Nu­ra­ýym (He­ka­ýa)

Nu­ra­ýym (He­ka­ýa)

Na­syr­jan Jo­ra­ýew,
öz­bek ýa­zy­jy­sy

On üç ýyldan soň Nuraýymdan hat aldym. Hat juda gysgady: «Şahyrym, minnetdar! Kitabyňyzy okadym».

Aradan şunça ýyl geçip, hatyň ýazylanyna, onuň meni nädip tapyp bilenine haýran galmadym. Diňe henize çenli öz güýjüni, gadyr-gymmatyny zerreçe ýitirmedik «şahyrym» diýen sözi kalbyma ganat berdi. Aramyzdaky ähli ýatlamalaryň düwni şu ýekeje söz arkaly çözüldi. Ine, ýazuw stolumyň üstündäki bukja, iki gulak hat meniň dünýämi lerzana getirdi. Penjireden daragtlaryň çür depesine, alysdaky oba tarap nazarymy aýlap, ýene-de Nuraýym hakda oýlandym.

…Şol ýyl mekdebimize täze gyzyň okamaga gelendigini hemmeden soň bildim, emma onuň köňlümde arzuw edip ýören gyzymdygyny ilki görenimde duýdum. Pikir edişim ýaly hem boldy. Nuraýym bilen sulhumyz alyşdy. Halaşdyk. Owadan, gara gaşly, saýlanyp duran bu gyz iki ýyllap durmuşymyň bezegi boldy. Ýöne okuwymyzy tamamlan ýylymyz niýetimi üýtgetmäge mejbur boldum. Oňa öýlenip bilmeýändigimi çynym bilen düşündirdim. Düşündi. Şonda menden el çekeni üçin häli-häzirem ýüregim jigleýär. Soňky gezek görşenimizde ol şeýle diýdi:

— Meni ýatlap asla gama batmagyn.

Dymdym.

— Bagtyň açyk bolsun!

Men:

— Sen näme? — diýip soradym.

— Men şu güne çenli bagtly boldum, şu ýeterlik.

Aýdara başga söz tapmadym…

Häzir mümkinçiligim bar. Gowy ýaşamagyň, girdeji gazanmagyň tärini tapýan, hatda kitabymy-da çykardym. Ýöne mundan on ýyl öňki tapylmadyk gaýratym henizem ýok.

Şäherden ejemlere gelýänçäm agşam düşdi. Diwarlar könelipdir, dar köçeler gumursap dur. Ýylda bir sapar gelýän ogluny görüp, ejem juda begendi. Agyr başymy ejemiň dyzyna goýdum. Gürrüňler paýawlaberende, maýyny tapyp soradym:

— Eje, sen Nuraýymy tanaýaňmy?

— Goňşy obaly synpdaşyňmy? Onuňam çagalary ep-esli bolandyr.

Ejem sözüne dyngy berdi. Ak sepen saçyny, soňra-da gasyn-gasyn ýüzüni sypady.

— Balam, ol biçäräň durmuşy gowudy. Göz boldumy, dil boldumy, belli däl, ýakynda aýrylyşdylar. Hiç kim sebäbini bilmedi. Wah, şunça ýyl ýaşalan maşgala durmuşy weýran boldy.

Bütin bedenim saňňyldap gitdi, hyýalyma bolsa dört setir söz geldi: «Şahyrym, minnetdar! Kitabyňyzy okadym…».

Özbek dilinden terjime eden Atamyrat ÝAZWELIÝEW
image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle