Ömrüň altyn pursatlary (hekaýa)

Ömrüň altyn pursatlary (hekaýa)

Çagakak, «Garaguma gitdim, ýa-da Garagumdan geldim» diýen ýaly gürrüňleri kän eşidýärdik. Muny, esasan, erkek adamlar aýdardylar. Ýöne gyzjagaz hem bolsak, bu gürrüňler bizde-de üýtgeşik täsir galdyrardy. Garagum sährasynyň täsindigine ony söze salyp, şeýle dabaraly aýdyşlarynyň manysyna tizara özümizem göz ýetirdik.

Kakam obanyň çekenesini bakýardy. Bir gezek ol ejemiň çörek salyp iberen ullakan, käýeri ak gülli gyzyl nah ýaglygyny dolduryp, käşire meňzeş bir zat getirdi. Onuň meleje gabygy çalt aýrylýardy, içi bolsa ap-akjady. Aklyk babatda gelinkömelek onuň bilen bäsleşip bilse gerek. Özem süýji, suwlujady. Şeýle ýagdaý soň hem kän gaýtalandy. Kakam çopan goşuna gitdigi, biz çagalar onuň kösük getirjekdigine ynanýardyk, garaşýardyk. Ýöne onuň hem belli-belli ýagynly ýyllar has köp bolýandygyna, kakamyň bolsa kösük ýygyp ýörmekden başga-da işiniň kändigine soň-soňlar akyl ýetirdik.

Soň bir gezek ol jigim ikimizi çopan goşuna äkitdi. Megerem, eşekli giden bolsak gerek. Kakam şonda göm-gökje selinlerden ýygdy-da, bize oturar ýaly ýer taýynlady. Üstüne hem keçe ýazdy. Soňra bolsa töwerekdäki töňňeleri ýygnap, çaý gaýnatmaga durdy. Bu biziň diňe tebigata däl, asla-ha, öýümizden hem ilkinji çykyşymyzdy diýsem, öte geçdigim bolmasa gerek.

Göm-gökje selniň ysy burk urýardy. Birsalymdan ýagyp başlan ak ýagşa onuň buzgunç ysy has hem güýjedi, daş-töwerege ýaýrady. Biz ýagyş ýagsa-da, gapdaldaky gamyş kepbä girmelidir öýtmedik. Çünki bu wagt bahardy. Baharyň bolsa ýagşy hem üýtgeşik. Ol göýä bize: «Şu altyn pursatlary hiç wagt unutmaň!» diýip, sargyt edip ýagýan ýalydy. Ýagyş bizi has-da ekezlendirdi. Basym tüňçeler hem gaýnady. «Ýagyş güýçli ýagsa, tiz diňer» diýýänleri dogry eken. Ýöne ýaz ýagşynyň bereketdigine şol wagt akylymyz çatmandyr. Şol gezek kakam bize Garagumda bitýän ýuwany — ýabany ösýän sogany hem görkezipdi.

Geň zat, ýagyş ýagsa-da, biziň ýakan odumyzy öçürip bilmändi. Biz oduň başynda kän gürleşip oturdyk. Kakama okamak hakdaky arzuwlarymyzy aýdýardyk. Uly şäherlere gidip, okamak hakda aýdanlarymyza ol ýok diýmändi, raýymyzy ýykmandy. Gaýta: «Hawa, gyzym, uly-uly şäherlerde okarsyňyz» diýipdi. Bu baharyň täsirimidi ýa-da çaga arzuwlarymy, aýdyp biljek däl, belki-de, ikisiniň birleşen güýjüdir, şol pursatlaryň ýakymy asla-ha, ýadymdan çykmaýar.

Aradan ýyllar geçenden soň, kitaplaryň birinde «kösük ýaly barmaklar» diýen bir jümlä gabat geldim. Ýöne bu eýýäm başga dünýädi. Kösük diýilse, mydama-da şol gabygy goňurja, içi ap-akja, käşire meňzeş ýaz nygmaty ýadyma düşýär. Emma ol eliň barmagyna-da meňzedilýän ekeni.

Biz ulaldyk. Sähra bilen bagly ýakymly ýatlamalar hem täze düşürilen çeper kinofilmiň parçalary ýaly bolup, göz öňüňde gitdigiçe ýaýylyp, ýaýrap barýar. Kösügi gaýmaga meňzedesim geldi. Bu nygmatyň ýakym-ýaraşygy diňe şeýle diýeniň bilen egsilmeýärdi. Ilki bilen, kösügi ýatlanymda, kakamyň çagalary, perzentleri hakyndaky aladasyny görýärdim. Ýogsa, onuň işi özüne ýetikdi. Ol bize diňe şonuň üsti bilenem perzende atanyň garaýşynyň nähili bolýandygyny, bolmalydygyny görkezen bolsa gerek. Onuň çopan goşy biziň ikinji öýümiz ýalydy. Oňa ýygy-ýygydan gidip bilmesegem, ol biziň göwnümize, şonuň ýaly bolup görünýärdi. Çünki ol ýerde, sährada kakam goýun bakýardy. Biziň göwnümize, ol şol sähranyň eýesi ýalydy.

Soň-soňlar mugallymçylyk institutyny tamamlap, işe başlanymda, halypalaryň biriniň: «Sen şol guzy bakyp ýörkäň, Hydyr ata sataşan bolaýma» diýen gürrüňi hyýalymda ýene-de çagalygyň süýji günlerine syýahata alyp gitdi. Garagumuň eteginde ýakyn oturanymyz üçin bolsa gerek, onuň bilen soňra-da kän iş salyşmaly bolduk. Ýüpek gurçugynyň pile saramagy üçin patlak getirmäge hem gidilerdi. Pile ýyglanda, ak patlaklar durşy bilen ýüpege öwrülip, gözüňi gamaşdyrýardy. Patlak diýilýän ösümlik ýumşakdy. Onuň, hakykatdan-da, pile üçin döremändigine ynanmak kyndy. Üsti patlakly ullakan araba leňňer atyp gapa gelende, biz çagalaryň begenjiniň çeni-çaky bolmaýardy. Ýöne käte şol hem ýetmedik ýagdaýynda meýdana gidip, töwereklerden gamak ýyglyp getirilýärdi.

Kösük bilen bagly gürrüň welin, şonlugyna galdy. Sebäbi indi kakam ýokdy. Her baharda onuň bize niýetläp, Garagumdan ýygyp getirýän şol taýsyz nygmatyny häli-häzirlerem küýseýäris. Indi ony özümiz gidip, ýygyp agtyklara dadyrsadyk diýen göwün ýüwürtmämiz hem ýanymyzdan galanok.

Çagalyk ýaly akja kösük! Seni ýygyp getirip, dadyran şol ellere, ony bize görkezen şol gözlere gurban bolaýyn. Garagumuň kerem-keramaty özüň dälmiň, eýsem?! Onuň guba çägesi, gökje selni, tenekar ýuwasy, çomujy Biribaryň ynsana eçilen beýik peşgeşi ahyry. Sen şu taýsyz nygmatlaryň bilen kakamy şahyr eden bolaýma. Belki, sähranyň ýol-ýodalary ajaýyp bir şygyrdyr, dessandyr. Özüne seýil-seýrana çykany ol boş goýbermeýär. Iň bolmanda, ho-ol alysdaky çagalygymyzdaky ýaly akja kösügi bilen hezzetleýär.

Aýjemal OMAROWA.
image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle