Ojaklar öçmesin (Hekaýa)

Ojaklar öçmesin (Hekaýa)

Hümmet neresse fronta urşuň başlarynda gidipdi-de, kyrk üçde hem ýogalypdy. Gültäç şonda: «Hakyt ýer hopar, menem şoňa güpürdäp giderin» öýdüpdi. Çünki ol adamsyndan ajy habar gelmezinden ýarym ýyl ozal bäş ýaşlaryndaky ogly, ýeke dikrary Kakamyratjygy hem duýdansyz gelen ajala aldyrypdy. Iki ganatyny bilelikde gyrdyrsa-da, uruşdan utulanyny boýnuna almazlygy welin, ol ýüregine berk düwüpdi. Şeýtjegini bir ýerlerde gidip duran adamhor urşuň çat maňlaýyndaky ýeke gözüne iki barmagyny diräp, baryp-ha şo wagtlar aýdypdy. «Haram uruş, niýetiň-ä ýigidiň ýurdunda ýel öwüsdirmekdir welin, ony etdiräýmen saňa. Özüm ölinçäm-ä Hümmediň gapysy ýapylmaz» diýip, tolguna-tolguna urşa haýbat atdy.

Hümmediň ir wagtlar Orsýediň bir ýerlerinde instituty okap, şol ýerde-de ylmy edaralaryň birinde işe galan inisi Gulkişi uruşdan gaýdyp gelende-de, Gültäç hut şol sözleri diýdi. Agasynyň ýerine «yzy ýarasyna» gelen Gulkişi şonda aşak bakyp oturyşyna, başga näme diýjegini bilmän: «Mert bol, ýeňňe! Hümmet şeýle boldy diýsek, Kakamyrat janam… Indem näme, göwnüňe geňeş…» diýip, yzyny aýdybilmän düwnüpdi. Yzyny aýtmaga onuň hakam ýokdy. Dul galan gelinlere rugsady ulular berýärler. «Eger iru-giç turmak göwnüňde bar bolsa, rugsatdyr, gelin. Sylanyňa Taňry ýalkasyn, biz-ä maňlaýymyzdan görýäs» diýýärler. Emma Gulkişi ony aýdyp bilenok. Ýaşkiçi. Gelenine üç gün diýlende agyr başyny ýerden götermän: «Men-ä, ýeňňe, gitdim onda. Sag bol. Bu uruş gaty zabun boldy» diýip ugraberjek bolanda welin, Gültäç, ajy habary hut şu gün alan dek, zöwwe ýerinden galdy-da, bagryny paralap zarynlady: «Gitseň, sag bol, ýöne herdaýym yzyňa köwlengin. Aram-aram seni bir görüp duraýyn. Özi ýok diýsem, ýurdunda ne atasy, ne enesi, ne-de zürýady galdy. Bu gapyda goýun bolup ýerlejekdim, maýa bolup bozlajakdym, köpelip köl boljakdym, «Hümmetler» diýdirjekdim. Nädeýin, bolmady! Täleýim ters geldi. Tümmül bugdaýym göklügine oruldy. Argyşa giden kerwenim gaýdyp gelmedi. Agyr meýlisim sowuldy, bazar-dükanym ýapyldy. — Gelin henizem söýä ýaplanyp duran ýüwürjisine ýüreginde ömürlik ornaşdyran niýetini ýene bir gezek beýan etdi:

— Men-ä pelekden utulanymy boýnuma alman, Gulkişi. Şu gapyny saklap ömrümi ötürerin. Senem käte gelip, agaň garyp çatmasyna boýnuňy uzat. Maňa şolam bor. Özüm barkam-a agaň gapysy ýapylmaz, tüýnügi tüssesiz bolmaz. Şuny berk bilgin!

Ýeňňesiniň şol gezekki nalasy Gulkişiniň gulagynda ýaňlandy durdy. Gözýaşa ezilen öl keçäniň şorumtyk ysam beýnisinden çykmady. Şeýle boljagyny ol gelmänkä-de bilýärdi. Şonuň üçinem ýaýdana-ýaýdana gelipdi. Urşa gidende ýaýdanmandy. Agasynyň boşap galan öýüne gelmäge welin ýaýdandy. Gugaryp galan içeri ony oba gelmezinden has öň lagşatdy. Ol uruşdan gelip, bu ojagyň başynda agasy Hümmet bilen, ogly Kakamyrat, ýeňňesi Gültäç bilen görüşjekdi. Emma hemmesi tersine bolup çykdy. Indi onuň bu obada agasam ýok, inisem. Dogan-garyndaşam ýok. Ýeňňe-de näme…

Şol gezek obadan ýegşerilip çykyp barşyna Gulkişi agasy bilen soňky hoşlaşygyny ýatlady. Hümmet şonda inisiniň öňürti gidýänine özi sebäpkär ýaly, zol-zol: «Bizem basym bararys…» diýip, gaty köp gaýtalapdy. Başga diýere zat tapmandy. Göwnüne inijigi gözünden armanly uçup barýan ýaly, ony gaýdyp görmejegine eýýämden kaýyl bolan ýaly, gözüniň ýaşyny telim ýola ogrynça sylypdy. Gulkişiniň gidenine dört aý diýlende Hümmedem gitdi. Şo gidişem gidiş boldy.

Agasynyň ýerine gelip gidende-de, soň-soň, ýeňňesinden habar tutmak üçin uzak ýoldan ýöriteläp gelen gezeklerem, Gültäç ejäniň dürli öwrümler bilen: «Gulkişi, meniň-ä çyram söndi welin, sen bir öl daragtsyň, pyntyk ýararsyň, miwe getirersiň. Gaýrat et-de, şolaryň birini agaň ýurduna ýurt eýesi et! Men ölen günüm Hümmediň ýurdy ömürlik göçmesin» diýesiniň gelip, emma aýdyp bilmedik sözlerini welin ol aňşyrmady. Zenan mertligine düşünmändi. Özündenem bilmedi.

Ara wagtyň düşmegi bilen urşuň ýüreklere salan yzasy kem-kem köşeşdi. Geçen ýyllar otuz alty ýaşynda ýalňyz galan, şondan bärem gün yrman uruş bilen söweşip oturan Gültäç ejä-de täsirini ýetirdi. Bir günem ol töweregine seredip, özüniň bu içerde, dogrudanam, ýekedigini, «agaç ata» münen güni Hümmediňem gapysynyň ýapyljakdygyny açykdan-açyk duýdy. «Hä, çyn eken-ow!» diýdi. Ýüwürjisi Gulkişini ýatlady. Hümmediň öýüniň indiki ykbaly barada onuň bilen gürleşesi geldi. «Dogandyr. Tüweleme, şahasy köp. Bir goluny şuňa taşlasa bor durubiýr» diýip, öz ýanyndan göwün ýüwürtdi. Şu zatlary özünden bilip edäýmändigi üçin Gulkişiden kine etdi. Haýal etmänem Gulkişä habar etdirdi. Şondan kän wagt geçmän, Gulkişi, ýanyna körpeje agtyjagyny alyp, oba geldi.

«Gültäç eje, ýüwürjiň geldi!» diýen sese iki büklem halyna düwdenekläp gapydan çykan kempir, gözüniň üstüne ellerini gezek-gezegine kölegeledip: «Hany, hany, haýsy?» diýip, işikde duranlaryň hersiniň ýüzüne bir çiňerilip çykdy. Duranlaryň içinden saýlanyp, özüne salam beren sypaýy geýnüwli, çal saçly hortaň kişiniň ýüzüne serede-serede, dertli başyny ýaýkap, kemiş-kemiş etdi. Ysgynsyz, inçejik gollaryny ýüwürjisine tarap uzatdy. Görüşdi. Sykylan göwresini göterip bilmän, syrylyp aşak çökdi. Hasasyny öňüne kese ýatyryp aglady.

Aglady diýiläýýär-dä, o görgülilerde aglara gözýaş galdymy?! Baryp-ha uruş ýyllary bulagy guramadymy näme olaryň?! Gözlerini süpürip, burunlaryny çekseler, agladyklary şol. Gültäç eje-de, ýöne bir gysym bolup, sessiz-sedasyz çiginlerini silkip oturyşyna Gulkişä bir zatlar diýjek boldy, öýlerini, malyny-başyny soraşjak boldy. Emma bolmady. Şo-ol, horja ellerini iki ýana serdi oturdy.

Gulkişi ertirden bäri elinden tutup duran agtygyny getirip, ýeňňesiniň dyzynyň üstünde oturtdy. Gültäç eje: «Wiý, Gulkişi, bu seň agtyjagyňmydy asyl?» diýip sorabam bilmedi. Oglanjygyň ýakymly ysy, possujak ýaňaklary, ýumşajyk saçy ömürboýy çaga ysyna zar bolan kembagt zenanyň lagşan göwresine gurp berdi. Özüni dürsedi. Elini donunyň ýeňine sokdy-da, kagyzly kemput çykaryp, çaga tutdurdy. Şondan soň dili zybana geldi. Duran ýerinden elini öýüne tarap ülňedi.

— Gir, Gulkişi! Ataň ýurdy, agaň ojagy abat durandyr. Gelende eli sowuk kesege degmesin diýip, içiniň odunam öçüremok. — Ol ýene-de çaga seretdi. — Şu seniň agtygyňmy, Gulkişi? Büý-ä Hümmede meňzäpjik dur. Ady näme köşejigimiň?

— Hümmet.

Gültäç eje bir turjak ýaly etdi-de, ýene-de çökdi oturyberdi. Atasyna gitjek bolup hyýallanan çagany bagryna basdy.

— Hümmet diýdiňmi? Şeý diýdiň dämi? Şu Hümmetmi? Wah, adyňdan aýlanaýyn, köşejigim! — Horja eller ýene-de titredi. Sandyrady. Çiginler silkindi. Ýygyrt-ýygyrt ýüzüň üstündäki agyz, göz, gaş, hemmesi bile burnuň töweregine üç-dört gezek üýşüp-çaşdy. (Şo-da bir agladygy şonuň). Şondan soň ol oturan ýerinden galman, töwerekde duranlara ýüzlendi. — Göwnüme, Hümmet geläýjek ýaly boldy durdy welin, bir zady süňňüm syzan ekeni. Wiý, giriň-ä öýe! Hany, ýörüň! Näme daşarda dursuňyz? Hemmäňizem öýe giriň! Gyýw, Mämmetjuma, «Şu gün Hümmediň öýünde toý bar» diý-de, oba habar et! «Hümmediň inisi gelipdir» diý. Hany, ýörüň. Giriň öýe. Ýa Alla, adyňdan aýlanaýyn!

Mämmetjuma diýlip ady tutulan ýaşuly uly dabara bilen gaýşarylyp töweregindäkilere ýüzlendi.

— A-haw, jemagat! Şu gün Hümmet Şanepes oglunyň öýünde toý bar. Inisi gelipdir. Hemmelere-de eşitdiriň! Baryň, bäş-üç sanyň oba arasyna çakylyga gidiň! Sähetdurdy, sen çekenäň üstüne dep. Meňkidenem birini alyp gaýt!

Bu obada «Hümmediň öýi» diýseň, «Haýsy Hümmet?» diýjek bolmaz. Hümmet indi kyrk ýyl bäri şu obada ýogam bolsa, öý-işigi, maşgalasy, maly-garasy bar. Gültäç eje hiç kime «Gültäjiň öýi» ýa «Gültäjiň towugy» diýdirenok. «Hümmet agalar» diýdirýär. Şeý diýmeseler gaty görýär. Şonuň üçinem ýaňky ýaşulynyň «Hümmetlere geliň!» diýenine Gültäç eje monça bolup başyny atdy. Edil elinden çekilen ýaly, laňňa ýerinden galdy. Kimdir birinden (uruşdan bolsa gerek) telim ýylky köýüp ýatan aryny alan ýaly, ajymtyk ýylgyrdy.

Şol gün Gültäç ejeleriň, ýok, Hümmet agalaryň öýünde hakyky toý boldy. Mämmetjuma agadan başga-da işikde söwüşlik mal daňan kän boldy. «Ýigit hatyraly bolsa bir başga-da» diýip, Gültäç eje muňa-da bolubilenini boldy. Ýüwürjisiniň ýanynda burçak-burçak derläp çaý içip oturyşyna işigindäki märekä göz aýlap, göwnünde gum basyp ýatan köne armanyny daşyna çykardy:

— Zeýrenýä diýme, Gulkişi. Hyzmata zar boldum. Käte-käte oturyp-turup, gol doly märekä hyzmat edesim gelerdi. «Meniňem öýümde üýşmeleň bolmazmyka?!» diýip, uzynly gijeleri arzuw edip geçirerdim. Zenany hyzmatdan kesseň, erbet bor ekeni. Ýöne näme, öýüňde erkek bolmasa bolaýýamy o zatlar? «Mydama öýüm adamdan doly, nätjegimi bilemok» diýip, adamsyndan nadyl bolýan zenanlaram bar oba arasynda. Men aýdýan: «Öýüňde direnip duran erkegiň bolsa, girim-çykymyň köp bolsa, hiý, oňa ýetesem bir zat bormy?!» diýýän. «Şoňa şükür ediň» diýýän. Üstüňden döwran sowulmasyn, Gulkişi. Bir sowulsa, gaýdyp gelmesi kyn ekeni. — Ol çaýyny içip boldy-da, ellerini ýere diräp ýerinden galdy. — Ýa, Alla! Şu gün bir myhmanlara özüm hyzmat edeýin. Ýör, köşek, saňa böwrek äbereýin. A-ýuw, Sähetdurdy, şu çagajygyma bir täzeje böwrek bersene! — Gültäç eje nirä gitse, Hümmetjigem ýanyndan goýmady. Şol elinden tutup aýlandy ýördi. Gelene-gidene-de görkezdi. Guwandy.

— Ine, Gulkişiň agtyjagy şü. Hümmet şü. Hümmede meňzäbem durandyr. Öýdäki suraty bilen deňe-de göräý. Meňzemän nirä gitsin bi?! Hümmediň jan ýalyjak inisiniň balasyndan bolan bolsa. Ýör, oglum, Hümmet! — Ol aýlanyp-öwrülip, garşy-garşy Gulkişiniň ýanyna geldi. Gaýta-gaýta ýagdaýlaryny soraşdyrdy.

— Oturan ýerimde guwanyp ýörün daşyňdan. Bir gezek tilewizirde gördük. Biljegem däl, goňşularyň biri gelip aýdaýdy. Şonda golaýyňa baryp: «Gulkişi, näme menden habar tutaňok? Men-ä baryp bilemok, sen nä geleňok?» diýýän welin, göwnüň bir ýaly, başga biri bilen orsça gepleşip otyrsyň. Şoňa-da hapa bolup oturdym men-ä onsoň.

Olar myhmanlar dargaşansoňam gürrüň edip köp oturdylar.

— Häk, sen şu derejäňi Hümmedem gören bolsady, özüňden beter begenerdi. Men-ä, ýaňky aýdyşym ýaly, daşyňdan guwanyp otyryn. Käwagtam sen gersiň diýip, ojaga odunjyk oklaýan. Geljegiň-ä bilýän welin, ýöne Hümmet bilen gersiň diýib-ä ýadymda-oýumda-da ýok. Ýöne ýüregim syzýady — Ol birden böwrüni diňledi-de, Gulkişiniň ýüzüne-de seretmän, pessaý-pessaý gürläp başlady. — Seni näme üçin çagyrandygymy bilýäňmi, Gulkişi?

Gulkişi eginlerini ýygyrdy. Ýylgyran boldy. Näme üçin çagyrylandygyny bilesi gelip içini it ýyrtyp barýan hem bolsa, ýeňňesiniň öz dillenerine garaşdy. Gültäç eje edil çaga ýaly kemşerdi.

— Şu öýe şunça eýelik etjek boldum welin, meňki bir herdemhyýal ekeni, Gulkişi! Bu öýüň hakyky eýesi men däl ekenim. Men bir garawul ekenim. — Ýene-de horja eller titredi, çiginler silkindi. Birsalym hiç kimden ses çykmady. — Şu ojagyň hakyky eýesi sen. Seniň agaň bosagasy şü. Ataň pahyryň bosagasy. — Garry hopukdy. Tisginip-tisginip dem aldy. — Men gidemsoň şu gapy ýapyk bir durmasyn. Şunuň bir alajyny et. Mende-hä alaç galmady. Gutardy. Utuldym. Galanam saňa bagly. Ine, meniň-ä uzak ýoldan çagyrdyp saňa bar aýtjagym şü, Gulkişi!

Ýeňňesiniň gaşynda gara dere gark bolup oturyşyna, Gulkişi, ençeme ýyl bäri bir pukara ýigidiň garyp çatmasyny saklap oturan bu beýik zenany nämä deňejegini bilmedi. Onuň boýnundan haýsy lagly, haýsy göwheri, haýsy düri asjagyny bilmedi. Haýsy birini assa-da, kem bolaýjak ýaly göründi. Beýle yhlasy diňe yhlas bilen ödäp bolýar. Professor häzir bu muşt ýalyjak bolup oturan zenanyň öňünde girere deşik gözledi. Gültäç eje bolsa şol birsyhly gürledi oturdy:

— Gulkişi, sen gaýrat et-de, şu ojaga bir eýe bol. Gyrgynçylyk getiren urşuň başyma salanlaryna boýun-a bolmadym welin, näme, janam bir tende amanat-da. Onam tabşyrmaly. «Haçan getirkä?» diýip, ýoluma gözläp oturandyrlar. Ine, birden men ýola düşäýsem, ojaga ot saljag-a ýok. Menden soň bu gapy ýapylsa, sen günäkärsiň. Nätmelidigini özüň bil. Tüweleme, şahaň barly. Miwäň köp. Oýlan. O dünýe-bu dünýe senden ýalňyz haýyşym şu: «Hümmediň ýurdy göçüpdir» diýdirme. Men-ä diýdirmedim. Oba adamlarynyň hemmesem hernä: «Hümmedi düýşümizde görsek, ýüzi-gözi açyk, gaty sagdyn görünýä» diýýäler. «Gyr atly gördük» diýýänem bar. Menem aýdýan: «Atly görünmän näme, yzy abad-a oň. Ine, öýünde ertir-agşam ot ýanyp dur, atly-abraýly inisi bar» diýýän.

Gulkişi ýerine geçip ýatansoňam, ýeňňesiniň öz öňünde goýan çylşyrymly meselesinden baş çykaryp bilmedi. Bu ýere gaýdanda beýle-beýle zatlar ýadyna-oýuna düşmese näme. Ýyllary tüýdüp-tüýdüp ylma berip, alym bolup, durmuşyň pelsepesini öwrense-de, kän zatlara akyl ýetirse-de, ýeňňesiniň pelsepesine welin, akyl ýetirip bilmedi. «Hümmediň yzy ýitmesin!» Ine, Gültäç ejäniň iň beýik pelsepesi. Onuň üçin şondan beýik ylym, şondan uly wezipe ýok.

Gulkişiniň gözüniň öňüne Hümmet ikisiniň çagalykda hor-homsy, aç-suwsuz idenekleşip ýörüşleri, güzaply günleri geldi. Gyýyldy. Ýüreginiň töründe henize-bu güne çenli saklanyp galan doganlyk mähri ýadaw ýüregini mylaýymlyk bilen owkalap goýberdi. Bedeni gowşap, uky basmarlady. Ol düýşünde-de agasyny gördi. Hümmet neresse bir ýerlerden-ä haýdap gelýärmişin. Özem gara öýüň arkasynda yklap oturan Gulkişiniň başyny sypalap: «Jigim, ajygýan-a dälsiň?» diýip, ýantorbasyna elini sokýarmyşyn. Çykaranda-da elindäki nan däl-de, kiçijik guşmuşyn. O-da Hümmet aýasyny açandan uçýar-da ötägidýär. Hümmet neresse: «Bar, jigim, şony tutup gelsene, nan taparys» diýýär welin, Gulkişi asyl gozgananogam. Otyr, sortdurylyp.

Gulkişi derrew oýandy. Ýeňňesiniň henizem uklap ýatan Hümmetjigiň başyny sypalap oturanyny görüp:

— Ýeňňe, henizem uklaňokmy? — diýip, çalaja ýylgyrdy. Dikeldi.

— Wah, uruş turaly bäri uklamasam näme. — Garry üýtgeşik bir zat aýdandyrynam öýtmedi. — Sen bir ýat, Gulkişi! Ýolam ýadadandyr. Men-ä Hümmet jan aglap oýanaýmazmyka diýip otyryn. Bir aglap tursa, menem höre-köşe etsem. Meýdana çykarsam, ysgap ysyndan gansam. — Göz öňünde gaýmalap ýören ganym urşuň gözüne gazap bilen sereden zenanyň horja elleri ýene-de titredi. Çiginleri silkindi. Gözýaşa ezilen keçäniň birwagtlarky şorumtyk ysy ýene-de Gulkişiniň gaňşyrawugyny tütedip gitdi. Özüni çaga mährinden mahrum edip, ömrüni bir öýde sopbaş özi sermenip geçiren ýeňňesiniň, awyny eline salan bürgüt deýin, amanat çaganyň üstünde ganat gerip oturyşy ýüregini para-para etdi. Ogullaryndan birini şu öýe ýurt eýesi edip beräýmeli ekendigini ol indi bildi. Ertir ýeňňesine näme jogap berjekdigi hakynda, durmuşyň salkyn jaýda oturyp okalýan leksiýalardan has çylşyrymlydygy hakda oýlandy. Gyssandy. Ur-tut näme jogap beräýjegini welin bilmedi. Bu soragy bir özüniň çözüp bilmejegine-de göz ýetirdi. «Ýeňňem-ä: «Urşuň salan towky-näledini boýnumyza almaly, agaň yzyny ýitirmäli» diýýär. Men bolsam oňa näme jogap berjegimem bilemok. «Boýnuňa almanyň bolýamy, jan ýeňňe» diýibem bilemok. Ynamyny syndyrasym gelenok».

Şol wagt Hümmetjik, edil Gültäç ejäniň höwes edişi ýaly, aglap oýandy. Peje ot salyp oturan Gültäç eje: «Wah, sesjagazyňa döneýin» diýdi-de, çaganyň ýanyna bardy. Goltugyndan tutup dik oturdy. Ýüzünden, gözünden ogşady. Suw içirdi. Daşarygam äkidip getirdi. Şondan soň çagany alyp, törki jaýa geçdi. Eýjejik, possujak çagany gujagyna gysyp heziller edip ýatdy. Özem kimdir biriniň çagasyny däl-de, hut öz adamsy Hümmediň jan ýaly inisi Gulkişiniň agtygyny gujagyna alyp ýatdy. Garry göwün howalanyp alyslara gitdi. Turup-turup çaganyň ýüzüne seretdi. Şu çagany ýany bilen getirendigi üçin Gulkişiden müňdebir razy boldy. Ähli öýkesini bir demde unutdy.

«Ýene-de ýekeje gezek aglap turaýbilse ýagşydyr» diýip dileg etdi. Ogul bilen äriň arasynda ýaýnap gezen bagtyýar çaglaryny ýatlady. «Kakamyrat jan gezip ýören bolsa, şu wagt kyrk bäş dagy ýaşardy» diýip pyşyrdady. Birdenem laňňa tirsegine galdy-da, ukuda meýmiräp ýatan Hümmetjigiň eziz balasy, mähriban perzendi, ýürek ýagy Kakamyrat jan bilen bir almany iki bölen ýaly meňzeşdigine haýran galyp seretdi. Seretdigisaýam göwni söýünip, hamala biri getirägede, hut Kakamyrat jany goltugyna salyp giden ýaly, bu durmuşda hiç zat ýitirmedik ýaly, çöken ýüregi galkyjaklap başlady. Gurplandy. Ganatlandy. Şunça ýyllap dulunda ýatan, indem gugaryp galmaly öýüň içinde peýda bolan ýaş nahaly görüp, ýeňsesini tüňňerdip gapydan çykyp barýan urşuň yzyndan goşa ýumrugyny düwüp haýbat atdy: «Hä-ä, utuldyňmy? Basyldyňmy menden, ganym mekgar?!» diýip gygyrdy. Onuň öýkeläp çykyp gidenini Gulkişä buşlamak üçin hasanaklap baryp, daşky jaýyň gapysyndan boýnuny uzatdy. Ýüwürjisiniň uklap ýatanyny görüp, turuzmaga dözmedi. Şondan soň onuň süňňi ýeňledi. Göwni ynjaldy. Çep goluny Hümmetjigiň kellesiniň aşagyna goýdy-da, sag eliniň barmaklaryny çaganyň ýüpek ýaly ygyp duran şar gara saçlarynyň arasyna sokdy. Çaganyň hoşroý ysyna gark bolubam süýji uka gitdi.

Gulkişi ertesi ir oýandy. Turup içki jaýyň gapysyndan boýnuny uzatdy. Hümmetjik atasynyň uzyn gije uç tapman çykan çolaşyk pikirleriniň çözgüdi ýaly bolup, Gültäç ejäni mäkäm gujaklap, birenaýy derläpjik ýatyrdy. Gültäç eje bolsa uruş ýyllaryndan bäri almadyk ukusyny hut şu gün almagy ýüregine düwen dek, henizem agzyny açyp, çuňňur-çuňňur dem alyp, ukynyň ýat bolan lezzetine melul bolup ýatyrdy. Gulkişi üýtgeşik bir heýkeli synlaýan ýaly, ýeňňesine şo-ol seretdi oturdy. Hümmetjigiň ýatyşy bolsa garrynyň ömürboýy edip gelen arassa yhlasynyň elinjek miwesi ýaly bolup göründi.

Adamzadyň başyndan agyr külpetleri salan uruş ýene-de ýeňildi.

Juma HUDAÝGULYÝEW,
ýazyjy.
image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle