|

Kän ýyldan soñ

Kän ýyldan soñ KÄN ÝYLDAN SOŇ

Düýşüme giripsiň daň golaýlanda,
Begenäýdim kän ýyldan soň duşanma,
Goýnuňda, boýnuňa gol aýlanymda,
Ýylgyryp bagtyňa guwandyň şonda,

Duýdim: “Göz öňümde gussaly keşbiň,
Göz öňümde goýy ýaşyl köýnegiň. –
— Diýipdim: “Çekerin söýginiň keşgin”,
Diýipdiň: “Özüňe dert bor köýmegiň”.

Ondan bäri oýum sen hakda, bilseň,
Gideniňsoň söýgiň bilen jadylap.
Belki, bagtly borduk saklaýan bolsam,
Şol armanly günde yzyňdan ylgap.

Bolýarmy gaýtaryp geçen pursady,
Ýatda hem ýürekde galýar ol diňe.
Garaz, şeýdip düýş-de bagtly men, senem
Käte öz göwnüňi dola düýnüňe.

Düýşüme giripsiň daň golaýlanda,
Begenäýdim kän ýyldan soň duşanma.
Goýnuň-da, boýnuňa gol aýlanymda,
Senem biraz maňa buýsandyň şonda…

Batyr ÇARYÝEW.

«Beýik Türkmenbaşy nesli» gazeti, 2006. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle