Goňurja (Hekaýa)

Goňurja (Hekaýa)

Çagalyk, oglanlyk döwürlerim, okuwdan boş wagtlarymyň köp bölegi kakamyň ýanynda — çopan goşunda geçipdi. Ýylyň islendik döwründe-de türkmen sährasynyň özüne ýetesi gyzygy bar. Meniň üçin-ä kakamyň ýanynda bolmagyň iň gyzykly ýeri alabaý itler bilen geçirýän pursatlarymdy. Ýüzüňe bakanda içiňdäki ahwalaty aňýan alabaýlaryň mähremligi meni özüne çekipdi…

Goşumyzda üç it bardy. Olaryň hersiniň özboluşly häsiýetiniň hem bardygyna men kem-kem öwrenişdim. Olaryň arasynda, esasanam, Goňurja bilen ysnyşypdym. Ýöne soňky günlerde Goňurjanyň özüni sus alyp barşy meni pikirlenmäge mejbur edýärdi. Bir günem muny kakama-da duýdurdym.

— Ol indi bäri-bärlerde-hä bize hezil bermez — diýip, kakam bu zatlardan habarlydygyny bildirdi. Men kakama soragly seretdim.

— Hä, oňa bir zat bolýamy? Ýaranokmy?

— Aý, şeý diýseňem boljak — diýip, kakam çala ýylgyrdy. Onuň bolşuna düşünmändigim sebäpli, ýüregime howsala aralaşdy. Iti şeýle ýagdaýdaka kakamyň özüni parahat alyp baryp bilşine haýran galdym. Meniň bolşumdan ýagdaýymy aňandyr-da, kakam ýene ýylgyrdy.

— Indi ol güjüklemeli. Şonuň üçinem şeýdip ýör. Bahym ol çagajyklary üçin öý taýynlap ugrar. Biz bilen bolmaz indi ol.

— Oň öýi bar-a. Başga gerek bolsa, özümiz guraýaly — diýip janykdym.

Kakam şondan soň çynlakaý keşbe girdi-de, meniň başymy sypalady.

— Oglum, ol indi bizden özüni gaça tutar. Wagty gelende ähli zadam bolmalysy ýaly bolar. Bize indi diňe kesesinden synlap ýörmek galýar…

Hereketlerinde üýtgeşiklik duýulsa-da, Goňurja henizem öňküleri ýaly, bize kömek edip ýördi. Ýöne onuň wagtal-wagtal ýitirim bolýany indi has äşgär bildirip ugrapdy.

— Ol özüne güjüklär ýaly buky ýer gözleýär. Onuň özüne duýdurman, çaly-çerkezleriň aşagyndan her bir gazan ýerini belleşdirip goý — diýip, kakam maňa sargady. — Ol şolaryň birinden-birinde güjüklär.

— Oňa onça ýeri taýynlamak nämä gerek onda? — diýip, men gyzyklandym.

— Bilip bolmaz, üstüne howp abanýanyny duýsa, ol dessine güjüklerini beýleki taýýarlan ýerine göçürýär-dä.

Ertesi Goňurja gara bermedi. Men bu ýagdaýy kakama gürrüň berdim.

— Güjükländir onda ol. Indi iki-üç gün gara bermez. Çagalarynyň gözi açylýança ýanyndan turmaz. Şu wagt onuň ýanyna barjak bolma, güjüklerini gabanar — diýip, kakam düşündirdi. — Indi biziň wezipämiz onuň güjükleriniň arasyndan iň ekabyrragyny, batyryny saýlamak bolup durýar. Şony saýlap bilsek, şir ýürekli, arslan sypatly ýene bir itimiz bolar.

— Ony güjük wagty nädip biljek, ählisi birmeňzeş-ä? — diýip, men durup bilmän dillendim.

— Oň öz syrlary bar. Birinjiden-ä, üstüne howp abansa, enesi, ilki bilen, şol batyrja güjügini howpsuz ýere äkider. Soňra beýleki çagalaryny daşar. Ikinjidenem, ony mydama köpräk emdirmäge çalşar. Güjükleriniň arasyna gelende-de, ilki şony ysgap-ýalaşdyrar. Ana, şonuň üçinem ol güjük turuwbaşdan ers-mers bolup saýlanar durar. Tä enesi süýtden aýyrýança, oňa degmeli däl. Soň ony beýleki güjükleriň arasyndan aýryp, aýratyn terbiýeläp başlamaly.

Kakamyň aýdanlaryndan soň, ilki Goňurjanyň güjüklän ýerini tapdym. Ol özüne çuň hin gazyp, törüni giňeldipdir. Güjükleriniň sesi çalaja eşidilýär. Bu wagt golaýlaşmagyň howpludygyny duýsam-da, beýleräkde oturyp, olara gözegçilik edip başladym.

Agşama golaý Goňurja hininden çykdy-da, daş-töweregini synlady. Biraz durup, maňa tarap gaýtdy. Gapdalyma gelip oturdy-da, iki öň aýaklaryny uzadyp, üstüne mähnet kellesini goýdy. Ol birneme horlanypdyr. Garny gapyşan, gözleri çöküşen, tüýleri-de bulaşyk ýalydy göwnüme. Men ony yzyma tirkäp çopan goşumyza gelenimde, kakam mallaryň ýanyna giden ekeni. Onuň “Goňurja gelse berersiň” diýip goýan ýalyny açlykdan surnugan alabaýyň öňünde goýdum. Ol ýalyny iýensoň, eglenmän, yzyna — güjükleriniň ýanyna gitdi.

Agşam çopan goşunda kakama bolan ýagdaýy gürrüň berdim. Ol ertirden gijä galman işe girişmegiň gerekdigini aýtdy. “Göbek yzasy aýrylmanka, güjügiň gulak-guýrugyny kesseň bilmän galýar” diýip, kakam düşündirdi.

Ertesi irden Goňurja ýene geldi. Kakam ony tutup daňdy-da, güjükleriniň ýanyna gitdi. Sesleri eşidilmez ýaly goşdan esli uzaga gidip, güjüjekleriň üçüsiniň hem gulak-guýrugyny kesdi. Men bu ýagdaýy ýakyndan synlamaga dözmän, goşa gaýtdym.

Goňurja ýüpden boşanjak bolup urunýardy. Meniň köşeşdirjek bolşuma dagy ünsem bermedi. Biraz wagtdan kakam geldi. Ol göýä, özüni aklaýan ýaly, Goňurja seredip gürledi.

— Häý, biz saňa ýamanlyk edemizog-a, Goňurjam. Şolaryň bähbidine edilýänin-ä özüňem bilýänsiň-le. Seniň jigerbentleriňe kast edip, biziň nä, ýüregimiz daşdanmy? Bar, olary öňküje ýerinde goýup gaýtdym.

Ýüpden boşan Goňurja ok ýaly bolup süýnüp gitdi. Sähel wagtdanam onuň çyňsaýan sesi eşidildi. Kakam maňa bu gün onuň golaýyna barmazlygy sargady.

— Ýaňy gözi açylan naşyja zatlara beýle jebir etmäge dözeňogam. Ýöne nätjek, şolaryň özleri üçin dözmeli bolýar. Ýogsam möjek bilen garpyşanda oňa kyn bolýar — diýip, kakam meniň ýüzümi sallap oturyşyma dözmän, öwran-öwran gaýtalady.

Ertesi Goňurja gelmedi. Kakam maňa uzakdan oňa gözegçilik etmegi tabşyrdy-da, özi mallary sürüp gitdi. Men özüme gowy buky ýer taýýarladym hem Goňurjanyň hinine gözegçilik edip başladym. Ol öýlän guşluk boluberende güjüjekleriniň birini dişläp, göterip hinden çykdy-da, daş-töweregine göz aýlady. Şol wagt men onuň agzynda saklap duran güjügini gowy synladym. Onuň garnynyň aşagy ak, tumşugy hem aýaklary goňur reňkdedi. Howpuň ýokdugyna göz ýetiren Goňurja goşumyza tarap selkildäp gitdi. Sähel wagtdanam gaýdyp geldi-de, ikinji güjügini alyp gitdi. Üçünji güjügini alyp ugranda, menem onuň yzyna düşdüm. Haýran galaýmaly, Goňurja maňa-da bildirmän, öňkülerdenem başga, täze hin gazypdyr. Gür çaly-çerkezli depäniň üstünden köwlüp ýasalan bu hini gaty synçy bolaýmasaň, tapjak gümanyň ýokdy.

Görenlerimi gürrüň berenimde, kakam Goňurjanyň indi bizi penalap, çagalaryny goşa ýakyn ýere göçürendigini düşündirdi. Diýmek, her näme-de bolsa ol biziň goldawymyza mätäçdigini duýupdyr. Indi assa-ýuwaş güjüklere ýakynlaşyberse-de boljakdy. Goňurja her gün belli bir wagtda goşa gelýärdi. Indi men ony özüme az-kem öwrenişdiripdim. Onuň kem-kem öýkesiniň ýazylyp barýany bildirýärdi.

Bir günem ol güjüklerini yzyna tirkäp geldi. Edil birinji gün het edip bilmesemem, ertesi saklanyp bilmän, onuň güjüjekleriniň birine elimi uzatdym. Gabat gelenem şol, tumşugy hem aýaklary goňur reňklisi boldy. Ol hyňranyp, maňa haýbat atan boldy. Bu ýagdaýy gören badyna Goňurja, etmedigini edip, maňa üýrüp başlady. Gelşine-de güjügi agzy bilen garbap aldy-da, menden daşlaşmak bilen boldy. Beýleki iki güjüjegem joňkuldaşyp eneleriniň yzyna düşdi.

Ýene-de agşamara kakam gelende, ýagdaýlar barada “hasabat berdim”. Kakam:

— Oňarmansyň, enesiniň göwni sowaşýança, güjügine eliňi uzatjak bolmagyn. Güjük ese-boýa galyp, süýtden aýrylansoň, “Indi öz günüňi özüň görüber” diýýän ýaly, enesiniň göwni güjükden sowaşýar. Ana, şondan soň güjüjekleri terbiýeläp başlamaly — diýdi.

Aradan wagt geçdi. Bir gün çopan goşumyza myhman geldi. Onuň gaýtjak bolanda aýdan sözleri ýüregimiň gürsüldisini artdyrdy:

— Güjüjekleriň birini maňa ber. Ony bu sähranyň hakyky eýesi edip ýetişdireýin.

Kakam ylalaşdy. Myhman gidensoň, ýüzümi sallap oturanymy görüp, başymy sypalady.

— Gynanma, oglum, bu zatlar tebigatyň kanunydyr. Garagum sährasynyň, durmuşyň jöwzasyna döz gelip taplanmasa, hakyky alabaý döreýän däldir.

Goňurjanyň aýaklary we tumşugy goňur reňkli güjüjegi, edil kakamyň aýdyşy ýaly, şir ýürekli, daýaw it bolup ýetişdi. Oňa Aždar diýip at goýduk. Aradan ýyllar geçse-de, ynsan gylykly, akylly Goňurjanyň ene mähremligi bilen güjüjeklerini yzyna düşürip ýörşi henizem gözümiň öňünden gidenok.

Hudaýberen ABRAÝEW.
image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle