Ilkinji oýanyş (Hy­ýa­ly he­ka­ýa)

Ilkinji oýanyş (Hy­ýa­ly he­ka­ýa)

Ýa­noş TOT,
wen­ger ýa­zy­jy­sy

Astronomyň haýyşy boýunça, professor il içinde «kesilen ömür» ady bilen belli bolan tejribä ilkinji bolup razylyk beren ýaş ýigit hakyndaky söhbede başlady:

— Ol ýetmiş ýyl mundan ozal, 1932-nji ýylda doguldy. Häzir 2002-nji ýyl, otuz ýylky emeli ukudan, düýşsüz ukudan soň, onuň otuz bäş ýaşy bar. Bu ýaş ýigit berk bedenli, sagdyn, daş görnüşinden kemsiz dem-dynjyny alan şekilli ýaly. Ony ilkinji gezek oýaranlary bäri bir aý geçdi. Ol özgeren dünýä bilen tanşyp başlady. Onuň täze şertlerde daş-töweregini gurşap alan gaýgy-aladalary ýüregine ýakyn kabul edýändigi görnüp durdy. Ýigit mundan beýlägem öz paýhaslylygyny hem içki dünýäsiniň üýtgewsizligini saklap galsa gerek. 1967-nji ýylyň dekabryndan bäri kän üstünlik gazandyk. Ol şolaryň wajyplary barada eýýäm güman edip başlady. Biziň döwrümizde bolup geçýän özgerişler baradaky düşünjäni aňyňda doly jemlemek üçin, birnäçe hepde, elbetde, ýeterlik däl. Biz oňa terbiýeçilik, tehnik usullary boýunça elimizden gelen kömegi gaýgyrmadyk. Bir ýyl geçensoň, ol biziň günlerimiziň durmuş hakykatyna uýgunlaşar diýip umyt edýärin. Häzir Täze ýyl baýramçylygy, tejribämiziň şowly bolanyna begenip, iki bolup bilemok. Sebäbi bu batyrgaý, edermen ýigidi doňdurylan ýagdaýda saklamagyň hötdesinden geldik, saglygyna zeper ýetirmezden, ony oýarmagy başardyk…

Lukman bilen astronom gürrüňi dowam edip, birneme daşrakda oturan ýerinden şadyýan jemagaty synlaýan ýaş ýigide tarap ýöneldiler. Uly zal märekeden hyryn-dykyndy, ýaş ýigit adamlaryň ýüzlerinden, özlerini alyp baryşlaryndan ozalky ýyllarda Täze ýyl baýramyny bellänlerindäki bilen haýsydyr bir umumylyklary tapmaga synanyşýardy. Ol şol bir şadyýana umytlaryň, degişmeleriň, henekdir ýomaklaryň, gülküleriň häzirem dowam edýändigine göz ýetirdi. Ýöne onuň kalbynda indi adamlaryň has düzgün-nyzamly, sabyr-takatlydygy barada täsir galdy. Ýigit käbir döwürdeşleriniň adamlaryň gylyk-häsiýetleriniň dyngysyz ýaramazlaşýandygy barada göwnüçökgünlik bilen welilik satandyklaryny ýatlap, biygtyýar ýylgyrdy. Aýal-erkek arasyndaky gatnaşyklar indi has sypaýydy. Tans edýänleriň hereketlerinde-de gelşiksiz bir zada gözi düşmedi.

Ýigit bu giň zalda ýekesiremedi, ol häzir bolmasa-da, birneme soňrak hökman köpüň biri boljakdygyna düşündi. Öz astronom dosty bilen tanyşdyran professor onuň pikirini böldi. Olar bulgur çakyşdyryp, ýarygijäni garşyladylar. Birek-birege aýdylýan mähirli isleg-arzuwlaryň wagyrdysynda täze — 2003-nji ýyl bosagadan ätledi.

…Betbagtlyk duýdansyz geldi. 0 sagat 12 minutda astronom jan berdi. Ol tarpa-taýyn ýogaldy. Professor aşak düşdi-de, bir ýere jaň etdi, soňra howlukmaçlyk bilen köçä çykdy. Onuň yzysüre ýaş ýigidem daş çykdy. Ýigit her edip-hesip edip, ony köşeşdirjek boldy. Professor gynanjyny hiç bir alamat bilen ýüze çykarman dymýardy. Ol gijäň aýazynda dostunyň gapdalynda dymyp durdy.

Ses-üýnsüz gelen awtoulag gapynyň öňünde togtady. Ondan üç adam düşdi. Olaryň ikisi merhumy ýörite zemmerde ýatyryp, ulaga ýüklediler. Professor üçünji kişä astronomyň resminamalaryny gowşurdy.

Professor ýaş ýigide ýüzlendi:

— Bile gidýäris, görýän weli, siz bolup geçýän zatlara gaty bir düşünibem baraňzok öýdýän, onsoňam meni bu ahwala biparhdyr öýdäýmäň. Hut bäş-alty minudyň içinde dostum şeýle ýagdaýa düşdi duruberdi. Ýöne oňa gaýtadan jan bermegiň şowly geçjegine umydymyz bar. Üstesine, onuň ötüşen keselinem ýom-ýok ederis!

Ýaş ýigit tolgunyp:

— Adamlary diňe emeli ukudan oýarman, eýsem, olary ajalyň agzyndan alyp galyp bilýän bolsa, onda lukmançylyk ruhlandyryjy ylym-da! — diýdi.

Professor baş atdy.

— Siziň uzak wagtlap ukuda ýatan döwrüňizde kliniki ölümiň garşysyna göreşmekde köp zatlar üýtgedi. Onuň dürli-dürli ýüze çykmalaryny öwrenip, biz oňa garşy guramaçylykly göreş alyp barýarys. Elektrik enjamlaryň kömegi bilen bize kliniki ölümiň biologik ölüme geçişini öwrenmek başartdy. Diýmek, biz ölümiň düýp manysyny açdyk. Biz ajal adamyň ýakasyndan ebşitläp tutup, eýýäm hiç hili çäre görüp bolmajak ýagdaýynda-da nämeleriň bolup geçýändigini bilýäris. Eýsem, adam bedenine agyr zeper ýetip, çydamsyz ezýet-ejire sezewar bolanda, ony halas etmek ynsanperwerlik ýa maksadalaýyk bolup bilermi? Siz biziň işlerimiziň düýp manysy bilen gyzyklanýarsyňyz, şeýle dälmi? Biz öýjükleriň weýran bolmak döwrüni mümkingadar uzaltmak maksady bilen, sowatmak usulyndan haýsy ýaşda, nähili peýdalanmalydygyny bilýäris. Munuň özi bolsa aýgytly pursatdyr! Biz dürli kysmy adamlar üçin janlandyrmanyň haýsy usulyny ulanmalydygynam bilýäris.

Ýaş ýigit:

— Professor, siziň edýän işleriňiz gudrat mysaly-da.

Professor:

— Ýok-la, gaýtam tersine, bu ýerde hiç hili gudrat ýok. Biziň maksadymyz baky ýaşaýyş däl, bolubam bilmez. Biziň tagallalarymyzyň netijesinde ýakyn wagtlarda ýaşaýşyň dowamlylygy ýüz ýigrimi-ýüz kyrk ýyl bolar. Biz adamyň döredijilige bolan ukybyny uzak ýyllaryň dowamynda saklap bileris.

Ulaglar dürli röwüşli sowuk Täze ýyl gijesiniň ajaýyp keşbinden lezzet alýan şadyýan mähelläniň deňinden wazlaşyp geçip durdular.

Professor sözüni dowam etdi:

— Eger-de nirededir bir ýerde adam ölüm halynda bolup, ony janlandyrmak mümkinçiligem bar bolsa, biz Sowadyjy merkezden hünärmen çagyrýarys. Ulag radio arkaly çagyrylan ýere ýönelýär. Ol ýerde oňa garaşyp durlar. Paýtagtymyzda şeýle edaralaryň bäşisi bar. Çagyryşlar merkezi edara gowuşýar. Biz sowadyjy tiz kömek ulgamyny ilatyň sanyndan we onuň ýerleşişinden ugur alyp gurnadyk.

Gaýgy-hasratyň hem umydyň ulagy howlynyň töründäki jaýyň ýanynda togtady.

Professor howlynyň içinden ötüp, ýaş ýigidi ýagty otaga eltdi. Olar kürsülerde ses-sedasyz ornaşdylar.

Belki, olar şeýdip, iki sagat çemesi oturandyrlar. Ahyry otaga şepagat uýasy girdi-de, professoryň ýanyna bardy:

— Dostuňyz diri! Howp sowuldy, oňa däri-derman edýärler.

Professor adamlaryň bagty üçin çekýän zähmetine bolan şatlykdan hem-de buýsançdan gözlerine dolan ýaşy görkezmejek bolup, aňyrsyna öwrüldi. Şepagat uýasy howlukmaç çykyp gitdi.

Rusçasyndan terjime eden Myrat GOŞLYÝEW
image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle