|

Goý, hemişe ýylgyryp gez

Goý, hemişe ýylgyryp gez GOÝ, HEMIŞE ÝYLGYRYP GEZ

Goý, hemişe ýylgyryp gez

Sen hemişe ýylgyryp gez!
Ýylgyryş ýagtylyk,
Äleme dolsun.
Ýylgyr!
Näme üçin ýylgyrýanyñy,
Bilip bilmän köpler azara galsyn.

Gam çek,
Tukat sessizlige berilip,
Ýalñyz oturan deý çopan goşunda.
Biweç hyýallardan saplap seriñi
Ýalançynyñ döwresine goşulma.

Sözleş bir sypaýy syrdaş bar bolsa,
Ýok bolsa,
Dymmakdyr peýda.
Çünki jan yandyryp derdiñ aýdanyñ.
Agzyboşlar dessan eýlär.

Şonuñ üçin hemişe
Ýalñyzlykda dymyp, ýylgyryp ýaşa.
Gözleriñ güldürip gülümsiräp gez,
Adamlar azara galsynlar aşa.

Sylapberdi MUHAMOW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle