|

Parahatlyk aýdymy

Parahatlyk aýdymy PARAHATLYK AÝDYMY

Parahatlyk aýdymy

Kimde-kim azatlyk isleýän bolsa,
Belent sesimize goşsun sesini.
Ak ýürekde arzuw besleýän bolsa,
Göreşde gazansyn netijesini,
Belent sesimize goşsun sesini.

Bu aýdym azatlyk, şatlyk aýdymy,
Bu aýdym gaýratdan, gujurdan doly.
Bolmaz bu älemde onuñ gaýdymy,
Galsyn ganat gerip kepderi ýaly.
Bu aýdym gaýratdan, gujurdan doly.

Saýrasyn durmuşyñ sazy erkana,
Güllesin gözellik, ýaşasyn durmuş!
Aýdymly agşamlar hoş ýakar jana.
Ýaşasyn ýagtylyk, ýok bolsun uruş!
Güllesin gözellik, ýaşasyn durmuş!

Ata ATAJANOW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle