|

Ömrümiñ manysy bolmaly zenan

Ömrümiñ manysy bolmaly zenan «ÖMRÜMIÑ MANYSY BOLMALY ZENAN…»

Ömrümiñ manysy bolmaly zenan

Ömrümiň manysy bolmaly zenan,
Deňziň kenarynda ýalňyz gezip ýör.
Säherler asmana ýazylsa duman,
Armanyny ap-ak çägä ýazyp ýör.

Adamlaň şowhuny parhyna däl oň,
Ünsüni bölenok çaga gülküsi,
Ýogsa menden başga derdi hem kän oň,
Ýetik aladasy, gaýgy-ünjüsi.

Emma bir gyrada özüni saklap,
Tolkunlara bakyp gözlerin süzýär.
Hyýalynda şol oglany gujaklap,
Ajy ýaşlar bilen çekmeýär azar.

A kenarda goýalyşyp ak duman,
Ýitip barýar bir ömrüme deñ zenan.

Sylapberdi MUHAMOW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle