|

Güýz karnawalynyñ petekleri

Güýz karnawalynyñ petekleri GÜÝZ KARNAWALYNYÑ PETEKLERI

Güýz karnawalynyñ petekleri

Wagt bar entek
Gyşa çenli.
Ýöne onuñ hökman
geljegi belli.
Biraz tukat
Hoşgylaw güýz.
Kalbymy okap,
Derdimi duýup tiz,
Hoş etmäge
Güldürmäge çalyşýar.
Gyş gelmänkä
hem ýagmanka ýagyş-gar.
Başlaýar meñ üçin
Güýz bir karnawal.
Ol tylla al
reñkler bilen parlaýar.
Agaçlardan
Gaýyp gaýdýan
her bir ýaprak
Sary topbak
Göýäki bir tylla petek
Güýzüñ başlan şowhun-şüweleñine.

Sylapberdi MUHAMOW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle