Obada (Hekaýa)

Obada (Hekaýa)

Iwan Bunin,
rus ýazyjysy

I

Çaga wagtlarym göwnüme hemişe Roždestwo baýramçylygy bilen bilelikde bahar pasly hem başlanýan ýaly bolup durdy. Men: «Dekabr — ine, bu hakyky gyş» diýip pikir edýärdim. Dekabrda howa köplenç gazaply, ümürli bolýar. Daň haýallyk bilen agaryp, şäher çalymtyk, aýazly ümre çümýär, agaçlar galyň gögümtil gyraw bilen örtülip, bütin günüň dowamynda Gün çykmaýar, diňe giç öýlänler günbatar tarapdaky goýy tümlügiň aňyrsyndan görünýän tutuksy, gyzylymtyl şapak onuň bardygyny duýdurýar… Hawa, bu hakyky gyş ahyry!

Güneşli günlere sabyrsyzlyk bilen garaşýardym. Haçan-da dekabr aýynyň ahyrlarynda ir bilen gimnaziýa tarap haýdap barýarkam, dükanlaryň aýnasyndan baýramçylyk arçalarynyň bezegi üçin taýýarlanyp goýlan ýüzlerçe oýnawaçlary we bezeg esbaplaryny, bazarlarda üsti baýramçylyk üçin çapylyp getirilen ýaşajyk arçalardan doly arabalary, etçileriň hatarynda doňuzdyr jojuklaryň, guşlaryň şol durşuna doňdurylan läşleriniň dag ýaly üýşüp ýatanyny görenimde, men şatlykdan ýaňa durup bilmän, öz-özüme şeýle diýýärdim:

— Ine, indi-hä baýramçylyk daşda däl! Bahym hakyky gyş gutarar-da, ýaz pasly başlanar. Men tutuş iki hepdeläp oba giderin-de, bahary şol ýerde garşylaryn.

Meniň göwnüme, ýazyň başlanýandygyny diňe obada duýup bolýan ýalydy. Hakyky güneşli, ýagty günler diňe obada bolýandyr öýdýärdim. Dogrudan hem, şäherde biz Günüň bardygyny hem unudýan ýalydyk, asmany seýrek görýärdik, köplenç, atlarydyr mahabat ýazgylaryny hem-de jaýlaryň diwarlaryny görüp oňmaly bolýardyk.

Ine, ahyrsoňy köpden bäri arzuwlap ýören günüm hem ýetip geldi. Gijara birden jaýymyzyň jaňy jyňňyrdady. Men atylyp eýwana çykdym-da, egni samyr derisinden tikilen gaba possunly uzyn adam bilen pete-pet boldum. Onuň possunynyň ýakasy we kellesindäki telpegi gyrawlap durdy.

— Kaka jan! — diýip, men şatlykdan ýaňa gygyrdym.

— Gaç, gaç, men buz ýalydyryn — diýip, kakam begençli seslendi, dogrudanam, ondan garyň we sergin gyş howasynyň ýakymly ysy kükeýärdi.

Bütin agşam men kakamyň ýanyndan aýrylmadym. Ony hiç wagt şu agşamlardaky ýaly gyzgyn söýmeýärdim, hiç wagt şol agşamlardaky ýaly şeýle rahat uklamaýardym.

Men ertir oba gitjekdigim hakyndaky süýji pikirleriň gujagynda hüwdülenip, uklap galýardym. Hakykatdan hem, oba gitmek diýseň hezillikdi ahyry! Otly gar basan düz meýdanlardan myçyp barýar, ýaňy dogan Günüň şöhleleri wagony ýagtyldýar. Ap-ak dumanlar topbak-topbak bolup, zybyrdaşyp aýnanyň öňünden geçýärler-de, emaý bilen ýoluň ýakasyndaky garyň üstüne düşelýär, wagonlaryň içinde bolsa olaryň ullakan kölegeleri at salýar. Gün şöhlesi birden tutuksylanyp, birden hem sary ýakut kimin aýnany böwsüp geçýär… Hatda wagonlaryň şeýle köp adamlydygy, dar hem alagohdugy-da diňe göwnüňi göterýärdi.

Ine-de iňläp ýatan beýewanlykda oturan çolaja tanyş otly menzili. Otlynyň şakyrdysy galansoň, çöle ümsümlik aralaşýar. Gar arabasynyň agajyna ýeňsäňi goýup, gözüňi ýumarsyň, onsoň diňe yranjyrap, araba goşulan atlaryň jaňynyň jyňňyrdysyna hem-de ýoluň oý ýerlerinden geçýän arabanyň jygyldysyna diň salarsyň. Araba goşulan üç atyň ortakysy ýorgalap barýar, gapdalky, bykynlary çekgin iki at burunlaryny parryldadyp öňürdikleýärdi. At toýnaklarynyň astyndan zyňylýan gar tokgalary arabanyň öňagajyna urulýar, arabakeşiň uzyn gamçysy ýylan dek towlanyp, dik depäňde sykylyk atýar. Gaňrylyp yzyňa seretseň, ýoluň gara zolagy arabanyň astyndan zymdyrylyp çykyp, ýaýlyp ýatan garly meýdana tarap ylgap barýan ýalydy…

Soňra gar syrgynynyň ýasan depeleriniň arasy bilen, agyr gar örküçleri üstüňe abanyp duran kertleriň gyrasyndan ýöräp geçýäris. Gar gerişleriniň ýokarsy iç tarapa eglip, äpet balykgulaga çalym edýärdi. Olaryň tämiz, sowuk sudury asmanyň aýtymynda mese-mälim bolup durdy, asman garamtyl-gök bolup görünýär. Gapdalky atlar täsin oýnaklap gidip baryşlaryna, dodaklary bilen gar garbaýardylar…

— Çüw, çüw! — arabakeş haýbat bilen gygyryp, gamçysyny bulaýlaýar — araba ýene öňe atylýar, birsydyrgyn çaýkanýan egremçeden asylan jaň çasly jyňňyrdap başlaýar…

Gyşyň gysga güni ahyrlap, günbatary melewşe bulutlar gurşady, Gün bulutlaryň aňyrsyna dulanyp, ümsüm gyş agşamy başlady. Gögümtil öwsüp ýatan garyň üstüni gijäniň aýazly tümlügi örtdi. Gar basan ýol uzaklarda gijäniň tümlügine çümüp gidýär, çöle ses-selemsiz ümsümlik aralaşýar. Diňe arabanyň jygyldysy eşidilýär, jaň jyňňyrdaýar, atlar haýallyk bilen ädimläp barýar. Jikjikiler edil atlaryň burunlarynyň öňünden ýoly kesip, sessiz uçup geçýärler. Çatryklaryň birinde bize tirkeşen daýhanyň pessejik hem garynlak, büdür-südür tumşugyny gyraw basan ýabysy arabamyzyň yzy bilen ýorgalap gelýärdi, onuň endigan demi ýeňsäme urýardy.

— Üstümize münüp gelme! — diýip, biziň arabakeşimiz aram-aram çölüň ümsümligini bozýardy.

Daýhanam birzatlar diýip gygyrýardy, ol ýoluň belendräk ýerlerinde böküp düşýärdi-de, soňra ylgap barşyna özüni ýanynlygyna ýene odun arabasynyň üstüne atýardy.

Daş-töwerek barha garaňkyraýardy, biz tanyş obamyza gijäniň bir wagty baryp ýetdik. Gije tüm garaňky bolsa-da, ýyldyzly gijedi; uşajyk ýyldyzlar inçejik mawy şöhle saçýardy, iri ýyldyzlar bolsa dürli öwüşginli daş ýaly lowurdaýardy. Obanyň garalyp oturan külbeleriniň iki-ýekesinde henizem yşyk görünýär… Tämiz, aýazly howada derwezeleriň jygyldysydyr it sesleri ýaňlanýar…

Ahyrsoňy öýleriň biriniň öňüne baryp duranymyzdan soňra kalbym rahatlanyp ynjaldy.

II

— Ýöne ýaz nirede? — diýip soramagyňyz ahmal.

Eýsem, biziň oba gelen şu güneşli, şatlykly günümiziň bütin dowamynda kalbymyz bahar hezilliginden pürepür dälmidi? Eýsem, men ertesi kiçijik otagda ukudan oýanamda gözlerimi ýazyň joşgunly duýgulary bilen açmaýarmydym?

Ertirlerine biziň gadymy öýümiziň ullakan otagynda elmydama mawumtyl alagaraňkylyk höküm sürýärdi. Bu öýümiziň daş-töwereginiň baglyk bolup, gijeki aýazyň penjire aýnalaryny tutuşlygyna kümüşsöw nagyşlar bilen bezeýändigi üçin şeýle bolýar. Men heniz ertirlik çaý-çöregimize başlamankak, ähli otaga aýlanyp çykmaga hem-de penjirelerdäki nagyşlary synlamaga, hatda lyžalaryň saklanýan samanhanasyny görüp gaýtmaga hem ýetişýärdim.

— Kaka, men biraz typyp oýnaýyn-la! — diýip, ertirlik çaý-çöregimizi gutaran badymyza çekinjeňlik bilen kakama ýüzlenýärin.

Kakam maňa üns bilen seredip, ýylgyryp jogap berýär:

— Ah, sen, garagol! Hakyky wogulyň ( Wogul — Russiýa Federasiýasynyň Hanty-Mansiý awtonom okrugynda ýaşaýan halkyýet. Olar bu ýerde sugundarçylyk bilen meşgullanýandyklary üçin mysal getirilýär (terj. bel.).) bar-da! Heniz sowuk ahyry, burnuňy sowuk aldyrsyň.

— Men birje minut çykyp geljek…

— Bar, beýle bolsa, eň!

— Men wogul, men wogul — diýip, men şatlygymdan ýaňa towsaklaýaryn hem-de gyssanmaçlyk bilen geýinýärin.

Daşary çykan badyňa kesip gelýän aýazly howa seni gujagyna gysýar. Baglaryň aňyrsynda henizem şapak öwşün atýar. Gün köz ýaly gyzaryp, gar basan meýdanyň aňyrsyndan ýaňy dogan hem bolsa, obanyň tutuş keşbi eýýäm demirgazyk säheriniň ýagty, näzik hem dury reňkine boýalypdy. Ap-ak üçekleriň ýokarsyndaky çalymtyl tüsseler ikibaka yraň atyp, haýallyk bilen dargaşýarlar. Baglar kümüşsöw gyrawa beslenipdir… Maňa, ine, şu ýer gerekdi. Onsoň men lyžalary dakynyp, daşymy gallap duran aw itleri bilen bilelikde bagyň jümmüşine — başyň bilen gara çümüp bolýan ýere howlugýaryn.

— Men wogul! — diýip, mahmal ýaly garyň üsti bilen bagyň töründäki howza garşy eňip barşyma itlere gygyrýaryn.

Ol ýerdäki gojaman söwütlere düşen çyg tä günortana çenli durýardy. Söwütleri silkeläp, ýüz-gözüňe dökülýän sowuk damjalary duýmak diýseň hezildi. Işçileriň howzuň ýüzündäki buzy döwüp, äpet buz harsaňlaryny daşyna çykaryşlaryny synlamak has hem gyzyklydy. Olar Gün şöhlesine göýä dagdan goparylan billur bölekleri deýin ýaşyl hem gök öwüşginler bilen ýaldyraşýardylar…

Güneşli gün günortanlar howa maýlaýardy. Üçeklerden damjalar damyp ugraýar. Obanyň öri meýdanyna barýan ýoldaky oýtak ýerleriň doňan gyralary pil süňki dek ýalpyldaýardy.

«Ýaz, ýaz ýetip gelýär!» — diýip, Gün şöhlesine gamaşan gözleriňi ýumjukladyp pikirlenýärsiň.

Bütin günüň dowamynda öýe giresiň gelmeýärdi. Hemme zada göhüň gelýär. Howla aýlansaň, nowalaryň ýanynda kämahal bir uludan dem alyp, hiç zady piňine alman myşlap ýatan sygyrlary, gyşyna horugan ýabylary, bir-birine gysmyljyraşyp duran dowarlary görersiň. Döwek ýerine tarap gitseň, ýol ugrunda gyrymsy agaçlaryň arasynda jürküldeşýän, birden hem topbagy bilen güsürdeşip asmana göterilýän hem-de baryp saraýyň üçegine gonýan serçe sürüsine duşarsyň. Bularyň hemmesi göwnüňi göterýärdi… Döwek ýerinde, ümsümlik wagtlary gar basan desseleriň, saman depeleriniň arasy hasam hoş ýakýar. Syçandyr garyň ysy burnuňa urup duran samanyň üstünde Güne çoýunmagyň lezzeti aýdyp-diýer ýaly däldi.

Baýramçylyk gününiň bütin dowamynda güneşli günüň keýpiçaglygy hem-de bahar paslynyň ýakynlap gelýändigi hakyndaky hoşnut ediji arzuw-hyýallar meni terk etmeýärdi. Sapaklarymy, hatda lyžalary hem unudyp, Gün şöhlesi bolluk bilen düşýän ýagty dälizde uzakdaky, eýýäm ýazdaky ýaly ýüzi gyrpaklap duran garly meýdany synlap, ep-esli salym oturýardym.

III

— Onda näme, içiňi gysdyrma — diýip, kakam meni ýene şähere äkitmek üçin taýýarlaýar. — Indi ýazyň gelşinem görüp bilmersiň. Bary-ýogy birki aý geçerem weli, tomus geler. Onsoň öýe gelersiň, menem saňa taýjagaz sowgat ederin. Ikimiz bileje atly gezelenç ederis, käkilik tutmaga gideris…

Öz mähriban öýümizi terk edip gitmek maňa diýseň agyr degýärdi, ýöne kakam bilen doly ylalaşýardym: indi bahym ýaz geler!

— Dogrudanam, kaka, ýazyň ysy gelip dur! — diýip, men irden araba münüp, gijeki tupanyň derwezäniň öňüne üýşüren gar depesinden aşyp, täze ýagan garyň ysy kükäp duran adaja şemaly demimize dartyp barşymyza aýdýaryn.

— Sen ýazy gowy görýäňmi? — diýip, kakam ýylgyryp soraýar.

— Gowy görýän, kaka! Gaty gowy görýän!

— Obanam gowy görýäňmi?

— Elbetde, gowy görýän…

— Munyň gowy zat — diýip, kakam begençli gürleýär. — Adamyň tebigata golaý ýaşamalydygyna, dogduk mekanyny, howasyny, Güneşini, asmanyny söýmelidigine sen ulalaňsoň akyl ýetirersiň… Oba ýeri içgysgynçdyr öýdülmegi dogry däl. Oba ýerinde garyplygyň bardygy, ine, bu dogry, onda garyplygy azaltmak, oba adamlaryna kömek-goldaw bermek üçin bir zatlar etmeli-dä… Obada hem gowy ýaşamak mümkin!

«Hemmesi dogry — diýip, men pikirlenýän. — Şäherde ýazyň ysam ýok. Bu ýerde bolsa ony duýmak bolýar. Hana, eýýäm deşilen buzlaryň gyrasy garalyp eräp ugrapdyr…».

Biz derýanyň ýokarsynda oturan uly obanyň içinden geçýäris, men hemme zady synlap ýetişmäge çalyşýan.

Daş-töwerekde gar basan jaýjagazlar ýegşerilişip otyr, ýöne bahym garlar erär-de, bu horaşaja öýler hem arassaja, şadyýan mesgenlere öwrüler. Olar häzirem şadyýandyrlar, has-da kerpiç jaýlarda ýaşaýan gurply hojalyklaryňky hezillikdir. Haçan-da atlarymyzy iýmlemek üçin saklananymyzda, men şolar ýaly öýlere hezil edip sümlerdim.

Baý hojalygyň kerpiçden salnan öýüniň hemişe çygly bug göterilip duran ýyly howasy bardy, ýere saman düşelenem bolsa, elmydama çöregiň ýakymly ysy bark urardy, hemişe köp adamlydy, hemmeler nämedir bir zat bilen meşguldy: biri çybyklaryny şuwladyp, ýüň saýgylaýar, boýuntyryk bejerýän ýene biri gönüň içinden geçiren ýüplüklerini bat bilen eýläk-beýläk dartýar, egnine geýen keltekçesi iňňeden doly, boýny çogdam sapakly köpügören tikinçi öz gürrüňleri bilen hemmelere hezil berýär. Ol uzyn oturgyçda iki bükülip, bir aýagyny aşagyna salyp, beýleki aýagynyň dyzyny ýüzüne degräýjek bolup oturyşyna, aýagynyň başam barmagy bilen mawudyň ýa goýun derisiniň gyrasyndan basyp, üns bilen tikýärdi, ýöne gürrüňiniň hem arasyny üzmeýärdi, maňlaýyna dökülýän saçlaryny arkan silkip, iňňesine sapak ötürip otyrka şadyýan, akylly gözlerini güldürýärdi. Hemmeler oňa söýünç bilen seredýärdi. Ol hemme ýerde gadyrlydy. Hatda agşamlaryna enekelik edip oýnadýan çagalary üçin hem tapylgysyz adamdy. Ol çagalara öz sakgalyndan tutmaga rugsat berýärdi, soňra bolsa duýdansyz ýerden dişlerini şarkyldadyp, olaryň barmaklaryny dişlejekden bolýardy, nähilidir bir degişmä garaşýan çagalar şadyýan çygyryşyp, hezil edip gülýärdiler.

Men ony ozal ençe gezek görüpdim, häzir hem ony gyzygyp synlaýardym. Ýöne gitmäge wagt bolupdy. Biz öý eýeleri bilen hoşlaşyp, daşaryk çykdyk. Bizi ugratmaga çykan başy telpekli, egni ýalaňgat köýnekli öý eýesi basgançakda duran ýerinden maňa seredip, ýylgyryp gürleýär:

— Onda näme, ýaş ýigit, indi tä ýaza çenli şäherdemiň?

— Ýaza çenli — diýip, men aýdýaryn, — aý, indi ýaza çenlem köp wagt galmady-la!

— Hawa, köp wagt galmady — diýip, öý eýesi meniň aýdanym bilen ylalaşýar.

Biz ýene garalyp oturan jaýjagazlaryň deňinden geçip barýarys. Gar depeleriniň üstünde çagalar typyp oýnaýar, beýik söwüdiň depesindäki guş höwürtgesi ikibaka yranýar, egin-eşiklerini buzuň astyndaky garamtyl sowuk suwda durlaýan aýallar çasly gürleşýärler…

Oba gutardy. Öňde diňe gar basan meýdan agaryp ýatyr. Ýalazy meýdanda ýene şemal şuwlap başlady. Atlaryň ýallarydyr guýruklary şemalyň ugruna ykjaşýardy. Ýol agyrdy, emma esli salym atýatakda duran atlara şemalam, garly meýdanam hoş ýakýana çalym edýärdi. Olar öňe atylyp barýardylar… Asmanyň ýüzi tutuşlygyna bulutdy, uzakda garalyp tokaý görünýär.

«Ýylap başlady» — diýip, öz ýanymdan pikirlenýän.

Indi şu ümürli, çalymtyk günleriň ep-esli wagt dowam etjekdigini, geçen ýylky ýowşanlaryň ýalazy çöl depeleriniň üstünde tukatlyk bilen şemala yranjyraşyp oturjakdyklaryny göz öňüme getirýärin. Ýöne näme diýseňem, indi ýaz daşda däl! Bu şemal hä diýmän ýylap başlar, mart gelende bolsa, ol şadyýan garagola öwrüler-de, gaýyň tokaýlyklarynyň arasyndan geçip, tebigaty gyş ukusyndan oýarar. Soňra bolsa källeriň ugry bilen suwlar akar, uzak günortadan guşlar uçup geler, sähralar al-ýaşyl öwser…

Çöl hoş ýakýar!

1897

Rus dilinden terjime eden Hojamuhammet AKORAZOW
image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle