It eti
It eti

«Itiň eti hassa jana em» diýip,
Aýaly aýdansoň oýlandy äri.
Göz öňüne geldi wepadar köpek,
Gapysynda ýören kän ýyldan bäri.
Äri pahyr näme etsin, alaçsyz,
Näçe ýyldyr ýatyr hassa aýaly.
Günler geçip durdy zäk ýaly turşy,
Ajydy buýanyň tüssesi ýaly.
Gün eňregin ýere beräýen çagy,
Köpegiň damagna pyçak goýdular.
Eýesine garap ýatmasyn diýip,
Janawary aňyrrakda soýdular.
Kesilip birýana goýulan kelle,
Gözlerem gussaly galypdyr doňup.
Bilsemem adamdan her zat çykjagyn,
Beýle erbetligi görmändim doglup.
It wepa… diýleni, wepaly itiň
Etin aýalyna em eden kişi
Ahyr bir uludan dem aldy, soňam
Giňän ýaly boldy töwerek-daşy.
Ite dost diýýärler, dost etin iýip,
Adam dert-emgekden saplanýan eken.
Ölensoňam dosta haýryn ýetiren,
Itiň ruhy çyňsap şatlanýar belkem..
***
Gyzgyn suwy üfläp içmeli eken.
Düşündim agzym bişende.
Ýöne ýetişsedi sabyr-kanagat.
Adamlar gyssanmaç.
Adamlar elmydam gyzgyn suw berýär,
gaýnan suw berýärler.
Belki olar meni tüýs ýürekden söýýändir. Gaýnag suwlar gyzgyn mähre alamat.
Men olardan minnetdar.
Gaty şat.
Gaýnag suwly okarany ägä bolup alýaryn. Içsem agzym däl içegelerim ýanar.
Bilýärin.
Içdim.
Bu ýaman bolmady.
Bildim nirede içegäm hem aşgazanym.
Bir gyzy söýüpdim.
Onuň söýgüsini içipdim
ýüregimiň nirdedigin bilipdim.
09.03.2018.
Sylapberdi MUHAMOW. Goşgular