Lenç edilen nakyl
Lenç edilen nakyl

Adam pahyr çig süýt emen,
Bilýän,
Asyl oň özi bir bisabyr.
Bişirip bererdi dözmeziň eneň,
Şu sözi diýjegňi bilende eger.
Ynsan köňli kerwensaraý mysaly,
Onda ýüz-müň güman düşläp geçermiş.
Gör-bak, süýtde agzy bişen ynsany,
Soň sowuk suwa hem üfläp içermiş.
Sylapberdi MUHAMOW.
08.10.2017. Goşgular