|

Karzdan ýüz öwürmän, nädip baýamaly (3-bolek)

Karzdan ýüz öwürmän, nädip baýamaly (3-bolek)

Robert KIÝOSAKI,
amerikan ýazyjysy

(Soňy. Başlangyjy žurnalyň geçen sanlarynda).

Men Ýaradanyň adamlara owadan zatlary döretmäge kömek edýändigine ynanýaryn. Ajaýyp suratlary, owadan jaýlary ýa-da owadan awtoulaglary görenimde, meni ruhubelentlik gurşap alýar. Men Hudaýyň eçilen jomartlygyny, gözelligini hemem bolelinligini duýýaryn.

ÖZLEŞDIRILEN
SAPAKLAR

Birnäçe ýyl mundan ozal baý kakam şeýle diýdi: «Käbir adamlar durmuşda tygşytly, sadaja ýaşamalydygyna ynanýarlar, sebäbi muny «Hudaýyň islegi» diýip düşünýär. Ýöne käbir adamlar ajaýyp zatlary ynsanlaryň lezzet almagy üçin Hudaýyň döredendigine ynanýarlar. Bu iki pikiriň haýsyna uýjagymyz diňe özümize bagly».

Meniň size öz «Porschem» barada gürrüň bermegimiň sebäbi — siziňem puluňyza zyýan ýetirmän gowy zatlary satyn alanyňyzy isleýärin. Men ýene bir zady mysal bilen düşündiresim gelýär.

1-nji sapak. Gowy
we ýaramaz
karzyň ähmiýeti.

Öňem aýdyşym ýaly, baý kakam maliýe sowadynyň möhümdigini hemem okuwy tamamlanyňdan soň ýetişiklik görkezijisiniň maliýe hasabatyna öwrülýändigini nygtap-nygtap aýdypdy.

Men «Porscheniň» bahasyny üzmek hemem gozgalmaýan emläk satyn almak (bu Tehasda ýerleşýän kiçijik ammardy) üçin karzyna pul aldym. Ondan gelýän pul «Porscheniň» her aýky tölegini ýapýardy. Ammaryň işlerini ýola goýanymdan soň, ondan gelýän pul köpeldi, şonuň üçinem «Porscheniň» puluny wagtyndan iki ýyl öň üzdüm.

Häzir Kim ikimiziň gozgalmaýan emlägimiz, pul akymymyz hemem «Porschemiz» bar. Biz edil şonuň ýaly edip, onuň «Mercedesinem» satyn aldyk. Netijede, hem-ä arzuw edýän ulagymyza ýetdik, hemem baý bolduk.

Biziň gazanjyndan ýokary ýaşaýan dostlarymyz bar, olaram arzuw edýän ulaglaryny sürýärler, ýöne baýaman, garyp düşýärler, sebäbi olaryň ýeke-täk girdejileri — aýlyk haklary. Olar fiziki taýdan sagdyn, daş-keşpleri özüne çekiji bolsa-da, ýaramaz karzlary sebäpli alada edýändikleri bildirýär. Ol adamlar aktiw satyn alyp, gowy karzlaryny köpeltmegiň ýerine, passiw satyn alyp, ýaramaz karzlarynyň möçberini ulaldýarlar.

Aktiw satyn almak üçin gowy karzlaryňyzy ulanyň, ondan gelýän pul akymy bilen bolsa, satyn almak isleýän passiwleriňizi üzüň. Aktiwlerden gelýän pul akymy günsaýyn ulalyp, soňra özüňize işläp ugrar. Bu zatlary maňa baý kakam öwretdi, ýöne, gynansagam, köp adamlar muňa entegem düşünenok.

HAKYKATDA SIZ KIME
IŞLEÝÄRSIŇIZ?

Gürrüň gowy karz bilen ýaramaz karz barada gidende, baý kakamyň elmydama gaýtalaýan sözüni aýdasym gelýär: «Eger adamlardan karzyna pul alsaň, onda şol adamlar üçin işlemeli bolarsyň. Eger-de 30 ýyllyk karzyna pul alsaň, onda olar üçin 30 ýyl işlemeli bolarsyň, bergiňi üzeniňde bolsa, munuň üçin saňa sagbolsunam aýtmazlar».

1970-nji ýylda gozgalmaýan emläkler boýunça üç günlük okuw üçin 385 dollar pul töledim. Bu meniň tölän pullarymyň iň gowularynyň biri boldy.
385

Maýkyň kakasy karzyna pul alardy, ýöne bergisini özi tölemejek bolup, elinde baryny ederdi. Şo sebäpli baý kakamyň aýdan sözlerini ýene bir gezek gaýtalamagy zerur hasaplaýaryn: «Gowy karz — bu saňa derek kimdir biriniň işlemegi, ýaramaz karz — bu seniň özüň işlemegiň». Ol gozgalmaýan emläkleri kärendesine bermegi gowy görerdi, sebäbi bankdan puly ol alýardy, ýöne ony kärendeçi töleýärdi. Onuň esasy syry şundan ybarat.

Hä­zir­ki dö­wür­de bank ýy­ly­na 6 gö­te­rim go­ýup, kar­zy­na 30 ýyl­lyk pul ber­ýär.
30

Munuň nähili hereket edýändigini aýtmak üçin durmuşda bolýan zatlary mysal getireýin. Aýdaly, siz gowuja etrapda kiçijik, owadanja öýüň satlyga goýlandygyny bildiňiz. Ol kiçeňräk bejergä mätäç. Aýdaly, üçegini çalyşmaly, turbalaryny çalyşmaly hemem reňklemeli. Ýöne onuň daşynda örän gowy jaýlar bar, ol gaty gowy etrapda ýerleşip, gapdalynda bolsa gaty gowy mekdep bar. Mundan başga-da, etrabyň gapdalynda uniwersitet bolup, olar öz talyplary üçin elmydama jaýyň gözleginde, sebäbi okuwçylar ýyl-ýyldan köpelme bilen.

Öýüň eýesi dynç alşa çykyp, ýyljak, güneşli ýerlere göçüp gitmek hemem öýi üçin 110 müň dollar almak isleýär. Siz onuň bilen az-kem söwdalaşyp, ahyry 100 müň dollaryň üstünde durýaňyz. Siziň bankdaky hasabyňyzda 10 müň dollaryňyz bar, şonuň üçinem siz bankdan azyndan 90 müň dollar karzyna almaly. Ýöne bankdaky bar puluňyz 10 müň dollar bolanlygy sebäpli, siz 100 müň dollar almak üçin arza berýäňiz. Näme üçin? Sebäbi siziň şol 10 müň dollaryňyz bankda dörejek çykdajylary tölemek hemem jaýyň bejergi işleri üçin gerek boljak.

Köp ýagdaýda bank size höwes bilen pul bermäge razy bolar, sebäbi siz satyn alan jaýyňyzy girewine goýýarsyňyz. Eger siz banka baryp, karzyna 100 müň dollar sorasaňyz hemem munuň üçin girewine goýmaga zadyňyz bolmasa ýa-da ygtybarly aktiwiňiz bolmasa, onda size gapynyň nirededigini gaty basym görkezerler. Ýöne siz girew hökmünde hususylaşdyrylan emlägiňizi ulansaňyz, adatça, olar bu soragy kanagatlanarly çözýär. Banklaryň esasy girdejisiniň adamlara karzyna pul bermekdigini ýadyňyzdan çykarmaň, olar karzyna alan puluňyz üçin öwezini dolup biljek zat goýjagyňyza gözleri ýetse, karzyna pul bererler.

Häzirki döwürde bank ýylyna 6 göterim goýup, karzyna 30 ýyllyk pul berýär. Ýöne siz munuň üçin başky töleg puluny, ýagny 10 müň dollar tölemeli bolarsyňyz. Şonuň üçinem siziň satyn alan jaýyňyzyň bahasy 100 müň dollara däl-de, 110 müň dollara düşer.

Eger jaýa düşýän salgydy hem hasaplasaňyz, onda siziň her aýky tölemeli puluňyz 700 dollar töweregi bolar. Ýöne ýokarda agzap geçişimiz ýaly, siz bankdan alan 30 ýyllyk karzyňyzy özüňiz tölemek isläňzok. Şonuň üçinem ony tölejek adam tapmaly bolýarsyňyz.

Bu jaýa eýe bolan badyňyza, baý kakam muny talyplaryň ýaşamagy üçin ýerli uniwersitete bermek barada gepleşik geçirmegi teklip ederdi. Aýdaly, siz jaýyňyz üçin aýda müň dollar almak isleýäňiz. Eger öýde dört sany ýatyş diwanyňyz bar bolsa, onda aňsatlyk bilen öýe dört sany talyby ýerleşdirip bolar hemem olaryň her biri aýda 250 dollary gürrüňsiz berer. Bu iň garyp talyp üçinem örän ujypsyzja baha.

Ýa-da kärendesine bermek üçin ýerli agentligine ýüz tutubam bilersiňiz. Olara her aýky alýan puluňyzdan azajyk damdyryp dursaňyz, köp agentlikler diňe bir kärendeçi tapyp bermän, eýsem, öýüň kiçijik bejergi işleri barada-da (turba dykylma ýaly) alada edýärler.

Bulardan başga, eger siziň gozgalmaýan emlägiňiz aýda müň dollar girdeji getirse hemem tölemeli puluňyz 700 dollar bolsa, onda siziň her aýky pul akymyňyz 300 dollara deň bolar. Bu arassa girdeji «passiw girdeji» diýip atlandyrylýar. Siz bu puly gazanmak üçin hiç hili agyr iş edeňzok. Siziň 30 ýyllyk bergiňizi başga biri — siziň kwartirantyňyz tölär, siz bolsa her aý goşmaça 300 dollar alarsyňyz.

Baý kakamyň gozgalmaýan emläkleri kärendesine bermek pikiri, ilkinji nobatda, pul akymyny döretmek üçin ýola goýlan. Siz hem-ä her aý goşmaça girdeji alýarsyňyz, hemem her aýky karzyňyzy üzýärsiňiz. Bu iş haýallyk bilen gidýänem bolsa, siz gyşarnyksyz karzyňyzy üzýärsiňiz. Mundan başga-da, wagtyň geçmegi bilen gozgalmaýan emläkleriň bahasy galýar, şonuň üçinem siziň başky goýan 110 müň dollaryňyzam bahasy galar. Başgaça aýdanyňda, siz 10 ýyldan öýüňizi satmak isleseňiz, onuň bazar bahasy eýýäm 125 müň dollar bolar. Bu uly bolmasa-da, size 15 müň dollary almak ýakymly bolar. Üstesine, geçenki ýyllar üçin alan passiw girdejiňizem özüňizde galar.

Şu ýerde baý kakamyň duýduran bir zadyny ýadyňyzdan çykarmaň: «Bärde esasy zat — ünsüňi pul akymyna gönükdirmek. Zatly bolanyňyzy göz öňünde tutmaň-da, şondan geljek girdejini hasaplaň».

Ýogsa-da, hormatly okyjylar, siz her aýyň ahyrynda kanagatlanarly pul akymyny alýaňyzmy?

EÝÝÄM ÄHLI ZADYNY GÖZEGÇILIKDE SAKLAÝAN ADAMLARDAN MASLAHAT ALYŇ

«Baý kakamyň şägirtleriniň üstünliginiň taryhy» diýen kitabymy gözden geçirseňiz, o taýdan aýlykdan-aýlyga çenli ýaşap, bizar bolan pukara adamlar barada taparsyňyz. Olar durmuşdan şeýlebir ýadapdyr welin, ymykly dynç alşa çykmak üçin ýene näçe ýyl işlemelidigini hasaplaýarlar. Siz şol ady agzalan kitapdan dürli-dürli adamlaryň (ýaş ýigitlerden garry adamlara çenli) taýýarlanan maliýe hasabatyny görüp bilersiňiz, olar halypamyň maslahatyna eýerip, passiw girdejisiniň pul akymyny döredip ugraýarlar.

Üstünlik barada ýazylan kitaplaryň köpüsinde gozgalmaýan emläklere pul goýmak barada aýdylýar. Kitabyň awtorlary ilkinji gozgalmaýan emlägi satyn almak üçin nähili gorkyny başdan geçirendiklerini aýdýarlar (olary alan zadyndan ýanmak gorkusy şübhelendiripdir). Ýöne passiw girdejisinden gelýän pul akymy olaryň baryna bu ýagdaýy ýene bir gezek ýa-da birnäçe gezek gaýtalamaga höwes döredipdir. Ol adamlaryň birnäçesi kiçeňräk öýlere hemem jaýlara pul goýmakdan başlandygyny aýdyp, bir zady aýratyn belläp geçýärler, ýagny bu ýoly baý kakamyň maslahaty bilen tapandyklaryny aýdýarlar.

Käbir kitaplaryň awtorlary maliýe azatlygyna ýetmek üçin kiçi telekeçilik işine pul goýupdyrlar. Bölümleriň birinde bir aýalyň kir ýuwulýan öýe pul goýup (daşary ýurtlarda kir ýuwulýan ýerler bar, o taýda öz-özüňe hyzmat etmeli), işe başlandygy aýdylýar. Aýalydyr adamsy bu işiň örän howpsuzdygyna hemem ýönekeý işdigine göz ýetirenlerinden soň, olar ýene iki sany kir ýuwulýan öýe pul goýýarlar. Häzir maliýe meselesinde ep-esli ýokary galan bu adamlar şeýle diýýär: «Biz edil öý işlerini ýola goýşumyz ýaly, maliýe işlerimizem ýola goýduk hemem pul üçin işlemän, puly özümize işlär ýaly etdik.

Görnüşine görä, maliýe öňe gidişliginde adamlaryň aglabasyna her aýky alýan aýlyk haklary zyýan berene meňzeýär. Diňe maliýe meselesinde öňe gidişlik gazanmagy ýüregine düwenden soň, olar pul gazanmagyň başga ýollaryny tapmak üçin batyrgaýlyk edip ugraýarlar. Baý kakamyň aýdyşy ýaly, «Eger aýlanyp duran şol bir durmuşyňdan çykmak isleseň, onda haýsy girdejileriň bardygyny — işläp gazanylan, portfel hemem passiw — öwrenenden gowusy ýok». Siz öz güýjüňizi gozgalmaýan emläklere pul goýup, söwda edip ýa-da başga bir zatlara pul goýup barlap bilersiňiz. Pul gazanmak üçin günde işe gatnamakdan başga ýollaryň kändigine näçe bahym düşünseňiz, şonça-da maşgalaňyz baý ýaşar.

2-nji sapak. Ruhubelentligiň güýji.

Geliň, dostumyň satyn alan köne ulagynyň gürrüňine gaýdyp geleliň. Şol ulagda aýlanmak meniň ruhumy götermedi. Öz «Porscheme» ilkinji gezek münenimdäkim ýaly, perişdelerem aýdym aýtmady, asmandan owaz gelmedi. Tersine, dostum ulagyna münüp, yzynda goýy tüsse galdyryp giden wagty, tas ýüregim bulanyp gaýtarypdym. Ýöne «Porscheme» sereden wagtym ruhum göterilýär. Men bu ulagymy gowy görýärin, ony satyn almak üçin gozgalmaýan emläk gözlemäge gidenimde, onuň maňa nähili ruhubelentlik berenini hiç wagt unutmaryn. Başgaça aýdanymda, bu ulag meni baý bolmaga ruhlandyrdy.

Men Ýaradanyň adamlara owadan zatlary döretmäge kömek edýändigine ynanýaryn. Ajaýyp suratlary, owadan jaýlary ýa-da owadan awtoulaglary görenimde, meni ruhubelentlik gurşap alýar. Men Hudaýyň eçilen jomartlygyny, gözelligini hemem bolelinligini duýýaryn. Olar maňa ýene bir zatlara pul goýmaga güýç berýär. Şonuň üçinem men ünsümi işime däl-de, bir zatlara pul goýmaga gönükdirýärin.

Şu ajaýyplyklardan özüni çäklendiren adamlar, köp halatda, dünýäniň iň ruhubelent adamlary bolup bilmezler. Meniň birnäçe ýakyn dostum bar, olar şeýlebir tygşytly ýaşaýar welin, öýlerine myhmançylyga baranymda, meni şol köne ulagly gelen dostumdan galan duýgular gurşap alýar. Men öz dostlarymy gaty gowy görýärin, şonuň üçinem pula bolan garaýyşlarymy olara berkitjek bolamok. Kim ikimiz serişdelerimizi köpeltmek üçin jan edip işleýäris, olar bolsa erjellik bilen işleselerem, gazançlaryndan pes ýaşaýarlar. Ine, şu hem biziň durmuş ýolumyzda ullakan aratapawut döredýär. Eýýäm aýdyşym ýaly, adamlar dürli-dürli bolýar, her kimiň öz saýlap-seçen ýoly bar. Meniň aýtmakçy bolýan zadym, Kim ikimiz gymmat bahaly zatlara ruhlandyryjy serişde hökmünde garaýarys, bu bolsa bizi baý edýär.

3-nji sapak. Bank maňa aktiw ýa-da
passiw satyn almak üçin höwes
bilen pul berýär.

«Baý kakam we garyp kakam» diýen kitabymda, «Adamyň öýi aktiwi däl» diýen bir jümläniň üstünde gyzgalaňly jedel turdy. Kitaplarymdaky beýleki jedelli pursatlara garanyňda, şol aýdan sözüm üçin gaty kän närazyçylykly hatlar aldym. Men muny elmydama-da gaýtalaýaryn: «Bankçy siziň öýüňiziň aktiwdigini aýdanynda aldadanok. Ol ýöne hakykatda onuň kimiňkidigini aýdanok. Siziň öýüňiz — bu onuň aktiwi». Ondan soň bolsa şu sözleri aýdýaryn: «Men size öý satyn almaň diýemok. Meniň aýtmakçy bolýan zadym — passiwi aktiw hasaplamaň». Şeýle-de bolsa, özümi kemsindirýän hatlaryň gelmegi dowam edýär.

Bankçy aktiw ýa-da passiw satyn alýandygyňyza garamazdan, size pul berer, ýöne nämäniň gowudygyny aýtmaz. Eger siz täze, çalt gidýän gaýyk satyn almak isleseňiz hemem maliýe hasabatyňyz ony satyn alyp bilmäge mümkinçiligiňiziň bardygyny görkezse, onda bankçy uly höwes bilen size karzyna pul berer. Eger siz kireýne bermek üçin üç otagly jaýy satyn almak isleseňiz, maliýe hasabatyňyzam oňaýly ýagdaýda bolsa, bankçy size karz bermekden boýun towlamaz. Näme üçin? Sebäbi passiw ýa-da aktiw satyn alýandygyňyza garamazdan, siziň islendik satyn alan zadyňyz bank üçin aktiw bolýar.

Şonuň üçinem başda aktiw satyn almak üçin karz alan adamlar, ahyrky netijede, passiw satyn alar ýaly serişde edinýärler. Diňe passiw satyn alan adamlara bolsa, köplenç, aktiw almak başartmaýar, sebäbi puly gutarýar.

Siziň näme satyn alýanyňyz bilen — ol aktiwmi ýa passiw — bankçynyň işi ýok, sebäbi siziň islendik satyn alan zadyňyz bankyň aktiwi bolýar. Şonuň üçinem näme satyn almalydygy barada özüňiz pikir etmeli bolarsyňyz.

Dogrusyny aýdanyňda, satyn almak isleýän zadyňyz barada näçe köp alada etseňiz, şonça-da bankçyňyz arkaýyn ýaşar, sebäbi onuň işi karz bermezlik däl-de, köpräk karzyna pul bermek. Eger siz karzyna pul almasaňyz, bankçylar puluny köpeldip bilmez. Şo sebäpli siziň puluňyz näçe köpeldigiçe, bankçyňyzyň işi şonça-da ýeňleýär.

Men öz bankçymy gowy görýärin, sebäbi ol maňa aktiw satyn almak üçinem, passiw satyn almak üçinem höwes bilen pul berýär.

4-nji sapak. Siziň bankçyňyz
haýsy aktiwi has gowy görýär?
Radiogepleşigi alypbaryjy maňa şunuň ýaly sorag berdi:

— Siz nämä pul goýýarsyňyz?

— Ýigrimi ýaşdan geçenimden soň, gozgalmaýan emläklere pul goýup ugradym — diýip, men jogap berdim. — Häzir girýän girdejilerimiň esasy bölegini gozgalmaýan emläklerden alýaryn. Bulardan başga, men birnäçe kompaniýanyň hemem aksiýa ýa-da obligasiýa diýen ýaly kagyz aktiwleriniň eýesi.

Şonda alypbaryjy şeýle diýdi:

— Maňa welin gozgalmaýan emläkler ýaranok. Meniň unitaz bejeresim ýa-da ýarygije turup, kärendeçimiň samyrdysyny eşidesim gelenok. Şonuň üçinem olara pul goýamok. Men ähli pulumy aksiýa hemem ikitaraplaýyn fondlara goýdum.

Şondan soň gepleşik tamamlandy, bildiriş yglan etdiler hemem meni studiýadan çykaryp goýberdiler.

GYMMATLY PIKIR

Şol gün agşam bu gepleşigi kellämde aýlap otyrkam, özüme şeýle diýdim: «Radiogepleşigi alypbaryjy nähili gymmatly karara gelipdir! Ol gozgalmaýan emläklere pul goýmak islemeýär, sebäbi onuň unitaz bejeresi hemem gijelerine kärendeçiniň jaňyny alasy gelenok. Gyzykly zat, ol munuň özüne näçeräk düşjekdigini bilýärmikä?».

Pul goýmak üçin dört sany esasy aktiw bar:

1. Telekeçilik.
2. Gozgalmaýan emläk.
3. Kagyz aktiwleri.
4. Çig mal.

Şol gije pikirlenip otyrkam, baý kakamyň aýdan sözleri eşidilen ýaly boldy: «Seniň bankçyň şu aktiwleriň haýsysyny has gowy görýär?». Onuň jogaby ýekedi — gozgalmaýan emläk. Kiçeňräk söwda başlamak üçin şu aktiwleriň islendigi üçin pul almak kyn. Dogrusy, pul karz alyp bolýar, ýöne girew hökmünde başga aktiwleriňi goýmaly bolýar.

Kagyz aktiwlerini ýa-da haryt almak üçin bankçydan pul almak gaty kyn, aýratynam, kiçijik göterimi bilen 30 ýyllyk. Ýöne gozgalmaýan emläk üçin höwes bilen pul berýärler.

Birnäçe ýyl mundan ozal baý kakam Maýk ikimize şeýle diýdi: «Eger siz maliýe azatlygyna ýetmek isleýän bolsaňyz, onda bankçyňyzyň isleýän zadyny bermeli bolarsyňyz. Bankçyňyz, ilki bilen, siziň maliýe hasabatyňyzy görmek islär. Ikinjiden, size gozgalmaýan emläk satyn almak üçin pul bermek islär. Ýöne öňünden anyklaň, bankçyňyz näme isleýär. Onsoň size baý bolmak aňsat düşer.

Gozgalmaýan emläkleriň garşysyna aýdan sözi üçin radiogepleşigi alypbaryjy gaty kän tölemeli bolar, sebäbi aksiýa, obligasiýa ýa-da ikitaraplaýyn fondlaryň paýyny almak üçin ol öz jübüsindäki pullaryny ulanmaly bolar. Sebäbi ýokarda agzalan zatlary edinmek üçin bankdan pul almak juda kyn.

Geliň, 10 müň dollar puly mysal hökmünde alalyň. Eger radiogepleşigi alypbaryjy ikitaraplaýyn fonduň paýyny satyn almak islese, onda ol 10 müň dollardan artyk satyn alyp bilmez. Ýöne gozgalmaýan emläk satyn almak islese, onda ol öz 10 müň dollaryny hemem bankyň berjek 90 müň dollaryny ulanyp, bahasy 100 müň dollarlyk hususy emläk edinip biler. Eger bu gozgalmaýan emläkden pul akymyny döredip bolsa, onda kärendeçileriň berjek puly onuň tutuş çykdajylaryny hemem bankyň bergisiniň üstüni ýapar. Mundan başga-da, her aý belli bir möçberde girdeji berer.

Bazar bahalary ýokary galýar hemem ýylyň dowamynda her aktiw 10 göterim güýçlenýär diýeliň. Bu ýagdaýda ikitaraplaýyn fondlara pul goýan maýadar müň dollar gazanar. Emma gozgalmaýan emläk oňa 10 müň dollar berer, sebäbi emlägiň gymmatynyň kem-kemden peselmegi netijesinde, salgyt ýeňilleşme bilen bolýar. Eger pul goýujy öz emlägini ýeňilleşdirilen salgydyň düzgünlerine görä satmak islese, onda ol Amerikada maýasynyň köpelenligi üçin salgyt tölemez.

Dogrusyny aýdanyňda, ikitaraplaýyn fondlaryň paýlary hiç hili pul akymyny döretmez, emlägiň gymmatynyň kem-kemden pese gaçmagy bilen baglylykda salgyt ýeňilligi döremez hemem pensiýa meýilnamasyna girmese, maýasynyň köpelişine baglylykda salgyt salnar.

Men bu zatlary gürrüň berip, kagyz aktiwleriň ýaramazdygyny aýtmakçy bolamok. Men ýöne gozgalmaýan emläklere pul goýmak islemeýän adamynyň aýdan sözleriniň özüne nähili gymmat düşjekdigini mysal getirmekçi bolýaryn. Gozgalmaýan emläkleriň Kim ikimizi özüne çekýänliginiň sebäbi — ol bize her aý passiw pul akymy getirýär hemem alan gazanjymyzdan has az salgyt tölemäge mümkinçilik berýär. Biz şu işiň üsti bilen maliýe azatlygynyň lezzetini görýäris. Başgaça aýdanyňda, gozgalmaýan emläkler bize gowy karzly bolmaga hemem baý bolmaga kömek edýär.

Baý kakam şu zatlary göz öňünde tutup: «Elmydama bankçyňyzyň isleýän zadyny beriň» diýerdi, soňundanam: «Islendik karz bilen edil oklanan sapança ýaly çemeleşiň» diýip duýdurardy.

«Karz» diýlen zat ikibaka yranyp duran uly güýç ýaly bir zat. Adamlar şol güýji ulanyp pul gazanybam biler, ýitiribem. Şol sebäpli bilim almak hemem birnäçe ýyl tejribe geçirmek üçin tölemeli bolarsyňyz. Eger siz bu bahany tölemek islemeseňiz, onda beýleki adamlaryň ýa-da bankyň puluny ulanmajak boluň.

BILIM ALMAK ÜÇIN NÄÇE TÖLEMELI?

1970-nji ýylda gozgalmaýan emläkler boýunça üç günlük okuw üçin 385 dollar pul töledim. Bu meniň tölän pullarymyň iň gowularynyň biri boldy. Men ýuwaş-ýuwaşdan işe girişip, öňümdäki bäş ýyly tejribe almak üçin ulandym. Radiogepleşigi alypbaryjynyň aýdyşy ýaly, meniňem unitaz bejeresim ýa-da gijäniň içinde kärendeçileriň jaňlaryna jogap beresim gelenok, umuman, men bu zatlar bilen meşgullanamok, maňa gozgalmaýan emläklerden gelýän pul akymy hemem erkin durmuş ýaraýar.

Tehas Ştatynyň Dallas şäherinde gozgalmaýan emläkler barada okuw maslahaty geçirilýärdi. Şol ýerde çykyş edip otyrkam baý kakamyň «Monopoliýa» oýnuny oýnadyp, gozgalmaýan emläklere pul goýmany öwredendigini, oýunda dört sany ýaşyl öýi satyn alyp, bir gyzyl «myhmanhana» öwürmelidigini aýdyp durkam, ýanyma altmyş ýaşly bir adam geldi-de, şeýle diýdi:

— Diýmek, men öz öýlerimi gyzyl myhmanhana öwürmeli-dä?

Men ýylgyrdym-da, bilesigelijilik bilen soradym:

— Siziň näçe sany öýüňiz bar?

Ol birki sekunt pikirlendi-de, şeýle diýdi:

— Ýedi ýüzden gowrak.

— Näme? — diýip, men zordan gürledim.

Gürleşip oturanymyzdan soň, men onuň demirgazyk Tehasyň mülk eýesi bolandygyny bildim. Ol soňky kyrk ýylyň içinde her ýyl birnäçe sany öý satyn alyp, kärendesine beripdir. Bu adam senagat pese gaçanda-da, nebit we maldarçylyk söwdasy opurylanda-da arkaýyn ýaşapdyr. Haçan-da, ykdysadyýet pese gaçanda, ol pulsuz galan adamlaryň öýüni satyn alyp, köplenç, şol adamlaryň özüne kireýne beripdir. Pul akymynyň ýokarlanmagy netijesinde ol jaý yzyna jaý satyn alypdyr. Onuň satyn alan jaýlarynyň iň pesi 65 müň dollar bolup, ol şu mahala çenli olaryň hiç birini satmandyr. Men onuň her jaýynyň ortaça 200 dollar pul berýändigini anykladym-da, geňirgenmekden ýaňa haýran galyp, ondan soradym:

— Siz aýda 140 müň dollar girdeji alýan diýjek bolýaňyzmy? Bu diňe kärendesine berýän jaýlaryňyzdan bir milliondan agdyk pul aldygyňyz bolýar ahyry.

— Hawa — diýip, ol jogap berdi. — Bärik gelmegimiň sebäbi — siziň uly öý edinmek pikiriňiz maňa ýaraýar. Sebäbi kiçijik ýaşyl öýleri satyn almak juda köp wagtyňy alýar. Onsoňam uly öýden edinsem, maňa munça öý satyn almak gerek bolmaz. Aýtsaňyzlaň, men birnäçe gyzyl myhmanhana edinmek üçin käbir ýaşyl öýlerimi satmalymy?

Men inkär edijilik bilen başymy ýaýkadym-da, gülüp şeýle diýdim:

— Men siziň indiki okuw maslahatynda çykyş edeniňizi isleýän, sizi höwes bilen diňlärdim.

Şondan soň men oňa öz maliýe we salgyt maslahatçylarymyň familiýasyny hemem telefon belgisini berdim-de, olar bilen duşuşmagy haýyş etdim hemem sözümiň ahyrynda onuň ýeten üstünligine özümiň heniz örän daşdadygymy aýtdym.

Ol telefon belgileri üçin minnetdarlyk bildirende, 40 ýyl mundan öň baý kakamyň öz ogly hemem meniň bilen «Monopoliýa» oýnuny oýnan günleri ýadyma düşdi. Şol wagtlar men kiçijik plastmassa öýjagazlary oýnan bolsam, ýanyma gelen jenap hakyky öýler bilen meşgullanan eken. Birden baý kakamyň sesi eşidilen ýaly boldy: «Gozgalmaýan emläklerimi köpelderim ýaly, bankçym elmydama maňa pul berýär. Menem hemişe onuň isleýän zadyny berýärin».

BÄŞINJI BAP

ÝARAMAZ KARZDAN HALAS BOLMAGYŇ BAHASY

Eger çukura gaçan bolsaň,
näme etmelidigini bilýäňmi?
Gazmaly däl.

Halk pähimi

Maliýe azatlygynyň ýoluna düşmezden ozal, ýaramaz karzyňyzyň näçedigini takyk bilmelisiňiz. Näçeräk bergä çümendigiňi hasaplamak edil agyryly dişi bejeren ýaly bir zat. Ýöne bu iş nähili hasratly bolsa-da, öz bähbidiňiz üçindir. Käbir adamlaryň eýýämden muňa «owarram» diýýändigini bilýärin, sebäbi olar gorpuň içinde oturandyklaryna düşünýär hemem ondan çykmak islemeýärler.

Ýöne çynyňyzy edip pul akymyny döretmek isleýän bolsaňyz, onda maliýe biliminden gerekli zatlary bilmeli bolarsyňyz. Aşakda barlag soraglary bolup, bu sizi duran ýeriňizden gozganmaga mejbur eder.

Eger jogabyňyz «hawa» sözi bilen gutarsa, onda soragyň öňüne 1-lik sanyny goýuň.

___ Hasaplaryňyzy elmydama giç töleýäňizmi?

___ Haçan-da birwagt haýsydyr bir hasaby aýalyňyzdan gizlediňizmi?

___ Serişdäňiziň ýeterlik bolmany üçin ulagyňyzy bejermekde geleňsilik etdiňizmi?

___ Soňky döwürlerde gerek bolmadyk ýa-da ýagdaýyňyzyň bolmadyk zadyny satyn aldyňyzmy?

___ Gazanjyňyzdan köp sowýaňyzmy?

___ Size karzyna pul bermekden ýüz öwürdilermi?

___ Bergiňizden çykmak maksady bilen lotereý satyn alýaňyzmy?

___ Gara günüňiz üçin pul süýşürýäňizmi?

___ Umumy bergiňiz (muňa karzyňyzam girýär) gara günüňiz üçin goýan puluňyzdan agdyk gelýärmi?

Ähli sanlary jemläň ___

— Sanlaryň jemi 0-la deň bolsa, örän gowy! Diýmek, siz eýýäm pul akymyňyzy gözegçilikde saklaýaňyz.

— 1-5 aralygynda bolsa, ýaramaz karzlaryňyzy azaltmagyň pikirini ediň.

— 6-9 aralygynda bolsa, seresap boluň! Siz maliýe opurylyşygyna tarap barýarsyňyz.

PUL AKYMYNY DOLANDYRMAK ÜÇIN BAÝ KAKAMYŇ BEREN MASLAHATLARY

Dogrudanam, pul akymyny gözegçilikde saklamak isleýän bolsaňyz, siz üç sany zada eýe bolmaly bolarsyňyz.

1. Maliýe hasabatyna — bu size maliýe nukdaýnazaryndan, nirede duranlygyňyzy bilmek üçin gerek bolar. (Öz maliýe hasabatyňyzy düzmek üçin kitaba girizilen «Pul akymy 101» oýnuny ulanyň).

2. Şahsy düzgün-tertibe.

3. Ýetmek islän zadyňyza bolan meýilnama.

Size endikleriňizi üýtgetmek kynmy? Munuň şeýledigine şübhelenemok. Ýöne maliýe meselesinde ösmek isleseňiz, endikleriňizi üýtgetmeli bolarsyňyz. Siz muny etmänem bilersiňiz, ýöne endikleriňizi üýtgetmeseňiz, elmydama şol bir duran ýeriňizde aýlanyp durarsyňyz hemem lotereýde utaýmasaňyz, bar gazanjyňyzy soňy görünmejek hasaplara tölemeli bolarsyňyz. (Men lotereýde pul utmagyň köp adam üçin maliýe üstünliginiň çeşmesidigine geň galýaryn).

Öz karz kartlaryňyzdan ýüz döndermäň-de, bergiňizi azaltmagyň ugruna çykyň. Siziň ilkinji etmeli zadyňyz:

— Ilki bilen, özüňize töläň.

Her gezek pul alanyňyzda, ilki bilen, özüňize töläň. Ulag üçin ýa-da öýüň tölegleri üçin tölemezden öň, gazanan puluňyzdan ep-eslisini aýryp, ulanyşa goşmak üçin aýratyn hasapda goýuň. Tä haýyrly bir zada pul goýýançaňyz, şol puly ellemäň.

— Bolar-bolmaz zatlar üçin pul sowmaň-da, çykdajylaryňyzy azaldyň.

Bolar-bolmaz zatlar — bu zatlary biziň barymyz isleýäris, hakykatda welin, olaryň geregi ýok. Muňa kaşaň ulag, gymmat bahaly restoranlarda naharlanmak hemem üýtgeşik egin-eşikler girýär. Hyjuw bilen pul sowmak endiginden saklanyň. Oýnuň hut şu tapgyrynda siziň düzgün-nyzamyňyz hemem erkiňiziň güýji görnüp ugrar. Ýöne, dogrudanam, ýaramaz karzyňyzdan dynmak isleýän bolsaňyz, daşyndan düşýän pullary sowmazlyk endigini ösdürmeli bolarsyňyz.

Men baý kakamyň aýdanlaryndan çykamok. Ol serişdäňiz köpelenden soň, islendik durmuşda ýaşap biljegiňizi aýdýanam bolsa, käwagtlar durmaly-da, dogry ýoldan gitmek üçin çäre gözlemeli. Çukura gaçan bolsaň näme etmeli? Gazmaly däl.

Men eýýäm «gyzyl çyzykda» duran adamlar barada ýatlap geçipdim. Olar aýlykdan-aýlyga çenli zordan günlerini görýärler. «Pul akymynyň kwadranty» atly kitabymdaky «Pul akymyňyzy gözegçilikde saklaň» kesgitlemesi hemem beýleki maslahatlar size aýgytly ädim ätmäge kömek eder. Siz onuň kömegi bilen «gazmagyňyzy bes edip», geljegiňizi maliýe taýdan gowulamak üçin hereket edip ugrarsyňyz.

SOŇ NÄME?

Şeýlelikde, düzgün-tertibi hemem pul akymyňyzy gözegçilikde saklamak üçin bir netijä geldiňiz. Mundan soň näme etmeli?

— «Pul akymynyň kwadranty» atly kitabymyň «Pul akymyny gözegçilikde saklaň» kesgitlemesine eýeriň.

PUL AKYMYŇYZY GÖZEGÇILIKDE SAKLAŇ

1. Ýaňyja düzen maliýe hasabatyňyzy gözden geçiriň.

2. PUL AKYMYNYŇ KWADRANTYNYŇ çyzgysyny alyň-da, häzir haýsy bölümden girdeji alýandygyňyzy kesgitläň.

3. Ýene bäş ýyldan haýsy kwadrantdan pul almak isleýändigiňizi kesgitläň.

4. Pul akym meýilnamaňyzy iş ýüzüne geçirmäge girişiň:

— Ilki bilen, özüňize töläň. Aýlygyňyzyň ýa-da her bir girýän girdejiniň belli bir möçberini alyň-da, aýratyn hasapda goýuň hemem täze bir işe pul goýýançaňyz ellemejek boluň.

— Bergiňizi azaltmaň ugruna çykyň.

Aşakda bergiňi azaltmak ýa-da düýbünden ýok etmek üçin birnäçe ýönekeý maslahat bar.

1-nji maslahat. Eger az-owlak tölenmedik karz kartlaryňyz bar bolsa, olaryň birini ýa-da ikisini ýanyňyzda saklaň.

Galan karz kartlaryňyzy sandygyňyza atyň.

Ýanyňyzdaky kartlaryň çykdajylary aýyň aýagyna çenli tölenmelidir. Täze uzak möhletleýin ýaramaz karz edinmäň.

2-nji maslahat. Her aý öz girdejiňizi 150-200 dollar artdyryň.

Maliýe bilimiňiz gün-günden ösýänligi üçin muny etmek size kyn düşmez.

Eger her aý girdejiňizi 150-200 dollar köpeldip bilmeseňiz, siziň maliýe azatlygyna ýetmek mümkinçiligiňiz salgym ýaly bolar.

3-nji maslahat. Her aýky gazanýan 150-200 dollaryňyzy DIŇE BIR KARTYŇ karzyny üzmek üçin ulanyň.

Bir kartyňyzyň bergisini üzmek üçin 150-200 dollar geçiriň, beýleki kartlaryňyzyň bolsa minimumyny töläň.

Köplenç, adamlar karz kartlary barysy üçin her aý kiçeňräk goşmaça pul töleýärler, ýöne näme üçindir, karzlaryny üzmek başardanok.

4-nji maslahat. Haçan-da, birinji kartyňyzyň karzy doly üzülen soň, umumy puluňyza pul geçirip ugraň hemem edil birinjidäki ýaly ikinji kartyňyza hem pul geçirip ugraň.

Indi siz ikinji kartyňyzyň bergisini üzmek üçin töläp ugrarsyňyz. Bu ýagdaýy beýleki karz kartlaryňyzy üzýänçäňiz gaýtalaň.

Her gezek bergiňizi üzeniňizden soň, umumy puluňyzyň mukdary artyp ugrar, bu bolsa her aýky gazanjyňyzyň köpelmegine ýardam eder.

5-nji maslahat. Haçan-da, karz kartlaryňyzy hemem beýleki ýaramaz bergileriňizi üzeniňizden soň, bu ýagdaýy ulagyňyzyň bergisi hemem girew goýan bergiňiz üçin ulanyň.

Eger ýokarda aýdylan zatlary ulansaňyz, bergiden çykmak üçin näçe wagt tygşytlandygyňyza haýran galarsyňyz.

Adamlaryň aglabasy bergilerinden 5-7 ýylda dynmagy başarýar.

6-njy maslahat. Bergileriňizden azat bolanyňyzdan soň, soňky tölän karzyňyzyň bir aýky jemini alyň hemem bu puly maýa goýumy üçin ulanyň.

ÖZÜŇI GÖZEGÇILIKDE SAKLAMAK ÜÇIN BEÝLEKI MASLAHATLAR

— Artykmaç pul tölemezlik üçin hasaplaryňyzy wagtynda töläň.

— Göterimi juda az karz kartyny tapyň, onuň ýyllyk göterimi bolmasyn hemem bergiňi bir bankdan beýleki banka geçireniňde, göterimi bolmasyn. Soňra beýleki kartlaryňdaky bergileriňi bu karta geçirmegiň aladasyny ediň. Bu size az göterim tölemäge kömek eder.

— Bankomat ulanmagy bes ediň, sebäbi puluňyzyň ujundan alyp galýarlar. Bu öz puluňy ulananlygyň üçin tölän ýaly bir zat.

PUL SOWMAK ENDIGINDEN
HALAS BOLUŇ

— Bir zat satyn alanyňyzda, elmydama nagt tölejek boluň. Diňe zerurlyk ýüze çykan wagty kartyňyzdan töläň.

— Kelläňiziň gyzgynyna söwda etmäň, ýagny gören zadyňyzy satyn aljak bolup ýörmäň. Erkiňiziň güýjüne daýanyň-da, özüňize «ýok» diýmegi başaryň.

— Harydy lomaý söwda edýänlerden ýa-da belli bir göterim arzan berýän dükanlardan satyn alyň.

— Girdejileriňize hormat goýuň. Eger iýmit üçin goýlan 200 dollary sowan bolsaňyz, onda ýeralma çipsisinden hemem buzgaýmakdan ýüz dönderiň.

— Ady belli dermanhanalardan derman satyn almaň-da, belli bir göterimde arzan berýän dermanhanalardan alyň.

— Işiňiziň daşyndan iş tapynyň ýa-da goşmaça girdeji almak üçin ýol tapyň.

— Öýüňizi gyşa taýynlaň. Turbalaryň daşyny saraň. Penjireleriň yşyny ýapyň. Öýüň ýylylygyny hemem energiýany saklamak üçin eliňizde baryny ediň.

— Öý we el telefonlarynda kän gürleşjek bolmaň.

Şeýtmek bilen, puly aýawly saklamaga endik edinip ugrarsyňyz. Gymmat şampundan ýa-da restoranlardan ýüz dönderendigiňiz üçin näçeräk pul tygşytlanyňyzy bileriňiz ýaly, her hepde hasaplaryňyzy gözden geçiriň. Şeýtmek bilen, her hepde 30-40 dollar tygşytlarsyňyz. Ol aýda ýüz dollardan geçer, ýylda bolsa 1200 dollar, hatda ondanam aňyrda bolar. Bu bolsa karz kartyňyzy üzmek üçin ýardam berer.

Siz tizden-tiz ýaramaz karzlaryňyzdan dynyp, geljege ynam bilen gararsyňyz hemem baýlar ýaly pikir edip ugrarsyňyz. Şondan soň passiw girdeji berýän aktiwleri satyn alyp ugrarsyňyz hem-de ondan düşýän girdejä hasaplaryňyzy we beýleki zatlaryňyzy töläp ugrarsyňyz.

Baý kakamyň filosofiýasynyň düýp manysam şunda — öz islegiňiz boýunça ýaşamak üçin serişdäňizi köpeldiň.

ÜPJÜN KARZ BILEN ÜPJÜN DÄL KARZ

Iki hili karz bolýar: üpjün we üpjün däl. Birinji karzyň yzyna alynmagy üçin girewine zat goýulýar. Meselem, jaý ýa-da ulag almak üçin girewine bir zatlar goýulýar. Üpjün däl karzyň yzyna alynmak kepili ýok. Bular ýaly karzlara, adatça, karz kartlarynyň hasaplary, şahsy karzlaryňyz hemem lukmançylyk kömeginiň hasaplary girýär.

Siziň ilki etmeli zadyňyz — üpjün däl karzlaryňyzdan saplanjak bolmaly. Baý kakamyň taglym berşi boýunça üpjün däl karzlar ýaramaz topara degişli edilendir, şonuň üçinem ondan näçe basym halas bolsaňyz, şonça-da puluňyzy gözegçilikde saklap bilersiňiz.

Karz kartlary barada aýdylanda bolsa, olar, dogrudanam, amatly zat. Maliýe meselesine duçar boljagyňa doly akyl ýetirmeseň, dogrudanam, olardan ýüz öwürmäge sebäp ýok. Meselem, karz kartlaryny ulanýanlygyňyz üçin olar her ýyl belli bir möçberde pul tutup galýarlar. Ýyllyk göteriminden aýratynlykda, ulanýan puluňyzyň ýyllyk göterimini tölemeli bolarsyňyz.

Käbir karz kartlarynda bu tutumlar 20-25 göterime ýetýär. Eger siz her aýky minimum tölegini töleseňiz, onda karzyňyzy üzmek üçin gaty kän pul tölärsiňiz.

INDI BOLSA ÝARAMAZ KARZLARDAN HALAS BOLMAK BARADA GÜRRÜŇ EDELIŇ

Her aýky pul akymyny gözegçilikde saklamak üçin şu usuly hödürleýärin:

1. Sandygyňyzdan karz kartlaryňyzyň baryny çykaryň. «Pul akymyny gözegçilikde saklaň» kesgitlemesine laýyklykda, her bir kartyň tölenmän galan galyndysyny barlaň.

2. Kartda galan iň kiçi ýaramaz karzlary alyň-da, ilkinji nobatda, şolary töläň.

3. Kartlary doly töläp bolanyňyzdan soň sandyga atyň. Özüňizi saklap bilmän ýene şol karz kartlaryndan pul alaryn öýdýän bolsaňyz, onda olaryň kompaniýasyna jaň ediň-de ýapdyryň.

4. Beýle kartlar bilenem şolar ýaly çemeleşiň. Doly bergiňizden çykýançaňyz, ýuwaşlyk bilen ýaramaz karzyňyzdan dynyň.

Düşüniň, köp ýagdaýlarda bu zatlary birki aýyň dowamynda edip bolanok. Kartdaky karzyňyza baglylykda, ony ýapmak birnäçe aýa ýa-da ýyla uzamagy mümkin. Her näme bolsa-da, her aýky hasaplary ýapmak üçin gul ýaly işlemekden halas bolup, rahat durmuşa ýetmek üçin bu zerurdyr.

Karz kartlaryňyzy gözegçilige salanyňyzdan soň, sizde jaýyňyzyň karzyny ýapmak üçin goşmaça pul ulanmak höwesi dörär. Öý eýeleriniň aglabasynyň karzlaryny wagtyndan öň ýapmaga haky bar, şo sebäpli karzlaryndan basymrak dynmak üçin olar her aý köpräk pul geçirenini gowy görýärler. Esasy tölenmeli puluň üstüne 50 dollar goýaňda-da, birnäçe ýyldan soň karzyňyz müňlerçe dollar azalar. (Bankçylar ýadyndan çakarmaz ýaly, goşmaça puly esasy karzy ýapmak üçin tölenýändigiňizi aýdyň).

Şu ýönekeýje zatlary etmäge özünde güýç tapan adam birnäçe ýylyň içinde maliýe taýdan güýçlenip, ýaramaz karzlarynyň esasy böleginden halas bolmagy başarar. Siziň häzirki maliýe ýagdaýyňyzda bu zatlar çyna berimsiz görünýän ýaly bolmagy mümkin, ýöne ynanaýyň, teklip edýän zatlarymyň netijesiniň boljakdygy gürrüňsiz.

ALTYNJY BAP

ÖZGERIŞLIGIŇ BAHASY

Samsyklyk etmeklik — bu şol bir zady gaýtalap,
başga hili netijä garaşmakdyr.

Halk pähimi

Haçan-da, adamlara gowy we ýaramaz karzlar barada aýdanymda, olar, köplenç, şular ýaly soraglar berýär:

— Birden bazar pese gaçsa näme?

— Birden ýalňyşsam näme?

— Birden karzymy berip bilmesem näme?

— Birden gozgalmaýan emläkler bilen gyzygmasam näme?

— Bahalar şeýle ýokaryka, gozgalmaýan emläkleri nädip satyn alaýyn?

— Eýsem, karz almaklyk, töwekgellik etmeklik dälmi, näme?

— Eýsem, bergi etmezlik gowy dälmi?

Bularyň bary howp-hatarly dünýäde emele gelen kanuny soraglar, olara ýöne eliňi salganyň bolmaz. Men bir maýadaryň aýdan sözüni eşitdim:

«Ähli maýa goýumyna ýaramaz göz bilen garaň». Ähtimal, siz onuň näme diýjek bolandygyna düşünen bolsaňyz gerek: «Siziň howsalalaryňyz esasly, şonuň üçinem hiç zat etmäň».

Her hili hem bolsa, bu gorkular millionlarça adamy şel edip, hiç zat etmezlige mejbur edýär. Nämälimligiň öňündäki gorky, köplenç, adamlary ähli zady öňki-öňküligine galdyrmaga mejbur edýär.

Kitabyň başynda getirilen hasabata ýene bir gezek göz gezdiriň. Adamlar 65 ýaşyna ýetende:

1% — örän baýdygy;
4% — örän gurpludygy;
5% — entegem mejbury ýagdaýda işlemelidigi;
54% — garyndaşlarynyň ýa-da hökümetiň hossarlyk etmeginde ýaşaýandygy;
36% — ýogalandygy anyklanyldy.

Meniň pikirimçe, ýüz adamdan bir adamyň uly baýlyk edinip bilmeginiň sebäpleriniň biri hem şundan ybarat: adamlaryň aglabasy özgerişligiň zerurdygyny kabul edip bilmän, şol bir edýän işini gaýtalaýar. Men adamlaryň köpüsiniň özgermek isländigine ynanýan, ýöne olary «Birden bazar pese gaçsa näme?», «Birden ýalňyşsam näme? ýa-da «Birden karzymy töläp bilmesem näme?» diýen ýaly gorkudyr şübheler şel edipdir.

Başgaça aýdanyňda, adamlaryň köpüsine özgermek başartmaýar, sebäbi olar öz gorkudyr şübheleriniň ýesirine öwrülip, şol bir edýän işini gaýtalamaga mejbur bolýarlar, bu bolsa düýpleýin akylsyzlykdyr.

NÝUTONYŇ ÝENE BIR KANUNY

Baý kakam maňa, köplenç, şeýle diýerdi: «Ýalňyşmakdan gorkýan adamlar, adatça, hiç zat etmeýärler ýa-da şol bir edýän zadyny gaýtalaýarlar. Nýutonyň ýene bir köptaraply kanuny bar, oňa «energiýany saklamak kanuny» diýilýär hemem onda şeýle diýilýär: «Her bir rahatlykda ýaşaýan beden — rahat ýagdaýynda galýar, her bir hereket edýän beden — hereket edýän ýagdaýynda galýar». Başgaça aýdanyňda, käbir adama şol bir zady gaýtalap ýörmek ýeňil düşýär, sebäbi her bir hereket edýän beden — hereketde bolýar. Özgermek we täze bir zatlary etmek käbir adama kyn düşýär, sebäbi her bir rahatlykda ýaşaýan beden — rahat ýagdaýynda galýar.

Köplenç, maliýe azatlygyna ýetmek üçin başga bir zatlary etmeli bolýar, ýagny hiç zatsyz bir işe başlamaly, şol işde birnäçe ýalňyş goýbermeli hemem üstünlik gazanýançaň jepa çekmeli. Bu siziň tölejek bahaňyz bolar. Bu gürrüň berlende aňsat ýaly görünýär, bu dogrudanam aňsat, ýöne adamlaryň köpüsiniň baýlyga alyp barýan bu aňsat hereketi ulanmaýanlygynyň sebäbi — Nýutonyň ýokarky kanunynda jemlenýär.

DIŇE BIR IŞ ÝERIŇIZI ÜÝTGEDIP OŇMAŇ

«Pul akymynyň kwadranty» atly kitabymda men pul we telekeçilik işinde duşjak dört dürli adamlar barada ýazdym hemem aşakda PUL AKYMYNYŇ KWADRANTYNYŇ bölümlerini görkezdim.

R — kireýne işleýänler.
S — özüne işleýänler hemem kiçi telekeçiler.
B — uly telekeçiler.
I — Maýa goýujylar.

Kitapda bu adamlaryň içki tapawutlary barada gürrüň edilip, eger-de olar kwadrantyň bir bölüminden beýleki birine geçmegi isleýän bolsalar, nähili özgerişlikler geçirmelidigi barada maslahat berilýär. Men bärde PUL AKYMYNYŇ KWADRANTYNYŇ bölümlerini görkezdim, ýöne meni bir zat — köp adamlaryň özgermek isleýändigi, olaryň bolýan bölüminiň özleri üçin duzaklygy hemem ondan çykyp bilmeýändikleri örän alada goýýar.

Meselem, adamlaryň köpüsi okuwyny gutaryp, işe duranlaryndan soň, R kwadrantdan uly höwes bilen çykmak hemem bir zatlar etmek islegine garamazdan (aýdaly, bir zada pul goýmak ýa-da öz hususy telekeçiligine başlamak), tä pensiýa çykynçalar şol ýerde galýarlar.

Köp adamlar, hatda özgerişligi geçirenlerinden soňam şol öňki kwadrantynyň içinde galýarlar. Meselem, olar diňe R kwadrantyň çäginde üýtgeşiklik geçirýärler, ýagny has uly aýlykly iş ýa-da bagt gözläp, bir işden başga bir işe geçýärler. R kwadrantyň örän az wekiliniň baýaýanlygynyň esasy sebäbi — bu kwadrantyň adamlary üçin salgyt şertleri örän amatsyz ýagdaýdadyr.

Bir kwadrantdan beýlekisine geçmek barada aýdylanda, bularyň iň ýörgünlisi R bölümden S bölüme geçmekdir. Bu geçişligi amala aşyran adamlar, köplenç, şeýle diýýär: «Men özümçe bir zat edesim gelýär» ýa-da «Men öz-özüme başlyk bolasym gelýär». Bu kwadrantda-da baýamak kyn, sebäbi adam işlemek islemese, gelýän girdejisinden kesilýär. Mundan başga-da, S bölüminiň wekilleri üçinem salgyt şertleri örän amatsyzdyr.

Uly baýlyk edinmek üçin B ýa-da I kwadrantlarynda bolan ýagşy, ýöne bärde-de adam käbir şahsy meseleleri bilen çaknyşmaly bolýar.

Eger siz bu kwadrantlar barada has doly maglumat almak hemem özüňizde özgerişlikler geçirmek isleýän bolsaňyz, onda siz «Pul akymynyň kwadranty» diýen kitabymy okamaly bolarsyňyz.

Häzirlikçe özüňiziň esasy işiňizi taşlamazlygyňyzy hemem täze kwadrantda täze işi başlamak üçin bolmanda özüňize bäş ýyl bermegiňizi maslahat berýärin.

BAÝ BOLMAK MÜMKINÇILIGINI ULALTMAK ÜÇIN KWADRANTYŇYZY ÜÝTGEDIŇ

Köp adamlaryň lotereý oýnamagy ýa-da özüne çekiji oýunlara gatnaşmaklarynyň esasy sebäbi — olar R ýa-da S kwadrantlaryndadyr. Uly baýlyk edinýänleriň esasy bölegi B we I kwadrantlaryndadyr. Maliýe azatlygyna ýetmek mümkinçiliginiň esasy ýollarynyň biri — kwadrantyňy üýtgetmek. Elbetde, muňa hiç hili kepilnama ýok, şeýle-de bolsa KWADRANTYŇ sag tarapynda bolmak, baýamak mümkinçiligiňizi has artdyrar.

Käbir anyklamalara görä, bir göterime girýän baý adamlar R ýa-da S bölümlerde hereket edýär.

Başgaça aýdanyňda, çynyňyz bilen baýamak isleýän bolsaňyz, kwadrantyňyzy üýtgetmeli bolarsyňyz.

Men R we S bölümlerde baýamak mümkinçiliginiň juda ujypsyzdygyna hemem B we I kwadrantlarynda mümkinçiligiň kändigine gaty ir düşündim, sebäbi öz millionlarymy şo taýda edindim.

Okuw maslahatlarynda diňleýjilerimiň haýsynyň baý bolmagyny dogrudanam isleýändigini bilenimden soň, olara şu soraga jogap bermegi haýyş edýärin: «Siz kwadrantlaryňyzy üýtgetmäge taýynmy?». Olaryň käbiri taýyn bolsa, köpüsi «Ýok» diýen jogaby berýär. Näme üçin? Sebäbi olar özgerişliklerden gorkýar.

Adamlaryň aglabasy R we S bölümden B we I bölüme geçmek özgerişligini örän ullakan baha hasaplaýarlar. Şol sebäpli özgermek islemeýän adamlar başga ýol tapynsa gowy boljak, meselem:

— Karz kartlaryndan ýüz öwrüp, sada durmuşda ýaşamak;

Men özgermek isleýän adamlar üçin piramida ylmyny öwrenmegi teklip edýärin. Gaýduwsyz adam bolsalar, bu olara kömek eder, sebäbi bular ýaly özgerişlikler üçin, köplenç, şir ýürekli adamlar gerek.

PIRAMIDA YLMY

Maliýe üstünligine ýetmek üçin mekdep sapaklaryndan ýa-da kitaplardan öwrenen bilimiň ýeterlik däl. Şol sebäpli men size okuwyň ýene bir görnüşini teklip edýärin. Men muny piramida ylmy diýip atlandyrdym. Eger-de siz «Maýa goýmak üçin baý kakamyň gollanmasy» atly kitabymy okan bolsaňyz, onda geometrik şekilli dörtburçlugy bilýänsiňiz. Käbir adamlar ony piramida diýip atlandyrýar. Meniň mugallymlarymyň biri bolan doktor Bakmister Fuller: «Dörtburçluk — bu älem-jahanyň iň berk desgalarynyň biridir, muny Müsür piramidalarynyň çydamlylygy bilen düşündirmek bolar» diýýär.

Men Albert Eýnşteýniň aýdan bir sözüni gowy görýärin, ol şeýle diýýär: «Ruhubelentler, köplenç, ortaça ýaşaýan adamlardan garşylyk görýärler». Men bu pikiri özüm bilen ylalaşmaýan adamlary ýazgarmak üçin aýdamok-da, tebigatyň özüme ruhubelentlik hemem ortaça akyl eçilendigini aýtmak üçin ulanýaryn.

Piramida ylmynyň nämedigini düşündirmek üçin men indiki mysaly ulanmakçy. Aýdaly, bir adam kitap okap otyr, onda bolsa şeýle sözler bar: «Bar, gozgalmaýan emläk satyn al ýa-da haýsydyr bir gowy karz tap». Kitap okap oturan adamyň akyly bu pikiri şular ýaly kabul edýär: «Haýsydyr bir gowy karz tap-da, gozgalmaýan emläklere pul goýup baýa».

Bu pikiri durmuşa geçirmek kyn däl, ýöne bu köp adamlara başardanok. Olar muny akyl taýdan kabul etseler-de, fiziki taýdan başaranok. Näme üçin? Sebäbi olaryň göçgünli häsiýetlerinde mesele bar. Ol haçan peýda bolýar? Olaryň göçgünli pikirleri şol pikiriň üstünde işläp ugranda. Şol wagt biz şuňa meňzeş soraglary eşidýäris:

— Birden bazar pese gaçsa näme?

— Birden ýalňyşlyk goýbersem näme?

Bu gorkular «Bar, gozgalmaýan emläk satyn al ýa-da haýsydyr bir gowy karz tap» diýen ýaly täze pikirleri kesmek üçin ýüze çykýar.

Eger göçgünli pikirleriňiz gorkularyňyzdan rüstem gelse, onda siziň fiziki netijäňiz haýsydyr bir hereketiňiziň ýetmezligine bagly bolar. Ýagny adam şol bir zat hakda uzak wagtlap oýlanyp, duýgudyr pikirleri bilen göreşer hemem fiziki taýdan hiç zat etmän, ep-esli wagtyny ýitirer ýa-da meniň bilen gepleşik geçiren radio alypbaryjy ýaly hereket eder, ýagny gozgalmaýan emläklere pul goýmakdan boýun towlar. Onuň aýdan zatlary ýadyňyzda bolsa gerek: «Meniň unitaz bejeresim hemem kärendeçä jogap bermek üçin gijäniň bir mahaly ýerimden galasym gelenok».

Bu duýguly pikirleriň täze pikirleri basyp ýatyrýandygynyň ýene bir mysaly. Radiogepleşigi alypbaryjy täze pikirleriň başa barmagyna mümkinçilik bermän, maliýe azatlygyna ýetmek mümkinçiliginden mahrum bolýar. Ol gepleşik tamamlanyp barýarka, nägilelik bilen maňa şeýle diýdi: «Men bolsa nähili baýamagyň gürrüňini edersiňiz öýtdüm». Men oňa şeýle jogap berdim: «Men hut şol barada, ýagny gowy karzlaryň üsti bilen adamlaryň baýaýandygy hemem maliýe azatlygyna ýetýänligi barada gürrüň etdim. Ýöne siz diňe unitaz barada pikir edýäňiz».

Gaýdyp onuň meni gepleşigine çagyrmandygyny aýdyp oturmagyň hajaty ýokmuka diýýän.

PIKIRIŇ GÜÝJI

Radiogepleşigi alypbaryjy durmuşyny üýtgetjek pikiriň öňüne böwet bolan ýeke-täk adam däl. Muny biziň barymyz edýäris, şol sanda menem. Biziň barymyz üstünligimize ýardamam berýäris, böwedem bolýarys. Şeýle-de bolsa, adam nädip özgermeli?

Baý kakam şeýle diýýär: «Adamlaryň köpüsiniň maliýe azatlygyna ýetmeýänliginiň ilkinji sebäbi — ýalňyşmakdan gorkýarlar. Akylly hemem gowy bilim alan adamlaryň aglabasy maliýe azatlygyna ýetip bilmeýärler, sebäbi olara ýalňyşmagyň ýaramaz zatdygyny öwretdiler. Durmuşda ýeňiji bolýan adam — gaty kän ýalňyşyp, ondan sapak almany başarýan adamdyr».

Piramida ylmyna seredip, baýlyk edinmäge zyýan berýän esasy zadyň şol ýagdaýy döretmekdigine düşünmek bolýar. Sebäbi adamlar jany-teni bilen baýamak islän ýagdaýynda-da, ýalňyşlyk etmekden gorkýarlar. Baý kakam, köplenç, şeýle diýýär: «Hut şowsuzlygyň öňündäki gorky hem adamlary şowsuzlyga uçramaga mejbur edýär». Ýeňlişiň öňündäki gorky — bu duýguly pikirler bolup, köplenç, ullakan güýje eýe bolýar hemem akyldan öňe geçýär. Ine, şonuň üçinem örän az adamlar baýamagy başarýar.

Beýleki adamlara garanyňda, meniň üçin şowsuzlygyň öňündäki gorky o diýen ullakan mesele däl. 15 ýaşymda düzme düzüp bilmänligim üçin ikinji ýyla galmak howpy durmuşymyň iň bir şowly ýagdaýlaryň biri boldy. Sebäbi şu günki gün ýazyjy hökmünde iňlis dilinden iň oňat baha alanlardan gowy gazanýaryn. Mundan başga-da, durmuşda ýetişiklik görkezijisiniň maliýe hasabatydygyny bildim. Şowsuzlyklardan sapak almany başarsam, özüme peýda getirjekdigine düşündim. Ýöne bir mesele bardy, ýalňyşlarym köp zady öwredýänem bolsa, howp-hatarlara bolan islegim hemem şowsuzlygyň öňündäki gorkynyň bolmazlygy okuw usulynyň täsirini peseldýärdi.

Bagtyma, şowsuzlygyň öňündäki gorkyny ýeňip geçmek ukybym meni örän gowy telekeçi edip ýetişdirdi, ýöne şol bir wagtda ýokary galmagyma hemem üstünlik gazanmagyma päsgel berýärdi. Öňem aýdyşym ýaly, Nýutonyň kanunlarynyň birinde: «Her bir hereketiň güýji özi ýaly güýje eýedir, ýöne tersine gönükdirilen güýç, garşylyklaýyn herekete eýedir» diýilýär. Bu sözler maňa degişlidi.

Edil ýalňyşmakdan gorkýan adam ýaly, özümde özgerişlik geçirmesem, üstünligimiň çäkli boljakdygyna bahym düşündim. Ýokary galmak üçin üýtgemelidim.

Şaýylygyň iki tarapy bar. Eger men bir taraply şaýylyga meňzän bolsam, üstünligim örän çäkli bolardy. Başgaça aýdanyňda, uruş döwri mertebe hasaplanan zatlar, parahatçylyk döwründe kemçilik bolup görünýär. Şol sebäpli öz-özümi doly açmak üçin kemçiliklerimi mertebä öwürmeli boldum.

DURMUŞ — BU ELMYDAMA
ÖZGERIŞLIKDIR

Menden: «Men nämä pul goýmaly?», «Maňa näme etmegi maslahat berýärsiňiz» ýa-da «Maňa dogry jogap tapyp berip bilmermisiňiz?» diýip soranlarynda, men edil syýahatçylar ýaly göni jogap bermekden saklanýaryn. Muny beýtmegimiň sebäbi — meniň pikirimçe, dogry jogaplar diňe mekdepde hemem sowal-jogaply oýunlarda gerek. Durmuşda her bir adamyň gadyr-gymmaty, zehini hemem ukyp-başarnygy bar. Bulardan başga-da, ýetmezlik edýän ýerlerem bar.

Meniň pikirimçe, durmuş — bu elmydama özgerişlik. Eger şu gün özüňizi üýtgetmeseňiz, ertir ullakan howpuň öňünde durjakdygyňyz gaty ähtimal, sebäbi häzirki döwür gaty bahym üýtgeýär. Durmuşda kynçylyk çekýän adamlar dogry jogaba hemem ýetişiklik şahadatnamasyna ýapyşýan adamlardyr. Häzirki çagalar entek orta mekdebi tamamlaman, bütindünýä ulgamynda millionlarça dollar gazanýarlar. Olar entek «iş» diýen zadyň nämediginem bilenoklar, ähtimal, hiç wagt bilmezliklerem mümkin.

Işlemek pikiri senagat eýýamyna degişli. Pul gazanmak üçin köne düzgünlere ýapyşýan adam täze eýýamyň düzgünlerine taýyn adamlardan ep-esli yzdadyr. Eger-de durnukly iş gözleseňiz, aýlygyňyzyň awtomatiki ýagdaýda galmagyny isleseňiz, iş ýylyňyz artdygyça aýlygyňyzyň köpelmegini isleýän bolsaňyz, diýmek, siz senagat eýýamynda dörän düzgünlere ýapyşýarsyňyz. Düşüniň, häzirki ýaly pul gazanmak mümkinçiligi hiç wagt bolanok. Ýöne bu zatlaryňam öz tölemeli nyrhy bar — adamlar özgermeli bolar.

RUHUŇ GÜÝJI

Özgerişligiň nirä eltjekdigine bolan ynamsyzlyk, köplenç, adamyny gorkuzýar. Dogrymy aýtsam, näbellilik menem edil beýleki adamlar ýaly biynjalyk edýär. Menem özüme şübhelenýärin, ýalňyşmak hemem bimamla bolup çykmakdan gorkýaryn.

Ýöne häzirki döwürde adamlaryň bary özgermeli bolar. Internetiň gelmegi bilen, bu ählumumy zerurlyga öwrülip, her bir özgeriş ýa-da yza galaklyk üçin tölemeli bolar. Ýöne bir gowy täzelik bar — her bir adamynyň özgermegi üçin ruhy güýji bar.

Birnäçe ýyl mundan ozal ýeňil atletika boýunça fiziki mümkinçiligi çäkli adamlaryň ýaryşyna bardym. Men o taýda ýene bir synpdaşyma duşdum, ol ulag heläkçiligine sezewar bolup, iki aýagyndan jyda düşen eken. Ol oturtma aýaklary bilen 50 ýaşynda 100 ýard aralykdaky ýaryşa goşuldy. Ol ylgan mahaly, fiziki mümkinçiligi çäklidigi ýadyna-da düşmedi. Şonda men onuň ruhunyň güýjüniň öňe gitmäge mejbur edýändigini duýdum. Ýaryş wagty ýaryşýanlaryň ruhy tomaşaçylara geçip, muny duýan adamlaryň köpüsi aglaşdy. Bu waka maňa ýene bir gezek adamyň ruhy güýjüniň nähili ägirtdigini ýatlatdy. Fiziki mümkinçiligim onuňkydan känem bolsa, synpdaşymy özümden artyk duýdum, sebäbi onuň ruhy güýji fiziki ýetmezçiliginiň öwezini dolup, fiziki, akyl hemem duýgy güýçlerine öwrülipdir. Bu ruhy güýje biziň her birimiz ýetip bileris.

BIZIŇ HER BIRIMIZIŇ ARTYK
TARAPYMYZAM BAR, ÝETMEZIMIZEM

Tebigat maňa dilewarlyk sungatyny bagyş etmändir. Men okuwçylarymy daşyma üýşürip, olar bilen gürrüňdeşlik geçirip biljek däl, sebäbi men örän sabyrsyz adam. Fiziki taýdan alyp göreňde-de, öwünerlik zadym ýok. Men ýaramaz türgen, üstesine, görk-görmegimem o diýen däl. Şeýle-de bolsa, men maliýe azatlygyna ýetip, içki şatlygyma ýetip bildim. Häzir bu zatlara diňe ruhy güýjümiň kömegi bilen ýetendigime düşünýärin. Baý kakamam, garyp kakamam, şol bir wagtda ejemem şübheli pursatlara duçar bolan wagtym ruhy güýjüňi kömege çagyrmalydygyny maslahat bererdiler. Men häli-häzire çenli bu dünýede ýaşaýanlygym üçin şol söweşde wepat bolan ýoldaşlaryma minnetdar bolmalydyryn. men ýanbermez, ruhy taýdan güýçli bir aýala öýlendim hemem häzirki durmuşyma ýetmegime sebäp bolan şol adam, sebäbi ol maňa ynanýardy, beýleki adamlar meni taşlamagy aýtsalaram, ol gulak asmaýardy.

Eger Kim ruhy taýdan şeýle güýçli bolmadyk bolsa, men şu günki buýsanýan zatlaryma ýetip bilmezdim. Büdräp, özüme bolan ynamymy ýitiren günlerim, ýanymda hemaýat eden dostlarym bolmadyk bolsa, men häzirki durmuşyma ýetip bilmezdim. Men maliýe azatlygyna fiziki, duýgy hemem akyl taýdan agdyklyk edip ýetmän, ruhy güýjümiň kömegi bilen ýetdim. Maňa töweregimdäki adamlar ýetmäge kömek etdi. Men özgerdim, ösdüm hemem täze kynçylyklara hötde geldim. Näme üçin? Sebäbi ruhy güýçler öňe gitmegime ylham berýärdi hemem ruhum bilen arabaglanyşygymy tapanymda, özümi azat duýýardym.

Şowsuzlyga uçrap, öz güýjüme şübhelenip ugranymda, men, köplenç, bir şahyryň goşgusyny ýada salýaryn.

Şowsuzlyk üstüňden salanda ýoly,
Süýr günortan ösen epgek mysaly
Seň näzik ýüzüňi ýalar-da gider,
Mert dursaň, akylly hem merdan eder.
Herki günler gelip geçer bigüman,
Käte dostdan çykmaz, seň eden tamaň.
Ýöne sen tama dek ejiz sözlere
Diklenip, aldanyp haraý gözleme.
Senem aldanarsyň, bilýärin-aman!
Üstünden baraňda çykmadyk tamaň.
Ýöne sen gam çekme, gyýylma asla,
Leýlisaçlar ýaly boýnuňy asma.
Mert çek baryn ejizlemän, aglaman,
Bir sen däl-ä bu dünýede aldanan.
Mert durmasaň, gaýrat atly hazynaň
Bir ujundan girip, talar-da gider.

Şonuň üçinem ýykylyp, ýerimden galmaly bolanda, hatda iň şübheli pursatlarda-da ruhumyň güýji bilen öz duýgularyma basalyk berýärin.

SÖZSOŇY

MALIÝE ÝETIŞIKLIGINI
GOWULAMAGYŇ BAHASY

Buhgalterçilik hasabaty
adamyň jogapkärçiligini artdyrýar

Baý kakam

Adamyň isleýşi ýaly ýaşamaga hakynyň barlygy bilen ylalaşýaryn hemem şol pursat baý kakamyň gowy görýän sözlerini gaýtalaýaryn: «Buhgalterçilik hasabaty adamyň jogapkärçiligini artdyrýar». Başgaça aýdanyňda, buhgalterçilik işini öwrenmegiň hemem elmydama onuň üstünde işläp durmagyň bir artykmaç tarapy bar — bu adamyň jogapkärçilik duýgusyny artdyrýar. Eger siz dogrudanam maliýe azatlygyna ýetmek isleýän bolsaňyz, bu siziň tölemeli bahaňyz bolar.

Ilkinji işimi ýitirenimden soň, baý kakam maňa şeýle diýdi: «Eger ulagyň bir ýeri döwläýse, sen ony tejribeli ussalaryň ýanyna alyp barýaň, olar bolsa bejerýärler. Ýöne, eger-de öz maliýe kynçylyklaryňdan baş alyp çykmakçy bolsaň, onda ilkinji bilmeli zadyň — ony diňe bir adamyň çözüp biljekdigi, onuň hem özüňdigine düşünmeli. Adamyň maliýe ýagdaýy golf oýnuna örän meňzeş. Ol kitap okap biler, hünär öwredýän mekdeplere gatnap biler, tälimçi tutup sapak alyp biler, ýöne her nähili bolanda-da, öz oýnunyň hilini diňe özi gowulap biler». Diňe käbir adamlaryň baýaýanlygynyň sebäpleriniň biri hem, şundan ybarat, adam maliýe hasabatyny okap bilmese hemem maliýe ýazgylaryny ýöredip bilmese, onda ol maliýe kynçylyklary bilen çaknyşmaly bolar hemem onuň nähili derejede kyndygyny we ony nähili düzetmelidigine düşünmez.

Öz tozdurylan maliýe hasabatymyň gamgyn keşbine seretmek maňa agyr düşdi. Şeýle-de bolsa, meniň iň gowy edip biljek zadym — öz meselämiň üstünde özümiň işlemegimdi. «Mende hiç hili mesele ýok» diýip wagt ýitirmegiň ýerine, men ýalňyşymyň nämedigini takyk bilmek hemem maliýe ýagdaýymy düzetmek üçin maliýe hasabatymy jikme-jik öwrenip ugradym.

Maliýe otlymyň pajygaly görnüşine seredip, ahy-pygan çekip otyrkam, baý kakam şeýle diýdi: «Eger hakykata dogry garamagy başarsaň hemem öz ýalňyşyňdan sapak almany öwrenseň, onda meniň pul barada öwretjek zatlarymdan kän zat öwrenersiň. Öz maliýe hasabatyňy öwrenmek bilen, maliýe kynçylyklaryň bilen ýüzbe-ýüz bolarsyň hemem öz hereketiň üçin özüňe hasabat berersiň. Kartyndaky ýaramaz netijäni görüp, golfuň oýunçysynyň başga birini günäkärläp bilmeýşi ýaly, öz buhgalterçilik hasabatlaryňy görüp, muňa doly jogapkärdigiňe düşünersiň».

Maliýe hasabatymyň çykgynsyz ýagdaýdadygyny boýnuma almak hemem ony düzetmek zerurlygy meniň alan sapaklarymyň iň gowusy boldy. Ýalňyşlarymy boýnuma alanymdan soň, hata goýbermezlik üçin jogapkärçiligi boýnuma almaly boldum. Maliýe hasabatymy gözden geçirip, kanagatlanarsyz baha aldym hemem maliýe meselesinde o diýen akylly däldigime düşündim. Ýöne bu bahalary düzedenimden soň, maliýe azatlygyna ýetmegi başardym. Şü-de meniň tölän baham boldy.

JEMLEÝJI PIKIR

Baý bolmak üçin gaty kän ýol bar. Olaryň biri karz kartlaryndan ýüz öwrüp, ýetde-gütde ýaşamak. Ýöne men bu ýol bilen gitmedim, sebäbi bu bahany gaty uly gördüm.

Baýamagyň ýene bir ýoly bar — maliýe bilimiňi artdyryp, pul gazanmany öwrenmeli hemem jogapkärçiligi boýnuňa almaly. Munuň üçin dyngysyz öwrenmeli hemem özüňdäki iň oňat häsiýetleri kämilleşdirmeli. Men, ine, şu bahany tölemäge taýyn.

Hormatly okyjylar, şu kitaby okanyňyz üçin size ullakan minnetdarlyk bildirýärin. Maliýe azatlygyna ýetmek üçin gerekli bahany tölemäge razy bolarsyňyz hemem bu kitapdan peýda tapansyňyz diýip umyt edýärin!

(Soňy).

Rusçadan terjime eden Rüstem GURBANNEPESOW,
«Dünýä edebiýaty»

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle