Gutarylmadyk goşgy
Gutarylmadyk goşgy

Bu dünýede didaryňy görme ýok,
Sataşmak ýok ikimize hiç haçan.
«Oglum!» diýip, gujagyňy germe ýok,
Senden gök asmany gabandy ajal.
Ah, seni şeýle bir göresim gelýär,
Bir alaç gözleýän bagrymy tüýdüp.
Iň bolman düýşüme girsene, käbäm,
Öňki ynjyklygmy birmahal goýdum.
Delminip-delminip gitme yzyňa,
Ýaýdanyp ukymyň goýalmagyndan.
Maňa birje gezek dözümlilik et,
Çekinme tisginip oýanmagymdan.
Mämmetnazar BABANAZAROW. Goşgular