Oýlanmalar
Oýlanmalar
Taşlamaň,
Taşlamaň köne dostlary,
Ýerleri şorladyp, geçen dek boza,
Göteriň olary kalbyňyz bilen,
Olarsyz ýaşamak kyn bolar size.
* * *
— Şemal, näme ýüzüň salyk?
keýpiňem ýok, örän gamgyn?
— Meniň beli Watanym ýok,
Watansyza ýaşamak kyn!
* * *
Durna hatary deý hatar tutalyň,
Ynanyp birine öňde bolmagy.
Serçeler deý öwreneliň bir uçup,
Goý, nirä-de bolsa bile gonmagy.
Durna-da gerekse gerekdir hatar.
Ýöne şeýle birlik bize has derkar.
Hataryň öňünde ýowuz güýç — ejiz.
Dostlugmyz hatara duranda berkär!
* * *
Meniň öwülenme gabat gelme sen,
Gazet-žurnalda-da okama ony.
Sen bilýäň-ä meniň öan-şöhratdan däl,
Ýönekeý sapakdan dokalanymy.
Guýrukly ýyldyzlaň howp salyp kä.
Ýere degmän geçişi deý sag-aman,
Öwgüler, taryplar sowulsyn menden,
Sowulsyn şol agyr zatlar, eý aman!
Nury BAÝRAMOW. Goşgular