Plutoniýa 4 (Roman)

Wladimir Obruçew,
rus ýazyjysy
(Dowamy. Başlangyjy žurnalyň geçen sanlarynda).
ÇAGYRYLMADYK MYHMAN
Awçylar diňe bir öýüň däl, adamdyr itleriňem suduryny saýgaryp boljak aralyga gelenlerinde, öz ýoldaşyna görä gözleri has ýiti, gulaklary eşitgir Kaştanow:
— Gonalgamyzda bir bolmasy iş bolan ýaly, adamlar ikibaka alakjaýarlar, itlerem üýrüp bogazyny ýyrtaýjak bolýarlar — diýdi.
Saklanyp diňşirgendiler. Dogrudanam, itleriň gorkunç üýrüşýändikleri aýyl-saýyl eşidilýärdi, soňra bolsa tüpeň sesi çykdy, soň ýene tüpeň atyldy, soň ýene, ýene…
— Mamontlar ýa-da gazylyp tapylýan beýleki nägehanlar çozaýan däldir-le? Men-ä indi näme bolsa-da, geň görjek däl! — diýip, zoolog aladaly seslendi.
— Çaltrak ylgaly, belkem, olara kömegimiz gerekdir.
Ýadawlykdan sütünleri süýnen bolsa-da, agyr ýüklerine garaman, güýjünde baryny edip ylgadylar. Depäniň etegine gelip, lyžalary, holtumy we gaýry zatlary ýere taşlap, ýokarlygyna dyrmaşdylar.
Itler üýrüşip, ýüplerini ýolaýjak bolup dyzaýardylar, öýde hiç kim ýokdy. Ýöne olar garşydaky depäniň üstünde garalyp duran nämedir bir zadyň suduryny gördüler, onuň ýanynda eli tüpeňli Borowoý bilen Igolkin durdy.
Kaştanow bilen Papoçkin göz açyp-ýumasy salymda ýoldaşlarynyň ýanynda peýda boldular.
— Näme boldy, nähili apat gopdy?
— Ynha, seredäýiň! — diýip, henizem howsalaly görünýän Borowoý jogap berdi. — Bu täsin jandar itlerimize hüjüm edipdir, itlerimiziň oňa topulan bolmagam ahmal. Biz öýüň içinde otyrdyk, şonuň üçinem garpyşygyň başyny görmedik, gepiň tümmek ýeri, biz tüpeňimizi alyp gelýänçäk, ol itlerimiziň ikisini basalap öldüripdir! Bizem bu eden-etdiligiň öňüni almak üçin iki jübüt ýaryjy oky bu bedähediň garnyndan goýberdik, içinde gopan topalaňam dessine onuň janyny jähennemden çykardy.
Igolkin öldürilen jandaryň daşynda gaýmalaşyp ýören itleri alyp gitdi, üç syýahatçy bolsa ony synlamaga başlady. Onuň kellesini gören dessine Kaştanow bilen Papoçkiniň ikisi iki ýerden:
— Bu kerk ýaly-la! — diýip gygyryşdylar.
— Polýar yklymynda kerk nämişleýär? — diýip, Borowoý ynamsyz seslendi. — Hakykatdanam, ol kerke meňzeýär, dogrusyny aýtsam, men olaryň diňe suratyny görüpdim. Ýöne bu ýerde, tundrada, tropiklerde ýaşaýan jandarlar gabat gelip bilermi?! Men-ä muňa ynanyp bilemok!
— Ynanaýyň şuňa — diýip, Kaştanow onuň sözüni kesdi. — Bizem edil şu mahal mamont awladyk, düşünýäňizmi, mamont awladyk diýýän, şu mahala çenli gazylyp tapylýan gadymy jandar hasaplanýan, mundan onlarça müň ýyl ozal ýaşap geçen mamontlara aw etdik.
— Rehim edeweriň, beýle gödek degişmäň — diýip, Borowoý gygyrdy. — Men akylymdan azaşaryn öýdüp gorkýan. Soňky günler görýän ähli zatlarymyz düýbünden boljak zatlar däl, tebigatyň tersine bu zatlar! Men-ä bu bolýan zatlara düýşümmikä diýýän, şeýle bolmasa men akylymdan azaşandyryn!
— Köşeşeweri, gadyrdanym, köşeşeweri! — diýip, Kaştanow Borowoýyň eginlerini silkeläp gygyrdy. — Biziň hemmämizem sençe howsala düşýäs. Bizem bu görýänlerimize akyl ýetirip bilemzok. Bu zatlar juda täsin, häzir asla düşündirmek mümkin däl, ýöne tebigatda tebigy kanunlara garşy zatlaryň bolmaga haky ýok! Biziň gury ýeriň beýleki böleklerinden giň buzly guşaklyk arkaly aýrylan, üzňe duran, üstünden basylyp, planetanyň jümmüşine girizilen polýar yklymyndadygymyzy ýadyňyza salyň. Şeýle yklymda tebigy şertler özboluşly, üýtgeşik bolmaly. Beýleki ülkelerde bireýýäm ýitip ýok bolan mamontlaryň bu ýerde ýaşamagyny dowam etmegi hem şol şertleriň netijesi. Şeýle bolsa, onuň döwürdeşi bolan kerk, nämüçin bu ýerde saklanyp galmaly dälmişin?
— Polýar tundrasynda afrikan ýa-da hindi kerki nähili ýaşasyn?!
— Ýok, bu afrikan kerki däl, sibir kerki, mundan müňlerçe ýyl ozal Sibiriň tundralarynda mamontlar bilen birlikde ýaşan sibir kerki.
— Be-e, görsene muny! Men onuň ýaly kerkleriň bardygynam bilemokdym. Ýöne siz näme üçin bu afrikan kerki däldir diýip pikir edýärsiňiz?
— Ynha, serediň! Munuň uzyn, gyzylymtyl goňur ýüňi bar, tropiki ýurtlarda ýaşaýan kerkler bolsa ýalaňaç, olarda ýüň bolmaýar. Onsoňam bu jandar süýdemdirijileriň häzirki ýaşap ýören wekillerine garanyňda has uly. Öňündäki şaham juda mähnet, özem iki ýanyndan ýepbeşik.
Kaştanow bilen Papoçkiniň bu täsin hadysa parahat garaýandyklaryny görüp, Borowoýam birneme ynjaldy hem-de:
— Hany siziň awlan mamontyňyz? — diýip sorady.
— Ony bu ýere nädip getireli? — diýip, Papoçkin güldi. — Biz ony bärden gaty uzakda, tundrada awladyk. O taýda dört başdan ybarat bolan kiçijik sürä duşduk , biziň geologymyz-a olary eňňitleri kert, bazalt baýyrlarydyr öýtdi! Soň wulkandan emele gelen ol depeleriň tundra boýunça sonarlap ýörüşlerini görüp, elheder aldyk, ha-ha-ha! Ýogsa-da, hany holtumymyz nirede? Biz onuň diňe holtumy bilen guýrugyny alyp geldik. Ony itler iýmedigem bolsa biri.
— Päheý-de welin, derrew olary bärik getireliň!
Kerki surata düşürmek, ölçemek, ýazyp beýan etmek üç sagatdanam kän wagty aldy, diňe şondan soň alymlar dynç almak barada pikir etdiler.
Ertirlik edinip otyrkalar olar özleriniň ýene iki ýoldaşlarynyň ýoklugyny ýatladylar hem-de olaryň esli wagt geçenem bolsa, gelmezliklerini alada edip başladylar.
— Elmydama al-asmanda duran bu Gün zerarly näçe wagtyň geçeninem bilemzok! — diýip, Borowoý hüňürdedi. — Irdenem, günortanam, agşamam şol bir duran ýerinde dur! Gündiz tükenmän geçýär.
— Ol bu ýerde, hakykatdanam, tükeniksiz. Gün asmanyň şol bir nokadyndan butnaman dursa, tükeniksiz bolar-da — diýip, Kaştanow hem ýoldaşynyň aýdanlaryny tassyklady.
— Geçen gije, dogrusyny aýtsaň, Gün dik ýokaryňda dursa gije diýmegem birhili bolýar, hawa, öten agşam, her näme diýseňem, ýagtylyk birneme gowşady — diýip, meteorolog belledi. — Siz muny dumanyň goýalmagy bilen baglanyşdyrjak bolarsyňyz, ýöne ýarygijeler öýden çykamda duman gündizkiden goýy däldi, bu täsin Gün bolsa öňküsinden mese-mälim gowşak ýagty saçýardy, onuň tegeleginde ullakan gara tegmillermi, garaz, bir zada görünýärdi.
— Bu aýdýanlaryňyz gaty gyzykly! — diýip, professor begençli gygyrdy. — Näme üçin siz bu geň ýagdaýy bize bada-bat habar bermediňiz?
— Geň ýagdaýdan ýaňa bu ýerde aýlanyp dolanara maý ýok! Şu gün günortanlar men bu yňdarma ýagtyltgyjy ýene-de synladym hem-de onda gara menekleriň ýokdugyna göz ýetirdim. Men gije özüm ýalňyşandyryn öýtdüm.
— Meniň pikirimçe, Nanseniň Ýerinde dumanyň içinde aýlanyşyp ýörkäk, biziň planeta ulgamymyzyň merkezi jisiminde nähilidir bir weýrançylyk bolupdyr — diýip, Papoçkin gürrüňe goşuldy. — Şol sebäpli hem ol demirgazyk giňişliginiň segsen birinji gradusynyň dik asmanynda peýda bolupdyr hem-de gije-gündiz nuruny saçýar.
— Belkem-de, biziň Ýerimiz kemin-kemin aýlanyp, indi onuň demirgazykdaky polýar künjegi göni Güne öwrülendir?
— Ine, şu hem düşnüksiz — diýip, Borowoý janyýangynlyk bilen hüňürdedi. — Nähilidir bir güýçli sarsgyn bolmasa, bu gysga wagtda Ýer öz okundan şeýle gaty gyşaryp biläýermikä?
— Biz buzuň üstünde bolup, sarsgyny duýan däldiris. Men-ä Günüň beýle täsin ýagdaýda durmagyny başga hiç hili düşündirip biljek däl — diýip, Kaştanow bir diýenini tutdy.
— Biziň bu görýän ýagtyltgyjymyzyň soňky gezek Rus dag gerşiniň üstünde bize görnen Gündügini siz näbilýärsiňiz? — diýip, Borowoý sorady.
— Ol başga näme bolup biler? — diýip, Papoçkin geňirgendi.
— Edil ýaňky aýdýanyňyz ýaly delillere esaslanyp, Aý öňküsinden has ýiti ýagty saçyp başlapdyr diýmek bolar ýa-da älemiň öz-özünden ýagtylýan täze bir jisimi biziň Gün ulgamymyza tötänden düşüpdir hem-de planetamyzy öz hemrasy hökmünde yzy bilen alyp barýar diýip aýtsaňam bolman durmaz — diýip, meteorolog köpmanyly ýylgyrdy.
— Akyla sygmajak her hili çaklamalary orta atyp oturmagyň näme geregi bar! — diýip, Kaştanow dillendi. — Geologiýa faktlaryna esaslanýan ylmy çaklamalar bar ahbetin, ynha, Ýer togalagynyň daşyndan aýlanýan okunyň ýeri üýtgän bolmagy ahmal diýen çaklama salgylanyp göreliň. Mysal üçin, käbir geologik döwürlerde Hindistanda, Afrikada, Awstraliýada, Hytaýda doňaklyklaryň bolmagyny, başga bir döwürlerde bolsa Frans-Iosifiň Ýerinde, Grenlandiýada we beýleki polýar künjeklerde subtropik ösümlik dünýäsiniň döremegini hut şonuň bilen düşündirýärler.
— O diýýäniňize dawa edip biljek däl, ony özüňiz gowy bilýänsiňiz. Ýöne men şu gün bu ýagtyltgyjyň burç radiusyny (Radius — töweregiň haýsydyr bir nokadyny, onuň merkezi bilen birleşdirýän göni çyzyk.) ölçedim. Ol ýigrimi minuda deň bolup çykdy, ýogsa, elbetde, özüňizem bilýänsiňiz, Günüň burç radiusy, takmynan, on alty minuda deň. (Günüň, Aýyň, planetalaryň, ýyldyzlaryň tegeleginiň ululygy teleskop we beýleki optiki enjamlar arkaly ölçelip, asman gümmeziniň gradusynyň minutlary arkaly aňladylýar hem-de burç radiusy diýip atlandyrylýar.)
— Ine, bu örän möhüm maglumat! — diýip, Kaştanow haýran galyp gygyrdy.
— Ýene-de bir zat, Günüň reňki sarymtyk bolmaly, onuň gyzylymtyl reňkde bolmagynyň sebäbi nämeden diýip pikir edýärsiňiz?
— Dumanyň täsirinden bolaýmasa — diýip, Papoçkin gürrüňe goşuldy.
— Menem şeýledir öýtdüm. Ýöne şu gün duman doly syrylanda, bu ýagtyltgyjy birsalym gowy synlamak başartdy. Her näme diýseňem, onuň tegelegi gyzylymtyl. Gün gözýetimde mazaly aşak düşüp, atmosferanyň aşaky, has çygly gatlaklarynyň üstünden şöhle saçanda ýa-da tozanly harasat gopanda edil şunuň ýaly bolýar.
— Hawa, bu aýdýanyňyz gaty täsin!
— Gije-gündiziň belli bir wagtlary ýagtylygy gowşadýan bu gara tegmiller näme! Şu gün gije men ony hem barlajak bolaryn. Eger olar gaýtalansa, onda men öz üstümizdäki ýagtyltgyjyň Gün däl-de, başga bir zatdygyna gutarnykly göz ýetirerin.
— Onda biziň Günümiz nirä ýitirim bolduka? — diýip, Papoçkin howsala bilen sorady.
— Men näbileýin onuň nirä gidenini! Bu hem soňky wagtlarda şaýat bolan, ýöne akyl ýetirip bilmeýän hadysalarymyzyň hataryndan ýene biri.
— Hawa, bu hadysalary giden bir uly hatara düzseňem boljak! — diýip, Kaştanow oýlanyp oturyşyna aýtdy. — Yklymdaky ägirt uly çöketlik, kompasyň magnit diliniň taraplary üýtgedip görkezişi, atmosfera basyşynyň düşnüksiz üýtgemeleri, tundrada ýaýnaşyp ýören mamontlardyr kerkler, gije-gündiz dik depämizde duran ýagtyltgyjyň Gün bolmazlygynyňam ahmallygy… garaz, näçe sanasaň sanap oturmaly. Buzlugyň hem gök öwsüp oturan tundranyň çäklerinden çen tutsaň, giňişligiň segsen birinji gradusynda maýyl howanyň bolmagy hem tötänlik däldir.
— Bu entek başy, beýle zatlar entek-entekler bolar, meniň muňa doly gözüm ýetip dur. Hanha, biziň ýoldaşlarymyz gelýär, özlerem bir zad-a alyp gelýärler, onuň ýene bir akyla sygmajak ýagdaýdygy hakynda näçä jedelleşmeli bolsa-da men taýyn.
Hemmeler ör turup, öňe seretdiler, ol ýerde iki sany adamyň uzyn syrykdan asylan nähilidir bir garamtyl zady äkelýändikleri aýdyň görünýärdi. Papoçkin spirtde ýanýan peji otlap, üstünde kitiri goýdy hem-de kerk etinden çişlik taýýarlamaga başlady, beýlekiler gelýänleriň öňünden çykmaga ýüwürdiler.
— Baý-baý, bu gün horlandyg-ow! — diýip, Makşeýew öňünden çykanlara habar gatdy. — Sygyr gördük, öküz gördük, atdyk, ýöne olaryň diňe gölesini urmak başartdy. Ynha, onam üç sagat bäri göterip gelýäs.
— Tundranyň ösümlik dünýäsiniň gaty gyzykly görnüşlerini hem ýygnadyk, özem juda üýtgeşiklerini tapdyk, öz elim bilen ýygmadyk bolsam, olara gazylyp tapylýan görnüşler diýip aýdardym — diýip, Gromeko ýoldaşynyň sözüniň üstüni ýetirdi. Onuň arkasynda içi ösümlikden doly botanika torbasy sallanyp durdy.
Makşeýew bilen Gromeko garbanyp, çaý owurtlap oturyşlaryna gören zatlaryny gürrüň berdiler:
— Ýolumyzyň on kilometre golaýy tundra boýunça gitdi, ýöne bärdäkä görä tebigat birneme guraksydy. Soňra ösümlik dünýäsi baýlaşyp ugrady, baldakly ösümlikler, hatda kiçiräk gyrymsy agaçlar hem görnüp ugrady…
— Polýar berýozasy, polýar söwüdi, ýöne adaty däl-de, täze görnüşleri, soňra igli listwennisa duşdy — diýip, Gromeko ýoldaşynyň gürrüňiniň üstüni ýetirdi. — Gülli ösümliklere hem duşduk, olaryň birgideni maňa näbelli, ýene birgideni bolsa dürli alymlar tarapyndan üçünji döwürden soňky döwürde bolan, Kanadanyň gazylyp tapylýan ösümlik dünýäsiniň wekilleri hökmünde ýazylyp beýan edilen ösümliklerdi.
— Biz ahyrsoňy insiz, ýöne örän çuň derýajyga ýetdik, onuň üstünden geçer ýaly güzer ýokdy, şonuň üçin hem biz onuň ýakasyny akymyň ugruna, aşaklygyna syryp gitdik. Adam boýundan uly agaçlar duşup başlady, olaryň topbak tutup oturan bölekleri gür jeňňellikleri emele getiripdir, arasyndan geçmek aňsat däldi. Şol ýerde hem biz suw içmäge gelen gäwmiş sürülerine duş geldik.
— Gäwmişleriň haýsy görnüşine gabat geldiňiz? — diýip, Papoçkin uly gyzyklanma bilen sorady.
— Men-ä olary, dogrusy, ýabany ýaklara ( Ýak — Orta Aziýanyň käbir daglyklarynda duşýan, gäwüş gaýtarýan, şahly uly haýwan.) meňzetdim — diýip, Gromeko düşündiriş berdi. — Olaryň ýüňi gara, uzyn sallanyp dur, mähnet şahlary bar, arkalary örküçli.
— Olaryň öküzleri şonuň ýaly — diýip, Makşeýew ýoldaşynyň gürrüňini dowam etdi. — Beýlekileriniň, megerem, olaryň sygyrlary bolsa gerek, gabarasy kiçiräkdi, şahlaram inçeden gysgady. Olardan başga hem sürüde birnäçe göle bardy. Men tundrada batgalykda ýaşaýan guşlardan hem-de ownuk jandarlardan başga awa duşaryn öýdemokdym, şonuň üçin hem ýanyma diňe seçmedan alypdym.
— Men bolsa düýbünden ýarag almandyryn.
— Men äwüp-säwüp hatarda galan iri seçme bilen diňe göläni atmaly boldum. Tüpeň sesine süri dessine jeňňele sümdi, göle bolsa derýajyga ýykyldy. Biz ony tutup suwdan çykardyk-da, damagyny çaldyk.
— Göläniň agramy elli kilogram dagy bar eken, ony öýe äkelmek üçin bolsa on iki kilometr töweregi ýol geçmelidi. Agramyny ýeňletmek üçin onuň içgoşlaryny aýryp arassaladyk, beýtmegimiziň Semýon Semýonowiçe ýaramajagynam bilýäs welin, dagy nätjek.
— Ondan arkaýyn boluň, onuň janyna teselli berjek başga bir zat tapyldy! — diýip, Kaştanow güldi. — Bilýäňizmi, siziň häzirki iýen çişligiňiz nämäniň etinden?
— Haýsydyr bir polýar towşanynyň eti bolaýmasa? Dogrusy, şonuň ýaly görnüşiň bardygyny hem bilemok.
— Towşanyň eti däl, kerkiň eti, özem gazylyp tapylýan kerkiň eti!
— Tüf-tüf! Ebedi doňy tundranyň bir ýerlerinden kerkiň maslygyny tapyp, ( Sibiriň demirgazygynda ebedi doňy toprakdan kämahal ençeme müň ýyl ozal ýaşap geçen haýwanlaryň galyndylary tapylýar. Olary çüýremekden goraýan doňaklyk sebäpli gadymy jandarlaryň eti, derisi we içgoşlary gowy saklanýar. Köplenç halatda, mamontlaryň, seýrek ýagdaýlarda kerkleriň, has seýrek halatlarda bolsa, beýleki süýdemdirijileriň maslyklary tapylýar. Şeýle maslyklary öwrenmek hem-de alyp gelmek üçin Ylymlar akademiýasy ýörite ekspedisiýalary guraýar (awtoryň belligi).) on müňlerçe ýyl ýatan eti iýip görmekçi bolduňyzmy? — diýip, Gromeko allaniçigsi boldy. — Bilen bolsam datmazdymam. Häzirem ýüregim bulanýar.
— Ýöne çişlig-ä gaty tagamly bolupdyr, dogry, birazajyk eti gataňsyrak — diýip, Makşeýew agzyny şapbyldatdy.
— Gaty boljagy görnüp dur, juda ir zamanyň eti-dä bu!
— Bilýäňizmi näme, sizi agşamlyk mamontyň holtumyndan taýýarlanan çekdirme bilen hezzetläris — diýip, Papoçkin bu gürrüňi hasam gyzykdyrdy.
— Beterinden beterini tapýaňyz! — diýip, Gromeko hasam kejikdi. — Siz näme, bizi zäherlejek bolýaňyzmy? Häzirki döwrüň adamlarynyň aşgazanyna dürli geologiki döwürleriň galyndylarynyň nähili täsir edýändigini barlaýarsyňyzmy!
Alýaska we Çukotka topraklarynda sersepil bolup, zat dannamazlyga endik eden Makşeýew:
— Eşidişime görä, piliň holtumy juda tagamly bolýarmyş, mamontyň holtumyna bolsa, asla ýer ýüzünde taý gelip biljek tagam bolmasa gerek.
— Ýok, men-ä ony iýip bilmen, asla agzyma-da alman — diýip, Gromeko hasam gaharlandy. — Gowusy, men özüme keşdim çekäýjek nahar taýýarlanaýyn, dessine göläniň bagyr-öýkenini gowurmyşlaýyn, näme diýseňem, täzeje etdir, kemje-kerdem bolmaz.
Öz ýoldaşlaryny mundan beýläk kösemek islemedik beýleki syýahatçylar olara bu günki bolan wakalary gürrüň berdiler, olara kerkiň läşini, mamontyň guýrugyny hem-de bir çogdam tüýüni görkezdiler. Şundan soň botanigiň ýüregi ynjaldy, hatda bu haý-haýly guýrugy buglanyňda näme goşsaň gowy boljakdygy barada jedele hem gatnaşdy, ol öz jübüsinden gäwmişlere duşan ýerleriniň ýakynyndan tapan ýabany sarymsaklarynyň birnäçe dişini çykardy-da:
— Şu gök önümler bilen holtumy jazlasaň tüýs tagamyna geläýer, ýöne olary kän tapyp bilmedim — diýdi.
Agşam naharynyň başynda bu ýerde ýene bir gün saklanmagyň kararyna geldiler. Olar bäş bolup mamontyň läşiniň ýatan ýerine gitmegiň hem-de huruşlyk üçin onuň etini we zaýalanman saklanyp biljek beýleki böleklerini öýe getirmegiň kararyna geldiler.
— Geliň, indi ondan soňra nirä, nähili gitjekdigimiz hakynda kelle döweliň — diýip, Kaştanow agşamlyk edinensoňlar söze başlady. — Biziň barlaglarymyz kelle agyrdar ýaly birneme zat berdi. Biz-ä bu barada oýlanyşarys, pikir alşarys, zoolog ýoldaşymyz bolsa kerkiň hem-de göläniň öwrenmek üçin niýetlenen kelleçanaklaryny barlaga taýýarlar… Ýogsa-da, Semýon Semýonowiç, göläni siz haýsy görnüşe degişli edýärsiňiz?
— Eger janly mamonty hem-de sibir kerkini gözüm bilen görmedik bolsadym, onda men ol gäwmişler häzirki döwürdäki Tibet ýaklaryna golaý diýip aýdardym. Indi bolsa men bularyň mamontlar hem-de sibir kerkleri bilen birlikde Ýer ýüzünden ýitip ýok bolan gadymy gäwmişlerdir diýip pikirlenmäge aýgyt edýärin.
TRUHANOWYŇ HATY
Syýahatçylar toparyň indi nirä gitmelidigini ara alyp maslahatlaşdylar. Olar Nanseniň Ýeriniň diňe bir örän köp täze maglumatlary bermän, eýsem-de bolsa, günsaýyn köpelýän düşündirip bolmajak geň ýagdaýlaryň ençemesini öz öňlerinde keserdip goýandygyny biragyzdan tekrarladylar.
Soňky gün geçirilen barlaglar öňde, tundranyň aňyrsynda tokaýlaryň başlanýandygyny görkezdi. Onuň üsti bilen itli, nartaly gitmegiň pikirini edip oturasy iş ýokdy, elbetde, nartalary, lyžalary, ýüküň belli bir bölegini we itleri goýmalydy hem-de iň zerur zatlary alyp, ýoly pyýada dowam etmelidi.
Ýöne ony diýseňem, bu tokaýlyklaryň näçe uzaklyga ýaýlyp ýatanlygy, onuň aňyrsynda syýahatçylaryň öňünden näme çykjakdygy hem belli däldi. Maýyl howa hem, ösümliklerdir haýwanlaram Nanseniň Ýerindäki bu çuň çöketligiň tä düýbüne çenli edil şunuň ýaly ýagdaýda saklanyp, onuň aňry gapdalyndaky eňňitden ýokary galanyňdan soň ýene-de garlygyň, buzluklaryň başlanmagy gaty ahmaldy. Eger şeýle bolsa onda nartalar, lyžalar, itler syýahatçylara ýene-de gerek boljakdy.
Şeýle ýagdaýyň ýüze çykmak ähtimallygynyň örän ýokary bolany üçin, mundan beýläk gitmek üçin başga bir meýilnamany ulanmak has maksadalaýyk boljakdy, ýagny buzlugyň gyrasy bilen tundranyň içinden nartaly geçip, çöketligiň tutuş töweregine aýlanyp çykylsa, onuň jümmüşine bolsa ýüksüz, gysgajyk gezelenç guralsa gowy boljakdy. Ýöne onda çöketligiň ösümlik we haýwanat dünýäsini öwrenmek üçin, belkem-de, geologiýa üçinem iň gyzykly bolan merkezi böleginiň barlanylman galmagy ahmaldy. Buzlugyň çetinden çöketligiň jümmüşine akýan köp sanly çeşmelerden çen tutsaň, ol ýerde birnäçe köl ýa-da abyrsyz uly bir köl bolmalydy.
Her meýilnamanyň özüne ýetesi artykmaçlyklaram, kemçiliklerem bolýar. Olaryň haýsysyny kabul etmeli? Borowoý, Igolkin we Makşeýew buzlugyň gyrasy bilen hereket etmegiň tarapdarydylar, beýleki tebigaty öwrenijiler bolsa, elbetde, çöketligiň merkezine aralaşmagyň küýündediler, çünki olar ol ýerden öz meşgullanýan ylymlaryna degişli has köp maglumat alyp biljekdiklerine umyt edýärdiler.
Galyberse-de, ekspedisiýany ikä bölmek hem boljakdy. Birinji topary agyr ýük bilen çöketligiň gyrasy boýunça hereket etmäge ýollamalydy, ýeňil ýükli beýleki topar bolsa çöketligi göni kesip geçmelidi hem-de onuň aňry gapdalynda ýoldaşlary bilen tapyşmalydy. Ýöne çöketligiň gündogarlygyna ýa-da günbatarlygyna näçe aralyga uzalyp gidýändigini kim bilýär, asla onuň daşyndan aýlanmak mümkinmikä beri? Öňde geçip bolmajak päsgelçilikleriň bolmagy hem ahmaldy, olar toparlaryň ikisini ýa bolmasa haýsam bolsa birini çykgynsyz güne salmazmy? Ikä bölünmek tutuş ekspedisiýanyň heläk bolmagyna getirmezmi?
Belli-külli karara gelmek gaty kyndy, sähelçe säwligiň agyr ýagdaýlara getirmegi mümkindi.
Kaştanow bularyň hemmesini paýhas eleginden mazaly geçirip, özüniňkini dogry etjek bolup dawa kelleleri gyzan ýoldaşlaryna ýüzlenip, öz teklibini aýtdy:
— Ýadyňyza salyň, biziň ýanymyzda ekspedisiýanyň guramaçysynyň beren möhürli bukjasy bar ahyry. Truhanow ony kyn ýagdaýa düşenimizde açmagy sargapdy. Nirede durandygymyzy, näme etmelidigimizi bilmesek, ony açmaga bize doly rugsat edilýär. Şol pursat gelen bolaýmasyn, siz nähili pikirde? Soňky wagtlar biz düşündirip bolmajak, geň ýagdaýlaryň, gör, näçesine duçar bolduk, indi bolsa biz özümiziň nirä gitmelidigimizi hem bilemzok!
Truhanowyň bukjasy beýleki adamlaryň ýadyna hem düşenokdy. Olaryň hemmesi Kaştanowyň teklibi bilen ylalaşdy. Hatly bukja, iň gymmatly enjamlar hem pul saklanýan gapyrjakdan çykaryldy. Kaştanow ony açyp, sesli okady:
Gadyrly dostlar!
Bu setirleri okaýan pursadyňyz, megerem, siziň ýagdaýyňyz juda kyn bolar, ýöne siziň menden maslahata hem düşündirişe garaşmagyňyz biderek bolmaz diýip umyt edýärin.
Ilki bilen men sizi juda howply hem-de üýtgeşik işe ulaşdyranymy boýun almalydyryn. Eger siz meniň özüňizi nirä çagyrýandygymy bilen bolsaňyz, onda meni barypýatan samsyk hasaplardyňyz hem-de ekspedisiýa gatnaşmakdan ýüz döndererdiňiz. Men muny eýýäm barlap gördüm, öz etsem-petsemlerimi bir alyma aýtdym, ony öz serişdelerime ekspedisiýa gatnaşmaga çagyrdym, ýöne ol mundan kes-kelläm boýun gaçyrdy hem-de meniň hiç bir esassyz, gaýa-gopuz ýok ýerden bolsady ekip ýörendigimi aýtdy.
Şol sebäpli hem meniň nazary çaklamalarymy barlamak üçin ýeke-täk usul onuň ahyrky wezipelerini we maksatlaryny hiç kime aýtmazlyk bolup durýardy. Ekspedisiýa, hamala, arktika sebitiniň nämälim künjegini öwrenmek üçin ugradylýan hökmünde görkezmelidi. Onsoňam meniň çaklamalarymyň, hakykatdanam, nädogry bolmagy hem ahmaldy, ýagny ekspedisiýanyň diňe buzluga gurşalan adany ýa-da yklymy tapyp, ony öwrenmek bilen çäklenmegi hem-de sag-aman yzyna dolanyp gelmegi hem bolup biläýjek zatdy. Şeýle bolaýan halatynda hem meniň çykdajylarymyň ýele sowruldygy bolmazdy, sebäbi ol meniň ylmy çaklamamyň ýalňyşdygyny doly subut ederdi, şonuň bilen birlikde-de arktika sebitiniň kartasyndaky iň soňky uly ak tegmili ýok ederdi.
Indi esasy meselä geçeýin. Monblanyň we Munku-Sardykyň obserwatoriýalarynda geçirilen ençeme gözegçilikler, ylmy edebiýatlary öwrenmeklik, seýsmik barlag nokatlarynyň maglumatlary hem-de agyrlyk güýjüniň kadadan çykmalary ( Agyrlyk güýjüniň kadadan çykmalary — Ýeriň ýüzünde agyrlyk güýjüniň belli bir ululyklarynyň ýer gabygynyň gurluşy bilen şertlendirilen položitel we otrisatel nätakyklyklary.) meni biziň planetamyzyň ýadrosynyň, ýagny merkeziniň häsiýetiniň geologlaryň we geofizikleriň häzirki wagta çenli aýdyşlary ýaly däldigi hakynda pikire getirdi. Men Ýeriň uly ýa-da kiçeňräk içki zolagynyň, ýagny boşlugynyň bardygyna doly ynanýaryn. Ol zolagyň merkezinde kiçijik ýagtyltgyç bolmaly, dogry, onuň eýýäm sönen bolmagy hem ahmal. Ol boşluk bir ýa-da iki, uly ýa kiçeňräk ötük arkaly ýeriň üsti bilen baglanyşýan bolsa gerek. Ol ötükler bu işi boş şaryň içki bölegine aralaşmaga mümkinçilik bermeli. Olary, elbetde, arktika sebitleriniň ikisiniňem heniz näbelli giňişliklerinden gözlemek gerek.
Meniň bu pikirlerimi diňe şol ötükleriň haýsam bolsa biriniň gözlegine ugradylan ýörite ekspedisiýa tassyklap ýa-da ýalana çykaryp biljekdi. Gözleglere başlamak üçin men, ilkinji nobatda, rus ekspedisiýasy üçin has elýeterli bolan demirgazyk sebiti saýlap aldym.
Eger size ötügi tapmak başardan bolsa, onuň bilen aşak düşmäge synanyşyň. Belkem-de, siz yklymyň çuň çöketligine düşýänsiňiz öýdüp, özüňiz duýmazdan, onuň ugry bilen eýýäm aşaklygyna düşensiňiz. Eger şeýle bolsa, siziňem entek gujur-gaýratyňyz bar bolsa, hereket etmek üçin serişdeleriňizem ýeterlik bolsa, onda has uly çuňluklara aralaşmaga hem-de bu içki boşlugy mümkin boldugyça pugta öwrenmäge çalşyň, ýöne biderek ýere töwekgellik edip, janyňyza howp salmaň.
Haýsydyr bir sebäbe görä bu wezipä hötde gelmek mümkin bolmasa, onda yzyňyza dolanyň, çünki Ýeriň içki boşlugyna girelgäniň barlygynyň hasaba alynmagynyň özi eýýäm ägirt uly açyş bolup durýar. Boşlugy derňemek bolsa toplanan tejribäniň esasynda düzülen täze bir ekspedisiýa tabşyrylar. Işiňize tüýs ýürekden berlen alymlar bolanyňyz sebäpli beýik, ajaýyp hem täsin açyşlaryň bosagasyna baranyňyzdan soňra diňe öňe gitmäge dyrjaşjakdygyňyza gözüm ýetip dur. Ýöne sizden haýyş edýärin, ýagdaýlary pugta maslahatlaşyň, meseläň ähli tarapyny terezä salyp, mazaly pikirleniň, pähim-paýhasly hereket ediň, yňdarmalyk edip eýýäm gazanylan üstünlikleriň üstüne atanak çekäýmäň.
Belkem-de, siz iki topara bölünersiňiz, bir topar boşlugyň jümmüşine gider, beýleki topar bolsa girelgede galar hem-de zerur bolsa birinji topara kömege ýetişer ýa-da täsin açyş hakyndaky habary ylma buşlar.
Siziň bilen ähli kynçylyklary, horluklary bile çekmekden, işläp açyş etmekden ykbalyň özümi mahrum edendigine, indi siz üçin şu eliňizdäki okap oturan hatyňyzdan başga elimden gelýän delalatymyň ýokdugyna çuňňur gynanýaryn. Eger bu hatyň size jinnek ýaly hem nepi degmän hiç zat düşündirmedik bolsa, onda oňa üns berip hem durmaň. Her niçigem bolsa, men size işiňiziň şowlamagyny tüýs ýüregimden arzuw edýärin.
N.I. Truhanow
«Demirgazyk ýyldyzy».
14-nji iýun, 1914-nji ýyl.
EBEDI ÝAGTY ÜLKE
Hemmeler ekspedisiýanyň guramaçysynyň hatyny haýran galyp, uly gyzyklanma bilen diňlediler. Kaştanow haty okap bolandan soň, esli wagt ümsümlik höküm sürdi.
Adamlar eşiden zatlaryny aňynda aýlaýardylar, bu maglumatlaryň üsti bilen soňky günleriň dowamynda özlerine gabat gelen geň-enaýy hadysalara düşünmekçi bolýardylar.
— Ine, indi ýagdaýlar aýdyňlaşyp ugrady — diýip, Borowoý üstünden agyr ýük aýrylan ýaly haşlap dem aldy. — Indi bu al-asmanda mizemän duran Güne-de, maýylganlyga-da, mamont bilen kerkiň özümize gabat gelmegine-de, ebedi dumanlyga-da, kompasyň hokgalaryna-da düşünjek bolýan. Ýöne barometriň oýnuna welin, henizem göwnejaý akyl ýetirip bilemok.
— Dogry aýdýaň, ýagdaýlar doly diýen ýaly düşnükli! — diýip, Kaştanow hem tassyklady. — Meniň pikirimçe, biz Ýer togalagynyň içindäki boşluga barýan ötüge Rus dag gerşiniň geçidinde düşen bolmaly. Buzly seňňer, megerem, Ýeriň üstüniň iň gyrasy, ötügiň agzy bolsa gerek. Ondan geçenimizden soň, biz eýýäm Ýeriň içindäki boşluga giripdiris hem-de ýolumyzyň ugruny üýtgetmedigem bolsak, kompasyň anyk görkezişi ýaly, demirgazyga derek, günorta ugur alypdyrys. Soňra biz buzly gerşiň üstüne çykdyk hem-de ondan aşdyk, onuň eňňidinden aşak düşübem, gyş garlarynyň Ýer boşlugynyň içine syramagyndan emele gelen buzlugyň gyrasyndaky tundrada peýda bolduk. Mamont, kerk, ilkidurmuş gäwmişi bu ýerde özleri üçin ýaramly howanyň bolmagy hem-de özlerini gyrýan adamlaryň ýoklugy sebäpli saklanyp galypdyr…
— Hawa, ynha, biz hem bu içki boşluga gelen dessimize onda ýaşaýan jandarlaryň eýýäm üçüsini öldürdik — diýip, Gromeko hem sugşurdy.
— Biziň hemişe al-asmanda görýän Günümiz, megerem, Ýer togalagynyň hakyky kiçijik ýadrosy ( Ýadro — nämedir bir zadyň içki, merkezi bölegi.) bolsa gerek. Ol henizem köz ýaly dym gyzyl halda bolup, boşlugyň galyň hem-de gatap giden bardasynyň iç ýüzüne ýagtylyk hem ýylylyk berýän bolarly, biz bolsa şu mahala çenli onuň diňe daş tarapyny bilýärdik. Indi Truhanowyň guran ekspedisiýasynyň kömegi bilen biz boşlugyň iç ýüzi bilen bolmanda birazajygam bolsa tanşyp bileris. Onuň bize örän kän gyzykly hem garaşylmadyk maglumatlary berjekdigine bolsa hiç hili şek-şübhe bolup bilmez, çünki biz bu ýere gadam goýan dessimize ösümlik we haýwanat dünýäsiniň daşky tarapda, ýagny Ýeriň üstünde bireýýäm ýitip ýok bolup giden wekillerine gabat geldik.
— Biz bu täze açylan ülkä at goýmaly, ýogsa şol «içki tarap, içki gatlak» diýer ýöreris! Bu ýer eýýäm Nanseniň Ýerine degişli däl ahyry! — diýip, Makşeýew teklip etdi.
— Hawa, bu ýer gaty ümmülmez, Nanseniň Ýerinden hem buzly guşaklyk arkaly bölünip aýrylýar… Muny näme diýip atlandyrsakkak? — diýip, Gromeko sorady.
— Bu ýerde hemişe gündizlik höküm sürýär. Biziň planetamyzyň jümmüşinde basyrylgy ýatan bu merkezi ýagtyltgyç gadymy halklaryň ýeriň aşagynda gizlenen ot hudaýy hakyndaky ynançlaryna gabat gelýär. Men bu ýagtyltgyjy Pluton, ( Pluton — Gadymy grekler ýerasty dünýäniň hudaýyny Pluton diýip atlandyrypdyrlar.) bu ülkäni bolsa Plutoniýa diýip atlandyrmagy teklip edýärin — diýip, Kaştanow öz pikirini aýtdy.
Başga-da birnäçe at teklip edildi, ýöne az-kem çekeleşmelerden soň hemmeler Plutoniýa adynyň jüpüne düşýändigi bilen ylalaşdylar.
— Indi esasy meselä geçeliň: biz özümiziň diňe bir ötügi açman, onuň jümmüşine-de aralaşanymyz hem-de Plutoniýanyň bir künjegini görenimiz bilen kanagatlanarysmy? Truhanowa ajaýyp, haýran galaýmaly çaklamalarynyň doly tassyk bolandygyny habar bermek üçin yzymyza, «Demirgazyk ýyldyzyna» dolanarysmy? Ýa-da ebedi şamçyragly bu ülkäniň hasam jümmüşine aralaşmaga synanyşarysmy?
— Elbetde, öňe gideris! Gujur-gaýratymyz, serişdämiz barka diňe öňe gideris! Entek biziň wagtymyz kän ahyry! — diýen sesler eşidildi.
— Menem şeýle pikirde — diýip, Kaştanow sözüni dowam etdirdi. — Ýöne biz Plutoniýany mundan beýläk öwrenmegi nähili ýola goýarys?
— Meniň pikirimçe, Ýeriň daşky gatlagyndaky sowugyň hem-de ýagnyň netijesinde emele gelen garlyklardan, buzluklardan daşlaşyp, bu ýeriň näçe jümmüşine gitdigimizçe, howa hem şonça maýlar — diýip, Borowoý öz pikirini aýtdy. — Nartalar, lyžalar, itler bize diňe artykmaç ýük bolar, olary bu ýerde galdyrmak gerek.
— Itleriň bir özüni galdyryp bolmaz. Diýmek, Truhanowyň maslahatyna eýerip, ekspedisiýany ikä bölmeli, bu ýerde bolmanda iki adamy goýmaly, sebäbi bu beýewanlykda bir adamyň ýalňyz özi uzak bolup bilmez. Bärde itler, nartalar, lyžalar we beýleki artykmaç goş-golaň bilen galjak iki adam hem-ä beýlekilere garaşar, hemem tundrada we buzlugyň gyrasynda gözegçilikleri geçirer. Gidenler bellenilen möhlete gelmese, onda olar «Demirgazyk ýyldyzyna» edilen açyşlar hakynda hasabat bermek hem-de dolanyp gelmedik topary gözläp tapmak we Plutoniýany mundan beýläk hem öwrenmek üçin guraljak täze ekspedisiýa ýolbelet bolmak üçin bir narta bilen yza ugrarlar.
— Birden Plutoniýanyň jümmüşine giden topar bellenilen möhletden biraz gijä galyp gelse, onda olar bu buzluklaryň üstünden nädip geçerler? — diýip, Makşeýew sorady.
— Siziň bu aýdýan ýagdaýlaryňyz üçin bu ýerde iki narta, lyžalar hem-de azyk-suwluk ammary galdyrylar. Gijä galyp gelenler itsiz oňmaly bolarlar, nartalary süýremek olaryň öz boýnuna düşer. Bu beýle bir kynam bolmaz, sebäbi ýoluň uzaboýuna goýlan azyk ätiýaçlyklary nartalaryň ýüküni mazaly ýeňletmäge mümkinçilik berer.
Bu meýilnamanyň maksadalaýykdygy, amatlydygy bilen hemmeler ylalaşdylar, ýöne bu syrly ýurduň bosagasy bolan tundrada hiç kimiň galasy gelenokdy. Meseläni başgaça çözmeli boldy, ýagny Plutoniýanyň jümmüşine ediljek syýahata ekspedisiýanyň agzalarynyň haýsysynyň gatnaşmagy has zerur bolsa, şol hem gitmeli edildi. Ilkinji nobatda, zoolog, botanik hem-de geolog hut şeýle adamlardy, olara tundrada iş kän däldi, diýmek, Kaştanow, Papoçkin, Gromeko hökmany suratda gitmelidi. Beýleki bir tarapdan hem Igolkin ekspedisiýanyň agzalarynyň arasynda ýeke-täk alym däl adamdy, onuň esasy borjy itleri idetmekdi, şonuň üçin hem onuň tundrada galmagy ýerliklidi. Galan iki adamyň, ýagny Borowoý bilen Makşeýewiň bolsa biri gidip, beýlekisi galmalydy.
Olaryň ikisi hem salyhatlylyk edip, tundrada galmaga razylyk berselerem, göwnemeýändikleri ýüzünden aňdyryp durdy, şonuň üçin hem bije atmaly boldy. Borowoýa «galmaly», Makşeýewe bolsa «gitmeli» diýen ýazgyly kagyz bölejigi düşdi.
Plutoniýanyň jümmüşine ugraýan toparyň taýýarlygy baradaky mesele hem esli wagty aldy. Toparyň hereket etmeli usulyny belli etmelidi hem-de şoňa görä näme alyp, nämäni goýmalydygyny kesgitlemelidi. Azyk-owkady diňe aw-şikar arkaly üpjün etmek göz öňünde tutulyp, gaplamalar düýbünden alynmadyk halatynda-da, syýahatçylaryň her biri arkasyna ep-esli ýük almaly boljakdy, ýoluň ýumurtga togalabermeli tep-tekiz bolmajagam köre mälimdi.
— Itleriň birnäçesini alyp, ýük ursak niçik bolarka? Dogry, bu janawarlar muňa öwrenişen-ä däldirler, onuň üstesine hem, maýyl ülkede olar janlaryna karar tapmazlar — diýip, Gromeko öz pikirini aýtdy.
— Bu aýdýanyňyzyň bolaryndan bolmazy ýakyn — diýip, Makşeýew garşy çykdy. — Biziň bu janawarlary heläk etmegimiz ahmal, olar bolsa yzymyza gaýdyşyn buzluklaryň üstünden gidenimizde bize gaty gerek bolar. Men başga bir has ygtybarly hem kuwwatly güýçden peýdalanmagy teklip edýärin. Ol diňe biziň goşumyzy däl, özümizi hem äkider.
— O nähili güýç? — diýip, hemmeler gygyryşdylar.
— Suwuň güýji. Biziň şu günki duşup, geçip bilmedik çuň derýajygymyz günorta akýar ahbetin. Bize hem şo tarapa gitmek gerek. Biziň goşlarymyzyň arasynda bolsa iki sany kiçijik ýygnalýan gaýyk bar, olary buzlugyň üstünde ýygnanan suwlardan geçmeli bolar gorkusy bilen alypdyk. Zerurlygy çykmansoň biz olaryň bardygyny düýbünden ýadymyzdan çykarypdyrys. Gaýyklaryň hersine iki adam ýerleşýär, oturarys-da, Hudaýy çagyryp ýüzeris. Gaýyklara artykmaç ýük urmazlyk üçin tokaýlyga ýetenimizden soň sal ýasanarys. Soňam derýajygyň eltjek ýerine çenli ýüzeris.
— Be-e, bu diýýäniň-ä juda ajap bolýar! — diýip, Kaştanow joşgun bilen gygyrdy.
— Hem-ä aňsat, hemem amatly! Ýüz, töweregiňi synla hezil et-de, gözegçilikleriňi hem ýaz-da otur! — diýip, Papoçkin hem begendi.
— Ýöne derýanyň kenary biziň gözýetimimizi çäklendirer, megerem, ol gür ösümliklere basyrylyp oturan bolsa gerek. Biz gök-parça däliziň içi bilen ýüzeris, özümizem hiç zat görüp bilmeris! — diýip, Gromeko aýtdy.
— Bize näme, durup kenara çykmagy, özümize gyzykly bolan ýerlere gezelenç etmegi gadagan etjek barmy? Gijäni hem kenarda geçireris ahyry — diýip, Makşeýew düşündirdi.
— Aýlananymyzda-da arkamyzdaky ýüküň astynda ýegşerilip ýörmeris, şaýymyzy ýeňiljek tutarys, barasymyz gelen ýere bararys, kän bir ýadabam durmarys! — diýip, Papoçkin hem joşgun bilen aýtdy.
— Gaýykdyr sal kolleksiýa ýygnanymyz ( Kolleksiýa ýygnamak — ösümlikleri, haýwanlary, minerallary we ş.m. toplamak hem-de ylmy taýdan toparlara bölmek.) üçin hem ýerimizi daraldyp durmaz. Ähli ýygnanlaryňy arkaňa götermek hem-de her gün ýüküňi agraltmak juda bir aňsat zadam däl — diýip, Kaştanow belledi.
— Galyberse-de, gaýyk biziň tokaýlyklarda we batgalyklarda ýaşaýan dürli haýwanlardan, süýrenijilerden goragymyzy hem üpjün eder. Içine girýän bu syrly ülkämiziň bize ýene nähili garaşylmadyk sowgatlary taýýarlaýandygy heniz belli däl! — diýip, Gromeko öňe gobsundy.
— Umuman, Ýakow Grigorýewiç, siz gaty gowy teklip aýtdyňyz, biziň hemmämiziň minnetdarlygymyzy kabul ediň — diýip, Kaştanow ýylgyryp sözüni dowam etdi. — Şonuň üçin hem men özümiziň ýüzjek derýajygymyzy siziň adyňyz bilen atlandyrmagy teklip edýärin. Indi bolsa ýorganhaltamyza gireliň, has dogrusy, onuň üstünde gyşaralyň, çünki howa maýyl. Ertir irden mamontyň ýanyna gideliň-de, onuň derisini, gyýaklaryny hem-de etini narta ýükläp bärik getireliň.
— Siz düşelgäni mamontyň ýanyna göçürmekçi bolýardyňyz ahyry — diýip, Papoçkin ýatlatdy.
— Onuň kän bir peýdasy bolmazmyka diýýän. Biziň ýüzüp gitmeli derýajygymyz beýleki tarapda ýerleşýär, ondan daşlaşmasak gowy bolar. Onsoňam biziň düşlän bu depämiziň birentek artykmaçlyklary bar: bu ýeri gury, uzaklardan görünýär, dürli haýwanlary bolan tokaýdan aýratyn dur, buzluga golaý, şemal çalyp duran ýer, howa maýlaberse munuň itler üçin belli bahasy bolmaz. Bu taýdan haýsydyr bir nägehanyň golaýlaşýandygyny hem aňsatlyk bilen görüp boljak.
— Onsoňam bu ýer meteorologik we beýleki gözegçilikleri geçirmek üçin hem örän amatly — diýip, Borowoý onuň sözüniň üstüni ýetirdi. — Biz bu ýerde hakyky ylmy stansiýany ( Stansiýa — ýörite maksatly ylmy-barlag edarasynyň atlandyrylyşy.) gurarys. Bu ýerde meniň barometrlerim atmosfera basyşynyň özgerişlerini takyk görkezip başlar diýip umyt edýärin.
ÇAGYRYLMADYK GÖMEGENLER
Adamlar gürrüňlerini ahyrlap, ýorganhaltalaryna geçip, uka gidenlerinde sagat agşam ony görkezýärdi.
Ertirligiň başynda mamontyň ýanyna kimleriň gitmelidigi, aslynda, o taýa gitmegiň nämä derkarlygy barada maslahatlaşdylar. Syýahatçylaryň birnäçesi ol ýere gidenden ýola taýýarlyk görmegiň gowy boljakdygyny aýtdylar.
— Mamontlaryň bize ýene duşjakdygyna gözümiz ýetip duranlygynda, ol ýere gitmegiň geregi hem bolmazdy, ol eýýäm surata düşürildi, ylmy taýdan beýanam edildi. Ýöne olaryň diňe buzlugyň gyrasyndaky tundrada ýaşaýan bolmaklary hem mümkin. Biziň öňümizde bolsa tokaýlyk bar, indi olary hiç mahal görmezligimiz hem ahmal — diýip, Kaştanow ol ýere gidilenini kem görmedi.
Şeýlelik bilen, mamontyň ýanyna gitmek meselesi çözüldi. It goşulan üç nartaly dört adam o tarapa ýola düşdi.
Öýüň ýanynda bu ýerden gitmänkä, depäniň eteginden tundranyň alabahardaky ösümliklerini ýygnamakçy bolýan Gromeko bilen bu depäniň nähili dag jynslaryndan emele gelendigini anyklamak üçin, onuň eňňidini gazmakçy bolýan Kaştanow galdy. Oňa tundranyň ortasynda duran bu ýalňyz depe juda täsin bolup görünýärdi.
Topar mamont awlanan ýeri bilýän Papoçkiniň ýolbaşçylygynda ýola düşdi. Ýolugra derýajygyň golaýynda tundrada aýlanyşyp ýören batgalykda bolýan birnäçe guşy hem-de mähnet atýalmana (Atýalman — towşanyňka meňzeş kelleli, boýny gysga, ullakan gulakly, uzyn murtly, guýrugy örän uzyn, öň aýaklary gysga, art aýaklary uzyn gemrijilere degişli kiçijik süýdemdiriji jandar. Çägesöw toprakda gazylan hinlerde ýaşaýar, ösümlikleriň kökleri bilen iýmitlenýär.) meňzeş juda üýtgeşik towşany awladylar. Towşan zoology şeýle bir begendirdi welin, onuň esli wagtlap erni bir ýere gelmedi.
Mamontyň läşi tekiz tundranyň içinde kiçeňräk depe ýaly bolup alyslardan görünýärdi. Oňa birneme golaýlaşanlarynda, beýlekilere görä ýiti gözli Igolkin ýoldaşlaryna läşiň töwereginde haýsydyr bir küljümek reňkli haýwanlaryň pelesaň urýandyklaryny duýdurdy.
Nartalary ep-esli aralykda goýup, awçylar seresaplylyk bilen läşe golaýlaşdylar hem-de aňka-taňka bolup saklandylar, çünki gaýmalaşyp ýören haýwanlar misli ýer ýuwudan ýaly ýitirim boldular.
Mamontlaryň ýanyna baranlarynda Papoçkin:
— Äh-hä! — diýip gygyrdy. — Görseňiz-le, bu ýerde düýnden bäri meýlis gurlan bolarly.
Mamontyň töwereginde abyrsyz uly köralakalar birneme hars urana meňzeýärdi. Läşiň daş-töweregine bir metre golaý beýiklikde aralary gyrymsy ösümlikleriň köklerinden doly toprak üýşürilipdir. Mamontyň yzky bölegi eýýäm çukuryň içinde ýatyrdy hem-de tundranyň üstünden hiç hili ýokary saýlanmaýardy.
— Muny kim gömjek bolduka? — diýip, awçylar biri-birine soragly nazaryny dikdiler.
— Öz-ä gömmäge gaty ezber bolarly! Olar, megerem, läşi möjeklerden bukmak ýa-da iýmit ätiýaçlygy üçin ýere gömmekçi bolandyrlar — diýip, Makşeýew düşündirdi.
Igolkin itleriň birini alyp geldi. Ol gazylyp agdarylan ýeri ysgaşdyryp, birdenem mamontyň garnynyň aşagyna okduryldy hem-de gysgajyk penjeleri bilen gaty erbet garşylyk görkezip urunýan, jojuk ýaly horkuldaýan haýsydyr bir geň jandaryň aýagyndan çekip çykardy. Ony itden alyp, gezlik bilen dessine öldürdiler hem-de gözden geçirmäge başladylar. Ol bedeniniň gurluşy boýunça-da, reňki babatynda-da torsugy ýatladýardy.
Läşiň aşagynda gizlenen şeýle jandarlaryň ýene birnäçesini tapdylar. Olar, dogrudanam, soňra az-azdan iýmek üçin mamontyň läşini ýere gömmekçi bolupdyrlar.
Bu çagyrylmadyk gazuwçylaryň janypkeşligi sebäpli indi mamontyň derisini tutuşlygyna sypyryp almak mümkin däldi, şonuň üçin hem läşiň diňe çep bölegini soýup almak bilen çäklenmeli boldy.
Soňra jandaryň içgoşuny derňediler, öň we art aýagyny kesdiler, gyýaklarynyň birini gopardylar, gözüni, beýnisiniň ýarym bölegini, dilini we iki dişini aldylar. Itleri duran ýerinde gerk-gäbe bolýançalar naharladylar. But etiniň çylka ýerinden birnäçe iri bölekleri narta ýüklediler, soňra topar ýuwaşlyk bilen yzyna dolandy.
Gazuwçy, towşan hem-de guşlar bu günüň zoologiýa boýunça oljasynyň özenini düzdi. Girisine düşen bu ylmy baýlyk Papoçkini doly kanagatlandyrdy.
— Galanyny gazuwçylar gömübersinler — diýip, Borowoý çynaberimsiz degişdi. — Itlerimiz üçin et ýetmezçilik etse, Igolkin bilen bu ýere geleris-de, mamont etini gazyp alaýarys. Et porsamanka almak üçin irräk gelmegimizem ahmal.
— Şonda mamontyň kelleçanagyny hem alaweriň — diýip, Papoçkin haýyş etdi. — Gazuwçylar ony dessine ýalaňaçlasalar gerek.
Awçylar öýe golaýlanlarynda Kaştanow bilen Gromekonyň nähilidir bir üýtgeşik iş bilen başagaý bolup ýörenini gördüler. Olar depäniň eňňidinde gazylan çukurdan haýsydyr bir ak daşyň böleklerini çykaryp üýşürýärdiler.
— Bu depe biziň ekspedisiýamyz üçin giden bir hazyna bolup çykdy — diýip, Kaştanow öz ýanyna gelen ýoldaşlaryna düşündirdi. — Depäniň düzümini derňemek üçin men bir ýarym metr çuňlukda çukur gazdym hem-de ol çuňlukda arassa buz gatlagyna gabat geldim. O taýda, bu taýda gazyp barlamda hem edil şeýle ýagdaý ýüze çykdy. Şonda depäni gazyp sowadyjy gurmak kelläme geldi. Ol azyk owkatlary hem-de derileri saklamak üçin birgeňsi sowatgyç bolup hyzmat eder. Bize agşamlyk nahar bolmak üçin mamontlardyr kerkler günde ylgap ýanymyza gelip durmazlar ahyryn!
— Dogrudanam, depe tutuşlygyna buzdan bolup, diňe onuň üsti toprak bilen örtülgimikä? — diýip, Borowoý sorady.
— Şeýlemikä diýip pikir edýärin! Sibiriň demirgazygynda şunuň ýaly ýerasty buzluklar gabat gelýär. Bu tötänlik bilen abat galan ullakan gyş buzlugy bolmaly ýa-da deňiz buzlugynyň ýeriň üstüne süýşen bölegidir. Onuň üsti ýuwaş-ýuwaşdan gyrmança hem-de buzlukdan akýan bulaklaryň getirýän çägeleri bilen örtülendir, şonuň üçin hem saklanyp galandyr. ( Bu depe, elbetde, kiçeňräk çuňluklarda ebedi doňaklygyň netijesinde emele gelen buzluklardan durýar. Şeýle ýerasty buzluklar Sibiriň demirgazygynda, esasanam, Buzly ummanyň kenarlarynyň golaýynda köp duş gelýär (awtoryň belligi).)
Kaştanowyň bu açyşynyň bärde galmaly topar üçin belli bir bahasy ýokdy, çünki olar edil öz öýleriniň aşagynda azyk-owkatlaryny goýmak üçin birgeňsi ammara eýe bolýardylar.
— Entek biz muňa hakyky gapy goýup, ullakan sowatgyçly ammar edip gurarys — diýip, Borowoý göwün ýüwürtdi.
— Mundan başga-da depäniň beýleki gapdalyndaky buzlukdan ýene bir gowak gazarys hem-de onda yssy düşende horlanmazlary ýaly itlerimizi saklarys — diýip, Igolkin hem ýoldaşynyň sözüniň üstüni ýetirdi.
Nartalaryň ýüküni düşürenlerinden soňra agzybirlik bilen Kaştanowdyr Gromeko ikisine bu sowatgyçly gowagy gurmaga kömekleşdiler. Onuň içinde alyp gelnen mamont böleklerini hem-de kerkiň läşiniň galyndylaryny saklamak üçin ýer ýeterlikdi. Sowadyjy gowak gurlup, onda saklanmaly zatlar içine daşalansoň, itler iýmit ätiýaçlyklaryna baryp bilmez ýaly, onuň girelgesine buz harsaňlaryny üýşürdiler, öňüni hem lyžalar, hem nartalar bilen mazaly germediler.
Ertesi gün ýola taýýarlanmak bilen meşgul bolundy. Äkidilmeli goşlaryň ählisi tertipleşdirildi. Gaplamalar, spirt hem-de ýukola buzuň arasyna ýerleşdirildi, gaýyklar hem-de Plutoniýanyň jümmüşine ediljek syýahat üçin zerur bolan enjamlar nartalara ýüklendi. Soňky gezek üýşüp naharlandylar hem-de öýi we ammary goramaga galan Borowoý bilen hoşlaşyp, Makşeýew derýajygyna tarap ýola düşdüler. Igolkin hem olar bilen gitdi, ol nartalary alyp agşama deňiç yzyna dolanyp gelmelidi. Goş-golaňa garawullyk eder ýaly itleriň birini hem topar özi bilen äkitdi. Olar ýanlaryna almak üçin General diýen iti saýladylar. Yssyda horlanmaz ýaly onuň tüýlerini gyrkdylar, tüýlek güjük gyrkylansoň şeýle bir gülkünç görnüşe geldi welin, oňa sereden gülküsini saklap bilmedi. Onuň kellesinde «galpajyk», aýaklarynyň ýokarky böleginde «seçek», guýrugynyň ujunda bolsa «çotgajyk» goýup «bezediler». Dellekçilik edip ony gaýçysy bilen taraşlan Makşeýew bu «bezegleri» itiň öz täsin görnüşi bilen gabat geljek wagşy haýwanlary gorkuzmagy üçin goýýandygyny düşündirdi.
Giňligi alty metr, çuňlugy birki metr bolan derýajygyň kenaryna gelenlerinden soň gaýyklary suwa goýberdiler hem-de olaryň hersine iki bolup ýerleşdiler. Adamlaryň biri gaýygyň dessesinde, beýlekisi küregiň başynda otyrdy. General Makşeýew bilen Gromekonyň ýerleşen gaýygynyň burnunda öz ornuny eýeledi. Generalyň galpagynyň aşagynda sömelip duran ullakan gulaklarynyň arasynda gaty gülkünç görünýän tumşugy gaýygyň gorumyndan ýokary çykýardy.
Akymyň ugruna çaltlyk bilen aşaklygyna ýüzýän gaýyklar alyslarda gözden ýitýänçä Igolkin kenarda gymyldaman durdy. Gözýetimde çala saýgardýan öýde Borowoý ak baýdagy galdyrdy. Şu mahala çenli ähli kynçylyklara egin-egne berip agzybirlik bilen hötde gelen ekspedisiýa ikä bölündi, onuň dört adamy syrly ülkäniň jümmüşine ýüzüp gitdiler. Olar yzyna dolanyp gelermi? Eger geläýenlerinde hemmesi başbitin bolarmy, haçan, nähili yzyna dolanarlar?
MAKŞEÝEW DERÝASYNDAN
AŞAKLYGYNA ÝÜZÜŞ
Gaýyklaryň ikisi hem çalaja şildiräp günortalygyna akýan garamtyl suwly derýajygyň, demirgazyk söwütleriniň ter ýaprajykly şahalary eglip duran kenarlarynyň arasyndan çaltlyk bilen ýüzüp gitdi. Kenaryň iki tarapynda hem ýere ýapbaşyp oturan gyrymsy agaçly tundra ýaýlyp ýatyrdy, henizem ugurdaş şemal öwüsýärdi. Indi syýahatçylar onuň Ýeriň daşky örtüginiň sowuk buzluklaryndan ötük arkaly planetanyň içki, maýyl boşlugyna öwüsýän demirgazyk şemalydygyny takyk bilýärdiler. Duman henizem lemmerlenip, al-asmanda mizemän duran gyrmyzy ýagtyltgyjyň käýarym öňüni tutýardy, käte bolsa syrylýardy. Temperatura +12 gradusa çenli maýlady, duman wagtal-wagtal çisňäp ýagýan ýagşa öwrüldi, dogrusy, ol dessine diňýärdi.
Gaýyklar sagatda sekiz kilometre golaý tizlik bilen ýüzýärdi. Gaýygyň dessesinde oturanlar surata düşürmekligi amala aşyrýardylar, derýajygyň ähli öwrümlerini belleýärdiler. Ýigrimi bäş kilometr ýüzüp, syýahatçylar gijäni geçirmek üçin saklandylar.
Kenar boýunça geçirilen kiçijik gezelenç tundranyň gyrymsylarynyň birneme beýgelendigini bellediler, käýerlerde olaryň arasyna pessejik listwennisa ( Listwennisa — sosnalar maşgalasyndan bolan püri ýasy, ýumşak we gyşyna ýapragy düşýän agaç.) agaçlary goşulýardy hem-de söwütdir berýozalar bilen birigip kiçeňräk, ýöne örän gür jeňňellikleri emele getirýärdi. Gyrymsy agaçlaryň arasynda dürli jandarlara suw içmek üçin derýanyň kenaryna barmaga hyzmat edýän insizje ýodajyklar bardy.
Gijäni ilkinji gezek çadyrda, ýorganhaltasyz geçirdiler.
— Bu ebedi şamçyrag biziň ata-baba öwrendikli bolan endiklerimize hem düşünjelerimize düýbünden ters gelýär — diýip, Makşeýew ýatmaga häzirlenip durka hüňürdedi. — Ertir düşeninem, günortan bolanynam, agşamam diňe sagadyňa seredip bilmeli, Gün bolsa, hamala, biziň bu adalgalarymyzyň üstünden gülýän ýaly mydama dik asmanda dur hem-de birsydyrgyn ýylydýar.
Gije parahat geçdi. Syýahatçylar uklap, mazaly dynç aldylar.
Ikinji gün elli kilometr töweregi ýüzdüler hem-de derýajygyň töweregine uzagrak aýlanmak üçin birneme ir saklandylar. Kenar eýýäm has ösgün gyrymsylara hem-de aýratyn oturan agaçlara bürenipdi. Gök öwsüp oturan diwary emele getiren bu agaçlar syýahatçylaryň gözýetimini juda daraldýardy.
Günorta naharyndan soň Gromeko ösümlikleri ýygnamak üçin çadyryň ýanynda galdy, Makşeýew Generaly ýanyna alyp günbatarlygyna, Kaştanow bilen Papoçkin bolsa gündogara tarap ugradylar. Olar eýýäm adam boýundan ýokary gyrymsy agaçlaryň arasyndan haýwanlaryň salan ýodalaryny syryp gitdiler. Her ýerde, her ýerde dürli jandarlaryň aýak yzlary görünýärdi, zoolog olaryň arasyndan mamontyň, kerkiň iri we ownuk jübüt toýnaklylaryň, şeýle hem bir täk toýnaklynyň yzyny aýyl-saýyl etdi. Käýerlerde ýyrtyjylaryň dürli ululykdaky ýumşak penjeleriniň yzy hem duşýardy. Olaryň käbirleriniň yzyna seredenlerinde, alymlaryň endamy tikenekläp gidýärdi. Ol yzlar uzynlygyna ýigrimi santimetre golaýlaýardy, barmaklaryndaky dyrnaklary bolsa ýeriň içine dört santimetrden gowrak çümýärdi. Zoolog ol aýak yzlar ägirt uly aýynyň yzydyr diýip hasaplady.
— Megerem, bu mamontyň döwürdeşi bolan gowak aýysynyň yzy bolsa gerek — diýip, Kaştanow pikirini aýtdy. — Olar bu maşgalanyň bize mälim bolan wekilleriniň ählisiniň arasynda iň ulusy.
— Olar gowak adamlaryny awlaýan-a däldir? — diýip, Papoçkin sorady.
— Bu aýynyň gowak adamsy tarapyndan işläp bejerilen süňkleri, dyrnaklary hem-de dişleri kämahal tapylýar — diýip, geolog jogap berdi. — Ýöne adamyň bu aýy tarapyndan işlenip bejerilen süňküniň, kelleçanagynyň tapylandygyny welin bilemok!
— Her niçigem bolsa, olara sataşmasaň kem bolmazmyka diýýän!
— Şeýle gyzykly jandara duşmasaňam bolarmy?! Biziň gadymy ata-babalarymyz diňe serdesse hem daşpalta bilen oňa hötde gelipdirler, biz bolsa elimizde böwsüji okly häzirki zaman tüpeňi barka ondan gorkmalymyşykmy? Bu utanç bolar ahyry!..
Alymlar derýanyň gapdalynda gür, ýöne gysgajyk otly, gül-gunçalara beslenen, gök öwsüp oturan giň öleňlige çykdylar.
Syýahatçylar tokaýyň gyrasyndaky agaçlaryň arasynda duruşlaryna, öleňlikde dürli süýdemdiriji jandarlaryň süri-süri bolup sonarlap ýörendigini gördüler. Käýerde ýeke özi otlap ýören jandarlaram görünýärdi. Olaryň arasyndan Ýer ýüzünden ýitip ýok bolup giden görnüşleri dessine tapawutlandyrmak bolýardy. Bu ýerde ägirt uly şahly hem örküçli gara ilkidurmuş gäwmişlerini, şahlaram, özlerem mähnet sugunlary, tüýleri hüwjerip duran, guýruklary küle ýaly gysgajyk gylýallary görmek bolýardy. Iki sany kerk kellesini bir topbak agajyň içine sokup hars urýardy, birnäçe mamontdan ybarat bolan kiçeňräk süri birsydyrgyn kellelerini we holtumlaryny bulaýlap, megerem, ýüregedüşgünç çybyn-çirkeýlerden goranýardylar. Indi çybyndyr çirkeýem, bökelekdir gögeýinem has köpelipdi.
«Daşa öwrülen gadymy haýwanlaryň» diri sonarlaşyp ýören parahat örülerini synlap keýpden çykansoňlar, Kaştanow bilen Papoçkin olaryň käbirini surata düşürmek üçin biraz golaý barmagy ýüregine düwdüler. Olar tokaýyň gyrasyndan süýşenekläp ilki gäwmişleriň ýanyna bardylar, soňra iki kerki biri-biriniň üstüne tagaşyksyzlyk bilen towsuşyp oýnaýan mahaly surata düşürdiler. Kerkler öz şahlaryny edil ullakan gylyç bilen darkaş gurýan kibi çakyşdyrýardylar, töňňe ýaly aýaklary bilen oty basgylaýardylar, ýeri gyzyl dörjük edýärdiler.
Indi nobat öleňligiň ortaragynda duran mamontlara gelipdi. Awçylar olara assyrynlyk bilen golaýlaşmakçy bolup durkalar, meýdanyň beýleki burçunda bir başagaýlyk başlandy. Ol ýerde sugunlar otlap ýördi. Olar birden kellelerini galdyryp diňşirgendiler hem-de dessine gürre göterilip gaçmaga başladylar. Sugunlaryň häzir göze görünmeýän, ýöne juda ýowuz duşmanlaryndan üýşenip gaçandyklary aýdyň görnüp durdy. Sugunlar mamontlaryň deňinden ylgap geçdiler, olaram öz gezeginde tebil tapdylar hem-de holtumlaryny göge tutup, tagaşyksyz loňkuldaşyp gaçmaga başladylar. Sugunlaram, mamontlaram göni awçylaryň gizlenip ýatan ýerine gelýärdiler.
— Sugunlar ýüz ädim töweregi golaýymyza gelende iň öňden gelýänini atyň — diýip, Kaştanow çalt-çaltdan gürledi. — Olar sähelçe pursat sägindigi dessine surata alaryn. Soň menem ataryn, ýogsa olar bizi basgylap geçerler.
Papoçkin tüpeňine ok sürüp nyşana aldy, kellesini ýokary tutup, tazygyp gelýän abyrsyz uly sugun ýeterlik derejede golaýlanda tüpeň sesi ýaňlandy. Göni döşünden ok degen sugun aýagyndan alnan ýaly dyzynyň üstüne ýykyldy, beýleki sugunlar biri-birine süsňeşip, boýunlaryny uzadyp, bir topbak bolup saklandylar.
Şol wagt Kaştanow bu täsin sürini surata düşürmäge maý tapdy, soňra fotoapparaty zoologa geçirdi hem-de özüne çep tarapyny öwren beýleki bir suguny tüpeňledi. Janawar öňe bökdi-de, ýere ýazyldy, beýleki sugunlar bolsa saga öwrülip, tokaýyň gyrasy bilen gaçyp gitdiler.
Onýança sugunlaryň yzyndan ylgap gelýän mamontlar hem ýetip geldiler, awçylaryň uran jandarlarynyň deňine gelip togtadylar. Bu pursadyň içinde Papoçkin tüpeňleriň ikisini hem oklamaga ýetişipdi, Kaştanow bolsa mamontlary surata düşürýärdi.
— Atsakmykak? — diýip, zoolog tolgunmakdan ýaňa sandyraýan sesi bilen sorady.
— Atmak nämä gerek? Huruşlyk üçin şu atanlarymyz hem ýeterlik, mamontlary biz eýýäm tundrada öwrendik. Üstümize topulsalar ataly, ýogsa degmäli.
Bu mahal ol haýwanlar holtumlaryny bulaýlap, göýä, biri-biri bilen maslahatlaşýan ýaly, bir duran ýerlerinde durdylar. Olar alty sanydy, ikisi ýaş mamontdy, olaryň gyýaklary kiçiräkdi, ýüňleri hem has gysgajykdy. Olar tiz wagtdan köşeşdiler hem-de biri-biri bilen oýnamaga başladylar, mahal-mahal howsalaly horgurýan uly mamontlaryň daşyndan pyrlanyşyp kowalaşdylar. Ahyrsoňy garry erkek mamont sag tarapa tutdurdy, süri hem onuň yzyna düşüp, öleňligiň gyrasyny syryp gitdi. Meýdanda indi diňe iki sany kerk galdy.
— Otlap ýören bu ýuwaşja janawarlary kim ürküzdikä? — diýip, Kaştanow sorady. — Gowak aýysyndan tebil tapan bolaýmasynlar?
— Ondanam ürken bolmaklary ahmal, belkem-de, paleontologiýanyň ( Paleontologiýa — gazylyp tapylýan, daşa öwrülen haýwanlar we ösümlikler baradaky ylym.) haýwanat dünýäsiniň gazylyp tapylýan has eýmenç jandary olary gorkuzandyr!
— Kim bilýär! Ýöne öleňligiň beýleki çetine gitmesek gowy bolarmyka diýýän, jeňňelligiň içinden haýsydyr bir haýwan duýdansyz üstümize bökse, atybam ýetişmeris.
— Onda sugunlar bilen bolaly, olary ölçemeli, derisini ýüzmeli hem-de gaýyga çekmeli.
Awçylaryň uran sugunlary Ýer ýüzünden ýitip ýok bolup giden ämert uly görnüşe degişlidi. Ol görnüş mamontlar, ilkidurmuş gäwmişler, gowak aýylary bilen döwürdeşdi.
Awçylar sugunlaryň ikisiniň hem derisini sypyrdylar, kiçisiniň art aýaklaryny kesip aldylar hem-de agyr ýükleri bilen derýajyga tarap gyrmyldap ugradylar. Olar öz ýoldaşlarynyň awy oňmadyk bolsa, huruşlyk et üçin bu ýere ýene-de dolanmagy niýetlerine düwüpdiler, ýöne öleňligiň golaýynda aýlanyp ýören ýyrtyjy jandardan olara nämedir bir zat galjagy gümanady.
(Dowamy bar).
Rus dilinden terjime eden Gurbangeldi MÄMMETSÄHEDOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymy
