|

Kyýamat kasasy

Kyýamat kasasy

KYÝAMAT KASASY

"Şeýdip guduz it deý däliräpdir ol,
Öz etini iýip ölşün gördüm oň".
Nobatguly.

Bir mahal biz ilde bir deýýus ýaşan,
Ile-güne ot ýakdyrman, gün bermän.
Kime «kulak» diýip,
Kime-de «işan»,
Gümün çekdirenmiş elinde perman.

Pis keselli ýaly ýaşap ýörüpdir,
Goturlan deý her görenne süýkenip.
Zorlapdyr, horlapdyr, ezýet beripdir,
Ýok etdirip baş göterer öýdenin.

Uly agalaryna arkasyn diräp,
Ýigrenjin gazanyp il-u- halkynyň,
Ýetim çagalaryn gezipdir horlap,
Bir dili dogaly işan-magtymyň.

Edil gara tüweleý deý towlanyp,
Iliň-günüň depesinde dabyrap.
Taýagyň iki ujam degen aýlanyp,
Deýýus arçyn ölenmişin däliräp.

Ryswa bolup, ile-güne masgara,
Däliräpdir,
Öwrülipdir zyr-jynla.
— Aýagyn tutsana,
— Elin tutsana,
Saklapdyrlar gol-aýagyn zynjyrlap.

— Men eşek, men eşek, men eşek, — diýip,
Hatap ýaly giňden açyp agzyny.
— Şeýtanlary kowjak, dişlejek diýip,
Agyz urup, gemirýärmiş omzuny.

Agzy ýetmesin diýp iki omzuna,
Eşek küçenini geýdiripdirler.
Hiç ýamanlyk etme adam ogluna,
Diýip ozaldan aýdylypdyr-la.

10 maý 2005.

Sylapberdi MUHAMOW.

Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle