|

Mysapyryñ küýleri

Mysapyryñ küýleri MYSAPYRYÑ KÜÝLERI

Kän mahal dyman ummanyñ,
Şükür et, lal açmanyna.
Bilýäñmi neçüýn dymýanym,
Mynajat ol asmanyma.

Bar zatdan gözledim Seni.
Endik her zada añalmak.
Ýaradan özüñ jan-tenim,
Diýsemem bordy Enel-Hak.

Barlygym saña gurbandyr,
Älemiñ ähli ýerinden,
Ýanymda ýaly görýänsiñ,
Bilýäñ, ne geçýär serimden.

Kän mahal dyman ummanyñ,
Gudratyn gördi bu ruhum.
Biz günä bahryna çümen,
Lutfuña sataşdyk nädip?!

* * *

Men ýazmaga zat tapamok,
Nirde sen eý galam gaş?
Hem ýanmaga ot tapamok,
Gözlerde ýok ýalan ýaş.

Öñümde garañky gije,
Bu ýollarda ýalñyz özüm.
Meni öz dertlerim iýjek,
Gijaniñ bir wagty örüp.

Haýsy akly uzyn aýtdy:
Uzyn saçlyñ akly kelte.
Men zülpüñ yzlap gaytdym,
Ahyr meni Haka elten.

Assarly gep ýokdur mende,
Ýar diýip, Biribar diýip.
Yşk ýürekde, galam golda,
Ýola düşýän hyrka geýip.

Sen meni ýaksañ ýakyber,
Anyk ýanjagma ynanýan.
Dowzahda ýansamam barybir,
Men Hakyñ yşgynda ýanýan.

31.12. 2022. Moskwa.

Sylapberdi MUHAMOW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle