|

Ömrüñ manysy / hekaýa

Ömrüñ manysy / hekaýa

ÖMRÜÑ MANYSY

Sähet aga eýwana ýazylan düşegiň üstünde ýassyga gyşaryp, gök çaý içip otyrdy. Ol frontda aldyran aýagynyň agyrsyndan, bu günem howanyň bozuljakdygyny aňdy-da, tirsegine galdy. Onuň hyýaly günbatara garap, howanyň öwzaýynyň neneňsidigini  bilmekdi.
Ýaşulynyň gözleri dördünji klasda okaýan agtyjagy Juma düşdi. Ol agtygynyň keýpiniň ýokdugyny aňdy-da, oňa hoşamaý habar gatdy.
— Köşegim, näme, ýadadyňmy? Keýpiň ýok-la — diýdi.
Körpeje Juma pikirli görünýärdi. Nämedir bir zadyň onuň çaga göwnüne  rahatlyk bermeýändigi bellidi.
— Ata, aý ata — diýip, ol atasynyň  gözlerine garady.
— Näme, watany goramak, onuň üçin şirin janyňy bermek ömrüň manysy gerek?! —  Ýaşuly ak sakalyny barmaklary bilen darady-da, agtygynyň  sowalynyň jogabyny aňynda çugdamlady. Gapdalynda ýatan ullakan telpeginiň içinden akja ýaglyk çykaryp, derçirän giň maňlaýyny, boýnuny syldy.
— Ony nämeden soradyň, guzym. — diýip, agtygyna ýüzlendi. Jumanyň  ýüzi gamaşdy.
— Aý, mugallym ömrüň manysy näme?“ diýen temadan beýannama ýazyp geliň –  diýdi-läý.
— Hawa, onsoň?!
— Men-ä  watany goramak barada ýazjak diýsem, ol maňa:“ Watany goramak  ömrüň manysymy?“ diýýär. Oňa-da tutuş klasymyz gülüşdi.
Ýaşuly dikelip oturdy.
— Watany goramak, eneňi, ene topragy goramak her adamyň jana-jan borjudyr, köşegim. Şu watanda doglanyň üçin, eneň seni dünýä getireip, ak süýt bereni üçin, şu mähriban toprakda ýaşap, onuňw nazy-nygmatyny iýýäniň üçin  olaryň öňünde seniň beýik borjuň bardyr. Ine, fronta gitdik, bir aýagymyzy goýubam geldim. Emma näçe-näçe mert ogullar başlaryny goýdular Olaram, bizem öz borjumyzy berjaý etdik, borjumyzy. Ýene gitmeli bolsa, ölem bolsaň, direlip gidibermelidir.
-Onda ömrüň manysy näme?!
— Ýaşuly oýa batdy.
— Ömrüň üç sany beýik manysy bardyr, oglum! Birinjisi, daragt ekmekdir. Beý diýmek, nesil öndürmegem aňladýandyr. Öz ýurduňy bagy-bossanlyga  öwürmegem aňladýandyr. Sen bu bagy- bossanlygy ekmeseňem,  şirin-şeker miwesini iýip öwrenensiň. Görseñ, şol eşretleriň üçin  yzyňdan gelýän nesillere hem  eşret galdyrmalysyň.
— Ikinjisi, guýy gazmakdyr. Onuň:“ Ile-güne ömür berer ýaly ýagşylyk etmeli „ diýen manysy bardyr. Emma guýy gazyp, teşne bendeleri gandyrmakdan uly sogap bolmaz. Öňler türkmenler „Suw-durmuş!“, „Suw damjasy- altyn dänesi“ diýendirler.
— Üçünjisi köpri gurmakdyr. Munuň „Ýakyn-daşlaryň köňlüne ýol  çek“ diýen manysam bardyr. Könelerimiň „Müň içjitden bir geçjit“ diýer ekenler. Köpri gurmak, ynsany baky diri edýändir. Seniň gazan suwuňdan suwsan, teşne içer. Emma seniň guran köpriňden baý-da, garyp-da,  ýaş-da, garry-da geçer gider. Köpri guranyň demini Ezraýyi sanamazmyşyn. Ine, şulary edip bilseň, ol ömrüň manysy bolar.
Juma atasynyň paýhasyna düşündi. Ol indi  beýannamany bäşlige ýazyp, mugallymyny begendirjegine ynandy.

22-nji maý 2000-nji ýyl.

Öwezdurdy NEPESOW.

Hekaýalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle