Kädiniň gülküsi / basnýa
Kädiniň gülküsi / basnýa
Ýaşap oturýardy bir beýik çynar,
Bilmek çetin, onuň näçe ýaşy bar.
Köp wakalar geçireni başyndan,
Bildirip dur, synlap görseň daşyndan.
Oň düýbünde gögerpdir br kädi,
Gün-günden güýçlenip, artypdyr bady.
Ýerden suwdan, günden kömek alypdyr,
Ynh, görseň, ers-mers bolupdur.
Gol uzadyp, dyrmyşypdyr dessine,
Çykypdyr ol şol çynaryň üstüne.
Bular gürrüň edipdirler özara.
Kädi sowal beripdir ol çynara:
-Meň örän tiz ösüşimi görsene.
Seň näçe ýaşyň bar, aýdyp bersene?
Çynar hem galdyryp belent başyny,
Hasap edip bütin ýaşan ýaşyny:
-Dört ýüz ýyl ýaşadym — diýipdir oňa
Kädi jak-jak edip gülüpdir muňa.
-Äpetligňe haýran galar ýörerdim,
Emma men özümi has ýeser gördüm.
Gör, ahyr yzyňdan üç aýda ýetdim,
Ýetibem durmadym, duşuňdan ötdüm.
Çynar hem diýipdir äwmezlik bilen:
-Nakyl bar: “soň aglar biýhuda gülen!”
Tupan tursa, elem-ewtat bolarsyň.
Kimiň güýçlidigini şonda bilersiň.
Ata SALYH. Goşgular