|

Çek, eliñi jellat, arap ilinden!

Çek, eliñi jellat, arap ilinden! ÇEK ELIÑI, JELLAT, ARAP ILINDEN!

Çek eliñi, jellat, arap ilinden,
Çekil, ýarygyña bat berip gelme!
Erk isleýän sada halky ýolundan,
Ganly ýarag bilen öwürjek bolma!

Tümüsgenip ýörme aç göz myrtar it,
Ketegiñ Aziýadan örän yrakda.
Git, aldawçy nejis, mekanyña git,
Häkimlik etmersiñ indi Yrakda.

Size nebit, baýlyk gerek, pul gerek,
Haýpyñyz gelmeýär sada ynsana!
Size bakna gerek, size gul gerek,
Şoñ üçin çozduñyz bu gün Liwana.

Señ hakyna tutan satlyk gullaryñ
Halkyñ tüýs ganymy, hilebaz tilki.
Zynjyr, türme, ajal ~ ,seçen dollaryñ
Ýüzüne tüýkürýär köp arap halky.

Çek eliñi, jellat, arap ilinden,
Çekil, ýaragyña bat berip gelme!
Erk isleýän sada halky ýolundan,
Ganly ýarag bilen öwürjek bolma!

Nury BAÝRAMOW.

«Edebiýat we sungat» gazeti, 19.07.1958 ý. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle

Больше на Kitapcy.su

Subscribe to get the latest posts sent to your email.

Похожие записи