Günä hem sogap hakda
Günä hem sogap hakda
Eger şu dünýäde günä bar bolsa,
Göriplik etmeklik günädir günä.
Ile bermän akyk bilen bilimñi
Gitseñ,
Şoña günä diýýärin men-ä!
Eger şu dünýäde sogap bar bolsa,
Oña-da bar mende ýönekeý jogap:
Ýagşylyk etmeseñ, etme,
Jähennem,
Ýamanlyk etmeseñ,
Şol uly sogap!
Nury BAÝRAMOW. Goşgular