Indi sen kaka bolduň!

Indi sen kaka bolduň!

Ke­rim aş-Şa­zi­li

Häzirki zaman arap dünýäsinde tanymal ýazyjylaryň biri hasaplanylýan Kerim aş-Şazili 1979-njy ýylda Müsür Arap Respublikasynyň Dakhaliýýe welaýatynda doguldy. Durmuşda öňüňde anyk we beýik maksat goýup ýaşamak, hemişe halal işlere we arassa serişdelere gol ýapmak, durmuşyň dürli pursatlarynda darykdyrýan ýagdaýlara uçranyňda hem päkize pällere we tämiz niýetlere hemra bolmak, durmuşy, dostlaryňy, daş-töweregiňdäkileri we tutuş dünýäni söýmek arkaly söýülmek — ýazyjynyň ömrüniň şygary. Onuň döreden ähli eserlerinde hem ýaşlaryň diňe şu güne däl, eýsem, geljege hem häzirden taýýarlyk görmegi ündelýär. Beýik pikirler şöhlelenýär. Onuň «Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary» atly eseri türkmen okyjylaryna ýetirildi. Munuň bilen birlikde «Özüne çekiji şahsyýet», «Durmuş — küşt öýjügi», «Uly durmuş üçin kiçi pikirler», «250 hikmet», «Beýik bolup ýaşa!», «Aýratyn hilli zenan» ýaly ýene birnäçe kitaplary edep-terbiýe, aň-düşünje nazaryndan ýazylandyr. «Tomus buludy», «Söýginiň dili», «Söýginiň taryhy», «Söýgi damjalary» atly eserleri bolsa maşgala gatnaşyklaryny berkitmeklige degişlidir. «Size indi düşündim» hem-de žurnalymyzyň şu sanynda size hödürlenýän «Indi sen kaka bolduň» ýaly birnäçe eserleri bolsa ene-atalar bilen çagalaryň arasyndaky baglanyşygy, düşünişmegi has-da berkitmek üçin ýazylan durmuşy we ylmy gollanmalardyr. 

Indi sen kaka bolduň!

Bu mese-mälim hakykat. Aýagyň astynda ýatan körpeje balanyň çyrlaýan sesi we yzynda goýýan alada-başagaýlygy muňa delil.

Indi durmuş gymmatlyklarynyň üstüne seni ýola salyp ugradýan körpeje balanyň ýylgyryşyny, onuň bilen oýun edeniňde jykyr-jykyr gülşüni, bir özüň daşary çykjak bolanyňda, özüni hopba etmeseň, eljagazlaryny galgadyp, çyrlap nägileligini bildirişini hem goşup bolar.

Indi sen kaka bolduň!

Ilkinji perzendimize gözümiz düşende täze bäbegi gutlamaga gelen dogan-garyndaşdyr dost-ýarlaryň, deň-duşlaryň gulagymyň düýbünde iň köp gaýtalan sözleriniň biri şu boldy. Ýerli-ýerden üstüme eňterilýän, jandan syzdyrylyp aýdylýan jümleler mundan bu ýana nähili hereket etmelidigimi ýatladýardy: «Tüweleme, indi sen kaka bolduň. Oýnalyp geçilýän oglanlykdan saýlandyň. Çagalaryň azyk-owkadyny, geýjek-goýjagyny üpjün edip, olaryň aladasyna berilmeli. Indi öňküdenem köp işlemeli, köp gazanmaly. Boýnuňa borç bary münendir, sen hötde gelmeli. Indi durmuşa çynlakaý çemeleşmeli» diýýärdiler. Bilmedim, kimdir biri meniň telli-pelli kaňkap ýören, buzda typmakdan başga güýmenjesi bolmadyk, durmuşa ýa-da maşgala diýilýän mukaddeslige biperwaý bakýan biridigimi olaryň gulagyna guýan ýalydy (Aslynda welin, men beýle däl). Ýöne perzent terbiýesine çynlakaý çemeleşmelidigimi öwran-öwran nygtasalar-da, maşgalamyza goşulan bu täze wekile — täze perzende nähili terbiýe bermelidigim ýa-da terbiýäni nähili bermelidigim hakda olaryň hiç biri iň bolmanda ýekeje degerli zady gulagyma pyşyrdamady.

Olar üçin terbiýe müşgil mesele dälem ýaly, aňsat bir zada meňzeýär ýa-da çagalaryň aladasyny etmek diýlende, olaryň iýjek-geýjegini we beýleki maddy zerurlyklaryny üpjün etseň ýeterlik diýip düşünýän bolmaklaram mümkin. Bir möhüm sowal welin böwrümi byjyklady durdy: Men oglumy nähili terbiýelemeli? Aňymdaky düşünjeler we göz öňünde tutýan terbiýäm dogry-dürs terbiýemi?

Ýönekeýje göz bilen özümize nazar aýlanymyzda, asylly gylyk-häsiýetleriň ýany bilen bilip-bilmezden terbiýämize siňdirilen, häsiýetimize ornan ownuk-uşak hatalaryň bardygyny duýarsyňyz. Durmuşda aýgytly hereket etmekden, dogry çözgüt çykarmakdan we belli bir karara gelmekden saklaýan käbir häsiýetler hakda aýdýaryn. Olar aň-düşünjelerimize mäkäm ornapdyr welin, hatda terbiýe berliş usulynyň aýrylmaz bir parçasyna öwrülip galypdyrlar. Bizem eýdip-beýdip öz çagalarymyzy hut şol taýýar galypda terbiýelemäge çalyşýarys.

Eger-de göz guwanjymyz perzentlere dogry-düzüw terbiýe bermekçi bolsak, onda köneden galan käbir galat we häzirki döwrümize gabat gelmeýän düşünjelere çäk goýmak gerek. Olary ilki paýhas eleginde mazaly elemeli. Şu günümize we geljegimize haýry degmejek, derde ýaramajak düşünjeleri gypynç etmän ýeňsä oklamaly. Täze pikirler, paýhas-düşünjeler bilen üstüni ýetirip baýlaşdyrmaly. Maşgaladaky esasy müşgillikleriň, ýagny agzalalyk, birek-biregi sylamazlyk, hetdenaşan goh-galmagal, hökman ýerine ýetirilmeli permanlar, ýitip giden süýji söhbetleriň… düýp sebäbini agtarmaly. Öýde höküm sürýän diýdimzorlugyň, çagalara zabun daramagyň ýa-da olary gereginden artyk läliksiretmegiň zyýany barada, şeýle hem bir öýüň içinde çagalary ala tutup, birini beýlekisinden eý görmegiň olaryň ruhy-psihologik dünýäsine bitmez ýara salýandygy hakda pikir alyşmaly.

Bir söz bilen aýdanyňda, oýlanyşykly terbiýäniň nämedigini hem-de ony çagalara nähili bermelidigini bilmegimiz gerek.

Men bir zada pugta ynanýaryn, aň-düşünjeli, oýlanyşykly terbiýe milletiň ownamazlygy we ýitip gitmezligi üçin iň ilkinji hem-de iň möhüm zerurlykdyr. Dürs terbiýe görmedik perzent terbiýe görmedik milleti emele getirer. Häzirki döwürde halklaryň maddy hal-ýagdaýynyň ösüş ölçegi (bagtyýarlygyň ölçegi) olaryň sagdyn terbiýeli, giň we çuňňur dünýägaraýyşly, aň-düşünjeli, akylly hem-de öňdebaryjy tehnikalara erk edip bilýän adamlarynyň sany bilen kesgitlenilýär (öňdebaryjy tehnikalara erk edip bilýän nesli kemala getirip bilýändigine bagly).

Ykdysady, medeni-aň ösüşi babatda «Aziýanyň peleňleri» diýen ada eýe bolan Koreýa Respublikasy, Ýaponiýa, Malaýziýa ýaly Aziýa döwletleriniň tejribesi mälimdir. Bu ýurtlaryň köptaraplaýyn ösüşine itergi beren sebäpleriň ilkinjileriniň biri hökmünde olaryň jemgyýetçilik gurluşlary, öňe sürülýän başlangyçlar we adamzat gymmatlyklary babatda täzeçe we döwrebap terbiýe beriş usulyna daýanýandyklaryny agzap bolar. Olar milli ruhy ýitirmezden, terbiýe meselesine düýpli we täzeçe çemeleşmek arkaly uly ösüş gazandylar. Ýaş nesilleri şol düşünje bilen terbiýelediler. Bu ýurtlarda iň gymmatly hazyna we hakyky sermaýa — maksada okgunly, geljekki ädimlerini öňünden kesgitläp bilýän, ukyp-başarnykly we täze kämil tehnikalara erk edip bilýän adamlar diýlip kesgitlenildi.

Gazylyp alynýan tebigy baýlyklara ýa-da çig mal serişdelerine garypdygy olaryň ösüşini bökdemedi. Ýaponiýany mysal alyp göreliň, Ikinji jahan urşunda ýeňlişe uçran bu döwlet ýaňy-ýakynlara çenli, hatda iýjek nahar duzunam daşary ýurtlardan getirýärdi. Bu wagt bolsa ol senagat taýdan ösen läheň döwletleriň birine öwrüldi.

Ýa-da Hytaý, Malaýziýa, Koreýa Respublikasy ýaly ýene birnäçe döwletleriň ösüş ýoluny, tejribesini mysal alyp gör. Otuz ýyl çemesi mundan öň olar baý döwletleriň gapysyny kakýan ülkeleriň biridiler.

Hakyky garyplyk eliňde çig malyň, sermaýanyň, puluň ýoklugy däl-de, iliňde zehinli, ukyply, etjek işini bilýän, halk üçin ylgaýan akylly adamlaryň bolmazlygydyr. Muny arap dünýäsinde meşhur bolan söz düzümi bilen beýan etsek: «Ukyp-başarnyklaryň ýok edilmegi ýa-da ukyply, zehinli adamlaryň öňüne böwet basylmagy» diýip ýaňzydyp bolar. Bu hereket gojaman taryhyň dowamynda ýyllarboýy dowam eden nogsanlyklaryň biridir. Bu ýagdaý islendik milletiň ösüşini bökdeýän ýaramaz hadysadyr, ýaňy düwen arzuwlary heniz bişmänkä, şahasy bilen bilelikde döwüp taşlamakdyr.

Terbiýäniň täsirine, gudratyna, güýjüne bolan ynamym örän berk. Ösüş ýoly bilen öňe ilerläp, dünýä döwletleri bilen bäsdeşlige ukyply bolasy gelýän milletiň ösüşiniň syry — sagdyn we dogry terbiýede jemlenýär. Şonuň üçinem, mähriban kaka, bu setirleri hut seniň üçin ýazdym. Biz öz çagalarymyzyň terbiýesine täzeçe çemeleşmek arkaly olary dünýämizi gurşap alan nogsanlyklardan saplap bileris, sagdyn terbiýe arkaly sagdyn nesli bina ederis.

Çagalara nähili terbiýe bermeli we şol terbiýäni nähili bermelidigini öwrenmek wajypdyr. Elbetde, täze çemeleşmeleriň öz hupbaty bolar, bu ýollarda ýadarys, surnugarys, ýöne ýan bermeris. Ata-babalarymyzdan miras galan edep-terbiýäniň içinden iň gereklisini saýlap alarys. Döwrümize laýyk bolmaýan, geljege mynasyp görülmeýän, şu wagtky ýaşaýşyň hasaplamalaryna asla bap gelmeýän otüki zatlary bolsa gyrada goýarys.

Terbiýä täzeçe çemeleşmeleri mazamlap otyrkak kimdir biri terbiýä beýle uly ähmiýet bermegimiziň syry bilen gyzyklanyp, sowal bermegi mümkin:

Biz bu gün tälim-terbiýe meýdanynda köpçülige nämeleri hödürläp bileris?

Ilki bilen, ýaşaýan döwrümize mahsus bir zada dykgatyňyzy çekesim gelýär. Näme üçindir hakyky durmuş biziň göz öňünde tutýan hasaplamalarymyza çapraz düşýär. Orta mekdebi düýn tamamlan biri bu gün il içinde uly abraýdan peýdalanyp, uly mertebelere eýe bolýan wagty elinde ýokary bilimiň diplomy bolan başga biri özüne ýa-da kärine mynasyp iş tapman, ölmez-ödi günema bilen güzeran aýlaýar. Diýmek, ol ýerde özgeler bilen işleşmek, gatnaşyk saklamak başarnygy hem uly rol oýnaýan bolmaly. Bilmeli, öwrenmeli, düşünmeli zatlarymyz örän köp. Şahsy kämilligini ýokarlandyrmak isleýänler üçin gapy giňden açyk.

Ir döwürlerde azym-küjüm durmuş tejribesi hem-de az-owlak puly bolan adamlar, soňlugy bilen, gurply, mal-mülkli bolmagy başarýardylar. Häzirki döwürde bolsa kompýuteriň diline ýa-da internet sözlügine düşünmeseň, iş diýip kakan gapyňda ýüzüňe gülüp bakýan ýok. Sowatsyz, düşünjesiz, okap-ýazyp bilmeýän adamlar (ýogsam olaryňam käbiri döwür üýtgäýse bu ýeňil gazançlaryndan mahrum boljakdyklaryndan gorky etmän duranoklar) bujagaz gazanja hem monça bolarlar, emma kämillige, has gowusyna ymtylýan we üýtgeşmelerden asla howatyr etmeýän adamlar bu hakykata asla kanagat etmeseler gerek. Diňe özlerine däl, hatda çagalaryna hem beýle ýaşamagy mynasyp görmezler.

Ýokarda agzalan pikirleriň maňzyny çykarsak, mahlasy, biz öz çagalarymyzy geljege, göz ýumup açasy salymda tiz-tiz üýtgäp duran dünýä durmuşynda gaýratly ýaşar ýaly ýetişdirmesek, onda täleýi köpçülik akymynyň gyrasyna zyňlan, hiç zada täsir etmeýän, ýöne özgäniň täsirine düşýän, hiç zat berip bilmeýän, diňe berleni bilen oňňut edýän birini ýetişdirdigimiz bolar. Onda ol çagalary, ol nesilleri ili çürkemäge we barmagynda oýnamaga pursat arap ýören päliýamanlaryň oýunjagyna öwürdigimiz bolar.

Mähriban kaka, eliňdäki bu kitap üýtgewsiz terbiýeçilik ýol-ýörelgesi däl. Men muny terbiýeçilik ylmyna giriş hökmünde hem taýýarlamadym. Bu diňe perzent terbiýesiniň käbir inçeliklerine hem-de aýratynlyklaryna şahsy garaýyşlarymyň jemidir. Bir zat okaýan wagtyňyz maňzyňyza batýan ýa-da iňkise goýýan jümleleriň aşagyny çyzyp bellik edersiňiz-ä, bu şol jümläniň ähmiýetlidigini ýa-da şol sözlemde bir nädürslügiň bardygyny tassyklap, bellik etdigiňizdir. Bu kitap hem hut şonuň ýaly, muny ýazanymda perzent terbiýesinde köp çorba sowadan pederleriň we ýörite pedagog-terbiýeçileriň köpýyllyk iş tejribesine daýandym, töweregimdäki adamlaryň perzent terbiýesi hakyndaky oý-garaýyşlary bilen gyzyklandym, pikirlerini sorap öwrendim. Düşünmäge, netije çykarmaga kynçylyk çeken ýerimde bu ugurlardan sowatly bir ussadyň ýanyna gidip, pikirlerimi paýlaşdym.

Maňa şeýle diýäýmek galýar: bu kitapda okajak zatlaryňyz adamzat gaýratynyň netijesi, adaty durmuş tejribesi. Ol ýerde dogrudygyny tassyklap biljek köp sanly garaýyşlarym ýer alýar. Dogry, olary düşündirip bilmek meselesinde yhlasym ýerine düşendirmi ýa-da okum biraz sowa geçendir, heniz bilmen. Muňa garamazdan, ählimiz Bir Taňrynyň bendesi we ahyrda dönjek ýerimiz hem Onuň ýanydyr. Kitabyň içinde öte geçen ýa-da bärden gaýdan ýerimiz bar bolsa, kimde-kim goýberen säwlik-hatalarymyzyň üstünden barsa, elektron poçtanyň üsti bilen habar edip bilerler. Biziň ýalňyşymyzy düzeden doganlarymyzyň işi rowaç bolsun! Uýulmaga iň mynasyby Hak sözdür!

***

Perzent terbiýesi… Gadymyýetden bäri gyzykly.

***

Terbiýe bermek nämä gerek?

Çünki sen erte-birigün bu zatlar hakda hökman hasap bermeli bolarsyň; egniňde iki sany möhüm jogapkärçiligiň durandygyny unutma: birinjisi öz aladaň, ikinjisi maşgalanyň keşigi. Sen özüňi hem-de maşgalaňy ahyry «dat-bidat» günlere düşmeginden goramaga borçlusyň, olaryň «ot-ýalynly» günlere galmagyny hiç islemersiň. Allatagala: «Eý, iman edenler, özüňizi we maşgalaňyzy otdan goraň…» (Tahrym süresiniň 16-njy aýaty) diýip aýdýar.

Mömin adamyň şahsy we maşgalasyna bolan jogapkärçiligi örän agyr; wagtynda geleň etmese, ahyrynda ataşly günleriň alawy özüniň hem-de garamatyndakylaryň ýüzüne çabrap biler. Onsoň ýalynly pursatlaryň ataşyny gyzdyrjak daşa öwrülmezlik üçin özüni hem-de maşgalasyny daşmaňlaý bolup galmakdan penalap bilmegi gerek. Şonuň üçin asylly, mömin adamyň ünsi-aladasy, ilki bilen, öz öýüne, maşgalasyna gönügen bolmaly: Öý binasyny, maşgala galasyny içinden berkitmeli. Nogsan ýerlerini dikeltmeli, näsaz ýerlerini sazlamaly. Ilki öýüni oňarmaly, ondan soňra illere görelde bolup, uzaklara çakylyk ýollamaly.

«Kakasy ogly üçin jogapkärdir. Kim ogluna mynasyp edep-terbiýe bermese, başdansowmalyk etse, bu onuň Ýaradanyň huzurynda öte biedeplik etdigi bolar. Aglaba perzentleriň diýenetmezek hem-de nekgende bolup ýetişýändigi kakalarynyň olara üns bermeýändigi, parzdyr wajyp-sünnetleri öwretmeýändigi, laýyk terbiýe we sowat bilen gurşamaýandygy üçindir» diýip, Ymam Ibnul-Kaýýim al-Jewziýýe ýazýar.

Munuň üstesine ýowuz durmuş şertlerinde mertlerçe hereket etmegi üçin üstünlikli ugur-usullary perzendiňe öwretmäge hem borçlusyň. Maddy gyzyklanmalaryň galaba işlerimize we ýaşaýyş ýörelgelerimize ýowuzlyk hem-de darkaş donuny geýdirendigi üçin durmuşymyz ýeňil ötülmeýän göreş meýdanyna öwrülip galdy. Perzentlerimizi asylly gymmatlyklar, arassa ýol-ýörelgeler, tutumly başlangyçlar esasynda, ýagşyny ýamandan, halaly haramdan saýgaryp bilýän esasda degerli kär-hünärler bilen kemala getirmesek, döwrebap mynasyp terbiýe bermesek, olara juda uly ýamanlyk etdigimiz bolar. Edil bigünä çagalary ýolbarslaryň ýa-da syrtlanlaryň ýaşaýan kapasasyna oklan ýaly bolarys.

Aladaçyl kaka durmuşyň ýeterlik hupbatynyň, görgüsiniň bardygyna dogry düşünýän ynsandyr. Şeýle hem ol iç tarapyny kämilleşdirmezden şol ýagdaýy üýtgedip ýa-da oňa garşy durup bolmaýandygyna akyly çatyp dur. Perzendiň terbiýesine maşgalanyň, hususan-da, kakasynyň täsiri hele-müçük däl, ol çagasyna mekdebiň, köçäniň, daş-töweregiň, telewizoryň, jemgyýetiň bilelikdäki täsirinden hem has çuňňur hem-de has ýiti täsir edýär. Perzentleriň aňynda köneden galan we täzeden ornan düşünjelerdenem, ýol-ýakada eşiden sözlerinden we hatda şoňa görä sözünde, hereketinde ýüz beren kem-käsleýin özgerişlerdenem (aýdýan sözlerinden, edýän hereketlerindenem) kakanyň sözi rüstem geler durar. Meşhur alymlaryň biri Seýýid Kutb: «Bilim-sowadyň güýjüne ynanýaryn. Medeniýetiň güýjüne hem ynanýaryn, emma terbiýäniň güýjüne has pugta ynanýaryn. Hawa, bu hut şeýle… sagdyn terbiýe perzentlerimiz üçin durmuş deňzinde halas ediş guşakçasy ýa-da gursakçasydyr. Dünýewi durmuşynda üstünliklere we haýra-sogaba eltýän ýolbeletdir» diýip ýazýar.

Adamkärçilik häsiýetlerimiz, şeýle-de ýalňyşmak we ýalňyşmazlyk ölçeg-derejesi dünýä inen çagada dogabitdi döreýän däldir. Çaga bu zatlary maşgalasyndan we daşky gurşawyndan alýar: pikir-garaýyşlary, gylyk-häsiýetleri, duýgy-düşünjeleri, alýan terbiýesi maşgala we jemgyýetçilik-köpçülik gatnaşyklary esasynda kemala gelýär. Abdylkerim Bekkaryň aýdyşy ýaly: «Ynsan terbiýelemese, ynsan balasy Ynsan bolup ýetişmez. Hut şu ýerdenem, hojalykda has möhüm borjuň hem-de abraýly mertebäniň eneleriň boýnuna düşýändigini boýun almagymyz gerek».

***

Kaka gowy we mylaýym bolmalydyr.

***

Terbiýeçi nähili bolmaly?

Her ynsan kaka bolup biler, emma her ynsan özüne düşýän jogapkärçiligiň mukdarynda ruhlandyryjy terbiýeçi bolup bilmez. Şonuň üçin-de sözi-hereketi täsirli, göreldeli kaka bolmak üçin zerur saýylýan aýratynlyklary sanap geçmegi makul bildim.

Aýratyn ähmiýet bermeli esasy zatlarymyzyň ilkinjileriniň biri, köp kakalar «aladasyny etmek» hem-de «terbiýe bermek» diýen düşünjeleri garym-gatym edýärler. «Çagamyň aladasyny etmek» bu onuň iýjek-içjegini, geýim-gejimini üpjün etmek we oňaýly durmuş ýoluna ugrukdyrmak diýmekdir. «Terbiýe bermek» bolanda, oňa ýagşy bilen ýamany, haýyr bilen şeri, sogap bilen günäni, halal bilen haramy aýyl-saýyl etmegi, şeýle-de durmuşda etmeli we etmeli däl zatlary öwretmekdir.

Gynansak-da, çagalaryndan eden tamasy çykmadyk, olaryň gylyk-häsiýetlerinden we özlerini alyp baryşlaryndan zeýrenýän köp sanly kakalara gabat gelýäris. Nämemişin «Olara başga hiç bir kakanyň öz perzendine edip bilmeýän zatlaryny edenmişinler. Hiç zady alada-ünji etmän, bolelinlik içinde rahat ýaşamaklaryny üpjün edipmişinler. Olary iň arzyly mekdeplerde okadypdyrlar. Diliniň sözlän puluny beripdirler. Zada zar etmändirler. Isleglerine «ýok» diýmändirler. Ýöne näme üçindir tamalary puç bolupdyr?!».

Ol biçäre kaka çagasynyň üstünden pul baryny döküp durmagy terbiýe bermekdir öýden bolmaly… maddy tarapyny üpjün edipdir, emma kalbyny, gulagyny, wagtyny çagasyndan gysganandygyny duýmadyk bolarly. Aslynda welin, bu zatlar perzentleriň depesinden guýýan pullaryndan, egin-eşiginden, iýip-içgisinden, mahlasy, ýerliksiz tarhandökerliginden ýüzlerçe esse ähmiýetli.

At-abraýly adamlaryň biri maňa şeýle wakany gürrüň berdi. Aýtmagyna görä, onuň il içinde uly hormat-sylagdan peýdalanýan, belent adamkärçilikli, ýumşak häsiýetli, ýokary bilimli, çuňňur düşünjeli bir dosty bar ekeni. Günleriň birinde ol oglan mahaly başyndan geçiren we özüne ýiti täsir eden bir waka hakynda gürrüň beripdir. «Öý işleri üçin ulanýan depderim dolupdy, täzesini satyn almalydym. Muny kakama aýtmak ýadymdan çykypdyr. Maşgalamyzyň adatyna görä, hojalyk harajatlarynyň ählisini kakam öz üstüne alypdy. Irden oýansam, kakam eýýäm işe giden ekeni. Gerek mukdardaky puly ejemden sorap almakdan başga çykalgam galmandy. Ejem depderiň bahasyndan artykmaç puly elime tutdurdy-da, okuwdan gelenimde gaýtargysyny hökman getirmelidigimi we bu hakda kakama aýtmalydygymy sargady. Bolýan zatlara seretsene, okuwdan gelemsoň, gaýtargy puly ejeme gowşurmagy unutsam nätjek… Uzak günüň ýadawlygyndan ýaňa surnugyp, uka batyp galypdyryn. Gijaralar kakam işinden dolanypdyr we endigine görä biziň egin-eşiklerimizi barlamaga başlapdyr. Sebäbi çilimiň ýa-da gaýry bir zadyň ysy-kokusy barmy, ýokmy, üst-başymyzy arassa saklaýarysmy ýa dälmi, kakam meni hem-de beýleki doganlarymy-da hemişe üns merkezinde saklardy. Şeýdip ol her birimizi ýaramaz ýola düşmegimizden goraglardy. Eşiklerimi barlap durka, birdenkä kakam kisämdäki şol depderiň gaýtargysyndan galan bir penje puluň üstünden barypdyr. Onça pul biz ýaly oglanlar üçin uly mukdardy. Bize munça pul bermedigini kakam magat bilýärdi. Ol meni usullyk bilen oýardy. Soňra golaýyma geldi we gulagyma pyşyrdap: «Oglum, bu gün saňa men pul bermändim. Munça puly nireden aldyň?» diýip sorady. Men ukyň arasynda alasarmyk bolup: «Kaka, şunuň üçinem oýarýarmyň, ertir irdene çenli garaşaýmal-a?» diýdim. «Ýok, oglum, sen rahat ýatyp bilýänem bolsaň, munça puluň saňa nireden gelendigini bilmesem, bu gije hiç uklap bilmerin» diýip, kakam ynjyly pyşyrdady.

«Kaka, men täze depder satyn almalydym. Senden pul soramagy unudypdyryn. Onsoň ejemden soradym we ol hem maňa artykmaç pul berip, gaýtargysyny getirip gowşurmagymy sargapdy. Ýöne halys ýadaw bolamsoň, ýatyp galypdyryn, saňa habar bermegi ýadymdan çykarypdyryn» diýdim.

Şol wagt kakam meni garsa gujaklap, bagryna basdy: «Allaha şükür, çagalarymdan edýän umydymy puç etmedi. Size beren terbiýäm ýele gitmändir. Ukyňy al, körpäm, indi hemmämizem ynjalykly uklap bileris» diýdi.

Bu kyssa aýratyn düşündirişe mätäçdir öýdemok. Bäş çaganyň kakasy öz perzentleriniň terbiýesini, olara öwretmeli, talap etmeli zatlary, gözegçilik etmegi unudyp, olary durmuş akymynyň ugruna itiberip goýberenok. Tüweleme, alkyş aýdanyňa degýän kaka! Aslynda, terbiýe bermegiň maksady ýagşy gylykly adamlary ýetişdirmekden ybarat dälmi näme?

Has güýçli hem-de çuňňur täsir etmek üçin kakalarda bolmaly birnäçe häsiýetler bar. Muny birje sözleme jemläbem ýaňzydyp bileris: «Üstünlikli kaka, esasan, çaganyň asyl tebigatyna laýyk asylly terbiýe bermekden lezzet almalydyr». Bu asyl we asyllylyk, hiç ikirjiňlenmezden, ýagşy we gabahat, haýyr we şer, hak we galp… ýaly zatlaryň arasyny aýyl-saýyl edip bilmekligi öwretmekdir.

Ýagşy häsiýetler çaganyň tebigatynda bardyr, onuň zandyna guýlandyr, dogry zatlary ündemek bilen şoňa mahsus gylyk-häsiýetlerini oýaryp hem-de ösdürip bolýar. Onsoňam hak zat müňlerçe galp zatdan has güýçlüdir. Dünýä durmuşy gödeklige, gara güýç ulanmaklyga agybersin, bizi şol apatlardan gorap, penalap biljek ýekeje dogry-dürs ýol musulmançylyk terbiýesidir.

Pedagoglaryň terbiýeçilerde bolmagy zerur hasaplaýan beýleki gylyk-häsiýetleri hem, umuman, şu zatlarda jemlenýär.

***

1 — Çaga kakasynyň özünden beýikdigini duýmalydyr

Bu ýüreklerde uly yz goýýan psihologik hakykatlaryň biridir. Ilkinji ýaşlarynda çaga terbiýe bermek meselesinde üýtgeşik müşgillik ýüze çykanok. Elbetde, şol wagtlar çaganyň gözünde kakasynyň orny-mertebesi örän beýik. Emma mesele ýetginjeklik ýaşyna golaýlaberenlerinde ýüz berip başlaýar. Çünki çaga ulaldygysaýy öz ýanynda özünden uly kakany görmek isleýär. Ine, köp kakalaryň synagdan geçmeýän döwri şol möwsümlerdir. Ýa kakalaryň maşgaladaky orny-mertebesi, abraýy çaganyňkydan pesde bolup galýar ýa-da ýeterlik ölçegde beýik däl; käteler dagy ýetginjek özüni ata-enesinden has akylly, has düşünjeli hasap edýär. Olaryň isleg-talaplaryny inkär edip, olara garşy gidip başlaýar. Kaka çagasynyň gözüniň öňünde öz mertebesini hemişe beýikde saklamagy başarmalydyr.

***

Çaga seniň beýikdigiňi hemişe duýmalydyr.

***

2 — Çaga kakasynda özüne öwrenere zadyň bardygyny duýmalydyr (Çaga kakasyndan öwrenip boljak zadyň bardygyny duýmalydyr)

Ýogsam çaga ýüreginde kakasynyň ýiti täsiri hiç duýulman biler. Ol öz isleýän, garaşýan zatlaryny başga kişilerden, başga ýerlerden gözläp başlar. Beýle diýildigi, çagasynyň her bir sowalyna, haýyşyna kakasynyň jogaby häzir bolmaly, her bir sözüne «hä» bermeli diýildigi däl, ýöne kakasynyň perzent terbiýesi babatda çagasyna berer ýaly ýeterlik düşünjesi, gory we tejribesi hökman bolmalydyr. Şeýle hem kaka çagasynyň garaşýan zadyny berip bilmek üçin onuň ruhy-psihologik gylyk-häsiýetlerine, halaýan we halamaýan zatlaryna belet bolmagy gerek. Kakada köplenç gabat gelinýän hatalaryň biri hem, mähir-muhabbet bilen gurşalmaly, degşip-oýnap geçirmeli ilkinji ýaşlarynda-ha çagasyny bekine tutýar, olary bir maksada gönükdirmeli, özüne, ýagny kakasyna bolan ynamy berkitmeli, terbiýe bermeli ýyllarynda bolsa ýa öte geçýär, ýa-da bärden gaýdýar. Onsoň ýetginjeklik ýyllarynda olary taba getirmek üçin ähli ýollary synap görýär, emma netije bermeýär. Bu bolsa ýaş ýetginjekde kakasynyň özüne berip biljek zadynyň ýokdugyna bolan düşünjäni oýarýar: bermek diýlen-de, hökman mal-pul diýip düşünmäň, bu ýerde, ilkinji nobatda, kakasynyň çagasyna bolan mähir-muhabbeti, ynamy, degerli maslahatlary, ruhlandyryjy sözleri göz öňünde tutulýar. Esasanam, çaga kakasynyň hemişe ýanyndadygyny, özüni goldajak iň ýakyn adamyň kakasydygyny duýmagy gerek. Bu ýagdaý çagalarda mäkäm ynam güýjüni emele getirýär. Ýogsam çaga öz ruhuna we dünýäsine gerekli bolan zatlary başga ýerlerden, başga kişilerden, gören, okan, eşiden zatlaryndan agtaryp başlaýar.

***

3 — Kaka güler ýüzli, açyk göwünli bolmalydyr

Çagaňa öwredere, berere zadyň bolany bilenem sen ony mähir-mylakatlylyk, hoşamaýlyk bilen ýetirmeseň garaşylýan netijäni bermez. Olary haýbat-gykylyk bilen gorkuzyp terbiýelejek bolmaly däl-de, höweslendirip ýetişdirmeli, gowy hereketlere göwnedip, ýola salmaly. Höweslendirmek, ruhlandyrmak usuly, ine şu söýgi diýilýänidir. Çaga kakasynyň söýgüsini, kakasynyň oňa hemişe diňe haýyrly zatlary isleýändigini duýmasa, gowudyr öýdýän zatlarynyň ählisiniň kakasynda bardygyna, başga ýerden şeýle degerli zatlary tapyp bilmejekdigine gözi ýetip dursa-da, olary almaga, kabul etmäge höwesjeň çemeleşmez. Haýyrly zatlar söýgi bilen berlende täsiri, ähmiýeti has kämil bolýandyr.

Perzent söýgüsi, çaga edebini terbiýelemek diýmek ýogyn talabedijilik tanapyny olaryň boýnuna dakmaklygam, ýa-da zerur ýerinde olara temmi bermekden, käýemekden eliňi çekmekligem däldir. Bärden gaýdýan ýa-da öte geçýän, hetdenaşa hereketleriň her biri ýaramaz netijelere eltýän terbiýäniň örňemegine ýol açar. Perzent edebinde ata-enäniň, kakanyň söýgüsi we talaby hökman duýulmalydyr. Onuň manysy edil Kuranda «gödek hem-de doňýürek bolmaň» diýlip aýdylyşy ýalydyr. Talabedijilik ýumşaklyk häsiýeti bilen garym-gatym bolmalydyr. «Ymranyň neberesi» süresiniň 159-njy aýatynda: «Eger-de sen gödek hem-de doňýürek bolsadyň, töweregiňde hiç kim galmazdy, hemmeler dagaşyp giderdi. Şonuň üçin olary bagyşla, olaryň bagyşlanmagy üçin dileg-doga et. Iş babatda olara geňeş, sala sal. Bir zady ýüregiňe düwüp, belli-külli karara geleniňde, işleriň ugrukmagy, rowaç bolmagy üçin diňe Allaha daýan!» diýilýär.

Bagyş etmek, bermek usuly, ýetirip bilmek ýörelgesi berilýän zadyň hut öz gymmaty deýin ähmiýetlidir. Ony mähir-muhabbete, göwnaçyklyga, ynama, ýylgyryşa garyp bermelidir. Ýumşak bolmaly hem-de berkräk tutmaly ýerlerini gözden salmazlyk şerti bilen hemişe söýgi-mähir kadalaryndan ugur almalydyr.

***

4 — Terbiýäniň gadyr-gymmatyna düşünmelidir

Amerikaly ýazyjy j. Peýniň «Ol bir çylşyrymly proses däl» atly kitabynda: «Sada, ýönekeý adamlaryň birnäçesine gabat geldim. Olaryň hiç hili sowady-bilimi ýokdy, emma çaga terbiýesine gezek gelende welin, oňa juda çynlakaý, jogapkärçilikli çemeleşerdiler. Terbiýe babatda olarda ýeterlik üstünlikli durmuş tejribesi bardy» diýip ýazýar.

Köp kakalar çagalarynyň terbiýesine sowuk-sala garaýarlar, dogrusy, terbiýe berenoklar diýseňem boljak. Muňa wagt tapmaýandyklary ýa-da çynlakaý niýet etmeýändikleri üçin däl, ýa-da çagalaryna ummasyz söýgüsi ýokdur diýsegem ýalňyş pikir etdigimiz bolýar, ýok, bu asla beýle däl, men kakalaryň öz çagalaryny ýürekden söýýändiklerine, olar barada diňe ýagşy niýetlerde bolýandyklaryna çyndan ynanýaryn. Emma olar — ine, bu welin hakykat — terbiýe bermekde janlaryny emgäsleri, baryndan emläsleri gelenoklar. Terbiýe bermek der dökmegi, ýadamagy, zähmet çekmegi, yhlas etmegi talap edýär, muňa welin juda az sanly adamlar dogry düşünýär.

Dünýäde mazaly ýadanyňyza degýän ýekeje zat bar bolsa, ol hem perzent terbiýesidir. Dirikäň hormat-sylagyňy, öteňden soň aýat-töwiriňi egsik etmeýän akylly, salyh ogullary hem-de edep-ekramly gyz-gelinleri terbiýelemekden ýokarda näme bardyr öýdýärsiňiz? Ýaňky ýatlanylan kitapda aýdylyşy ýaly: «Terbiýe adamzadyň alnyna ýazylan, ýer ýüzünde çekmeli möhüm zähmetleriniň bir bölegidir. Ýöne berýän miwesini hem-de tiz alyp bolýandygyny göreniňde, bu ýürege ýakyn iň süýji zähmete öwrülýär duruberýär».

Täsirli kaka bolmak üçin terbiýäniň hem özboluşly bir göreşdigine, göreşiň bolsa irginsiz zähmeti talap edýändigine, ýadawlyklardan, kynçylyklardan doludygyna düşünilmegi gerek. Esasanam, häzirki günlerimizde yhlas baryny siňdirip terbiýelän çagaň köçä çykyp, gödek-paýyş sözler bilen dilini hapalap, oňlanylmaýan hereketleri öwrenip dolanyp gelende, ýokuşan «hapa-hupalaryny» dessine tämizlemäge mätäç mahalyň bu has-da möhümdir. «Hiç kimiň garasy, ýarasy ýokmasyn» diýip öýden çykarman, gapyny gulplap saklaýanyňda hem, köçede bir çaganyň ýa-da ýaramaz goňşynyň janyňy gyýýan sözleri gulagyna ilse, ýene-de nadanlyk ataşyna uçrap biler. Bu kynçylykdyr külpetlere garamazdan, seniň borjuň, ornuň, wezipäň çagany asylky we asylly tämiz durkuna dolamakdan, ony ýokuşan hapa-hupalardan arassalamakdan ybaratdyr. Dogrusy, bu ýeňil-ýelpaý zat däl, emma şeýtmekden başga ýol hem ýok. Doktor Mustafa as-Seba’y: «Biz, köplenç, öýde berýän terbiýämiziň, çagalara sarp edýän zähmetimiziň köçede ýeliň ugruna gidýändiginden zeýrenýäris» diýip ýazýar.

***

5 — Kaka yzygiderli bolmagy hem-de gönükdirip bilmegi başarmalydyr

Her bir adam haýyrly işde hemişe yzygiderli hem-de ünsli bolmalydyr. Muhammet Kutb: «Birbada yhlasly ýapyşsaňam ýa-da dogry bolsa-da, käte bir ýaňzydylýan ýa-da seýrek talap edilýän gönükdirmeler ýeterlik däldir, terbiýe yzygiderli dowam edýän prosesdir. Terbiýe berilýän zat ynsanyýetiň nebsi-ruhy, ol bir gezek düwmesini basyp gaýdybermeli stanok däl. Sen ony nähili halda terk eden bolsaň, ol şol durşuna galar, öz-özünden kämilleşmez. Olar şol bir zady gaýta-gaýta ýanjap durmagyňa däl-de, täze-täze pikirler bilen ugrukdyryp durmagyňa mätäç. Olara şol bir zady öwran-öwran aýtsaň, olara ýene şol bir gönükmäni berseň, şol bir zat gaýtalanyp dursa, onda olar hem, elbetde, şol bir netijäni berer, şol bir derejede durar».

Adamzadyň hamyry ýugrulanda biraz diýenetmezek, maý boldugy özbaşdak bolmaga mähetdel edilip ýugrulypdyr, şonuň üçin ýola düşýänçäler olary yzygiderli we täze-täze pikirler bilen dogry ýola gönükdirip durmak gerek. Owaldan gelýän galyba bir gezek salyp bilseňiz, ömri ötinçä şol ýeterlik bolar öýdüp düşünmäň.

Yzygiderli gönükdirip durmak diýlende hem her bir säwliginden hasap soramaly, öňküdenem berk tutmaly diýildigi däldir. Beýtseňiz, çaganyň ruhy dünýäsi sizden barha çetleşer, bu terbiýe bermek däl-de, çagany ürküzmekdir. Akylly, paýhasly terbiýeçiler käteler çagalaryň käbir säwliklerine göz ýumýarlar, ýogsam olaryň bu hereketini hiç makullanoklar. Çünki olar gaýta-gaýta zabun hasabat soramagyň olaryň ruhy dünýäsinde garşy täsirleri oýaryp biljekdigine akyllary çatýar. Emma hiç temmi bermezlik hem edil hetdenaşa köp temmi bermeklik ýaly örän zyýanlydyr. Terbiýeçiniň paýhasy we durmuş tejribesi, haçan olara tagapyl etmelidigini we haçan temmi bermelidigini, neneňsi gönükdirmelidigini salgy berer durar.

***

6 — Özüňi hem dowamly terbiýelemegi unutmaly däl

Terbiýeçi hernäçe durmuş we iş tejribesiniň bardygyna garamazdan, terbiýe piramidasynyň çür başyna çykmandygyna düşünmelidir. Onuň özüni terbiýeläp durmagy çagasyny terbiýelemeginden pesde durýan däldir. Abdylkerim Bekkaryň aýdyşy ýaly: «Elbetde, biz özümiziň hem heniz çigdigimizi duýmagymyz gerek. Bu bar bolan durmuş tejribelerinden, dürli wakalaryndan sapak alyp, dogry netije çykaryp bilmegimize eltýän ýeke-täk ýoldur.

Biz, akyly goýalyşan ynsanlar, hemişe özümizi terbiýeläp durmaly, özümize hem-de durmuş tejribelerimize «belli-külli, gutarnykly netijesi şu» diýip baha bermeli däldiris. Aslynda, ol kämillik basgançaklary bilen emedekläp diýen ýaly öňe ilerlemekdir.

Pikirleniş endiklerini, iş alyp baryş usullaryny, tankydy kabul edip bilijilik ýagdaýyny, täze zatlara uýgunlaşyp bilmek häsiýetlerini yzygiderli üýtgedip, kämilleşdirip bilmeýän terbiýeçi ösüş däl-de, yza tesiş ýolundadyr. Esasy ýollardan sowuldygyça, birwagtlar bag bolup saýa salan terbiýeçiniň gury töňňä öwrülip başlandygynyň alamatydyr».

***

ÇAGAŇYZ NIRELERDE TERBIÝELENÝÄR?

Sowaly bermekden maksadym şu: Çagaňyz özüni alyp barşyny, endiklerini, gymmatlyklaryny we düşünjelerini nireden öwrenýär?

Birinjisi — öýde, maşgalada:

Çaga terbiýesi hem-de psihologiýasyny öwrenmek bilen meşgullanýan alymlaryň biragyzdan tassyklamagyna görä, çaganyň gylyk-häsiýetine, özüni alyp barşyna has güýçli täsir edýän ýer öz öýi, öz maşgalasydyr. Çaganyň esasy duýgy-düşünjeleri, endikleri, durmuşa we dünýä garaýyşlary öýde kemala gelýär. Muny çaganyň wagtynyň köpüsini öýde geçirýändigi bilen baglanyşdyrýarlar. Çünki çaga dünýäsiniň ilkinji şekil alýan ýeri öz öýüdir.

Bu ýagdaý çaga şahsyýetini kemala getirmekde we özüne bolan hormatyny berkitmekde maşgala baglanyşygynyň kömek edýändigini görkezýär. «Reader’s Digest» žurnalynyň soňky neşirlerinde berlen barlaglara görä, hepdede azyndan dört gezek dagy maşgalasy bilen bile oturyp, ine-gana pikir alşan talyplaryň 60%-i köpçülikde güler ýüzlülik hem-de hormat bilen garşylanylýar. Maşgala özara hem-de jemgyýetçilik gatnaşyklaryny has berkidýän ýerdir.

«Güýçli, berk hem-de çuňňur özara gatnaşyklary ýola goýup bilmek çagaňa ýiti täsir etmegiňe kömek edýär. Çaga ata-enesini söýende, olary razy etmegi — ata-enesiniň göwnüni tapmagy, begendirmegi esasy pikirine öwrende, öýüň agramy köçäniň agramyndan has saldamly gelýär duruberýär. Şeýlelikde, maşgala köçeden ýokuşan ýaramazlyklaryň ählisini, iň bolmanda, köpüsini dessine düzeldip bilmäge ukyply bolýar».

Bu bolsa biz — terbiýeçileriň boýnuna bir amanaty ýükleýär: biz hemişe öýde özümizi alyp barşymyza juda jogapkärli bakmalydyrys. Çünki çaga görýän zatlaryna has köp öýkünmäge çalyşýar we oňa baglylygy — oňa meňzejek bolşy çen-takmyn edişimizdenem has güýçli bolýar. Wagtyň geçmegi bilen häsiýetine ornan we ymykly kök uran ýaramaz endiklerinden saplamak ýeňil düşmeýär.

Ikinjisi — mekdepde:

Mekdebiň ýetirýän täsirini asla gözden salmaly däl. Eger-de maşgala terbiýe bermek borjuny ýeterlik berjaý etmeýän bolsa, onda täsir etmek babatynda mekdebi ilkinji orna hem geçirip bolar. Mekdebiň derejeli tarapy, bu ýerde hem çagany aňly-düşünjeli, medeniýetli edip ýetişdirmek, gymmatlyklar hem-de ahlak düşünjelerini aňlaryna ornaşdyrmak babatda mugallymlaryň ähmiýeti ata-eneleriňkiden birjik-de peslär ýaly däldir. Bile oýnaýan deň-duşlary hem çaga dünýäsine ymykly täsir edýär, çünki çaga öýden soňra iň köp wagtyny mekdepde geçirýär.

Meniň pikirimçe, kaka öz bagrynyň parçasyny tutuşlygyna mekdebe terk edäýmeli däl. Onuň ol ýerdäki her bir hereketinden hem habarly bolmaly, okaýan mekdebine baryp çagasynyň ýagdaýy bilen gyzyklanyp durmaly, okadýan mugallymlary bilen oturyp pikir alyşmaly, okaýyş derejesine baha bermeli, çagasynyň ukyp-başarnygyny has-da kämilleşdirmekde mugallymlar bilen bilelikde işleşmeli, bärden gaýdýan ýerleri, mümkinçiliginiň çäkleri barada maslahatlaşmaly, çagasynyň deň-duşlaryndan ýeten ýalňyş düşünjedir hereketlerini dessine düzetmeli.

Üçünjisi — köpçülikde:

Bu hem çaga terbiýesinde möhüm usullaryň biridir, muny görmezlige salmak asla mümkin däl. Öýde, maşgalada çagalaryň üşükli-başarnykly, akylly bolup ýetişmekleri üçin zerur bolan gurşawy döredip bilsegem, köpçülikde we köçede — bu örän möhüm bölek — maňzymyza batmaýan zatlar bilen garşylaşyp bileris: ýoknasyz zatlaryň çagalarymyza ýolukmagyndan howatyr ederis. Ýeri biz şeýle ýagdaýda näme etmeli bolarys? Garym-gatym bolsun diýip jemgyýetiň müşgillikleriniň hem-de göze dürtülip duran dertleriniň içine oklap goýbererismi ýa-da gapyny gulplap, öýden çykarman saklap, köpçülik bilen arasyna çäk goýup goramaga çalşarysmy?

Bir zada düşünmegimiz wajyp, çagany gat-gat gapylaryň aňyrsynda, gulplaryň astynda öýden çykarman, bendi edip saklamak gaty uly ýalňyşlykdyr. Beýtsek çaganyň beýlekiler bilen dil tapyşmagy, köpçülige garylyp gitmek başarnygy juda çäkli bolar. Ol ruhy-psihologik, jemgyýetçilik hem-de wyždan ösüşi babatda düýpli agsamalara duçar bolar. Belki-de, ýekemenlik, çekinjeňlik ýaly häsiýetlere ýolugar, özüne bolan ynamy çaýkanar durar.

Hawa… munuň çözgüdi çagany köpçülige goýbermeli we onuň bilen hemişe pikir alşyp durmaly. Bu agyr ýa birahat ediji ýaly görünýänem bolsa, onuň özüni alyp barşy, deň-duşlary, hereketleri bilen gyzyklanyp durmagymyz gerek. Üstesine, oňa köpçülikde özüňi alyp barmagyň edebini, ahlak häsiýetleri, zerur ukyp-başarnyklary yzygiderli ündäp, aňyna guýup durmaly. Şeýle hem bolup biläýjek ýa-da çala ýüz beren «ýaralardan» dessine saplamagy başarmaly.

«Çaga terbiýesinde has köp gaýrat siňdirmeli… Has köp maslahat bermeli, ýagşy zatlary has köp ýadyna guýmaly, güýç-takatyny has köp haýyrly işlerde peýdalanmagyny gazanmaly, boş wagtlarynda bir ýagşy amallara has köp güýmenmegini, meşgul bolmagyny ýola goýmaly, gowy gylyk-häsiýetlere has köp höweslendirip durmaly, eger zerur bolsa, käýinç-temmisini hem has köp bermeli».

Mähriban kaka, zerur bolan ýerinde terbiýäniň makul görülmeýän käbir usullaryny çaganyň ýagşy häsiýetlerini berkitmek üçinem ulanybermeli. Oňa durmuş wakalaryndan mysal alyp düşündirmeli, sögünjeň hem-de bezzat çagalary hiç kimiň halamaýandygyny, hemmeleriň ondan gaça durýandygyny, ýa-da ýalançylyk hem-de gözboýagçylyk eden pylanynyň nä günlere düşendigini — zyndana atylandygyny ýa-da zabun jeza berlendigini gürrüň bermeli.

Çagaňa bolan baglanyşygyň hem-de oňa berýän terbiýäň täsirlerini, miwesini özüňde görüp bilersiň: onuň aňyna sepelän terbiýe tohumlaryňa laýyklykda ýaramaz zady ýazgaryp, ýaman zady ýigrense, ýagşy zady eý görüp, gowy işlere ymtylsa, bu her bir mömin adam üçin bir buşlukdyr, çagasynyň terbiýesinde yhlasyny gaýgyrmaýan ata-eneler üçin göz guwanjydyr.

Dördünjisi — telewizor:

Bu dogrudanam şeýle, şol täsin sandyjagyň terbiýe prosesinde möhüm täsiri bar. Kiçijik düwmesine basdygyň, çaganyň öňünde uly älemiň üsti açylýar… aç-açan görkezilýän dürli zatlar, arassa ahlak-gymmatlyklary, ata-baba asylly mäkäm ýörelgeler şol jadyly guralyň ekranynyň öňünde juda ýadyrgaýarlar.

Biz hiç zat bolmadyk ýaly çagalarymyzy ekranyň öňünde oturdýarys, neneňsi hataryň öňünde goýýandygymyzy indemeýäris.

Geçirilen barlaglar uly we kiçi ýaşly adamlaryň ep-esli wagtyny hut telewizoryň demine sorýandygyny görkezýär. Soňky hasaplamalara görä, ömrüň her ýylynyň azyndan 600-700 sagady telewizora tomaşa etmeklige gidýär; heniz mekdebe gitmeýän çagalaryň bolsa has köp wagtyny alýar. Olar hepdede ortaça 22.9 sagat, 6-11 ýaşlaryndaky çagalaryň bolsa bir ýylyň dowamyndaky telewizor tomaşalary her hepdede ortaça 20.4 sagada barabar bolýan ekeni. Başga bir barlaga görä, mekdep ýaşyna ýetmedik çagalar her hepdede ortaça 54 sagadyny telewizoryň öňünde geçirýär. Has täsin ýeri-de, şeýle baglanyşygyň üstünden barypdyrlar: telewizoryň öňünde köp wagt geçirýän çagalaryň okuwa ýetişigi örän pes derejede bolýan eken. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Akyl sagdynlygy milli institutynyň (MIMH) täzelikde geçiren dört sany ylmy-barlagynyň netijesi hem şony tassyklaýar: telewizora köp tomaşa etmek bilen okuwa ýetişigiň gowşaklygynyň arasynda berk baglanyşyk bar.

Telewizora köp tomaşa etmegiň göze dürtülip duran ýaramaz täsirleriniň biri çaganyň oýunlaryň üsti bilen öwrenmeli we özleşdirmeli ruhy hem-de özüni alyp baryş endik-häsiýetleriniň kemala gelmegine päsgel berýändigi. Telewizora tomaşa etmek çaganyň oýnap geçirmeli wagtyny alýar, oýunlar bolsa çagalaryň hökman güýmenmeli zatlarynyň biridir. Çünki çagalar deň-duşlary bilen oýnanlarynda, bilelikde wagt geçirenlerinde täze-täze maglumatlary, şeýle hem köpçülik ýerinde özüňi alyp barmagy, zerur gylyk-häsiýetleri öwrenýärler — jemgyýetiň üstünlikli bir wekili bolmagy özleşdirýärler.

Çagalaryň telewizoryň öňünde geçirýän wagtynyň mukdaryny hem-de olaryň tomaşa edýän gepleşikleriniň görnüşlerini göz öňünde tutsak, onda telewizor bilen çaga häsiýetleriniň arasyndaky baglanyşyk, elbetde, kakalary hem-de çaga psihologiýasyny öwrenýän alymlary howsala salyp biler. Esasanam, şol gepleşiklerdäki diýdimzorluk, birehimlik, zalymlyk ýaly wakalar köp görkezildigiçe, şonça-da hatarlydyr. Ýowuzlyk ol ýerde dürli-dürli şekillerde beýan edilýär: müşgil meseläniň özünden dömüp çykýar ýa-da meseläni çözmek üçin ulanylýan usullar bar, ýa-da diňe geň galdyrmak, haýran etmek, teselli bermek maksady bilen dürli zabun hereketleri görkezýärler. Şeýle habarlardan gazet-žurnallaram dolup duran bolsa, bu-da onuň üstesine bolýar.

Şu mowzugy öwrenmek maksady bilen geçirilen ylmy barlaglar gorkunç hem-de rehimsiz wakalardan doly gepleşiklere yzygiderli tomaşa edýän çagalaryň hem hut şol hereketlere meýilli bolýandygyny ýüze çykardy. Olaryň aňynda meseläni çözmegiň tiz we aňsat usuly hökmünde gara güýje hem-de birehimlige daýanmak düşünjeleri mäkäm berkeýär. Tomaşa edýän, görýän, synlaýan zatlaryny ýatlarynda berk saklaýarlar, ony öwrenýärler we gaýtalamaga synanyşýarlar. Durmuşda zerur bolanda gara güýje daýanybam meseläni çözüp bolýandygyna, hut şeýle etmelidigine ynanýarlar. Beýlekileriň agyry-ynjysyna, halyna haýpygelijilik etmeýärler.

Ine, telewizor bozuk pikirlerini hödürlemek bilen owaldan gelýän asylly gymmatlyklary ýumrup, olaryň köpüsini üýtgetmegi başardy.

Munuň çözgüdi, gysgaça aýdanymyzda, «Telewizordan ýüz öwür!» diýmek däl. Dogry, bu derwaýys hem-de möhüm mesele, ýöne biziň etmeli zadymyz çagalaryň telewizora tomaşa etmeklerine belli bir çäk goýmalydyrys. Nähili gepleşiklere wagt sarp etmelidigini olaryň gulaklaryna guýup durmalydyrys.

Telewizora tomaşa edilende göz öňünde tutulaýmaly käbir belliklerimi paýlaşaýyn:

• Çagalarymyza telewizion gepleşikleriň nähili taýýarlanylyşyny we onuň ýaýlyma goýberilişini, esasanam, zalymlyk, rehimsizlik ýa-da beýleki howp-hatarly hereketli filmleriň nädip düşürilişini düşündirmelidiris. Bu çagalaryň telewizory jadyly guty ýaly görmezligi hem-de görýän zatlaryny gaýtalamazlygy üçin ähmiýetli bolar.

• Telewizory çagalaryň has köp wagtyny geçirýän dosty hökmünde peýdalanmaly däldiris, olary telewizoryň öňünde bir özüni indegsiz goýmaly däldiris, esasanam, irki ýaşlarynda şeýtmekden seresap bolmaly.

• Ekranda görülýän zatlar hakda olar bilen pikir alşyp durmaly, makullanylmaýan bir zat görkezilse, dessine düşündirmeli, şol zadyň ýa-da hereketiň aýyby, nogsany hakda aýtmaly, beýtmeli däldigini aňlaryna guýmaly we pikirlerini arassalamaly.

• Çagalaryň telewizora tomaşa etmeli wagtyny kesgitlemeli. Mysal üçin, öý işlerini dynanyndan soňra ýa-da başga bir wagty ylalaşyp rugsat berip bolar.

• Tomaşa edýän gepleşiklerini we ýaýlymlaryny kesgitlemeli. Çagalar üçin niýetlenen telewizion ýaýlymlar bu babatda iň gowy çözgüt bolup biler.

• Has üns berilmeli zatlaryň biri hem mahabatlardyr. Ekranyň öňündäki çaga has ýaramaz hem-de ýiti täsir edýän zat mahabatlar bolup durýar. Çagalara olaryň asyl maksadyny açyklap bermeli, köplenç halatda, müşderileri çekmek üçin has çişirilip beýan edilýändigini, harytlaryny rowaç etmek isleýändiklerini, mahabatda berilýän her bir zady dogry maslahat hökmünde kabul etmeli däldigini düşündirmeli.

• Zalymlykdan doly hereketler görkezilip duran bolsa, munuň asla beýle däldigini, has çişirilip görkezilýändigini, dünýä ýüzünde beýle hakykatyň ýokdugyny, esasy zadam, her bir görkezilýän zadyň telewizordaky ýaly däldigini, nähak hereket etmegiň, zalymlygyň hiç wagt meseläni çözüp bermeýändigini düşündirmelidir.

Mähriban kaka, telewizor bilen iş salyşmagy iň mynasyp ýoly, ony çagalara düýpgöter gadaganam etmeli däl, öz ugruna garawsyz goýbermeli hem däl. Dogry, bu sazlaşygy ýola goýmak birbada köp zähmeti talap eder, ýöne çagalarymyzyň ajaýyp geljegi üçin bu biziň meýletin ýa-da mejbury tölemeli pajymyzdyr.

***

Bolan waka

Müsüriň Dimýat şäherinde bolup geçen bu waka köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden ýaýradyldy: Abdylla atly bir oglanjyk agy-garany saýgaryp başlanyndan bäri başdan geçirmelerden hem-de zabun hereketlerden doly filmlere yzygiderli tomaşa eder ekeni. Ol şeýle filmleri synlamagy hem-de şol ýerdäki gahrymana üns bermegi endik edinipdir.

Onuň ähli küýi-hyýaly şol filmlerdäki gahrymanlar ýaly bolup, hemme kynçylyklary berbat etmek we ahyrynda maksadyna ýetmek bolupdyr. Ol bir gün daýzalaryna gezelenje gidipdir. Çagalar bilen jaýyň üçegine çykypdyr. Olara şol filmlerdäki gahrymanlara meňzäsi gelýändigini, olaryň hereketini ussatlyk bilen gaýtalap bilýändigini ýaňzydypdyr. Häzirem şolaryň birini görkezjekdigini, olaryň diňe tomaşa edip oturmagyny sorapdyr.

Abdylla jalbarynyň guşagyny çykarypdyr-da, üçekdäki towuk keteginiň bir gyrasyndan asypdyr. Aýlaw guşakdan boýnuny geçirenem şol ekeni, birdenkä aýagynyň astyndaky agaç bir ýana agyp gidipdir. Abdyllanyň boýny guşaga ilişip galypdyr. Ol çagalardan kömek sorapdyr, emma çagalar onuň bu hereketini görkezilmeli şol tomaşanyň bir bölegidir öýdüpdirler we batly el çarpyşma bilen «gahrymanlaryny» goldapdyrlar. Aslynda welin, Abdylla janhowluna kömek soraýardy. Şol ýerdäki çagalaryň ekabyrragy Abdyllanyň bu bolşuny halamandyr. Dessine ony gujaklapdyr we guşakdan boýnuny aýryp, aşak düşüripdir. Asyl görüp otursalar, sähel gijä galynsa, Abdyllanyň heläk bolmagy hem daş däl eken. Derrew daýzalaryny çagyryp, ýagdaýlary oňa aýdypdyrlar. «Tiz kömek» lukmanlaryna ýüz tutupdyrlar. Şeýdibem Abdylla ýalňyş düşünjesiniň pidasy bolmakdan gutulyp, zordan diri galyp bildi.

***

Çagalaryňy terbiýelemäge kömek etjek
43 KADA

Körpe kakasyna görä boý alar,
Daragtlar damaryna görä.

Özara gatnaşykda birek-birege ynam möhüm zatdyr.

1-nji kada
Çagalaryňdan nämä garaşýandygyňy
kesgitle

Lukman bolmagyny isleýärin… Inžener bolsa gowy bolardy… Ugurtapyjy söwdagär bolsa has gowusy…

«Çagalaryňyzyň kim bolmagyny isleýäňiz?» diýen sowala deň-duşlarymyň, dost-garyndaşlarymyň köpüsinden alýan jogabym şeýle.

Hut şujagaz bölejigiň çaganyň şahsy ykbalyna degişlidigine, hiç kimiň täsiri, basgysy bolmazdan, ony çaganyň hut özüniň saýlap almalydygyna, kakasynyň bu babatda diňe ugrukdyryjy, gönükdiriji wezipäni ýerine ýetirmelidigine garamazdan, gynansak-da, biz çagalarymyzyň öz isleýişleri ýaly däl-de, biziň isleýşimiz ýaly bolaryny isleýäris.

Amerikaly ýazyjy J. Peýn: «Çagalaryň ýörejek ýoluny, gitjek ugruny sen saýlap berme; sen diňe onuň ýoluny ýagtylandyr, gitjek ugruna yşyk tut, köpdürli degerli maslahatlary teklip et, goý, galan zady özi saýlasyn» diýip ýazýar.

Garaz, çagalara iň beýik asylly maksatlaryň nämedigini düşündirmeli we olary kesgitläp bermeli, emma olara ýetmegiň ýollaryny, usullaryny saýlamagy çagalaryň özlerine goýmaly. Akylly-başly adamyň iň beýik maksady bolsa owaldan gelýän arassa ýörelgelere görä tämiz düşünjeler bilen ýaşaýan, hak ýoly ündeýän, haýyrly işlere ýol görkezýän çagalary terbiýeläp ýetişdirmekdir. Haýsy işiň gyrasyndan barsalar-da, şol aýratynlyklary ýörejek ýollarynyň şamçyragyna öwürseler, el uran işleriniň bereketi artar gider.

Maksada okgunly her bir kakanyň aňynda bu düşünje mäkäm kök urmalydyr. Elbetde, dünýä ýüzünde abraýly, meşhur bir perzendimiň bolmagy meni diýseň begendirer, emma bir şerti bilen, bu abraý-şöhrat adamlara Hakyň nygmatyny ýatladyp bilýän bolsa… Asylly-mömin adamyň kalbynda karar tutmaly ýene bir zat bar, Biribaryň nazarynda ýüregi täp-tämiz, sada, imanly ýönekeý bir işgär kamera yşyklarynyň ýagtysynda gezýän, dünýäde giňden tanalýan, emma Haky hem-de hak zady äsgermeýän, hetden aşýan adamlardan has ezizdir.

Biz zehin-ukyby, taýsyzlygy babatda golaýyna adam getirmeýän ussat lukmanlary isleýäris, bir şerti bilen… adamkärçilikleri bolsun — adamlar ondan daşlaşmasyn.

Ylmy bilen ymmaty-milleti galkyndyrýan geologlary, astronomlary, ýadrofizikleri isleýäris. Zehini, başarjaňlygy, dogruçyl we düşnükli beýan edişi, maglumatlara baýdygy bilen halkyna hyzmat edip bilýän nesilleri isleýäris.

Emma köp kakalaryň asyl mazmunyna däl-de, daşky görnüşine, diňe şöhratyna gyzykýandyklaryny görýäris. Olaryň biri oglunyň lukman bolmagyny isleýär, çünki onuň iň beýik umydy adynyň «Pylan lukmanyň kakasy» diýlip tutulmagy. Ýa-da käbirleri «Çagalaryna gowy terbiýe» berendigi bilen öwülmegini isleýär. Bu zatlaram aýyp däl, emma ol ýerde çagaň adynyň öňünden tutuljak we gaýry at-şöhratlardan has ähmiýetli zatlar bar… Hawa, seniň perzendiň beýik missiýanyň eýesi bolmaly… adamzat üçin beýik wezipeleri bitirmeli… Haky tanamaly… asylly ýol-ýörelgäniň, däp-dessuryň dowamaty üçin hyzmat etmeli.

Bu häsiýetleri oňa ornaşdyrmakda we şol duýgular bilen ösüp, kemala gelmeginde çaganyň dowamly we yzygiderli isleg-hyýallary size has gowy kömek eder. Çagalaryňyz hemişe özleriniň özboluşlyklaryny, aýratynlyklaryny duýasy gelýändirler. Olar ata-eneleriniň özleriniň başga birine meňzemeýändikleri, üýtgeşik biridikleri hakdaky göwün göteriji, ynam beriji, ruhlandyryjy ýatlatmalaryna mätäç. Şu ýerdenem olaryň aňynda öz dürs ygtykadyna bolan söýgini ornaşdyrmak wajyp bolýar. Milletiň beýik şahsyýetleri bilen baglanyşykly käbir kyssalar arkaly olarda taryhy-jemgyýetçilik terbiýesini, olaryň beýikliginden, zehinliliginden söz açyp, öz halkyna, ata-babalaryna bolan buýsanjyny kämilleşdirip bolýar. Şeýle pikir-düşünjeleriň olaryň terbiýesine girizilmegi olarda öz halkynyň hyzmatyna berilmek ýaly duýgulary ösdürmegi tebigydyr, şeýlelikde, ol özüni diňe öz kakasynyň däl-de, tutuş halkyň umydynyň bir bölegi hökmünde görýär.

Şeýlelikde, durmuşyň dürli ugurlaryndaky üstünligi onuň beýik maksady bilen tebigy baglanyşykly bolýar duruberýär.

(Dowamy bar).

Arap dilinden terjime eden Rahmet GYLYJOW
image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle