| | | | | | | |

Mährem enäniň ýazgylary -12/ dowamy

Mährem enäniň ýazgylary -12/ dowamy MÄHREM ENÄNIŇ ÝAZGYLARY

Ikinji bölüm
VI bap

Kitap okamak hakynda

Adama kitap okamak ýaly köp zat öwredýän, ony kitap okamak ýaly bilimli­-sowatly edýän zat ýokdur, oňa bolan akylly-­başly söýgi käte terbi­ýäniň ornuny hem tutup bilýär. Bize lezzet baryny bermek bilen, gowy kitap kalbymyzy we akyl ­paýha­symyzy birkemsiz bezeýär. Deňizde ýüzmegiň söw­da etmekligi kämilleşdirişi we käbir derejede dünýä­niň ýurtlaryny birleşdirişi, olaryň birini beýlekisiniň genji­ hazynasy bilen baýlaşdyryşy ýaly, kitap çap et­mekligi oýlap tapmak hem akyl­ paýhaslaryň tejribe alyşmaklaryny ýeňilleşdirdi, asyrlary biri­-biri bilen tapyşdyrdy, döwürdeşlerimize we olaryň nesillerine gadymy hem iň täze danalaryň eserlerini eçildi. Eziz balam, sen bu gymmatly oýlap tapýanyň gadryny bil­gin, akyl­-paýhasy bezemegiň iň ygtybarly serişde­si bolan kitapdan peýdalangyn, ýöne ony hiç haçan ýamanlyk üçin ulanmagyn. Kitap saýlap alanyňda, seresap bolgun. Öz borjuny ýerine salmak isleýän zenanyň kitap okap oturmagy üçin artykmaç wagty ýokdur. Onuň erkegiňkiden ejiz akyly, erkegiňkiden syzgyr ýüregi zenan maşgalanyň galat pikirlere, juda öçgünli duýgulara çalt uýmagyna sebäp bolýar. Şo­nuň üçinem ol diňe kalbyna ganat bekleýän, ýüregini besleýän, akyl­ paýhasyny ösdürýän kitaplary okama­lydyr. Ol hiç haçan onçakly köpem okamaly däldir. Bu jähetden artykmaçlyk nogsanlydyr. Ol akylyňa agram salyp, peýda ýerine zyýan getirýär. Sen iň go­wy diýjek ýeriňe artykmaç tohum sepip gör, başyna gören ýaly bolup peýdasyz ot biter, kimde­ kim gowy iýmit diýip, gereginden artyk iýäýse, bedeni gow­şap, şol iýen iýmiti onuň üçin awa öwrüler. Köp eseri ýüzleý bilenden, gowusy az, ýöne düýpli bilen gowu­dyr. Her kim kebelege görä balaryny gowy görýän­dir. Balary bir bägülüň üstünde esli salymlap uçman oturýandyr, kebelek bolsa ol gülden bu güle gonup ýörendir. Kebelegiň pelesaň urmagynyň maksatsyz bolşy ýaly, netijesiz hem galýandyr. Balary bolsa ýa­tagyna bal ýygnap gelýändir. Ezizim, sen az okagyn, ýöne iň saýlantgy eserleri okagyn. Her bir kitap ba­rada ymykly oýlangyn, ondan gerekli ýerlerini ýazyp algyn. Ýazaryň maksadyna we ruhuna düşüneniňden soň bolsa, diňe şondan soň, öz pikiriňi beýan etgin. Kitaby tejribeli adam bilen okamak, pikiriňi onuň pikiri bilen deňeşdirmek ýakymly bolýandyr. Tanyş kitabyňy esli ýyl geçeninden soň, täzeden okamak, häzirki we öňki oýlanmalaryň sebäplerini seljermek hem ýakymsyz bolýan däldir.
Seniň juwan ýaşyň, mümkin boldugyça köp okal­ýan we köp okalmaly döwürdir. Seniň şondan köp wagtyň, şondan köp höwesiň gaýdyp hiç haçan hem bolmaz. Yhlas bilen terbiýe berlen her bir ýaş gyz on alty ýaşynda zenan maşgala üçin zerur bolan äh­li ylymlary öwrenmelidir. Şondan soň oňa diňe kä­milleşmek üçin sungat galýandyr. On sekiz ýaşyna çenli uly ýygnanyşyklara barmansoň, ol sungatlardan we el işinden galan ähli boş wagtyny kitap okamaga bagyş edip biler. Liza, sen şol ýaşyňdan peýdalan­jak bolgun we öz terbiýäňi saýlanan eserleri okamak bilen tamamlagyn. Eger ýene birneme ýaşamak mi­ýesser eden bolsady, onda men bu akyl syýahatynda saňa ýol görkeziji bolup hyzmat ederdim, sebäbi şeý­le ýagdaýda gyzyna nämäniň gerekdigini, nämäniň peýdalydygyny, häzir nämäni okamaga berip, nämä­ni soňa goýup boljakdygyny ejesinden gowy bilýän adam ýokdur. Ýöne bu bagt maňa miýesser etmän­ soň, men saňa iň bolmanda umumy maslahatlar bir berip galaýyn. Eger şol maslahatlar ýeterlik bolmasa, olaryň üstüni ataň ýetirer­dä.
Dünýäde kalbyň owadanlygy ýaly mäkäm hem gymmat zat ýokdur, özüňe dinde we sahawatlylyk­da orun tapmak ýaly möhüm ylym­da ýokdur, şo­nuň üçinem men saňa şol maksatlara ýetmäge kö­mek edýän kitaplary okamagyňy maslahat berýärin. Men seniň her günde mukaddes kitaplary okamaga iň azyndan ýarym sagat wagt sarp etmelidigiňi eý­ýäm ýokarda bir ýerde aýdypdym. Ol kalbyňy beze­ýändir, sahawatlylygyňy artdyrýandyr, gamly günüň teselli berýändir. Soňra edebiýaty düýpli öwrenmek bilen meşgul bolgun, dürli taýpaly halklaryň taryhy­ny we edim­-gylymlaryny, urp­-adatlaryny üns berip ele algyn. Adatça, bizde rus dilinde ýazylan zat en­tek az diýýärler. Ýöne bu gün saýlanan eserlerimiziň ondan birini hem bilmeýän zenanlaryň hetdi­-hasaby ýokdur! Daşary ýurt dillerini okan bolup, olaryň bi­rentegi keseki ýurtly ýazarlaryň orta gürplüsine çenli bilýändirler, emma öz ene dillerinde welin olara saý­lanan eserler hem belli däldir. Sen taryhy kitaplary, iň gowy poemalary, syýahatnamalary, umuman, ähli peýdaly kitaplary okagyn. Ýöne sen entek örän ýaş we tejribesiz bolaňsoň, diňe okyjylary gyzyklandyr­mak maksady bilen ýazýan ýazarlardan gaça durgun. Men olaryň birenteginiň uly öwgä mynasypdygyny, olaryň käbirleriniň sadaja powestdir romanyň üs­ti bilen uly hakykatlary aýtmagy we häzirki zaman jemgyýetiniň dogruçyl suratyny çekmegi başaran­dyklaryny bilýärin. Ýöne sen olar bilen tanyşlygy birneme soňraga, baý tejribeli adamyň diňe öz göz­lerine, akyl­-paýhasyna ynanýan, hakykat bilen toslamanyň tapawudyny çöp döwen ýaly edyän döwrüne goýgun. Nebsimiz agyrsa­da, ýaş zenanlaryň köpüsi romanlary ölemen gowy görýärler. Elbetde, şeýle ki­taplaryň öňýeten üçin gyzyklydygyny gizläp oturasy iş ýok, olar ýaş gyzlar üçin­hä has hem gyzykly, se­bäbi olarda kämil adamlar, wepaly erkekler barada gürrüň berilýär, zenan maşgalanyň ähli bagty söýgä esaslandyrylýar. Ýöne şol kitaplara ynanýan, dünýä­ni we adamlary romanlarda beýan edilişi ýaly göz öňüne getirýän zenan käte juda ýalňyşýar! Dünýäde romanlarda beýan edilýän gahrymanlar ýaly adam­lar ýok. Liza, birneme soňrak, durmuşa çykyp, tejri­be toplanyňda we şeýle kitaplary okanyňda iň gowy diýjek romanyňda-­da toslama zatlaryň bardygyna, olaryň ýa okyjyny heýjana getirmek, ýa onuň bile­sigelijiligini artdyrmak, ýa­da kitaby gyzykly etmek üçin ýazylýandygyna özüňem göz ýetirersiň. Şonda sen olary jadyly kempirler we ýagşyzadalar bara­daky powestler bilen bir derejede görersiň, ynanjaň çagalary… hut şeýle gahrymanlar bilen güýmeýärler.
Onsoňam, gör, näçe zenan köplerde çendenaşa duýgurlyk döreden, olary belent duýgulara ýetmäge heserlendiren, beýan edilýän waka meňzeş wakala­ra imrikdiren romanlara köre­-körlük bilen ynanýar. Men şeýle ertekilere aldanan, adamlardanam, öz ýagdaýlaryndanam göwünleri kineli, hyýaly bagta jan edýän ähli adamlar barada nädogry pikir edýän, duýgy ýerine arzuw bilen ýaşaýan we öz toslap tapan dünýäleriniň adamlary bolup ýaşaýan, gör, näçe ze­nany bilýärin.
Liza, sen öz rahatlygyňy ýatda saklagyn, her bir minutyň gadyryny bilýärkäň, eliň aşagynda şunça gyzykly eserler barka, romanlary, iň bolmanynda, ýigrimi ýaşaýançaň bir okamagyn. Öz wagty gele­ninde sen olaryň iň gowularyny okap bilersiň, ýöne sen olara köňül beriji ýa­da lükgeligiň bilen ynanyjy bolmagyn. Sen hemişe romanlaryň gahrymanlary­nyň gözelliginiň hem, duýgularynyň hem, edim­-gy­lymlarynyň hem barypýatan toslamadygy hakyndaky ynamyňda galgyn. Men beýle kitaplary köp okaman­dym, olara ynanmandym, ýöne şonda­da çakdanaşa duýgurlyk olardan hyýal baryny susup alypdy. Men romanlar saglygyma zyýan ýetirendir hasap edýärin. Bu kitaplaryň onçakly peýda getirmeýändigini, ýöne çäklije akylly, çendenaşa duýgur adamlara diýseň zy­ýanlydygyny tä ölýänçäm hetjiklejekdirin. Gyzym, beýle kitaplary okamagyň hatarlydygyna seni ynan­ dyrmak üçin men şu ýerde görnükli bir ýazyjynyň pikirini mysal getireýin. Ol birnäçe sahypada aýtjak zadyny sanlyja setirde aýdaýypdyr. Ol şeýle diýipdir: «Romanlar köplenç ynsan hereketleriniň nädogry we ideal beýanyny özlerinde jemleýär, gyzykly beýan et­me arkaly olar ýaş juwanlaryň akyl­-paýhaslaryny al­daýarlar, howsala salýarlar, duýgurlyklaryny gyjykla­ýarlar, hyýallaryny zäherleýärler, hiç hili peýdaly zat öwretmezden, bir salymlyk güýmeýärler, emma sag­dyn paýhasy welin hemişelik zaýalaýarlar, bahar ýa­şynyň lezzetini zäherlemek bilen, kelleleri boşadýar, ýüreklere bolsa toslama betbagtçylyk aralaşdyrýar».
Gyzym, baby şu parça bilen tamamlamak arkaly, saňa maslahatlarymy alsaň diýip ýalbarýaryn. Sen hiç haçan dine, sahawatlyga we pespällige ters gel­ýän kitaplary okamagyn. Ýetişen gyzlara muny ata­-eneleri, ulular gadagan edýändirler, ýöne ärli gelinler beýle eserleri okamakdan gaýdýan däldirler. Liza, sen hiç haçan bu göreldä eýermegin, özüňem hiç ha­çan ulumsy bolmagyn. Seniň adamyň bolanynda nä­me, sen birnäçe ýaş garrarsyň, ýöne mundan tejribäň artarmyka? Aldawçy­ ymsyndyryjy görnüşde öňe sü­rülen ters pikir diniň, pespälligiň we sahawatlygyň iň mäkäm düýbüni köwüp biler, onsoňam beýle ki­taplary okamagyň netijesinde zenanlaryň bu we belki hem, geljekki durmuşyň bagtyndan jyda düşendigi­niň köp-­köp mysallary bar.

Üçünji bölüm

I nji bap

Ýazgarmak hakynda

Meniň günäli işler barada gürrüň edesim gelenok, etjegem däldirin, sebäbi Hudaýyň merhemeti bilen men oňa duçar bolup göremok. Bagtym meni bol­gusyz adamlar bilen tirkeşmekden saklap galandyr, kalbym bolsa beýle adamlaryň barlygyna zordan di­ýen ýaly ynanýandyr. Liza, men seniň takdyryň hem meniňkä meňzeş bolar diýip umyt edýärin. Men bu ýazgylarym bilen saňa diňe sahawatlylyga barýan ýoly ýeňletmek we seni azaşmalardan gorap sakla­mak isleýärin. Elbetde, munuň üçin has ezber galam gerek… Eger seniň kalbyňda sahawatlylyk şineleri bolmadyk bolsa, eger sen Hökmügüýçlüniň ýaradyşy ýaly bolmadyk bolsaň, meniň maslahatlarymyň jin­nek ýaly hem peýdasy bolmazdy, meniň sesim hem seniň kalbyňa aralaşyp bilmezdi. Dogrusyny aýtsam, zenan maşgalalar, iň bärkisi meniň sataşanlarym, az­gynlykdyr jenaýatyň töwereginde görnen däldirler, ýöne olaryň tebigy taýdan gowşaklygy olary kemçi­likdir azaşmalaryň üstünden aňsatlyk bilen eltip bil­ýändir. Olaryň içinde bütin ömürlerine hakykat ýo­ly bilen gitmek, özleriniň asylly sypatlaryna hiç bir zadyň şek ýetirmezligi üçin ýeterlik güýji bolýanlar az­-azdyr. Ýöne oňa derek sahawatlylyk ýolundan ymykly çykýan zenanlar az­-az bolýandyr, olar ikir­jiňlenýän ýalam etseler, göni ýoldan gyşarýan däl­dirler, käte azaşan ýalam etseler, ýene öňki ýerlerine dolanyp gelýändirler, käte ýalňyşsalaram, olary yhlas bilen düzetmäge jan edýändirler. Ýöne zenan maşga­lalar näme üçin bu günälerden sowlup geçip bilme­ýärkäler? Liza, ýüregiň ýalňyşmalaryndan nähili gu­tulyp bolýandygyny sen eýýäm bilýänsiň, indi bolsa men saňa zenanlaryň goýberýär diýlip köteklenýän, onda-­da, dogry köteklenýän kemçiliklerinden gaça durmagyňy towakga edýärin.
Eger erkek kişiler biziň üstümizden gülýän, käte bolsa bizi äsgermezçilik edýän bolsalar, muny biz öz jynsymyzyň köpsanly nogsanlarynyň biri hasaplama­lydyrys. Beýle kemçilikler erkek kişilerde has azdyr. Erkekler bize garanyňda onçakly syzgyram bolma­salar, has geçirimlidirler. Maýdajyk göripçiliklerden halasdyrlar. Biderek şöhrata kowalaşýan däldirler, bi­ziňki ýaly geň­-taňlyklary ýokdur, boş jedellerden ga­ça durýandyrlar. Ähli zada baş galdyryp, ownuk­-uşak işleri piňlerine alýan däldirler. Ähli kişileriň ugruny tapmak bilen, olar diňe zenan maşgalalaryň düşünip hem duýup biläýjek müňlerçe ownuk­-uşaklyklaryn­dan bizardyrlar. Üns bereniňe degmeýän hadysalary biz bijaý möhüm wakalaryň derejesine ýetirip go­ýandyrys. Zenan maşgalalar özleriniň iň bolgusyz bezegleri hakynda üç günläp dagy maslahatlaşmaga taýyndyrlar we şol bezeg barada şonça wagtlap je­delleşibem bilýändirler. Aýallary täze biçimde tikilen köýnegiň ýa­da ýoň bolan şlýapanyň gyzykdyryşy ýaly, erkekleri iň möhüm syýasy özgerişlik, iň ajap edebi hadysa hem gyzyklandyrýan däldir. Özüm­ä söweşde ýeňlen generalyňmy ýa­da gowy görýän zatlarynyň birini ýitiren, öz söýgülisinden jyda dü­şen zenanyňmy, haýsynyň köp gynanýandygyny bi­lip bilýän däldirin.
Gyzym, eger sen uly iliň hormat-­sylagyna myna­syp bolaýyn, asudalygymy üpjün edeýin diýseň, öz jynsyňdan belentde boljak bolgun we biziň artyk­maçlyklarymyzy puja çykarýan şol aýyplaryň hem­mesinden gaça durgun. Men bu bölümiň baryny kemçilikleri beýan etmäge bagyşlandyryn, şonuň üçinem men häzir olaryň iň esasylaryny nygtap geçjekdirin: bu babatda men gybaty ilkinji orunda goýandyryn.
Ýazgarmak, diýmek, beýlekilerde duş gelen kem­çilikleriňi, nogsanlyklaryňy dost-­ýarlaryň, tanyşlaryň ýanynda çişirip gürrüň bermekdir. Ýazgarmak, adat­ça, özümiziň çendenaşa köre-­körlügimizden we başga biriniň etmişine bada­-bat baha bermegimizden gelip.çykýandyr. Özgäni ýazgarmagy öwrenmekden aň­sat zat ýokdur, sebäbi ol seni heýjana getirýändir we gürrüň üçin egsilmez çeşme bolup hyzmat edýändir. Başda bu onçakly zyýansyz ýalam bolsa howpludyr, özem bozgakçylygyň bäri ýanyndan gaýdýan zatdyr. Eger ýazgarmaga endik eden zenan öz tanyşlaryndan aýypdyr kemçilik tapmasa, «olar görlüp-­eşidilmedik azaşmalara sezewar bolupdyrlar» diýip, toslama ýüz urýandyr, hatda töhmede diýen ýaly baryp ýetýän­dir… Bu sözi eşideniňde iniň dyglap gidýär. Şondan soň dünýäde ýakyn adamlarynyň bagtyýarlygyndan özüne gybat-­güýmenje gözleýän kişileriň, görmedik­ bilmedik zatlary barada agyz dolduryp gürrüň berýän, olary güwä geçip bilmejek etmişlerinde aýyplaýan mahluklaryň barlygyna juda kynlyk bilen ynanýar­syň. Olar barada gürrüňi uzaldyp oturmaýyn, sebäbi diňe Lizamyň bir beýle aýby bolaýmabilsedir diýip içimi gepletdim, onsoň maňa arkaýyn ölmek ýokdur. Meniň diňe kesekini ýazgarmak barada gürrüň edýän­ligimiň sebäbi: ol juda giň ýaýransoň, her bir adamyň onuň täsirine düşmegi mümkindir.
Duş gelýän beýleki aýyplar barada hem agzaman geçmek mümkin däldir. Adamlar ýeterlik kämil bol­mansoň, şol nogsanlyklar barada-­da agzalmasa, kem­terlik edildigi boljak. Ýöne welin, sähelçe kemçiligi dile çolamak gerekmikä beri? Ýakyn hasap edýän adamyň iň bir zyýansyz etmişini kesä çekip, başga biriniň aýbyny keýp edip ýazgarmak nämä gerek­miş? Meniň pikirimçe, kesekiniň aýbyny her kim gö­rüp biler, sebäbi hemişe gözüňi ýumup gezip bolma­ýar. Her kimiň olara gynanmaga, olar barada ýakyn görýän adamlarynyň ýanynda gürrüň etmäge, kemçi­liklerden özüniň halas bolmagy üçin gynançly nusga­lary peýdalanmaga haky bardyr, ýöne ol olar barada gerek bolsa-­bolmasa, onda­-da hamana özi kämilligiň nusgasy ýaly, ýersiz ýere kelle göçürip, bokurdagyna sygdygyndan gygyryp ýörmeli däldir. Hiç kim kese­kiniň sypatyna, ýaşyna dil ýetirmeli däldir, sebäbi bu tebigatyň ýa­da bir betbagtçylygyň işidir. Hudaýtaga­lanyň bize beýleki jandarlara garanyňda akyly, zehi­ni köp bereni üçin, biz bu peşgeşleri hyýanatçylykly peýdalanmaly däldiris we sypaýyçylygy elden be­rip, kesekiniň aýyplaryny açan bolup, öz artykmaç­lyklarymyzy mazamlamaly däldiris. Gyzym, gepiň tümmek ýeri, baky bagtyýar hem arkaýyn bolaýyn diýseň, adamlardan azrak aýyp gözlegin we kowum­ garyndaşyň kemçiligine garanyňda, gowy sypatlary barada köpräk ýanjajak bolgun. Adam bary barada bigäne pikir etmek hiç haçan hem biziň jynsymyzyň maňlaýyna ýazylan zat bolmaly däldir. Bolup geçýän zatlara şeýle garamaklygyň köpi görenlikden bolýan­dygyny men erkek adamlardan, gojalardan köp eşidipdim. Tejribelilik, umuman, akyl­-paýhasyň genji­ hazynasy hasap edilýändir, ýöne bu baýlyk köňüldir ýaşlygyň ähli arzuw-­isleglerini ýoga çykarýan bolsa, şunuň özi geň-­taň hem­de gussaly ýagdaýa öwrüler­di, onuň berýän peýdasyndan zyýany köp bolardy.
Seniň tebigy akylyň we wäşiligiň kesekileriň gül­künç hem aýyp taraplaryny ýüzugra açyp, olary şo­laryň ýanynda gyzykly edip gürrüň bermegi aňsatlyk bilen başarardy. Ýöne kimdir biriniň göwnüne degip biläýjek ýakmaz söz agzyndan sypaýmaz ýaly, seniň mylaýymlygyň dahanyňa diýseň berk bolsun. Seniň pidaň utanyp gyzarmagynyň, girere deşik tapman al­jyraňňylyga düşjeginiň öwezini giden märekäniň jan edip öwmekleri, hezil edip gülmekleri hem hiç haçan dolduryp bilmez. Sen­ä öwgüleriň şowhunyny derrew unudarsyň welin, pidaň utanyp, özüni nirä urjagyny bilmeýän ýagdaýy seniň göz öňüňden wagty bilen git­mez we kalbyňy lerzana getirer. Beýle degişmelere en­dik etseň, öz­-özünden duşman baryny gazananyňy we ýaman atly bolanyňy duýman galarsyň. Çökder göwne degilmeleri gulaklarynyň duşundan geçirseler­de, öz­lerini gülkünç ýagdaýa salan degişmeleri, öldür ýat­dan çykarmaýan adamlar bardyr. Men şeýle wakanyň şaýady boldum we göreniň üstünden gülmegiň ýaş ze­nan üçin diýseň hatarly bolýandygyna göz ýetirdim.
Durmuşa çykanyma iki aý bolanynda Moskwa gezmäge gidenimi eýýäm saňa gürrüň beripdim. Adamymyň meni garyndaşlarynyň birenteginiň ýa­şan şu şäheri bilen tanyşdyrasy gelipdi. Men basym birnäçe öýde, şol sanda hanym S…­nyň öýünde hem myhmançylykda boldum. Ol näzeniniň owadanlygy, akyl-­paýhasy, depseň yranmaz baýlygy babatda-da­ barasy dag aşan ýigrimi ýaşlaryndaky Nadenka atly gyzy bar ekeni. Erkek kişileriň küýseýän zatlarynyň barysy bar bolan bu ýaş juwanyň ýekeje­de aşyk ýigi­diniň bolmazlygy maňa geň­-taň bolup göründi. Me­niň: «Munuň sebäbi näme?» diýen soragyma: «Nadýa janyň çagalykdan başlap görene at dakyp, göreniň üstünden gülmek häsiýeti bar» diýip jogap berdiler. Pähimsiz­-paýhassyz ata­-ene gyzlaryna bu ters gyly­gy çagalykdan taşlatmagyň ýerine onuň degişmele­rine, şorta sözlerine heşelle kakyp gülüpdirler. Biçä­re Nadenka uzagyndan özüne howa ýaly zerurlyga öwrülen şol aýyp bilen ösüp­ ulalypdyr. Gowy­-gowy adamlaryň arasyna düşeninde, ol ýygnananlaryň her birini üns berip synlapdyr. Her biriniň gürrüňini üns berip diňläpdir. Olaryň her biriniň gülkünç tarapla­ryny bejitlik bilen kakyp alypdyr, kiçeňräk oturyly­şyklardan öýlerine dolanyp gelibem ol telim günläp berjek gürrüňini, has dogrusy, ýaňsa aljak zadyny peýläpdir. Onuň ýaňsyly gülküsinden ne ýaş, ne tebigy şikest – hiç zat sypmandyr. Ol göwnaçyk gyzam bolsa, hemme kişä degip çykypdyr. Onuň gözelligi­ ne, şaý­-sepine maýyl bolanlaryň barysy esasy aýby­ny gören destlerine arany açmak bilen bolupdyrlar. Olar hiç kime rehim etmän, göreniň üstünden gülüp ýören gyzyň yzgytsyzlygyny we tekepbirligini aňyp­ dyrlar. Basym Nadenkany hemme kişi ýigrenip ug­rapdyr. Hut biziň Moskwa baran çaglarymyzda onuň bet gylygy baradaky gürrüňler eýýäm jümle-­jahana dolan ekeni. Onuň ata-­enesi biziň daşkyrak garynda­şymyzdy, şonuň üçinem biz olara telim gezek gezmä­ge barypdyk. Biziň bilen Moskwa seniň kakaň sallah agasy hem gidipdi. Nadenkany onuň sulhy alypdy, ol onuň aýyplaryny bilýänem bolsa, olara ynanmaýardy, muňa özüniň gözüni ýetiresi gelýärdi. Ol onçakly ýaş däldi, ýöne görmegeýdi, baýdy we diýseň sowatlydy. Özdiýenli, kesgir häsiýeti bardy. Ol goşunda gulluk edipdi, gullukdan boşanynda bolsa polkownik çini, birtopar ordeni bardy we beýniniň sarsmagy zerarly onuň eşidişiniň ugry ýokdy. Namys meýdanynda ýe­ten bu şikesi ýaş gyz, gowulygyň nyşany saýaýjak ýa­lydy welin, seniň agaň hem Nadenkanyň şerebeli di­linden gutulyp bilmedi. Polkownigiň güler ýaly başga hiç hili aýby ýokdy. Gyz ony näçe diýseň halaýan hem bolsa, hatda ýüregi suw bolup, ata­-enesi bilen birlikde onuň basymrak söz aýtmagyna garaşýan hem bolsa ýaramaz endik söýgüden we durmuşa çykmak bara­daky arzuwdan rüstem çykdy we polkownigiň çalaja kerligi akylsyz-­paýhassyz gyzyň degişmeleriniň we ýaňsa almalarynyň öýjügine öwrüldi.
Biz adamym ikimiz beýle är­-aýallygy unamadyk, ýöne polkownigiň Nadenkany sulhunyň alandygy­ny görüp durkak, biz ony bu pälinden gaýtarjak bo­lup durmadyk. Üstesine­de Nadenkanyň bu aýyby­ny ýüreginiň jümmüşinden däl­de, endiginden gelip çykýandyr hasap etdik. Tanyşlykdan telim hepde geçeninden soň, yşgy gün-­günden möwç urýan we Nadenkanyň şerebeli sözlerini onçakly seljermedik polkownik söz aýtmagy ýüregine düwdi. Munuň üçin ol keseki adamlaryň üstünden baraýmaýyn di­ýip, juda irki sagatlary saýlap aldy. Ol çekine-­çeki­ne Nadenkalara ugrady, ynha, Nadenkadyr ejesiniň oturan otagy bilen aralarynda aýna gapy dur. Olaryň ikisi­de hahahaýlap gülüşýärdiler we gaty-­gaty gür­leşýärdiler. Polkownik içinde baryny edip diňşirge­ýär… Görýän yşaratlaryna, eşidýän sözlerine görä, ol hahahaýlap gülmäniň sebäbiniň özüdigini aňýar we Nadenkanyň polkownik bilen düýnki eden gürrüňini, şonda-­da polkownigiň öz adaty boýunça telim gezek öte eşidendigini çişirip gürrüň berip oturandygyny görýär. Nadenka kä özüne, kä oňa öýkünmek bilen gaty-­gaty gürläpdir, onsoň ony iki otag beýlede duran polkownik birkemsiz eşidipdir. Nadenka oýnaýan sahnasyny öz maňlaýyna ker äre çykmak takdyrynyň ýazylandygyna gülküli gynanç bildirýändigi bilen ta­mamlapdyr. Diýseň göwnüne deglen we niýetinden el çeken polkownik zenanlaryň otagyna giripdir. Ol gelmeginiň sebäbini enesinden hem gyzyndan gizläp durmandyr. Nadenkanyň bagtynyň ýatmazlygyny ar­zuw edýändigini, özüniňem aýalynyň ýaňsa almala­rynyň çeşmesi bolasy gelmeýändigini ýaňzydyp, ol has geçirimli gelinlik gözlejekdigini aýdypdyr. Şon­da Nadenkanyň utanyp ýere girip bilmändigini ýazyp beýan eder ýaly bolmandyr, ol öz aýby zerarly agyr kesele uçrapdyr. Bu etmiş onuň töweregindäki az sanly joralaryny hem gaçyrypdyr we ähli jemagaty özüne duşman edip goýupdur. Şonuň üçinem Naden­ka Moskwadan çykyp gitmäge mejbur bolupdyr, ol häli­-häzire çenli hem ata­-enesi bilen obada ýaşaýar.
Özgäni ýazgarmagyň, bälçiklik etmäniň, ýaňsa al­manyň we kişä öýkünmäniň netijesi, ine, şeýle gu­tarýandyr. Bu barada sen ymykly oýlangyn, Liza, onsoňam öz­-özüňden mydam göwnüň hoş bolmagy­ny isleseň hem­de ähli kişiniň söýgüdir hormatyny gazanaýyn diýseň, şeýle endiklerden gaça durgun. Meniň göwnüme diňe iliň hasabyna dilewarsyran bolýan zenanyň akyl­-paýhasyna baş galdyrmaly däl­mikä diýýärin, sebäbi ýazgarylmaga mynasyp beýle endige öňýeten adam diýen ýaly hötde gelip biler.

Terjime eden:Daňatar Berdiýew

«Dünýä edebiýaty» žurnaly  1/2011­ Edebi makalalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle