Ilkinji tango (hekaýa)

Ilkinji tango (hekaýa)

Genrih daýy kakamyň dostudy. Ýaşy birçene baran adamdy. Obamyza göçüp gelende ol kakam deň-duş on-on bir ýaşlaryndaky oglan ekeni. Olaryň nebereleri häzir özbaşyna bir oba ýaly bolup, naşyja gurlan jaýly mellegine geň, täsin agaçlar ekilen, daş-töweregi diýseň tämiz howlularda ýaşaýardylar.

Hemra ŞIR.

Kakam ýogalansoňam, Genrih daýy biziň bilen gadyrly gatnaşygyny öňki hörpünde saklaýardy. Asla, oba adamlary ony gowy görýärdi. Islendik işleri çykanda çagyrsalar, ol hökman gelýärdi. Özem ediljek işe kybap guralyny: paltamy, pilmi, kätmenmi, çekiçmi, byçgymy, özüniňkini getirýärdi. Oňa: «Genrih daýy, özüň gelseň bes, iş guralyny bärde bereris ahyryn» diýselerem: «Ýok, oglanlar, men elim werziş edinen guralymda işlemesem bolanok» diýýärdi. Işlände işe hile etmän, hakyt ýürekden işleýärdi. Nahar wagty bolanda: «Adamlar, nahar wagty boldy» diýip, işini bes edip, nahara oturýardy. Toýa çagyrylanda, aýaly bilen ýanyna patefonyny hem alyp gelip, «tango» tansyny oýnap berýärdiler. Genrih daýy ýaly aýaly Gera daýza-da uzyndan gelen görkanady. Oňa oba arasynda Gerek apa diýýärdiler. Ol saglyk öýünde şepagat uýasy bolup işleýärdi. Goňşy-golam haçan ýüz tutsa, ýok diýmän barýardy.

Genrih daýynyň aýaly bilen iki bolup «tango» tansyny oýnaýyşlary toýa aýratyn bezeg, dabaraly äheň berýärdi. Munuň üçin ol atasyndan ýadygärlik galan patefonyna «Ilkinji tango» diýen aýdym ýazylgy köneje karty oturdýardy. Ine-de, diýseň buýsançly, göçgünli saz ýaňlanyp başlaýar. Ol sazyň äheňinde belent mertebelilik, merdemsilik duýlup dur. Birdenem labyzly ses bilen kalbyňy heýjana salýan aýdym başlanýar:

Tango! Tango! Tango!
Tango — tanslaryň şasy!
Seni öwrenmek üçin
Köp etdim men yhlasy.
Sen bir gedem gyz ýalydyň,
Näz-kereşmeden doludyň,
Maňa hiç baş bermeýärdiň…

Genrih daýydyr aýaly bu tansy aňrybaş yhlasly oýnaýardy. Ylla diýersiň, bir çaklaňja türkmen obasynyň toýunda däl-de, halkara bäsleşikde tans edýän ýalydylar. Oýnap bolansoňlar, olardan bu tansy ýene-de oýnap bermegini sorardylar. Şonda Genrih daýy: «Ýok, adamlar, beýtsek, tansyň gyzygy gaçar» diýip göwnemezdi.

Bu tans kakama juda ýaraýardy. Bir gün Genrih daýy aýaly bilen ejemiň doglan güni mynasybetli biziňkä çakylyga gelende, «tango» tansyny oýnap bolansoňlar, kakam ondan:

— Sen şu tansy meniň ogluma öwredip bilermiň? — diýip sorady.

— Elbetde, öwrederin — diýip, Genrih daýy ynamly aýtdy. Soňra meniň ýüzüme seredip: — Munuň ýaşyndakam, men ähli tanslary oýnap başarýardym. Bu biziň nemes halkymyz üçin hökmany däp — diýdi. Soň ol maňa tans öwrenmäge barmaly wagtlarymy bir bölejik kagyza belleşdirip berdi.

Kakam maňa:

— Sen, ogul, şu tansy hökman öwren, haçandyr geregi çykar — diýip, çyny bilen tabşyrdy.

Genrih daýy kakamyň sözüne hezil edip gülüp:

— Gadyrdan dost, tanslary oýnamagy, saz çalmagy, surat çekmegi, ýeneki käbir başarnyklary haçandyr geregi çykjagy üçin däl-de, bellibir medeni derejeli adam bolmak üçin öwrenmeli — diýdi.

Şondan soň men Genrih daýylara gatnap başladym. Elbetde, bu tansy öwrenmek maňa aňsat düşmedi. Edil aýdymda aýdylyşy ýaly, «tango» maňa hiç baş berenokdy. Muňa meniň ýygralygym sebäp bolýardy. Sazyň äheňine berlip, tansa başlanymda, göwräm ylla özümiňki däl ýalydy. «Göwräňi dik tutmaly, hereketleriň gaýym hem anyk bolmaly, sazyň labzyna görä hereket etmeli» diýip, Genrih daýy gapdalymyzda durup, maňa görkezme berýärdi. Men bolsam öz içimden: «Kakamyň başyma çatan bu azabynyň haçan soňy gelerkä?» diýip oýlanýardym. Genrih daýynyň ahyry bizar bolup: «Sen bu tansy oýnap başarjak däl öýdýän» diýmegine garaşýardym. Ýöne Genrih daýy juda erjeldi. Bu meselä barha yhlasly çemeleşýärdi. Soň ol aýaly Gerek apany hem kömege çagyrdy. Gerek apa oba arasynda süýji dillilikde tanalýardy. «Onuň süýji sözleri, berýän däri-dermanlaryndan-da has gowy bejerýär» diýişýärdiler. Özem Gerek apa hakyt garryja türkmen eneleriniň mylaýym äheňinde gürlemegi başarýardy.

Gerek apa maňa: «Köşek, sen bu tansy öwrenseň, durmuşda özüňi merdemsi duýarsyň. Hiç haçan aljyramarsyň. Bu bir beýle kyn tans hem däl-le. Hany gel, senem tango tansyny edip gör-ä. Sen basym bu tansy Genrih daýydan hem gowy oýnap başararsyň» diýip, maňa tansyň hereketlerini bölekleýin öwredip ugrady. Her gezek: «Şu öwrenen bölegiňi öýde-de gaýtalap, indiki gelýänçäň oňat özleşdirip gelgin, bala!» diýýärdi.

Ahyrsoňy, olaryň bu erjelligi öz netijesini berdi. Tans öwrenmek höwesim barha güýjäp, diňe bir şol «tangony» däl, onuň başga-da birnäçe görnüşlerini, käbir beýleki tanslary hem öwrendim. Mekdebi gutaranymdan soň bolsa tans ugrundan ýokary okuwa girdim. Birnäçe ýyl bäri tans toparyna ýolbaşçylyk edýärin.

Genrih daýynyň «Dyndym toý» diýilýän geň toý tutmakçy bolýandygyndan habarlydym. Muny obamyzda hemmeler diýen ýaly bilýärdi. Ynha-da, olaryň toýunda otyrys.

Genrih daýy toýy açýar:

— Eziz adamlar, biziň maşgalamyzyň şu ýurda, şu Watana, size hoşallygymyz bimöçber. Biz bu ýerde hiç gysylman, kemsinmän önüp-örňedik, çagalarymyzy seçdik, agtyk-çowluga ýüzümiz düşdi. Şeýdip, ynha, bellibir ýaşa ýetdik, mundan beýläk maşgalamyzy ýöretmegiň ygtyýaryny perzentlerimize bereli diýip, «dyndym toýuny» tutmagy müwessa bildik. Beýle toý biziň ata-baba däbimizde bar. Beýle toýy tutmak nesip eden adamlar bagtly hasaplanýar. Şady-horramlykda iýip-içiň, noş bolsun!

Soňra Genrih daýy patefonyny işledip, oňa ýene-de şol «Ilkinji tango» diýen aýdymly karty goýdy. Soňra maňa ýüzlenip:

— «Tango» tanslarynyň känliginde biziň ala-böle, elmydama şu «tangony» oýnaýanymyza geňirgeneňokmy? — diýip sorady.

— Geňirgenýän.

— Geňirgenýän bolsaň, bilip goý, bu «tango» biziň Gera daýzaň bilen tanyşmagymyza sebäp bolan tans.

Soňra ol aýalyny tansa çagyrdy. Maňa-da tans oýnamagy ümledi.

Ýüregiňe nuranalyk çaýýan dabaraly sazyň yzýany labyzly aýdym ýaňlanyp başlady:

Tango! Tango! Tango!
Tango — tanslaryň şasy…

Ertesi oba bolup Genrih daýylaryň toýunyň gürrüňini edýärdiler. «Adamyň borjy bolup durýan esasy aladalardan dynylansoň, tüýs, tutaýmaly toý eken» diýişýärdiler.

 

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle