Karzdan ýüz öwürmän, nädip baýamaly (2-bolek)
Robert KIÝOSAKI,
amerikan ýazyjysy
(Dowamy. Başlangyjy žurnalyň geçen sanynda).
ÜÇÜNJI BAP
BILIM ALMAGYŇ BAHASY
Diňe iki zady goýup bolýar:
wagty hemem puly.
Baý kakam
Käwagt menden soraýarlar: «Siz näme, adamlar mekdebe gitmeli däl diýjek bolýaňyzmy?».
Men muňa düýpgöter garşy çykýaryn: «Ýok, men munuň ýaly zat aýtmak islämok. Häzir öňki döwürlere garanda bilimiň ähmiýeti örän uly. Ýöne bilim ulgamy wagtdan yza galýar. Bu senagat eýýamynyň könelişen ulgamy bolup, habar eýýamynyň meselelerini çözmek isleýär, ýöne muňa gaty gowy hötde gelip bilenok.
Senagat eýýamy tamamlandy. Berlin haýady ýykylany bäri, ýagny 1989-njy ýyldan soň resmi taýdan habar eýýamy başlandy hemem Bütindünýä ulgamy peýda boldy.
Bu bolup geçen özgerişlikleriň ýönekeýje mysaly: Habar eýýamynda:
1. Maliýe howpsuzlygyna kepil ýok.
2. Öz-özüňe işlemeli.
3. Köp hünäriň bolmaly.
4. Pensiýa meýilnamasyny özüň düzmeli.
5. Ähli zat üçin işçi jogapkärçilik çekýär.
6. Sosial ätiýaçlandyrmasyna kepil ýok.
7. Köp iş stažy passiw hasaplanýar.
8. Iş beriji üçin iş hakyny ýokary galdyrmak passiw hasaplanýar we şuňa meňzeşler.
NÄME ÜÇIN IŞLILIK KEPILI
MESELE HASAP EDILENOK?
Meniň ene-atam durgunlyk ýyllary önüp-ösüpdir. Bu taryhy waka olaryň durmuşa bolan garaýşyna, duýgularyna şeýlebir ýaramaz täsir edipdir welin, olar mekdepden soň durnukly işde işlär ýaly gowy bahalaryň zerurdygyny nygtaýarlar.
Ýöne häzir adamlary iş tapmak meselesinden, garranyňdan soň özüni eklemek meselesi has köp gyzyklandyrýar. Bu belli bir derejede şu zatlar bilen bagly, ýagny industrial eýýamynda dynç alşa çykanlaryň puluny iş berijiler çözýän bolsa, habar eýýamynda bu zatlary adamlaryň özleri çözmeli bolýar.
Häzirki döwürde bu üç sany meseläni öz içine alýar.
1. Olar işgärlerini pul bilen üpjün etmeli.
Işgärleriň aglabasy garrylygynyň aladasyny etmän, aňyrsynda pul saklanok, sebäbi häzirki wagt bilen ýaşaýarlar.
2. Bu meýilnamalar bazar nyrhynyň durnuksyzlygyna baglydyr.
Eger bazar nyrhynyň görkezijisi ýokary bolsa, pension meýilnamasynyň girdejisem ýokary bolmalydyr.
Eger bazar pese gaçsa, onda şonuň bilen bir hatarda işçiniň pensiýa meýilnamasynyňam hümmeti gaçýar.
3. Pension meýilnamasynda goýlan pul adamyň şoňa mätäç wagty gutarmak bilen bolýar.
Meselem, adam 85 ýaşaýar welin, onuň býujetdäki puly gutarýar. Şu ýagdaýda onuň öňki iş berijisiniň işgäriniň öňünde hiç hili borçnamasy ýok. Emma senagat eýýamynda adam näçe ýaşaýandygyna garamazdan, tä ajal ýakasyndan tutynça pul goýberilýär.
Meni döwlet sosial kepilnamasy bilen «Social Sekurity» lukmançylyk ýeňilliginiň kepilnamasynyň ykbaly «Medicare» has biynjalyk edýär. Adam garradygyça, sowýan puly azalýar, ýöne düzgün boýunça lukmançylyk hyzmaty gaty bahym ýokary galýar.
Ýaramaz kesele duçar bolan adam ony bejertmek üçin, ýaşaýan öýüniň bahasyna barabar pul tapmaly bolýar.
Häzir adamlaryň tozmaklaryna, köplenç, pul dolanyşygynyň ýalňyşlygy däl-de, uzak wagtlap bejermegi talap edýän gymmat bahaly keseller sebäpdir. Arada bir dostumyň dosty ulag heläkçiligine sezewar bolup, çynlakaý şikes alýar. Bu adam maşgalasynyň ýeke-täk daýanjy bolup, lukmançylyk kepilnamasy kanagatlanarsyz eken, şonuň üçinem ol özüni bejertmek üçin elindäki zatlaryň ählisini satmaly bolýar. Bu zatlaryň üstüne, onuň kiçi gyzynda akganlylyk keselini tapýarlar. Şonuň üçinem häzir bu maşgala haýyr-sahawat edijileriň kömegine mätäçdir.
HEREKET ET
1. Hut şol wagt hiç zada üns bermän, diňe arzuwlaryň — öz möhüm işleriň bilen bol.
HEREKET ET
2. Durmuşyňy täzeden ýaşap başla. Gaýtadan gaýrata gal we bahanalara öz durmuşyňdan gaýdyp orun bermejekdigiňi ýüre—giňe düw, karara gel.
HEREKET ET
3. Kynçylyklaryň içinde basyrylgy ýatan mümkinçilikleri gözle.
HEREKET ET
4. Gereginden artyk uka berilýän bolsaň, ukynyň sagat sanyny azalt. Kadaly ýatmaga endik et.
«WAGTDAN GIJÄ GALMAKLYK» NÄME?
Wagtdan gijä galmaklyk — bu täze pikir döränden soň, ony durmuşa geçirmegiň aralygydyr. Söwda dünýäsinde iki sany pudak dowamly aralykda wagtdan gijä galýar — bu bilim ulgamy bilen gurluşykdyr. Kompýuter senagatynda wagtdan gijä galmaklyk, takmynan, bir ýyl aralygydyr. Uçarçylyk we kosmonawtikada bolsa iki ýyl. Bu täze pikir döränden soň, ony durmuşa geçirmegiň aralygynyň bary-ýogy iki ýyldygyny aňladýar. Bilim ulgamynda we gurluşykda bu aralyk çen bilen 50 ýyldyr.
Adamlaryň aglabasy «Ylym ulgamynyň ýolbaşçylary boljak iş bolandan soň senagat eýýamynyň tamamlanmagyny boýun alarlar» diýip umyt edýärler. Dogrusy, men olaryň muňa 2040-njy ýyldan bärde düşünmejekdiklerine şübhelenýärin, sebäbi şol hakykata boýun bolmak islemeýän ene-atalaryň köpüsi çagalarynyň öýde okanlaryny isleýärler.
Wagtdan diňe bir söwda pudagy gijä galman, eýsem, käbir adamlaram galýar. Senagat eýýamynyň esasy kesgitlemesi Eýnşteýniňki hasaplanardy — E=mc2 hemem dünýäni iki sany uly döwlet dolandyryp, adamlar ýadro urşunyň başlanaryndan howp ederdi.
Habar eýýamynda Bütindünýä ulgamy hiç kime dünýäniň üstünden agalyk etmäge ygtyýar berenok. Häzir adamlaryň bary Muryň kanunyna boýun bolýar, onda bolsa habar we tehnologiýa her 18 aýdan okgunlylyk bilen öňe gidip, olaryň güýji iki esse artýar diýilýär. Bu özümizde bar bolan habarlary her 18 aýdan iki esse artdyrmalydygyny aňladýar, ýogsa otludan gijä galmak töwekgelçiligi bar. Ine, şonuň üçinem habar eýýamynda siziň näme öwrenýäniňiz möhüm däl-de, ony nähili çaltlyk bilen öwrenýänligiňizdir. Häzirki döwürde özünde könelişen habarlary saklaýan adamdan maglumat almak töwekgelli iş. Sebäbi habar eýýamynda olar 18 aýdan könelişýär. Siz özünde könelişen habarlary saklaýan adamdan maslahat alasyňyz gelýän dildir-ä? Olar ýaly habarlar «Kimiň millioner bolasy gelýär?» diýen teleoýnunda kömek etmegi mümkin, ýöne häzirki döwürde haýry ýok.
HABAR EÝÝAMYNDA NÄHILI
BILIM GEREK?
Köp ýagdaýlarda maňa baý kakamam, garyp kakamam gaty gowy mugallymçylyk etdi. Olar öz möhüm hasaplan zatlaryny öwretdiler, ýöne olaryň möhüm hasaplaýan zatlary dürli-dürlüdir. Men bilimi umumylaşdyrmak üçin baý kakamdyr garyp kakamyň esasy hasaplan zatlaryny aýdaýyn, meselem, bedenterbiýe, aýdym-saz, çeperçilik sungaty hemem din — bularyň bary, gürrüňsiz, gerek zatlar. Ýöne aşakda üç sany düýpli bilim barada belläp geçdim, olar habar eýýamynda howpsuz ýaşamagyňyz üçin gerek bolar.
1. Akademiki bilim.
Bu okamak, ýazmak hemem hasaplamak üçin berilýän bilim.
2. Professional bilimi.
Bu pul üçin işläriňiz ýaly, meselem, lukman, hukukçy, kätip ýa-da mugallym bolmak üçin berilýän bilim.
3. Maliýe bilimi.
Bu puly özüňize işleder ýaly berilýän bilim.
Bu bilimleriň üçüsiniňem hökmany suratda gerekdigi köre hasa. Eger adam okap, ýazyp ýa-da hasaplap bilmese, oňa durmuşda ýaşamak gaty kyn bolar. Ýöne gynansagam, häzirki döwürde okuwçylaryň köpüsi okuw jaýlaryndan gowy taýýarlyk alman, boş çykýarlar.
2000-nji ýylyň 7-nji maýynda «Arizona Repablik» gazetinde «Los-Anjelesiň mekdepleri okuwdan indiki ýyla galanlar üçin müňlerçe dollar töleýär» ady bilen makala çap edildi. Makalada aýdylýan esasy zatlar şulardan ybarat:
— Ululygy boýunça ýurtda ikinji orunda durýan mekdep ulgamy köp sanly okuwçylary ikinji ýyla goýmak meýilnamasyndan ýüz öwürýär.
— Los-Anjelesiň birleşen etrap mekdepleriniň ýörite adamlary başda 711 müň okuwçynyň üçden bir bölegi ikinji ýyla galar öýtdüler, ýöne aşagyndan çykyp bolmajak zyýanyň döremeginden howp edip, bu san ep-esli azaldyldy.
Barybir, ikinji ýyla, takmynan, çärýek milliona golaý okuwçyny alyp galmaly boljak, sebäbi olaryň okaýyş, ýazyş hemem hasaplaýyş derejesi kesgitlenen kada gabat gelenok. Şeýle-de bolsa, emeldarlar okuwçylary indiki synpa geçirdiler, sebäbi munça okuwçyny ikinji ýyla goýsaň, mekdebe çynlakaý zyýan salmagy mümkin. Ýöne gyzykly ýeri, bu gelnen karar okuwçylara nähili täsir eder? Olar bütin ömrüne sowatsyz adamlar bolup galmazmy?
Bu bilim ulgamynyň yza galýanlygynyň aýdyň mysalydyr. Häzirki zaman okuwçylaryň düýbünden üýtgändigi görnüp dur, ýöne mekdepler däp bolup giden okadyş usullaryny üýtgedenoklar. Hut özüm-ä mekdepde okamagy ýürekgysgynç hemem durmuşdan üzňelik hasaplaýaryn. Ene-atamdan tapawutlylykda, okuwdan soň oňat işde işlemek üçin gowy bahalar almak pikiri meni ruhlandyranok.
Häzir akademiki bilimiň orny öňki-soňkularyna garanda örän uly, ýöne bilim ulgamy wagt bilen aýakdaş gidip bilenok. Bilim ulgamynyň üýtgäp, döwürdeş boljagyna garaşýançak, okuwçylaryň köpüsi bilimsiz galjak.
Bir döwür kakam Gawaý adalarynyň mugallymlarynyň ýaşlar guramasynyň başlygy boldy. Ýaşlar guramasynyň mugallymlar üçin nähili wajypdygyny men şol wagtlar bildim. Şonuň üçinem olaryň kynçylyklaryna duýgudaşlyk bildirýärin. Ýöne şonuň ýaly mekdep okuwçylaryna-da duýgudaşlyk bildirýärin hem-de olaryň uzak möhletleýin okuwlarynda ýeterlik derejede bilim almazlyklary meni biynjalyk edýär, sebäbi häzir bilimiň durmuşda örän ullakan orny bar.
Professional bilim barada aýdylanda, onuň nähili möhümdigine baha bermek örän çetin. Meselem, diňe orta bilimi bar bolan adam mekdebi tamamlan badyna sagadyna 10 dollar gazanyp bilýär. Ýöne şol adam elektrik ugrundan okap bilim alsa, onda onuň sagatda gazanýan puly 50 dollar ýa-da ondanam geçmegi mümkin. Eger bu aratapawudy (sagatda 40 dollar) gündeki sekiz sagada, hepdedäki bäş güne, ýyldaky 52 hepdä hemem 40 ýyldan gowrak wagta köpeltsek, onda professional bilim arkaly ýygnanan pul gaty kän girdeji getirip biler. Ýene bir hakykaty göz öňünden sypdyrmalyň, orta mekdebi tamamlandan soň lukmanlaryň aglaba bölegi bilim almak üçin 10-15 ýyl tölegli okamaly bolýar, olaryň beýlekilerden has ýokary hak almaga mynasypdygy hem şunuň üçindir.
Bu zatlara garamazdan, adam okuwda nähili okaýar ýa-da kim bolmak isleýär — lukmanmy ýa süpüriji — tapawudy ýok, biziň barymyz maliýe bilimini edinmelidiris. Näme üçin? Sebäbi näme bilen meşgullanýandygymyza garamazdan, biziň barymyz pul bilen iş salyşmaly bolarys.
Men, köplenç, özümden soraýaryn, meniň bankçym mekdep şahadatnamamy ýekeje gezegem görkezmegi haýyş edenok, şeýle-de bolsa näme üçin mekdepde pul barada şeýle az düşünje berýärler, näme üçin bilim ulgamy bar ünsüni bahalara gönükdirýär?
Men bu soragy, köplenç, mugallymlara berýärin. Adatça, olar: «Biz mekdepde ykdysadyýeti öwredýäris», «Biziň okuwçylarymyzyň köpüsi bazar ykdysadyýetinde pul goýmany öwrenýärler» ýa-da «Biz söwda bilen gyzyklanýan okuwçylara telekeçiligiň başlangyç bilimini teklip edýäris» diýen ýaly zatlary aýdýarlar.
Bu ulgamda işleýän adamlaryň öz bilýän zatlaryny öwredýändiklerine hem-de okuwçylary okatmak üçin ellerinde baryny edýändiklerine düşünýärin. Şeýle-de bolsa, «Ykdysadyýetden gowy baha alanyň gowumy ýa-da horjunyňda paýnamanyň köp bolany» diýip bankçylardan sorasaňyz, olaryň köpüsi dogrusyny aýdar.
Adamlaryň aglabasy bilim derejesine garamazdan, bilýän zatlary üçin däl-de, bilmeýän zatlary üçin has kän töleýär.
Indi bolsa maliýe biliminiň ýoklugyny mysal getirmek üçin, salgyt barada gürrüň edeliň. Çykdajymyzyň iň köp böleginiň şoňa gidýänligi köplere mälimdir. Adam pul gazananda, sowanda, tygşytlanda, bir zada pul goýanda, hatda ölende-de girdeji salgydyny salýarlar. Indi bolsa ýokary göterimli salgyt töleýän adam bilen (ol kireýne işleýär) az göterimli salgyt töleýän adamy (oňa telekeçi töleýär) deňeşdiriň. Olaryň aratapawudy dollarda, ony 40 ýyldan gowraga köpeltseň haýran galarsyňyz.
Okuwda gowy bahalar alyp, soňra bolsa gowy işe ýerleşmegi başarýanlaryň puldan kösenýänliginiň sebäpleriniň biri şundan ybarat — olaryň gazanjynyň esasy bölegi döwlete gidýär, sebäbi ol bizi ylymly-bilimli etmeli, ýöne şunam oňaranok. Salgyt barada aýdylanda bolsa — ol uç-gyraksyz maliýe biliminiň diňe bir bölejigidir.
Indi bolsa maliýe hasabatlaryny öwrenmegiň näçä düşýändigini hasaplaň ýa-da aktiw bilen passiwiň, ýagşy bilen ýaman karzyň, bergi bilen baýlygyň, az gazançly bilen köp gazançlynyň aratapawudyny bilmeýän adamyň nähili ýagdaýa düşýändigini göz öňüne getiriň. Hut maliýe bilimi bolmanlygy üçin adam pul gazanma ukybyny ösdürip bilenok, netijede, adamlaryň köpüsi erjellik bilen zähmet çekip, gaty kän pul gazanýar, ýöne maliýe taýdan öňe gidenok. Olarda iş üpjünçiliginiň kepili bolup biler, ýöne hiç haçan maliýe howpsuzlygynyň kepiline ýetip bilmez.
Baý kakam, köplenç, şeýle diýerdi: «Maliýe üpjünçiligi adamynyň gazanýan puly bilen ölçelenok-da, siziň özüňizde näçe galjagy, size näçeräk hyzmat edip biljegi hemem onuň bilen näçe nesliňizi üpjün edip biljegiňiz bilen ölçelýär».
Garyp we ortaça ýaşaýan maşgalalaryň çagalarynyň durmuşa maliýe kynçylyklary bilen girýänliginiň sebäpleriniň biri — olaryň ene-atalary çagalaryna hiç zat galdyranok. Men muny özümde gördüm, sebäbi meniň ene-atam çagalaryna durmuşda itergi bermek üçin gaty az pul beren bolsa, baý kakam öz çagalaryna öňe gitmek üçin millionlarça dollar berdi. Käbir anyklamalara görä, kiçi Jon Kennedi ýogalandan soň, uýasy Kerolaýnyň iki çagasynyň her birine birnäçe ýüz million dollar goýupdyr.
Indi bolsa oturyň-da, birje minut pikirleniň, eger siziň başlangyç maýaňyz 100 million dollar bolan bolsa, durmuşyňyzda näçeräk üýtgeşiklik bolardy?
Uzakly günüňizi işde geçirmegiň ýerine, nähili işler bilen meşgullanardyňyz?
MALIÝE BILIMI
Menden: «Maliýe barada näme bilmeli?» diýip soranlarynda, elmydama şeýle diýýärin: «Nämäniň möhümdigini öz bankçyňyzdan soraň, onsoň siz maliýe bilimi barada näme bilmelidigini bilersiňiz». Orta mekdepde okaýarkam, «kanagatlanarsyz» baha almagym tutuş ömrüme eden iň peýdaly ýalňyşym boldy. Ýogsa öz bankçymyň şahadatnamamdaky bahalary möhüm zat hasaplamaýandygyny bilmezdim, sebäbi bankçym menden diňe maliýe hasabatymy soraýar.
Gynansagam, mekdebi tamamlanlaryň aglabasy maliýe hasabatynyň nämedigi barada açyk bir zat bilenok. Olar öňden taýynlap goýan hasabatlaryny hödürlemegiň ýerine, bankyň berýän resmi kagyzlaryny doldurýarlar.
Adamlaryň köpüsi bankdan pul almagy sadaka soran ýaly bir zat hasaplaýar. Olar bankçylara şol puly özlerine bermelidigini aýtmalydygyna düşünenoklar. Ýadyňyzda saklaň, bankyň işgärleriniň işi sizi pul bilen üpjün etmekden ybarat. Bankçylar size pul bermese, pul gazanyp bilmezler.
Şonuň üçinem özüňize pul berilmedik ýagdaýynda, muny mugallymyň şu sözleri bilen deňeşdirip bolar: «Men seni indiki synpa geçirip bilmerin». Şo sebäpli bankça gahar etmäň-de, ondan özüňiziň nähili ýalňyşyňyzyň bardygyny hemem nähili ýagdaýda maliýe hasabatyny gowulap biljekdigiňizi soraň, sebäbi mekdebi tamamlanyňyzdan soň, ol siziň ýetişikligiňizi görkezýän ýeke-täk görkezijiňiz bolar.
MALIÝE HASABATYNDA NÄME MÖHÜM?
Her bir adam maliýe hasabatyndan özüçe bir zat gözleýär, şonuň üçinem ony adamyň taryhy bilen deňäp bolar. Şol taryhy okan okyjy şol adamyň maliýe soraglaryna nähili düşünendigini hemem öz pullaryna nähili çemeleşendigini biler.
Häzir men size baý kakamyň maliýe hasabatyna aýratyn üns bermelidigi barada beren nesihatyny gürrüň bermekçi. Adamlara maliýe taýdan sowat bermek hemem pul goýmaklygyň esaslaryny öwretmek üçin, men «Pul akymy 101» diýen öz oýnumy mysal getirmekçi.
ÜÇ GÖRNÜŞLI GIRDEJI
Baý kakam üç görnüşli girdejini şunuň ýaly tapawutlandyrýar:
1. Adaty girdeji.
2. Portfel girdejisi.
3. Passiw girdeji.
Adamynyň kimdigini — onuň baý, garyp ýa-da ortaça adam boljakdygyny aýtmak üçin maňa onuň girdejilerine seretmek ýeterlik.
Garyp we ortaça ýaşaýan adamlar bar ünsüni öz aýlyk haklaryna gönükdirýär, şonuň üçinem olar gowy hak tölenýän işde işlemek isleýärler.
Baýlar ünsüni pes girdeji hemem portfel girdejisini emele getirýän hususy serişdelerine gönükdirýärler, bu girdejiler olary hasam baý edýär.
Kennediniň çagalaryna işlemegem, aýlyk almagam gerek bolmandyr, şeýle-de bolsa olar işlemek isläpdir, ýöne olar muny pul ýetmezçiligi sebäpli etmändir.
Eger siziň 100 million möçberdäki portfeliňiz bolsa, onda ondan gelýän passiw we portfel girdejileri size baý hemem meşhur adamlar ýaly ýaşamaga artykmaçlygy bilen mümkinçilik berer.
«Pul akymy 101» diýen oýun her bir baýamagy isleýän adam üçin möhümdir, sebäbi ol adamlara adaty gazanylan puly passiw we portfel girdejilerine öwürmegi öwredýär. Daşyndan girdeji girmese, ýeke aýlyk bilen baýamak mümkin däl diýen ýalydyr. Ýöne gynansagam, adamlaryň aglabasy ýeke aýlyk bilen baýamak isleýär.
Ýene bir möhüm zat, bu oýun size maliýe hasabatyna düşünmäge kömek eder. Bu kitaby okap ýa-da «Pul akymy» oýnuny birki gezek oýnap, bu bilimi ele alyp bilmersiňiz. Mälim bolşy ýaly, bilimi özleşdirmek we beýniňe berkitmek üçin gaýtalap durmaly, şonuň üçinem wagtal-wagtal «Pul akymyny» oýnaýan oýunçylar maliýe hasabatynyň düýp özenine düşünip ugrarlar, bu bolsa siziň ýetişiklik görkezijiňize öwrüler. Maliýe hasabatynyň birnäçe gezek tejribede ulanylyp durmagy, oýunçylara passiw we portfel girdejisiniň (baýlaryň girdejisiniň) nähili möhümdigini görkezer.
Mundan başga-da, «Pul akymy» oýny size gowy karz bilen ýaramaz karzyň aratapawudyny öwreder. Bu oýny elmydama oýnamak bilen, siz kiçiligiňizden özüňize öwredilen ýaramaz maksatnamany, ýagny pul üçin erjellik bilen işlemelidiginden azat bolup ugrarsyňyz. Puly özüňize işletmek üçin «Pul akymynyň» her dürli ýollaryny gözläp, pikirleriňizi ösdürersiňiz.
«PUL AKYMY 101» OÝNUNA
BOLAN ŞIKAÝATLAR
Esasan, «Pul akymy 101» oýnuna üç hili şikaýat bar:
1.Muny öwrenmek üçin gaty kän wagt gerek.
Bu oýny öwrenmek üçin dört sagatlyk okuw geçirmegi maslahat berýärin: üç sagadyňyzy oýna sarp ediň, galan bir sagadyňyzy bolsa alan bilimiňizi derňewden geçiriň. Oýna gatnaşyjylar şol derňew sagadynyň örän möhümdigini aýdýarlar, sebäbi olar şol wagt «Pul akymynda», ýagny maliýe kynçylyklarynda dörän ýagdaýa göz ýetirmäge mümkinçilik tapýarlar. Iki sapakdan soň siz oýunda ýeňiji bolmak üçin maliýe ýörelgeleriniň aňsat göçümlerini tapyp ugrarsyňyz. Ol küşt oýnuna örän meňzeş, bu bolsa oýunda her hili ýollar bilen ýeňip bolýandygyny aňladýar. Oýnuň her göçümi sizi çylşyrymly ýollara elter, şonuň üçinem her oýunda dürli-dürli meseleleri çözmeli bolarsyňyz, bu bolsa siziň maliýe meselesinde akyl ýetirişiňizi ýitelder.
2. Oýny örän köp oýnamaly bolýar.
Oýny, dogrudanam, köp oýnamaly bolýar, aýratynam ýaňy başlan bolsaň. Ýöne oýunçy oýunda dörän meseleleri çözmegi öwrenenden soň, oýnuň dowamlylygy azalyp ugrar. Mundan başga-da, öz öňüňizde «oýny bir sagatda tamamlamaly» diýen maksat goýarsyňyz. Başgaça aýdylanda, maliýe meselesine akyl ýetirişiňiz näçe güýçlendigiçe, oýnuň dowamlylygam şonça-da azalar.
3. Bu örän gymmat düşýär.
«Pul akymy» oýny öwrenmek üçin maliýe bilimini güýçlendirmek isleýän dört sany adam gerek. Marketing barlaglarynyň netijelerine görä, haçan-da, oýun munuň ýaly gymmat bolmadyk wagty adamlar muny diňe güýmenje hökmünde oýnap, okuw maksatnamasy hökmünde kabul etmändirler.
«Pul akymy» oýny maliýe bilimini artdyrmagy pugta ýüregine düwen adamlar üçindir. Baý kakamyň aýdyşy ýaly, diňe iki sany zady goýup bolýar: puly hemem wagty. Adamlaryň aglabasy maliýe bilimini almak üçin wagtlarynam, pullarynam goýmak islänok, şonuň üçinem 65 ýaşynda adamlaryň diňe 100-den biri ullakan baýlyga ýetýär.
SIZE BAHANY KIM GOÝÝAR?
Mekdepde ýetişiklik hasabatynyň möhümligi, ol size okuwda nähili ýetişýändigiňizi hemem haýsy bahalary gowulamalydygyny görkezýär. Okuwdan soň ýetişiklik hasabatynyň maliýe hasabatyna öwrülýändigini köpler bilenok, şo sebäpli maliýe hasabatlarynyň nähili derejededigini bilmäge mümkinçilikleri ýok. Ine, şonuň üçinem köp adamlar öz girdejilerini ýokary derejä ýetirip bilmän, durmuşynyň köp bölegini maliýe kynçylyklary bilen göreşip geçirýär.
Mekdepde okaýarka garyp kakam sap bäşlikçi eken-de, 50 ýaşap işini ýitirýänçä, maliýe meselesinde şowsuzlyga düşerin öýtmeýär eken. Ýöne has beteri, ol bu ýagdaýa düşünenden soň boldy, sebäbi kakam ony nädip düzetjegini bilenokdy. Kakamyň bar bilýän zady — gazanan pulunyň gelşinden çalt gidýänligidi. Eger maliýe hasabatyny düzmäni we okamany bilmeseň hemem maliýe meselesinde kynçylyga düşeniňde bu ýagdaýy nähili üýtgetjegiňi bilmeseň — aljak bahaň şudur.
«Pul akymy» oýnuny oýnap, siz maliýe hasabatynyň nähili möhümdigine göz ýetirersiňiz hemem onuň durmuşyňyzyň ýetişiklik görkezijisidigine düşünersiňiz.
Aýalym Kim ikimiz bu oýny aýda iki gezek oýnaýarys, sebäbi bu eýýäm biziň endigimize öwrüldi.
Hasapçymyz gelýär welin, biz öz maliýe hasaplarymyzy, çek kitapçalarymyzy çykarýarys-da, maliýe ýagdaýymyzy jikme-jik öwrenýäris. Haçan-da, kynçylyklar, pul ýetmezçilikleri bilen göreş alyp barmaly bolanda, bu bize «kanagatlanarsyz» baha goýlan şahadatnama sereden ýaly gaty agyr degýär. Ýöne biz öz ýalňyşlarymyzdan many çykaryp, maliýe ýagdaýymyzy gowulamagy başardyk, şonuň üçinem aýda iki gezek geçilýän bu sapak, hamala, gündeligimize bäşlik goýlan ýaly, bizde uly şatlyk döredýär.
1985-nji ýyllar aýalym Kim bilen baýlyk toplamanyň ugruna çykanymyzda, biziň maliýe hasabatymyz munuň ýaly şatlyk döredenokdy. Öňki işimden galan bergilerim agyr ýük bolup, bergi-borçlaryň hatarynda durdy, girdejileriň setirinde bolsa hiç zat ýokdy. Şonuň üçinem maliýe hasabatymyza seretmek edil düwnük keseline duçar bolan hassanyň rentgen kagyzyna sereden ýaly gaty ýakymsyz bolýardy (men özümdäki ýagdaýy şeýle atlandyrýaryn).
Häzir meniň girdejilerime seretmek örän ýakymly, sebäbi olar çykdajylarymdan agyp ugrady, passiw we portfel girdejilerim çykdajylarymdan juda ýokary.
1985-nji ýyllar biz güzeranymyzy aýlamak üçin işlemeli bolýardyk, häzir biz diňe işläsimiziň geleni üçin işleýäris. Baý kakamyň beren maliýe bilimi bolmadyk bolsa, men bu zatlary edip boljakdygyna häzir şübhelenýärin. Eger onuň pendini tutmadyk bolsam, maliýe hasabatynyň möhümdigini, passiw we portfel girdejileriniň aratapawudyny, girdejileriňi nähili goramalydygyny we salgydy nädip azaltmalydygyny, maliýe azatlygyna ýetmek isleýänler üçin aýda iki gezek hasabatlaryny barlamagyň gerekdigini, wagtal-wagtal barlagyň hemem oňa berlen bahanyň her bir adam üçin möhümdigini bilmezdim. Bu barlag her bir baý bolmak isleýän adamyň tölemeli nyrhynyň bir bölegidir.
Dostum Maýkyň kakasynyň beren tälimi sebäpli men karz kartlaryndan ýüz öwürmän, lotereý biletlerini satyn alman hemem tomaşaly oýunlara gatnaşman baý bolmagy başardym.
MENIŇ ŞU GÜNKI GIRDEJILERIM
Häzir Kim ikimiziň girdejilerimiz şulardan ybarat:
Adaty gazanjymyz 10%
Portfel girdejimiz 20%
Passiw girdejimiz 70%
Birnäçe gün mundan ozal bir gazet işgäri maňa şeýle sowal berdi:
— Siz näçeräk pul gazanýaňyz? Siziň aýlyk hakyňyz näçe?
— Uly däl — diýip, men jogap berdim. — Şonuň üçinem ony aýdasym gelenok. Men ýöne onuň siziňkiden uly däldigini aýtmakçy bolýaryn.
Gazetçi «Hüm» etdi-de, ynamsyzlyk bilen başyny ýaýkady:
— Beýle bolsa, siz nädip pul barada kitap ýazýarsyňyz?
Şondan soň ol söýgi barada ýazyp, söýüp görmedik hemem pul barada ýazyp, puly bolmadyk ýazyjylary ýigrenýändigini aýtdy-da, gitmek bilen boldy.
Häzir maliýe ýagdaýlaryna düşünip ugranyňyzdan soň, meniň näme üçin beýle jogap berenimi aňmak size kyn bolmasa gerek. Dogrudanam, meniň aýlygym örän az, sebäbi ol adaty gazanan girdejim bolup, onuň üçin iň ýokary salgyt töleýärin. Eger döwlet onuň ujundan öz hakyny çyrpyp aljak bolsa, maňa uly aýlygyň näme geregi bar? Şo sebäpli özümde galar ýaly meniň passiw hemem portfel girdejilerim bolany gowy.
Maliýe biliminiň iň artykmaç tarapy — salgydy gözegçilikde saklamaga mümkinçilik berýär, sebäbi adamynyň iň uly çykdajysy salgytdyr.
HÜNÄR GIRDEJILERI
Ýene bir zady belläp geçesim gelýär, meniň häzirki girdejilerim hünärimden gelýän girdejilerim bilen hiç hili baglanyşygy ýok. Orta mekdebi tamamlanymdan soň, men söwda flotuna okuwa girdim. Okuwy tamamlanymdan soň ýük hemem ýolagçy gämisinde hünärmen bolup işlemelidim. Mundan başga-da, Pensakoldaky ABŞ-nyň tomusky mekdebiniň WMS-ni tamamlap, uçarman hünärine eýe boldum. Ýöne meniň şu günki girdejilerimiň hiç biri bu hünärler bilen baglanyşygy ýok.
Meniň passiw girdejilerimiň agramly bölegi mekdepde geçip bilmedik sapagym bilen bagly. Ýadyňyzda bolsa, 15 ýaşymdakam gowy ýazyp bilmeýänligim sebäpli tas ikinji ýyla galypdym. Şol düşen günüm maňa ýagdaýy düzetmäge mümkinçilik berdi, şonuň üçinem häzir meni uçarman ýa-da deňizçi diýip tananoklar-da, birnäçe kitabyň awtory hökmünde tanaýarlar. Başgaça aýdanyňda, men üstünligimiň üsti bilen däl-de, şowsuzlygymyň üsti bilen gaty kän pul gazanmagy başardym.
Habar eýýamynda biziň köpimiz bir hünäre däl-de, köp hünäre eýe bolmaly bolarys. Sebäbi häzir mesele siziň näme okaýanlygyňyzda däl-de, ony näçe çalt okaýanlygyňyzda. Muryň kanunyny ýatlaň, onda «Her 18 aýdan habarlar iki esse köpelýär» diýilýär.
Siziň aňyňyzdaky dogry jogaplaryňyz ýa-da mekdepde alan gowy bahalaryňyz geljekki üstünlikleriňize täsirini ýetirmez. Siziň üstünlikleriňiz köp soraglara jogap berip bilmezligiňiz, şowsuzlyklara düşmegiňiz, munuň üçin birini günäkärlemän, bu zatlardan netije çykaryp, ýagdaýy gowulamagyňyz bilen ölçeler.
KIMI IŞI ŞOWUNA DÜŞMEDIK ADAM
HASAPLAP BOLAR?
Maliýe hasabatyňyzyň ýetişikligini bilmek üçin etmeli zadyňyz — golaýdaky banka baryp, karzyna pul soraň hem-de maliýe hasabatyňyzy dolduryp, olara görkeziň. Eger berseler, onda köpräk soraň. Bermeseler, onda oturyň-da, öz maliýe hasabatyňyzy gowulamak üçin näme etmelidigini soraň. Şonda siziň aljak sapagyňyzyň gadyr-gymmaty bolmaz, ol siziň bütin durmuşyňyzy üýtgeder.
Eýýäm aýdyşym ýaly, häzirki döwürde nämäniň möhümdigini bilmek isleseňiz, muny bankçyňyzdan soraň. Sebäbi ol her gün birnäçe adamyň ýetişiklik hasabatyny gözden geçirýär.
Ýöne şu ýerde bir sorag ýüze çykýar: «Eger bankda işleýänler şeýle köp bilýän bolsa, onda näme üçin olar örän baý däl? Näme üçin olar bankda işläp, kesekileriň gazanjynyň aladasyny edýär?».
Bu soragyň jogaby Nýutonyň kanunynda bar, muny eýýäm size ýatladypdym: Her bir hereketiň güýji özi ýaly güýje eýedir, ýöne tersine gönükdirilen ýagdaýynda, garşylyklaýyn herekete eýedir.
Mundan başga-da, bu soragyň jogabyny şundan tapmak bolar: näme üçin polisiýa işgäri işini gowy ýerine ýetirmek üçin jenaýatçy ýaly pikirlenmäni başarmaly ýa-da näme üçin her bir şaýylygyň iki tarapy bar we şuňa meňzeşler.
Bank işgärleriniň aglabasynyň baýamaýanlygynyň sebäbi — olar örän yzagalak adamlar. Baýlyk edinmek üçin, aýratynam, ýok ýerden başlajak bolsaň diňe bir gowy bank işgäri bolmak bilen çäklenmän, gowy oýunçy bolmanam başarmaly, gowy bank işgärleriniň aglabasy bolsa göçgünli oýunlary oýnamany halanok.
Dostum Maýkyň kakasynyň aýdyşy ýaly, «sen onuňam, beýlekiniňem bahasyny tölemeli». Eger baý bolasyňyz gelýän bolsa, gowy bank işgäri hemem gowy oýunçy bolmaly bolarsyňyz. Adamlaryň köpüsine olam, beýlekem bolmak başardanok.
Bir gezek baý kakam Maýk ikimize şeýle diýdi:
— Bank işgärleriniň aglabasynyň baý bolmaýanlygynyň sebäbi, ilki bilen, şundan ybarat — olaryň içinde göçgünli oýun oýnaýanlary az. Oýunçylaryň köpüsiniň baýamaýanlygynyň sebäbi bolsa — olar bank işlerini öwrenesleri gelenok.
— Diýmek, bu adamlaryň aglabasynyň ýa-ha oýunçy, ýa-da bank işgäri bolýandygyny aňladýarmy? — diýip, men gyzyklandym.
— Ýok — diýip, Maýkyň kakasy jogap berdi. — Gynansagam, bu adamlaryň köpüsiniň maliýe taýdan işiniň şowuna düşmändigini aňladýar.
— Işi şowuna düşmedikler… — diýip, men gaýtaladym. — Ýöne bu söz köp adamy kemsitmegi mümkin, şeýle dälmi?
— Men ýöne olaryň işleriniň şowuna düşmändigini aýtjak boldum — diýip, baý kakam ötünç soraýan äheňde aýtdy. — Men hiç kimi kemsidesim gelenok. Şonuň üçinem meni adamlary sylamaýandyr öýtmeziňden ozal, öz düşünjäm boýunça kimiň işi şowuna düşmedikdigini düşündirmäge ygtyýar ber.
— Hawa, haýyş edýän, düşündiriň — diýip, menem ötünç soraýan äheňde aýtdym.
— Men «Işi şowuna düşmedikler» diýip hiç wagt özüni şowsuzlyga düşmäge ygtyýar bermeýänlere aýdýan — diýip, Maýkyň kakasy aýtdy.
— Hiç wagt özüni şowsuzlyga düşmäge ygtyýar bermeýänleri… — diýip, men baý kakamyň aýtmakçy bolýan zatlaryna düşünmek üçin onuň sözlerini gaýtaladym.
— Yzyna gulak as — diýip, baý kakam sowukganlylyk bilen sözüni dowam etdi. — Haçan-da, iş pully meselä syryganda, adamlaryň köpüsi şowsuzlyga uçramakdan gorkýar. Häzir adamlaryň aglabasy şeýle atlandyrylan «gyzyl çyzyk» boýunça ýaşaýar. Eger-de sen awtoulaglar bilen gyzyklanýan bolsaň, «gyzyl çyzygyň» nämedigini bilýänsiň — bu motoryň aýlanyşynyň iň ýokary derejesi bolup, eger şondan aňryk geçseň, onda motoryň çym-pytrak bolmagynyň mümkindigini aňladýar.
— Bular ýaly adamlaryň her dollary çykdajylaryna gidýär — diýip, Maýk hem gürrüňe goşuldy.
— Gaty dogry — diýip, kakasy tassyklady. — Olar hiç hili şowsuzlyga düşmejek bolýarlar, sebäbi maliýe meselesinde olar eýýäm şowsuzlyga uçran adamlar.
Baý kakam biziň gözlerimize seretmek üçin birsalym sözüne dyngy berdi-de, soňra gürrüňini dowam etdi:
— Gynansagam, biziň döwletimiziň millionlarça adamy maliýe meselesinde «gyzyl çyzygyň» üstünde durlar.
— Bular ýaly adamlar barada, köplenç, şeýle gürrüňler edýär: «Bir zada pul goýmak gaty töwekgelli iş» ýa-da «Birden pullarymy ýitirsem näme?». Olar, hamala, pullaryny ýitiren ýaly gürleýär, sebäbi maliýe meselesinde eýýäm utulandygyny bilýärler — diýip, men gürrüňe goşuldym.
Maýkyň kakasy başyny atdy:
— Görýäňmi, hakyky göçgünli oýunçy ýeňişdir ýeňlişiň bilelikde gelýändigine düşünýär. Hakyky oýunçylar elmydama ýeňjekdiklerine ynanyp, özlerini aldamaýarlar, sebäbi ýeňlişiň daşda däldigini bilýärler. Olar uly olja ýetmek üçin başda biraz utdurmalydygyny bilýärler.
— Şo sebäpli baý bolmak üçin şol bir wagtda hem-ä bank işçisi bolmaly, hemem oýunçy — diýip, bir zatlar düşünip ugranymdan soň ýene söze goşuldym.
Indi meniň üçin «Gowy polisiýa işgäri bolmak üçin gowy jenaýatçy bolmaly» diýen pikiriň manysy hasam ulalyp ugrady.
— Ine, şonuň üçinem mekdebi gowy bahalar bilen tamamlanlar durmuşda elmydama üstünlik gazananoklar — diýip, Maýk aýtdy. — Sebäbi durmuşda diňe bir dogry jogaplar bolman, gaty kän çaklamalaram bar, olaryň bolsa käbirleri dogry bolup çykýar.
Baý kakam başyny atdy-da, dowam etdi:
— Şo sebäpli durmuşda iň köp ýalňyşanlar iň baý adamlardyr. Jon Pol Getti nebitiň gözlegine çykyp, Ýeri eleme-deşik edýär, onuň meşhurlygam şonuň üçin. Ýöne ol ahyry dünýäniň iň uly nebit käniniň üstünden baryp, juda baýaýar. Tomas Edison barada-da şeýle diýmek bolar, ol diňe 10 müň gezek şowsuzlyga düşeninden soň, elektrik çyrasyny oýlap tapypdyr. Adamlaryň köpüsini «Işi şowuna düşmedikler» diýip atlandyrmagymyň sebäbi — olar ýekeje gezegem şowsuzlyga düşmek islänoklar. Eger üstünlik gazanasyň gelýän bolsa, onda biraz utdurmak üçin şol bir wagtda bank işgäri hemem oýunçy bolmaly, sebäbi her bir oýunçy ýeňlişiň ýeňşiň bir bölegidigine düşünýär.
Men «Pul akymy» oýnuny baý kakamyň maslahaty boýunça döretdim. Ony oýnamak bilen, siz şol bir wagtda hem-ä bank işgäri, hemem göçgünli oýunçy bolup bilersiňiz. Häzir adamlar öz pullaryny ähtibarly zatlara goýmak isleýär, ýöne men şol adamlaryň köpüsiniň işi şowuna düşmedik adamlara öwrüljekdigi üçin gynanýaryn. Olar hiç haçan ýeňlişe sezewar bolmasalaram, hiç wagt hakyky ýeňşe ýetip bilmezler, sebäbi ol adamlar tygşytlylyk, howpsuzlyk hemem karz kartlaryndan ýüz öwürmeklik arkaly baýamak isleýärler.
Dostum Maýkyň kakasynyň aýdyşy ýaly, «adam garyp durmuşda ýaşap baýap biler, ýöne mesele nämede diýseňizläň, ol, hatda baýan wagtam durmuşyny üýtgedip bilmez».
ÖZÜŇIZE NÄÇERÄK ZADY ÝITIRMÄGE MÜMKINÇILIK BERÝÄŇIZ?
Adamlaryň köpüsiniň lotereýa oýnaýanlygynyň sebäbi — özüne bir dollar utdurmaga ygtyýar berýänliginde. Olar kazino barýarlar-da, bir dollarlyk awtomatlarda oýnap, birnäçe dollar ýitirmäge özlerine ygtyýar berýärler. Ýöne mesele nämede diýseňizläň, amerikalylaryň azyndan 60 göterimi özüne birnäçe dollardan artyk ýitirmäge ygtyýar berenok. Bu bolsa olaryň eýýäm durmuş oýnunda maliýe ýeňlişine sezewar bolandygyny aňladýar. Adamlaryň köpüsi işini ýitirýänçä, keselläp ýa-da garrap işden çykýança näçe utdurandygyna düşünmez. Eger olaryňky şowuna bolsa, hossarlyk etjek garyndaşlarynyň hemaýatynda bolar.
Maliýe hasabatyňyzyň ýetişikligini bilmek üçin etmeli zadyňyz — golaýdaky banka baryp, karzyna pul soraň hem-de maliýe hasabatyňyzy dolduryp, olara görkeziň. Eger berseler, onda köpräk soraň. Bermeseler, onda oturyň-da, öz maliýe hasabatyňyzy gowulamak üçin näme etmelidigini soraň.
Bu adamlar ýaramaz karzlara batyp, «gyzyl çyzygyň» üstünde ýaşaýarlar. Olar şeýlebir durmuşyň aladasy bilen ýaşaýarlar welin, hakykatda, bolelin durmuşyň nähilidigini göz öňüne-de getirip bilenoklar.
«Pul akymynyň dörtburçlugy» diýen kitabymda «Pul akymyny gözegçilikde saklaň» diýen bölüm bar. Ol ýaňky ýaly adamlary ýaramaz karzlardan halas bolmaga kömek edýär. Şol ýerdäki maslahata eýermek bilen, adamlaryň aglabasy 5-7 ýylyň içinde ýaramaz karzlaryndan dynyp biler. Şol alty sany ýönekeýje maslahat şu kitabyň bäşinji babynda getirilendir.
«Gyzyl çyzykda» ýaşaýan adamlaryň köpüsi diňe şowlulygyň üsti bilen baýap bolar öýdýärler. Leksiýalarymyň birinde diňleýjilerimiň biri şeýle sowal berdi: «Siziň maliýe üstünligiňizde haýsy şowlulygyňyz esasy roly oýnady?».
Men iňlisçe «LUCK» (şowlulyk) sözüniň «Laboring Under Correct Knowledge» (dogry bilim esasynda zähmet çekmeli) diýen manyny berýändigini aýtdym.
Arada aýalym ikimiz alyp-satyjylyk işine pul goýup, 120 müň dollarymyzy ýitirdik. Bu barada bilip, hamala, özi ýitiren ýaly, biziň ýakyn dostlarymyzyň biri gaty gynandy-da, şeýle diýdi: «Siziň ikiňizem garamaňlaý ekeniňiz». Aýalym ikimiz oňa hiç hili jogap bermedik, sebäbi şowsuzlyga düşmekden gorkýan adam bilen gürleşmegiň manysy ýokdy. Biz oňa bary-ýogy 120 müň dollar ýitirip, millionlarça dollar gazananymyzy aýtmadyk.
Mundan başga-da, bu işiň biziň üçin iki sany bähbitli ýeri bardy. Birinjiden, 120 müň ýitirmek bilen, biz million dollardanam has köp peýdaly bilime eýe bolduk, ikinjiden, biz özümize şonça puly ýitirmäge ygtyýar berdik, ýagny onuň ýitirenimize gynanmadyk.
Birnäçe ýyl mundan ozal men bu barada arzuwam edip bilemokdym.
DÖRDÜNJI BAP
KARZ KARTLARYNDAN ÝÜZ
ÖWÜRMEGIŇ BAHASY
Siz ýaramaz we gowy karzyň
aratapawudyny bilmelisiňiz.
Baý kakam
Ýogsa-da, näme üçin adamlar karz kartlaryndan ýüz öwürmek islänok?
Meniň garaýşym boýunça, karz kartlaryndan ýüz öwürmegi şunuň ýaly mysal bilen deňäp bolar: adam horlanmak isläp, bir aýyň dowamynda — ertir, öýlän we agşam — üç sany käşir iýmegi, ondan soň bolsa ýagsyzlandyrylan 100 gram gatyk içmegi mümkin, ýöne 30 günden soň bu süteme çydap bilmez.
Günlerde bir gün dükanyň mylaýymja işgäri dadyp görmek üçin size satýan kökesinden hödürlär. Siz täzeje bişen kökäniň ýakymly ysynyň öňünde durup bilmän özüňize şeýle diýersiňiz: «Gorkma, ýekeje köke iýeniň bilen hiç zat bolasy ýok. Seniň tutanýerli häsiýetiň ikinji kökäni iýmäge ýol bermez». Soňra özüňiz bilmezden maşgalaňyz üçin tutuş bir gap köke satyn alanyňyzy duýman galarsyňyz, ýöne näme üçindir, bir gap köke dükandan çykmazyňyzdan ozal boşap galar. Iýmek islegi munuň bilen tamamlananok, siz iýip-içip, berhiz tutmazyňyzdan öňki agramyňyzyň üstüne ýene bäş kilogram agram goşarsyňyz.
Ýakyn dostlarym meniň ýokary derejeli önümleriň öňünde durup bilmeýändigimi bilýär. Eger-de men agramyňy taşlamagyň ýollaryny bilýän bolsadym, onda Bill Geýtsdenem baý bolardym.
Gynansagam, berhiz saklaýanlaryň ýagdaýyny gaty gowy bilýärin, berhizden soň olar ýene aşa iýme bilen bolýar. Biziň maşgalamyzda agramy bilen göreşýän adam ýeke-täk özüm, bu meni kiçiligimden bäri yzarlap gelýär, şeýle-de bolsa munuň üçin öz ene-atamy günäkärläp bilmerin.
Men horlanmak isleýänler üçin maslahat berip biljek däl, ýöne pul sowajaňlygynyň öňüni almak hemem karz kartlarynyň bergisinden çykmak isleýän adamlara maslahat berip biljek. Şonuň üçinem sorag öňküligine galýar: «Siz gerekli bahany tölemäge taýynmy?».
NÄZENIN HEM NÄGEHAN
Meniň dostlarymyň biri hemem onuň aýaly gözellik merkeziniň nusgasy bolup işleýärler. Olar syratly, gelşikli hemem sagdyn adamlar. Olara berhiz saklamak ýa-da sportzalynda türgenleşmegiň geregi ýok.
Ýöne pully meselede olaryň işleri düýbünden başgaça. Olaryň ikisem elli ýaşap barýar hemem kän gazanýarlar. Ýöne olar şeýlebir kän sowýarlar welin, olary tanaýan adamlaryň aglabasy hopugyberýär. Olar köne karz kartlaryny täze karz kartlary bilen ýapýarlar. Olar her gezek jaýlaryny girewine goýup alan karzlaryny doly ulananlaryndan soň, täzeden karzyna pul almak üçin has gymmat jaý satyn alýarlar. Olaryň doly hakyna işleýän hazmatkäri hemem çagalarynyň enekesi bar. Olaryň birnäçe awtoulagy, kaşaň eşikleri bolup, özlerinden on esse köp hak alýanlardan gowy ýerlerde dynç alýarlar. Bu adamlar erjellik bilen işläp, gaty kän pul gazanýarlar, ýöne esasy meseläniň hötdesinden gelmek — pul sowajaňlygyndan dynmak başardanok.
Biz eýýäm birnäçe ýyl bäri dost, şonuň üçinem her gezek bir ýere jemlenen wagtymyz, olar fiziki maşklary etmeýänligim hemem agramymyň artyklygy zerarly meni tankytlaýarlar, men bolsa pul meselesinde olaryň düzgün-nyzamynyň ýokdugyny argynsyzlyk bilen gaýtalaýaryn. Eýýäm aýdyşym ýaly, durmuşda her bir adamyň öz meselesi bar. Men iýmekden saklanyp bilmeýän bolsam, olar pul sowmakdan saklanyp bilenoklar.
GARYPLARA GARANDA, BAÝLARYŇ
KARZY HAS KÖP
Men pul sowmagy gowy görýärin, ýöne Kim ikimiz olary ýeliň ugruna sowramzok. Şeýle-de bolsa, durmuşyň iň gowy zatlaryny almagy gowy görýärin. Ine, olar: uçarda ekonom-klasda gitmegi, gowy hyzmat etseler, jomartlyk bilen çaý puly bermegi, kompaniýamyz artykmaç pul gazansa, işgärlerime baýrak bermegi, bir işe goýan pulumyzdan gowy girdeji girse, dostlarym bilen paýlaşmagy gowy görýärin. Mundan başga-da, erkin bolmagy gowy görýärin, ony bolsa pula satyn alyp bolýar. Men islän wagtym işleýärin, islemedik wagtym bolsa işlämok. Şonuň üçinem pula edil özüne çekiji oýun ýaly garaýaryn. Men puluň üsti bilen islendik zada ýetmegi başarýaryn, ýöne esasy zat — ýaşamak üçin uzakly gün agyr zähmet çekemok-da, onuň üsti bilen erkin ýaşaýaryn. Ine, şonuň üçinem şeýle diýýän adamlara düşünemok: «Pul adamyny bagtly edip bilmez». Men, köplenç, özümden soraýaryn: «Onda olar nädip dynç alýarka?».
Men adamlara: «Karz kartlaryňyzdan ýüz öwrüň» diýseler ýaraýandyr öýdemok. Çünki pul sowmagyň esasy sebäbi — özüňi bagtly etmek. Elbetde, käbir adamlar muny edil fiziki maşkda ýa-da berhiz saklamakda edişleri ýaly, ahyrky çägine ýetirmek isleýärler. Meniň garaýşym boýunça, bu maslahatyň netijesizliginiň esasy sebäbi — lezzet berýän zadyndan mahrum etseň, adamlar bagtly bolup bilmez. Eger olara hukuk berseň, durmuşyň lezzetini görmek üçin pully hemem erkin bolanlaryny islärler. «Pul adamyny bagtly edip bilmez» diýen jümläni, köplenç, örän pully bolsa-da, özüni bagtsyz duýýan ýa-da bagtly bolmagyň nämedigine düşünmeýän adamlar aýdýar. Meniň pikirimçe, puluň bolmazlygy adamlary bagtsyz edýär, sebäbi olar edesleri gelen zady edip bilenoklar.
1970-nji ýylyň ahyrynda meniň kompaniýam neýlon gapjyk öndürip, gaty bahym millioner boldy. Şol wagtlar men entek otuzam ýaşamokdym, şonuň üçinem puldur üstünlik meniň başymy aýlady. Häzir muny şeýle diýip atlandyryp biljek — özüme gaty göwnüm ýetipdir. Her gezek kompaniýanyň hasabatyny gözden geçirenimde, puluň okgunlylyk bilen ýokary galýandygyny görüp, meni keýpiköklük gurşap alýardy. Men ulumsy, özüne göwniýetýän adama öwrüldim. Göwnüme bolmasa, näçe köp gazansam, şonça-da IQ-ym (aňlaýyş derejäm) ýokary galýan ýalydy.
Gynansagam, bu zatlar tersine eken. Meň hasabyma näçe köp dollar girýän bolsa, şonça-da IQ-ym pese gaçýardy. Basym men sport ulaglaryna höwes edip ugradym, has beteri-de, söýgi gatnaşyklaryny sazlap ugradym. Ulagy gaty sürmeklik hemem gyzlar bilen az salymlyk duşuşyk tejribesi örän gyzykly boldy. Men durmuşymyň bu döwrüne gynanamok, ýöne ol hemişelik bolup biljek däldi. Duýdansyz ýagdaýda «kagyz» millionerinden, millionlarça dollar bergili bolmak, maňa gaty agyr degdi. Ine, şonuň üçinem bu gün özüni barly hasaplaýan adamlaryň ýagdaýy meni gaty biynjalyk edýär, sebäbi olaryň portfelleri kagyz aktiwlerinden doly. Kagyz bilen hakyky baýlygyň tapawudynyň bolşy ýaly, kagyz aktiwi bilen hakyky aktiwiň aratapawudy bardyr.
Ilkinji millionymy ýitirenimden soň, maslahat soramak üçin baý kakamyň ýanyna bardym. Maliýe hasabatyma göz aýlap, Maýkyň kakasy hyrçyny dişläp, başyny ýaýkady-da, ahyrsoňy şeýle diýdi: «Seniň maliýe otlyň synypdyr». Şondan soň ol maňa birgiden käýinç sözlerini aýtdy. Häzir şol bolan wakalary ýatlasam, bir zady boýnuma alasym gelýär, «meniň maliýe otlymyň synmagy» hem-de baý kakamyň käýinçleri durmuşymyň iň gowy sapaklarynyň biri bolupdyr. Hakykatda, bu ýalňyşyň bahasy ýok, sebäbi men häzire çenli ondan sapak alyp gelýärin. Dogrusy, bu ýalňyşlyk maňa million dollara düşdi, ýöne ahyrky netijede, ol maňa birnäçe million girdeji getirdi, geljekde hasam köp getirer.
Ýalňyşlyk goýberip, ondan sapak alyp bilmeklik bahasyna ýetip bolmajak zatdyr. Ýöne ýalňyşlyk goýberip, soňundan ýalan sözleseňiz ýa-da özüňizi aklamak üçin başga birini günäkärleseňiz, munuň soňy puç bolar. Häzir başga ugra tarap barýanlygymy bilsem, özüme şeýle diýýärin: «Kelläňi ýitirme-de, asudalygyňy sakla. Ýalňyşyňy gözden geçir-de, ondan sapak al. Bu ýagdaý erbet ýalam bolsa, ondan sapak almany başarsaň, bu saňa gowy hyzmat eder. Ünsli bol-da, entek bu ýoldan barýarkaň, bu barada köpräk biljek bol».
Meniň otuz ýaşamankam alan tejribäm, ýagny millionerlikden million dollara çenli bergili bolmaklyk gaty gynançly boldy. Kagyzdan gurlan jaýym weýran bolanda, bu zatlaryň ähmiýetine düşündim diýesim gelýär, ýöne diýip biljek däl, sebäbi men beýlekileri günäkärläp, ýalan sözledim, özümi aklap, jogapkärçilikden gaça durdum. Ýöne baý kakamyň barlygy gowy zat, ol meni beýlekileri ýamanlamazlyga hemem durmuşyň iň möhüm sapagyny özleşdirmäge kömek etdi.
GOWY KARZYŇ ÝARAMAZ KARZA
ÖWRÜLMEGI
Käýinip bolanyndan soň, baý kakam şeýle diýdi: «Sen million dollarlyk gowy karzyňy million dollarlyk ýaramaz karza öwürmegi gaty gowy başardyň. Bular ýaly ýalňyşlyk her kimiň başyna düşüp duranok. Ýöne bu zatlardan özüňe sapak aljak bol». Öňem aýdyşym ýaly, ýalňyşlygyň bahasyna ýetip bolmajak tejribesi bar, ýöne adam bolgusyz ýola düşeninde, köplenç, oňa ýalňyşyny boýun almak kyn düşýär.
Her nähili bolsa-da, bolup geçen zatlardan sapak almany başardym. Men bu işde jogapkärçilik duýmak isledim, şonuň üçinem bu meniň tejribämde iň möhüm sapagym boldy.
Meniň ýene bir bahasyna ýetip bolmajak sapaklarymyň biri — gowy we ýaramaz karzlaryň tapawudyna düşünip ugradym. Şol wagtlar men bu pikiriň düýp manysyna oňly düşünmeýän ekenim. Gowy we ýaramaz karzlar barada maslahat beren mahaly, baý kakam, köplenç, şeýle diýerdi: «Her gezek adamlardan karzyna pul alanyňda, sen olaryň talabanyna öwrülýärsiň. Gowy karz — bu başga biriniň saňa bermeli puludyr, ýaramaz karz — bu seniň gandyr der bilen gazananyňy başga birine bermeli puluňdyr». Ol kireýne bermek üçin gozgalmaýan emläkleri satyn almagy gowy görerdi, sebäbi bank-a pul berýärdi, kärendeçi bolsa töleýärdi. Şonuň üçinem häzir gowy karz bilen ýaramaz karzyň aratapawudyna gaty gowy düşünýärin.
Häzir adamlaryň öz puluny girewine goýan jaýlaryna töleýändigini görenimde, endamym dyglaýar. Ähtimal, olar muny gowy pikir hasaplaýan bolmagy mümkin, sebäbi döwlet munuň üçin salgyt ýeňilligini döredýär, ýöne munuň düýp manysyna gaty gowy düşünýärin. Sebäbi az möhletli gymmat bahaly karzlar uzak möhletli has gymmat bahaly karzlara öwrülýär. Bu işiň olarda az wagtlyk ýeňillik döretmegi mümkin, ýöne meseläni çözmegi başaranok. Adamlar karzyny üzmek üçin ikilenç karz almaly bolýarlar.
«Ipoteka» sözi grekleriň «hypotheke» (girewine goýmak) sözünden gelip çykýar. Iňlis dilinde «mortgage» sözi bar, ol iki sany fransuz «mort» (ölüm) hemem «gage» (girewine goýmak) sözünden ybaratdyr, bu söz karzdarlar ylalaşyga gelende (karzyny üzende ýa-da tölegini kesende) güýjüni ýitirýändigini (ölýändigini) aňladýar. Meniň dostlarym düýpli bergä batmak üçin erjellik bilen zähmet çekýärler. Bir zatlar üýtgäýmese, olaryň elidir aýagy ýaramaz karzlara bagly bolar.
Elimdäki zatlarymy ýitirip, özümi gaty erbet duýdum, munuň üçin başgalary günäkärläp, başa düşen kynçylyklardan gaçmak isledim. Ýöne baý kakam goýberen ýalňyşlarymy pugta öwrenmäge mejbur etdi. Sanlary derňemek şeýle bir agyr düşýänem bolsa, örän peýdaly işdi. Ol maňa hiç hili gara zähmet bilen bergimi üzüp bilmejegimi äşgär etdi. Köp adamlar puluny az-azdan ýitirýär, şonuň üçinem olaryň bergisi ýuwaşlyk bilen köpelýär. Eger siz 100 müň dollar ýitirseňiz ýa-da 100 müň dollar bergiňiz bar bolsa, onda gara zähmet bilen onuň esli bölegini tölemäge mümkinçiligiňiz bar. Ýöne has köp ýitirseňiz, oňa bolan gynanjyňyz hemem bergiňiziň ululygy sizi bu bolan zatlara paýhasly garamaga mejbur eder. Million dollar ýitirenimden soň, gara zähmetim bilen ony azaldyp bilmejegime düşündim. Bu ýitgi meniň durmuşymyň başlangyç nokadyna öwrüldi.
Maýkyň kakasy gahardan köşeşen soň, maňa garap şeýle diýdi: «Sen başa düşen kynçylyklardan ýüz öwrüp, hiç zat bolmadyk ýaly gezip bilersiň ýa-da mundan netije çykaryp, durmuşyň iň peýdaly sapagyna öwrüp bilersiň».
1979-njy ýylda Maýkyň kakasynyň beren sapagy meniň üçin, dogrudanam, bahasyna ýetip bolmajak zat boldy. Ol şeýle diýdi: «Garyplara garanda, baýlaryň karzy has köpdür. Onuň aratapawudy bolsa şundan ybarat — baýlar gowy karzlarynyň bolanyny isleýär, garyplar bilen orta ýaşaýan adamlar bolsa ýaramaz karza batýarlar. Karz gowy bolsa-da, ýaramaz bolsa-da, onuň bilen oklanan tüpeň ýaly, emaý bilen çemeleşmeli. Karzyň güýjüni äsgermeýän adamlar, köplenç, agyr güne düşüp, käwagt bolsa heläk bolýarlar. Karzyň güýjüne hormat goýýan hemem ony ulanmagy başarýan adamlar hiç hili gudrata garaşman baýamagy başararlar. Öz düşen günüňden görşüň ýaly, karzyň örän uly güýji bar, ol seni baýam edip biler, garybam».
KARZYŇ GÜÝJÜNI NÄDIP ULANMALY?
«Karz kartlaryňyzdan ýüz öwrüň, bergileriňizden dynyň hemem gazanjyňyzdan pes ýaşaň» diýýän adamlaryň pikiri bilen ylalaşmaýanlygymyň sebäbi kän. Men beý diýmekçi bolamok, sebäbi bular ýaly maslahatlar baý bolmak isleýän adamlaryň meselesini çözüp bilenok. Pully bolmak hemem durmuşyň hözirini görmek isleýän adamlara öňünden duýdurýaryn, karz kartlaryndan ýüz döndermek we bergiden çykmak — bu meseläni çözmez hemem bagtly edip bilmez. Nukdaýnazardan alanyňda, adamlaryň köpüsi üçin karz kartlaryndan ýüz döndermekligiň gowy maslahatdygy bilen razylaşýaryn. Ýöne baý bolmak hemem durmuşyň lezzetini görmek isleýänler üçin diňe bergilerinden dynmak ýeterlik däl. Eger adam baý bolmak isleýän bolsa, gowy karzlarynyň ölçegini nädip ulaltmalydygyny, onuň güýjüne hormat goýmalydygyny hemem nähili ulanmalydygyny bilmelidir. Eger ol adam bu zatlara taýýar bolmasa, karz kartlaryndan ýüz döndermek hemem gazanjyňdan pes durmuşda ýaşamak onuň üçin iň gowy maslahatdyr. Durmuşda her bir gelnen netijäniň öz bahasy bar.
GOWY ULANYLAN ULAG
Birnäçe aý mundan ozal täze alan ulagyny öwmek üçin bir dostum ýanyma geldi.
— Men haýran galmaly iş etdim — diýip, ol söze başlady. — Bu ulag üçin bary-ýogy 3500 dollar töledim hemem onsuna-munsuna seretmek üçin 500 dollar çykardym, indi onuň ýagdaýy gaty gowy. Ony 6 müňe ap-aňsatja satyp boljak.
Şondan soň ol şeýle diýdi:
— Hany, ulagyma mün-de, sürüp gör.
Özümi sypaýyçylyksyz görkezmejek bolup, onuň haýyşyny ýerine ýetirdim. Etrabyň daşyndan aýlanyp çykanymdan soň, ýylgyrdym-da, şeýle diýdim:
— Örän gowy ulag.
Ýöne öz ýanymdan ulagyň täze reňke mätäçdigi, içinden çilimiň ysy gelýändigi, umuman, şunuň ýaly ýakymsyz ulagy özümiň satyn almajagym barada oýlandym. Ol menden açary aldy-da, ýylgyryp şeýle diýdi:
— Munuň ajaýyp ulag däldigine düşünýän, ýöne men muny bergi etmän, nagt aldym.
Ol ýerinden gozgananda, gaz çykýan turbasyndan zogdurylyp goýy tüsse çykdy.
EGER BAÝ BOLASYŇYZ GELÝÄN BOLSA,
TÄZE ULAG SATYN ALYŇ!
Aýalym Kimiň iki orunly owadan «Mercedesi» bar. Meniň üsti açylýan «Porschem» bar. Hatda bergili wagtymyzam biz şol ulaglarda ýa-da şolar ýaly kaşaň ulaglarda gezerdik. Biz olary nagt satyn almadyk. Olary satyn almak üçin karzyna pul aldyk. Näme üçin? Bu wakany, köplenç, diňleýjilerimiň öňünde mysal getirýärin, şonuň üçinem size-de gürrüň bermäge ygtyýar beriň. Meniň aýtmakçy bolýan wakam gowy karz bilen ýaramaz karzyň aratapawudyna düşünmek hemem durmuşyň iň gowy zadyny almak baradadyr. 1995-nji ýylda ýerli «Porscheniň» gullukçysy jaň etdi-de, şeýle diýdi: «Bizde siziň arzuw edýän ulagyňyz bar». Men üsti açyk «Porsche Speedsteri» görmek üçin şobada ulag merkezine eňdim. Ulagyň şu görnüşiniň bary-ýogy 8 müň sanysynyň goýberilendigini bilýärdim. 1989-njy ýylda «Porscheni» gowy görýänler olary satyn alyp, edil muzeý eksponatlary ýaly ýygnap goýdular. Şol ýyl satmak isleýän ulag ýygnaýjylar ulagyň şol görnüşi üçin 100 müňden 120 müňe çenli pul soradylar. 1995-nji ýylda men şol ulagyň iň seýrek görnüşini — iň birinji goýberilenini gözleýärdim, ol beýlekilerden üýtgeşikdi, giňdi. Hakyky «Porscheni» gowy görýänler onuň yzynda ser-sepildi. Bu ulag ilkinji çykanlygy sebäpli dünýäniň ähli awto-salonyny aýlanyp çykypdy hemem bildirişleriň barynda suraty bardy. Mundan başga-da, onuň ilkinji ýasalanlygyny subut edýän belgisi bardy. 1989-njy ýylda sergileri aýlanyp bolanyndan soň, ony hem ammara salyp goýýarlar. Ýöne 1995-nji ýylda haýsydyr bir ulag ýygnaýjy ony satmak isleýär. Salonyň gullukçysy şobada maňa jaň edýär, sebäbi ol meniň hut şol ulagy gözleýändigimi bilýärdi. Elbetde, ulagy ulanypdylar, ýöne onuň spidometri bary-ýogy 4000 kilometr geçendigini görkezýärdi.
Men jadylanan ýaly bolup, arzuw edýän ulagymyň ýanyna bardym, içine girdim-de, elimi ruluna goýdum hemem deriden edilen salonyň ysyndan lezzet almak üçin demimi içime sordum, ondan entegem täzeje ulagyň ysy gelýärdi. Ulagyň hiç hili kemi ýokdy, reňki bolsa ajaýypdy. «Porsche» firmasy oňa «zygyr reňkli demir» diýen ady goýupdy.
Hereketlerimi boýdan-başa synlan Kim menden sorady:
— Ony alasyň gelýärmi?
Men başymy atmak hemem ýylgyrmak bilen jogap berdim.
— Beýle bolsa, ol seniňki — diýip, Kim aýtdy. — Seniň indiki etmeli işiň — ony tölemek üçin aktiw tapmaly.
Men ýene bir gezek başymy atdym-da, ulagdan düşdüm, ulagyň üstki çadyryny ysgadym-da, hoşallyk bilen ýylgyrdym. Bu meniň arzuw edýän ulagymdy hemem indi ol meniňkidi.
Biz ilkinji tölegi geçirdik-de, gullukçy bilen şertnama baglaşdyk, onsoň men aktiwiň ugruna çykdym. Başgaça aýdanyňda, passiwimi tölemek üçin aktiw tapmalydym, ýagny ýaramaz karzy tölemek üçin gowy karzy ulanmalydym.
Bir hepde gowrak wagt geçenden soň, örän gowy gozgalmaýan emläk tapdym hemem ony satyn almak üçin karzyna pul aldym-da, bu aktiwiň pul akymyny ulagy tölemek üçin ulandym. Birnäçe ýyldan ulag dolulygyna tölendi, mundan başga-da, gozgalmaýan emläkden gelýän pul akymym galdy.
Başgaça aýdanyňda, men gymmat passiw satyn alyp garyp düşmedim-de, baýadym hemem arzuw edýän ulagymy satyn aldym, ony häzirem sürüp ýörün. Aýalymam öz «Mercedesini» satyn alanda, edil şunuň ýaly hereket etdik.
DURMUŞYŇ IŇ GOWY ZATLARY MUGTDUR
Durmuşyň iň gowy zatlary mugt diýýärler, munuň bilen razylaşýaryn. Adaty ýylgyryş köp adamyny bagtly edýär, onsoňam munuň üçin tölemeli däl. Biriniň arkasyna kakyp, «Berekella» diýeniň bilen bir ýeriň kiçelenok, ýöne ol adamyny uzakly gün bagtly edip biler. Sebäbi ýagty saçýan Gün bilen on dördi gijäniň Aýyny pul bilen ölçemek mümkin däl. Ine, şonuň üçinem durmuşyň iň gowy zatlaryny mugt hasaplaýaryn. Ýöne kitabymyň bu bölüminde men pula durýan ajaýyp zatlar barada gürrüň beresim gelýär.
Men adamlaryň içki üstünligi däl-de, maddy üpjünçiligi barada aýtmakçy bolýaryn, sebäbi siz maddy taýdan üpjün bolanyňyzda-da, içki bagta ýetip bilmersiňiz. Içki bagty pul bilen satyn alyp bolanok, eger ol sizde bar bolsa, onuň bahasyna ýetme ýokdur. Her bir adam ony mugtuna alyp bilýän bolsa-da, hemme kişä almak başardanok.
DURMUŞ STANDARTYNY
SAKLAMAGYŇ ÄHMIÝETI
Eger orta mekdebiň okuwçysy bolan bolsam, dostumyň 3500 dollara satyn alan ulagy arzuw edýän ulagyma öwrülerdi. Ony buýsanç bilen sürüp, dostlarymyň baryna görkezip çykardym. Ýöne bäşinji onluga gadam basyp, bolgusyz ulagda şäherde aýlanyp ýörsem, özümi oňaýsyz duýjak. Bu zatlaryň bary durmuş standartyna bagly, ol siziň maddy bagtyňyzyň hemem isleg-arzuwlaryňyzyň ölçegi bolup hyzmat eder.
Durmuş standartyny üýtgetmegiň hemem maddy bagtyna üns bermegiň zerurlygynyň üç sany sebäbi bar.
1. Adamyň standarty üýtgäp durýar.
Ýaşyň gitdigiçe, standartlar üýtgeýär, sebäbi özümiz üýtgeýäris. Eger adam haý-höwesiniň ulalýandygyny bilse hemem gazanjy bilen şol höwesini kanagatlandyryp bilmese, onda ol höwesini kanagatlandyrmak üçin karzyna pul alyp, ýaramaz karzyny ulaldyp ugrar. Eger siziň standartlaryňyz üýtgeýän bolsa, aýratynam, gymmat bahaly zatlara, onda bu üýtgeşikligi kanagatlandyrmak üçin girdejiňizi artdyrmagyň ýollaryny gözlemeli bolarsyňyz.
2. Maddy standartyň içki özgerişligine hormat goýmak möhümdir.
Eger maddy standartyňyz üýtgeýän bolsa, ýöne adam goly ýukalygy sebäpli şol üýtgeşiklige goldaw berip bilmese, ol özüni örän betbagt duýar. Meselem, orta mekdepde okaýarkam 3500 dollarlyk ulagym bolan bolsa, özümi iň bagtly okuwçy saýardym, ýöne ulalanymdan soň orta mekdepde arzuw eden ulagymy sürüp ýörsem, özümi betbagt adam hasaplardym. Häzir ýetirinip bilmeýänligi sebäpli köňül arzuwyny amala aşyryp bilmeýän adamlar gaty kän. Olaryň bagtsyzlygynyň sebäbi — gazanjyndan pes ýaşaýarlar hemem arzan zatlardan bagt gözleýärler. Olar arzan zatlary özlerine rowa görýän bolsalaram, şahsy standartlaryna gabat gelenok.
3. Eger isleýän zadyňyzy satyn alsaňyz, bu size arzan düşer.
Men-ä öz ulagymdan hoşal, aýalym bolsa özüniňkiden. Öýümizi we egin-eşiklerimizi goşanyňda, maddy standartymyzy kanagatlandyrmak üçin artygyndan kän sowýan ýaly bolup görünmegi mümkin, ýöne ahyrky netijede biz pulumyzam, wagtymyzam tygşytlaýarys, sebäbi isleýän zadymyzy satyn alýarys.
(Dowamy bar).
Rusçadan terjime eden Rüstem GURBANNEPESOW,
«Dünýä edebiýaty»