Nadanlyk we kämillik hakda birnäçe pikir
Nadanlyk we kämillik hakda birnäçe pikir

Penşenbe, 28.12.2023 ý.
Öz janyna kast edýän adamlar hakynda oýlandym. Durmuşda öz ornuny agtaryp, emma tapyp bilmedik adamlar, esasan ýaşlar ömrüniñ bir ýerine gelende, bar zat petige diredi diýäge-de öz janyna kast edip, ýagty jahan bilen hoşlaşýarlar. Men muny ynsanyñ nadanlygy diýip düşünýän.
Bu pikiri umumy manyda aýdanymyzda hem Ynsanyñ ýagny Adamzadyñ, Onuñ alyhezretleri Adamyñ nadanlygy. Eýsem şu mahal adamzat öz janyna kast edenokmy?! Öz nadanlygynyñ hasabyna ýaşap ýören planetasynyñ tutuş ekologiýasyny howp astyna goýup, tebigata garşy amala aşyrýan gabahat işleri hakda aýtman geçip bolarmy?! Ykbaly pitige mündürilen dünýämizde döwletleriñ özlerine has güýçli, has aýylganç ýarag edinmek üçin bäsleşýän şu döwründe biz umumadamzat nadanlygynyñ berkarar tapyşyny görýäris. Internet torlarynda okan bir maglumatyma görä, Atlantik ummanynda tutuş bir yklymyñ tutýan ýerine barabar meýdany tutýan zir-zibildan ada döräpdir. Özem şol zir-zibil adasy kosmosdan hem görünýär eken. Dünýäniñ dört künjünde alnyp barylýän uruşlar garabasma ýaly bizi yzarlaýar. Yaş çagalary, aýallary garrylara çen gaýgyrman gyrýarlar. Magtymgulynyñ «Bir-biregi çapmak ermes ärlikden» diýen setirleri ýadyma düşýär. Ârlig-ä beýlede dursun, bu hatda adamçylykdanam däl. «Bu bir nadanlykdyr, belki körlükden».
Ýokardaky pikirlerden gaçyp, öz kiçjik dünýäme sygynýaryn. Düýn öz janyma kast eden bir ýaş mugallym gyzyñ kyrk sadakasyny berdiler. Il-günüñ çagalaryna bilim bermeli gyz, asyl bilim berip ýören gyz bir gijede bu dünyadan el ýuwýar. Sebabem ýok, her kim bir zat diýýär. Yöne näme bolaýanda hem öz janyñy, Ýaradanyñ amanat janyny beýle zor bilen yzyna gaýtarmak, birhili mantyksyz görünýär. Bilim-sowadyñ ýetik bolubam ölmegi, ýok bolmagy saýlamak kalbyñ nadanlygy diýip hasaplaýmasañ, bilmedim-dä menem.
Indi öz nukdaýnazarymdan gelen netijäm hakda aýtsam, ynsan näçe bilimli bolsa, şonça hem ruhy sowady kämil bolmaly. Wagtlaýyn ýaşaýyşda baýlyk hasaplaýan zatlarymyzy toplajak diýip, biz baky ruhumyza ölmek howpuny salýarys. Eger ruhumyzyñ diriligini we tämizligini isleýän bolsak, maddy dünýäniñ zatlary bize gerek däl. Kalbymyzyñ kämilligi ruhumyzyñ bakylygy. Nukdaýnazar