Nowella (Esse)
Ýuhan Borgen,
norweg ýazyjysy
Obaly adamlaryň biri nowella barada şeýle pikir aýtdy: «Nowellalar — gazetlerde çap edilýän gülkünç wakalar». Kitap dükanynyň tekjesiniň ýanynda duran bir zenanyň (bu Roždestwo baýramynyň öň ýanynda bolupdy): «Ýok, ýok, maňa nowella gerek däl» diýenini hut öz gulagym bilen eşitdim. Sebäbi nowellalar gaty gussaly hekaýalarmyş… Bularyň ikisi-de üns bereniňe degýän pikirler. Nowella berilýän kesgitleme hökmünde olar, elbetde, bizi kanagatlandyrmasa-da, bu edebi žanr baradaky pikirleriň bir-birinden juda tapawutlydygyny-ha görkezýär. Hatda edebiýaty öwrenijileriň arasynda-da dürli pikirler bar. Özi-de olar wagtyň geçmegi bilen tiz-tizden üýtgäp durýar. Mysal üçin, Ý. P. Ýakobseniň «Mogens» atly nowellasyna soňky döwrüň tankytçylary roman diýip ugradylar. Hemingueýiň täsin çeper dilde ýazan dört sahypalyk, gysgaça wakalaryň zynjyryny emele getirýän eserleriniň birine, soňlugy bilen, «eskiz» — diýip at berdiler. «Nowelletta» ýaly juda ýerlikli, gysgajyk nowella diýen manyny berýän söz indi ulanyşdan galdy gitdi.
Käte ýazyjy eser döredip ýören döwründäki edebi niýetine «fragment», ýagny başy-ahyry bolmadyk eser diýýär; ýöne oňa «bir pursatlyk täsir» diýseňem bolman durjak däl, şunda eser doly okalyp çykylandan soň, onuň başy düşnükli bolmaly, ahyry bolsa çak edilip bilinmeli. Geljekki eseriň özeni bolan edebi maksat göz öňünde tutulýan haýsydyr bir umumylykdan bölünip alnan bölek, parça bolup durýar.
Ensiklopediýa sözlüginde: «Nowella — seret: Corpus juris civilis, ( Corpus juris civilis (latynça) — kanunlaryň raýat kodeksi.) ýagny imperator Ýustinianyň miladydan öňki 528-534-nji ýyllarda Gündogar Rim imperiýasy üçin çykaran kanunlarynyň jemi. Imperatoryň 534-nji ýyldan soň çykan permanlaryna nove lover, ýagny täze kanunlar diýipdirler» — diýlip ýazylan. Ýöne indi «nowella» sözüniň düzümindäki «täze» diýen sözüň başdaky manysyndan indi hiç bir zat galmandyr.
Biz — nowellaçy ýazyjylar bolsa bu edebi görnüşi gowy görüp, ony iň bir sygymly žanr hasaplamak bilen, adalganyň asyl manysyna düşünmesek-de, ony ynam bilen ulanyp ýörüs.
Tankytçylar köplenç dürli ugurlarda önjeýli işleýän ýazyjynyň döredijiligi bilen tanyşdyranlarynda okyjylara: has çylşyrymly ýazylan eserlere geçmezden ozal nowellalary okamakdan başlamagy, olaryň manysyna düşünjek bolmagy maslahat berýärler. Aslynda welin, köplenç ýagdaýda onuň tersine: romanyň hile-tilsimli düregeýliginden başlaň, çeper meňzetmelerden, teswirlemelerden, düşündirişlerden doly uzak ýoly geçiň diýseler has dogry bolardy. Siz bu ýoly howlukman, alňasaman, özüňize agram salman geçip bilersiňiz. Köp sanly ýordum ýollarynyň gatylyp-garylmagy siziň ünsüňizi özüne çeker hem-de ýolda azaşmazlygyňyz üçin ynamdar çelgi bolar. Ine, şondan soňra nowella geçip bilersiňiz, ol siziň hyýalyňyza kem-kemden dürli keşpleri salar, sizi yzyna düşürer, size ýodajyklary görkezer, siz onuň öwrümlerinde ägä bolup, egremçelerine siňňin syn etmelisiňiz, awtoryň pikiri we tekstiň özi size ýol görkezer durar, ahyrsoňunda, awtor bilen el tutuşyp, açyk meýdança çykarsyňyz. Sebäbi bilelikde ýol aşanyňyzda siz dostlaşdyňyz ahyry.
Emma berilýän maslahatlaryň iň gowusy: göwün söýen zadyňyzy okaň diýýän üçünji maslahatdyr. Onuň şeýle manysy bar: kä günler siziň göwnüňiz öwrümlerde uzak garaşdyran depginiňizi güýçlendirip, ýorgalamak arkaly uzak aralygy geçmek isleýär. Kä günler bolsa ruhy dünýäňizi çalt depgin bilen gysga aralygy geçmek islegi gurşap alýar. Şol günler adam kitap okamagyň hatyrasyna bar zady ýatdan çykarýar. Ol günler siziň üçin ajaýyp döwürdir. Gözüňiz kitaba, onuň jildine düşenden, ýüregiňizde ony okamaga höwes döreýär, onsoň çagalar gohlaşsalar-gohlaşybersinler, gaýnamaga goýan kofäňiz çogsa-çogubersin, elektrik togy öçse-öçübersin, bular size päsgel berip bilmez, siz penjiräniň öňüne bararsyňyz-da, kitaby ýaşyp barýan Gün şöhlesine tutup okarsyňyz. Şol gysga, dartgynly günler — nowellanyň günleridir. Bu şol nowellalary ýazýanlar üçinem, olary okaýanlar üçinem şeýledir. Adam bir gün, bir aý, bir ýyl içki dünýäsinde älem ýaňy kimin ýaňlanyp duran üzlem-saplam depgine melul bolup ýaşaýar. Şol günler ýazyjynyň ömrüniň nowellalary döredýän döwrüdir. Onuň ömrüniň başga günleri äwmezek, haýal depginlerde geçýär.
Nowellalaryň anglosakson görnüşiniň mäkäm esasy, özeni hökmünde «story» diýlip atlandyrylýan berk ýordumy bolýar. Şonuň üçin oňa hekaýa diýip bolarmy? Ýok, hekaýa — düýpgöter başga zat. Onuň ýordum yzygiderliligi mese-mälim bolup, ýiti duýulýar. Şeýle bolsa-da, ony gurluş taýdan ähmiýeti pes görnüş hasaplamak bolmaz. Ol ýazyja öňküden hem ýokary talaplary bildirýär. Terjime edip bolmaýan «story» adalgasyny ulanamyzda biz ozaly bilen mäkäm, berk gurnalan gurluşy, hile-tilsimi göz öňünde tutýarys.
Kipling, Edgar Uolles, Filipps Oppengeým, Jozef Konrad ýaly biri-birinden düýpli tapawutlanýan ýazyjylar «story» ýörelgesine eýerip nowellalary döredýärler. Köp kişi häzirkizaman amerikan nowellasyny döwrümize has mahsus we onuň talaplaryna laýyk gelýär diýip hasaplaýar. Ol hem şol öňki ýörelgelerden gözbaş alyp gaýdýar, ýogsam ajaýyp nowellaçy Steýnbek-ä nowellalaryň bu görnüşinden çekilmäge gypynç edip duranok. Ol wagtal-wagtal «story» daragtynyň uly şahasyndan gaýdýan ejizje şahajyklardaky ýapraklaryň damarjyklary kimin göze ilmez inçelik bilen şekillendirilýän abstraksiýalara juda batyrgaý «aralaşýar».
Emma şeýle-de bolsa, ol hiç haçan eser ýordumyny gözden salmaýar, onuň bilen baglanyşygy ýitirmeýär. Bu baglanyşyk juda güýçli ýa-da pes bolup biler. Käteler okyjy ony çala duýar, diýmek, nowella has gowy düzülendir! Anglosakson nowellasynyň çeperliginiň we saýrylygynyň syry ol durmuşy özen bilen berk baglanyşykda öz beýanyny tapýar. Meniň pikirime görä, eseriň şu görnüşini döretmek usuly rowaýatlary dilden aýtmak ýörelgelerinden gözbaş alyp gaýdýana meňzeýär. Rowaýatlaryň, ertekileriň daş ojagyň ýa-da oduň başyna egelenip oturanlaryň arasynda gürrüň berlişi açyk-aýan göz öňümde janlanýar. Gadym-gadym döwürlerde adam bir zadyň gürrüňini edende hekaýatyň dartgyny kem-kemden güýçlense-de, diňleýjileriň ýüregine düşmez ýaly, ony uzaga çekdirmejek bolup, duýdansyz öwrümlerden gaça durup, has möhüm pursatlaryny saýlap alypdyr. Men bu ýagdaýy hyýalymda şeýle halda göz öňüne getirýärin: adamlar oduň daşynda döwre gurap oturanlarynda, aýdyjy üçin olar giden mähelle ýaly bolupdyr, bu bolsa oňa hekaýaty nähili gürrüň bermelidigini salgy beripdir, onuň has dartgynly belent nokadyna nädip ýetmelidigini we diňleýjileriň göwnünden turar ýaly derejede ýokarky nokadyň täsirini nädip güýçlendirmelidigini aňynda anyk aýlamaga mümkinçilik beripdir. Ir döwürlerde bizde — Norwegiýada hem pederlerimiz oduň daşyna üýşüp oturypdyrlar. Şol eýýamlarda hekaýaty häzirkiden has çeper gürrüň bermäge ussat bolupdyrlar. Oduň ornuna gelen ýyladyş enjamy ýa-da peç hiç wagt «asman çadyrynyň täsirini» berip bilmez.
Dilewar adamyň berýän gürrüňleri diňleýjä güýçli täsir edýär. Şunda diňleýji wakalaryň soňy nähili gutararka diýip, tolgunyp diňleýär, onuň çözülişi bolsa duýgulary erkinlige çykaryp goýberýär. Emma siz şol hekaýaty başga adamlara başga bir ýagdaýlarda gürrüň beriji bolaýmaň. Şeýle on synanyşygyň dokuzysy puç gutarýar. Entek gürrüňiňizi gutarmankaňyz onuň gara şaýa degmeýändigini duýarsyňyz. Ýüregiňizde ýa siz gürrüň bermäni başaraňzok, ýa-da diňleýjiler diňlemäni başaranok diýen şübhe dörär. Gysgaça aýdanyňda, şeýle ýagdaýda hekaýat özüne çekmeýär.
Bu näme üçin beýle? Sebäbi aýdyja çeper dil ýetmezlik edýär. Dilewar kişi bolsa hekaýaty özboluşly beýan edýän awtor hökmünde ony beýleki bir şertlerde başgaça gürrüň bererdi. Adamlaryň oturyşy, alawdyr meýdan onuň hekaýatynyň gidişinem üýtgederdi, belki, ol ýüzbe-ýüz bolan şertlerine laýyk gelýän başga bir hekaýaty gürrüň bererdi?
Bir gezek Udala barýan awtobusda meniň öň ýanymda, sürüjiniň edil yz ýanyndaky oturgyçda oturan, gülli nah köýnekli dolmuş bir zenanyň şorta söz gürrüň berişiniň şaýady boldum. Ol özüni awtobusdakylaryň ählisiniň diňleýändigini gowy bilse-de, sürüjiniň ýeňsesine gürrüň berýän ýaly gürleýärdi. Awtobus depä galanda ol gürrüňini kesýärdi. Hamala, onuň hekaýaty diňe baýyrdan aşak inilende aýdylmaly ýalydy. Hekaýatyň arasyndaky arakesme gürrüň berilýän wakanyň zerur şerti ýalydy. Gürrüň durmuş üpjünçiligi edarasy baradady, biziň hemmämizem ýaňyja şol ýerden çykyp gaýdypdyk. Onuň gürrüň berýän zatlaryna köpimiz çärýek sagat mundan öň duçar bolupdyk. Şonda-da hemmämiz onuň sözlerini bir gulak bolup, ünsli diňleýärdik. Näme üçin? Sebäbi ol zenan şol pursatda aktrisady, muňa onuň özem gowy düşünýärdi, töwerekdäkilerem oňa şeýle garaýardy.
Awtobusyň siltemesi hemmeleri birleşdirip duran ojaga meňzese, sürüjiniň ýeňsesi esasy diňleýji mysalydy.
Öýe gaýdyp gelenimden soň, aşhanada üýşüp otyrkak ýaňky zatlary öýdäkilere aýdyp berenimde, gürrüňimiň olary asla gyzyklandyrmaýandygyny görüp galdym. Men gürrüňi tamamladym, indi aýdara söz galmandan soň olar sypaýçylyk üçin «hüm» diýip oňaýdylar. Ine, şol aýalyň dilinde şeýle gülküli ýaňlanan waka baradaky gussaly gürrüňim-ä şeýleräk.
Ýogsa-da, şol jelegaýlarda bir gezek goja kişiniň gürrüňini diňlemek hem miýesser etdi. Ol ojak başynda edýän gürrüňiniň çözgüdini şeýlebir uzaga çekdirýärdi welin, diňleýjiler soňy näme bolarka diýşip, onuň ahyryna sabyrsyzlyk bilen garaşyp otyrdylar. Bu onuň hekaýat edişiniň özboluşly üýtgeşik usulydy. Ilki men oňa ýüregedüşgünç kemçilik diýip düşündim, ýöne onuň başda diňleýjileri agyzlaryny açyp diňlemäge mejbur edişi, soňra bolsa hekaýany çözgütsiz goýşy, ýa ony adaty bir ýagdaý bilen soňlaýşy hakyky ussat artistlere mahsusdy.
Haçan-da diňleýji özüniň aňňalak gapyp galandygyna düşünip, gülüp başlaýança ep-esli wagt geçýärdi. Men ençeme wagtlap hekaýany şeýle usulda gürrüň bermegi ýeke-täk şu garry başarýandyr öýdüp gezdim. Ýöne bir gezek baş gahrymanlary Pat bilen Maýkl bolan irland hekaýatlaryna gabat gelýänçäm şeýle pikirde boldum. Bu hekaýatlaryň hiç hili çözgüdi ýokdy. Ähli zadyň ahyrynyň bardygyna öwrenişen sada okyjy bu edebi usulyň aýratynlygyna akyl ýetirýänçä dartgynly halda oturandyr. Şondan soňra bu hekaýatlar onuň üçin täzeçe röwüşe eýe bolýar.
Men hekaýat etmegiň bu gadymy sungatynyň özi şeýlebir ajap welin, oňa çözülişem gerek däl diýen netijä geldim.
Ýa-da onuň syry, şol wakalaryň ýazylanlygyndamyka?
Ine, indiki pursada-da geldik. Siz şular ýaly dilewar kişileriň gürrüň berýän zatlaryny sözme-söz ýazyp almaga synanyşyp gördüňizmi? Synanyşygyňyzyň on gezeginiň onusy-da puç bolar.
Şu däbi duýup ýazýan, ony ýazyp almagy başarýan adam ümsümlikde aýdylanlary ýazga öwürýär: oňa oduň başynda aýdylan hekaýatyň täsir edişi ýaly täsirli hekaýaty döretmek ukyby berlipdir. Şeýlelik bilen, ilkibaşda dilden beýan edilen hekaýat ýazmaça beýan edilýär. Anglosakson mekdebini hem ahyrky netijede hut şu ýagdaý tapawutlandyrýar.
Bu žanryň başga bir kämil nusgasy hökmünde tanalýan rus nowellasyna wakanyň uzak wagtlap ösüşi mahsusdyr. Özi-de onuň möçberiniň ululygy üçinem däl. Mysal üçin, Çehowyň nowellalary aslynda gysga-da, ýöne olaryň äheňi has sazlaşykly hem-de köplenç, çala duýulýar. Rus nusgawy nowellalarynyň agramly bölegi sudury çala bildirýän hem-de inçelik bilen başga tarapa sowulýan pikirlerde we içi-içine girip gidýän baglanyşyklarda ýitip gidýän waka hakyndaky pikirleri beýan etmek bolup durýar, ýöne awtoryň başdan geçirýän duýgulary, ruhy ýagdaýy şeýle dartgynly bolup, ol ýagdaý okyja hem geçýär.
Mysal hökmünde dürleriň dürüni, Dostoýewskiniň «Ýaramaz degişme» hekaýasyny alyp göreliň. Şu ýerde biz toýda bolup geçen hem gussaly, hem gülkünç waka awtoryň garaýşynyň mydama içki dünýäsi mese-mälim we wakalary göz-görtele açyk-aýan beýan edilýän eseriň ilkinji sahypalaryndan jikme-jik göz öňümize gelýän Iwan Ilýiç Pralinskiniň aňynda ikinji derejeli halda ýüze çykýar. Wakalar eseriň başyndan çalt depginde ýaýbaňlanýar, emma bize eýýäm tanyş bolan adamyň ruhy ýagdaýy ony has hem güýçlendirýär.
Turgenewiň eserlerindäki görnüşleriň asudalygy barada hem şuny aýtsa bolar. Olaryň şekillendirilişi bilgeşleýin okyjyda biperwaýlyk derejesine ýetiriberlen rahatlyk duýgusyny döretmeklige gönükdirilen ýaly bolup dur, şol bir wagtyň özünde-de, elýetmezlige telwas edýän köňlüň hasrat ody has güýçli alawlaýar, ol ot hemişe ýanyp dur. Şunda eseriň içki niýeti wakalaryň ählisiniň ösüşiniň guralyna öwrülýär; wakalaryň ösüş çeşmesi anyk we aýan görkezilmese-de, oňa kesgitli däl, nämälim diýip bolmaýar.
«Story» ýörelgesi hekaýatyň şu görnüşine diýseň ýat zat. Emma şeýle-de bolsa, ol hem dilden aýdyş ýörelgesine, bir-birinden alysda ýaşaýan, ýöne ýol-ýorelgelerinde umumy arabaglanyşyk bolan we zalym güýçlere garşy durýan henekleri çylşyrymly häsiýete eýe bolan adamlaryň umumylygy ýörelgesine eýerýär.
Norweg hekaýa ediş mekdebi barada gürrüň edilse, ol meniň pikirimçe, edil Şwesiýadaky ýaly, çeşmeleriň ikisindenem gözbaş alyp gaýdan borly. Bizde edebi ussatlygyň ajaýyp nusgalaryny döreden Trýugwe Anderseniň we Hans Onrýudyň milli ýörelgeleri gönüden-göni dowam edenleriň soňky wekilleri bolsa gerek. Bu žanryň juda üýtgeşik we derejesine ýetip bolmajak hakyky norweg nowellasyny döreden Sigurd Matiýesen öz döwri we edebiýat älemi babatda juda saýry bolup saýlanyp dur. Ýöne meniň bilşime görä, Daniýa medeni däpleri bilen jebis baglanyşykda bolan nesil welin, norweg nowellasyny hiç babatda baýlaşdyryp bilmedi. Ýohannes Ýenseniň «Himmerland wakalary» eseri bu žanryň gaýtalanmajak nusgasyna öwrüldi. Sten Stensen Blikere öýkünmekden bolsa hiç bir üstünlik gazanan bolmady. Onsoňam Daniýanyň nowellasynyň hemişe biziňkä garanyňda has durnukly bolandygyny, kän bir daşky täsirlere düşmändigini bellemek gerek. Ol bu häsiýetini biziň günlerimize çenli saklap galdy. Biziň döwrümiziň wekilleri barada gürrüň edilse welin, biz öz nowellalarymyzda hezil edip pikirlenýärisem, özümizi erkinem duýýarys. Ýöne bizde görnüşi (formany) emele getirmekde mesele ýüze çykýar. Bizde aýdyjynyň hyzmaty aýdyň däl.
Eger ol eýýäm kemala gelen bolsa, belki, bu biziň özboluşlylygymyzdyr? Iň bolmanda, bu özboluşlylyk nowella žanrynyň ösüşiniň ümürli ýol bilen barýandygyny däl-de, tersine, nowellaçylaryň kelebiň ujuny tapmaga ymtylyşlaryny aňlatmalydyr. Munuň özi biziň her birimiziň ony naýbaşy hasaplaýandygymyz üçin, öz «storymyza» ýapyşyp oturmalydygymyzy aňlatmaýar. Biziň üçin, edil möýüň kerep örüşi ýaly, ussatlyk bilen döredilen tutuş eseri, çeper bütewiligi bir bakyşda görmegiň özi juda-juda möhümdir.
Çeperçilik serişdeleriniň utgaşygy-sazlaşygy bolsa iň wajyp meseledir. Awtoryň pikiriniň ýaşaýşa ukyplylygy materialyň gowulygyna däl-de, eýsem, tutuşlygyna eseriň çeperçilik serişdeleriniň sazlaşygyna baglydyr.
Nowellanyň simfoniýa däl-de, saza-sonata ýakyndygy ykrar edildi. Şeýle-de, ol drama hem golaý hasaplanylýar. Käte ony žiwopis eseri bilen hem deňeşdirýärler. Bu deňeşdirmeler nowellanyň syzmak ýa-da doly akyl ýetirmek arkaly gurnalan, aýdylan bilen doly aýdylmadygyň, beýan edilen bilen göz öňünde tutulanyň deň derejedäki gatnaşygy kada bolsa hem, belli bir derejede awtoryň erkinligine hem ýol berilýän garyşyk hekaýatdygy baradaky kesgitlemä esaslanýar. Şeýle-de bolsa, men nowella döretmek sungatyny beýleki edebi zähmetlerden ýokarda goýjak bolmaýaryn. Hudaý saklasyn. Biziň «psihologiýa» çeper beýan etmäniň kendirinde sudur bolup ýüze çykýar diýip hasap edýän bolmagymyz ahmal bolansoň, nakgaşlyk sungatynda ilkinji suratyň reňkleriň aňyrsyndan kendiriň ýüzünde peýda bolşy ýaly, «psihologik nowella» adalgasynyň hem nähilidir bir nädogry öwüşgine eýe bolýan bolmagy-da mümkin. Men, tersine, bu kesgitleme nowellanyň çeperçiligi diýilýäni özünde jemleýär diýip hasaplaýaryn hem-de şu babatda ony çeper sinteziň «tebigy», başky esaslaryny görmäge mejbur edýän gowy kesgitleme hasaplaýaryn. Eger bu emelsizräk aýdylan bolsa, bu pikiriň gümürtikligi sebäpli däl-de, ony beýan etmegiň kynlygy sebäplidir. Nowellanyň žiwopise we saza meňzedilmegi bizi, kiçi görnüşdäki eserleri döredýän ýazyjylary begendirmelidir, çünki olar şeýle eserleri ýaltalyk zerarly döretmeýärler, nowella ýazmak üçin güzaply döredijilik azabyny çekmeli bolýar ahyry. Drama meňzeşligi, mysal üçin, romana meňzeşliginiň tersine, derrew özüni aýan edýär, iň bolmanda, nowella ýazýanlaryňam edil dramaturglaryňky ýaly köpçülige edil bir pursatda täsir etmek mümkinçilikleri bar. Ol tempera (ýumurtga sarysy garylyp ýasalýan mineral reňk) bilen çekilen surat kysmy bir zatdyr: onda bir çeken çyzygyňy eýýäm düzedip bolmaýar. Romanda edilişi ýaly, nowellanyň gowşak ýerini indiki gowy bölek bilen ýuwup-ýylmap bolmaýar. Nowellaçy okyjynyň indiki gezek geçirimlilik ederine bil baglap bilmeýär. Nowella diňe bir maglumat bermän, eýsem, okyjynyň duýgularyna-da täsir etmelidir. Drama eseri-de, ozaly bilen, duýgulara täsirini ýetirmelidir. Hut şonuň üçinem nowellalar hem edil goşgulardyr drama eserleri kimin belli bir derejede juda çylşyrymlydyr. Bu žanrlar bir aňyň beýleki bir aňa gös-göni täsir etmesine başgalaryň ählisinden artyk ymtylýar. Eger şol başarylmadyk bolsa, onda okan namazyň ürküzen gurbagaňa degmedigidir. Biziň şeýle gyzykly işe ygrarlydygymyz üçin hiç kes bizi ýazgaryp bilmez. Norwegiýa ýaly ýurtda edebi döredijiligiň şu görnüşini höwes bilen ulanyp ýörkäk kim muny geň görsün? Biz, ýazyjylar häzirki wagtda hem öz ýazýan zatlarymyzy hiç bir janly jemende okaýan däldir diýen pikire ýykgyn edýäris.
Bizde oňat žurnallaryň birnäçesiniň bardygyny görkezýän begençli ýagdaý, ynanmasy kynam bolsa, bar zadyň başgaça bolup biljekdigine şaýatlyk edýär. Ýazyjynyň ynsana bolan söýgüsi düşünişmezlik perdesini syrjak jogap duýgusyna bireýýämden bäri garaşýar.
Biz şeýle bir halk, aýdara zat bar wagty hem dymmarak, az sözli millet.
Şeýle bolsa-da, ýazyjynyň umytsyzlyk nalasyny heniz gundagdaka ýok edeliň. Ol hiç kimi gyzyklandyrmaýar. Gowusy, häzir bizi nowellada esasy gyzyklandyrýan zada — ony döretmek usulyny öwrenmäge üns bereliň. Manysy barada dilem ýarmaň! Temalaryň näzenin zenanlary suratlandyrmakdan, tä işçi maşgalasyndan bolan eneleriň durmuşyny, säher çagy tokaý ýapraklarynyň şybyrdysy astynda bolup geçýän ýekme-ýek çaknyşykdan, tä gämi duralgasynda hereketsiz duran kranlaryň astyna üýşen mähelläniň ahwalyny beýan etmäge çenli üýtgäp gidendigi barada hem aýdyp durmalyň.
Onda näme üçin biz öz ünsümizi şuňa, iň esasy zatda jemlemeli däl? Muňa biziň diňe nowella žanrynyň ösüşine syn bermegi maksat edinendigimiz üçin diýip jogap bermekçi, ýordumyň demokratiýalaşmagy, halk durmuşyny beýan etmek bolsa edebi žanrlaryň ählisinde hem ýörgünli boldy.
Çeperçilik derejesi ýokary ösüşde bolan nowellalar duşýan-da bolsa, nowella sungaty, umuman alanyňda, oýun ýörelgesine, estetiki duýgulara daýanýar. Sigurd Hýol ýaly psiholog ýazyjynyň nowellalaryna töwekgelçilikli häsiýetler mahsus bolsa, «proletar ýazyjysy» diýlip atlandyrylýan Eýwind Ýunsonyň käbir nowellalary nepisden çeper ýazylan. Belki, nowella žanrynyň özi ýazyjyny erkin edýändir.
Biziň Skandinawiýa ýurtlarymyzda häzirki wagtda hut nowella žanry ýaş ýazyjylarda özboluşlylygy oýardy. Bu ýagdaý öz döredijilik usuly bilen nusgalyk, belli bir mekdebi kemala getirýän öňdebaryjy nowellaçylara degişli däldir. Ýöne biz, dürli jemgyýetçilik gatlaklaryndan bolup, edebi işe baş goşan derejesi pesräk ýazyjylar, romana garanda, nowellada özboluşlylygymyzy has oňat ýüze çykarmaga ukyplydyrys.
Nowella köp babatda ýanardagyň atylyp çykyşyna meňzeýär, çünki ol ýazyjynyň içki «meniniň» duýdansyz ýüze çykmasy ýaly bir zatdyr.
Biz nowella kesgitleme gözleýärmidik? Ynha, «atylyp çykma» sözi öz-özünden dile geläýdi, ýa-da başgaça — «partlama» sözi.
Elbetde, bu ýagdaýyň ahyry — uçguny ondan artyk saklamaga ýürek etmedik pursadymyz — şekilinde-suratynda, aç-açan duýulýan ysynda ýüze çykýar. Entek wysal bolmadyk höwesiň özi we ony kanagatlandyrmaga teşnelik we dartgynlyk döredýär, ýöne ol çeper keşpde beýanyny tapanda welin, asla dartgynlyga gowşama ýokdur.
Biz ekranda pyntygyň ýarylyşyny görüp bilýäris, bu ajaýyp görnüşi bize kino peşgeş berdi. Oňa syn edip otyrkaň ýüregiň heýjana gelýär. Emma şahadan gaýyp ýere ýakyn gelen ýaprak näme? Ýarylýan pyntyga syn edişimiz ýaly, ol hem tamam bolmagyň şeýle lezzetli we süýji täsirini döretmeýärmi eýse? Ýere gaçmak üçin şahasyndan tänäýjek-tänäýjek bolýan ýapragyň süýji pursatlary. Emma ol patlap ýere düşäýmeýär: bir wagtlar özüniň hyjuwyndan ýaňa dyňzap ýarylan pyntyk oňa gaýmalamak ukybyny siňdiripdir. Ine, onsoň ol howada birsydyrgyn çaýkanyp gaýyp gelýär.
Eýse şeýle dälmi näme…? Hawa, hut şeýle! Nowellanyň özeni-manysam şunda ahyry.
1952