — diýdi.
— Siz nirä barýaňyz? — diýip, Wyntiň gyzyklandy.
— Kanada gitmek üçin ýol şaýymyzy tutduk — diýip, jorasy Wyntiňden gözlerini gizledi.
Onuň gaýynatasy Kanadada lukman bolup işleýärdi. Birwagtdan bäri olary ýanyna almagy isleýändigini Wyntiň ozaldan bilýärdi. Ýöne bularyň birden razy bolmaklary garaşylmadyk ýagdaýdy.
— Näçe wagtlyk, haçan yzyňyza gelýäňiz?!
— Bilmedik welin, yzymyza dolanmazmykak diýýän.
Wyntiň ýasama şatlyk bilen aňk-taňk bolup jorasyna seredip:
— Näme üçin öň aýtmadyň?
— Raýymdan gaýtararsyň öýdüp gorkdum — diýip, Ýafyň aşak seretdi.
Oňa çenli adamsy Liu içi dürli-dümenden doly torbany stola goýdy-da, içindäki zatlary daşyna çykaryp:
— Siziň bilen hoşlaşyk agşamlygyny edinmek üçin geldik — diýdi.
9
Soňky oturylyşygyň gyzygy bolmady. Hiç kimden ses çykmady. Wyntiňiň gyzy ýatyrdy. Ogly bolsa telewizor görmek üçin goňşularyna gidipdi. Birden jenap Liu:
— Ynsan durmuşy täsin zat, ony isleýşiň ýaly ýöredip bolmaýar. Kakam lukman, muňa garamazdan edebiýatçam. Menem çagakam ýazyjy bolmagy arzuw edýärdim, ýöne ykbal kakamyň ýoluny saýlatdy. Şeýdip bu kärde otuz ýyl işledim.
— Galsaňyz bolanokmy? — diýip, Wyntiň ýuwaşlyk bilen sorady.
— Bu soragy özüme ýüz gezek berdim. Ömrümiň köp bölegi eýýäm yzda galdy, indi maňa näçe galandyr öýdýäňiz?
— Ýeri bolýar, gürrüňi üýtgedeliň.
Wyntiň olaryň ýekeje gyzlaryny has oňat durmuşda ýaşatmak üçin gidýändiklerini bilýärdi.
Liu:
— Ilkinji badany seniň üçin göterjek, Wyntiň! Bu ömrümde seniň ýaly işine wepaly lukmany görmedim! Muny elimi ýüregimiň üstünde goýup aýdýaryn!
— Goýsana! — diýip, Wyntiň sypaýyçylyk etdi.
Liu gaharly elini stola patladyp garşy çykdy:
— «Goýsana». Sen oturan ýeriňe seret! «Yşgabyň» içinde ýaşaýaň. «Iş» diýip gije-gündiz iki ýana at salýaň! Muny ada-şöhrata, pula gyzyp edeňok. Bu aýdýanlarym bilen ylalaşýaňmy, gardaş? — diýip, Diadiýe seretdi.
Ol sesini çykarman baş atdy. Wyntiň ýylgyryp:
— Aýdýanyňa mysal diňe men däl-ä. Hemmeler biz ýaly ýaşaýar — diýdi.
Jorasy onuň süýji ukuda ýatan gyzyna tarap seredip:
— Öz çagasyny ilden soňa goýýan-a görmedik — diýdi.
Liu:
— Biziň beýikligimizem şunda. Muňa «pida» diýilýär — diýdi.
Wyntiň:
— Bu gün size näme boldy? Diňe meniň üstümden düşýäňiz-le. Hana, janly şaýat! Hojalygy ýöredişimi soraň şondan! Meniň elimden wagtynda nahar iýen ýeri ýok! — diýdi.
— Emma sen ajaýyp lukman! — diýip, Liu garşy çykdy.
Wyntiňiň adamsy:
— Dogrusyny aýtsam, hassahananyň işinden göwnüm suw içenok. Lukmanam adam, ýerden ýeke çykanok. Maşgalasy bar, çagalary bar şuny bilmeli. Ugradylýan iş saparlarynyň sanyny unutdym. Wyntiň adaty günler işden gelende ýadawlykdan ýaňa aýak üstünde durup bilenok. Onsoň öýüň işine nireden ýarasyn!
Onuň sözüni kesen Liu:
— Gardaş, direktor Jaonyň ýerine bolan bolsam, çagalaň bilen saňa «gaýrat» medalyny dakardym. Wyntiň ýaly watançy zenan ýok — diýdi.
— Maňa sylag gerek däl. Işimiň aňsat däldigini bilýän.
Onuň egnine kakyp, Liu sözüni dowam etdi.
— Ýadyňa düşýärmi? Ýafyň saňa «kitap gurçugy» diýip gaharyňy getirerdi. Tüweleme, indi senden öý hojalykçy hem çykdy. Aşpezem bolduň! Görýäňmi, medeni öwrülişigiň gudratyny! Gör, nähili nesil kemala gelýär!
Keýpsiz oturan Wyntiň bilen adamsy muny eşidip has-da mazalary gaçdy. Ozalam ajy aýralygy içine sygdyryp bilmän otyrdylar. Jorasy hiç kime goşulman oturanam bolsa, ahyry dil ýardy.
— Şu bolgusyz gürrüňleriňi, goý! — diýip, ol adamsynyň ýüzüni aldy.
— Men hakykaty aýdýan! Häzirki ýagdaýda jemgyýetiň bar ýüküni orta ýaşlylar çekýär. Çylşyrymly operasiýalar, bilim bermeklik, ylmy gözlegler şolara ynanylýar. Hatda zawodlaryň işine hem şolar jogapkärçilik çekýär. Munuň üstüne, ene-atanyň aladasy, çagalaryň terbiýesi — ýükleri ýetik. Beýik adamlaryň aýtmadyk sözi ýok: «Döwletiň hajatyna düşünmedik, onuň mynasyp raýaty bolup bilmez». Ýöne orta ýaşlylaryň bu zatlar üçin nämelerini gurban edýändiklerini hiç kim görenok.
Wyntiň ýuwaşlyk bilen:
— Gynansak-da muňa hemmeler düşünenok-da — diýdi.
— Hawa, adam kyrk ýaşa ýetende mundan aňyrda özüne üýtgeşik zadyň garaşmaýandygyna ynanýar. Häzir welin, tersine, işleri köpelip ähli zat başlaryna galdy. Indi öňki adamlar ýok. Döwür üýtgedi. Özüňi görkezip, göreşip ýaşamaly. Howlukmaň, men entäk gutaramok. Biziň deň-duşlarymyzyň paýyna, ine, şeýle agyr synaglar düşdi.
— Eňegiňe jaň kakylan ýaly halys goýmadyň! — diýip, Ýafyň goşuldy.
— Beh, biziňki anyk nämede çüwmedi? — diýip, Diadiýe yzyny diňlemek isledi.
— Özüňden mysal al! Şatlykly ýyllaryň geçdi! Lagşap galdyň!..
Wyntiň bu söhbetdeşlikden bir zada düşündi. Liuniň diňe bir gyzy üçin däl, eýsem, özi üçinem gidýändigini bildi.
Liu:
— Geliň, indi hemmämiz üçin bada götereliň! — diýdi.
10
Wyntiň myhmanlaryny ugradyp saçagy ýygnady. Ýatmaga gelende adamsynyň başyny aşak salyp, gamgyn oturanyny gördi.
— Näme boldy? — diýip, ol sorady.
— Petefiň goşgulary ýadyňdamy?
— Hawa, ýadymda.
Diadiýe başyny galdyryp:
— Men şahyryň şol aýdan köne saraýna meňzeýän. Saçy düşen başyma, seret! Ýüzümiň ýygyrtlaryny ellämde-de duýýan. Aýna bakmak gerek däl. Men gaty garrapdyryn! — diýdi.
Wyntiň onuň gapdalyna geçip otyrdy:
— Bu meniň günäm, öýüň bar aladasyny seniň boýnuňa atdym.
Onuň elini aýasyna alan adamsy:
— Beý diýme!
— Ýok! Men ýanýoldaşlyk, enelik borjumy haklamadym. Bar iş-aladam hassalarym. Men olara özümi borçly duýýan. Şu duýgudan gutulyp bilemok.
— Biderek gepleme, saňa aňsat düşmeýänini bilýän.
— Seni men garratdym… — diýende, Wyntiňiň gözleri nemlendi.
— Zyýany ýok, söýgülim — diýip, Diadiýe onuň halaýan setirlerini okady:
— Köne bir saraý bolsam
Goý, meň söýgülim onda
Bolsun çyrmaşyk oty…
Güýz gijesidi. Wyntiň adamsynyň döşünde kellesini goýup uklady, göz owasynda togalanan ýaş damjalary gara kirpiklerinde doňup galdy. Adamsy başyny ýassyga goýup:
— Sen ýadapsyň, ýat! — diýdi.
— Ýok, ýadamok.
Diadiýe iň berk zat bolan demriň hem ýadaýandygyny aýtdy. Muny ol geçirýän gözlegleri esasynda öwrenipdi. Öň düşündirmäge çalşan zatlarynyň asyl manysyna Wyntiň indi düşünip ugrady. Onuň gulagyna dünýäniň ähli künjeginden weýrançylyk sesleri eşidilip başlan ýaly boldy. Göwnüne, ähli demirden gurlan heýkeller, köprüler şakyrdap synýan ýalydy.
11
Ýarygijedi. Wyntiňiň ýatan otagynyň diwaryndaky gyrpyp ýanýan çyralar hanym Tinbonyň sowuk gözlerini ýatladýardy. Olar oňa ýekeje gezek mähir bilen bakypdy. Ol jenap Çyňsiň hassahana ýerleşen güni boldy. Hanym onuň bilen ýüzbe-ýüz gürleşmek üçin ýanyna çagyrdy.
— Geliň, geçiň oturyň! Adamymy barlagdan geçirmek üçin alyp gitdiler. Gelýänçä söhbet edeliň! Bu ýörite gullukdaş dostunyň ugradan sowgady. Alyň, dadyň! — diýip, içi pyrtykally sebedi uzatdy.
— Ýok, bereket bersin! — diýen Wyntiň, bu sypaýyçylygyň aňyrsynda gizlenen ulumsylygy duýdy, asylam ol bu aýaly sulhy almaýardy.
— Göze gara suw inme näme? — diýip, hanym Tinbo sorag berdi.
— Göz bulançak görüp ugraýar. Operasiýany gijikdirmän etmeli.
— Şeý diýseňiz-le…
Bu sowuk-sala söhbetdeşligiň hiç kime peýdasy ýokdy. Çünki Wyntiňiň sözlerini tumşugy ýokary hanym hasabada alanokdy hem-de ony biparh garaýşy bilen bildirýärdi. Wyntiň işi başyndan agdykdy. Bir zatlary bahana edip ol turjak boldy. Ýöne hassany barlamaly bolany üçin sabyr etmegi makul gördi.
Hanym Tinbo:
— Häzir daşary döwletlerde emeli gözler goýulýar eken. Şu dogrymy?
— Hawa, biz hem bu ugurda synag edýäris.
— Meniň adamyma şeýle emeli gözleri goýsak, nähili görýäňiz?
Çalaja ýylgyran Wyntiň:
— Hanym, «synag edýäris» diýip ýaňy aýtdym-a. Adamyňyzy bu tejribe üçin göreçlerini pida edeniňe degýärmi?
— Bu aýdýanyňyz dogry — diýip, ol bu gezek ylalaşdy. — Onda geliň operasiýanyň meýilnamasyny düzeliň.
Wyntiň oňa geň galyp seretdi, ol bolsa düşündirip başlady.
— Adatdan daşary ýagdaý ýüze çyksa, nähili hereket etmelidigini öňünden kesgitlemeli. Bu hakynda gazetde okadym. Onuň üçin ýörite topar döredilýän eken.
Bolgusyz gürrüňe gülküsi tutan Wyntiň:
— Munuň zerurlygy ýok. Bu onuň ýaly kyn operasiýa däl — diýdi.
Islän jogabyny eşitmändigi üçin hanym Tinbo gursagyny gaýşardyp, ýüzüni kürşerdip gapdala sowdy. Ara birsalym dymyşlyk düşdi. Soňra ol akyl satmaga başlady. Ähli gören-eşiden başarnyksyz geçen operasiýalar hakynda aýdyp berip, dünýäni gapyşdyrdy. Wyntiň oňa gysgaça şeýle diýdi:
— Ýürekde şikes, öýken sowuklamasy bar bolsa, bu operasiýany geçirmek üçin ilki doly bejergi geçmeli.
— Ana, meni alada goýýanam şu zatlar. Onuň ýüregem sag däl, gan basyşam ýokary. Üsgürýärem.
— Şonuň üçin şu wagt ýörite barlagdan geçýär — diýip, Wyntiň ony köşeşdirmäge çalyşdy, ýöne hanym ýene özüniňkini tutdy.
Wyntiň bu was-was zenandan näme diýende-de, sypmajagyna gözi ýetdi. Ol sagada seretdi, iş wagty tamamlanyp barýardy. Ol iňňäniň üstünde oturan ýaly, gözi gapydady. Birden aýak sesleri geldi. Şepagat uýasy jenap Çyňsini getirdi. Ol Wyntiň bilen salamlaşandan soň, gapdala geçip oturdy. Köp saklananyny aklamak üçin aýalynyň uzadan çaýyny eline alyp, şeýle diýdi:
— Ähli barlagdan geçdim. Hemmesinem nobata goýman etdiler, sagbolsunlar! Göz operasiýasy üçin adamlary munça azara goýmak gerek däldi!
Wyntiň eline berlen barlag netijelerine seretdi, içinden birlaý geçip tanyşdy.
— Hemme zat gül ýaly, diňe gan basyşy ýokary. Jenap, soňky döwürler üsgürýäňizmi?
— Ýok.
— Operasiýa wagty üsgürseň näme? — diýip, aýaly goşuldy.
— Senem bir zat tapaýýaň — diýip, ýaşuly gürrüňi başga ýana sowjak boldy.
— Bu saňa oýun iş däl… — diýip, aýaly takal okamaga başlady.
Wyntiň:
— Şeýle ýagdaý ýüze çyksa, tikin salyp garaşarys — diýdi.
— Hana, çözgüt tapyldy!.. Ýogsa-da, sag gözüme operasiýa edilende şuňa meňzeş ýagdaý bolupdy.
Wyntiň geň galyp:
— Şeýlemi, size haýsy hassahanada operasiýa etdiler? — diýip sorady.
— Şu ýerde etdiler.
Beýle gabat gelşini diýsene. Wyntiň on ýyl mundan ozal şeýle ýagdaýy başdan geçirdi. Şol operasiýa edeniň familiýasy näme-dä?! Çaody. Bu tötänlik däl. Diýmek, öňünde oturan şol adamdy.
— Şeýle lukmanlar uly hormata mynasyp, hakyky käriniň eýeleri. Haýp, köp wagt geçip ýazgy galmany üçin, ol lukmany tapyp bilmedik. Eger şol operasiýa etse-di, içimde biynjalyk duýgusy galmazdy. Biz muny direktora-da aýdypdyk — diýip, aýaly goşuldy hem-de Wyntiňiň ýüzüniň üýtgänini görüp, sözüniň üstüni ýetirdi: — Beý diýýär diýip gaty görmäň! Teklip edileniňiz üçin ynamy ödärsiňiz diýip umyt edýän. Şu mysaldan özüňizçe netije çykaryp görelde alyň!
Aşak seredip oturan Wyntiň sesini çykarman diňe «bolýar» diýen manyda baş atdy. Lukman abzalyny çykaryp, hassanyň gözlerini barlady-da:
— Eger mümkinçilik bolsa ertir ýa-da birigün operasiýa ederis — diýdi.
— Näçe ir bolsa, şonça gowy — diýip, ýaşuly razylyk berdi.
Sagat alty bolany üçin iş güni gutardy. Wyntiň çykyp barýarka, hanym yzyndan gygyrdy.
— Siz öýüňizemi?
— Hawa!
— Ýoldaşymyň awtoulagy yzymdan geldi. Sizem düşüreliň!
— Ýok, gerek däl — diýip, Wyntiň gyssanyp çykyp gaýtdy.
12
Adamsy aýalyndan çişen gözlerini aýyrman doňan ýaly bolup otyrdy. Bile ýaşaşan on ýylynyň içinde, oňa beýle ýakyndan birinji gezek seredip oturyşydy. Onuň nähili garrandygyny şu pursat bildi. Gözel saçlaryndan kümüşsöw tarlary geçýärdi. Öň tekiz ýüzi ýygyrt tutup, ter dodaklarynyň gapdallary içine çöküpdi. Ýagsyz peltede sönüp gidäýjek çyra meňzeýärdi. Wyntiň daşyndan näçe ejiz görünse-de, ruhy taýdan güýçlüdi. Aladasyny ýaşyrmazdy, çäresini özi gözläp, hiç zatdan şikaýat etmezdi. Bir söz bilen aýdanyňda mert zenandy. Diadiýe oňa bu sözleri ençeme gezek aýdypdy.
Ertir operasiýa bolmaly agşamy adatdaky ýaly geçdi. Çagalar ýatandan soň, otagda birsalym dymyşlyk höküm sürdi. Güýz şemaly penjiräniň daşynda iki ýana urunýardy. Wyntiň çagalar bagynda ýyly eşik barada aýdylany üçin gyzynyň geçen ýylky geýen güpbüsini çykaryp ýeňini uzaltdy. Soňra oturgyja geýdirip goýdy. Diadiýede ol işlerini bolandan soň, kitaplaryny alyp stoluň başyna geçdi. Içi bükgüldili oturyp bilmedik Wyntiň:
— Ertir iki operasiýam bar. Hassalarymy alada edýän, şolary görüp gaýtjak — diýip, geýnip ugrady.
Ol köplenç şular ýaly wagt hassahana gidýärdi. Diadiýe:
— Özüň bärde bolsaňam, kalbyň hassalaňda. Bolýar. Agşam çigregi düşdi, ýyljak geýin — diýdi.
Wyntiň yzyna gelende, otagda entägem çyra ýanýardy. Adamsy işläp otyrdy. Ol çagalaryň üstüni ýapyp, özi hem geçip gyşardy. Diadiýe onuň gelenini bilýärdi. Wyntiň çyra päsgel bermeýändigini görkezjek bolup, adatdaky ýaly ýatan boldy. Adamsy munuň ýaly kiçijik oýunlara atam döwründen bäri beletdi. Ýöne bilmezlige salardy. Bir sagatdan soň ýerinden turdy-da, özüne:
— Besdir, ýatmaly — diýip, okap oturan kitabyny batly ýapdy.
Wyntiň:
— Maňa päsgel bereňok. Arkaýyn işläber! — diýdi.
— Meniň bu işe on ýylym gitdi. Bir gijede nädip gutaraýyn.
— Saňa näme hakynda pikir edýänimi aýdaýynmy? — diýip, Wyntiň sorady.
Adamsy:
— Hiç zadyň pikirini etme, ertir sen operasiýa girmeli. Ýat! — diýdi.
— Sözümi bölme! Ylmy işiňi dynýançaň, wagtlaýynça iş ýeriňe göç!
Ol aňka-taňka bolup aýalynyň ýüzüne seretdi. Wyntiň ýylgyryp şu pikiri ýüregi bilen makullaýandygyny aýtdy.
— Men oýun edemok. Eden açyşlaryňy durmuşa geçirmegiň wagty geldi! Biz saňa çagalar bilen ýük bolýas. Bu gürrüňi çagalaňdan aýyrjak bolup ýa-da aýrylyşjak bolup tapmadym. Gözümiň üstünde ornuň bar. Çagalara kaka gerek, alyma-da maşgala. Sen arkaýyn işlär ýaly tapan çykalgam…
Diadiýe muňa garşy çykdy. Ýeke özüne kyn düşjekdigini aýdyp, mysal baryny getirdi. Ýöne Wyntiň öz diýenini tutdy. Ahyry adamsy boýun boldy. Ertirden başlap täze durmuşa başlamaly diýen karara geldi. Diadiýe ýatmaga gidende, Wyntiň eýýäm uklapdy. Täze tapan zadyna begenýän ýaly, ol ýatyrka-da ýylgyrýardy.
13
Wyntiň irden işe gelende, professor Sun ony gowy habar bilen garşy aldy. Göz perdeleriň çalşygy üçin gerekli dokumalaryň gelendigini aýdyp:
— Operasiýasyny edersiňizmi? — diýip sorady.
— Elbetde, edil şoňa degişli hassam bar — diýip, ol begenip jogap berdi.
Ýöne häzir onuň iki operasiýasy bardy. Hersine bir sagat gerekdi. Üçünjä ne güýji, ne-de wagty galjakdy. Professor Sun şulary ýatladanda, ol şeýle diýdi:
— Kyn göremok. Meniň üçin mesele däl!
Wyntiňiň sesinden içine sygmaýan joşguny bildirip durdy. Özüni oňat duýýardy, keýpiçagdy.
— Onda işe başla! — diýip, lukman Sun onuň öňünden sowlup ýol berdi.
Wyntiňiň bolşy işe däl-de, göwün açmaga gelen ýalydy. Aýagynda tigirçek bar ýaly ýeňil gopýardy. Ol jorasy Ýafyňyň yzyndan ýetip, operasiýa otagyna goltuklaşyp gitdiler. Bu bölüm tutuş birinji gaty eýeläp otyrdy. Aýnaly gapyň ýüzünde «operasiýa jaýy» diýen gyzyl ýazgy bardy. Oňa şepagat uýasy bilen giren hassa gürüm-jürüm bolýardy. Daşynda habara garaşýan maşgala üçin dünýäň soňy gelene dönýärdi. Gorky dolan gözler aýnadan aňry seretse, tümlükden başga zady görmeýärdi. Ajal ýiti dyrnakly penjesini uzadyp, ýakyn adamyňy äkidäýjek ýaly görünýärdi.
Aslynda, operasiýa otagy beýle bir erbet ýer däldi. Ol ynsanlara täze durmuşy gaýdyp berýärdi. Bu ýerdäki lukmanlaryň bary birmeňzeş geýnerdi. Ýüzleri örtükli bolup diňe gözleri görünýärdi. Daşyndan erkekmi, zenanmy — tanap bolmaýardy. Gök reňkli başgaplarynda-da edil gapydaky ýaly ýazgy bardy. Asudalyk bilen tertip-düzgün berk saklanardy. Olar näçe başagaý bolsalar-da, birinden ses çykmazdy. Diňe haýdap ýörärdiler. Häzir göz bölümine degişli operasiýa otagynda demir ýatalganyň üstünde jenap Çyňsi ýatyrdy. Üsti ap-ak mata bilen örtülip, diňe gözi görünýärdi. Rezin ellikli ellerini ýokary tutup Wyntiň geldi. Tegelek aýlanýan oturgyjyna geçip otyrdy. Boýy kelte bolany üçin ony köplenç aşak düşürmeli bolýardy. Ýöne bu gün isleýşi ýalydy. Muny kimiň edenini bilip, jorasyna minnetdarlyk bildirip baş atdy. Soňra üsti dürli lukman abzally, tigirçekli stol öňüne geldi. Daşyndan seretseň, dürli-dümenli saçak getirilen ýalydy.
Wyntiň:
— Başlaýas. Jenap, gozganmaň! Sanjym edilenden soň, göz duýgurlygyny ýitirer. Operasiýa uzaga çekmez — diýdi.
— Garaşyň!
Ýaşulynyň sesine hemmeler «Näme bolduka?» bolup biri-birine seredişdi. Ol üstündäki ýapgyny bir gapdala serpip, Wyntiňe tarap barmagyny çommaltdy:
— Öňki operasiýamam siz etdiňiz! Muny boýnuňyza alyň! Sesiňizden tanadym. Şol bir sözleri gaýtaladyňyz…
Wyntiň:
— Hawa, mendim — diýdi.
— Näme üçin muny öň aýtmadyňyz? Men size borçly!.. — diýip, ýaşuly tolgunany üçin çalt-çalt dem alyp, wagty bilen özüne gelip bilmedi.
— Beýle diýmäň, wagt ýitirmän operasiýa başlamaly — diýip, Wyntiň onuň üstüni täzeden örtmelidigini şepagat uýasyna üm bilen düşündirdi. Soňra:
— Gymyldamaň! — diýip, göz gabaklaryna sanjym etdi.
Ol bular ýaly eden operasiýalaryň sanyny ýitiripdi. Her gezek şu ýere geçip oturanda, dünýäni unudyp, özüni söweşe giren esger ýaly duýýardy. Birsalymdan çyranyň ýagtysyny göz bäbenegine tutup işine başlady. Emaý bilen gerek ýerinde göz perdesini dildi. Yz ýany jorasynyň uzadan iňňesini sanjym üçin ulanjak boldy. Çemini tapmady. Ýüzüni çytyp ony çyra tutdy. Görse öz ulanýany däl. Her sekunt hasaplydy. Lukman hassany ýagtylyga çykaryşy ýaly, baky tümlüge-de salyp bilýärdi. Bu gün hasam ünsli bolmalydy. Şular ýaly pes hilli zatlaryň adam jany bilen işleşip otyrka peýda bolmasy ozalam dartgynly duran Wyntiňiň gaharyny getirdi. Ol şepagat uýasyna gaharly seretdi. Oňa öz ulanýanyny derrew tapyp berdiler. Indi hemme zat diýşi ýaly gidip, operasiýa tamamlanyp barýardy. Ýöne jenap Çyňsi ardynjyrap, gozganyp başlady. Üsgülewüginiň tutýandygyny aýtdy. Aýaly edil aýnada gören ýaly, beýle boljagyny bilipdi. Oňa sabyr ediň diýip aýtdylar, ýöne ol:
— Ýok, bolanok — diýip, döşi bilen gabarylyp agyr dem alýardy.
Wyntiň wagt ýitirmän derrew çäresini gördi. Göze gelýän gan akmany daňyp togtatdy hem-de hassany köşeşdirmäge çalyşdy. Taýýar bolanda özüne agram salman dem almagy, çalajadan üsgürmelidigini duýdurdy. Ýöne jenap Çyňsiň demi kem-kemden kadalaşdy.
— Bagyşlaň! Indi ýagşy, dowam ediberiň! — diýip aýtdy.
Onuň özüne erk edip bilmäni üçin utanýanlygy sesinden bildirip durdy. Jany damagyna gelen adam garjaşyk duýgulara düşüp bilýärdi. Gahary gelen jorasy ýüzüni alaýmasyn diýip, Wyntiň gözi bilen ony saklady. Gaýtadan operasiýa başlady we ony sag-aman tamamlady. Şepagat uýasy ýaşulyny tigirçekli oturgyçda oturdyp, operasiýa otagdan çykaryp barýarka, jenap Çyňsi Wyntiňi sorady. Ol ýanyna gelip:
— Näme boldy? — diýip sorady.
Ýaşuly onuň elinden tutup:
— Siz iki gezek meniň janymy halas etdiňiz! Men muny unutmaryn. Size ömürboýy borçludyryn! — diýdi.
Onuň saralgy ýüzüne sereden Wyntiň:
— Siz, dynç almaly! Birnäçe günden düşen tikinleri aýyrmaly — diýip, şepagat uýasyna çykalgany görkezdi.
Ol diwardaky sagada göz aýlady. Adatça, kyrk minut dowam edýän operasiýa bir sagada çekipdi. Wyntiň elindäki rezin elligini, haladyny çykaryp täzesini geýdi-de:
— Indikä başlaýasmy? — diýip, jorasyndan sorady.
— Hawa — diýip, ol jogap berdi.
14
Jorasy:
— Bu operasiýany men edeýin! Sen dynjyňy alyp, üçünjä taýynlan — diýdi.
Wyntiň:
— Ol gyzjagaz seni tananok! Özem gaty gorkak. Maňa öwrenişeni üçin operasiýa razy boldy — diýdi.
Şepagat uýasy baş bermedik Sýaomani elinden çekip zordan getirdi. Ýerine geçirjek bolanda, özüni elletmejek bolup elini silkýärdi. Wyntiňe tarap süýşüp, operasiýa stolunda ýatmak islemedi.
— Wyntiň daýza, operasiýa gerek däl, ejem bilen gürleşiň! — diýdi.
Wyntiň ony köşeşdirmäge çalyşdy.
— Sýaoman, biz näme barada gepleşdik?! Sen akyllyja bolup meni diňleýäň! Menem saňa agyry duýmajagyňa söz berdim.
Onuň mähriban bakyşy azajygam bolsa ony köşeşdirdi. Nädip operasiýa stoluna münenini özem bilmän galdy. Şepagat uýasy Wyntiňiň ümüne düşünip, göz açyp-ýumasy salymda onuň ellerini daňdy.
— Sýaoman, gulak as! Bu ýerde hemmeleriň şeýdip eli daňylýar. Diýşim ýaly sanjym edýän, agyry duýmarsyň — diýip, Wyntiň gyzjagazy gürrüňe güýmäp işe başlady.
— Azajyk sabyr et. Berekella! Häzir bolýas! Ine… — diýen sözler bilen bu operasiýanam tamamlady.
Operasiýadan soň gyzjagazy ýerine geçirdiler. Dynç alyp turandan soň, jak-jak gülüp, ejesiniň öwredişi ýaly, öz ýanyndan Wyntiňe minnetdarlyk bildirdi. Ýöne operasiýa wagty Wyntiňi erbet der basdy. Eşiklerini sykaýmaly boldy. Daşary yssy däldi, ol muny köp hereket edenden gördi. Elleri-aýaklary sanjyp, bedeni sorkuldap agyrdy. Indiki operasiýa üçin çalşyrynmaga baranda, birden gözüniň öňi garaňkyrap gitdi. Kellesini eýläk-beýläk ýaýkap özüni rahatlandyrjak boldy. Guşagyny daňmak üçin gelen şepagat uýasy onuň edil ak esgi ýaly bolan ýüzüni görüp, gorkudan ýaňa yza çekildi.
— Size näme bolýar? Dodagyňyz gurapdyr.
— Häzir geçer, ýadawlykdandyr.
Dogrudanam, onuň göz owalary çişipdi.
Gyz:
— Indiki operasiýa taýynmy? — diýip sorady.
— Elbetde!
Jorasynyň ýarym sagat dynjyňy al diýeninem diňlemedi. Çünki iş tertibinden yza galsa, hiç kim arakesmä çykyp biljek däldi. Özüniň nahar, öý diýip kösenişini bilýärdi. Hiç kimi işinden goýasy gelmäni üçin ol biragyz:
— Başlaýas! — diýdi.
15
Jaň agany alyp gelen şepagat uýasy oňa operasiýa edilmeli ýere geçmäge kömek etdi. Ýöne ol daýaw bolany üçin çemini tapmak kyn boldy. Näme diýse tersine edýärdi. Üstesine, gojaň agzam dek duranokdy.
— Keýgim, men bärik keýpine gelemok! Şu gözlerim gören bolsa, bu ýerde gugaryp oturmazdym. Edil towşan ýaly bir ýerde durup bilemok! Meýdanda günde iki çalşyk işleýärin. Wah, ýatsam-tursam şeýle güne galaryn öýtmeýärdim. Aý, näme, saglyk bolsun! Asyl kakam pahyrda bardy bu dert. Ömrüne kör ýaşap geçdi. Gezek maňa gelende bagtym çüwdi, bu dertden gutulyp biljegimi eşidemde, begenjime tas aglapdym — diýip, goja joşup-joşup gepleýärdi.
Ol gyzam güldürýärdi, özem gülýärdi. Wyntiň gapydan girende, olaryň seslerine suw sepilen ýaly boldy.
— Lukman Wyntiň, sizmi? Gulagym edil mis ýalydyr. Görmekden galanym bäri, gaty duýgur bolupdyryn.
Wyntiň bu şadyýan gojany görende ýylgyrman durup bilenokdy. Operasiýa taýýarlyk başlandy. Dokumalary taýynlamak üçin birazajyk eglenmeli boldular. Jaň aga edil eňegine jaň kakylan ýaly durman gürleýärdi.
— Şu ýaşyma çenli gözüň çalşyp bolýanyny eşitmändim.
Ýafyň:
— Gözüň perdesini çalyşýas — diýip düzetdi.
— Hemmesi bir zatdyr-da. Öýe baramda «bu haýsy jadygöýiň işi?» diýip sorasalar, lukman Wyntiňiň adyny bererin…
Wyntiň taýýarlyk işlerini tamamlandan soň, Jaň aga sanjym edip, gabaklaryny yza çekdi we «gozganman ýatyň diýip aýtdy-da, operasiýa başlady. Lukmanyň aýdanlaryny eşidip, dymmagy edepsizlik hasaplan goja derrew jogap berdi:
— Alada etmäň, lukman, arkaýyn kesiň! Janymy size ynanýaryn… Wyntiň ýara düşen perde bölekleri aýyrdy. Soňra ulanyşa taýýarlan dokumalaryny oturdyp tikine başlady. Dyrnagyň ujy ýaly ýere on iki tikin salmalydy… Soňky operasiýa hem şowly geçdi. Dokumalar saz oturdy. Işiň gidişini görmäge gatnaşanlar onuň iş başarjaňlygyna göwni ýetdi. Jaň agany hem ýerine äkitdiler. Olam edil Sýaoman ýaly, turandan soň Wyntiňe öz ýanyndan minnetdarlyk bildirdi.
Hemmeler dagady. Ýöne demini dürsäp oturan Wyntiň ýerinden turjak bolanda, gurşan aýaklary diýenini etmedi. Bili agyryp, endam-
-jany soka salnan ýalydy. Operasiýa wagty barlygyny bildirmedik ýadawlyk häzir ony erbet köseýärdi. Göwresini galdyrmagy başarsa-da, her ädimini zordan ädýärdi.
16
«Institutda ýaşamaly» diýip gepleşişleri ýaly, Diadiýe irden goş-golamlaryny alyp işe gaýtdy. Ýöne günortan bolanda, bu gün aýalynyň operasiýa günüdigi ýadyna düşdi. «Wagtynda boşap, çaý-nahara ýararmyka?» diýip biynjalyk boldy. Alada edeni üçin oturyp bilmän öýüne gaýtdy. Boş geçelgä ýetende, birden diwara ýapyşyp duran Wyntiňi gördi.
— Saňa näme boldy? — diýip, ol welosipetden düşdi hem-de aýaly ýykylmanka saklap ýetişdi.
Onuň reňki solan, der basan ýüzüne seredip gorkdy. Wyntiň erbet ýadandygyny aýtdy. Adamsy goluna girip, ony maýdalyna öýe alyp gaýtdy hem-de içerik girip, ýerine geçmäge kömek etdi.
Ýatyp galsa oýarjagyny aýdyp, adamsy naharyň ugruna çykdy. Suw, aş almak üçin yzyna gelende, Wyntiň oňa şeýle diýdi:
— Şu ýekşenbede çagalary alyp Beýhaýa aýlanmana gideli!
On ýyl bäri bolmadyk bu seýilgähi aýalynyň birden islemegi adamsyny geň galdyrdy.
— Bolýar, uly höwes bilen — diýip, ol aýalynyň ýüzüne aladaly seretdi, goýan suwy ýadyna düşüp aşhana gitdi.
Biraz salymdan eli günortanlyk naharly geldi. Wyntiň irkileni üçin ony oýarmady. Ogly mekdepden gelenden soň, nahar iýmäge oturdylar. Birden Wyntiňiň ýuwaşja iňňildisi eşidildi. Tabagyny öňünden itip, Diadiýe derrew aýalyna tarap öwrüldi hem-de onuň elinden tutup:
— Niräň agyrýar? — diýip sorady.
Ol eli bilen döşüni görkezdi. Adamsy stoluň çekmesini açyp, derman gözläp başlady. Wyntiň onuň golundan tutup saklady.
— Meni hassahana äkit.
Diňe şondan soň Diadiýe onuň ýagdaýynyň erbetdigine düşündi. Gapa ylgap köwşüni geýip durka:
— Taksi alyp geleýin — diýip çykyp gitdi.
Geçelgäniň öňünde tölegli telefon bardy. Taksi şereketi bilen habarlaşanda, ýarym sagatdan soň jaň ediň diýdiler. Derdini düşündirjek bolanda, ara eýýäm kesilipdi. Wagt ýitirmän hassahana aýlady. Emma göz bölüminden hiç kim jogap bermedi, şonuň üçin sorag-jogap gullugy arkaly tiz kömek gullugyna jaň etdi. Olar edaranyň ýazmaça rugsady bolmasa, ulagy iberip bilmeýändiklerini aýtdylar.
— Bu rugsady nireden almaly? Alo, alo! — diýip, Diadiýe janygyp telefony ýarara getirdi.
Ýöne telefonyň beýleki ujundan indi ony diňleýän ýokdy. Soňra ýene hassahana jaň etdi. Uzak çagyryşdan soň aýal sesi eşidildi. Zenan ony diňläp, hassahananyň dolandyryş bölümi bilen habarlaşmagy maslahat berdi. Belgini anyklamak üçin ýene sorag-jogap gullugyna jaň etdi. Telefon operatory onuň sesini tanap:
— Size anyk nire gerek? — diýip gaharly sorady.
Ol näme jogap berjegini bilmän, aljyraňňy hala düşdi. Akyly başyndan uçup, sesini çykarman dymdy…
Ol taksiden tamasyny bireýýäm üzüpdi. Golaý-goltumdan rikşa tapyp bilse razy boldy. Ýogsa-da, golaýdaky kärhanada guty önümleri daşaýan rikşalar işleýärdi. Diadiýe şol tarapa ylgady. Kärhananyň agzyndaky garry aýal ony diňläp duýgudaşlyk bildirdi. Ýöne edip biljek kömeginiň ýokdugyny, ähli rikşalaryň hyzmatdadygyny aýtdy. Näme etmeli? Bolmasa, welosiped bilen äkitmelimi?! Wah, ýöne ol oturyp biljek däldi! Ol däli ýaly ýene köçä ylgady. Bir ýük ulagy gelýärdi. Diadiýe elini ýokaryk galdyryp, göni onuň öňüne özüni atdy. Sakaly ýüzüni ýapyp duran sürüji aýnadan kellesini çykaryp, oňa gaharly seretdi, ýöne agzyny açyp ýetişmänkä Diadiýe elewräp, ýagdaýyny düşündirip başlady. Sürüji gapdal gapysyny açyp, ulagyň içine girmegi aýtdy. Diadiýe öýe gelip, onuň kömegi bilen aýalyny hassahana getirdi.
17
Ýürek urşy, beýni duýujylygy kadaly işläp, özüne gelerçe bolsa-da, Wyntiň gözüni açyberenokdy. Häzir ol hiç almadyk ukusyny alýardy. Sebäbi kowalaşyp geçen durmuşy oňa ine-gana dynç almaga maý bermändi. Ne yzy, ne-de geljegi barada pikir etmäge wagt tapypdy. Aladalardan saplanmak ynsana aşa rahatlyk berip, ony guýy ýaly umytsyz boşlugyň içine atýan eken…
Güýz şemaly penjiräni kakýardy. Gijäniň garaňkylygy otagy garaňkyradypdy. Ol agyr hassalar üçin niýetlenen ýerde ýatyrdy. Adamsy oturan ýerinde uklap galypdy. Wyntiň onuň üstüne üşemez ýaly bir zat atmak isledi. Oýarmak üçin adyny tutup gygyrmaga çalyşdy. Ýöne güýji ýetmedi… Birden ony sowuk der basdy. Onuň üçin bu bolýanlar durmuşyň soňy, ölümiň bosagasy ýalydy. Sebäbi durmuş çyragy ýuwaşlyk bilen sönüp barýardy. Suwuň ýüzüne düşen ýapragyň ahyry çümşi ýaly, ölümem ony towlanyp akýan tolkunlaryň arasyna atdy… Has gorkunç düýşi indi başlady.
— Eje eje… — diýip, gyzy kenaryň gyrasy bilen suwda akyp barýan ejesiniň yzyndan ylgap barýardy.
Iki ýana urnup halas boljak bolýan Wyntiň oňa tarap elini uzadyp:
— Diadia!.. Gyzym!.. — diýip gygyrýardy.
Ýöne akym durman ony has uzaga äkitdi. Indi gyzynyň ýüzi bulaşyk görünýärdi.
— Eje… saçymy örüp ber! — diýip, ol agy gatyşykly sesi bilen ýuwaşja gygyrdy.
Bary-ýogy alty ýaşyndaky çagajyk. Häzire çenli gyzynyň şu ýönekeýje islegini ýerine ýetirmegine oňa näme päsgel berdikä?! Şujagaz zat gyzynyň iň uly arzuwydy. Çagalar bagyndaky deň-duşlarynyň ujy peşmek ýaly akja saç bagly, örülen saçlaryny görende olara gözi giderdi. Ýöne muny etmek üçin onuň hiç wagty ýokdy. Işe ýetişmelidi, her minuty hasaplydy.
— Eje, eje…
Bu oglunyň sesidi. Ol hem bir ýerden çykdy… Ellerini uzadyp, kenaryň gyrasy bilen oňa tarap ylgady.
— Ýuanýuan… oglum! — diýip ýetişmänkä, ony tolkunlar basdy.
Ol suwdan zordan kellesini çykardy, ýöne ogly görnenokdy. Gulagyna diňe onuň sesi gelýärdi:
— Eje… ýatdan çykarma! Maňa aýakgap alyp berjek diýipdiň!
Birden Wyntigiň gözüniň öňünde sport aýakgaplar dükany peýda boldy. Onuň içinde ak, gök, gyzyl aýakgaplary setir-setir düzüldi. Nähilisi diýseň bardy. Ýyrtylan aýakgabynyň deregine şolardan birini satyn alsa, ogly nähili şatlanjakdy. Ýöne birsalymdan soň harytlar ýitirim boldy. Oňa derek olaryň barysynyň bahasy ýaldyrap göründi… Bir seretse:
— Gitme, Wyntiň! — diýip, adamsam ylgap gelýärdi.
Ol kenara çykyp oňa garaşjak boldy, ýöne akym öňküdenem güýçlendi.
— Lukman Wyntiň! — diýip, kenarda duran adamlaryň sany köpeldi.
Olaryň nireden çykandygy belli däldi. Jorasy Ýafyň, direktor Jao, bölüm müdiri Sun, jenap Çyňsi, Jaň aga, kiçijik Sýaoman we beýleki hassalar bardy. Ol olaryň köpüsini tanamady. Mundan artyk güýji galmadyk Wyntiň olar bilen öz ýanyndan ýeke-ýekeden hoşlaşdy.
— Hoş galyň, balalarym! Men sizi soňky demime çenli gowy görerin. Siz enelik mähriniň nämedigini duýmadyňyz. Ýekeje ýylgyryşyňyza wagtynda jogap bermedim! Sizi göresim geler!
— Hoş gal, maňa durmuş beren ýarym! Sen maňa kynçylyklary ýeňip geçmegime kömek etdiň. Ýöne saňa mynasyp ýar bolup bilmedim. Işden wagtynda gelip, nahar bişirmegi gaty isläpdim. Ýöne ýekeje gezegem muny başarmadym…
— Hoş galyň, hassalarym! Soňky on sekiz ýylda siz meniň durmuşymyň iň möhüm bölegi bolduňyz. Sizden başga kişini gözüm görmedi. Lukman üçin her bir bejerilen gözüň nähili şatlyk getirýändigini bilsediňiz! Ýöne indi muny maňa duýma ýok. Wah, bu hoşlaşyk maňa gaty agyr gelýär. Men…
18
— Ýürek urşy düşýär! — diýip, görkeziji enjama sereden lukman aýtdy…
Çagyrylan nobatçy lukmanlar we şepagat uýasy hassanyň otagyna ylgadylar.
— Derrew köşeşdiriji sanjym ediň! — diýip, uly lukman buýruk berdi.
Şepagat uýasy dermany doly goýberip ýetişmänkä, Wyntiň ýumruklaryny düwdi. Onuň dodaklary gögerip, gözleri agdy. Howa ýetmezçiligi başlady. Ýüregi saklandy. Gyssagly çäreler görüp, ýürege emeli owkalama geçirildi, ýüzüne howa beriji örtük dakyldy. Dürli emelleriň täsiri bilen onuň ýüregi ýene urup başlady.
— Buz ýassygyny taýýarlaň! — diýip, nobatçy lukman aýtdy.
Wyntiňiň kellesine içi buzdan doldurylan başgaby geýdirdiler.
19
Asman ýagtylyp ahyrsoňy daň atdy. Gije ölümiň gyrasyndan gaýdan Wyntiň säher bilen täze durmuşa başlady. Şepagat uýasy gelip penjiräni açdy. Dermanyň agyr ysy basan otaga arassa howa bilen guşlaryň sesi böwsüp girdi. Soňra barlag başlandy. Irdenki çalşykdaky lukmanlar yzly-yzyna geldi. Girim-çykym öňküden artany üçin ylla töwerek-daş janlanan ýaly boldy. Sýaoman saralgy gözüni bir eli bilen ýapyp, şepagat uýasynyň ýanyna gelip, Wyntiňi görmäge rugsat sorady. Ýöne munuň gadagandygyny eşidip gynandy. Ol:
— Ýüzüni görsemem razy. Gapydan görkezäýiň!.. — diýip ýalbardy.
— Düýn ony zordan halas etdiler, hiç kime görmäge rugsat berlenok! — diýip, gyz sözüni bölüp çürt-kesik aýtdy.
Sýaoman şumjaryp başlady. Oňa çenli agtygy bilen gelýän Jaň agany görüp onuň ýanyna ylgady. Ýagdaýy aýdyp, şepagat uýasynyň ýanyna elinden çekip getirdi. Olaryň köpelenini görüp, gyzyň hasam gahary geldi:
— Göz bölüminiň hassalaryndan ýaňa hiç kime rahatlyk ýok!
— Gyzym, gaýrat et, ýanyna goýber! Sen nämeleriň bolýanyny bileňok! Ol biz zerarly keselledi. Agyr operasiýalary etdi. Göwünlik berip ýanynda bolsak, onuň üçin gowy bolar.
— Onuň ýüregi gowşak. Birahat etmek bolanok!..
— Şeý diýsene — diýip, goja uludan demini alyp, zalyň ugrundaky oturgyja çöküp, dyzyny urup, özüni kötekläp başlady:
— Ýoknasyz goja, senden boldy! «Operasiýa» diýip, otursa-tursa gün bermediň. Bu seniň günäň — diýip, başyny aşak salyp özüne käýindi.
Professor Sunuň gelýänini görüp, Sýaoman onuň ýanyna ylgady. Ýany bilen girmäge rugsat sorady. Lukman Sun häzir munuň mümkin däldigini aýdyp, indiki gezek goýberjekdigine söz berdi. Jaň aga olary eşidip otyrdy. Ol lukmanyň goluna ýapyşyp ýerinden turdy:
— Bolýar, siziň aýdyşyňyz ýaly ederis. Ýöne, ýoldaş Sun, sizden bir haýyşym bar. Meni gaýrat edip diňläň!
Onuň «aýdyň» diýenini eşidip:
— Hanym Wyntiň gowy lukman. Onuň bejergi çykdaýjylaryna ýardam bermegiňizi haýyş edýän. Aýaga galanda hemmesini ýüz esse edip gaýtaryp berer! Oňa dermanlaryň iň gowusyny beriň gysganmaň! Bu ýerde gymmat dermanlar üçin hassanyň özi tölemeli. Ýöne onuň maşgalasy, çagalary bar. Agyzlaryndan kesip hötdesinden gelip bilmezler…
Sowukganly lukman Suny gojanyň bu sözleri tolgundyrdy. Onuň elini gysyp:
— Alada etmäň, elimizden gelenini ederis! — diýdi.
Muňa begenip monça bolan Jaň aga agtygyny ýanyna çagyryp, ondan düwünçegi alyp oňa uzatdy:
— Bärde iýer ýaly aňry-bäri bar. Hanym Wyntiňe beriň!
Lukman Sun başda almajak boldy. Ýöne goja almasa bärden gitmejegini aýdany üçin almaly boldy. Şeýdip her kim öz ýoluna gitdi. Bu wagt içkeseller bölüme düşen jenap Çyňsi bilen aýaly direktor Jaonyň ýanyna geldi.
— Başgalaň özgäniň işine goşulmany halamok. Ýöne siziň soňky bolanlardan habaryňyz barmy? Hanym Wyntiňi bu ýagdaýa nädip ýetirdiňiz? — diýip, hanym Tinbo nägilelik bildirdi.
Direktor Jao tabşyryk boýunça bärde bolmandygyny, ýagdaýy soňra eşidendigini aýdyp, özüni aklamaga çalyşdy. Şeýdip hanym onuň bilen Wyntiňi görmäge gaýtdy. Otagda baş lukman professor Suna hassanyň ýagdaýy we görülýän çäreler barada hasabat berip durdy. Direktor Jao hem edilen ýazgylara göz gezdirip, gözegçiligi güýçlendirmegi tabşyrdy.
Diadiýede bardy. Hanym Tinbo oňa üns bermän Wyntiňiň ýanyna bardy. Ýagdaýyny sorap başlady. Wyntiň ony eşidýärdi. Gözüni birneme açdy, ýöne jogap bermedi.
— Adamym maňa hemme zady aýtdy. Biz size gaty minnetdar. Näme gerek bolsa çekinmän aýdyň! Uly höwes bilen kömek ederis. Siz entek ýaş, şonuň üçinem ruhdan düşmäň…
Wyntiň gözlerini ýumdy, direktor Jao onuň sözüni kesdi:
— Hanym, näsag dynç almaly, şeýlede haly gowşak.
Hanym Tinbo baş atyp razylaşdy. Ýöne iki günden geljekdigini aýtdy. Otagdan çykjak bolanda direktora çiňerilip:
— Siz gowy işgärleriň gadyryny bilmeli. Orta ýaşlylara has-da gowy seretmeli! Olar siziň esasy güýjüňiz. Ünsden düşürip, lukman Wyntiňi beýle hala düşürmegiňiz meni gynandyrdy… — diýdi.
— Dogry aýdýaňyz, düzederis — diýip, direktor Jao ylalaşdy.
Ol çykandan soňra Diadiýe lukman Sundan:
— Bu hanym kim? — diýip sorady.
— Özüçe bir tankytçy — diýip, ol äýneginiň üstünden seredip, gaşyny çytyp jogap berdi.
20
Şol gün Wyntiň özüni birneme gowy duýdy. Gözüni açdy. Iki çemçe süýt we mandarin suwuny içdi. Ýöne henizem gözüni bir nokada dikip arkan ýatyrdy. Onuň bu hereketi dünýäden doýan adamyny ýatladýardy. Adamsy ony birinji gezek beýle halda göreninde gorkdy. Onuň bilen gürleşjek bolup içine-daşyna geçdi. Ýöne Wyntiň ysgynsyz elini salgap, özüni biynjalyk etmezligi haýyş etdi. Diadiýe üçin wagt duran ýalydy. Gaty ýadapdy. Doňup otyrdy. Birden ümsümligi bozan gapdal otagdan bir gyzyň «Eje, eje!..» diýip aglaýan sesi ony özüne getirdi. Bir erkek kişiniňem sesi geldi. Zaldan aýak sesleri eşidilip başlady. Diadiýe ýerinden turup gapa gelende, şepagat uýasy üstüne ak mata ýapylan birini aşagy tigirçekli ýatakjaýdan alyp barýardy. Yzyndan gelýän gözi ýaşly gyz ony goýbermejek bolup:
— Ony äkitmäň! Ejem uklap ýatyr! Häzir oýanar! — diýip ýalbarýardy.
Ol ýere ýygnanan hossarlar başlaryny aşak salyp sessiz durdylar. Aradan çykanyň ruhuny biynjalyk etmekden gorkýan ýaly, olar hereketsiz durdylar. Köpçüligiň içinde duran Diadiýe erbet boldy. Agzyny berk gysanda ýüzi gyzaryp, gan damarlary göründi. Güri gaşlarynyň aşagyndaky gyzaran gözlerine ýaş doldy. Derlän aýalaryny berk gysyp, saňňyldaýan bedenine erk etmäge çalyşdy. Ýüregi elendirýän bu agyny eşitmejek bolup başyny bir gapdala sowdy, bolmady. Gyz:
— Eje, oýan! Gözleriňi açaýda, seni alyp gitjek bolýarlar! — diýip, jansyz göwräni yralap oýarjak bolýardy.
Ýüzüni tutup yzyndan aglap gelýän kakasy şol bir zady gaýtalady:
— Seni aýap bilmedigim üçin bagyşla! Bagyşla!..
Dünýäden tamasyny üzen bu sesler Diadiýeniň jigerini para-para edýärdi. Birdenem özüne gelip, ylgap Wyntigiň ýanyna geldi:
— Sen meni ýeke goýmarsyň-a! Sen dirimi?! — diýip, ol demini alman gaýta-gaýta sorady.
Onuň sesine Wyntiň gözüni açyp oňa seretdi. Diadiýeniň öňünde bagry badaşan iň eziz ynsany ýatyrdy. Ýok, ol onsuz ýaşap biljek däldi. Birden halaşan wagtlary okap beren goşgulary ýadyna düşdi. Ol ýene oňa ýüregini açasy geldi. Bagtly bolan ýatlamalaryna getirse, gaýtadan janlanyp güýç tapar diýip umyt etdi. Oňa söýgi bilen bakyp, gözi ýaşly halda goşgy okap başlady:
— Eger men akym bolsam…
Örküç-örküç, päkize,
Towlanýan tolkunymda…
Aýaly setirleriň manysyna düşünýän ýaly gözüniň gytagy bilen adamsyna seretdi. Onuň dodaklary titredi. Diadiýe gulagyny tutanda, zordan dem alan Wyntiňden şeýle sözleri eşitdi:
— Men ýüzüp bilemok…
Ol gözýaş döküp goşgy okamagyny dowam etdi:
— Eger gür tokaý bolsam,
Goý, ýaşyl şahalamda
Bolsun söýgülim bir guş…
Wyntiň:
— Men uçup bilemok…
Diadiýe içindäki agyryny ýuwudyp ýene okady:
— Köne bir saraý bolsam,
Goý, meň söýgülim onda
Bolsun çyrmaşyk oty…
Gözleri ýaşaran Wyntiňiň:
— Men ýerimden turup bilemok… — diýenini eşidip, Diadiýeniň dünýäsi ýykyldy. Edil çaga ýaly başyny düşegine goýup aglap başlady:
— Men seni aýamadym. Men günäkär…
Ýaşly gözlerini galdyryp oňa seredende, Wyntigiň şol bolşudy. Onuň bagrygirýan bolup oturyşyny görmeýän ýaly, gözüni öňküsi ýaly bir nokada dikýärdi. Bu goha ylgap gelen lukman otaga girdi. Derrew ýagdaýa düşündi.
— Ol entäk ejiz. Gürletjek bolup kösemäň, sabyr ediň! — diýdi.
Diadiýe gaýdyp geplemedi. Agşam düşende Wyntiň bir zat aýtjak bolup, oňa elini uzatdy.
— Näme isleýäň, aýt! — diýip, Diadiýe onuň elinden tutdy.
Wyntiň kesip-kesip gepledi:
— Ogluma keta alyp ber…
— Ertir satyn alaryn — diýip, Diadiýe gözündäki ýaşy süpürdi.
Ýene bir zat aýtjak bolýardy, ýöne kyn düşdi. Ahyry:
— Diadianyň saçlaryny örüp ber…
— Hökman ederin…
Wyntiň başga zat aýdyp bilmedi.
21
Iki günden soňra Diadiýe howa menzilinden iberilen haty aldy. Ony açyp Wyntiňe okap berdi:
«Wyntiň, bu ýazan hatym saňa gowşandyr diýip umyt edýän! Men seniň gutuljagyňa ynanýan. Entäk görjegiň öňüňde, çagalaryňa gowşup, durmuşyň hözirini gör! Bizi beýdip ir goýup gitme!
Düýn agşam Liu ikimiz siziň bilen hoşlaşmak üçin gelenimizde, sen uklap ýatyrdyň. Irdenem ýolagçylyk aladalary bilen baryp bilmedik. Ýigrimi ýyllyk joralaryň hoşlaşygy beýle bolar öýdüp hiç pikir etmändim! «Seni gaýdyp görüp bilmerin» diýen pikir dünýämi başyma ýykýar. Häzir men saňa Pekiniň howa menzilinden hat ýazýaryn. Nirede duranymy bilesiň gelýärmi?! Ikinji gatdaky milli önümleriň satylýan ýerinde. Ýadyňdamy? Ilkinji saparymyza uçmazdan öň bu ýere gelip, aýnaň aşagynda goýlan harytlary uly höwes bilen synlapdyk. Sen şonda aýnaň içindäki güli halapdyň. Sebäbi gül edil janly ýalydy. Ýöne bahasyny eşidip ýüregimiz ýarylypdy. Häzir bu ýerde şol güle meňzeş başga bir gül dur. Ýöne sen ýok. Men ony synladygym saýy, näme üçindir, aglasym gelýär. Ol maňa geçen günlerimizi ýatladýar…
Ýazyp oturan kagyzym gözýaşymdan ýaňa öl myžžyk boldy, ýöne ony çalyşmaga wagt ýok. Bu aýralyk maňa gaty agyr degýär. Hassahanany, operasiýa otagymyzy goýup gitmek maňa agyr degýär. Professor Sunuň edýän nägile bellikleri janyma ýakmasa-da, häzir onuň aýdanlaryny uly höwes bilen diňlärdim. Ol şeýle etmedik bolsa, bizden göz lukmany çykmazdy! Özümi birhili boş çişirilen şar ýaly duýýaryn. Ykbal meni nirä alyp barar? Maňa näme garaşýar? Başga ülkä, bizden düýpgöter tapawutly jemgyýete sygyp bilerismi? Şu gorkulardan dynyp bilemok!..
Sizde soňky gezek myhmançylykda bolamyzda sen: «Galsaňyz bolanokmy?» diýip sorapdyň. Muny iki söz bilen düşündirmek kyndy. Soňky birnäçe aýyň içinde Liu ikimiziň şu soragy özümize berip, ol hakynda pikir etmedik günümiz galmady. Bu karara gelmäge mejbur eden sebäpler kändi. Gyzymyzyň geljegi, özümiz üçin gitmek gerekdi. Dogry karara gelendigimizi, ilki bilen, özümize ynandyrmak iş boldy. Hytaý täze döwre gadam basýar, her birimiz onuň öňündäki borjumyzy haklamaly! Bu babatda men saňa garaňda ejiz geldim. Meniň paýyma durmuş synagy seniňkiden az düşse-de, seniň ýaly çydamly bolup bilmedim.
«Bagyşla!». Muny men diňe saňa aýdyp bilerin. Men ýüregimi saňa, eziz watanyma goýýaryn. Ykbal meni nirä alyp gitse-de, ene ýurdumyň maňa berenlerini, ýyly gujagyny unutmaryn. Maňa ynan! Iru-giç — bir ýa-da on ýyldan gyzymyzy okadyp, lukmançylykda işimizi ilerleden badymyza hökman dolanarys.
Men saňa tizara aýaga galmagy arzuw edýärin! Indi özüň hakda pikirlenmegi öwrenersiň diýip umyt edýän! Bu diňe özüňi söýüp ýaşa diýdigim däldir. Gören görgüleriň saňa sapak bolsun! Seniň akýürekliligiň öňünde baş egýärin! Hytaý lukmançylygy seniň ýaly ajaýyp lukmanyň geljekde etjek täze üstünliklerine buýsanmagyny tüýs ýüregim bilen isleýärin! Hoş gal!
Iň gowy arzuwlar bilen Ýafyň!».
22
Wyntiňe ýarym aýdan soňra hassahanadan çykmaga rugsat berdiler. Ol birnäçe gezek ölümiň gyrasyndan gaýdyp, gudrat bilen gutuldy. Çykyş güni adamsy daşynda hozanaklady. Begenjine bir ýerde durmady. Özi geýindirdi, bir diýenini iki gaýtalatmady.
Wyntiň öýüň ýagdaýyny soranynda, adamsy hemme zadyň gowudygyny aýtdy. Hatda düýn ýörite arassaçylyk işlerini geçirmäge hassahananyň adam ugradandygynam agzady. Wyntiňiň gözleriniň öňünde kiçijik otagy, kitap tekjeleri, penjirede duran jaňly sagady, üç çekmeli stoly janlandy. Özüni näçe ýeňil ýaly duýsa-da, ýerinden turup ýörejek bolanda tas ýykylypdy. Barybir öňki haly ýokdy. Adamsy ony saklap ýetişdi. Bir tarapdan diwara ýapyşyp, bir tarapdanam adamsy elinden tutup, ýuwaşjadan ýöredip çykardy. Ony ugratmaga gelen direktor Jao, professor Sun, işdeşleri edil nyzama duran ýaly hatara durdylar.
Birnäçe gün yzygiderli ýagan ýagyşdan soň Gün çykdy. Göýä, ak ýol arzuw edýän ýaly, ýiti şöhleleri bilen uzyn zala ýagty salýardy. Diadiýe aýalyny şol ýagtylyga alyp barýardy. Daşarda direktor Jaonyň buýrugy bilen äkitmäge gelen tiz kömek ulagy durdy…