|

Agzybirlik hemme zatdan güýçlüdir

Agzybirlik hemme zatdan güýçlüdir Ata Salyh

Agzybirlik hemme zatdan güýçlüdir

Trumenler ýaraglarna bat berip,
Özlerine adalatly at berip,
Kim olaryñ diýenlerin etmese,
Atom bile ýandyrjakmyş ot berip.

Çerçill bes etmeýär dawa-şerini,
Için ýag tutupdyr, ýognap garyny,
Güýçli gaýtawula duş gelmen öýtse,
Basyp aljakmyşyn özgäñ ýerini.

Sowet Soýuzyna töhmetler atyp,
Tutýan maksatlarna bilmezler ýetip.
Atlantik paktyn taryplap olar,
Bolsady ekýärler men-menlik satyp.

Häzirki Atlantik paktyñ* barşy,
Progressiw adamzat ähline garşy.
Göýä kommunizm howpy bar diýip,
Halka hödürleýär näletli urşy.

Döwlet sekretary jenap Açeson**,
Ýer ýüzüni gul etmäge edýär jan,
Gitleriñ işiniñ gaýdyşy ýaly,
Siziñ hem planyñyz puç bolar hökman.

Bewinler, şumanlar — halky ütýänler,
Halkyñ bähbidini pula satýanlar,
Dawa, jenjel gurap bazar üstünde,
Nebsiniñ ugrunda hallan atýanlar.

Işçilere çekdirse-de horlugy,
Ýol almaz faşistleñ hökümdarlygy.
Atomdan hem, dollardan hem güýçlüdir
Zähmetkeş halklaryñ agzybirligi. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle

Больше на Kitapcy.su

Subscribe to get the latest posts sent to your email.

Похожие записи