|

Jadyly duýgy

Jadyly duýgy JADYLY DUÝGY

Jadyly duýgy

Hüýr-melekler geldiler,
Jadyly duýgym bilen.
Ylham bolup indiler,
Şygyrdyr erkim alan.

Saz çalyp, aýdym aýdyp,
Gökden salam ýolladym.
Ylham şasyna dönüp,
Gül içinde gülledim.

Hyýallarym uçup ýör,
Agaçlar bakdy derläp.
Başagaý men duýmadym,
Ýene sen hakda gürläp.

Sen hakdaky goşgular,
Ýazylypdy ýürege.
Ýeke setirim dönsün,
Gerek bolsa kürege!

Oguljennet NAZAROWA,
Daşoguz welaýatynyñ Akdepe etrabynyñ 20-nji orta mekdebiniñ mugallymy. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle