Rep goşgular
Rep goşgular

Bu rep formasynda ýazylan goşgularyň geçen asyryň aýagynda ýaşap geçen şahyr Bapba Gökleňe bagyşlanýandygy okyjylar üçin geň görünmegi mümkindir. Emma tebigatyna görä, bir töwra adam bolan Bapba şahyryň goşgularynyň köpüsi rep aýdymlarynyň stiline gaty gabat gelýär.
Öz döwründe köpler üçin düşnüksiz poeziýasy we gödekden hakykatçyl häsiýeti bilen ykrar edilen Bapba Gökleň pahyryň ruhuna bagyşlanýar.
• Ötegçi
Ötegçi bu dünýä,
Ötegçi bary,
Aýlanar-dolanar,
Durar eglener,
Ýöne geçer bary,
Galmaz biri,
At-abraý, şöhrat,
Zat, baýlyk, gaýrat
Mal-dollar, sowgat,
Bar zat bolsada,
Näçe gymmat,
Geçmejek ýalydyr,
Ýöne bil!
Geçer.
Bir geçmejek zat
Hakykat!
Düýbi boş,
Ýalandan ýasalan,
Emma köpleri
Aldap başaran,
Zyrryjym ýalançyň,
Kezzabyň gepi,
Bilýän, ynandyryp bilýändir köpi.
Arassa adamy
Hapa bulaýan,
Häsýeti boýunça
Möý ýa-da ýylan
Ýöne adam sypat
Ynsan keşpli.
Bardyr kän betsyrat,
Egin-eşikli,
Olar kän ýaýradyp,
Hapa gep-gybat,
Ýagşy gürrüňlere bermezler nobat.
Ýöne gör şonda-da,
Her gün her sagat.
Ýaşaýar,
Ýaşaýar,
Beýik hakykat!
Hakykat hakynda,
Dymyp durdular.
Seretmejk bolup,
Görmejek bolup,
Batyl gözlerini ýumup gördüler.
Bolmady.
Ahyr hakykaty
Ýedi gat ýere
Gömüp gördüler.
Emma ki şahyryň
Aýdyşy ýaly.
Hakykaty doly
Bolmaýar gömüp.
Eger bardy-geldi,
Gömäýeňde-de,
Hakykaty ýatyryp
Gömüp bilmezler.
Hakykat dik durup,
Gömüler, ýöne
Garamaň, üns bermäň,
Ýalan-ýaşrygyň
Sizden köplügne
Hakykat gömlübem
Durar dikligne.
Ýene bir hakykat
Aýdaýyn size,
Hala ýalan diýiň,
Hala çyn söze.
Gulagynda galsyn,
Her bir ynsanyň,
Üç günden soň,
Direlşi deý Isanyň,
Hakykat çykjakdyr,
Gömlen ýerinden.
Galman bir sagat.
Ine, şoň üçinem
Ol hakykat, hakykat!
• Nähak iýlen duz
Her ýerde, her ýerde,
Özüň ýaly kän.
Namartlaryň merde
Hile-aly kän.
Kändir duzaklary,
Ganly gapany.
Namart gazaplydyr
Hem terse ok atar
Ýatla ýekegapany.
Her ýerde, her ýerde,
Kän özüň ýaly.
Ulanyp bilýärsiň
Sen duzuň-nanyň.
Bu gün ýeke döwüm
Berseň duz-çörek,
Ertir bolar anyk
Bogaza tegek.
Seň ýalyň duzundan
Datsaň bir gezek.
Puşman etseň gerek
Soňra müň gezek.
• Çyraçy
Nähili geň,
gülkünç gelýär gulaga.
Çyraçy at,
aýt, näme zat?
Gijelerne gazap bilen ulaga,
Münýänler şat,
A ýakyn-ýat,
Haýran galýarlar oňa.
Şeýler ýaşlar,
Hem deň-duşlar,
Çyraçy diýp bir-birsine at dakýar.
Ýola çykyp,
Gaza basyp,
«Gijäniň gözünde gyzyl ot ýakýan»,
Altyn ýaşlar,
Joşup has-da,
Zor ulagly ýaňy- täze
Ýola çykyp,
Gaza basyp,
Bakanoklar öňe
Bakmazlar yza.
Sebäbi olar çyraçy.
Sebäbi olar çyraçy.
Sebäbi olar çyraçy.
Çyraçy!
Nähili çyraçy,
Nämäň çyrasy?
Ynha awariýa
Ýoluň gyrasy.
Ýenjilen adamlar
Mynjyran maşyn.
Çyraçy diýilýän
Zannyýamanlar
Bigünä bendeleň
Iýipdi başyn.
Haram puldan
Baýlyk, emläk
At-mertebe
Ülpet jemläp.
Halkyň hakyny iýenleriň.
Çagalaram
Haram bolýar.
Olar bilen
Bolanlaram
Ahyrynda harap bolýar.
Ynha köçe,
Tümlük gije
Maşyn bilen
Gör, täzeje
Çyraçylar ýene birniň
Çyrasyny söndürdiler.
Sylapberdi MUHAMOW.
16.10.2021 ý. Goşgular