Gorky
Gorky GORKY
Gorky
Şöhratdan daşda bolmaly.
Bu pikir kelleden çykanok.
Yazýan zatlarñam bilgeşleý
Internetde goýmaly däl.
Milliardlañ añyny alan
Internet münberin ret et.
Bu şert hoş ýakyar käte…
Kä-de bozýan ony. Ýa-da…
…Şöhratdan daşda durmaly.
Yazýanlarñy depder bilsin.
Kimdigiñi bildirmän öt.
Bolmasa şöhrat geler-de
Holtumyna gysar seni.
Kengurunyñ torbasy dek
Ýylyjak jaýy bar onuñ.
Seniñ üçin.
Holtumynda hem,
Goltugynda hem ýaşama.
Yaşamajak bol.
Bir tymsal bar. Aforizm.
Täsin söz. Umuman:
«Ýitirerin öýdüp gorkýan bolsañ,
onda ol señki däldir».
A men ýitirerin däl,
Sataşaryn diýip gorkýan.
Sataşan bolmaýyn diýip,
Elheder alyp
Öz-özumi derñäp ýorün.
Içigargalmyş! Şunça pikir,
şunça gorky. Bar belanyñ
körügi hem şöhrat.
Bu çyrşan çyrşaklarymam
Ýene internetde ýaýýan.
Şöhrat
Şeytan diýen ýaly,
Aýylganç duýulyar… beh
Şonuñ bilen ham-çam bolup,
Haka şirk edýân ýaly men.
Bu yazanlarymam okan,
Näçe bigünäñ başynda,
Dörär bulaşyk pikir.
Sylapberdi MUHAMOW. Goşgular