|

Gyş rubagylary

Gyş rubagylary GYŞ RUBAGYLARY

Gyş rubagylary

Men bi setirlere başlapdym gyşda,
Nagyşlapdym, çekip owadan keşde.
Tamam bolup bilmän taşlanan şygyr,
Bu gyş myradyna ýetsedi käşge.

* * *

Tomus tam üstünde sererdik kişde,
Nogul-nabat bilen iýerdik gyşda.
Wah, halys garrapdyr erik bagymyz,
Çagalyk ýyllaram galypdyr daşda.

* * *

Buz deý sowuk depämdäki semalar,
Hazlap ösýär ýiti dişli şemallar,
Tüm alysda zaryn uwlaýar böri,
Ýakyn dostun aldyran deý hamala.

* * *

Asman görkden gaçdy, geçip durna gaz,
Indi ýerde-gökde edýär garga baz.
Gyş karam bir oýnuň gurbany ýaly,
Ak garly manzara, ýakymsyz owaz

* * *

AýaZZaýa edip nowçalan bagy,
Hanjar sanjan eken gunçalan çagy,
Umytly baglary aýaz urmasyn,
Hem öçmesin köňülleriň çyragy.

* * *

Gökden gaçdy bir-iki, soň üç-dört tozga,
Soňra sanap ýetişmedi-dä gözler.
Men ak gar içinde gara perişde,
Meni söýjek ýokdur özüňden özge.

Sylapberdi MUHAMOW.

10.12.24. Aşgabat, Köşi. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle