Hoşlaşyk gijesi (Hekaýa)

Rabindranat Tagor,
hindi ýazyjysy
1
― Daýza!
― Ýat, Jotin, gijäň bir wagty boldy.
― Bolubersin, şeýle-de mende kän wagt galmady. Men Monä git diýipdim… Ýöne onuň kakasynyň indi nirede ýaşaýanyny unudaýypdyryn…
― Sitapampurda.
― Hä-ä-ä, dogry, Sitapampurda. Monini iber şo ýere. Bes indi, näsag adama seredip ýörmesin. Gaty bir özüniňem saglygynyň ugry ýok.
― Aýdýanyň näme! Heýem bir ol seni şeýle ýagdaýda goýup gitmäge razy bormy?!
― Ýöne lukmanlar aýtmyşlaýyn ol…
― Bilenok, ýöne şeýle-de görnip dur-a. Ýadyňa düşýärmi, ho-ol gün, kakasynyň ýanyna gitmelidigini eşidende dagy gözýaşyny saklabam bilmed-ä.
Dogrusyny aýtsag-a, daýzasy birneme hakykatdan daşrak düşýärdi. Hakykatda Moni bilen onuň arasynda, ine, şeýleräk gürrüň boldy:
― Sen öýüňden gelen habary aldyňmy? Gözüme görünmeýän bols-a, men bärde agaň Onathy gören ýaly boldum.
― Howwa, ejem ony indiki hepdäniň anna güni körpe gyz jigimiň ilkinji tüwi iýşine bagyşlanan dessuryň geçiriljekdigini maňa aýtmak üçin ýollapdyr. Men diýseň oňa…
― Örän gowy, altyn monjukly düzümi iber, ejeň begener.
― Ýöne oňa özümiňem gidesim gelýär-dä. Men entek jigijigimi bir gezegem göremog-a!
― Bäh, indi sen, dogrudanam, Jotini ýeke goýup gidiberjekmi? Lukmanyň näme diýenini eşitdiňmi?
― Hiç bir gorkuly zat ýok diýdi…
―Şonda-da, sen şu wagt nädip Jotini taşlap biljek?
― Meniň üç erkek doganym, ýekejede gyz uýajygym bar. Diýseň gowja gyzjaz… Men dessur uly dabara bilen geçiriljek diýip eşitdim… Eger-de men barmasam ejem diýseň…
― Seň ejeňe men baha bermeli däl, ýöne Jotin şeýle ýagdaýdaka taşlap gidäýseň welin, kakaň gahar etjekdigin-ä aýdyň bilýän.
― Sen oňa alada edip oturmaga esas ýok diýip, hat ýazaý. Meniň giden wagtym hiç zat…
― Gitseň gidiber, ondan hiç kime zeper-ä ýetmez welin, ýöne kakaňa hat ýazjak bolsam, bar zady bolşy ýaly edip ýazaryn.
― Bolýa, bolýa… ýazma. Men Jotin bilen gürleşäýerin…
― Gulak sal, gelin, men kän çydadym, emma Jotine ýeke agyz aýtjak bolup bir gör. Kakaňy welin, saňa aldatmak başartmaz, ol seni gaty gowy tanaýar ― diýdi-de, daýzasy çykyp gitdi.
Gahary gelen Moni özüni düşegiň üstüne oklady.
― Sen nä torsaryp ýatyrsyň? ― diýip, Moniň goňşy jaýda ýaşaýan jorasy otaga gireninden sorady.
― Görsene bu bolýan zady! Meni, ýalňyz uýajygymyň ilkinji tüwi iýşine bagyşlanan dessura goýberenoklar.
― Ýa Ýaradan-eý, aýdyp oturan zadyň näme?! Seň adamyň ýarowsyz, agyr ýatyr ahyryn!
― Ýöne meniň oňa edip biljek hiç hili kömegim ýog-a. Öýde-de barysy agyzlaryna suw alan ýaly, dymşyp ýörler. Meniň bolsa ýüregim gysyp, ýarylaýjak bolýar. Men beýle ýaşap bilemok.
― Sen rehimli, ýukaýürek adam-a.
― Emma men siz ýaly, özüm barada erbet pikir edäýmesinler diýip, ýalandan gussa batan bolup bir burça gysylyp oturybilemok-da.
― Indi näme edäýsem diýýäň?
― Gitjek, meni hiç kim ýolumdan alyp galybilmez.
― Bu nä beýle gyzyberdiň-le? Bor onda, hoş gal, meň işim kän.
2
Daýzasy bilen bolan gürrüňe tolgunan Jotin biraz galdy-da, ýassygy tirsekläp:
― Daýza, äpişgäni aç-da, çyrany öçürsene! ― diýip haýyş etdi.
Asuda gije, ebedi jahankeşde deý, sessiz-üýnsiz hassanyň otagynyň gapysynyň agzynda saklandy. Niçembir ynsanyň bu pany dünýäni müdimilik terk edişiniň şaýady bolan ýyldyzlar, çiňerilişip Jotiniň ýüzüne seredýärdiler. Ine-de, bu öňi-ardy duýulmaýan, gutarnyksyz tümlükde Jotiniň gözüniň öňünde Moniň keşbi peýda boldy. Onuň ullakan gözlerinde iri-iri ýaş damjalary balkyldaýardy.
Jotin ýuwaşady. Daýzasam köşeşdi. Onuň göwnüne Jotin uklan ýaly boldy. Ýöne şol dem ýene-de onuň sesi eşdildi.
― Daýza! Siziň hemmäňiz Monini ýeňilkelleräk, bu öýe keseki adam hasap edýärdiňiz. Ýöne…
― Men ýalňyşypdyryn, Jotin. Adamy nä, dessine tanap bolýarmy näme…
― Daýza!
― Ýat, Jotin.
― Gaharlanmasana. Maňa biraz bir arzuw etmäge, gürlemäge ygtyýar ber.
― Ýeri bolýa-da, aýdyber.
― Adama öz-özüni tanamagy, bilmegi üçin näçe wagt gerek bolýarka? Bir gezek men, biziň hiç birimiziňem Moniň kalbyna düşünip bilmändigimiz barada pikir etdim-de, bu gelen netijäm bilen ylalaşdym. Siziň hemmäňiz şonda…
― Seň munyň adalatsyzlyk bolýar, Jotin. Menem ylalaşdym.
― Adamyň kalby bir gysym toprak däl, ony aňsat ele alyp bolmaýar. Men mydama-da Moniň entek-entekler özüni tanap, bilip bilmändigini bilýärdim. Haçan-da başyna bir betbagtçylyk ineninde ol…
― Sen mamla, Jotin.
― Ine, şonuň üçinem meni hiç wagt Moniň ýeňilkelleligi gynandyrmaýardy.
Daýzasy hiç zat diýmedi-de, aňyrdan gelip kükregini dolduran agyrdan sowuk demine basalyk berip saklady.
Niçembir gezekler Jotin gijelerini dälizde geçirip, hatda ýagyş ýaganda-da otagyna girmeýärdi. Niçembir gezekler krowatynda ýatan ýerinde lapykeç, umytsyz halda elleri bilen kellesini tutup, Moniň özüni ezizlemegini arzuw ederdi. Edil şol wagtam Moni joralary bilen kino görmäge gitmek üçin şaýlanýardy. Jotiniň ýanyna ýelpewaç ýelpemäge barşy, onuň bolsa gahar bilen ony yzyna ugradyşy daýzasynyň ýadyndady. Ol gaharda gör näçe ejir, gam-gussa bardy! Onuň bir gezek däl, niçembir sapar Jotine: «Ol gyza ýüregiňde gaty köp orun berme… Goý ol sorap, ýüz tutmagy öwrensin. Goý ol islegine ýetip bilmändigi üçin aglasyn, göz ýaş döksün…» diýesi gelipdi. Ýöne öňi-soňy Jotin düşünmejek bolsa, o barada gürrüň edeniňe degýämi diýsene. Hyýalynda ol jany-teni bilen gowy görýän zenanyna ybadathana gurdy. Ol ybadathananyň perisem Monidi. Ýöne ol bu ybadathanada doldurylyp berilýän söýgi pyýalasynyň onuň üçin boşdugy, umytdyr tama diwarlarynyň opurylyp ýykylandygy baradaky pikir bilen hiç ylalaşyp bilmeýärdi. Onsoň ol Ýaradanyň rehim etmegine bil baglap janygyplar doga okap, ybadat edýärdi, sadaka berýärdi.
― Sen men Moni bilen bagtly bolup bilmerin öýdip, pikir edýärsiň ― diýip, ol ýene-de sözüni dowam etdi ― şoň üçinem oňa gahar edýärsiň. Emma bagt ― ýyldyzlar ýalydyr. Ony tümlük ýuwudup, ýok edip bilmeýär. Men öz ömrümde kän ýalňyşlyklar etdim, emma bagt şöhlesi olaryň arasyndan geçip, özüne ýol tapmadymy? Nämedendigin-ä bilemok welin, ýöne şu gün-ä kükregimi şatlyk duýgusy dolduryp dur.
Daýzasy mähir bilen Jotiniň maňlaýyny sypap ugrady. Onuň gözleri ýaşdan doludy, emma garaňkylyk olary gizledi.
― Indi Moni nädip gününi görerkä, entek gaty ýaş-a ol!
― Bolanda näme? Bizem onuň ýaşyndakak Taňra bil baglap, özümizi maşgalamyza bagyş etdik. Şondan uly bagty men-ä bilemok.
― Moniň kalby ýaňy oýanyp ugrady, men bolsa…
― O barada pikir etme, Jotin. Eger kalby oýanyp ugran bolsa, olam eýýäm uly bagtdyr.
Birdenkä Jotiniň ýadyna birmahallar, bir sergezdan aýdymçydan eşiden aýdym düşdi:
Eý, sen meniň bimar köňlüm!
Oýan-ha ýaryň geleýdi.
Daş-töwerek tüm garaňky.
Diňe eşdilýär aýak ses ―
Meň bagtym sowa geçeýdi.
― Sagat näçe boldy?
― Dokuz bolup gelýär.
― Beh, bary-ýogymy? Men-ä eýýäm iki ýa üç dagy bolandyr öýtdim. Meň üçin gije iňrik garalyp ugranyndan başlaýar. Ýöne näme üçin sen meň uklarymy isleýäň?
― Sebäbi sen düýnem, şeýdip gijäň bir wagtyna çenli gürläp oturdyň.
― Moni ýatyrmy?
― Ýok. Ol entek saňa çorba bişirmeli.
― Diýmek bular Moniň işi-dä.
― Howwa, hemmesini şol taýynlady. Halys ýadady.
― Men bolsa Moni…
― Başyňa düşse öwrenmejek zadyň bolmaz.
― Şu günki balyk çorbasy diýseň göwnüme ýarady. Men-ä ony sen taýýarlansyň öýdüpdim.
― Aýdýanyň näme! Moni elimi sowuk suwa urdurmasa nä. Hatda seniň el süpürgiçleriň bilen salfetkalaryňam özi ýuwýar-a. Hapa, kirli zat bolsa seň gyr-jynyňdygyny bilýär-dä. Sen öz myhman otagyňa bir baryp gören bolsadyň. Bar zat ýalpylda-ap dur. Ol bärsinem tertipleşdirerdi welin, men rugsat beremok-da.
― Ýöne Moniň saglygy…
― Howwa, lukmanlar oňa ýygy-ýygydan näsagy soramaga barmagy maslahat berenoklar. Onuň ýüregi ýuka, diýseň duýgur bolansoň, seň çekýän jebirleriňi görüp, özüniňem ýanyny ýere bermegi ahmal.
― Onsoň ol seniň diýeniňi edýärmi?
― Bolman nä. Moni meni sylaýar, maňa hormat goýýar. Elbetde, men günde birnäçe gezek seniň saglyk ýagdaýyň barada oňa habar berip durmaly. Bu meniň ýerine ýetirmeli täze borjum.
Asmanda ýyldyzlar baky gamly gözlerdäki ýaş damjalary kimin ýylpyldaşýarlar. Jotin ýagty jahan bilen hoşlaşýardy. Ajal eýýäm tümlükden doýmaz-dolmaz penjesini oňa tarap uzadypdy. Jotin minnetdarlyk hem-de biraz çekinjeňlik bilen ol ellere özüniň dertden ýaňa ysgyny giden janyny gowşurdy. Jotin uludan demini alyp, ynjalyksyz gozganjyrady-da:
― Daýza, eger Moni ýatmadyk bolsa… ― diýip haýyş etdi.
― Häzir çagyraýaryn, gadyrdan.
― Men ony gaty gitse bäş minut eglärin. Oňa aýtmaly zadym bar…
Daýzasy uludan demini aldy-da, Moniň yzyndan gitdi. Jotiniň ýüregi howsalaly urup ugrady. Ol hiç wagtam Moni bilen gürleşip, söz alşyp bilmeýärdi. Eger bir perdeden düzülmese, iki sany saz guraly sazlaşykly çalyp bolmaz. Her gezek joralary bilen arkaýyn, erkin gürleşip duran Monini göreninde, Jotin görübilmezlikden ýaňa ejir baryny çekýärdi. Emma bu ýagdaýda-da Jotin özüni günäkärleýärdi ― näme üçin ol her hili bolgusyz, ähmiýetsiz zatlar barada gürrüň edip bilmeýär? Edil bilenok diýer ýalagam däl. Ol nä, dostlary bilen iň bir ujypsyzja zatlar barada gürrüň edenokmy? Emma erkekleri düýbünden başga zatlar gyzyklandyrýar-da. Adam düýpli, ähmiýetli zatlar barada söhbetdeşi diňlese-diňlemese uzak gürrüň edip bilýär. Emma ähmiýetsiz zatlaryň gürrüňi edilende, onuň «häsini» bermeli. Fleýtaň bir özi diýseň arassa çalnyp dursa-da, oňa başga perdeden düzülen ikinji fleýta goşuldygy, sazda ýoýulan sesler eşidilip ugrar. Käwagtlar, agşamlaryna Jotin bilen Moni eýwana çykardylar-da, bir-birege birki agyz söz gatybam, dymardylar. Şonda dagy agşamyň ümsümligem utanjyndan ýaňa taýyn ýaly bolup görnerdi. Jotin häzir Moniň nä derejede öz ýanyndan gaçyp gidesiniň gelýändigine, ýa-da kimem bolsa biriniň gelerini isleýändigine düşünýärdi. Üç bolup söhbetleşmek aňsat bolýar-da.
Häzir Jotin Moni bilen gürrüňi nämeden başlajakdygy barada pikir edýärdi. Emma gerek sözler hiç aňyna gelmeýärdi, gelýän sözlerem göwnüne diýseň aýlowly, çylşyrymly ýaly bolup görünýärdi. Jotin Moniň özi bilen bile boljak bu gysgajyk bäş minudyňam biderek geçerinden gorkýardy. Indi onuň ömründe şeýle pursatlar kän galdymyka?
3
― Gelin, sen nirä şaýlandyň?
― Sitarampura.
― Kim bilen gitmekçi bolýaň?
― Onathom bilen.
― Gidiber. Emma bu gün däl, haýyş edýän. Ertir gitseňem bolýar-a.
― Ýöne meniň eýýäm ýol petegimem bard-a.
― Başgasyny satyn alaýarsyň-da.
― Men siziň sähetli, bisähet günleriňize ynanamogam, piňime-de alamok. Şu gün gidenimde-de hiç zat bolasy ýok.
― Jotin seň bilen gürleşmek isleýär.
― Gowy-da. Entek meniň wagtym bar. Häzir bararynda, oňa gidýändigimi aýdaryn.
― Sen o barada diliňem ýarmarsyň.
― Bolýa, aýtmarynam. Ýöne ol meni uzak saklap, wagtymy alyp durmaz diýip umyt edýän. Dessur ertir bolýar.
― Ýalbaryplar haýyş edýän, ýekeje gezek bir maňa gulak salaý-da. Şu gün Jotiniň ýanynda uzagrak bol.
― Başarman, otly garaşyp durmaz. Ýene on minutdan Onath yzymdan gelýär. Ol gelýänçä men Jotiniň ýanynda bolup bilerin.
― Ýok, gerek däl. Şeýle gidiber. Eý bedibagt, seniň başyňa şunça hasratlary getiren adamyň bu gün, erte amanadyny tabşyrýar. Emma bilip goý, şu güni sen galan ömrüňe ýadyňdan çykarmarsyň. Haçanam bolsa bir wagt, sen bu jahanda Taňrynyň bardygyna düşünersiň.
― Gargynma maňa!
― Eý, Alla janym-eý, seň barlygyňdan ne peýda? Günäleriň hiç soňy görnenog-a. Mende bolsa onuň öňüne böwet bolmaga güýç-de galmady, gurbat-da.
Daýzasy biraz eglenibräk, belki uka gidäýendir-dä diýen kiçijik umyt bilen näsagyň ýatan otagyna girdi. Emma howsala düşüp ýatan Jotin, birneme düşeginden galdy.
― Näme bolanyny bilýäňmi? ― diýip, daýzasy sorady.
― Näme? Moni gelmedimi? Ne beýle eglendiň-le?
― Neme-le, Moniň seň üçin bişirip oturan süýdi çogaýypdyr-da. Oňa gynanan Moni şeýle bir aglap başlady welin, gözýaşy egsilmese nä. Menem her zat diýip synanyşsam-da köşeşdirip bilmedim. O görgüli öz geleňsizligi zerarly seniň süýtsiz galanyňa diýseň utanýa. Ep-esli wagt-a ony köşeşdirendirin. Köşeşdiribem düşegine geçirdim-de, ýatyryp gaýtdym. Goý, birneme uklasyn.
Moniň gelmeýänini eşidende Jotiniň ýüregi çalarak gyýlyp gitdi, ýöne şol bir wagtda ol muňa begenmänem durmady. Moniň peýda bolmagy özüniň ol baradaky arzuw-hyýallary dyr-pytrak bolar öýdüp gorkýardy. Şeýle ýagdaýlar öňem birnäçe gezek bolupdy. Şonda Jotiniň ýüregi hyýallarynyň töründe mesgen tutan näzik, mylaýym Monisine nebsi agyrmakdan ýaňa para-para bolýardy.
― Daýza!
― Näme, gadyrdanym?
― Men sanalgymyň dolandygyny bilýän, ýöne oň üçin gynanyp, hasrat çekip duramok. Senem gynanma.
― Bor, gadyrdanym, gynanman. Men diňe bir bu jahandaky ömrüňde däl, soňam bagta ýetip bolýandygyny bilýän ahyryn.
― Ynanaý, daýza, meniň üçin ölüm ýakymly, lezzetli bolup görünýar.
Garaňky asmana seredip ýatyşyna, birden Jotin öz Monisini ölüm lybasynda göz öňüne getirdi. Ol, hem baky Juwanlygyň nusgasy, hem Ýanýoldaş, hem Ene, hem Gözelligiň, Mähir-muhabbetiň hut özidi. Göýä Lakşmi hudaýynyň özi ak pata berýänliginiň nyşany hökmünde sahy gollary bilen onuň depesinden ýyldyzlary saçan ýalydy. Göwnüne gije öz garaňky lybasyny başyndan serpip taşlap, olaram edil toýlaryndaky deý, bir-birlerini birinji gezek görýän ýaly boldy. Ol garaňky tümlügi Moniň nazary baky söýgi nury bilen ýagtyldyp goýberdi. Onuň aýaly, onuň kiçijik Monisi bu gün äleme hökmüni ýöredýärdi. Ol ýaşaýyş bilen ölümiň duşuşýan ýerinde, ýyldyzdan tagta çykyp otyrdy.
Jotin ybadat edýän ýaly ellerini kükreginde gowşuryp: «Ahyry bizi bir-birekden aýra salyp, aramyzda germew bolan örtgi ýok bolup
gitd-ow. Sen maňa ejir baryny çekdirdiň. Ýöne bu gezek, ezizim, meniň umytlarymy puja çykaryp bilmersiň» diýip pikir etdi.
4
― Daýza, häzir meniň ýagdaýym agyr bolsa-da, edil hemişe bolşy ýaly däl. Göwnüme jebir-jepalar menden daşlaşýan ýaly. Mundan öň olar ýükden doly gaýyk kimin ömür gämime baglanandy. Ine, bu günem, ol baglanyşyk üzüldi-de, gaýyk meniň ähli horluklarymy deňiz bilen uzaklara alyp gitdi. Men ol gaýygy görüp durun, emma onuň bilen işim ýok. Göwnüm bir ýaly. Ine, eýýäm iki gündir, Monini görmeýänim.
― Jotin, ýene arkaňa ýassyk goýaýaýyn?
― Göwnüme bolmasa, Moni hem menden uzakda ýaly.
― Jotin, agzyň kepäp dur, al, naryň şiresinden iç!
― Düýn men wesýetnamamy ýazdym. Men ony saňa görkezmedimmi?
― Görkezmek nämä gerek?
― Men ýetim galdym. Sen meni ulaldyp, kemala getirdiň. Şonuň üçin men…
― Beý diýmäge neneň het edip bilýäň? Meniň şu öýden, hemem ondaky az-kem goşumdan başga hiç zadym ýokdy. Galan zatlaryň hemmesini sen, özüň gazandyň.
― Ýöne, bu öý…
― Indi olam meniňki däl. Sen onuň içinde-daşynda gör näçe gurluşyklary edip, şu durkuna getirdiň.
― Kalbynyň jümmüşinde Moni seni diýseň…
― Men nä, ony bilmän durunmy? Hany, ýat bakaly.
― Men bar zady Monä miras goýdum, ýöne ol hiç wagt minnet etmez ýaly, saňa degişli zatlar seniňkiligine galar, daýza.
― Onda näme üçin sen bu barada alada edýäň?
― Bu günki bar ýeten derejäm üçin men bir seniň öňüňde borçludyryn. Şonuň üçin wesýetnamamy okanyňda, pikir etme…
― Aýdýanyň näme, Jotin. Men nä şeýle erbetmi? Eger-de sen bar zady Monä goýup bagtly bolsaň, men onda iki esse bagtly bolaryn.
― Ýöne men saňa-da…
― Gulak sal, Jotin, birden gaharym gelmegi mümkin. Sen näme, pullaryň maňa seni ýadymdan çykarmaga kömek ederini isleýäňmi?
― Puldan başga hiç bir gymmatlygy…
― Eýýäm goýduň, Jotin, özem gaty kän goýduň. Sen meniň boşap galan öýümi doldurdyň. Bu bolsa meniň bütin ömrümiň iň uly bagtydyr. Ondan özge maňa başga zat gerek däl. Hatda bar zadymdan jyda düşäýsemem, sähelçejigem nalynman. Öýi, emlägi, atlary, ýeri ― hemmesinem Monä ber. Meň bir özüm o zatlaryň hötdesindenem gelip bilmen.
― Sen öz islegleriňe gezek gelende gaty kanagatly adam, ine, Moni welin ýaş, şonuň üçin…
― Beý diýme, Jotin, beý diýme! Sen oňa ähli baýlygyňy goýup bilersiň, emma ol oňa şatlyk…
― Näme üçin ol, oňa şatlyk getirmez?
― Getirmez. Men bilip durun. Ol gaýgy-hasratdan ýaňa gura-ap galar, ýagty jahan gözüne görünmez.
Jotin sesini çykarman ýatyrdy. Mümkin ol şu wagt amanadyny tabşyransoň bu ýagty jahanyň Moni üçin bar gyzygyny gaçyrjakdygynyň çyndygy ýa-da däldigi, onuň üçin bagt ýa hasrat boljakdygy barada pikir edýändir. Ýyldyzlar bolsa ýalpyldaşyp, göýä: «Olaryň hemmesi hakykat. Biz müňlerçe ýyllaryň dowamynda syn edip gelýäs, bu dünýäde ähli zat ― aňyrsy boş başagaýlyk, bar zat ― ýalan» diýýän ýalydylar.
Ahyry Jotin uludan demini aldy-da, dillendi:
― Biz özümizden soň hakyky gymmatlygy bolan zady goýup gitmeli däldiris.
― Sen nä, oňa pul bilen baýlykdan başga-da az zat goýýaňmy? Be-e, ýa indi ol olaryň gadyrnam bilmezmikä? Goý, Taňrym meniň doga-dileglerimi eşidip, ony akylyna aýlasyn.
― Maňa ýene-de naryň şiresinden bersene. Meň hiç ýadyma düşenok, düýn Moni geldimi ýa ýok?
― Geldi, ýöne sen uklap ýatyrdyň. Ol seniň başujuňda ýelpewaç bilen ýüzüňi ýelpäp, uzak oturdy. Soňam eşikleriňi ýuwdurmaga alyp gitdi.
― Haýran galaýmaly! Göwnüme bolmasa, edil şol pursat Moni düýşüme giren ýaly, hamala, ol meniň otagyma girjek bolýar-da, hiç gapyny açyp bilmeýärmişin. Meniň pikirimçe, daýza, siz ony nähak meniň ýanyma goýbermeýärsiňiz. Moni meniň duýdansyz ölümimi kabul edip bilmez. Şonuň üçin ol meniň, goý, amanadymy nähili tabşyrýanymy görsün.
― Gadyrdanym, ýaglyk bilen aýaklaryňy ýapsana, bolmasa olar sowap, buz ýaly bolupdyrlar.
― Halamok üstüm ýapylsa.
― Bilýäňmi, Jotin, bu ýaglygy Moni seniň üçin ördi. Her gün giç agşama çenli oturyp örüp, düýnjik dyndy.
Jotin ýaglygy aldy, biraz elinde gysyşdyryp myjady-da, içinden onuň edil Moniň kalby ýaly ýumşajyk, näzikdigini belledi. Ol uzak gijeleriň dowamynda işläp, Jotin barada pikir edip, bu ýaglygy örüpdir. Ol oňa özüniň bar söýgüsini siňdirendir, näzijek barmajyklary bilen ony elländir, sypandyr. Daýzasy üstüni ýaglyk bilen örteninde, göwnüne hut Moniň özi gijelerine çirim etmän, ony ýyladýan ýaly boldy.
― Neme-le, eşidýäňmi, Moni hiç zat örüp bilenok-da. Asla-da, ol örmegi halanokdy.
― Bir işe tüýs ýürekden ýapyşsaň, derrew öwrener gidersiň. Oňa nädip örmelidigini men görkezdim. Başd-a oňarmady, şo-ol halkalary sypdy durdy.
― Baý, daýza senem-aý, halka dagy näme diýsene. Parižiň sergilerine ibermek aladamyz ýog-a ol ýaglygy. Üstüme ýapynmaga bolsa, şulam bolýar.
Moniň ençeme gezek ýalňyşandygyny eşitmek Jotin üçin ýakymlydy. Biçäre, başarnyksyz Moni örüp bilmese-de, her gije sabyrlylyk bilen işleýär. Göz öňüne gelip giden görnüş onuň ýüregini awadyp, şol bir wagtda-da ony mähirden doldurdy. Ol ýene-de eli bilen ýaglygy myjady.
― Lukman nirede, aşakdamy?
― Howwa, Jotin. Ol bu gün bizde ýatyp gitmekçi.
― Ýöne maňa tabletkalaryny bir bermesin. Ony içsem gaýta erbet bolýan. Öňi-soňy ýatamok, goý serim dury bolsun. Bilýäňmi daýza, biz boýşakh aýynyň ýigriminji gijesi nikalaşypdyk. Ertirem laýyk şol gije. Ýene-de asmanda ýyldyzlar ýyldyraşar. Mümkin, Moni ony ýadyndanam çykarandyr, men oňa ony ýatladasym gelýär. Haýyş edýän, ony sähel pursatlyk bir çagyraý-da. Näme üçin dymdyň? Lukman maňa güýç-kuwwatyň galmandyr diýdi, şonuň üçin… Eger onuň bilen birazajygam bolsa gürleşsem, maňa uky derman gerek bolmaz. Soňky iki gije ýatyp bilmedim, sebäbi oňa içimi dökesim geldi. Aglamasana, daýza! Men häzirkim ýaly ruhy güýjiň bütin durkuma ýaýrap, kuwwatlandyryşy ýaly duýgyny ömrümde başymdan geçirmändim. Hut şonuň üçinem meniň Monini göresim gelýär. Belki şu gün maňa oňa bolan, ýüregimde joş urýan duýgymy mälim etmek başardar. Men oňa şeýle bir kän zat aýtmaly welin… Men öňden bäri şaýlanýardym, ýöne het edip bilemokdym. Indi bolsa ýekeje sekundam garaşasym gelenok, çagyr ony. Meniň juda az wagtym galdy. Hany, aglamaňy bes et, men seniň gözýaşyňy görsem bolanok. Beh, şu çaka çenli sen gaty rahatdyň-la, indi näme boldy?
― Wah, Jotin, men aglaý-aglaý gözde ýaş galmadymyka öýdýärdim, ýalňyşypdyryn. Mundan artyk çydamaga indi mende güýç-de ýok, gaýrat-da…
― Monini çagyr. Meň özüm oňa ertir agşam…
― Gitdim, Jotin, gitdim. Şambhu gapyň ýanynda durar, bir zat gerek bolsa çagyraý ony.
Daýzasy Moniň otagyna girip, özüni ýere goýberdi-de:
― Bar-da, baraý-da. ― diýip, nalynyp ugrady. ― Bar-da zabun nägehan. Özüňe bar zadyny beren adamyň iň soňky islegini ýerine ýetiräý. Soňkuja demini sanap ýatyr, ony wagtyndan öň bir öldürme-dä!
Jotin gapa golaýlan aýak seslerine tisginip gitdi.
― Moni, bu senmi?
― Ýok, men Şambhu. Siz meni çagyrdyňyzmy?
― Bar, hanymyňy çagyr.
― Kimi?
― Hanymy.
― Ol entek dolanyp gelenog-a.
― Nirä gitdi, ol?
― Sitarampura.
― Ol şu gün gitdimi?
― Ýok. Üç gün mundan öň.
Jotin bir pursatlyk bütin endamynda ysgynsyzyk duýdy, gözleri garaňkyrady. Ol ýassyga gyşardy-da, aýagynyň üstüne atylgy ýaglygy aýryp taşlady.
Ahyry daýzasam geldi. Jotin indi Moni barada dil ýaranokdy. Daýzasam ol indi ony ýadyndan çykarandyr öýtdi.
Birdenem ol:
― Ýadyňa düşýärmi, men saňa golaýda gören düýşümi gürrüň beripdim?
― Düýşüňe näme giripdi?
― Hamala, Moni meniň otagyma girjek bolýar-da, gapyny açyp bilenok. Bütin ömründe Moni meniň öýümiň gapysynyň aňyrsynda durdy. Men ony kän çagyrdym, emma ol gelmedi.
Daýzasy hiç zat diýmedi. Içinden: «Meniň Jotin üçin döreden ol hyýaly dünýäm indi ýok. Betbagtlykdan gaçyp gutulyp bolasy ýok-la. Ykbalyň urjak zarbalarynyň öňüni ýalan bilen alyp bolmaz eken» diýip pikir etdi.
― Seniň söýgiňi men bütin ömrüm gursagymda göterip geçirdim. O dünýäde-de ol maňa ýaran bolar. Indiki ömrümde sen meniň gyzym bolarsyň, menem ― ine, görersiň ― çagasyny gowy görýän, mydama onuň aladasyny edýän kaka bolaryn.
― Diýmek, men ýene-de gyz bolup dogulýan-da? Belki, men ogluň bolsam gowy bor?
― Ýok. Sen meniň öýüme çagalygyňdaky ýaly owadanja bolup girersiň. Men seni nädip bezäp-besläp geýindirjegime çenli göz öňüme getirýän.
― Hany, ýaňramaňy bes et, Jotin. Ýat!
― Adyňa-da Lakşmi-rani diýip dakaryn.
― Ol at könelişdi.
― Bilýän, ýöne meniň geçen bar durmuşym seň bilen baglaşan-a. Şol durmuşam sen meniň öýüme getirersiň.
― Men seniň öýüňe durmuşa çykarmak baradaky aladalarymy getirerin. Ony welin men gaty bir isläp baramok.
― Sen nä, meni gowşak görýäňmi? Aladalardan gorajak bolýaňmy?
― Men zenan, Jotin, ejiz zenan, şonuň üçin bütin ömrüm seni kynçylyklardan, aladalardan gorajak bolup dyrjaşdym. Ýöne o zatlar meniň elimdemi nä?
― Men bu durmuşda kän zat öwrendim, emma hiç zat edip ýetişmedim. Indiki ömrümde men adamyň nämä ukyplydygyny görkezerin. Indi men öz-özüňi synlap, guwanyp ýörmekligiň özüňi aldamakdan başga hiç zat däldigine düşündim.
― Näme üçin beý diýýäň, Jotin? Sen özüň üçin hiç zat almadyň-a. Baryňy başgalara berdiň.
― Howwa, men hiç wagtam güýç bilen bagta ýetjek bolmandym diýip, buýsanç bilen aýdyp bilerin. Bar zadyma kaýyl boldum, kesekiniňkä göz gyzdyrmadym. Ömürboýy bir zatlara garaşy-yp geldim. Ine, ahyram ýalana duçar boldum. Belki indi hakykatyň maňa rehmi iner. Kim ol, daýza, kim?
― Hany, nirede, Jotin? Men-ä hiç zat eşidemok.
― Daýza! Bar, ol otagy görsene, göwnüme bolmasa…
― Ýok gadyrdan, o ýerde hiç kim ýok.
― Ýöne men gaty aýdyň…
― Rahatlan, Jotin. Bu gelen lukman…
― Ol siziň ýanyňyzda juda kän gürleýär. Ine, indi birnäçe gijedir, kirpigini kirpigine gatanok. Siz bu gün dynç alyň, bärde bolsa ýanym bilen getiren ýoldaşym oturar.
― Ýok, ýok. Daýza, gitme.
― Bolýa, men, ine, şu ýerde, burçdajyk oturaryn.
― Meniň ýanymda otur. Men seniň eliňden tutjak. Bu eller bilen sen meni ulaltdyň, goý, indi Ýaradanam meni bu elleriň elinden alsyn.
― Bor-da, daýzaň galsyn, ýöne bir şert bilen, siz gürlemeli däl, jenap Jotin. Indi bolsa siziň derman içmeli wagtyňyz boldy.
― Wagt boldy? Ýalan bu. Eýýäm giç. Maňa häzir derman bermek bolsa, ýalan-ýaşryk bilen köşeşdiren ýaly bolýar. Men ölümden gorkamok. Häzir bärde ajalyň özi bejergi edýär, onsoň lukmanyň edibiljek işi ýok. Olara aýdaý, gidibersinler. Maňa ýeke sen gerek, başga hiç kim, hiç kim…
― Size tolgunmak bolmaýar, jenap Jotin.
― Onda meni tolgundyryp durmaň-da, gidiň… Daýza, lukman gitdimi? Ine, gowy bolaýdy. Bärde, düşegiň üstünde otur. Men kellämi seň dyzyň üstünde goýjak.
― Goýaý başyňy, meň gadyrdanym, meň mähribanym, ýataý indi biraz.
― Meni ýatmaga mejbur etme. Ýatsam, gaýdyp oýanmazlygym mümkin. Men bolsa ýatmaly däl. Sen aýak seslerini eşidýäňmi? Ine, olar kem-kem golaýlaşýarlar. Häzir gapy açylar.
5
― Seret Jotin, kim gelipdir. Görüňle muny.
― Kim geldi? Düýşmi?
― Ýok, düýş däl. Bärde Moni bilen onuň kakasy.
― Sen kim?
― Sen näme meni tanamadyňmy? Bu men, seniň Moniň.
― Moni? Oňa ahyry gapyny açmak başardypdyr-ow?
― Başartdy meň gadyrdanym, başartdy.
― Daýza, ýapma meň aýaklarymy ýaglyk bilen, ýapma! Bu ýaglyk ― hile, aldaw.
― Bu ýaglyk däl, Jotin. Bu seň aýalyň, aýaklaryňa tagzym edýär. Pata ber oňa… Beýle aglamak gerek däl, gelin, oňa seniň entek wagtyň bolar… Häzir gowusy sesiňi çykarma.
