|

Jinde / hekaýa

Jinde / hekaýa JINDE

Garryň gyňyrdygy, eplik-ýaplyk göwresine zor salyp, ot çapyşdyryp ýörşüne üznüksiz diýen ýaly hüňürdeýşindenem aňdyrýar.
-Nirä ýok boldy? Seňem bir kaka bolaýşyňy? Şeýdip, ogluňa diýen etdirip bilmän, çagalaň ýetişensoňam, ýeke dynç günüňde tozana bulaşyp, özüň kösen-de ýör…
Onuň birki ädimliginde köçegyra baglaryň şahasyny ýylmaşdyryp ýören, elli ýaşlaryndaky, äýneklidigi sebäpli alymsypat görünýän pyýada, garryň hüňürdisine gatyrganman, müýnli göwnaçyklyk bilen gülümsireýär.
-Bolýa-laý, kaka! Geler-dä. Kanikula geleni ýaňy. Tutuş öýde boljagam bir aý. Onnoň ýene-de zut gider. Şumat gezmese haçan gezsin? Bir gitse-de bir ýyllap ýat ýurtda, öýüne zardyr-da!
-Hä, şeýt-de arkasyny alyber! Ýagşam bir ata-enesine hemaýatçy hossar bolup ýetişer…-diýip, garry şol hüňürdäp gidip otyr. Özem egnindäki pamazy köýnegi derden ýaňa myžžyk bolanam bolsa, “dem-dynç alaýyn” diýmeýär.
Şol pille-de, “möjek agzasaň gurt geler” diýleni:
-Ata, kaka, salawmaleýkim! Armaň-da! Öýlän özüm arassalardym-da…-diýip, alçaklyk bilen ýylgyryp, ýigrimi ýaşlaryndaky ýigit aňyrdan geldi.
Garry, dikeldi-de, elini kölegeledip oňa garşy seretdi:
-Hä, waleýik salam, ahyry öýüň-öwzaryň bardygy ýadyňa düşüp köwlendiňmi, yzyňa?!-diýende-de, birdenkä, ýigdiň jinsi jalbarynyň gonjy garryň gözüne ildi.
Iki dyzam it bilen urşan ýaly ýirim-ýyrtyk. Matasam ýedi müň ýedi ýüz ýetmiş ýedi ýyllap aşgara batyrylyp goýlan ýaly, solup, sal-sal bolup dur.
Öňem ýarylyp bilmän duran garrynyň girre gahary geldi:
-Munyň näme-how seniň, diýmäýin diýsemiň gopdygaýmagy?!
Megerem, agtygy atasynyň bolşuna öwrenişikli bolara çemeli. Ol garrynyň gaharyny piňine-de alman, şol bir parahat äwmezekligi bilen, ýylgyrjaklap jogap gaýtardy:
-Hä bumy? Muňa ata, “stil-granž” diýýäler! Şumat soňky ýarty asyr bäri, şu eşik, Günbatarda ýaşlaň dyzmaçlygyny aňladýa! O diýdigem, iňlisçeden biziňkiçeleseň “palçyk, ýyrtyk, äsgermezlik” diýen ýaly bir zat-da, özem! Nädýä ata, çözýämi?!
-Hä-ä, asyl şeý diýsene, han ogul! “Äsgermezlik” diýsene!-diýip garry, özüne mahsus bolmadyk asudalyk bilen hümürdedi. Soňam misli bir keman atymyna gelen sak serçäni ürküzmejek bolýan dek, gözilginç seresaplylyk bilen pilini ýere sançdy. Eglip, ýerde ýatan hasasyny aldy.
-Çözýä köşek, ýamanam beter, gaty bekem çözýä! Ýöne az-kem tagapyl et, köşek! Häzir garry ataň saňa, seň şol çözeniňi emaý bilen daňybam bir görkezsin!-diýdi-de garry, öz hereketinden nämedir bir zady aňjak bolup, ýüzüniň terzi üýtgäp ugran agtygyna garşy birki ädim ätdi.
Garry: “Ýa Şahymerdan, Şiri-Huda pirim Hezreti Aly, senden medet!” diýip, pyşyrdap, taýagyny galdyrandanam, her bir gymyldysyny sypdyrman synlap duran kakasyna öz oglundan has belet pyýada, başyny ýaýkap, gysgajyk güldi-de:
-Gaç, oglum!-diýip maslahat berdi.
Emma, atasyna howatyrly garanjaklaýan ýigit ýetişmedi.
Gujurly garrynyň henizem kuwwaty gitmedik golunyň bady bilen salgalan taýak, “malç” edip ýigdiň ýagyrnysyndan indi:
-Borç eýle, esbabyň düzet, gezme ýyrtyk jinde bile!-diýip käýinjireýşine, öte gahary gelendigi sebäpli garry göwresine güýç gelen goja, ýene-de taýagyny galdyrdy.
-Ata, dursana-how! Nädip otyň-aý? Menem inni çaga dä-how!-diýip, özüniň munuň ýaly hadysalarda tejribesiniň azlygy sebäpli, henizem jyrralyp gaçmagyň deregine, üstüne garşy müňzäp gelýän atasyna gep düşündirjek bolýan ýigit, taýakdan goranmak üçin elini galdyrdy:
-Kakaň terbiýe berip bilmeýän bolsa, men seni tüzüw ýola salaryn! Bilip goý şuny!
Malç!
Ýene-de bir ýola taýak ýigdiň ýagyrnysyndan indi.
-Kakaňa edep öwretmäň hötdesinden gelen garry ataň, ol-a senjagaz ekeni, seň ýaly burny sümükliň ýene-de bäş-on sany oýnamynam düzetmäge ýetişer! Bilip, goý şuny!
Malç!
-Ata-how! Beýtmesen-aý! Masgara etmä-how! Hanha, goňşularam seredişip dur!-diýip, atasyna gep düşündirip bilmejekdigini aňynda aýladymy nämemi, ýigit birneme yza tesip ökje ogurlamaga başlady. Emma, entegem şunça ýaşap, ese-boýa galan halyna, bezzat çagalygyndaky ýaly atasyndan gaçmaga utanypmy nämemi, duran-duran ýerinden zut gaçybermeýärdi.
-Hatyrjem bol, han ogul! Goňşulaňňam şu garry ataň elinden akyl taýagyny az iýen däldir!
Malç!
-Ata-how! Boldy-laý! Bes etsen-aý! Sylagyň ýetdi-laý! Bi öz, kirşen basyp giden köne obaňdan hiç ýere çykman, müň ýyl mundan ozalky durmuşda ýaşap ýöň! Bu mahal dünýäde hemme deň-duşlam şuň ýaly geýinýäler-ä-how, ata!
-Hä: “müň ýyl” diýsene, han ogul! Me saňa, “müň ýyl”!
Malç!
-“Ýoldaşlam” diýsene! Aşna bolma gende bile, gendäniň hormaty bolmaz, hor bolarsyň sen-de bile! Me saňa “ýoldaş”!
Malç!
Ýigit atasyna gaharyň-öýkäniň jinnek ýalam kär etmeýändigine ahyr düşündi. Hyrra yzyna öwrüldi-de, ökjesine tüýkürmek bilen boldy.
-Dur-a, han ogul! Beýle çalt nirä ýortyberdiň? Gel hany, men ýene-de saňa özüni oňarmaýan üflise dönüp, şalha-şalha eşikli, özüňden ulularam, il-günem “äsgermezlik” edip gezmäni, gaýym öwredeýin!-diýip, taýagyny haýbatly talawladýan garry, tozan turzup gaçyp barýan agtygynyň yzyndan ýetip bilmejegini bilse-de, şol tarapa ýegdekläp ugrady.
-Goňşy, bi körpe nä, ýaşulyň öte gaharyny getiräýdimi?-diýip, gädigine çykan goňşusy, garryň ogluna habar gatdy.
Kakasydyr-oglunyň yzyndan henizem gülümsiräp seredip duran pyýada, loh-loh güldi-de, jogap berdi:
-Ýo-laý goňşy! Bu taýda adaty bir gahar-gazap däl-de, nesilleriň arasynda dünýägaraýyş meselesindäki çuňňur düşünişmezlik ýüze çykyp ýatyr! Onsoň her tarapam öz ygtyýarlygyndaky delillerini getirip, jedelde garşydaşyndan üstün çykjak bolýar-da! Ýöne, häzir-ä, göwnüme bolmasa, Nämälim nesil gadymdan miras galan “delilini” netijeli ulanyp, Z nesli derbi-dagyn edip, ýeňäýýän ýaly öýdýän! Ha-ha-ha…
Onuň gülküsine goňşusam goşuldy. Hekaýalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle