Plu­to­ni­ýa 6 (Ro­man)

Plu­to­ni­ýa 6 (Ro­man)

PLUTON SÖNÝÄR

Gazanda antilopa çekdirmesi gaýnap, çişde ýaş kerk bitinligine daglanyp durdy. Syýahatçylar günüň dowamynda ýygnan köp sanly tapyndylaryny, oljalaryny tertipleşdirmek bilen başagaýdylar.

Ýöne olar her näçe işli bolsalaram ýagtylygyň gowşaýandygyny, Plutonyň şuglasynyň öňküsinden has gyzarýandygyny aňdylar. Bu hadysanyň sebäbini bilmek üçin başlaryny galdyranlarynda olar asmanyň bulutsyzdygyny, ýöne Plutonyň özüniň öňkülerden has öçügsi şugla saçýandygyny, onuň tegeleginiň bir tarapynda uly gara tegmilleriň gaty kändigini gördüler.

Ýagtylygyň gowşamagy bilen şu gün kölegede +28 gradusa ýeten temperatura hem pese düşüp ugrady. Howanyň salkynlamagyna näçe begenseň begenibermeli welin, töweregiň garaňkyramagy adamlary gaty iňkise gidirýärdi.

Syýahatçylar agşam naharyny edinip otyrkalar ýagtylygyň gowşamagynyň dowam edýändigine, Plutonyň tegeleginiň ýüzünde-de gara tegmilleriň artýandygyna magat göz ýetiripdiler.

— Birden Pluton düýbünden sönäýse näme bolarka? — diýip, Gromeko sorady.

— Be-e, birden gözedürtme garaňkylyk bolup, yzyndanam demirgazygyň aldajy sowugy düşse, etjek alajyň näme? — diýip, Papoçkin hem aladalandy.

— Ýyly geýimlerimiziň hemmesini gurnama öýde goýup gaýdypdyk, olam demirgazykda, allowarrada galdy! — diýip, Makşeýew ýüzüni aşak saldy.

— Meniň pikirimçe, ýagtylygyň gowşamagy wagtlaýyn hadysa bolmaly — diýip, Kaştanow söze başlady. — Gyzylymtyl reňkinden hem-de gara tegmilleriň köpelmeginden çen tutsaň, Pluton öz ýanyşynyň, hakykatdanam, iň soňky döwründe duran bolmaly, ýöne ol döwür ýüzlerçe, müňlerçe ýyla çekip biler. Älem giňişliginde görünýän, Plutona meňzeş ýyldyzlar wagtal-wagtal öçeňkirläp, söndi diýdirýär, ýöne soň ýene-de ýanýar. Olarda saklanýan gyzgynlyk gory gaty kän. Sowamagyň netijesinde Plutonyň üstki gatlagynda emele gelen, bize gara tegmiller bolup görünýän gabygy hem bu goruň hasabyna zol-zol ýarylýar hem-de ereýär. Ýagtyltgyjyň sönmegi hiç haçan birbada bolup bilmez.

— Pluton kislorodyň ýetmezçiligi üçin sönäýse näme? Onuň ýanyp durmagy üçin kislorod gerek ahyry. Oňa zerur bolan kislorod bolsa, elbetde, biziň planetamyzyň umumy atmosferasyndan alynýar hem-de ötük arkaly bu ýere gelýär.

— Bu diýýäniňem gaty gümana, sebäbi Pluton millionlarça ýyldan bäri ýanyp dur, munça wagtyň içinde ol biziň atmosferamyzyň ähli kislorodyny ýakyp gutarmaly ahyry, eger şeýle bolsa Ýeriň ýaşaýjylary bireýýäm azotda demigip heläk bolardylar. Älem-jahanyň öz-özi yşyk berýän jisimleriniň ýanma hadysasy bize entek ýeterlik derejede mälim däl, belkem-de, ol biziň Ýerde görýän hadysalarymyzdan başgaça bolup geçýändir. Belkem-de, kislorod ol ýerde beýleki himiki elementleriň dargamasynyň önümi hökmünde täzeden emele gelýändir. Radiniň üýtgeýşi babatynda edilen soňky açyşlar, bu elementleriň ozal jedelsiz hakykat hökmünde kabul edilen üýtgewsizligine başgaça seretmäge mejbur edýär.

— Mahlasy «Gorasio gardaşym, ýagty jahanda biziň akyldarlarymyzyň düýşüne-de girmedik zatlar entek gaty kän», Gamletiň bu aýdan sözleriniň gaty adalatlydygyna bolsa biz Plutoniýada her gün göz ýetirýäs — diýip, Gromeko aýtdy hem-de alagaraňkylykda salkyn howadan peýdalanyp, ýatyp ukyny almagy teklip etdi.

Tokaý haýwanlary hem tebigatda bir bolmasy işiň bolýandygyny duýýardylar. Guşlaryň asla sesi çykanokdy, olaryň jürküldisiniň hem saýramasynyň ýerine her dürli haýwanlaryň howsalaly sesleri eşidilýärdi. General mahal-mahal kellesini göterip uwlaýardy.

Ýöne çadyryň agzynda ot ýakan syýahatçylar, bu seslere üns bermän pugta uklap ýatyrdylar, özlerem olar ozalkylaryndanam has uzak ýatdylar.

Kem-kemden adamlar oýandylar. Dogrusy henizem garaňkydy. Daş-töwerek tutuşlygyna gyzgylt ümüş-tamyşlyk bilen gurşalypdy, Plutonyň tegelegi bolsa köp sanly gara tegmiller bilen örtülipdi, şonuň üçin hem ýagtylygyň güýji ondan dokuz bölege peselipdi. Şeýle ýagtylykda ýapraklar, otlar edil asmanyň özi ýaly gara bolup görünýärdi. Töwerek dym-dyrslykdy — guşlaram, haýwanlaram, mör-möjeklerem misli ýok ýalydy, diňe şemalyň öwüsmesi ýapraklary çalaja ygşyldatýardy. Bu imisalalygyň aňyrsynda nähilidir bir aýylgançlyk bardy.

Maslahatlaşdylar, munuň ýaly ümüş-tamyşda iki tarapyny tokaý tutup duran näbelli derýa bilen ýüzmek hatarly bolar diýip hasapladylar. Dogrudanam, tokaýyň içi her hili ýyrtyjylardan doludy, olar islendik pursatda syýahatçylara topulyp biljekdi. Onsoňam alagaraňkynyň içinde gaýygyň ýalpaklyga urulmagam ýa-da suwa batan töňňäni kakmagam ahmaldy, bu hem kendir çekilen gaýyklar üçin gaty howpludy.

— Bu ümüş-tamyşlyk hepdeläp ýa aýlap dowam etse nätmeli bolar? — diýip, Gromeko sorady. — Biz şeýdip bir oturan ýerimizden gozganman oturmaly bolarmykak? Azyk-owkadymyzam ýetäýse üç-dört güne ýeter.

— Siz gaty täsin adam-aý! — diýip, Kaştanow başyny ýaýkady. — Niýetiňizi beri ýagşa tutuň, eýýämden bolmasy işleň pikirini edýäňiz! Bir gün, ýarym gün garaşyp göreliň ahyry, onsoň öňe gitmelimi ýa yza gaýtmaly, pikirleneris-dä.

— Şu wagt elimiz boşka gaýygy bejermek, sal gurmak hem-de beýleki hojalyk işleri bilen meşgul bolalyň — diýip, Makşeýew maslahat saldy. — Eýýämden gaýyklarymyzyň içine suw syzýar.

Onuň bu teklibini hemmeler makullady hem-de oduň yşygyna işe girişdiler. Gaýyklary ýamap abatladylar. Soňra sal ýasamak üçin düşelgäniň golaýynda ösüp oturan ullakan bambuklaryň birnäçesini kesdiler. Bu gaty kän wagt aldy, sebäbi agaç ussalarynyň bary-ýogy ýekeje byçgysy bardy. Pürsleri ýykanlaryndan soň şahalaryny aýryp pudadylar, olary edil gaýyklaryň uzynlygynda kesdiler hem-de olardan giňligi bir ýarym metr bolan ykjam sal gurdular, ol iki gaýygyň arasynda ýerleşmelidi. Sala gabarasy has uly goşlary goýup, olaryň üstüni deri bilen ýapmagy göz öňünde tutýardylar. Sal bilen birikdirilen iki gaýyk bileleşip, parom diýlip atlandyrylýan ýeňil hem-de ýeterlik derejede ýeňil gopýan ýasy düýpli uly gämini ýatladýardy. Uzakly gün iş dowam edýärdi. Iş arasynda Plutonyň tegelegine seredip, günüň dowamynda ondaky gara tegmilleriň sanynyňam, ölçegleriniňem azalmandygyna-da, köpelmändigine-de göz ýetirdiler. Ir ýatdylar. Çadyryň gapdalynda kiçiräk ot ýanýardy. General çadyryň agzynda ýatyrdy, syýahatçylar ody ölçermek, odun atmak üçin käýarym daş çykyp, arkaýyn ukyny alarys diýip umyt edýärdiler.

Ýöne olaryň bu umytlary puja çykdy. Çadyryň içine ümsümlik aralaşandan, jeňňelligiň şagyrdysy artyp başlady. General üşerildi, hyňrandy. Şagyrdy ýatdy, item köşeşdi, soňra ýene şagyrdy başlandy, göýä, haýsydyr bir jandar sonarlygyň töweregindäki gyrymsy agaçlara dulanyp, awuny göz astyna alýan, ýöne üstüne topulmaga aýgyt edip bilmeýän ýalydy. Hemmeler irikgä bolup durmaz ýaly gezekleşip garawulçylyk çekmek kararyna geldiler. Ilki bilen Papoçkin eline tüpeňini alyp, oduň başynda oturdy. Şagyrdy bir daşlaşýardy, birdenem golaýlaşýardy. Diňşirgenip halys bolan zoolog dura-bara oňa doly öwrenişdi, bu şagyrdylar onuň üçin adaty zada öwrüldi, az salymdan bolsa ol ymykly uka gitdi.

Birden it gazaply üýrmäge başlady. Papoçkin ukudan oýandy hem-de sonarlygyň gyrasyndaky ullakan ýyrtyjyny gördi. Ol ýolbarsa meňzeşdi, ýöne ýaly onuňkydan gysgady, ýarym açyk agzyndan gylyçgyýak gaplaňyňky ýaly gyýaklar çykyp durdy. Ýyrtyjy ikirjiňlenýärdi, General bolsa ýetişibildiginden üýrýärdi, şol bir wagtda hem guýrugyny ýamzyna gysyp oda, çadyra tarap çekilýärdi.

Zoolog dessine özüni dürsäp, ýigrimi ädim töweregi aralykdaky haýwana çenenip, tüpeňini atdy. Ok onuň göni döşünden girdi, ýöne ýyrtyjynyň entek bökmäge gurby galypdy. Ol özüni öňe zyňdy hem-de gös-göni közüň üstüne düşdi, garnyny ýakdy, badyna çadyra tarap togalandy, art aýagynyň penjesi bilen ony ýokarsyndan aşagyna çenli zowwam ýyrtdy, wagşy haýwanyň penjesi çadyryň girelgesine golaý ýatan Makşeýewiň ädigine hem ildi. Onuň janhowluna urunýan öň aýagy bolsa-da Kaştanowyň ýüzüne degmedi, ýöne onuň ýerde goýan telpeginiň üstündäki jübi sagadyny welin kül-owram etdi, telpegiň özi hem tüýdüm-tüýdüm boldy. Ýyrtyjy özüniň üçünji penjesi bilen girelgä gysylyp duran Generaly çadyryň içine dazyrdadyp goýberdi welin, ol aýak uçda süýji ukuda ýatan Gromekonyň üstüne zyňlyp düşdi. Bolsa-da, ýyrtyjynyň dyrnaklary endamyny sypjyrdy diýmeseň, ite ullakan ýara düşmedi.

Şondan soň turdy bir başagaýlyk. Çadyryň gapdalynda, alagaraňkylykda ägirt uly jandar arlaýardy, urunýardy, onuň zarbasyndan çadyryň söýeleri dyr pytrak boldy, dyrnaklary matasyny ýyrtym-ýyrtym etdi. Çadyryň töründe bolsa Gromeko General bilen gidişýärdi. General ondan dalda gözleýärdi, penalanmak isleýärdi, ol bolsa iti haýsydyr bir ýyrtyjy haýwandyr öýdýärdi. Kaştanow telpeginiň ýanynda ýatan otluçöpüni gözläp tapyp bilenokdy, ol asla telpeginem tapanokdy. Papoçkin bolsa daşardan sesiniň ýetdiginden gygyrýardy:

— Çaltrak çadyryň arka tarapyndan çykaweriň! Ýolbars geldi, entek onuň jany çykanok, okum atdanlykda size deger öýdüp ony atmaga çekinýän!

Ýyrtyjy haýwan ahyry penjesini gerip titredi hem-de jan berdi. Makşeýew bir ýerlerden otluçöp tapyp, şem ýakdy. Gromeko Generaly goýberdi. Öler ýaly gorkan, ýarym-ýalaňaç üç syýahatçy çadyryň arka tarapynyň etegini galdyryp, emedekleşip daşary çykdylar, töwerege ser saldylar. Soňra sönen oduň başynda düşünişip ugradylar. Papoçkin özüniň ýatyp galandygyny hem-de wagtly-wagtynda ody ölçermändigini, şonuň üçin hem ýyrtyjynyň hüjüm edendigini boýun almaly boldy.

Öldürilen ýyrtyjy gylyçgyýak ýolbars bolup çykdy. Dogrusy, ol bedeniniň gurluşy boýunça aýa meňzeşdi, ýöne kellesiniň şekili hem-de penjeleri onuň pişikler maşgalasyna degişlidigini äşgär görkezýärdi. Onuň kiçeňräk ýalynyň reňki gara ýakyndy, endamynyň tüýi bolsa sarymtyl-goňurdy, guýrugynyň gotazjygy ýokdy. Ýyrtyjynyň mähnet penjelerindäki dyrnaklary ýokarky äňindäki gyýaklaryna kybap gelip durdy. Çadyram, Makşeýewiň ädigem mazaly bejermeseň derde ýarajak däldi. Kaştanowyň ýemşik-ýümşük bolan sagadyny, ýyrtylan telpegini hem-de mynjyradylan kükürtdany ep-esli gözläp, çadyryň bir çüňkünden tapdylar.

Gromeko ýorganynyň aşagyndan henizem galdyrap duran Generaly çykardy, onuň ýaralaryna seretdi hem-de ýuwdy. Soňra ýolbarsy bir gapdala süýräp, arasy üzülen ukyny almagy ýüregine düwdüler. Garawulçylykda Makşeýew oturdy hem-de gijäniň galan bölegi parahat geçdi. Irden ümüş-tamyşlyk birneme açylyşan ýaly bolup göründi, Plutonyň tegelegindäki gara tegmillerem azalan ýalydy, olaryň ýitmän galanlary hem birneme kiçelene meňzeýärdi. Ýene biraz garaşmagyň kararyna geldiler hem-de çadyry abatlamaga, öldürilen ýolbarsyň ölçeglerini alyp, derisini soýmaga başladylar. Günortanlar howa hasam ýagtyldy, biraz soňra bolsa Pluton, göýä, güýç toplan ýaly öz tegelegini ýapyp duran tegmilleriň aglaba bölegini eretdi hem-de doly ýagtylyk berip lowurdady. Kyrk sagatlap alagaraňkylykda bolan adamlara onuň ýalkymy öňküsindenem ýagty ýaly bolup görünýärdi.

Goş-golamlary dessine ýygnadylar-da gaýykdyr sala mas ýüklediler hem-de ýüzüşi dowam etdiler, ýöne indi olaryň sal bilen baglanyşdyrylany sebäpli kiçijik gämä öwrülen gaýyklary öňküsi ýaly tiz gitmeýärdi, onuň çalt ýüzmegi üçin kürekleri güýçli işletmeli bolýardy. Şol günüň agşamsy daş-töweregem özgerip ugrady, derýanyň kenaryndaky baýyrlar ilki peseldi, soňra bolsa düýbünden ýitdi. Tokaýyň gür jeňňellikleriniň ornuna käýerlerinde kiçeňräk tokaýjagazy bolan sähra geldi. Onda ägirt uly baobab agaçlary kän görünýärdi. Diňe kenaryň gapdalyndan palmaly, bambukly, lianaly gür ösümlikli zolak uzalyp gidýärdi, onda guşlar we maýmynlaryň birnäçe görnüşi mesgen tutupdy. Sährada her dürli antilopalaryň, mastodontlaryň, kerkleriň, düýe-žiraflaryň, şahsyz žiraflaryň, ilkidurmuş gylýallarynyň sürüleri otlaşyp ýördüler. Derýanyň ýakasyndaky jeňňelliklerde bolsa ýolbarslar, gippopotamlar, sugunlar bardy.

EÝMENÇ ÝAŞŞERLER HEM-DE

TÄSIN GUŞLAR

Ilkinji gezek gijäni uly adada geçirdiler. Onuňam esli bölegi sährady, diňe kenar ýakasyndan gyrymsy jeňňellikler we gamyşlyklar uzalyp gidýärdi. Çadyry adanyň demirgazyk çetinde goýdular. Ol ýerden hersiniň giňligi ýüz ädimden az bolmadyk iki gola bölünen derýa oňat görünýärdi.

Agşam naharyndan soň daş-töwerekdäki ümsümligi derýanyň beýleki kenaryndan gelýän gopgun bozdy. Üznüksiz eşidilýän gykylyklar birgiden adamyň sesine hem meňzemän duranokdy, üýrülme hem-de uwwuldylar mahal-mahal ol gopgunyň üstüni basýardy.

Göm-gök öwsüp duran jeňňellikden gamyşlary döwüp, gyrymsy agaçlary egişdirip, ak tegmilli gyzylymtyl reňkli dört aýakly jandarlar okdurylyp çykdylar hem-de özlerini suwa urup, ada tarap ýüzmäge başladylar. Olaryň yzyndan ala-mula jandarlaryň sürüsi çykdy hem-de üýrüşip, uwlaşyp özlerini suwa urdular. Ol ýyrtyjylar surnugyp yza galan jandarlaryň biriniň yzyndan ýetjek bolup çytraşýardylar.

Ýene birnäçe minutdan gaçgaklar ada çykdylar hem-de çadyryň alkymyndan ýüwrüp geçdiler. Olar düýbünden ýalsyz bolsa-da gylýallara meňzeýärdiler.

Yza galan janawaram ýüzüp, ada ýyrtyjylardan öň geldi, ýöne kert kenara galmak oňa kyn düşdi, eýdip-beýdip ýokary galanda bolsa uwlap-üýrýän duşmanlary eýýäm onuň daşyny gabapdy. Ol barja güýjüni jemläp, öň aýaklary bilenem, art aýaklary bilenem ýyrtyjylara toýnak salýardy, gapýardy, ýöne sany üç oýnama ýetýän duşmanlar bilen deň bolmadyk söweş uzaga çekip biljek däldi. Ýyrtyjylar pidasynyň depip-gapmasyndan sowlup, ony aralaryndan sypdyrmaýardylar hem-de onuň güýçden gaçaryna garaşýardylar.

Bu deň bolmadyk söweşe adamlaram goşuldy, ýyrtyjylaryň sürüsine tarap atylan üç ok olaryň ikisini ýere ýazdy, galanlaryny bolsa ur-tut gaçmaga mejbur etdi. Ýöne ysgyn-mejaldan gaçan jandara garaşylmadyk kömegiň peýdasy degmedi. Awçylar onuň ýanyna gelenlerinde, ol soňky deminde ýatyrdy. Onuň boýnuna ullakan, çuň ýara düşüpdir. Megerem, ýyrtyjylar ýylky sürüsine ilki hüjüm edenlerinde, olaryň biri oňa ýara salan bolarlydy, janawaryň ysgynsyzlygynyň sebäbi hem gaçyp barýarka ýarasyndan ganyň kän gidenligi bolmalydy.

Öldürilen ýyrtyjylara seredip, awçylar olaryň gadymy süýdemdirijilere degişlidigine göz ýetirdiler.

Olaryň müçesi sibir möjeginiň ululygyndady, ýöne göwresi, şeýle hem uzyndan inçe guýruklary pişik görnüşlerini ýatladýardy. Olaryň ýagyrnysynyň we böwürleriniň tüýi uzaboýuna dikligine gidýän sary zolakly gara-goňur reňkdedi, garynlary sary tüýlüdi. Dişleriniň ählisi birmeňzeş — gyýak görnüşlidi.

Ýyrtyjylaryň pidasyny gylýal diýip atlandyrsaň juda bärden gaýtjakdy. Onuň müçesi ullakan eşegiňkiden uly däldi, ýöne oňa görä gelşiklidi, sebäbi aýaklary inçedi, emma hakyky atlaryňky ýaly täk toýnakly däldi-de, dört toýnaklydy. Özem onuň diňe ortaky toýnagy güýçli ösendi, beýlekileri bolsa ýaňy çykan ýaly kiçijikdi.

Kaştanow bilen Papoçkin bu täsin aty öwrenip, ol häzirki zaman atlarynyň gadymy ata-babalary bolan, amerikan lamalaryna çalymdaş, ilkidurmuş atlara degişli bolmaly diýen netijä geldiler.

Ertesi gün parahat akýan derýanyň we onuň köp sanly adalarynyň kenary boýunça ýene-de sähralyk — ösgün otly, jeňňelli we topbak bolup ösýän gyrymsy agaçly hakyky sawannalar ýa-da preriýa dowam etdi. Uly adalaryň birinde syýahatçylar gippopotam bilen kerkiň aralygyndaky jandar bolan titanoteriýleriň sürüsini gördüler.

Syýahatçylar titanoteriýlere assyrynlyk bilen ýakynlaşyp, olaryň birini awlamak üçin jeňňelligiň az-owlak aşak ýanynda kenara gonjak boldular, ýöne ol ýerde hasam gyzykly jandara, gadymy galyňhamlylaryň wekili bolan dört şahly kergedene gabat geldiler, ol öň aýaklaryny suwa salyp teşneligini gandyrjak bolup durdy. Sal ýanyna golaýlanda ol betnyşan kellesini galdyrdy hem-de çagyrylmadyk myhmanlary ýuwutjak, ýa bolmanda olaryň ýüzüne tüýkürjek ýaly läheň agzyny giňden açdy. Onuň ýokarky äňiniň gapdallarynda iki sany daş tarapyna öwrülip duran uzyn sary gyýaklary somalyp durdy, gulagynyň arkasynda bolsa ýene iki sany kesewä çalymdaş kütek şahlary görünýärdi.

Ýöne olar saly kenara urganlap, bu täsin haýwany surata düşürmek üçin gyrymsylaryň arasyndan assyrynlyk bilen golaýlaýançalar, ol derýadan çykdy-da, tagaşyksyz loňkuldap gaçyp gitdi. Ol barýarka saklanar diýip, onuň yzyna düşüp barýan Kaştanow bilen Papoçkin gapdaldaky öleňlikde, beýik agajyň ýanynda durup, bäş metr töweregi beýiklikdäki ýaprakdyr şahalary syryp duran ägirt uly başga bir jandary gördüler. Arkasy ýerden dört metr ýokary saýlanýan bu jandar göwresiniň şekili, endamynyň reňki boýunça abyrsyz uly pile meňzeýärdi, ýöne kellesi hem-de uzyn boýny ony pilden üzül-kesil tapawutlandyrýardy, onuň tapiriňki ýaly ýokarky dodagy uzyn kellesi göwresiniň gabarasyna garanyňda juda kiçi gelýärdi, şol ýokarky dodagy bilen bu haýwan ýapraklary topbagy bilen çugdamlap syryp alýardy.

— Bu ne üýtgeşik nägehan! — diýip, Papoçkin pyşyrdady. — Göwresi piliňki, boýny atyňky, kellesi tapiriňki, gylyk-häsiýeti bolsa žirafyňky.

— Bize şahsyz kerkleriň aşaky maşgalasynyň seýrek wekilini görmek miýesser edäýdi öýdýän — diýip, Kaştanow oňa jogap berdi. — Bu jandaryň galyndylary golaýda Bulujystandan tapyldy. Şonuň üçin hem gury ýerde ýaşan süýdemdirijileriň arasynda iň ulularynyň biri bolan bu ämert bulujyteriýa diýen ada eýe boldy. Ol oligosen eýýamynyň ahyrynda ýa-da miosen eýýamynyň başynda ýaşapdyr.

— Ämert diýseň ämert, ämert kemi ýok! — diýip, zoolog geň galdy. — Men egilmän onuň aşagyndan geçip biljek, kelläm oň garnyna ýa deger ýa degmez.

— Ony hindi kerkiniň gapdalynda goýsaň, kerkiň ýagyrnysy hem bu ämerdiň garnynyň deňinde bolar, ol munuň çagasy ýaly bolup görner.

— Arman onuň ululygy äşgär görner ýaly ýanynda durup surata düşüp bolanok-da — diýip, Papoçkin bu jandary surata alyp duran ýerinden kellesini ýaýkady. — Janawar ýuwaşja ýalam welin, özüm-ä onuň golaýyna barmaga çekinjek, atdanlykda bir ýeriňe degdigi göni möçükdirer.

— Onuň iýip duran bagyny haýwan bilen birlikde surata alyň, agajyň belentligini biz soňra kesgitläris, şolam onuň ululygyny aýdyň görkezer.

Surata düşürenlerinden soň, alymlar belujiteriýniň bir gapdala aýrylmagyna garaşdylar. Ol gidensoň dag kompasynyň kömegi bilen agajyň beýikligini kesgitlediler hem-de onuň aýak yzyny ölçediler. Haýwanyň paşmagy onuň boýuna görä deňeşdirilende juda kiçi bolup çykdy.

Şol gün agşamara uly adanyň kenarynda bir jübüt korifodon göründi. Iri galyňhamlylara degişli bolan bu jandar göwresiniň gurluşy boýunça titanoteriýlere meňzeýärdi.

Olaryň erkegi saly görüp kellesini galdyrdy hem-de ägirt uly agzyny açdy. Onuň her äňinde bir jübüt örän uzyn hem-de ýiti gyýaklary öňe çykyp durdy.

Aw-şikar üçin kenara çykan bolmaly, sebäbi biraz aşakda öz awuny iýip duran mähnet ýyrtyjy otyrdy. Ol saly görenden ýerinden turdy hem-de gazaply arlady.

Ol jandaryň aýaklarynyň kiçijik hem birneme inçeräk bolmagyna garamazdan, göwresi juda mähnetdi, uzyn tumşugy edil tazyňka meňzäp durdy. Ol wagşy haýwanyň müçesi bolsa ullakan gaplaňa gaýra dur diýýärdi, şonuň üçin hem syýahatçylar ondan daşrakda bolanlaryny kem görmediler.

Şeýlelikde, bu gün bu üýtgeşik haýwanlaryň birinem awlamak başartmady.

Ertesi gün derýanyň kenarynda otlap ýören gylýallar, titanoteriýler, dört şahly kergedenler, antilopalar, wagşy kreodontlar we beýleki jandarlar göründi. Haýwanat dünýäsiniň umumy görnüşi, Kaştanowyň pikirine görä, üçülenji döwrüň ilkinji wagtlaryna degişli bolmalydy.

Günorta naharyndan soň derýanyň gapdalyndaky ýerleri öwrenmek üçin sähranyň jümmüşine aýlanmakçy bolup gämilerini kenara urganladylar.

Köp sanly kölleriň biriniň ýanynda duşan haýwan olaryň juda ünsüni çekdi. Beýleki ot iýýän jandarlar ýaly onuňam ter otlaryň arasynda parahat otlap ýörmegi, gyrymsy agaçlaryň arasy bilen kenara golaýlanlarynda duýdansyz öňlerinden çykan nägehany görüp, tüpeňlerine ýapyşan awçylary birneme köşeşdirdi. Her dürli üýtgeşik jandarlara öwrenişen, wagşy haýwanlary ot iýýänlerden bada-bat tapawutlandyrmagy başarýan Generalam bu jandardan gaty gorkdy hem-de çyňsap, Makşeýewiň aýaklaryna gysmyljyrady.

— Ägirt uly kerk! — diýip, Makşeýew pyşyrdady hem-de bedähedi gorkuzmazlyk ýa-da gaharyny getirmezlik üçin jeňňellikden çykman saklandy.

Seňriginiň üstünde kiçiräk şahy bolansoň, bu haýwan daşyndan göräýmäge kerki ýatladýardy. Maňlaýyndan tümmerip çykan, öňe uzap duran iki sany şahy bolsa ony käbir gäwmişlere meňzedýärdi. Onuň beýleki alamatlary bolsa kerkleriňkidenem, gäwmişleriňkidenem tapawutlanýardy. Onuň kellesi göwresine görä däldi, uçursyz uludy, uzynlygy hem tas iki metre dagy ýetýärdi. Kellesiniň yzky bölegi giňelip, telperden ýaýbaň örküji emele getirýärdi, ol uzakdan ägirt uly ölçegdäki gerlen gulaklary ýatladýardy, ýöne hakykat ýüzünde owunjak teňňeler bilen örtülen daş tarapy uçlak diş-diş bolup duran bu ullakan monjuk onuň boýnunyň ýokarky bölegini goraýan galkandy. Bu bezemen ýakasy onuň onsuzam abyrsyz uly kellesiniň agramyny hasam artdyrýardy, ony ýokary galdyrmaga päsgel berýärdi.

Bu bedähediň öň aýaklary art aýaklaryndan ep-esli gysgady, şonuň üçin hem ol türresini dik ýokary göterip ýöreýärdi. Haýwanyň kellesi bilen aýaklary ösgün otlaryň arasynda gizlenende, ol beýikligi bäş metre ýetýän ullakan depe ýaly bolup görünýärdi. Onuň ýoňsuz uly göwresi arkasynda we böwürlerinde has iri, syrtynda, aýaklarynda hem-de garnynda bolsa, birneme ownuk tegelek teňňelerden ybarat bolan sowut bilen örtülgidi. Göwresi gysgarak, ýöne ýogyn guýruk bilen gutarýardy, ol guýruk hem göwresiniň yzky bölegine söýget bolup hyzmat edýärdi.

— Baý-baý, muň ämertdigini, bu-u-uw! — diýip, Gromeko ýoldaşlary bilen bu üýtgeşik jandaryň kölüň kenary bilen haýaljakdan ýöräp, otlary hem ösümlik baldaklaryny iýip barşyny synlap oturşyna içini çekdi.

— Bu nähili haýwanka? — diýip, Papoçkin sorady.

— Bu dinozawrlar toparynyň wekili triseratops bolmaly — diýip, Kaştanow oňa jogap berdi. — Bu topara her dürli läheň ýaşşerler hem degişli edilýär.

— Diýmek, bu süýreniji bolýar-da! Näme, şahly süýrenijilerem barmy? — diýip, Makşeýew geňirgendi.

— Dinozawrlar topary trias döwründen başlap, hek döwrüne çenli ýaşan iri hem ownuk, ýyrtyjy hem ot iýýän ýaşşerleriň örän köpdürli görnüşlerini öz içine alýar.

— Diýmek, biz hek döwrüne gelipdiris-dä! — diýip, Papoçkin haýran galdy. — Indi biz bu derýadan näçe aşaklygyna ýüzdügimizçe şeýle nägehanlara has köp sataşarys.

— Indiki duşjaklarymyzam şunuň ýaly ýuwaşja bolsa ne ýagşy — diýip, Gromeko janykdy. — Ýöne şunuň ýaly bimöçber uly wagşy haýwana duşmakdan daş edewersin! Atmaga ýetişmäkäň düýt-müýt eder.

— Uly jandarlar äwmezek bolýar — diýip, Kaştanow onuň bilen ylalaşmady. — Meniň pikirimçe, gylyçgyýak gaplaňlar bu ämertlerden has howply.

— Eýdip-beýdip ol kellesini galdyrar ýaly etmeli — diýip, Papoçkin dillendi. — Bolmasa, ony ýalazy ýere çykarjak bolmaly. Men ony iki gezek surata düşürdim, ýöne ikisinde-de onuň aýaklaram, tumşugam görnenok.

— Atyp göräýsek nähili borka? — diýip, Makşeýew teklip etdi.

— Bolmaz, atsak ol ýa-ha ürküp gaçar ýa-da üstümize topular. Muň ýaly läheňe böwsüji okam wagty bilen täsir etmez.

— Onda onuň üstüne Generaly küşgüreliň!

Gorkusyna galdyrap çyňsaýan iti sypaň-sermeň edip, ämerde küşgürdiler. Olam gaty-gaty üýrüp oňa tarap okduryldy, ýöne her niçigem bolsa ol ep-esli bärde durup üýrýärdi. Itiň hüjümi düýbünden garaşylmadyk netije berdi. Bedähet suwy pagşyldadyp, ullakan tolkun döredip, özüni suwa urdy hem-de gyrmançaly bulanyk suwda gözden ýitdi.

Onuň masgara bolup gaçyşyna hezil edip gülüşdiler, General bolsa gazanan ýeňşine gomparyp, kenara ýüwrüp bardy hem-de towlanyp tolkun atýan bulanyk suwa haýbat atyp, gazap bilen üýrmegini dowam etdi. Birnäçe wagtdan kölüň ortasynda dem almak üçin kellesini çykaran ýaşşeriň iki şahy, ýakasy göründi. Fotoapparatyny häzirläp duran Papoçkin diňe onuň kellesini surata düşürmek bilen kanagatlanmaly boldy, çünki howany demine dartan bu jandar özüni gorkuzan täsin mahluklaryň henizem kenarda durandyklaryny görüp ýene suwa çümdi.

General başga bir kölde gür jeňňellikden üýtgeşik guş sürüsini örüzdi. Olaryň ululygy uly guwlaryňky ýalydy, ýöne göwreleri uzyn, boýunlary gysga hem-de uzyndan ýiti çokjalydy. Çokjalarynda ýiti hem ownuk dişleri hatar bolup durdy. Ol guşlar suwda gaty gowy ýüzýärdiler, balyk awlamak üçin suwuň içine hem çümýärdiler. Olaryň birini atyp urmak başartdy.

Kaştanow mazaly synlansoň, onuň gesperornis bolmagynyň ahmaldygyny aýtdy. Bu hek döwrüniň dişli, ganatsyz guşlary bedeniniň gurluşy boýunça häzirki zaman pingwinlerine golaý. Olaryň ganatlary ýaňyja çykyp başlan ýagdaýynda bolup, tüý görnüşli mymyk perleriniň içinde düýbünden görnenokdy.

BATGALYKLARYŇ WE

KÖLLERIŇ GUŞAKLYGY

Gurak sähraly ülkeden üç günläp ýüzenlerinden soň syýahatçylar onuň günorta çetine geldiler. Ol ýeriň ösümlik dünýäsi bada-bat özgerdi. Derýanyň kenarlary hwoýaly agaçlaryň, sago palmasynyň, şeýle hem aglabasy syýahatçylara nätanyş bolan beýikligi adam boýuna ýetýän köp sanly paporotnik görnüşleriniň jeňňellikleri bilen gurşaldy. Kenaryň gyrasyny gamyşa meňzeş ösümlikleriň ösgün jeňňellikleri tutýardy, kenaryň ýalpak, saý ýerleri bolsa beýikligi bir ýarym metre ýetýän, ýogynlygy ýigrimi bäş millimetrdenem geçýän atguýruklara basyrylyp otyrdy. Gür ösümlikleriň içinden üznüksiz çyrryldylar eşidilýärdi, suwuň üstünde bolsa üýtgeşik mör-möjekler gaýmalaşýardylar. Olar teneçire meňzeşdi, ýöne ganatlarynyň gerimi kyrk santimetre golaýlaýardy. Olaryň ýalpyldawuk metallar ýaly ýaldyrawuk göwreleriniň uzynlygy ýigrimi santimetre ýetýärdi, olaryň biri altynsow-sary, ýene biri demir gyr, üçünjileri ýaşyl-zümerret, dördünjileri garamtyl-benewşe, bäşinjileri dym gyzyl reňkdedi. Gün şöhlesiniň astynda olar kastanýetanyň şakgyldysy ýaly sazlaşykly ses bilen ganat kakyp pelpelleýärdiler, kowalaşýardylar.

Bu owadan görnüşlere maýyl bolan syýahatçylar küreklemelerini goýdular. Gaýyklar akym bilen öz ugruna ýüzüp gitdi, üstündäkiler bolsa heniz görülmedik tomaşa seredip lezzet alýardylar. Papoçkin torhaltany alyp, olaryň haýsam bolsa birini tutjak bolup esli wagt iş edindi. Ahyrsoňy birini tutdy, ýöne torhaltadan çykarjak bolanda teneçir zoologyň barmagyndan çakdy, agyra döz gelmedik alym aljyrap ony sypdyrdy.

Kenary tutuşlygyna jähekläp oturan, täsin nagyş ýaly gök öwüsýän germewden ýaňa gaýygy urganlamaga-da ýer ýokdy. Uzak ýüzüşden sütünleri süýnen syýahatçylar öleňligiň gijäni geçirmek üçin bolmanda kiçijik bölejigini hem tapyp bilenokdylar.

Açlygam özüni duýduryp ugrady, ýöne atguýruklardan emele gelen gök diwar gitdigiçe gürelýärdi.

— Wah, häli sähranyň tamamlanýan ýerinde gonmaly ekenik! — diýip, Gromeko ahmyr etdi.

— Indikide kellämizi işlederis-dä — diýip, Makşeýew güldi.

Kilometr yzyna kilometr geçilýärdi, ýaşyl diwarlaryň bolsa yzy üzülmeýärdi. Ahyrsoňy derýanyň aýlaw edýän ýerinde, çep kenarda pessejik ýaşyl zolak göründi. Uzyndan inçe bu zolajyk derýanyň içine süsňäp girýärdi, soňra ýalpaklyga urýardy. Onuň üstünde diňe atguýruk ösýärdi. Mundan ganymat ýer bolmansoň özlerine meýdança arassalap, bu taýda gonmagyň kararyna geldiler. Kenar bilen zolajygyň arasyndaky goltuga gaýyklary girizip urganladylar, aw pyçaklaryny çykaryp atguýruklar bilen söweşe başladylar. Ýöne bu aňsat iş däldi. Ýogyn baldaklar kremnezýomy köp mukdarda özünde saklaýandygy üçin juda gaty ekeni. Olar pyçaga hezil bermeýärdi, çapylanlaryňam aşagynda ujy ýiti düýbi galýardy, olaryň üstünde oturybam, ýatybam boljak däldi.

— Olary köki bilen sogurmaga synanyşalyň — diýip, botanik teklip etdi. — Derýanyň gyrmançasynda, bular mäkäm kök urup bilmeli däl.

Onuň pikiri dogry çykdy, atguýruklar toprakdan aňsatlyk bilen sogrulýardy, ýarym sagatdan syýahatçylar çadyr hem ot üçin ýer taýynladylar. Ýöne ot ýakara odun ýokdy, ter atguýruklar bolsa ýanmaýardy. Nahar taýýarlamak däl, hatda çaý gaýnatmaga hem odun tapdyranokdy. Onuň üstesine hem atguýruklaryň içinden bimaza edilen san-sajaksyz çybynlar ördi, olaryň hersiniň ululygy ýigrimi millimetre dagy ýetýärdi, olardanam diňe tüssäniň kömegi bilen gutulyp boljakdy.

— Hany, duruň! Ýaňy gelýärkäk men jeňňelligiň içinden gury agajyň somalyp çykyp durandygyny gördüm — diýip, Gromeko dillendi. — Ol golaýjakda, şony alyp gelmek gerek!

Paltadyr tanap alyp, Gromeko bilen Makşeýew gaýyklaryň birini saldan boşatdylar hem-de derýa bilen ýokarlygyna ýüzüp gitdiler. Düşelgeden ýüz ädim gowrak daşlykda olar ýaşyl jeňňelligiň içinden somalyp çykyp duran ýogyn, birnäçe şahaly gury agajy gördüler, ýöne ol agaç suwdan gaty ýokarda durdy, oňa eliňem, paltaňam ýetirer ýaly däldi.

— Tanapy şahaň üstaşyryndan oklap çeksek aldyrmazmyka — diýip, Makşeýew maslahat saldy.

Gromeko atguýruklardan ýapyşyp gaýygy gozgatman saklaýardy, Makşeýew bolsa ýogyn şahanyň üstünden tanapy oklady, beýleki ujunam alansoň çekmäge başlady. Şaha döwülmeýärdi, ýöne agaç tutuşlygyna şatyrdap başlady.

— Gaýygy goýberiň-de, agajy çekmäge kömek ediň — diýip, Makşeýew ýoldaşyna gygyrdy.

Indi olar iki bolup tanapa ýapyşdylar, ugursyzja gaýygyň üstünde duruşlaryna olar güýjünde baryny edip, ýüpi çekýärdiler. Birdenem agaç ýykyldy, ol şatyrdap gaýdyşyna gaýygyň burnuna urdy, onuň agramyna gaýygam suwa çümüp başlady. Gromeko zordan atguýruklara ýapyşmaga ýetişdi, indi ol gaýygyň yz tarapynda durşuna olary özüne dartyp, gaýygy agaçdan sypdyrjak bolýardy, ýöne onuň öň bölegi eýýäm suwuň astynda gizlenipdi.

— Işler pyrryk! Indi näme ederkäk? — diýip, Makşeýew aladaly seslendi.

Ikisi hem gaýygyň yzynda oturyşlaryna bir elleri bilen atguýruklardan ýapyşypdylar, beýleki elleri bilen bolsa agajyň akymyň ugruna ýüzüp gitmezligi üçin tanapy saklaýardylar.

— Kenara çykyp boljak däl, gaýygyň suwuny serper ýaly gabymyzam ýok, olary kömege çagyrmasak bir özümiziň etjek alajymyz ýok — diýip, Gromeko ýoldaşyna ýüzlendi.

Ikisi iki ýerden bogazlaryna sygdygyndan gygyryp, ýoldaşlaryny çagyrdylar. Ilki hiç kim ses bermedi, ýöne soňra Kaştanowyň näme bolandygyny sorap gygyrýandygy eşdildi.

— Tizräk kömege geleweriň, ýanyňyza bedränem alyň, gaýygymyz suwa çümdi!

— Häzir barýan! — diýen jogap ýaňlandy.

Şol mahalam gaýygyň suwa batan ujundan gysgadan ýaýbaň tumşukly, ýapbaşyk maňlaýynda kiçijik gözleri ýyldyraýan ýaşylymtyl-goňur reňkli mähnet kelle göründi. Ol jandar az salym, gapyl üstüni basdyryp, äm-säm bolup duran adamlara garap durdy, soňra bolsa hatar-hatar bolup duran ýiti dişli agzyny giňden açyp, gaýygyň burnuna dyrmaşmaga başlady, gaýyk onuň agramyna hasam aşak çökdi. Ilki haýwanyň gysgadan ýogyn boýny göründi, soňra çakyr göwresiniň öň bölegi suwdan çykdy. Onuň öň aýaklarynyň ullakan penjesindäki dyrnaklary gaýygyň gorumyna mäkäm ýapyşypdy.

Odun üçin uzaga gidilmänsoň awçylar ýanlaryna tüpeňem almandylar, indi olar näbelli tohumdan bolan haýsydyr bir süýrenijiniň öňünde ýaragsyz, bialaç halda durdylar. Ol haýwanyň wagşydygy hem-de örän güýçlidigi görnüp durdy. Olaryň paltasy hem gaýygyň burnunda galypdy, indi ol suwuň içinde, ýowuz duşmanyň penjeleriniň astyndady.

— Pyçagyňyzy küregiň ujuna daňyň, tizräk bolaweriň — diýip, Makşeýew gygyrdy. — Onýança men bu nägehany beýleki kürek bilen saklajak bolaýyn!

Ol öz pyçagyny aldy-da, ony dişleriniň arasyna gysdy, soňra küregi alyp, ony bar güýji bilen ýyrtyjynyň ýarym açyk agzyna sokdy. Dişine hem diline gütüläp degen agaç haýwany elem-ebtat etdi, ol gyssanmaç agzyny ýumdy. Şatyrdy eşidildi, ýiti dişler agajy owradyp, küregiň daşyna aýlanan demre çümüpdi. Makşeýew bolsa küregi ýyrtyjynyň agzyna hasam güýçli itekleýärdi. Ýöne ýyrtyjynyň dişleri bek işleýärdi, onuň agzyndan gana boýalan agaç bölekleri suwa gaçdygyça kürek hem gysgalýardy.

Ýöne ikinji küregiň tutaýynyň ujuna ullakan aw gezligini ädigiň çekileri bilen mäkäm daňan Gromeko kömege ýetişdi, ol Makşeýewiň arka tarapynda örboýuna galdy-da, bu howul-hara ýasalan naýzany nägehanyň göni gözünden sokdy. Haýwan agyra döz gelip bilmän özüni gapdala taşlady, Makşeýewiň elindäki küregini hem özi bilen alyp, derýanyň suwuna çümdi. Onuň gerşiniň iki gapdalyndan uzaboýuna gidýän iki hatar teňňeli ýaýbaň ýagyrnysy hem-de gysgadan ýogyn guýrugy göz açyp-ýumasy salym görnüp gitdi. Ol guýrugyny suwa şeýle bir güýçli urdy welin, awçylary başyndan aýagyna çenli öl-myžžyk etdi.

Süýreniji suwa ýykylanda kenardan sypan gaýyk indi doly suwa çümdi.

Gyssanmaç kömege gelýän Kaştanow hem bu mahal wakanyň bolýan ýerine golaýlapdy. Öwrümden aýlanan dessine ol süýrenijiniň suwuň üstünde turzan oýnunyň bölegini gördi, ýöne nämäniň nämedigine welin düşünmedi. Onuň gapdalyndan suwa bir çümüp, birem çykyp gelýän gury agaç akyp barýardy, ol ony krokodildir öýtdi hem-de gadalga bilen urjak boldy. Şol mahal munça azap eden zadyny ýitirmek islemeýän Gromekonyň sesi eşdildi:

— Agajy tutuň, tutuň agajy! Ol biziň odunymyz!

Kaştanow agaja gadalgasyny ildirip tutdy hem-de ony gaýygyň yzyna tirkäp, billerine çenli suwda duran ýoldaşlarynyň ýanyna geldi.

Eýdip-beýdip suwa çümen gaýygy galdyrdylar, onuň üstüniň suwuny bedre bilen susup aýyrdylar hem-de odunlarynam alyp, çadyryň ýanyna geldiler. Ol ýerde Papoçkin ýeldirgän ýaly bolup, çybynlardan goranýardy, General bolsa olardan halas bolmak üçin suwuň içine çümüp, diňe kellesini çykaryp otyrdy.

Agajy dessine kenara çykardylar, bölekleşdirdiler hem-de tiz wagtdan şatyrdap ot ýanyp başlady. Onuň üstüne oklanan atguýruklar şeýle bir goýy tüsselediler welin, çybynlar zut gaçdylar. Ýöne oduň başynda guranyp duran Makşeýew bilen Gromekonyň hem gözlerinden boýur-boýur ýaş dökülýärdi.

Suwda ýaşaýan bedähediň hüjümi hakynda olaryň gürrüňini diňlän Kaştanow:

— Bu diýýäniňiz üçülenji döwre çenli biziň planetamyzdan ýok bolup giden ýaşşerleriň bir görnüşi bolsa gerek — diýdi.

— Ihtiozawrdyr öýdýärsiňizmi? — diýip, dag-magdan fakultetinde okaýan döwründe paleontologiýa boýunça geçen käbir zatlary ýadyna düşýän Makşeýew sorady.

— Ýok, siziň gürrüňiňizden çen tutsaň, ol bolmaly däl. Ihtiozawr has uly, kellesiniň şekili hem üýtgeşik, ol ýura döwründen has öň ýaşap geçen. Siziň tanşyňyz kiçeňräk saý krokodiline meňzeýär.

— Siz munuň ýaly aňsatlyk bilen ihtiozawryň hötdesinden gelip bilmezdiňiz — diýip, Papoçkin hem belledi. — Pleziozawryň boýny siziň küregiňizden uzyn, ol gaýygyň üstüne münjek bolup durman, göni suwuň içinden sizi gapyp alardy.

— Biz ýene biraz wagtdan ol aýdýan läheň ýaşşerleriňiz bilenem ýüzbe-ýüz bolsak gerek — diýip, Kaştanow agras gürledi. — Derýa bilen aşak düşdügimizçe bize has gadymy haýwanlar duşýar. Biz häzir hek döwrüniň ortasynda, hatda başynda bolmagymyzam ahmal.

— Hawa, bärsiniň haýwanat dünýäsem, ösümlik dünýäsem biziň Ýeriň ýüzünde öwrenişen görnüşlerimizden gitdigiçe özgerýär — diýip, Gromeko hem onuň sözüniň üstüni ýetirdi. — Üýtgeşmeler kem-kemden bolup geçýär, şonuň üçinem biz ony hasaba alyp ýetişemzok. Oýlanyp görsek töweregimizdäki ösümlikleriň hemmesi täze ösümliklerdir: ýaprakly agaçlaryň, gülleriň, däneli ösümlikleriň köpüsi ýitdi, indi palmalar, ýylaklar, ýalaňaç tohumlylar agdyklyk edýär, sporalylar gaty bolap başlady.

— Bu ýerasty patyşalyk özünde gaty kän syrlary, howp-hatarlary gizleýär, şonuň üçinem biz indi hasam hüşgär bolmaly. Böwsüji okly tüpeňsiz bir ädimem ätmeli däl!

— Meniň pikirimçe, nahar bişýänçä birazajyk dynç alsak bolar. Kän eglenip durman naharlanan badymyza ýola düşeliň-de, başga bir oňaýly ýer gözläliň. Öňi-soňy ýyrtyjylardan goranmak üçin uly ot ýakmaga odunymyz ýetjek däl — diýip, Gromeko teklip etdi. Onuň bu pikiri bilen hemmeler ylalaşdy. Zeper ýeten gaýygy guradyp, abatlamak üçin çekip çykardylar, agşamlyk edinip, tüsseli oduň başynda iki sagada golaý ymyzgandylar hem-de galan odunlary hem ýanlary bilen alyp ýola düşdüler. Gargy gamyşly, atguýrukly sümme jeňňellik ýene iki sagat dagy dowam etdi. Suwuň käbir asuda ýerlerinde balyklar öz duşmanlaryndan halas bolmak üçin şapyrdap gaçýardylar ýa-da towsup suwdan çykýardylar. Suwdan böküp çykýan balyklaryň yzyndan, kämahal, agzy hatap ýaly açylan ýaşşeriň betnyşan tumşugynyň görnüp gidýän gezeklerem bolýardy, soňra towlanyp töwerege ýaýraýan tolkunlar mähnet göwräniň çaltlyk bilen suw düýbüne çümendigini görkezýärdi. Wagtal-wagtal aladasyz gaýmalaşyp ýören teneçirler bir ýerlerden peýda bolan ullakan mawy reňkli guşdan gaçyp duw-dagyn bolýardylar hem-de gamyşlyga, gyrymsy ösümlikleriň içine siňip gidýärdiler. Guş bolsa uçup gelşine gaçmaga ýetişmedik teneçiri mähnet çüňkine gysyp alyp gidýärdi.

Ahyrsoňy ýaşyl diwaryň hem aralary açylyşyp başlady. Derýa öňküsinden has giňeldi, akyşy hem gowşady. Ol giňäp-giňäp ahyry köle öwrüldi, onuň ortalarynda adalar görünýärdi. Şeýle adalaryň biri hem syýahatçylaryň ünsüni çekdi. Onuň diňe bir bölegi tokaýly jeňňellikdi, beýleki bölegi bolsa, käýerlerinde köpüsi gury baglar görünýän giň öleňlikden ybaratdy. Ol ada hem gonmaga hyýallandylar.

Adanyň çemenzarlykdan ybarat bölegi pessejik, ýöne örän gaty ota örtülipdir. Içgin seredilende ol plaunyň aýratyn bir görnüşi bolup çykdy. Öleňlik adanyň ýokarky böleginde ýerleşýärdi, şemal aşak, suwa tarap ösýärdi. Odun gytçylygy ýokdy, şol sebäpli hem jeňňelligiň gyrasynda arkaýyn dynç almak hem-de ýyrtyjylary gaçyrmak üçin birnäçe ýerde ot ýakyp, ada mazaly tüsse bermegi ýüreklerine düwdüler.

Şatyrdap ot ýanyp, tüsseler burum-burum bolup jeňňele siňende, ondan ownuk guşlar we her dürli mör-möjekler uçup çykmaga başlady. Olaryň patlap ýere gaçanlaram boldy, zoolog nätanyş görnüşleriň gyzykly kolleksiýasyny ýygnamaga mümkinçilik aldy. Soňra öleňlige täsin hem gorkunç haýwan ylgap çykdy. Onuň daş görnüşi oklukirpä meňzeşdi, ýöne müçesi ullakan öküzçeräk bardy, iňňeleriniň uzynlygy hem bir metre ýetýärdi. Tikenlerini dim-dik edip, düýrlenip, ol mähnet şara öwrüldi hem-de haýýady göçen adamlaryň gapdalyndan ylgap geçdi-de, gamyşlaryň arasyna siňip gitdi.

Onuň yzyndan jeňňellikden gysgajyk, ýöne ýokarlygyna örän beýige bökýän başga bir jandar çykdy, onuň daş keşbi wagşy haýwandygyndan habar berýärdi. Ol garamtyl-sary reňkdedi, kellesi pişigiňki ýalydy, guýrugy ýeterlik derejede uzyndy hem-de ýogyndy, aýaklary bolsa gysgajykdy. Onuň ýasy tumşugynda ýiti dişleri syrtaryşyp durdy. Umuman, daş görnüşinden ol ullakan, uzynlygy 2 metre ýetýän derýa gunduzyna meňzeýärdi, ondan diňe has gözilginç gulaklary we gysgajyk ýaly bilen tapawutlanýardy. Ol hüjüm etmekçi bolman, diňe tokaýyň gyrasyndan suwa barýardy, ýöne onuň daş keşbi Kaştanowy örän gyzyklandyrdy, şonuň üçin hem ol ýyrtyjyny bir okda tükgertdi.

Ol, dogrudanam, juda gyzykly haýwan bolup çykdy, onuň agzynda soňky döwürleriň ýyrtyjylarynyňky ýaly ýasy alyn dişlerem, düwür-düwür bolup duran azy dişlerem tapawutlandyryp bolmaýardy, onuň hemme dişleri birmeňzeşdi, süýrenijileriňki ýaly konus görnüşindedi. Diňe öňdäki, alyn dişleriň ornunda duran dişler beýlekilerden kiçiräkdi hem-de biraz ýapbaşygrakdy, äňiň gapdal tarapynda oturan dişler ulurakdy, gyýak dişler bolsa ähli dişlerden uludy hem-de äňlerde, hasam ýokarky äňde ýokary çykyp durdy.

— Ine, ilkidurmuş süýdemdirijisiniň örän gyzykly mysaly. Onuň dişi entek ýaşşeriňki, ýöne onda has soňky döwürlerde ösen differensirowkanyň başlangyçlary bar — diýip, bu jandary mazaly öwrenen geolog aýtdy.

Soňra jeňňellikden hiç hili jandar çykmady, onsoň näme, syýahatçylara hem ahyrsoňy dynç almaga mümkinçilik döredi. Elbetde, olar çybyndyr beýleki mör-möjekleriň çakmagyndan goranmak üçin tüsseli ody ölçermäge gezekli-gezegine nobata durmaly boldular, şonuň üçin ýatanlarynda hem arkaýyn ýatyp ukyny aldylar.

Ertesi gün hem öten agşamky ýaly ýerler dowam etdi. Derýa indi bütinleý köle öwrüldi. Onda adalar örän köpdi. Akymyň akýany bildirenok diýen ýalydy, şonuň üçin hem mydama kürekleri işletmeli bolýardy. Suwuňam, tokaýyňam üstünde her dürli reňkli teneçirler hem-de ägirt uly, müçesi otuz santimetre ýetýän buýnuzly tomzaklar gaýmalaşýardy, pelpelleýän kebelekleriň her ganaty adamyň elini doly ýapyp biljekdi. Wagtal-wagtal gögümtil-gyr reňkli ownukly-irili üýtgeşik guşlar peýda bolýardy. Olar hokgarlary ýada salýardy, ýöne aýaklary gysga, guýruklary uzyn, çüňkleri hem kiçidi. Olaryň çokjasynda owunjak dişleriniň bardygy görünýärdi.

Uçup barýan şeýle guşlaryň birini urmak başartdy hem-de Kaştanow öz ýoldaşlaryna ýaşşerleriň we guşlaryň aralygyndaky geçiş döwründäki bu ganatly täsin jandary görkezdi. Onuň müçesi durnaňky ýalydy, endamy gyr-gök ýelekler bilen örtülendi, uzyn guýrugy guşlaryňky ýaly diňe ýeleklerden ybarat bolman, köp sanly oňurgalardan durýardy, ýagny süýrenijileriň guýrugynyň gurluşyndady, ýelekler bolsa bu guýrugyň iki gapdalyndan ösüpdir. Guşuň ganatlarynda uzyn üç barmagy bolup, olarda edil aýaklaryndaky ýaly dyrnaklary bardy, şeýlelikde bu guş öň aýaklary ýa-da ganatlary bilen agaçlara hem-de gaýalara ýapyşyp we dyrmaşyp biljekdi. Kaştanow bu jandary öwrenip, ol arheopteriksler maşgalasyna degişli diýen netijä geldi, ýöne Ýewropanyň ýokary ýura çökündi gatlaklaryndan tapylan görnüşlerden bu guş has uludygy bilen tapawutlanýardy.

Günüň ahyrynda kenar juda peseldi hem-de köp ýerlerde üstüni atguýruklar, paporotnikler basan batgalyga öwrüldi, onuň üstünden suwda ýaşamaga uýgunlaşan täsin görnüşdäki agaçlaryň topbagy seleňläp görünýärdi. Bu jeňňelliklerde çakyp ulukjyn açdyrýan her dürli mör-möjekler mygylly berýärdi. Olar kolleksiýa toplamak üçin kenara gonmaga synanyşýan syýahatçylaryň üstüne her gezek rehimsizlik bilen çozýardylar, olar ýüzüp gidenlerinde hem esli wagtlap yzlaryndan galmaýardylar. Ýigrimi bäş millimetrden uly çybynlar, eşegarynyň ululygyndaky siňekler, uzynlygy dört santimetrden geçýän gögeýindir bökelekler adamlaryň üstüne çozmakda biri-biri bilen bäsleşýärdiler, adamlar bolsa olara nä alaç etjeklerini bilmän, göz-gülban bolup gaçýardylar hem-de agşam golaýlap ugradygy bu san-sajaksyz ganatly zalymlaryň arasynda gijäni nähili geçirjeklerini alada edip başlaýardylar.

Syýahatçylar bu batgalyk ýerlerden tizräk geçmek üçin kürekleri agzybirlik bilen işledip, birnäçe sagatlap ýüzmeli boldular. Bu ýeriň haýwanat dünýäsi diňe asmanda gaýmalaşyp ýören mör-möjeklerden, guşlardan, garamtyldan çuň suwuň astynda gizlenip, özleriniň bardygyny şapyrdy hem-de suwuň towlanýan girdaplaryndan duýdurýan balykdyr ýaşşerlerden ybarat bolarly. Bu batgalyk jeňňelliklerde dört aýakly gury ýer jandarlary asla ýaşap biljek däldi.

— Bu nejis gan sorujylaryň awusyna döz gelip biljek gury ýer jandary barmyka beri? — diýip, Gromeko sibirlileriň gepleýiş äheňinde zeýrendi.

Ahyrsoňy günortadan sergin şemal öwüsdi, ol ýerden wagtal-wagtal nähilidir bir birsydyrgyn güwwüldi eşidilýän ýalydy.

— Öňümizde kenarlary ýalazy uly köl ýa-da deňiz bar — diýip, Makşeýew ynamly gürledi. Ol bu güwwüldini ilki bolup eşidipdi.

— Deňiz diýýäňmi? — diýip, Papoçkin geňirgendi. — Be-e, Plutoniýada deňzem barmyka?

— Derýa-ha bar, onuň bardygyny gözümiz bilen gördük, onsoň ol gidip-gidip ahyry ýata suwly haýsydyr bir tebigy howdana guýar. Derýalar şol üznüksiz uzalyp gitmez ahyry, olaram barýarka bir ýerde gutarmalydyr, şeýle dälmi?

— Eýsem-de bolsa, derýalar biziň şu gidip barýanymyz ýaly batgalyk köllerde ýitip ýa-da çägeliklerde gurap bilmezmi?

— Dogry aýdýarsyňyz, ýöne suwuň şeýle bolelinliginde deňziň bolmagy gaty ahmal, biziň şu ýüzüp barýan ot basan kölümiz bolsa, onuň bosagasy bolsa gerek.

ÝAŞŞERLER DEŇZI

Bu howdanyň nähili ululykdadygy hemmeleri gyzyklandyrýardy, belkem-de, ol Plutoniýanyň jümmüşine syýahatyň soňuna nokat goýar, çünki kendir gaýyklar bilen uç-gyraksyz deňizde ýüzmek mümkin däldi.

Bir sagat ýüzenlerinden soň akýandygy çalaja bildirýän bu derýa-kölüň giň zolagynyň ahyrynda gök gaýma göründi. Derýanyň deňze guýýan ýeri ýakynlapdy. Küreklere hasam zor saldylar hem-de ýene ýarym sagatdan kölüň ýa-da deňziň başlanýan ýerine ýüzüp geldiler.

Derýanyň kenaryny jähekläp duran ösümlikler deňziň kenaryna ýetmeýärdi, giň, ýalaňaç çägeli zolak onuň suw bilen arasyny bölýärdi. Megerem, tolkunlaryň kenara urulmasy ösümliklere edil suwuň alkymyna gelmäge mümkinçilik beren däl bolsa gerek.

Deňziň sergin şemaly öwsüp duran çägesöw kenarda syýahatçylar gijäni geçirmek üçin düşlediler. Gowy ýeri, bu ýerde ýüregedüşgünç çybyn-çirkeýlerem ýokdy.

Ýüklerini kenara çykaryp ot ýakansoňlar, hemmesi suwunyň nähilidigini bilmek üçin deňze ylgadylar. Olar bu deňiz daş-töweregi ýapyk şor suwly howdanmy ýa-da akar suwly uly kölmi — şony bilmek isleýärdiler. Galyberse-de, adamlaryň suwa düşeslerem gelýärdi, çünki derýanyň suwlarynda iri ýaşşerleriň bardygyny bilensoňlar, olar soňky günlerde suwa düşmeklerini bes edipdiler.

olar jana ýakymly çägesöw kenarda hasyr-husur çykarynyp, ýalpajyk suwa girdiler. Suw, dogrudanam, juda pessejikdi, örän haýaljakdan çuňlaşýardy, kenardan elli ädim uzaklykda hem zordan guşaklygyňa ýetýärdi. Edil Ýer ýüzündäki ummanlaryňky ýaly bolmasa-da, bu deňziň suwy hem juda şor ekeni, onuň duzlulyk derejesini Baltika deňziniňki bilen deňeşdiräýseň laýygrak gelse gerek.

Suwa düşüp salkynlanlaryndan soňra, syýahatçylar indiki ýüzüşi maslahatlaşyp başladylar. Deňiz kenarsyz däl ekeni, gözýetimiň günorta tarapynda garşyda duran kenary ýönekeý göz bilen hem saýgarmak bolýardy, dürbüläp, siňe seretseň-ä seňňerläp duran gök jeňňelligi, has ýokary galyp duran bölek-bölek baglyklary, käýerlerde bolsa, garamtyl-melewşe öwsüp duran gaýadyr zawlary hem görmek mümkindi. Bu taýda, Plutoniýada ýer üstüniň oýuk bolandygy sebäpli, jeňňelligiň gök öwsüp duran diwarynyň aňyrsyndan, her ýerde-her ýerde tutuş melewşe zolagy emele getirýän has beýik daglar, edil beýlebir aýdyň bolmasa-da, garaz saýgardýardy. Ýer üstüniň beýle tebigy keşbi alymlaryň hemmesinde ol ýere baryp görmek höwesini oýardy. Ol ýer ýetip bolmajak ýerem däldi, bolaýsa kyrk-elli kilometr uzaklykdady, asuda gün, ýelkeni ulanmaga ýeňiljek şemal öwüsse, ol ýere ýüzüp barmak üçin ullakan töwekgelçilik gerek däldi.

Soňky günler batgalyklaryň we kölleriň guşaklygynda aw oňmansoň, huruşlyk et gutarypdy, şonuň üçin hem agşam naharyna diňe şüle gaýnadylýardy. Makşeýew bilen Papoçkin balyk tutmagyň küýüne düşdüler. Olar suwa düşýärkäler ullakan balyk görüpdirler, şol sebäpli hem iki awçy çeňňeklerini aldylar-da, derýanyň kenaryny ýokarlygyna syryp, onuň jeňňelligiň içinden çykýan, suwunyň hem çuň ýerine ugradylar. Olaryň suwa oklan çeňňekleriniň ýüzgüçleri esli salymlap gymyldaman durdy, balykçylar ýerlerini üýtgetmegiň pikirini edip başladylar, şol mahalam balyk çeňňegi güýçli çekip başlady. Makşeýew çeňňegini silkip çekdi hem-de ullakan balygy kenara çykardy. Papoçkiniň oljasy bolsa oňkyňam çaky däldi, onuň çeňňegi ýolaýmagam ahmaldy, şonuň üçin hem ol çeňňegine düşen balygy ýuwaşjadan kenara golaýlaşdyrmaga başlady, ol ony golaýa getirip torhalta bilen almakçydy. Birdenem suw alaköpürjik bolup çaýkandy, çeňňek kiriş ýaly dartyldy, garamtyl reňkli nämedir bir zat tutulan balygy gaňyrçagy bilen birlikde alyp barýardy, balykçy onuň iri teňňeler bilen örtülen arkasyny hem-de gysgajyk guýrugyny görmäge ýetişdi.

Öz tutan balygyny gaňyrçakdan boşatmak bilen başagaý Makşeýew suwuň pagşyldysyny eşidip:

— Semýon Semýonowiç, size-de läheňje balyk düşdi öýdýän, agramy sekiz kilä dagy ýetermikä?

— Sekiz däl, se-sekiz ýüzem bab-bardyr! — diýip, gorkusyndan henizem özüni dürsäp bilmeýän, zoolog peltekläp jogap berdi. — Ol meň çe-çe-çeňňegimi ý-ý-ýoldy-da gitdi.

Makşeýew öz tutan balygyny oňa görkezmek üçin ylgap ýanyna eltdi. Ol örän täsin jandardy, kambala balygy ýaly giňden ýasydy, tutuşlygyna bir inedördül santimetr töweregi ululykdaky teňňe bilen örtülgidi, bir perli guýrugy bardy, gözleriniň ikisi hem göwresiniň bir tarapynda ýerleşendi, arkasy bolsa uzaboýuna çytanaklydy.

— Be-e, bu ämert iýilýämikä beri, aslynda? — diýip, ol şübhe bilen sorady.

— Elbetde, iýilýändir, görýäňmi, bu kambala balygyna meňzeş, dogry ondan tapawutlanýan ýerlerem bar, meniň pikirimçe, skat bolsa gerek. Aslynda, täze balyklaryň hemmesini iýmek bolýar, olaryň diňe käbir görnüşleriniň işbili, süýdi ýa-da garyn boşlugyna düşelen gara örtügi zäherli bolýar. Iç-goşlaryny aýraňsoň, ömür görmedik görnüşiň bolsa-da, ady balykmy arkaýyn iýiber, dogry olaryň käbiriniň etiniň ysy ýiti ýa gylçygy köp bolmagy ahmal.

— Onuň ýaly bolsa, hany ýene tutjak bolaly. Senden sypyp giden balyk nähili balykdy.

— Men-ä ol balyk däl-de, mähnet ýaşşermikä diýýän, ol çeňňegime düşen balygy gaňyrçak bilen bilelikde ýuwdan bolmaly.

— Bäý-bäh, bu ýerde hem ol ýyrtyjylar duş gelýär-dä, onda! Biz bolsa zatdan ätiýaç etmän, deňizde suwa düşüp ýörüs.

— Hawa, ägä bolmak gerek. Sebäbi ýura döwrüniň deňizlerinde — biziň öňümizde ýaýlyp ýatan deňiz hem hut şol döwrüň deňzi bolmaly — ägirt uly ihtiozawrlar, pleziozawrlar we beýleki ýyrtyjy ýaşşerler bolupdyr. Olaryň ýanynda adamy lak-luk atmagyň asla müşgilligi ýok.

— Akulalar o döwürde ýok ekenmi?

— Olaram bar ekeni. Bu ýyrtyjylar tas dewon döwründen bäri belli, özlerem abyrsyz ullakan bolupdyrlar. Olaryň uzynlygy ýetmiş santimetre ýetýän dişleri tapyldy. Şoň ýaly dişlere kybap gelýän ýalmawuz ýaly agzy göz öňüne getirip görüň!

Balykçylar ýene-de çeňňeklerini okladylar hem-de az salymdan häzirki sarysüýek balygyna çalymdaş ullakan balyklary tutdular. Tutulan balyklar dessine arassalandy hem-de balyk çorbasy ataryldy. Çorba gaýnap durka, balykçylar suwda ýaşaýan şeýle jandarlardan ýene on töweregini tutdular.

Agşam naharyndan soň hemmeler çadyryň ýanynda şybyklaryny çekip duruşlaryna öňde duran deňiz ýüzüşini maslahatlaşdylar. Deňiz tolkunlary mollýusklaryň balykgulaklaryndan doly çägesöw kenary adaja sypalaýardy.

Balykgulaklar geologda uly gyzyklanma döretdi. Ýoldaşlary balyk tutýarka, ol mollýusklaryň birgidenini ýygnady hem-de olaryň ammonitlere degişlidigini kesgitledi.

— Serediň — diýip, Gromekonyň sesi eşdildi. — Baý-bo-ow, ol deňiz ýylanlarynyň ululygyna bir serediň!

Kenardan ýüz metr töweregi uzaklykda suwuň ýüzüne uzyn boýunly bir kelle, soňra ýene bir kelle çykdy. Ol kelleler ýylanyňky ýaly ýasydy, boýunlary birgeňsi bolup towlanýardy. Göýä, deňziň içinden, göwreleri suwdan çalaja saýlanýan iki sany ägirt uly gara guw ýüzüp barýan ýalydy.

— Bular ýylan däl — diýip, Kaştanow ol jandarlary dürbüli synlap durşuna seslendi. — Olaryň pleziozawrdygyna gözüm ýetip dur.

Papoçkinem haýwanlaryň hereketine dürbüli seredip otyrdy. Ol hem:

— Özleri-hä, bedähet uly ekeni! — diýip, kellesini ýaýkady. — Olaryň boýunlarynyň uzynlygy azyndan iki metr bar bolsa gerek.

— Olaryň bize myhmançylyga geläýesleri ýok-la? — diýip, Gromeko sorady. Gaýygyň üstündekä ýaşşer bilen bolan waka entek onuň ýadyndan çykmandy.

— Kim bilýär! Ýöne olar gury ýerde juda tagaşyksyz bolsalar gerek, şonuň üçin hem biz olardan gaçyp syparys. Onda-da, bilip bolmaz, tüpeňlerimizi böwsüji ok bilen oklalyň.

Ýöne deňiz nägehanlary kenara çykjak bolup durmadylar, olar balyklary kowalap suwa çümmäge başladylar. Olar kenaryň ýakasyny syryp baryşlaryna, öz öňlerindäki oljalaryna seredýärdiler, soňra boýunlaryny uzadyp, çalasynlyk bilen ony tutýardylar, ýokary zyňyp, agyzlary bilen çytanaklarynyň hem-de teňňesiniň garşysyna däl-de, ugruna ýuwutmak üçin dikbaşaşaklygyna gapýardylar. Özem pleziozawrlar şeýle bir rejeli hem çalt hereket edýärdiler welin, görseň haýran galaýmalydy. Dogry, käwagt olaryň awunyň sypýan halaty hem bolýardy, şonda bu haýwanlar öz göwresini tutuşlygyna diýen ýaly suwdan çykaryp, tolkunlary pagşyldadyp, boýunlaryny öňe uzadyp, awlarynyň yzyndan kowalaýardylar. Syýahatçylar pleziozawrlaryň balyk tutuşyna hezil edip seretdiler, ýöne onuň soňy uruş bilen gutardy. Pleziozawrlaryň ikisi hem bir balygy tutdy megerem, ol balyk uly bolarly, olaryň hersi ony garşydaşynyň agzyndan almakçy bolýardy.

Ahyry olaryň biri muny başardy hem-de zut gaçdy, ýöne ikinjisi ony sypdyrarly däldi, dessine onuň yzyndan ýetdi, agzyndaky balygy aljak bolup, boýnuny garşydaşynyň boýnuna dolady. Biri-birine çolaşan boýunlar bir o tarapa, birem bu tarapa ýaplanýardy, garamtyl göwreler birek-birege zor salýardy, gysgajyk guýruklar hem-de küregaýaklar suwy urup, çar ýana suw serpip darkaş gurýardy. Ahyrsoňy pleziozawrlaryň biri gazaba mündi, balygy agzyndan goýberdi-de, bäsdeşiniň boýnundan agyz saldy hem-de ony suwuň düýbüne alyp gitdi. Bedähetleriň suwuň aşagyna çümen ýerleriniň tolkun atmasy wagty bilen ýatmady. Ýene bir sagatdan Gromeko bilen Kaştanow tolkunlaryň kenarýakasyna çykaran agaçlaryndan agşam ýakmaga odunlyk ýygnap ýörkäler, suwuň üstünde ýaýkyldap duran garamtyl sudury gördüler. Ol kenarýakasyny syryp barýardy, gitdigiçe hem kenara golaýlaşýardy. Ahyry ol, megerem, saýlyga diräp durdy.

Ýygnan odunlaryny çadyra getirenlerinde olaryň ýoldaşlary eýýäm uka giden ekenler. Olar ýoldaşlaryny bimaza etmän gaýyklaryň birini alyp, gara sudura tarap ýüzdüler. Bu pleziozawrlaryň biri eken. Eýýäm maslygyň üstüne haýsydyr bir ullakan guşlar gonupdyrlar hem-de ony çokjalaýardylar, birneme kiçiräk guşlar bolsa özlerine gezek ýeterine garaşyp, howada gaýmalaşýardylar, ägirt uly gurbagalaryň warryklamasyna çalymdaş ses bilen çar ýany doldurýardylar. Olaryň uçuşy ýarganatlaryň uçuşyny ýada salýardy.

Läşe golaýlaşmak üçin birnäçe gezek tüpeň atyp, guş sürüsini kowmaly boldy. Maslygyň kellesini garşydaşynyň ýiti dişleri bilen parçalanan hamyň gyýkyndylary saklaýardy. Jansyz läş garnyny ýokaryk edip, suwuň ugruna ýüzýärdi, onuň mähnet ýüzgüçaýaklary hem suwuň ýüzüne çykýardy. Onuň garnynyň ýaşylymtyl-goňur reňkli ýylçyr hamy bardy.

Pleziozawry kenara çykarmak mümkin däldi, onuň göwresiniň uzynlygy iki metrdenem geçýärdi, guýrugy biraz gysgarakdy, ýöne boýny göwresindenem uzyndy. Yzky ýüzgüçaýaklary tas bir ýarym metr bardy.

Awçylaryň uran guşlary uçýan ýaşşerleriň iki görnüşi bolup çykdy: has uly ýaşşerleriň (pterodaktilleriň) müçesi bürgütleriňkidenem ulurakdy, ownugraklary ullakan ördekçeräk bardy. Olaryň ulularynyňam, kiçileriniňem çokjalary dişli mähnet kellesi bardy, göwreleri sakar ýylçyrdy, öň we yz aýaklaryny ýarganatlaryňky ýaly uçuş perdeleri birikdirýärdi. Ownuk görnüşleriniň guýruklary uzyndy.

DEŇIZDEN GEÇIŞ

Ertesi gün deňizde ýüzmek üçin tüýs diýlen howa boldy. Asman bulutsyz diýen ýalydy, gowşajyk demirgazyk şemaly ösýärdi, ol uly tolkun turuzmaýardy, üstesine ýelken goýbermäge hem mümkinçilik berýärdi. Ýola ugralmazyndan öň gaýyklar hem sal mazaly gözden geçirilip taýyn edildi. Bogaldak bolup hyzmat edýän iki gadalganyň aralygyndan çadyr çekdiler. Makşeýewiň kenarda suwa gaçan agaçlardan guran piramidasynyň üstüne ak baýdakly syryk dikdiler, ol gaýdyşyn ýol görkeziji çelgi bolmalydy. Bimöçber uly gaý-tupan turaýmasa ýa başga bir bolmasy ýagdaý ýüze çykmasa tolkunyň ýetip bilmejek ýerinde, kenardan az-owlak daşlykda, jeňňelligiň gyrasynda çukur gazdylar hem-de onda şu mahala çenli toplan kolleksiýalaryny — dag jynslaryny, gerbariýleri, haýwanlaryň kelleçanaklaryny, süňklerini we derisini ýygnap goýdular. Dogrudanam, olar gaýyklara artykmaç ýük boljakdylar, üstesine hem ýüzüş mahaly olaryň suwa batmagy, ezilmegi, yzgar çekmegi hem ahmaldy. Derileriň ysyna gelen ýyrtyjylaryň çukury gazmazlyklary üçin, gömlen çukuryň üstünde suwa gaçan agaçlardan ýene bir piramida gurdular. Toparyň gurnama öýden deňiz kenaryna çenli geçen ähli ýolunyň gysgaça beýany ýazylan çüýşejigi hem piramidanyň gapdalyndan asyp goýdular.

Bu işleri tamamlap, syýahatçylar gaýyklaryna mündüler hem-de göni günortalygyna, uzaklardan çalaja saýgardýan garşydaky kenara tarap ýüzmäge başladylar. Gaýyklardyr sal kenardan biraz arany açansoň, şemal ýelkeni doldurdy hem-de gäminiň hereketini tizleşdirdi. Syýahatçylar deňziň demirgazyk kenaryndan gaýdansoňlar, o tarapynyň umumy tebigatyny gowy bilýärdiler. Makşeýew derýasynyň deňze guýýan ýeriniň gündogarynam, günbatarynam beýik gök diwar jähekläp durdy, diňe käbir ýerlerde deňze guýýan beýleki derýalar ony dilkawlap, bölekleýärdi. Baýdakly depe gök öwsüp duran diwaryň goýnunda oňat görünýärdi. Gök jeňňelligiň aňyrsynda dagam, baýyram görnenokdy, deňziň bu kenaryna ýanaşyk ýeriň aglaba bölegini, megerem, tutuşlygyna jeňňellikden hem-de batgalykdan durýan pes sähralyk tutýan bolarlydy. Iki sagat ýüzenlerinden syýahatçylar saly diňe ýelkenleriň güýji bilen ýüzdürip, özleri dynç almaga oturdylar.

Deňiz asudady. Ýeňiljek şemal onuň ýüzüni birgeňsi edip çalaja tolkundyrýardy. Kenardan alysda hiç hili yns-jyns ýokdy. Deňiz indi juda çuňlaşypdy. Ujuna agramlyk dakylan, uzynlygy ýüz metr bolan ýüp hem onuň düýbüne ýetip bilmedi. Syýahatçylarda çuňlugy ölçemek üçin başga hiç hili enjam ýokdy. Biraz dynç alansoňlar, olar ýene-de küreklerine ýapyşdylar hem-de bir sagatlap ýüzdiler.

Indi olar deňziň orta gürplerine geldiler, gäminiň üstünden kenarlaryň ikisi hem olardan birmeňzeş daşlykda ýaly bolup görünýärdi. Tiz wagtdan şemal birneme güýjedi. Öňküdenem çalt ýüzüp başladylar. Indi gara, melewşe we gyrmyzy reňkli, ulgam-ulgam bolup bu ülkäniň jümmüşine uzalyp gidýän gaýalary hem gowy saýgaryp bolýardy. Olar kenaryň ýakasy bilen uzalyp gidýärdiler, biraz sagda öz orunlaryny tokaýyň gök diwaryna berýärdiler, ol gök diwar has aňyrrakda, mämişi öwüsýän, bir görseň suwuň gyrasyna süsňäp gelýän, bir görseňem ondan gök öwüsýän inçejik zolak arkaly aýrylýan beýik baýyrlyk bilen ornuny çalyşýardy.

Kenara golaýlaşyldygyça deňiz janlanyp başlady: diametri bir metre ýetýän, durudan mylkyk bedenleri suw tolkunyna ýaýkyldap duran ägirt uly meduzalar peýda boldy, küreklemän dursaň suwuň içindäki ownukly-irili balyk sürülerini hem görmek bolýardy. Gar ýaly çuw ak balykgulaklarynyň üstünden dym gyzyl tutguçlaryny uzadyp, ýelkenlerini goýberen nautiluslar hem mahal-mahal göze kaklyşýardy.

Kenaryň iki kilometr golaýynda deňiz jandarlarynyň sany hasam artdy. Käýerlerde suwotular birgiden ýüzýän adalary emele getiripdirler, olaryň arasyndan geçilende kürekler ýumşak ýaşyl otlara çolaşýardy, suwa batmajak bolýardy; suwotularyň baldaklary bilen birlikde ownuk balykgulajykary, balyjaklary hem-de mör-möjekleri hem deňizden çykarmak bolýardy.

Elde ýasalan loty suwa okladylar; çuňluk ýigrimi bäş metre deň bolup çykdy. Bu ýerden gaýalaryň eteginde kenara urulýan tolkunlaryň ak köpükli zolagy hem gowy görünýärdi.

Şu mahala çenli ýüzüş gülala-güllük bolup barýardy, dogrusy, ol göwün açmak üçin edilýän gezelenje çalym edýärdi. Ýöne syýahatçylaryň maňlaýynda howp-hatarly ýagdaýlar bilen ýüzbe-ýüz bolmak hem bar ekeni.

Kenardan, takmynan, bir kilometr uzaklykda, salyň bolaýsa otuz metr gapdalyndan pleziozawryň kellesi suwdan ýokary çykdy hem-de ol kellesini birgeňsi ýaýkyldadyp, adamlara tarap gaýtdy. Ýaşşer haýaljakdan ýüzýärdi, saldyr gaýyga hem-de onuň üstündäki adamlara üns bilen seredýärdi, megerem, ol olary heniz görülmedik haýsydyr bir uly jandar hasaplaýan bolsa gerek.

Böwsüji ok gaplanan tüpeň taýýar bolup durdy, pleziozawr has ýakyna gelende iki tüpeň birlikde atyldy. Oklaryň ikisi hem nyşana degdi; jandaryň gelşikli boýny sandyrady, ýarym açyk agzyndan gan zogdurylyp akdy hem-de haýwan suwda janhowluna urnup başlady, onuň döreden tolkunlary tas syýahatçylary suwa gark edipdi, şonuň üçin hem olar bu ýerden tizräk arany açanlaryny kem görmediler.

Alymlar ellerinde baryny edip kenara tarap kürekleýärdiler, şol wagt hem misli suwasty gämi ýaly iki hatar tolkun turzup, garamtyl bir zat olaryň duşundan dazlap geçdi; suwda ýaşylymtyl-goňur ýagyrny hem-de krokodiliň kellesini ýada salýan mähnet tumşuk göründi. Bu bedähet ýalaw ýaly dişleri hatar-hatar bolup duran hatap ýaly agzyny açyp, soňky demindäki pleziozawra okduryldy, ol aňsat ýerden garnyny doýurmakçydy.

— Megerem, bu ihtiozawr bolsa gerek! — diýip, Kaştanow eýmenç ýaşşerden gözüni aýyrman durşuna seslendi.

— Bu nägehan öňküdenem bäş beter eken — diýip, Makşeýew belledi. — Ol adamy aňsatlyk bilen tutubam, lak-luk atybam biljek.

— Üstesine, ony suwuň içinde saýgarmagam, atmagam kyn — diýip, Gromeko hem onuň sözleriniň üstüni ýetirdi.

Indi kenar daşda däldi; oňa ýüzüp barýarkalar, alymlarda ýaş ihtiozawryň balyk awlaýşyny görmäge mümkinçilik boldy, balyk ondan edil peskar, golýan, ýaz balyklarynyň yzlaryndan kowalaýan çortan balygyndan suwdan ýokarlygyna towsuşyp gaçyşlary ýaly gaçýardy, ihtiozawryň agzy hem çortanyň agzyna juda çalymdaşdy.

Syýahatçylar ýalaňaç gaýalaryň etegindäki köpürjikläp duran tolkunlardan sowlup, ösümlikleriň göm-gök diwary bilen jäheklenen güzere ugradylar, ol ýerde gonmak üçin amatly çägesöw tekiz meýdan görünýärdi. Ýöne kenaryň golaýynda suw şeýle bir ýalpaklaýardy welin, gaýyklary we saly suwa girip, el bilen çekmeli boldy. Deňziň üstünden geçmek alty sagat töweregi wagt aldy, gün günorta golaýlapdy, nahar edinilip, az-kem dynç alnandan soňra, töwerekde birsellem gezim etmek hem boljakdy. Sal bilen gaýyklary kenara çykardylar, çadyr gurnap, günortanlyk nahar bişirmäge durdular. Şol mahalam özleriniň süýji suwlarynyň gutaryp barýandygyny bilip galdylar.

— Muny oňarmandyrys, oglanlyk edipdiris — diýip, Papoçkin başyny ýaýkady. — Kim bilýär, bu kenarda süýji suw barmy, ýokmy? Bolmanda birnäçe güne ýeter ýaly suwumyzy bir ýanymyza almaly ekenik.

— Eger suw tapmasak, onda deňiz bilen yzymyza ýüzmeli bolarys, bu kenarda näme bardygyny hem görüp bilmeris — diýip, Gromeko hyrçyny dişledi.

— Siz biderek ýere alada edýärsiňiz — diýip, Kaştanow ýoldaşlaryny köşeşdirdi. — Eger bu kenarda düýbünden ösümlik bolmasa, onda başga gürrüň. Onda, elbetde, biz özümiz bilen süýji suw alyp gelerdik, kenaryň ot-çöpsüz ýalaňaç keşbi bizi bu pikire getirerdi.

— Edil şu töwerekden çeşme ýa bulak taparys, meniň muňa gözüm ýetip dur — diýip, Makşeýew hem ynamly gürledi. — Munuň ýaly bagy-bossanlyk, çemenzarlyk şor suwda ösmez.

Nahar iýlip az-owlak dynç alnandan soňra zoolog bilen botanik suw gözläp, tokaýa gitdiler, Kaştanow bilen Makşeýew bolsa düşelgäniň gündogar tarapyndaky kenara abanyp duran gaýalara seretmelidiler.

Hemmeler böwsüji oklar gaplanan tüpeňler bilen ýaraglandy, bu ýerde gury ýerde ýaşaýan ýaşşerleriň we beýleki wagşy haýwanlaryň sataşaýmagy ahmaldy. Generaly çadyryň gapdalynda daňdylar, bir gapdalda ullakan ot ýakdylar. Ot çagyrylmadyk myhmanlary gorkuzmalydy.

MAKŞEÝEWIŇ MILLIONLARY WE

MILLIARDLARY

Üsti gyzyl hem sary tegmillerden, yzlardan doly, ýakyndaky garamtyl reňkli gaýalar tutuşlygyna magnitli demir magdanlaryndan ybarat bolup çykdy. Daşa urlan her ýekedaban diňe şu magdany goparýardy. Setanda-seýranda haýsydyr bir başga dag jynsynyň garalyp duran menek-menek öýjüklerini hem görmek bolýardy. Syýahatçylar kenardaky gaýalary mazaly gözden geçirdiler, hemme ýerde üsti birneme owranyp hem poslap başlan magdan bardy. Muny gören Makşeýew:

— Bu taýda gör nähili baýlyklar peýdalanylman ýatyr! — diýip, gygyranyny özi hem duýman galdy.

— Hawa, bu ýerde Ýer ýüzüniň ähli ilatyny magdan bilen üpjün edip biljek magdan känini gurmak boljak — diýip, Kaştanow hem onuň pikirine goşuldy. — Elbetde, ilkibada Nanseniň Ýeri bilen Plutoniýany birikdirjek demir ýol gurmaly hem-de Bofort deňzine buz döwüji ullakan gämileri getirmeli.

— Bu geljekde edilmeli işler, özem muňa beýlebir uzak garaşmalam bolmasa gerek! O taýda, ýokarda demir magdanlarynyň gory azalyşsa, mundan bäşbeter kyn işlerem adama bähbit getirer, olary ýerine ýetirmegem adamzat üçin iň bir möhüm işe öwrüler.

Gaýalaryň başlanýan ýerinden bir kilometr aralykda deňiz kenarýakany gözden geçirmekligi bökdedi, tolkunlar uçut gaýanyň edil etegine urulýardy, hatda geçer ýaly insizje ýodajyk hem ýokdy.

— Mundan beýlesini asuda howa bolanda gaýygyň üstünden synlaýmasak, dagy alaç ýok — diýip, Makşeýew pikirini aýtdy.

— Häzir biz hälki deňesinden geçip gaýdan derelerimiziň biriniň üstünden ýokaryk dyrmaşmaga synanyşsak nähili bolarka? — diýip, Kaştanow teklip etdi.

Biraz yza dolanyp, iki barlagçy ilkinji gabat gelen, magdanly gaýany dilkawlaýan deräniň içine girdiler. Onuň deňze direýän ýerinde mähnet-mähnet magdan harsaňlary münderlenişip durdy, olaryň üstünden geçmek örän kyndy.

Olaryň arasyndan asyl-asyl bolup, suwlup geçýän syýahatçylaryň hereketleri gimnastika maşklaryna gaýra dur diýýärdi. Şeýle maşklardan ýaňa gara der bolan Makşeýew duýdansyz saklandy, haýran galyp elini çarpdy.

— Eý-jan, muňa bir serediň-le, bu näme? — diýip, ol magnitli demir magdanynyň ägirt uly harsaňynyň içinden geçýän bäş-on santimetr ýogynlykdaky lowurdap duran açyk sary reňkli çylgymy görkezdi. — Nämeden jedel etmeli bolsa edip biljek, bu arassa altyn!

— Gaty dogry aýdýarsyňyz, bu arassa, sap altyn, özem gaty ýokary hilli!

— Be-e, bu taýda gör nähili baýlyklar çaşyşyp ýatyr! — diýip, ozalky altyn gözleýji haýran galyp gygyrdy. — Kaliforniýada-da, Alýaskada-da gaty kän altyn ýataklaryny görüpdim, ýöne sap altynyň munuň ýaly çylgymyna men heniz gabat gelemok, asla munuň ýaly altynyň bolýandygynam eşidemok.

— Menem munuň ýaly altyn çylgymynyň bolýandygy hakynda hiç hili maglumata gabat gelemok — diýip, Kaştanow hem ýoldaşynyň sözlerini tassyklady. — Ýöne bu gaýada däl-de, birje harsaňyň içinden geçýär ahyry, bu baýlyk elli-altmyş kilogramdan artyk däldir.

— Eger-de harsaňda çylgym bar bolsa, nämüçin ol gopup gaýdan gaýasynda dowam etmeli dälmişin?

— Elbetde, dowam edýändir! Biz ony hökman gözläris, ýöne onuň baryp bolmajak ýylçyr gaýanyň üstünde bolmagam ahmal, onsoň oňa basnýadaky tilkiniň üzüme seredişi ýaly seredip, «Bişmändir, iýseň derrew dişleriňi gamaşdyr» diýip yzymyza gaýdaýmasak, başga bitirjek goşumyz bolmaz.

— Dinamitiň öňünde durup biljek gaýa ýokdur! — diýip, Makşeýew höwes bilen sözledi. — Bir tapsak bolýa, onsoň nätmelidigini bileris!

— Tapaýamyzda-da, ol bize diňe nazaryýet babatynda gyzykly bolarmyka diýýän. Bu gaýyklarymyz bilen tonnalaba däl, ýüz kilogram altynam äkidip bilmeris.

— O nähili! Äkidibilenimizi äkideris, soňam altyn getirmek üçin bärik ýörite ekspedisiýanyň şaýyny tutarys.

Deräniň agzynyň üstüne abanyp duran gaýalary synlap, olarda altynyň görünmeýändigine magat göz ýetirensoňlar geologlar dere bilen ýokarlygyna gitdiler. Onuň ýokarsy az-owlak giňelýärdi, iki gapdaly kert gaýany emele getirip ýokary galýardy, düýbi çagyldyr ownuk daşlardan doludy. Gapdalky gaýalarda diňe magnitli demir magdany görünýärdi, ýöne Kaştanow çagyl daşlarynyň arasynda başga dag jynslarynyň bardygyny hem gördi.

Dere bilen ýokarlygyna elli ädim töweregi ýöränsoňlar, Makşeýew:

— Ine, size ýene-de altyn — diýip, ýüzi syçratgy sepilen ýaly menek-menek altynly magdan bölegini ýerden galdyrdy.

Agyzdan iki ýüz ädimlikde deräniň düýbi ýokary galyp başlady, soňra bolsa hatar-hatar köwlere öwrüldi. Olaryň ilkinjilerinden geçen geologlar öňlerini ýapan beýikligi dört metr uçut gaýanyň öňünde bialaç saklandylar, çünki demir magdanyndan emele gelen bu ýylçyr gaýa dyrmaşmak düýbünden mümkin däldi.

Makşeýew gahar bilen kert gaýa çekijini urdy hem-de tukat seslendi:

— Mundan beýläk ýol ýok, biziňem altyn çylgymyny tapmak arzuwymyzyň köküne palta urulýar!

— Hawa, indi başga deräni gözlemesek, dagy alajymyz ýok.

— Be-eh, bu näme boldugy?.. — diýip, Makşeýew birden gatyrganyp başlady. — Bu gaýanyň bize altyn bermäni, bermäni, indi ol meň ýekeje çekijimi hem elimden aljak bolýar!

Onuň gatyrganmasy ýöne ýerden däldi, çünki altyn gözleýjiniň çekiji, göýä, gaýa ýelmeşen ýaly bolup durdy, Makşeýew ony sogrup aljak bolýardy, ýöne onuň gury azap edeni bolýardy.

Şol mahal gaýanyň ýanyndaky dag jynsyny synlap duran Kaştanow oňa tüpeňli arkasyny öwürdi hem-de özüni nähilidir bir uly güýjüň çekýändigini duýdy. Tüpeň şatylap gaýa ýelmeşdi, geologam biygtyýar daşa ýaplanmaly boldy.

— Bu magdanyň magnitiniň dartyşy juda güýçli ekeni! — diýip, ol nämäniň nämedigini bilensoň, gygyryp ýoldaşyna ýüzlendi. — Siziň çekijiňizem, meniň tüpeňimem bu magnitli demir magdany özüne çekip ýelmeşdirdi!

— Olary nädip gopararys? Bu zatlar bize gaty gerek, olary şowsuz gezelenjimizden baky ýadygärlik üçin bu ýerde goýup gitsegem-ä bolmaz!

Kaştanow tüpeňiň gundagyndaky çekiden egnini sypdyrdy, tüpeň bolsa diwara mäkäm ýelmeşip durşuna galdy. Şol mahal Makşeýew iki eli bilen çekiçden ýapyşyp, güýjünde baryny edip çekdi hem-de ony diwardan gopardy. Soňra olar iki bolup, tüpeňiň daşyna geçdiler hem-de güýçlerini jemläp, ony hem gaýadan sypdyrdylar.

— Etjek alajyň ýok, yza gaýtmaly! — diýip, Kaştanow teklip etdi. — Elimizdäki bu demir gurallarymyz bilen biz diňe köseneris.

— Duruň, men ýokaryk dyrmaşmagyň tärini tapdym. Tüpeňi biz bärde goýarys, bu ýalaňaç derede hiç hili haýwan bolup bilmez.

— Hawa, onsoň?

— Ynha, serediň!..

Makşeýew deräniň içindäki daşdyr çagyllaryň arasyndan büdür-südür, ullakan magdan böleklerini aldy hem-de olaryň tekiz tarapyny köwüň kert diwaryna goýmaga başlady, olar dessine ýelmeşip, gaty mäkäm saklanýardylar. Ýelmeşen daş bölekleri özboluşly merduwany emele getirdi. Biraz töwekgellik etseň, olara basyp, ýokarlygyna dyrmaşmak boljakdy.

— Men-ä siziň ugurtapyjylygyňyza telpek goýandyryn — diýip, Kaştanow ýoldaşynyň öwgüsini ýetirdi. — Siz islendik kynçylykdan abraý bilen baş alyp çykýan hakyky altyn gözleýji!

— Öwgiňize sag boluň! Çekijim kelläme bu pikiri getirdi. Ol diwara ýelmeşip durka sapynyň üstüne bar güýjümi edip basdym, ýöne ony ýerindenem gozgap bilmedim. Ana, şonda kelläme «ynha, saňa basgançak» diýen pikir geldi. Galanynam, näme, özüňiz görüp dursuňyz.

Tüpeňlerini, hatarlaryny hem-de içinde magdan nusgalyklary bolan torbalaryny deräniň düýbünde goýup, geologlar ýokarlygyna dyrmaşdylar. Öňden Makşeýew gitdi, ol ýoldaşynyň aşakdan äberýän bölekleri bilen basgançagyň yzyny dowam edýärdi. Bäş minutdan olaryň ikisi hem ýokaryk çykdylar.

Dere ozalkysy ýalydy: sag tarapyňam, çepiňem dim-dik diwar, deräniň düýbi köw-köw bolup dur, hemme ýerde magnit magdany bar, onuň dartyş güýji käýerde güýçli, käýerde gowşagrak. Ýene iki ýüz ädim töweregi dyrmaşyp, geologlar deräniň düýbünde öküziň kellesi ýaly ululykda açyk-sary reňkli harsaň daşy gördüler, ol tutuşlygyna altyndy.

— Hany gyzyl gözleýji, bu bölejigi biziň düşlegimize äkitdä äkidibilseň! — diýip, Kaştanow güldi.

— Hawa, ep-esli bar, özi-hä — diýip, Makşeýew jogap berdi hem-de aýagy bilen altyn harsaňyny itekledi, ýöne ol ýerindenem mizemedi. — Bu bölejik segsen kilogram dagy barmyka diýýän, bahasy hem ýüz müň rubl töweregi bolsa gerek. Megerem, altyn çylgym golaýdadyr.

Olar kellelerini galdyryp, deräniň kert gapdallaryny synlamaga durdular hem-de tiz wagtdan sag gapdallarynda, dört metr töweregi belentlikde, gara magnitli demir magdanynyň arasyndan gytaklaýyn geçýän altyn çylgymyny gördüler; ol käýerlerde ýarym metre çenli ýognaýardy, käýerlerde bolsa gysylýardy, ondan ýokarlygyna hem aşaklygyna ösüntgiler gaýdýardy.

— Biziň öňümizde millionlar dur, millionlar! — diýip, Makşeýew çylgymyň göze görünýän uzynlygyna nazar aýlap, uludan dem aldy. — Bu ýerde altynyň onlarça tonnasy göni gözümiziň alnynda, görnüp dur!

— Siz altyna gaty gyzýarsyňyz — diýip, Kaştanow belledi. — Goý, bu çylgym onlarça milliona durýan bolsun, ýöne ol onda-da bary-ýogy bir çylgym, zolajyk ahyryn! Onuň daşyny bolsa gymmatbahaly demir magdanynyň tutuş dagy gurşap dur, olar milliardlarça tonna, olar milliardlarça pula durýar!

— Ýöne bu çylgymyň ýeke-täk bolmazlygam ahmal, dagyň aýry-aýry bölekleriniň sap gyzyldan durýan bolmagam mümkin. Eger şeýle bolaýsa, onuň gory hem milliardlarça pula durar.

— Altyn şonça mukdarda alynsa, onuň bazar nyrhy dessine pese gaçar. Ol tebigatda az bolanlygy üçin gymmat. Altynyň adamzadyň durmuşynda ähmiýeti bolsa, demriňkiden has pes. Häzirki zaman tehnikasy demirsiz oňup bilmez. Altyn pullary hem-de peýdasyz altyn bezeg şaýlaryny aýryň, altyna isleg juda azalar.

— Siziňem demriň adamyň durmuşyndaky ähmiýetine kelläňiz gereginden artyk gyzýar — diýip, Makşeýew oňa garşy çykdy. — Eger altyn köp bolan bolsa, onda ol birentek metalyň ornuny tutardy, esasanam, mis, sink, galaýy erginlerinde. Arzan altyndan bürünç ýasardylar, sim ýasardylar, häzir olary ýasajak bolsaň mis ýa-da onuň ergini bolmasa etjek alajyň ýok.

— Bu taýda demir gorunyň uçursyz kändigi düşnükli, ýöne altynyň bollugy welin, ikuçly, onuň gory beýlebir kän bolmasa gerek.

— Ýeri bolýa, biz bärik dolanyp gelenimizde sen özüňe bu ýeriň ähli demrini al, işle, gazanç et. Maňa bolsa azajygam bolsa altyny beräý, oňňut ederin şoň bilen! — diýip, Makşeýew güldi.

— Bolýa, men saňa ol demir magdanlarynam bereýin, baýap millioner, ýok milliarder bol! — diýip, Kaştanow hem onuň degişmesine degişme bilen jogap berdi.

Alymlar deňiz kenaryna gelenlerinden soňam şunuň ýaly dereleriň birnäçesini gözden geçirdiler. Hemme ýeriň daş diwary demir magdanyndan ybaratdy, onuň käýerlerinde altyn çylgymlary hem öýjükleri bardy. Ýöne ilkinji derede görenlerindäki ýaly ýogyn çylgyma olar soň duşmadylar. Makşeýewem demir magdanynyň bu ýerdäki altyndan gymmatynyň has uludygyny boýun almaly boldy. Millionlarça, belkem-de, milliardlarça pula durýan magdan nusgalyklaryndan mas ýüklenen geologlar ahyrsoňy çadyra geldiler hem-de öz görenlerini biraz öňräk gelen ýoldaşlaryna gürrüň berdiler, olar haýran galyp diňlediler.

ATGUÝRUK JEŇŇELLIGI

Deňziň jyglym daşly çägesöw kenarynyň gury ýer tarapyny gür ösümlikler tutup durdy; beýikligi sekiz-on metre ýetýän ägirt uly atguýruklar biri-birine degşip hatar tutuşyp otyrdy. Olaryň ýaşyl baldaklary edil gögerip çykan ýerinden şaha-şaha bolup aýrylýardy, olaryň aşagyndan iki bükülip emedekläp geçmeseň, asla geçer ýaly däldi. Atguýruklaryň arasynda agaç görnüşli paporotnikleriň dürli görnüşleri ösýärdi. Umuman, bu ýerde adam geçip bilmejek sümme jeňňellik emele gelipdir.

Papoçkin bilen Gromeko jeňňelligiň içinden nähilidir bir ýoda ýa-da açyk ýer gözlemäge başladylar hem-de ahyrsoňy gaýa bilen jeňňelligiň aralygyndan geçýän insizje gury hanany tapdylar. Deňizden uzaklaşman hana iki gola bölündi: çep şaha gaýa bilen tokaýyň aralygyndan gitmegini dowam etdi, sag gol bolsa jeňňelligiň jümmüşine gidýärdi.

Bu ýerde ösümlikler hem birneme üýtgeýärdi: atguýruklardan hem-de paporotniklerden başga-da, sago we beýleki palmalar görünýärdi. Olar atguýruklardan birnäçe metr ýokary saýlanyp otyrdylar. Tokaýlygyň meýdany ownuk, ýöne pytanak-pytanak bolup duran gaty otlar bilen örtülipdir. Hananyň boýunda, jeňňelligiň gyrasynda beýleki ösümlikler hem pajarlap ösýärdi. Bu bolsa mahal-mahal olaryň adyny atlandyrýan Gromekonyň hasam göwnüni joşdurýardy. Ol ahyry:

— Biziň haýsy geologik döwre gelendigimizi bilýäňizmi? — diýip, dabara bilen sorady.

— Daşkömür döwrüne geläýen däldiris-dä, hernä? — diýip, zoolog burnuna salyp hümürdedi. Ol diňe tikenekli ösümlikleri eline çümdürdi diýäýmeseň heniz bu tokaýdan özüni gyzyklandyrjak zat tapyp bilmändi.

— Baý-bo-ow, mundan tutdyňyz-ow! Eýsem-de bolsa, ihtiozawrlardyr pleziozawrlar daşkömür döwründe bolupdyrmy? Geologyň kömegi bilen biz bu barada birneme düşünje aldyk. Ýok, gardaşym, biz häzir ýura döwründe. Serediň, hanha şol döwre häsiýetli bolan paporotnik, ine, bu syrdam agaç bolsa gingko agajy. Hanha, hol tikenekli ot bolsa, ilkinji gezek Irkutsk guberniýasynda, Angara derýasynyň kenarýakasyndaky ýura çökündilerinden tapyldy hem-de ony açan geolog Çekanowskiniň ady bilen atlandyryldy.

— Ýagşam bir iş edipdirler, oňa alymyň adyny dakyp! Ol biziň çitçitimizdenem ýaman ahyry. Demir bokurdakly haýsydyr bir ýaşşer iýäýmese, başga iýip biljek jandaram ýokdur, ony…

— «Gurt agzasaň, gurt geler» diýýä! Ýaşşer diýdiňiz welin, özi bolmasa-da yzy-ha bar ýaly. Ynha, bu kiçijik yzjagaza serediň, ol eýýäm siziň öwrenýän ugruňyza degişli bolsa gerek — diýip, Gromeko ýoldaşynyň sözüni böldi.

Ol hananyň ortasynda durdy-da, barmagyny çommaldyp ýere uzatdy. Külke çägelikde kütek dyrnak bilen gutarýan üç barmakly ägirt uly penjeleriň ýerde galdyran çuň yzlary görünýärdi, her yzyň uzynlygy otuz santimetr töweregi bardy.

— Be-e, bu ýerden bir bedähed-ä geçen bolarly! — diýip, zoolog seslendi, onuň sesiniň çalaja sandyraýandygy bildirýärdi. — Bu, elbetde, ýaşşer! Ýöne ol ot iýýän jandarmyka ýa ýyrtyjymyka? Ýyrtyjy bolaýsa onuň bilen sataşmak oňlulyga getirmez.

Papoçkin çägäniň üstünde oňat görünýän, aňyrrakda, çägäniň ornuny jyglymyň tutan ýerinde bolsa, ýitip gidýän aýak yzlaryna dykgat bilen seretdi.

— Aýak yzlarynyň hemmesiniň birmeňzeş ölçegdedigi gaty geň — diýip, Gromeko dillendi. — Meniň bilşime görä, öň penjeleriň yzy, art aýaklaryňkydan hemişe kiçi bolmaly. Sag hem çep aýaklaryň yzynyň arasyndan gidýän bu zolak näme boldugy? Bu haýwan ullakan agajy süýräp giden ýaly bolup dur.

Papoçkin güldi:

— Bu ýaşşeriň guýrugynyň yzy. Aýak yzlaryň birmeňzeşdigini hem-de guýrugyň yzynyň ululygyny deňeşdirip, men bu haýwan guýrugyna daýanyp, diňe art aýaklary bilen ýöreýändir diýip çaklaýaryn.

— Eýsem-de, şonuň ýaly iki aýakly ýaşşerlerem bolupdyrmy?

— Bolupdyr, özlerem hut ýura döwründe bolupdyr. Meselem, iguanodon, ol ägirt uly kenguruwa meňzäpdir, onuň art aýaklary abyrsyz uly ekeni, öň aýaklary bolsa örän kiçijik bolupdyr.

— Ol näme bilen iýmitlenipdir?

— Onuň dişleriniň görnüşinden çen tutsaň, ösümlik iýýän bolmaly. Hakykatdanam, bu yzlar iguanodona degişli bolsa, onda bize gorkara zat ýok, dogry, bu ämert ýura döwründe uzynlygyna bäş-on metre çenli ýetipdir.

— Gaty gowy! — diýip, botanik uludan demini aldy. — Araky, derýada duşup, Makşeýew ikimizi iýjek bolan eýmenç ýaşşeri men henizem unudyp bilemok.

Hananyň iki gola bölünýän ýerinde syýahatçylar gaýanyň eteginden geçýän sag goly syryp gitmegi ýüreklerine düwdüler, çünki ol ýerden gezelenjiň esasy maksady bolan suwly gözbaşyň tapylaýmagy ahmaldy. Dogrudanam, syýahatçylar bu gol bilen ýokary galdyklaryça toprak has yzgarlanyp başlady, hananyň ugrundaky ownuk ösümliklerem gitdigiçe gürelýärdi, köpdürli bolýardy.

Tiz wagtdan öňde, ösümlikleriň şahalarynyň arasyndan ýyldyrap suw göründi.

— Biz halas bolduk! — diýip, Papoçkin gygyrdy. — Bu bulajyk biziň düşelgämizden beýle bir uzakda hem däl eken.

— Birden suw şor bolaýmasyn? — diýip, Gromeko onuň gaharyny getirjek boldy.

— Dadyp göräýiň! Daşyndan görseň-ä süýji suwa meňzeýär.

— Siz süýji suw bilen şor suwy daşyndan nädip tanaýarsyňyz? Men-ä olaryň tapawudy bardyr öýdemok.

— Siz botanik ahyry, duzly suwuň ýakasynda nähili ösümlikler ösýär, hany ýadyňyza salyň!

— Ilki bilen-ä, bu ýerde ýura döwri dowam edýär, ýura döwründe şor suwuň ýakasynda nähili ösümlikleriň ösendigini biz entek bilemzok. Ikinjidenem, siz suwy töweregindäki ösümliklerden däl-de, daş görnüşinden tanaýan diýdiňiz.

— Men azajyk nädogry aýdypdyryn, suwuň nähilidigini hananyň görnüşinden tanaýan diýmeli ekenim. Eger gözbaş duzly bolsa, onda her hili duzlar gat-gat bolup, tutuş hanany tutardy.

Papoçkin bilen Gromeko pikir alşyp baryşlaryna hana bilen gaty çalt ýokary galýardylar. Tiz wagtdan hana beýik gaýanyň darajyk ýarygyna girip gitdi. Ol ýerden süýji suwly kiçijik bulajyk akýardy, onuň suwy bolsa dessine çägä siňip gidýärdi. Çägäniň ýüzi suw içmäge gelen ýaşşerleriň ululy-kiçili aýak yzlaryndan doludy.

— Bu ýerden olaryň gör näçesi geçipdir! — diýip, Gromeko haýran galyp seslendi. — Görde duruber, biz bu iki aýakly nägehanlara ýüzbe-ýüz sataşarys.

Awçylar teşneliklerini gandyrdylar-da, ätiýajy elden bermän, tüpeňlerini gaýym tutup, bulagyň ugry bilen dereden aňyrlygyna gitdiler. Dere tiz wagtdan ulaldy hem-de iki gapdalyny garamtyl-gyzyl reňkli kert gaýalar gabsap duran giň çöketlige öwrüldi. Gaýalaryň aşak eteginde ösüp oturan agaçlar hem-de gyrymsy ösümlikler öz kölegeleri bilen bu çöketligiň gyrasyny gaýmalap, oňa birgeňsi görk berýärdiler. Çöketligiň düýbünde, al-ýaşyl öwüsýän çemenzarlygyň arasyndan kiçijik köl ýyldyrap görünýärdi. Onuň düýbünden, toprakdaky daşlaryň arasy bilen gözbaş suwy ýeriň üstüne syzyp çykýan bolmalydy. Sonarlygyň üsti bilen köljagaza basgylanyp mazaly demrikdirilen giň ýoda gidýärdi. Köljagazyň suwy örän durudy, hatda onuň düýbi hem çalaja görünýärdi.

Öz ýanlary bilen getiren tüneke mytaralaryny suwdan dolduran awçylar nähilidir bir haýwanyň suw içmäge gelerine garaşyp, çöketligiň gyrymsy agaçlarynyň arasynda bukulmagy ýüreklerine düwdüler. Ýöne minut yzyna minut geçýärdi, hiç hili jandar görünmeýärdi. Diňe çöketligiň üstünde birnäçe teneçir pysyrdaşyp uçup ýördüler, olar Makşeýew derýasynda duşan teneçirlerden hem has uludy. Papoçkin gözüni aýyrman olary synlaýardy, birdenem ol tüpeňine ýapyşdy.

— Siz näme böwsüji ok bilen teneçirleri atmakçy bolýarsyňyzmy? — diýip, Gromeko güldi.

— Ýuwaş, o taýa, gaýanyň üstüne serediň! — diýip, zoolog çöketlige girilýän ýerde ýokary galyp duran gaýalary görkezip pyşyrdady.

Ol ýerde, darajyk meýdanda kiçeňräk ýaşşer uzyndan ýogyn guýrugyna direnip, art aýaklarynyň üstünde durdy. Ol kenguruwa juda meňzeşdi, ýöne gyzylymtyl-goňur menekli gara-ýaşyl reňkdedi, kellesi bolsa holtum şekilli ýokarky dodagy sallanyp duran tapiriň kellesine meňzeýärdi.

— Megerem, iguanodon bolsa gerek! — diýip, Papoçkin pyşyrdady.

— Arman, bu kenguru däl — diýip, botanik hyrçyny dişledi. — Kenguru bolanlygynda bize negözel agşamlyk nahar bolaýjak eken, ýöne ýaşşeri ýürek edip iýip bolmaz.

— Gardaş, ýadyňdan çykarma biziň ýura döwründedigimizi, biz bu ýerden huruş edinmek üçin guşam, süýdemdirijem tapmarys. Eger açlykdan ölmejek bolsak, onda biz ýaşşeriň etine geçmeli bolarys. Siz duşýan ösümlikleriňize botanik hökmünde näçe begenseňizem, henize deňiç ýekeje iýilýän otam, kökem, miwede tapaňzok. Biz näme indi bu atguýruklary çeýnemelimi ýa-da bu näletsiňmiş çekanowskiý otuny iýmelimi?!

— Balyk näme? Deňizde balyk bar ahyry.

— O näme üçin siz ýyrtyjy balygyň etini iýmekden gorkaňzok-da, ot iýýän ýaşşeriň etini iýmäge çekinýärsiňiz. Bu nädogry düşünjeleriňizi ýerasty patyşalykda ýatdan çykarmak gerek.

Tüpeň gürpüldäp atyldy. Haýwan ýokarlygyna towusdy-da, sonarlygyň içine gütüläp düşdi. Onuň janhowluna urunmasy galansoň, awçylar öz bukularyndan çykdylar hem-de ýanyna bardylar.

Ýaş ýaşşer adam boýy uzynlykdady; onuň tagaşyksyz göwresi uzyn art aýaklarynyň hem-de ujy inçelip gidýän ýogyn guýrugynyň üstünde ýatyrdy; art aýaklarynda ullakan, ýasy, ýöne kütek dyrnakly üç barmagynyň bolmagyna garamazdan, gysgadan inçejik öň aýaklarynda kiçeňräk, ýöne ýiti dyrnakly bäş barmagy bardy. Göwresiniň gurluşyndan çen tutsaň, bu haýwanyň eglip, keseligine hereket edeninden dikelip gezenini kem görmeýändigi aýdyň görnüp durdy. Dogry, ol dört aýaklary bilen ýöräp keseligine hereket etse, onuň göwresiniň yz tarapynyň, öň tarapyna garanyňda has ýokary galjakdygy görnüp durdy. Jandaryň sallanyp duran etlek dodakly, kiçijik gözli ullakan kellesi gaty pis görünýärdi. Endamy hem edil gurbaganyňky ýaly ýalaňaçdy, edil şoňky ýaly ýylmanakdy hem sowukdy.

— Munuň daş görnüşi-hä aňryňy bärik getirýär! — diýip, ädigi bilen ýaşşeriň buduny dürtekläp duran Gromeko ýüzüni çytdy. — Bedähet uly gurbaga meňzeýär!

— Fransuzlar gurbagadan taýýarlanan frikaseni hezil edip iýýän bolsalar, biz näme üçin iguanodondan bişirilen bifşteksi iýmeli dälmişik. Ýöne, ilki bilen, ony ylmy taýdan derňäliň, soňra soýarys.

Ýaşşeri ölçäp, ylmy taýdan beýan edip, suratyny alanlaryndan soň awçylar onuň her biri on alty kilograma golaýlaýan etlek art aýaklaryny kesip aldylar hem-de azyk-suwlukdan mas ýüklenip düşelgä gaýtdylar.

Böleklenip saçda gowrulan ýaşşer eti örän tagamly hem näzik bolup çykdy, hatda süýrenijiler bilen ýerde-suwda ýaşaýanlary keşdi çekmeýän Gromeko hem ony işdämenlik bilen iýdi.

Agşamlyk naharyň başynda mundan beýläk syýahaty nähili dowam etdirmelidigini maslahatlaşdylar. Şu mahala çenli özlerine hyzmat eden gaýyklarynyň mundan beýläk, megerem, syýahatçylara peýdasy degjek däldi. Ýöne gaýyk bilen ýokarlygyna ýüzmäge mümkinçilik berýän haýsydyr bir derýanyň günorta tarapdan deňze guýýan bolmagy hem ahmal ahyry. Ilkinji nobatda, şeýle derýanyň deňze guýýan ýerini gözlemek gerekdi.

Eger hiç hili derýa bolmasa, onda gözleg mahaly bu kenaryň ýer üstüni derňäp, öwrenip hem-de şonuň netijesinde geljekki gidilmeli ýol barada meseläni çözüp boljakdy. Ýöne şeýle bolaýan halatynda, mundan beýläk pyýada gitmelidi, bu bolsa syýahaty hasam kynlaşdyrjakdy.

(Eser gysgaldylyp çap edilýär).

1)Radiý — himiki element (Ra) kümüşsöw-ak radioaktiw metal.
2)Baobab — şahasy örän ýogyn, ullakan tropiki agaç.
3)Ýaşşerler — ýitip giden süýreniji we ýerde-suwda ýaşaýan oňurgaly jandarlaryň umumy ady.
4)Lama — Günorta Amerikada ýaşaýan düýeler maşgalasyndan bolan ýük urulýan jandar.
5)Sawannalar — Günorta Amerikada, Afrikada, Aziýada we Awstraliýada duş gelýän seýrek agaçly we gyrymsy ösümlikli sähra zolaklary.
6)Preriýa — Demirgazyk Amerikanyň sähra düzlükleri.
7) Tapir — dodaklary bilen burny holtum şekilli, täk toýnakly süýdemdiriji haýwan.
8)Bulujystan — Aziýanyň taryhy ýeri, Eýran daglyklarynyň günorta-gündo­garynda ýerleşýär.
9)1915-nji ýylda Ylymlar akademiýasynyň topary tarapyndan Gazagystanyň Turgaý oblastynda hem edil şu aşaky maşgalanyň şunuň ýaly görnüşi tapyl­dy hem-de indrikoteriý diýlip atlandyryldy.
10)Hek döw­ri ägirt uly süý­re­ni­ji­le­riň ösü­şi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar, ýö­ne ol süý­re­ni­ji­ler bu döw­rüň so­ňun­da ölüp gu­tar­ýar­lar. Hek döw­rü­niň ba­şyn­da bol­sa il­kin­ji ýö­ne­keý süý­dem­di­ri­ji­ler — ki­çi­jik, gör­nük­siz jan­dar­lar peý­da bol­ýar­lar.
11)Hwoýaly agaçlar — ýalaňaç tohumly aglabasy hemişe gök öwüsýän, iňňe pürli agaçlaryň umumy ady.
12)Kastanýeta — tans edilende barmaklara dakylýan ýasyja agaçjyklar.
13)Kremnezýom — kremniý bilen kislorodyň birleşmesinden ybarat mineral.
14)Ih­tio­zawr — ba­ly­gyň hem-de haž­žy­gyň (ýaş­şer haž­žyk diý­me­gi aň­lad­ýar) ala­mat­la­ry bo­lan ýu­ra we hek döw­rü­niň de­ňiz ýaş­şer­le­ri. Ola­ryň göw­re­si ba­lyk gör­nüş­li, bo­ýun­la­ry ýok, kel­le­si del­fin­le­riň­ki ýa­ly çok­ja ­gör­nüş­li uzyn te­mek pi­sint­li, uzyn guý­ruk­la­ry ýüz­güç bi­len gu­tar­ýar, ar­ka­la­ryn­da hem ýüz­güç­le­ri bar, gys­ga­jyk öň hem yz­ky aýak­la­ry ýüz­güç gör­nü­şin­de, en­da­my ýyl­ma­nak de­ri bi­len ör­tü­len. Ih­tio­zawr­la­ryň kä­bir gör­nüş­le­ri­niň uzyn­ly­gy se­kiz-do­kuz met­re ýe­tip­dir (aw­to­ryň bel­li­gi).
15)Spo­ra­ly ösüm­lik­le­riň ty­çin­ka­ly (ty­çin­ka — to­zan­jyk sak­la­ýan gü­lüň er­kek ag­za­sy) hem-de mi­we gül­ýap­rak­ly (mi­we gül­ýap­ra­gy — gül­ýap­ra­gyň üýt­ge­şen gör­nü­şi, on­da ýa­pyk­to­hum­ly­la­ryň to­hum dü­wün­çe­gi ös­ýär) ha­ky­ky gül­le­ri bol­man, olar spo­ra­la­ryň (spo­ra — bir öý­jük­li gül­süz ösüm­lik­le­riň kö­pel­me­gi­ni üp­jün ed­ýän baş­lan­gyç) kö­me­gi bi­len kö­pel­ýär­ler. Olar Ýer ýü­zün­de ýa­şaý­şyň de­won döw­rün­den baş­lan­ýan has ga­dy­my dö­wür­le­ri­ne mah­sus. Spo­ra­ly­la­ra pa­po­rot­nik­ler, plaun­lar (he­mi­şe gök öwüs­ýän köp­ýyl­lyk ösüm­lik), moh­lar hem-de kö­me­lek­ler my­sal bo­lup bi­ler (aw­to­ryň bel­li­gi).
16)Differensirowka — bedeniň ösüşiniň barşynda birmeňzeş öýjüklerde we dokumalarda tapawutlaryň döremegi.
17)Kambala — balykçylykda giňden tutulýan deňiz balygy, onuň gözleri kellesiniň bir tarapynda ýerleşýär.
18)Skat — akulagörnüşlilere degişli bolan ýasy göwreli, uzyn guýrukly, uly, ýyrtyjy deňiz balygy.
19)Mollýusklar — oňurgasyz haýwanlaryň bir görnüşi, latyn dilindäki «mollusca» sözünden gelip, «ýumşak bedenliler» diýmegi aňladýar.
20)Ammonitler — köp bölekli, burum-burum bolup dolanan balykgulakly, ýitip ýok bolup giden kellesi aýakly mollýusklar topary. Mollýusk, häzirki döwürdäki nautiluslar ýaly, balykgulagyň diňe öňki bölegini eýeleýär. Trias, hek döwürlerinde ammonitleriň görnüşleri has hem köp bolupdyr.
21)Pleziozawr — ýura we hek döwürleriniň endamy ýalaňaç, ýylmanak, göwreleri örän uly, guwlaryňky ýaly uzyn boýunly, kiçijik kelleli hem-de iki jübüt kürek şekilli aýakly deňiz ýaşşerleri. Olaryň göwresiniň uzynlygy üç-bäş metre ýetipdir.
22)Pte­ro­dak­til­ler ýa-da uç­ýan ýaş­şer­ler — ýu­ra we hek dö­wür­le­ri­niň ýi­tip ýok bo­lup gi­den süý­re­ni­ji­le­ri. Ola­ryň äň­le­rin­de çü­re­lip gid­ýän diş­le­ri bar, bo­ýun­la­ry uzyn, kä­bir­le­ri­niň guý­ruk­la­ry hem uzyn bol­ýar. Öň we yz aýak­la­ry per­de­ler ar­ka­ly bir­leş­ýär, şo­nuň üçin hem bu ýaş­şer­le­riň uçu­şy ýar­ga­nat­la­ryň­ka meň­zeş bo­lup­dyr. Pte­ro­dak­til­le­riň ga­ba­ra­sy her hi­li eke­ni, ýag­ny sy­ça­nyň ulu­ly­gyn­dan baş­lap, uzyn­ly­gy bir met­re, ga­nat­la­ry­nyň ge­ri­mi bol­sa al­ty met­re ýet­ýän pte­ro­dak­til­ler hem bo­lup­dyr.
23)Gerbariý — guradylan ösümlikleriň toplumy.
24)Meduzalar — tutguçly, saýawan görnüşli, mylkyk bedenli, boşiçegeýalylar tipine degişli deňiz jandary.
25)Tutguçlar — mollýusklaryň, bognaýaklylaryň we beýleki käbir jandarlaryň bedeniniň, adatça, agyzlarynyň ýanynda ýerleşýän, hereketli ösüntgi­leri. Olar duýuş, hereket, tutuş, kähalatlarda bolsa dem alyş agzalary bolup hyzmat edýärler.
26)Nautilus — kellesi aýakly mollýusklaryň bir görnüşi, iýilýär, balykgulagynyň sadaby bezeg üçin ulanylýar.
27)Dinamit — partlaýjy serişde.
28)Guberniýa — Russiýada XVIII asyryň başlaryndan XX asyryň birinji ýarymyna çenli çäk-dolandyryş birligi, welaýat çäk dolandyryş birligine laýyk gelýär.
29) Frikase — ownuk dogralan gaýnan ýa-da gowrulan eti haýsydyr bir sousa goşulyp äberilýän nahar.
30)Bifşteks — göle etiniň çylka ýerinden gowrulan bir bölek et.

Rus dilinden terjime eden Gurbangeldi MÄMMETSÄHEDOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymy

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle