Ine, ýene Gün dogýar
Ine, ýene Gün dogýar

Ine, ýene Gün dogýar
Ine, ýene Ýekşenbe gün başlanýar.
(Ol asla başlapdy gije ýaryndan).
Bu ýerlerde köçelerde gum-gukluk
Hemme kişi öýlerinde dynç alýar.
Ynjalýar adamlar duşenbä çenli.
Menem penjirämden dünýä syn salýan,
Boş köçäni görýän,
Hem iki ýeke geçeni.
Bir kofejik demleneýin özüme,
Görmek üçin dynç gününiň mazasyn.
Bir minut geçmänka bakýan daşary,
Köçe. Gara ulaglaryň nyzamy.
Matam kerweni diýsegem bolar.
Biri barýar ähli ýakynlarynyň.
dostlarynyň dynç gününi puç edip,
Uzak wagtlyk dynç almaly ýerine.
Kelläm çaşgyn pikirlere berilen,
Uf-f, kofe demleneýin ajy edip…
Sylapberdi MUHAMOW.
Moskwa. 02.07.2023 ý. Goşgular