Köne metjit
Köne metjit
Galdy metjit obamyzyň çetinde,
Galdy täze obamyzdan saýlanyp.
“Nirä gitdi ol hudaýhon adamlar?..”
Diýip otyr metjit gamgyn oýlanyp.
Ol bir hudaý bilen düşünşip bilýär,
Adamlara habar gatyp bilenok.
“Indi men näderkäm bu dünýä şeýle
Dowam etse…” diýip, ýatyp bilenok
Gelýän bar ýanyna,
Garap durýan bar,
Gamlanýan ýok, gaýtam ýaňlanýar mukam.
Metjidem oýlanýar: “Indi şulary
Geň galdyrmak üçin durmalymykam?!”
Nury BAÝRAMOW. Goşgular