Nätanyş gyz
Rabindranat TAGOR,
hindi ýazyjysy
1
Men häzir ýigrimi ýedi ýaşymda. Meni durmuşymyň dowamlylygam, eden ýagşy işlerimiň köplügem däl-de, aňymda ýatlama hökmünde galan bir ýakymly waka gyzyklandyrýar. Ol waka meniň üçin edil balarylaryň gülleriň durmuşynda eýeleýän orny deý örän möhüm.
Meniň bu gürrüňini berjek bolýan wakam örän gysga, şonuň üçinem ony uzaldyp oturmaýyn. Az sözlüligiň ähmiýetiniň uly bolýandygyny bilýän okyjylar maňa, gürrüňsiz, düşünseler gerek.
Kollejiň gutardyş synaglaryny ýaňyja tabşyrypdym. Mugallymym kiçikäm meniň bilen degşerdi, ol käte meni şimulyň gülüne meňzedýän bolsa, käwagt owadanam bolsa iýip bolmaýan makalyň miwesine meňzedip, miwe bermeýän gül diýerdi. Şol wagtlar muny örän ýokuş görerdim, ýöne ýyllaryň geçmegi bilen: «Eger durmuşy täzeden başlamaly bolsa, hatda mugallymyň degişjegini bilsemem, barybir, owadan görk-görmekli bolmagy saýlardym» diýen netijä geldim.
Kakam bir döwür garyp bolupdyr. Soň aklawçy bolup baýapdyr, ýöne oňa öz erkine ýaşamak hiç haçan miýesser etmändir. Diňe ölüm ýassygynda ýatyrka ol ilkinji gezek ýeňillik bilen dem alypdyr.
Kakam ýogalanda örän kiçijikdim. Meni ejemiň ýeke özi ulaltdy.
Kiçikäm meni gaty läliksiredipdirler, ähtimal, şonuň üçindir, ulalamda-da edil çaga ýalydym. Men hatda şu wagtam Annapurnanyň dyzynda oturan Ganeşiň kiçi jigisine meňzeýärdim.
Özümden bary-ýogy alty ýaş uly bolsa-da, men daýymyň elinde ulaldym. Phalgu derýasynyň boýundaky çägeligiň derýany içişi dek, daýym hem biziň maşgalamyzyň aladasy-ünjüsi bilen ýaşaýardy. Öýde ähli zady onuň özi çözerdi, şonuň üçinem men gaýgy-aladasyz ýaşaýardym.
Gyzyny durmuşa çykarmaly atalar meniň gowy ýigitdigim bilen doly ylalaşjakdyklary hak, sebäbi men çilimem çekemokdym. Size açyk aýdýan, diýenediji çaga bolmak aýratyn zähmeti talap edip duranok, hut şo sebäpli hem men şonuň ýalydym. Men ähli zatda ejemiň maslahatlaryna eýererdim, umuman, oňa eýermezlige mende güýç-kuwwatam ýokdy. Men islendik pursatda öýüň aýallar böleginiň häkimiýetine boýun synmaga taýýardym, ýöne özüne ýigit gözleýän gyzlara bu ýagdaýyň gowy görünmejegi belli zat.
Abraýly maşgalalaryň köpüsi biziň bilen garyndaşlyk açjak bolýardy, ýöne daýymyň (ol Hudaýyň ýer ýüzündäki meniň ykbalymy çözjek ýeke-täk ynamdar wekilidi) bu babatda aýratyn pikiri bardy. Ony baý gelinlikler gyzyklandyranokdy. Ol: «Goý, gelin boljak gyz biziň öýümizde boýun bolup, ýüzüni ýerden galdyrman gezsin» diýerdi. Ýöne şol bir wagtda ol pul hakynda-da ýatdan çykaranokdy. Şonuň üçinem daýym: «Gelinligiň atasynyň baý bolmagy hökman däl, esasy zat — ol ep-eslije galyň bersin we islendik pursatda biziň maşgalamyza kömek bermäge taýyn bolsun, munuň üstesine-de, öýümize gelende öňünde suw çilime derek kokos hozundan ýasalan ugursyz bir zady goýsalaram gaty görmesin» diýerdi.
Şol günler dynç alşa çykyp, Kanpurda işleýän dostum Horiş geldi. Onuň gelmegi bilen bada-bat rahatlygymy ýitirdim. Sebäbi ol maňa:
— Bir ajaýyp gyz bar — diýdi.
Onuň gelmeginiň öňýany men «sungat magistri» diýen derejäni alyp, hemişelik dynç alşa çykypdym. Maňa synaglary tabşyrmagam, iş gözlemegem, gulluk etmegem gerek däldi, sebäbi öz aladamy etmäge endik etmändim, muny islämokdymam. Öýdekäm aladamy ejem edýän bolsa, öýden daşary daýym ederdi.
Şeýdip işsizligiň çöllüginde tutuş dünýäniň ýüzüni örtüp duran bir salgym peýda boldy. Ol meniň hyýalymdaky gözel gyzyň keşbidi. Men asmandan onuň gözlerini, şemal öwsende demini, ýapraklar şygyrdanda näzijek pyşyrdysyny duýýardym.
Ýaňky aýdyşym ýaly, hut şol wagtam Horiş geldi-de: «Bir ajaýyp gyz bar…» diýdi. Men, hamala, ýaşajyk ýapraklaryň bahar şemalyna ygşyldaýşy ýaly galpyldadym.
Horiş şadyýan ýigitdi, gyzykly gürrüňleri bermegi oňarardy, mundan başga-da, şol wagtlar ýüregim yşka suwsapdy.
— Daýym bilen gürleşip göräý-dä — diýip, men dostumdan haýyş etdim.
Märeke güýmemekde Horişden ökde adam ýokdy. Ol bu babatda ähli ýerde meşhurdy. Daýym az wagtlyk gürleşip oturandan soň, eýýäm ony sypdyrmajak bolýardy. Olar myhmanhanada gürleşip otyrdy. Daýymy diňe bir gelinlik gyzyklandyrman, kakasynyň işlerem gyzyklandyrýardy. Ahyrynda olaryň maşgala ýagdaýynyň daýymyň isleýşi ýalydygy mälim boldy. Olaryň bir wagtky baýlykdan doly okaralary häzir boşapdyr-da, düýbünde az-owlak bir zatlar galypdyr. Olar mertebelerine laýyk ýaşamaga serişdeleri bolmany üçin dogduk mekanlaryny taşlap, ýurduň günbataryna göçüpdirler. Gyz atasynyň ýeke-täk gyz perzendidi, şonuň üçinem baýlygyndan galan ähli zady ýaýdanjaňlyk etmän gyzynyň bukjasyna atsa gerek.
Bu ýagdaý daýymy doly kanagatlandyrdy. Ýöne ony diňe bir ýagdaý biynjalyk edýärdi — gyzyň eýýäm on bäş ýaşy dolupdy.
— Olaryň tiresi ýaman ada galan-a däldir-dä?
— Ýok, beýle däl — diýip, Horiş ony rahatlandyrýardy. — Ol ýöne gyzyna mynasyp ýigit tapyp bilenok. Häzir ýigitleň bahasy gaty ýokary galdy, maşgala hem garyp düşdi. Kakasy kän garaşdy, oňa çenli bolsa gyzy ulalyp, kemala geldi.
Horişiň gürrüňleri täsir eden bolsa gerek, daýym birneme ýumşady.
Toý hakyndaky gepleşikler kynçylyksyz geçdi. Daýym üçin Kalkuttanyň çäginden daşarky ähli ýer Andaman adasynyň bir bölegi ýaly bolup görünýärdi. Ol diňe ýekeje gezek haýsydyr bir zerur iş üçin Kanagara gidipdi. Eger erk daýymyň elinde bolsady, onda ol Howr köprüsinden geçmegi gadagan edýän kanuny çykarmaga hem ýaltanmazdy.
Men gyzy göresim gelýärdi, ýöne gitmek barada dil ýaryp bilemokdym. Gelinlige ak pata bermek üçin doganoglanym Binuny ibermek kararyna geldiler. Onuň gyz saýlama ukybyna we sagdyn pikirlenişine men doly bil baglaýardym.
— Hiç neneň däl — diýip, ol gelensoň aýtdy. — Duranja hazynaň bar-da.
Adatça, Binu baha bermekden saklanardy. Biziň «ajaýyp» diýen zadymyza «ganymat»
diýerdi. Şundan çen tutup, men öz nikamyň «Pradžapati» we «Kama» hudaýlarynyň arasynda duşmançylyk döretmejegine düşündim.
2
Toýuň Kalkuttada tutuljakdygy öz-özünden düşnüklidi. Horişe söz berşi ýaly, gelinligiň kakasy Şombhunath-babu toýdan üç gün öň Kalkutta geldi. Onuň bilen duşuşdyk, onsoň ol maňa ak pata berdi. Onuň ýaşy kyrk töweregi ýa-da az-kem gowurakdy, ýöne saçlary şar garady, diňe murtunyň çalaran ýerleri bardy. Şombhunath-babu görk-görmegi bilen bada-bat ünsüňi özüne çekýärdi. Meňem daş keşbim oňa ýaradymyka diýýän. Ýöne Şombhunath-babunyň o diýen alçak adam däldigine hiç düşünip bilmedim. Ol birdir ikidir söz aýdýardy-da, dymýardy. Daýym welin dynman sakyrdaýardy. Baýlygymyzyň we abraýymyzyň şäheriň beýleki adamlaryndan kem däldigini häli-şindi diline çolaýardy. Diňe daýym bir pursatlyk sözüni kesen mahaly Şombhunath-babu «hä» ýa-da «hawa» diýýärdi.
Daýymyň ýerine özüm bolan bolsam, bu ýagdaý, gürrüňsiz, göwnümi sowadardy, ýöne ony myhmanyň bolşy sähelçe-de biynjalyk edenokdy. Ol Şombhunath-babuny çekinjeň we lellim adam hasaplady. Umuman, ol bu ýagdaýa begendi, sebäbi gelinligiň hossarlarynyň öte dogumly bolmagyny mertebesizlik hasap edýärdi.
Şombhunath-babu gaýtjak bolanda daýym yzgytsyz hoşlaşyp, hatda ony ulaga çenli ugratmadam.
Galyň hakynda tiz ylalaşdylar. Daýym özüniň diýseň ýeser adamdygyna buýsanýardy, şonuň üçinem ýekeje-de düşnüksizlik goýmady — galyňyň haýsy böleginiň pul bilen hasaplaşylmalydygyny, haýsy böleginiň şaý-sep bilen, hatda altynyň nähili bolmalydygyna çenli düşündirdi.
Men bu zatlaryň hiçisine goşulmadym, sebäbi galyň toý ylalaşygynyň iň esasy zady bolsa-da, iň ýakymsyz bölegidi, onsoňam daýymyň özüni aldatmajagyny bilýärdim. Onuň üşükliligine biz maşgalamyz bolup buýsanýardyk. Her hili ýagdaý bolubersin, gürrüň maşgalamyzyň bähbidi barada barýan bolsa, daýym hökman utuş gazanardy. Bu hemmämiz tarapyndan ykrar edilen hakykat. Pula mätäçlik çekmeýänem bolsak, gelinligiň maşgalasynyň ýagdaýy agyram bolsa, barybir, öz diýeniňde durmalydy, sebäbi biziň il bilen işimiz ýok, maşgalamyzyň adaty şeýledi.
Sary zenjebiliň kökünden edilen tagam bilen gelinligiň öýüne iberilmeli saçagy kaşaň bezediler. Bize gelnalyja näçe adamyň gatnaşmalydygyny takyk hasaplap biljek ýörite adam gerek boldy. Ejemdir daýym guda tarapa munça hödür-keremdir sowgadyň nähili birahatlyk getirjekdigini göz öňüne getirip, içlerini güldürýärdiler.
Ahyrsoňy gelinligiň öýüne ugradyk. Hakyna tutulan aýdymçylar şeýlebir goh turuzdylar welin, hamala, guduzlan pil uly gykylyk edip, saz Hudaýyny depeleýän ýalydy.
Men zergärçilik dükanynyň harydyna meňzeýärdim. Geljekki gaýynatam meň nähili agramly adamdygyma göz ýetirmelidi.
Nika dabarasynyň geçirilýän öýi daýyma ýaramady. Bagda gelnalyja gatnaşanlaryň hemmesine ýer tapylmady, onsoňam aýratyn taýýarlyk görlendigi göze ilmeýärdi. Mundan başga-da, Şombhunath-babu aljyraňňylyga düşmän bizi sowuk-sala garşylady we hemişekisi ýaly dymdy oturdy. Eger Şombhunath-babunyň daýaw, garaýagyz, biline çadra guşanan aklawçy dosty bolmadyk bolsa, onda jenjel ilkibaşdan örç almalydy. Ol duýgularynyň joşgunyndan ýaňa sakawlap, sazandalardyr ýigidiň hossarlaryna mähir bilen gol gowşuryp, tükeniksiz baş egýärdi.
Myhmanlar bilen öýde oturyp-oturmankam daýym Şombhunathy goňşy otaga çagyrdy.
Ol ýerde nämeleriň bolandygyny bilemok, ýöne bahym Şombhunath dolanyp geldi-de, meni ýanyna çagyrdy:
— Biraz bärik geliň.
Her bir adamynyň özüne mahsus gowşaklygy bolýar. Meselem, daýym elmydama özüniň aldanmagyndan gorkýar. Ine, ol häzirem gelinligiň şaý-sepiniň hakykydygyny ýa-da galpdygyny barlap görmegi ýüregine düwüpdir. Sebäbi toýdan soň bu zatlar barada pikir etmek giç. Onsoňam öýlenýän ýigide niýetlenen sowgatlardyr nika toýuna görlen taýýarlyklar diýseň horaşady. Şol sebäplem daýym ýany bilen zergäri alyp gelipdir.
Men otaga girdim, daýym sekiniň üstünde otyrdy, zergär bolsa terezisidir daşlaryny alyp, ýerde otyrdy.
— Daýyňyz özüni aldanmaýandygyny biljek bolýar — diýip, Şombhunath-babu maňa ýüzlendi. — Siz bu barada näme aýdarsyňyz?
Men dymyp, ýüzümi aşak saldym.
— Ondan sorap nätjek? — diýip, daýym nägileligini bildirdi. — Men näme diýsem şolam bolar.
— Bu şeýlemi? — diýip, gelinligiň kakasy ýüzüme dikanlap seretdi. — Daýyň näme diýse şolam bolarmy? Siz garşy bolup durmarsyňyzmy?
Men başymy gaýgyly ýaýkadym.
— Ýagşy, onda oturyň. Häzir gyzymyň şaý-sepini sypyryp, bärik getireýin.
— Onupomyň bärde işi ýok — diýip, daýym aýtdy. — Goý, myhmanlaryň ýanyna barsyn.
— Ýok — diýip, Şombhunath garşy çykdy.
— Goý, olam galsyn.
Şombhunath mata dolanan şaý-sepleri getirdi-de, daýymyň öňünde goýdy. Olar nesilden-nesle geçip gelýän gadymy gymmatbaha zatlardy, gabaralydy, agyrdy, häzirki zamanyň bolar-bolgusyz zatlary däldi. Olaryň birini eline alan zergär:
— Seredip oturasy iş ýok, arassa altyn. Munuň ýaly zatlary häzir hiç hili baha-da satyn alyp bilmersiňiz — diýdi.
Şeýle diýip ol ýüzüne hyýaly jandaryň şekili salnan ýogyn bilezigi aldy-da, aňsatlyk bilen egdi.
Daýym gelinlik üçin wada berlen şaý-sepleriň sanawyny çykardy. Barlagdan soň olaryň baha we agramy babatda wada berlenindäkiden has artykdygy belli boldy.
Şaý-sepleriň arasynda bir gulakhalkada bardy. Şombhunath ony alyp zergäre uzatdy-da, görmegi haýyş etdi.
— Bu zamanyň altyny, onuň düzüminiň altyny az — diýip, zergär aýtdy.
— Alyň — diýip, Şombhunath daýyma ýüzlendi-de, gulakhalkany oňa uzatdy.
Bu gulakhalkalar maşgalamyz tarapyndan gelinlige berlen sowgatdy. Daýymyň ýüzi çym gyzyl boldy. Çünki ol diňe bir gudalaryny garyplykda aýyplamak lezzetinden mahrum bolman, eýsem, özünem oňaýsyz ýagdaýa salypdy.
— Myhmanlaň ýanyna bar, Onupom — diýip, ol ýüzüni gamaşdyryp maňa gygyrdy.
— Duruň — diýip, Şombhunath gürrüňe goşuldy. — Men häzir nahar getirtjek.
— Ýigidi gelniň garyndaşlary bilen tanyşdyrmalymy? — diýip, daýym gygyrdy.
— Alada etmäň. Ýörüň…
Bu çekinjeň adam ägirt güýje eýedi, şonuň üçinem daýym oňa boýun bolmaly boldy. Nahar o diýen bol diýib-ä aýdyp biljek däl, ýöne şeýlebir tagamlydy welin, hemmeler hoşal boldy.
Şombhunath maňa-da hödür-kerem etdi.
— Bu näme boldugy? — diýip, daýym birahatlandy. — Öýlenýän ýigit nädip nika däbinden öň gelinligiň öýünden tagam iýsin?
Şombhunath daýymyň sözüne üns bermän, maňa tarap öwrüldi.
— Siz näme diýersiňiz? Bärde aýyp eder ýaly zat barmy?
Men bu gezegem daýymyň sözünden çykyp bilmedim.
— Men sizi gaty azara goýdum — diýip, Şombhunath aýtdy. — Biz baý adamlar däl, şol sebäpli sizi mynasyp garşylap bilmedik, bagyşlaň. Eýýäm giç, men sizi mundan beýläk saklamaýyn. Häzir…
— Häzir biz myhmanlaň arasyna barmakçy — diýip, daýym howlukmaç söz aýtdy.
— Häzir men size ulag getirmeklerini buýurjak…
— Oýun edýäňizmi?
— Oýny siz edýäňiz, mende göwün açmak islegi düýbünden ýokdy.
Daýymyň haýran galmakdan ýaňa gözleri tegelendi, ýöne bir sözem aýdyp bilmedi.
— Meni gyzymyň şaý-sepini ogurlamaga ukyply hasap edýän adamlara men gyzymy bermen.
Şombhunath bu sözleri maňa ýüzlenip aýtmady, sebäbi ol meniň sansyz adamlygyma göz ýetiripdi.
Soň nämeleriň bolup geçendigini gürrüň bermäge mende hiç hili isleg ýok. Myhmanlar topalaň turzup, çyralary döwüp, tekepbirlik bilen bu ýeri terk etdiler.
Saz sesi galdy, toý çyralary söndi, diňe ölügsije ýyldyraşýan ýyldyzlar ýolumyzy ýagtylandyrýardy.
3
Öýdäkileriň bary örän gaharlydy.
— Gelinligiň kakasy gaty tekepbir eken! Oň ýaly ahlaksyz adam şu dünýäde ýokdur. Indi onuň gyzyna hiç kim söz aýtmasa gerek.
Ýöne Şombhunath gyzyny durmuşa çykarmaga howlukmaýardy. Toýuň öňüsyrasy geljekki giýewisini öýünden kowan adam, ähtimal, tutuş Bengaliýada ýokdur.
— Saz ýaňlanyp, toý şemleriniň ýakylan çagy şeýle hormatly giýewini heýem masgaralap kowup goýbermek bolarmy?! — diýip, gelnalyja gatnaşanlar gussa bilen maňlaýlaryna urýardylar. — Toýy ýatyrdylar, bizi bolsa aldaw bilen tagam iýmäge mejbur etdiler. Bu zatlary yzyna gaýtaryp bolmaýanyna gaty gynanýarys.
— Men bu masgaraçylyga çydap bilmen — diýip, daýym gyzmalyk edip, gopgun turuzjak boldy. — Men arz ederin!
Ýöne ýagşy niýetli adamlar biziň has beter peçan bolmagymyzdan ätiýaç edip, ony bu niýetinden dändirdiler.
Meniň gaharymy söz bilen beýan eder ýaly däldi. Men diňe bir zat barada, bu zatlaryň bir pursatda üýtgemegini isleýärdim. Şombhunathyň aýagyma ýykylyp ýalbarmagyny, meniň bolsa ondan ýüz öwürmegimi dileg edýärdim.
Ýöne ýüregimde ýigrenç bilen bir wagtda oňat duýgularam bardy. Ýüregim durky bilen şol nätanyş gyza atygsap, özüme erk edip bilemokdym. Şol pursat biziň aramyzda ýekeje diwar bardy. Men onuň gyrmyzy sarisini, maňlaýyna basylan sandal agajyndan alnan boýagy we çym gyzyl bolan ýüzüni nädip suratlandyrsamkam? Şol pursat onuň ýüregini nähili duýgular gaplap aldyka? Hamala, jadyly lianalar güllerini güjeňläp, üstüme eglen ýaly, şemal bolsa olaryň ýakymly ysyny we ýapraklarynyň ygşyldysyny getirýän ýalydy. Şol pursat men ýeke-täk ýalňyz ädimi ätmäge taýýardym, ýöne ol örän uzaklara gidip, aramyz gaty daşlaşdy.
Men her agşam gyzy soramak üçin Binulara barardym. Ol kän gürlemeýärdi, ýöne her bir aýdan sözi ýüregime ot bolup sanjylýardy. Onuň gürrüňlerinden men gyzyň adatdan daşary gowy gyzdygyny bildim. Men birje gezegem onuň suratyny görmändim, şonuň üçinem onuň keşbini göz öňüne getirip bilemokdym. Onsoň ýüregim şol nika otagynyň diwarlarynyň arasyndakysy ýaly gussaly dem alyp, salgym ýaly gaýmalady ýördi.
Gyza suratymyň görkezilenini Horişden eşitdim. Meniň oňa ýaranlygym bolup biljek zat. Onuň suratymy sandyjagynda saklaýandygyny ýüregim pyşyrdap aýdýardy. Belki, otagy içinden gurup, syrly sandygy açýandyr-da, al ýaňagyndaky zülplerini titredip, suratymy synlaýandyr. Gapynyň aňyrsyndan aýak seslerini eşiden badyna bolsa, suraty müşk ysy kükeýän sarisiniň astynda gizleýändir.
Günler yzly-yzyna tirkeşip, aradan bir ýyl geçdi. Daýym bolan ýagdaýdan soň, meni öýermek barada dil ýaranokdy. Ejem bolsa ara birneme wagt salyp, ýagny bu masgaraçylyk adamlaryň ýatlaryndan çykyşandan soň, meni gaýtadan öýermäge synanyşjak bolýardy.
Men öňki gelinligime has abraýly ýigitleriň söz aýdandygyny, ýöne onuň hiç haçan durmuşa çykmajagyna kasam edendigini eşitdim. Bu bolsa meni hasam ruhlandyryp, arzuw kölüne batyrdy. Men öz arzuwlarymda gyzyň iýip-içmegini, saçlaryny daramagy ýadyndan çykarandygyny hemem gün-günden horlanýandygyny, kakasynyň bolsa oňa howsalaly garaýandygyny gördüm. Ine, bir gezegem ol onuň öz otagynda aglap oturanyny görýär-de: «Saňa näme bolýar, gyzym?» diýip soraýar. «Hiç zat bolanok, kaka» diýip, gyz howlukmaçlyk bilen gözlerini süpürýär. Ýöne ol Şombhunathyň eý görýän ýeke-täk gyzy ahyry. Şonuň üçinem ol suw ýetmeýän bägül ýaly gyzynyň solup gitmegine ýol bermejekdigi görnüp dur. Ine, onsoň amana gelen Şombhunath ahyry öýümiziň gapysyny kakýar. Ýeri, soň näme bolar? Ýigrenç edil ýylan ýaly ýüregime aralaşyp, ýuwaşlyk bilen pyşyrdaýar: «Myhmanlaň ýygnanyp, şemleriň ýakylan wagty, sen başyňdaky selläňi zyňarsyň-da, dostlaryň bilen gelinligiň öýüni terk edersiň». Ýöne gözýaş ýaly arassa duýgularym ajaýyp guwa öwrülýär-de: «Meni goýber, birwagtky Damaýantaň bagyna barşym dek, söýgüliň gulagyna hoş habar ýetireýin» diýip ýalbarýar. Soň näme bolar? Soň hasratyň garaňky gijesi tamamlanyp, direliş
ýagşy ýagýar-da, söýgülimiň ýüzi şatlykdan dolýar. Tutuş dünýe diwaryň bärsinde galyp, şol syrly otaga diňe bir adam girýär. Ine, şu ýerde-de arzuwlarymyň arasy üzülýär…
4
Maňa aýdara juda az zat galdy.
Men ejemi mukaddes ýerlere zyýarata aýlamaga gitdim. Sebäbi daýym bu gezegem Howr köprüsinden geçmäge ýürek etmedi. Ýolda barýarkak irkilipdirin, ýöne otly birsyhly silkelänsoň birahat uklapdyryn. Demir ýol menzilleriniň birinde oýandym. Ýagtylykdyr kölegäniň oýny ähli zady düýşdäki ýaly görkezýärdi. Diňe asmandaky ýyldyzlar köne tanyşlarym ýaly göz gypyşýardy, tüssä bürenen beýleki zatlar kesekidi. Çyralaryň ölügsi yşygyna daş-töwerekdäki ähli zat geň hem ýat bolup görünýärdi. Ejem berk uklapdy. Ýaşyl örtükli çyrajyk küpä zordan ýagty saçýardy.
Polda zyňlyp ýatan ýantorbalar, gapyrjaklar we beýleki goşlar hem hakyky däl ýalydy.
Ine, birden bu adaty däl dünýäde, bu täsin galdyryjy gijede bir ses eşidildi:
— Tizräk geliň, bärde ýer bar.
Göwnüme bolmasa, aýdym sesini eşidýän ýaly boldum. Bengal diliniň bengally gyzyň dilinde neneňsi ýakymly eşidilýändigine düşünmek üçin edil şondaky ýaly wagtam, bu dünýänem unutmalydy.
Ýöne meniň eşiden sesim bir tüýsli, üýtgeşikdi. Munuň ýaly ajaýyp sesi men öň hiç haçan eşitmändim.
Meniň pikirimçe, adamyň esasy aýratynlygy sesi. Adamyň sesini eşidip, has dogrusy, ýüzüni görüp, onuň kalbynda näme baryny bilip bolýar. Men derrew penjiräni açyp, daş-töwerege seretdim, ýöne hiç kimi görmedim. Garaňky menzilde duran nobatçy çyrasyny bulaýlady welin, otly ýerinden gozgandy. Men penjiräniň öňünde durdum.
Men ol gyzyň daş keşbiniň nähilidigini bilemokdym, ýöne onuň ruhy gözelligini welin ýüregim bilen duýdum. Ol tutuş dünýäni gurşap alan ýyldyzly gije ýaly elýetmez bolup, nätanyş gyzyň owazy bir pursatda kalbymy eýeläpdi. Ol biziň joşgunly döwrümizde ýeriň jümmüşinden çykan gudratly güle çalym edýärdi. Onuň näzikligini hiç bir zat ýok edip biljek däldi.
Maňa tigirleriň şakyrdysy aýdym ýaly bolup ýaňlandy. «Ýer bar, ýer bar» diýen sözler bolsa onuň ýaňy bolup eşidildi. Näme bar? Nähili ýer? Hiç hili ýer ýok! Hiç kim hiç kimi tananok! Ýa-da bilmezlik ýöne bir garaňkylykmyka, hyýalmyka? Eger onuň ýoluny üýtgetseň, onda onuň müdimilik bolmagam mümkin. Näme üçin men düýnki güne çenli ýüregimiň bardygyny bilmedimkäm, eý, maýyl ediji ses:
Kem-kem möwç alýan gözýaşym saklap bilemok.
«Ýer bar» diýen söz ýaň bolup ýüregimde galdy.
Şonuň üçinem howlugýan şol çakylyga.
Men gijäni birahat geçirdim. Nätanyş gyzyň düşenini görmän galaryn öýdüp her duralgada penjireden garaýardym.
Ertesi gün başga otla münmeli bolduk. Birinji derejeli wagonda adam az bolar öýtdük, ýöne haýsydyr bir general syýahata barýan eken-de, bu otla ep-esli goşy bilen esgerlerem garaşýan eken. Şonuň üçin birinji derejeli wagon barada arzuw edip oturasy iş ýokdy. Ähli wagon agzy-burny bilen depilip dykylan ýalydy. Biz gapy-gapy aýlanýardyk, ejemiň ýanymda bolmagy ýagdaýy hasam kynlaşdyrýardy. Birdenem ikinji derejeli wagondan bir gyz gygyrdy:
— Biziňkä geläýiň, ýer bar…
Men sandyrap gitdim. Bu şol «ýer bar» diýip eşidilen täsin owazly sesdi. Ejem ikimiz ýeke sekundam eglenmän wagona mündük. Men ýaly nalajedeýin adamy bütin dünýäni gözleseňem tapmarsyň, sebäbi men hatda goşlarymy salmaga-da ýetişmedim. Ýöne nätanyş gyz aljyrap durmady, ol biziň goşlarymyzy hammalyň elinden aldy-da, eýýäm ýerinden gozganan otla oklady. Dogrusy, surat alýan enjamym menzilde galypdy, ýöne onuň üçin sähelçe-de gynanamokdym. Ýöne şondan soňky bolup geçen zatlary nähili beýan etjegimi bilemok. Şol bagtly günüň keşbi ýüregimde hemişelik surat bolup galypdy. Ýöne nämeden başlap, nämede gutarsamkam? Men ähli zady birin-birin gürrüň beresim gelenokdy. Ahyry men özümi haýran eden sesiň eýesini gördüm. Men ejeme göz aýladym, ol irkilipdi. Nätanyş gyz on alty-on ýedi ýaşlaryndady. Gyz özüni erkin alyp barýardy. Ol nähilidir bir ruhy ýagtylyk bilen şugla saçýan ýalydy, onda hiç hili gowuşgynsyzlyk duýlanokdy.
Bu meniň ýadymda galan zatlaryň bary. Onuň egninde nähili sarisiniň bardygam ýadyma düşenok, sebäbi geýimidir şaý-sepleri onuň aý jemalynyň öňüni tutup bilenokdy. Gyz ýaňy açylan näzijek güle çalym edýärdi.
Gyzyň ýanynda üç sany kiçijik gyzam bardy. Ol olar bilen dynman gülşüp degişýärdi. Meň elimde kitap bardy, ýöne okaman olaryň gürrüňine gulak asýardym. Olar adaty çaga gürrüňlerini edýärdiler. Iň täsin ýeri hem — şol kiçijik gyzlar bilen bu gyzyň özi hem gaýtadan çaga öwrülen ýalydy. Gyzyň ýanynda birnäçe suratly kitapça bardy. Çagalar eýýäm birnäçe gezek diňlänem bolsalar, özlerine ýaraýan hekaýany okap bermegi ondan haýyş etdiler. Men çagalaryň haýyşyna düşünýärdim, sebäbi, hamala, jadyly taýajyk degen ýaly, nätanyş gyzyň sesi her bir söze aýratyn many berip, bar zady janlandyrýan ýaly bolýardy. Çagalar ondan çykýan güýje boýun bolýardylar. Gyzyň ýagty şuglasy maňa-da täsir edip, nurly dünýäm hasam ýagtylanan ýalydy. Bu gyz meniň üçin uç-gyraksyz asmanyň hemem armany-ýadamany bilmeýän hemişelik aýlanyp duran durmuşyň janly nusgasyna öwrülipdi.
Duralgalaryň birinde gyz gowrulan merjimek satyn aldy we kiçijik hemralary bilen iýmäge oturdy. Men örän çekinjeňdim, şonuň üçinem ondan merjimek soramaga bognum ysmady. Näme üçin men elimi uzadyp, islegimi beýan etmedimkäm? Men öz gorkaklygyma gaty ahmyr etdim.
Ejem gapma-garşylykly duýgulary bilen göreş edýärdi. Oňa ýaş gyzyň erkek adamyň ýanynda çekinmän merjimek iýip oturmagy ýaranokdy. Ýöne oňa nätanyş gyzy ýazgarmaga nämedir bir zat päsgel berýärdi. Ahyry ejem: «Gyz ýaramaz terbiýe alypdyr» diýen pikire geldi. Onuň bu täsin gyz bilen näler gürleşesi gelýärdi, ýöne ýat adamdan gaça durmak endigini ýeňip bilenokdy.
Şu pursat otly duralga geldi. Bärde generalyň ýany bilen gitmek üçin birnäçe adam garaşyp durdy. Ýer ýokdy, şonuň üçin adamlaryň bary biziň wagonymyzyň agzynda toparlanyşyp durdy. Ejem gorkudan ýaňa doňup galdy, menem howsala düşüp ugradym.
Otly ugramazyndan birnäçe minut öň menziliň nobatçysy ýüzüne ýazgy ýazylan kagyzlary biziň ýerimize ýelmäp çykdy-da:
— Bu orunlar eýeli — diýip, maňa ýüzlendi. — Siz başga wagona geçmeli bolarsyňyz.
Men howlukmaçlyk bilen ýerimden galdym.
— Biz bärden gitmeris — diýip, nätanyş gyz hindiçe gürledi.
— Gitmeli bolarsyňyz — diýip, nobatçy gyza ünsem bermän çynlakaý äheňde aýtdy-da, menziliň başlygyny çagyrdy — ol iňlisdi.
— Men örän gynanýan, ýöne… — diýip, ol maňa ýüzlendi.
Men goş daşaýjyny çagyrdym. Ýöne nätanyş gyz tarsa ýerinden turdy, onuň gözleri gahardan ýaňa ýanyp durdy.
— Siz bärde galarsyňyz! — diýip, ol maňa gahar bilen aýtdy-da, menziliň ýolbaşçysyna iňlis dilinde ýüzlendi: — Bu ýalan, ýerler eýeli däl!
Ol kagyzlary gopardy-da, ýyrtyşdyryp, daşaryk oklady.
Edil şu pursat biziň wagonymyzyň ýanyna iňlis generaly geldi. Ol ýanyndaky kömekçisine goşlary getirmegi yşarat etdi, ýöne gyzyň gaharly ýüzüni we aýdýan sözlerini eşidip, menziliň ýolbaşçysyny bir gyra çagyrdy. Olaryň näme hakda gürrüň edenlerini bilemok, ýöne otly saklanmaly boldy, sebäbi oňa ýene bir wagony berkitdiler. Gyzdyr çagalar ýene merjimek iýmäge oturdylar. Men bolsa utanjymdan nätjegimi bilmän penjireden garaýardym.
Otly ahyry Kanpura geldi. Gyz goşlaryny ýygnaşdyrdy. Ony we çagalary hindiçe gepleýän bir hyzmatkär garşy aldy. Şonda ejem saklanyp bilmän:
— Maňa adyňyzy aýdyň — diýip haýyş etdi.
— Kolleni — diýip, gyz jogap berdi.
Ejem ikimiz ziňkildäp gitdik.
— Siziň kakaňyza…
— Ol lukman, onuň ady Şombhunath Sen — diýip, gyz wagondan düşdi.
Epilog
Daýymdyr ejemiň aýdanlaryna gulak asman Kanpura gaýtdym hemem Kollenidir kakasy bilen duşuşdym. Meniň ýalbarmalarym Şombhunathyň ýüregini ýumşatdy.
Ýöne Kolleni:
— Durmuşa çykjak däl — diýdi.
— Näme üçin? — diýip, men soradym.
— Enemiň sargydy şeýle…
Nälet siňmiş! Eýsem, onuňam öz «daýysy» barmyka?
Ýöne gyzyň jogabynyň asyl manysyna soň düşündim: onuň «Enem» diýýäni — Ene topragydy. Toý bozulandan soň, gyz ömrüni zenanlara bilim bermäge bagyş etmek hakynda äht edipdir.
Ýöne men ruhdan düşmedim. Nätanyş gyzyň sesi Ýaradanyň çakylygy ýaly häli-häzirlerem ýüregimde ýaňlanyp dur. Ol meni ýaşaýşa çagyrýar. Şol garaňky gijede «ýer bar» diýip eşiden ilkinji sesim meniň durmuş owazymyň gaýtalanmasyna öwrüldi. Şol wagt men ýigrimi üç ýaşymdadym, häzir ýigrimi ýedi ýaşadym. Men daýyma ynanjymy bes etmedim, ýöne onuň bilen aramy kesdim. Ejem menden ýüz öwrüp bilmedi, sebäbi onuň ýeke dikrarydym.
Siz entegem men «oňa öýlenerin» diýip umyt edýändir öýdýäňizmi? Ýok! Meniň kalbymda diňe nätanyş gyzyň «ýer bar» diýen ýakymly sesi umyt-yşygyny döredýär. Elbetde, ýer bar. Ýyllar yzly-yzyna geçip dur, men bolsa bärde — Kanpurda ýaşaýan, onuň bilen görüşýän, sesini eşidýän, işlerine kömekleşýän, ýüregim onuň durmuşynda orun tapandygymy aýdýar. Eý, nätanyş gyz, seniň bilen tanyşlygymyň ahyry ýok! Men öz ykbalymdan razy, sebäbi men bu dünýäde öz ornumy tapdym.