Hoşlaşyk sowgady (He­ka­ýa)

Hoşlaşyk sowgady (He­ka­ýa)

Floýd DELL,
ame­ri­kan ýa­zy­jy­sy

Sent­ýabr aýy­nyň aja­ýyp gi­je­si­di. Tä­ze do­gan Aý jül­gä ýag­ty saç­ýar­dy. On bir ýaş­ly­ja Pi­ter bol­sa ne Aýa se­red­ýär­di, nede aş­ha­na­da­ky sal­kyn şe­ma­ly duý­ýar­dy. Onuň bar ün­si sto­luň üs­tün­dä­ki gy­zylga­ra ýor­ga­na gö­nü­gip­di. Ol ka­ka­sy­nyň ata­sy­na eden sow­ga­dy­dy… hoş­la­şyk sow­ga­dy. Ata­sy­nyň gi­dip bar­ýan­dy­gy­ny aýd­ýar­dy­lar. «Ug­rat­jak» di­ýen­le­rin­de, şo­ňa diý­ýän eken­lerow…

Pi­ter ka­ka­sy­nyň şu gü­ne de­ňiç ata­sy­ny bir ýer­le­re ug­ra­dyp bil­je­gi­ne ynan­man­dy. Ýö­ne, ine, öňün­de onuň «hoş­la­şyk sow­ga­dy» ýa­tyr. Ka­ka­sy ony şu gün ir­den­jik sa­tyn alyp ge­lip­di. In­dem bu ag­şam ola­ryň bi­le­je ge­çir­jek soň­ky gi­je­le­ri bol­ma­ly.

Olar ata­ly ag­tyk bo­lup, ag­şam­lyk na­ha­ryn­dan ga­lan gapgaç­la­ry ýu­wuş­dyr­dy­lar. Ka­ka­sy öý­de ýok­dy… Ol bi­le goş bi­rik­dir­me­gi ni­ýet edi­nen gy­zy­nyň ýa­ny­na çy­kyp gi­dip­di. Ol en­teken­tek ga­ra ber­me­se ge­rek. Gapça­nak­la­ry ýu­wup bo­lan­la­ryn­dan soň, goja bi­len og­lan­jyk daş çy­kyp, Aý şug­la­sy­nyň as­tyn­da otur­dy­lar.

— Ha­ny, tüý­dü­gi­mi ge­ti­re­ýin — di­ýip, ata­sy aýa­ga gal­dy. — Sa­ňa kö­ne saz­lar­dan birini ça­lyp be­re­ýin.

Ýö­ne ol tüý­dü­ge de­rek tä­ze ýa­pyn­ja­ny alyp çyk­dy. Ul­la­kan, iki gat, ga­ragy­zyl zo­lak­ly ýor­gan­ça.

Go­ja dy­zy­nyň üs­tün­de tol­kun atyp du­ran ýor­gan­ça­ny sy­pap dur­şu­na dil ýar­dy:

— Ýor­gan di­ýip şu­ňa di­ýäý­seň! Meň ýa­ly kö­pi ge­çip azy ga­lan gar­ry ýa­ny bi­len äki­de­ri ýa­ly şeý­le ýor­gan­ça­ny alyp ber­me­gi, ka­kaň dö­züm­siz­li­gin­den däl­mi, eý­sem?! Ba­ha­sam es­li­je bar­dyr mu­nuň. Ýü­ňü­ne da­gy se­redä! Ýe­tip gel­ýän gyş gi­je­le­ri­niň so­wu­gyn­da, mu­nym ýy­ly­sy bi­len tüýs he­zil be­rer. O bar­jak ýe­rim­de beý­le ýor­gan ýa bar­dyr, ýa ýok­dur.

Ata­sy bu söz­le­ri diý­sede diý­ýär­di we­lin, ýü­re­gi baş­ga­ça söz­le­ýän ýa­ly­dy. Ha­wa, şu wagt ol di­ňe özü­ni kö­şeş­dir­mä­ge ça­lyş­ýar­dy. Äh­li za­dy deň­je paý­laş­jak özi ýa­ly ýa­şu­lu­lar bi­len döw­le­tiň şol be­ýik bi­na­sy­na — gar­ry­lar öýü­ne öz is­le­gi bi­len bar­ýan ýa­ly gö­rün­mä­ge ça­lyş­ýar­dy. Hem­me aýd­ýan za­dy­ny şo­ňa sy­ryk­dyr­jak bo­lup jan ed­ýär­di. Ýö­ne Pi­ter we­lin şu gü­ne çen­li ka­ka­sy beý­le «aýyl­ganç ýag­şy­ly­gy» ata­sy­na ro­wa gö­rer öýt­me­ýär­di. Di­ňe öýe sa­tyn al­nyp ge­ti­ri­len ýa­pyn­ja ka­ka­sy­nyň çy­nyr­ga­dan­dy­gy­nyň, äh­li za­dyň ha­ky­kat­dy­gy­nyň de­li­li­di.

— Dog­ry aýd­ýaň, ata, muň ke­mi ýok! — diý­dide, Pi­ter onuň ýa­nyn­dan tu­rup, ja­ýa gi­rip git­di. Ol müz­zer­mä­ni ha­la­maz­dy. Üs­te­si­nede, ýet­gin­jek og­lan bo­lup, ag­lap dur­sa ejiz­le­di­gi bol­jak­dy. Ol jaý­da köp eg­len­män, ata­sy­nyň tüý­dü­gi­ni alyp çyk­dy. Goja ony al­jak bo­lup ýe­rin­den tu­ran­da, ýor­gan­ça sy­ry­lyp ýe­re düş­di.

Ça­ga­lyk­dan ata­sy­nyň «og­lum» di­ýen mä­hir­li sö­zü­ne wer­ziş bo­lan Pi­ter ol en­tek di­ri­kä, on­dan aý­ra düş­me­giň bo­sa­ga­syn­da dur­dy. Ýö­ne bu aý­ra­lyk ha­kyn­da ne ata­sy, nede ag­ty­gy dil ýar­dy. Ata­sy elin­dä­ki tüý­dü­ge bir­ki ýo­la üf­läp gö­re­nin­den soň:

— Diň­le og­lum, bu sa­zy sen ömür­lik ýat­da sak­lar­syň! — di­ýip, çal­ma­ga gi­riş­di.

Kü­müş­söw Aý bu mäh­ri­ban­la­ry ýo­kar­dan syn­la­ýar­dy. Jül­ge­den öwüs­ýän my­la­ýym şe­mal bol­sa sa­za öz he­ňi­ni goş­ýar­dy. Ata­sy­nyň çal­ýan saz­la­ry­nyň bu kö­ne­je eý­wan­da iň soň­ky ge­zek ýaň­la­ny­şy bo­la­ýar­my­ka?!

Ka­ka­sy­nyň bu ýer­den tä­ze ja­ýa göç­me meý­li­niň bar­dy­gy hem go­wy zat. Bol­ma­sa in­di­den beý­läk bu pu­ka­ra­ja eý­wan­da şeý­le aja­ýyp ag­şam­la­ry ata­syz ge­çir­mek Pi­te­re ju­da agyr de­ger­di. Saz gu­tar­dy. Pi­ter ata­sy bi­len bir­sa­lym dy­myp otur­dy. Gojanyň çalan in­di­ki sa­zy birneme şa­dy­ýan­rak ýaňlandy. Pi­ter otu­ran ýe­rin­den jül­gä na­zar aý­la­dy. Ka­ka­sy­nyň şol, ha­wa, şol ara­ky ba­şy­ny sy­paş­dy­ryp, og­şap, özü­niň «go­wy eje» bol­ja­gy­na, baş­gada bir­gi­den zatlary söz be­rip, ýok ýe­rin­den mä­hir­dir söý­gi­ni ýü­zü­ne ör­tük edin­mä­ge ça­lyş­ýan gy­za öý­len­je­gi çy­ny­dy.

Ata­sy agyr göw­re­si bi­len ýe­rin­den goz­ga­nan­da, kö­ne otur­gyç jy­gyl­dap ses et­di. Saz ke­sil­di. Ata­sy:

— Tans sa­zy bol­sada, gow­şag­rak gel­ýär — diý­dide, ýe­ne sö­zü­ni do­wam et­dir­di: — Ka­kaň öý­len­mek­çi bol­ýan gy­zy hem er­bet däl, go­wy gyz. Şeý­le nä­ze­nin bi­len ol ýe­ne ýaş­ly­gy­nyň il­kin­ji gün­le­ri­ne do­la­nan ýa­ly bo­lar. Men bol­sa gar­rap­dy­ryn. Bir «aýa­gym agyr­ýar», birde «ýü­re­gim» di­ýip, ola­ryň bar ma­za­sy­ny ala­ryn. Ga­raz, ýaş­la­ryň aýa­gy­na ço­la­şyp ýör­mek go­wy däl. So­ňam, og­lum, hä diý­män, öýü­ňiz­de bä­be­jik­le­rem peý­da bo­lar, bu ýaş­dan soň jä­gil­di ses­le­rem gu­la­ga ýak­jak däl. Ka­kaň bu çöz­gü­di­ni oň­la­ýan, go­wu­sy, gi­de­ýin men… Bi­zem ýe­ne bir­ki saz diň­le­sek diň­lä­lide, ýa­typ dyn­jy­my­zy ala­ly. Er­ti­rem ir bi­len ýor­ga­ny­my alyp, ýo­la dü­şe­rin, ne­sip bol­sa. Ha­ny on­da, şu sa­zam bir diň­le. Bu gy­nanç­ly­rak, ýö­ne şu­lar ýa­ly ag­şa­ma la­ýyk saz bi — di­ýip, tüý­dü­gi­ne eli­ni ýe­tir­di.

Olar sa­zyň tä­si­ri­ne ber­lip, ka­ka­sy­dyr gur­jak ýa­ly nä­ze­ni­niň jül­gä­niň için­den geç­ýän ýo­da bi­len gel­ýä­ni­nede üns bermändir. Eý­wa­nyň ga­bat gar­şy­sy­na ýe­ten­le­rin­de, gy­zyň ças­ly gül­kü­si çal­nyp du­ran ajap sa­zy şar­pa kes­di. Ka­ka­sy eý­wa­na ýa­kyn­la­şyp aýak çek­di. Gyz bol­sa öň­rä­ge süý­şüp, «ga­ýynata­sy» bi­len gür­leş­mä­ge dur­dy:

— Er­tir ir­den gid­ýän eke­ni­ňiz, sag­bol­la­şa­ýyn di­ýip gaý­daý­dym.

— Sy­la­gy­ňa min­net­dar, gy­zym — di­ýip, ýa­şu­ly göz­le­ri­ni bir no­ka­da dik­di.

Bir­de­nem özü­ne ge­len ýa­ly aýa­gy­nyň aşa­gy­na dü­şen ýor­gan­ça­ny gal­dy­ryp dur­şu­na, et­miş­li ça­ga ýa­ly müý­nür­gäp, sö­zü­ni do­wam et­dir­di:

— Se­redä, gy­zym, og­lu­myň alyp be­ren ga­lyň­ja ýor­ga­ny­na. Gi­dem­de ýa­nym bi­len äki­de­rim ýa­ly ýö­ri­te sa­tyn alyp ge­lip­dir.

Ol gyz ýor­gan­ça­nyň ýü­ňü­ni el­läp gör­dide:

— Ha­wa. Ga­ty go­wy, ýo­ka­ry hil­li­si eken bu. Ke­mi ýok. Şo­ňa gö­rä ba­ha­sy hem go­wu­ja­dyr muň! — di­ýip, gel­jek­ki adam­sy­na ga­rap, te­ýe­ne­li gür­le­di.

Pi­te­riň ka­ka­sy bir ar­dyn­jy­ra­dyda, üz­lemsap­lam jo­gap ber­di:

— Soň­ky ge­zek… iň go­wu­sy­ny alyp be­rä­ýe­ýin diý­dim.

Ol sö­zü­ni soň­lapsoň­la­man­ka ge­lin­li­gi ýor­gan­ça se­re­dip, ýe­ne gy­ja­lat ber­di:

— Üs­te­si­nede, iki gat­ly­sy eken!

— Ha­wa, iki gat… Özem şo ýe­re git­sem, tüýs biz ýa­ly gar­ry­la­ra ar­tyk­ma­jy bi­len bol­jak — di­ýip, ýa­şu­ly ge­lin­li­gi­niň sö­zü­ni gaý­ta­lap, ara dü­şen dart­gyn­ly­gy ýuw­mar­la­ma­ga ça­lyş­dy.

Şol pur­sat Pi­ter yl­gap, öýe gi­rip git­di. Onuň içer­de bir zat­lar göz­le­ýän­di­gi gör­nüp dur­dy. Da­şar­dan bol­sa eje­li­gi­niň ka­ka­sy­na ige­nip aýd­ýan söz­le­ri, ka­ka­sy­nyňam edil ýa­ryl­ma­sada, ga­ha­ry­nyň ge­lip baş­lan­dy­gy du­ýul­ýan jo­gap­la­ry eşi­dil­ýär­di. Yn­ha, bir­de­nem ol gyz tor­sa­ry­lyp, ge­len ýo­lu­na ba­kan yzy­na öw­rül­di.

Pi­ter öý­den çy­kan­da, ol gyz yzy­na ga­ra­dyda, ýe­ne öň­ki söz­le­ri­ni gaý­ta­lap gy­gyr­dy:

— Nä­me diý­se­ňem, iki gat ýor­gan hök­man däl­di şo gar­ra!

Soň­ra bol­sa jül­gä­niň için­dä­ki ýo­da bi­len göz­den ýit­di. Ka­ka­sy onuň yzyn­dan se­re­dip gal­dy.

Pi­ter ag­ras­lyk bi­len ka­ka­sy­na ga­ra­dyda, gaý­çy­ny uza­dyp:

— Ýaň­ky dog­ry aýd­ýa, ka­ka. Al, iki gat ga­lyň ýor­gan ata­ma nä­mä ge­rek?! Me, ke­sip goý­ber or­ta­ra­syn­dan — diý­di. Soň­ra ýe­ne özü­ne ge­liş­me­ýän gö­dek­lik bi­len sö­zü­ni do­wam et­dir­di. — Ha­wa, ka­ka, on­su­zam şo ýe­re äki­dil­jek bol­sa, bir gat ýor­gan bi­le­nem oňar. Beý­le­ki ýar­sy­nyň, soň ge­rek bol­ma­gy ah­mal…

— Nä­me diý­jek bol­ýaň, gö­nü­läp aýt — di­ýip, ka­ka­sy ýü­zü­ne di­kan­la­dy.

— Diý­jek bol­ýa­nym… Ka­ka, se­nem bir gün gar­rar­syň. Şon­da sa­ňada ýa­pyn­ma­ga ge­rek bor.

Ýa­kym­syz dy­myş­lyk ara gir­di. Ka­ka­sy ata­sy­nyň öňü­ne ba­ryp, gür­le­män dy­myp dur­dy. Ýö­ne go­ja og­lu­nyň pi­ki­ri­ni oka­ýan ýa­ly eli­ni onuň eg­ni­ne go­ýup, gü­nä­si­ni öt­ýän­di­gi­ni syz­dyr­dy. Pi­ter ola­ry syn­lap dur­şu­na, ata­sy­nyň py­şyr­dap: «Ge­çe­ni geç­di bil, dö­züm­siz­di­gi­ňi öňem bil­ýä­dim ahyr» di­ýen söz­le­ri­ni eşit­di. Dog­ru­sy, mu­ny dü­şün­di­rip otur­ma­gyň ge­re­gi ýok­dy, çün­ki ola­ryň üçü­si­niň hem gö­zün­den bi­yg­ty­ýar ýaş ak­ýar­dy.

Iň­lis di­lin­den ter­ji­me eden Na­bat GAR­RY­ÝE­WA,
Türk­men döw­let bi­na­gär­likgur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my
image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle