|

Gülkä gülmeseñ…

Gülkä gülmeseñ… GÜLKÄ GÜLMESEÑ…

Uruş ýyllary ýaşulular, gujurly zenanlar billerini berk guşap, Hywa kerwen gurap giderdiler. Haly-palaslary, keçedir içmekleri, gelin-gyzlaryñ şaý-seplerini haryt hökmünde tüwä, jöwene, mäşe, künji ýaga çalşyp, yzlaryna dolanyp gelerdiler. Güýz, gyş aýlary iki gezek gidip gelnerdi. Şeýdip oñşugy dolardylar. Kerwen ýoluna düşülende, odun ýygmaly, ot ýakmaly, çaý-nahar edinmeli. Şonda biriniñ eline tiken geçipdir. Ol goşa gelip:
— Ho… ow, sakaldaşlar, kimde temen bar? — diýip, soraýar.
Adamlaryñ biri telpeginiñ içinden sapakly temeni çykaryp berýär. Oña begenýär, berekellasyny ýetirýär. Tikeni temen bilen alýar. Temen eýesine bolsa tañryýalkasynyñ deregine:
— Haý, sakaldaş, sen-ä gyrnak goşluja ekeniñ-ow — diýýär.

* * *

O ýyllar peçde ýalazy odun ýakylardy. Gowgadan gaýdyp gelýänler-de bardy. Agşamara käbir öýlerde üýşüşip oturylardy. Esgerlikden gelen ýigit aýakuçda, peçiñ agzyna golaý oturýar. Ýaşulynyñ biri:
— Pylany, sallatçylykda orslañ dilini öwrenensiñ? — diýýär.
— Otur-tury, çörek dilemen-ä öwrendim.
— Peçe odun sal diýende, orslar näme diýýär?
— Olar-a onuñ ýaly ýumuş buýurmaýarlar-da, özleri turup peçe odun salyberýärler — diýip, esgerlikden gelen jogap berýär.

* * *

Mugallym okuwçylara şeýle diýýär:
— Ýuwaş oturyñ! Maña, siñek uçup gelse, ganatynyñ sesi eşidilsin!
Çagalar bir minut ýaly ümsüm oturýarlar. Birden okuwçylaryñ biri:
— Hany, onda siñek? — diýip gygyrýar.

* * *

— Şu ýerde näçe adam işleýär?
— Brigadir bilen on adam.
— Brigadirsiz näçe adam?
— Brigadirsiz hiç kim hem işlemeýär.

* * *

— Sen näme üçin işlemeýärsiñ? — diýip, daş örüji işdeş ýoldaşyndan soraýar.
— Öten agşamky oturlyşykdan soñ elim sandyraýar.
— Onda, bar, palçyga garar ýaly çäge eläber!

* * *

Bir adam ýaş gelinden:
— Gaýneneñ ölümini isleýärmiñ? — diýip sorapdyr.
— Ýog-eý, Hudaý saklawersin, daş edewersin!
— O näme üçin?
— Begenjimden özüm ölermikäm diýip gorkýaryn!

* * *

Bir adam azy ýaran geline:
— Buşluk, gaýnataña guzy dişi çykypdyr — diýipdir.
— Çyksa çykybersin, dişi dökmek çep elimden gelýändir — diýip, gelin jogap beripdir.

* * *

Biri haý-haýly gelne:
— Tüweleme, gaýneneñ goñşymyzyñ toýuna täze köýnek geýip gelipdir — diýipdir.
— Geýse geýibersin, ertir otly köýnek geýmeli bolar — diýip, gelin jogap beripdir.

* * *

Dost dostundan habar alypdyr:
— Dost, özüñ ýatyp, özüñ turýarmyñ?
— Ýok, aýalym ýatyryp turuzýar.

Toplan: Tatar ÜÝŞMEKOW. Degişmeler

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle