Oglumyň haty (Hekaýa)

Loň IŇTAÝ,
 hytaý ýazyjysy
Andelýeden elektron salgyma hat gelmegi meniň üçin örän garaşylmadyk waka boldy. Bu oglan pula mätäç bolsa-da, ejesine hiç haçan ýüz tutman öz başyny özi çaraýardy. Dogry, onuň bu häsiýeti beýle bir ýaramazam däldi. Häzirki döwürde on sekiz-ýigrimi ýaşyndaky ýaşlar diýseň kän. Ýokary tehnologiýa başga yklymda gezip ýa-da okap ýören çagaň «didaryny görmäge» mümkinçilik berýär, meselem, ýarygije iş ýeriňde galyp güýmenýän wagtyň birden «dy-y-yk» sesi çykýar welin, ogluň ýa-da gyzyň internetde aragatnaşyga çykandygyny bilýärsiň. Başgaça aýdaňda, edil radaryň ekranynyň görkezişi ýaly, çagaň ýeriň haýsy künjeginiň haýsy nokadyndadygy görünýär. Ýa-da gije uçarda otyrkaň birden deňizde ýüzüp barýan gaýyjagyň çyrasyny ap-aýdyň görşüň ýaly. Elbetde, ekrandaky nokatjyk senden on müň li ( Li — hytaýlylaryň ulanýan 0,5 kilometre barabar bolan ölçeg birligi.) uzaklykda bolsa-da, ol bagryňdan önen mähriban çagaň şol ýerdedigini görkezýär hem ýüregiňi rahatlandyrýar.
Ýöne ýeser ýeri, şol ýokary tehnologiýa diýip ýerde-gökde goýman mahabatlandyrýanymyz olara tekepbirligiň çykalgasyny-da tapyp berdi. Eger islese, çagaň ýekeje düwmä basyp, seni «daşlaşdyryp», özüniň nirededigini saňa görünmez ýaly, «dy-y-yk» sesi asyl-ha çykmaz ýaly edýär, şol kiçijik nokatjygy ýüregiňdäki mähir radarynda görünmez ýaly gizleýär.
Bir gezek ýakyn joram maňa: «Web kamera bereýin, ogluňy şonuň üsti bilen görüp bilersiň» diýdi. Men ondan: «Sen oýun edýäňmi?» diýip soradym. Ýeri, haýsy çaga kompýuterine özüni yzarlaýan enjam çatyp, müň li uzaklykdaky ejesine aňtatsyn? Bular ýaly zady diňe hyýalbent aşyk-magşuklar ulanýar, eneli-ogluň arasynda web kamera ýörgünli däl ahyryn.
Men Andelýeden garşy-garşy:
— Näme üçin sen maňa hat ugradaňok? — diýip soraýaryn.
Ol welin göwnübir ýaly:
— Eje, işim köp — diýip, şol bir bahanasyny gaýtalaýar.
Şeýlelikde, Andelýeniň elektron poçtasyny açdym. Onuň bir ýerinde-de ýazylan jümlä gabat gelmedim, diňe bir internet sahypa açyldy, ondan «meniň sahypam» diýlip atlandyrylan ýekeje suratjyk çykdy. Ol eýýäm dört müň gezek görlen eken. Mowzugyna bolsa: «Ejem bilen adaty gürrüňim» diýlipdir. Munuň awtory ejesi bilen gürrüňdeşligini has aýdyň şekillendirmek maksady bilen, sözleriň gapdalynda karikaturajyklaram ulanypdyr:
«Bir gezek ejemi görmäge bardym. Aşhanada bile otyrkak ol:
— Men balyk gowurdym. Sen ony halaýan-
syň-a? — diýip sorady.
Men:
— Eje, men balygy gowy göremok — diýdim.
Ol:
— Sen balygy gowy göreňokmy?
Men:
— Eje, men balygy gowy göremok.
— Bu tunes ahyryn…
— Sag bol, eje, ýöne men balygy halamok.
— Men seldereý goşdum-a.
— Men balygy halamok.
— Balyk saglygyňa peýdaly ahbetin.
— Bilýän, ýöne men balyk iýmegi halamok.
— Sagdyn adamlar balygy köp iýýärler.
— Bilýän, emma men balyk iýmegi halamok.
— Uzak ýaşaýan adamlar balygy towuk etinden has köp iýýärler.
— Şeýledir, eje, emma men balyk iýmegi halamok.
— Men günde balyk iýmeli diýemok, ony köp iýseňem gowy däl, balygyň köpüsiniň içinde simap bar.
— Şeýledir welin, eje, bu meselä men kellämi agyrdamok, sebäbi, barybir, men balygy iýemok.
— Ähli ösen ýurtlaryň ilaty balygy esasy nahar hasaplaýarlar.
— Bilýän, emma men balygy iýemok.
— Sen bedeniň simap möçberini barladyp gördüňmi?
— Ýok, eje, sebäbi men balyk iýemog-a.
— Ýöne simap diňe balygyň içinde däl-ä.
— Bilýän, men, barybir, balyk iýemok.
— Hakykatdanam iýeňokmy?
— Hakykatdanam iýemok.
— Tunesem iýeňokmy?
— Hawa, tunesem iýemok.
— Sen seldereý bilen bişirilen tunesi dadyp gördüňmi?
— Ýok.
— Dadyp görmedik bolsaň ony halamajagyňy näbilýäň?
— Eje, men hakykatdanam balyk iýmegi halamok.
— Ýöne dadyp göräý.
Şeýlelikde, men ony iýmeli boldum, ýöne dadyp goýdum. Şonda ejem:
— Nähili, tagamlymy? — diýip sorady.
— Eje, halamok, çyndanam balyk iýmegi halamok.
— Onda indiki gezek gyzyl balygy iýip gör. Seniň kän iýmedigiňem gowy zat, barybir, biz häzir restorana gitmeli.
— Bolýa, onda gidibereli.
— Sen galyňrak geýinjek dälmi?
— Daşary beýle bir sowuk däl.
— Sen egniňe keltekçe geýäý.
— Daşarda sowuk ýog-a.
— Sen gowuja pikirlen. Men bolsa keltekçe geýeýin.
— Geýiber, ýöne daşary, hakykatdanam, üşedip baranok.
— Men saňa haýsy keltekçe alyp bereýin?
— Edil şu wagt çykyp gördüm, eje, daşarda asla sowuk ýok.
— Wah, bolýa-da. Garaş entek, daşary salkynlar. Sen beýle kesirlik edýäň welin, görde duraý, doňarsyň.
Şeýdip biz ugradyk. Restorana barsak içi myhmandan doly eken, iýip-içjek bolsaň uzyn nobata durup garaşmalydy. Şonda ejem:
— Biz ýogsa-da deňiz jandarlaryndan nahar taýýarlanýan restorana gidäýeli — diýdi».
Eýsem, bu elektron hat Andelýeniň maňa Eneler gününe beren sowgadymyka?
