|

Pygamberleriň gaçyşy

Pygamberleriň gaçyşy Pygamberleriň gaçyşy

Pygamberleriň gaçyşy

Eý o:t! Sowuk bol, we Ybraýymy salamat goý!
Enbiýa suresiniň 69 aýaty

Muhammet Medinä gaçdy,
Musa Medýene,
Isa ene garnynda
Gündogar taýa.
Ýusup gaçdy guduk guýa,
Ýunus düşdi deňiz derýa,
Soň balygyň agzyna,
Salyh gaçdy ýellerden,
Nuh hem tupan-sillerden,
Hezret Ybraýym halyl,
Nemrut oduna gaçdy.
Çar ýany misli haly,
Ot-ýalyn güller açdy.
Pygamberler aslynda
Täk Alla baglar köňül.
Pisatlygy ýok edip,
Ýüreklere eker gül.
Sylapberdi MUHAMOW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle