Goja we deňiz 2 (Powest)

Ernest HEMINGUEÝ,
amerikan ýazyjysy
(Soňy. Başlangyjy žurnalyň geçen sanynda).
«Görnüşine görä, ol asuda ýaly, özem oýlanyşykly hereket edýär — diýip, goja pikirlendi. — Ýöne ol näme etmekçi bolýarka? Onsoňam birdenkä bir zat bolan ýagdaýynda, näme etmeli bolar? Men onuň etmekçi bolýan zadyny öňünden bilmeli, ýogsa bu läheň meni heläk eder. Eger ol suwuň ýüzüne çyksa, ony ele salmak maňa başardar, ýöne ol suwuň çuňlugynda galsa, şonda näme etmeli bolar?»
Ol gurşan elini balagyna süýkäp, doňan barmaklaryny ýazmaga synanyşdy, ýöne eli diýen etmedi.
«Belki, bu Gün şöhlesine gowulaşar ýa-da balygyň eti siňenden soň, öňki katdyna geler — diýip, ol oýlandy. — Eger elim gerek bolsa, her zat ederin welin, işlär ýaly ederin, ýöne häzir munuň üçin güýç sarp etmäýin, goý, öz-özi açylsyn. Näme diýseňem, gije ýüpleri biri-birine daňmaly bolanda, ol maňa azar ýamanyny berdi».
Garry uzaklara seredip, özüniň ýeke galandygyna düşündi. Ol garaňky çuňlukda Gün şöhlesiniň her dürli öwüsýändigini hem-de deňiz tekizliginiň täsin çaýkanýandygyny gördi. Ýeliň boljagyny habar berip, bulutlar bir ýere üýşüpdi. Ol uzaklara seredip, suwuň üstünde bir süri ýabany ördegiň uçup ýörendigini gördi, olar birdenkä ýaýrap, ýene-de bir ýere toplanýardylar. Şu ýerde ol adam deňizde bolsa-da, hiç wagt ýeke galmaýandygyna düşündi. Goja käbir adamlaryň kiçijik gaýykda deňizde ýeke galmakdan gorkýandygy, ol gorkynyň bolsa duýdansyz ýüze çykýan harasatlar sebäpli emele gelýändiginiň pikirini etdi. Häzir ýylyň iň gowy möwsümidi. Eger harasat golaýlaýan bolsa, deňizde munuň alamatlaryny birnäçe gün öňünden bilip bolýar, gury ýerde bolsa beýle däl, sebäbi nämä seretjegiňi bilip bolanok, onsoňam gury ýerde bulutlaryň şekili düýbünden baçgaça.
Ol asmana seredip, topbak-topbak ak bulutlary gördi, olar onuň gowy görýän buzgaýmagyna meňzeýärdi, olaryň üstünde bolsa ýukajyk süýnmek bulutlar bardy.
— Basym ýeňiljek şemal öwser — diýip, garry seslendi. — Ol saňa görä, maňa peýdaly, balyk.
Onuň çep eli entegem doňup durdy, ýöne eýýäm biraz gymyldaýardy.
«Göwräň diýeniňi etmese şondan erbet zat ýok eken — diýip, garry oýlandy. — Köpçülikde içiň geçse ýa-da ýüregiň bulansa, nähili masgaraçylyk, ýöne ýekekäň damaryň çekse, bu hasam myrryhyňy atlandyrýar. Eger ýanymda oglanjyk bolsady, elimi owkalap, damarlarymy gowşadardy. Aý, zyýany ýok, şeýle-de açylar».
Birdenkä onuň sag eli ýüpüň gowşaýandygyny duýdy, ýüpüň suwa girýän ýerem üýtgäp ugrady. Ol arkan gaýyşdy-da, çep elini bar güýji bilen buduna şarpyldatdy, ine, şu ýerde-de ýüpüň ýokaryk galyp ugrandygyny gördi.
— Ýokaryk galýar — diýip, goja seslendi. — Hany, eljagazym, haýyş edýän, janlansana!
Ýüp ýuwaşlyk bilen öňe uzap, ýokarlygyna galyp başlady hem-de ahyry balyk ummanyň ýüzüne çykdy. Ol şeýle bir uludy welin, üstünden dökülýän suwlar sil suwy ýaly akýardy, Günüň şöhlesi düşüp, gözleriňi gamaşdyrýardy; onuň kellesidir arkasy gara-benewşe, garnynyň ýaýbaň zolaklary bolsa açyk-benewşe reňkdedi; burnuna derek edil beýsbol taýagynyň uzynlygy ýaly örän ýiti gylyjy bardy. Ol tutuş göwresini suwdan çykardy-da, edil ýüzüjiler ýaly ýene ýuwaşlyk bilen suwa girip gitdi, onuň äpet, ýaýbaň guýrugy oragyň dişlerine meňzeýärdi.
— Ol meniň gaýygymdanam iki fut uzyn — diýip, goja seslendi.
Çeňňegiň ýüpi suwa gaty tiz, ýöne bir ugurly gidýärdi, balygyň gorkmandygy bellidi. Garry iki eli bilen ýüpi çekip saklamaga çalyşdy, sebäbi balygyň tizligini ýuwaşlyk bilen haýallatmasaň, ätiýaçdaky ýüp gutaryp, onuň sypyp gitjegini bilýärdi.
«Bu gaty uly balyk bolsa-da, onuň özümden güýçlidigini bildirmeli däl — diýip, goja oýlandy. — Goý, ol menden sypyp bilmejegini aňsyn. Men häzir onuň ýerine bolsam, bar güýjümi jemläp, gaňyrçak sypýança ýa-da ýüp üzülýänçä öňe okdurylardym. Ýöne, Hudaýa şükür, balyklar bize görä çalasyn hem asylly bolsa-da, adamlar ýaly akylly däl».
Garry şu döwre çenli müňlerçe funtdan geçýän gaty köp uly balyga duşup görüpdi hemem wagtynda olaryň ikisini tutupdy, ýöne muny hiç wagt ýekelikde etmändi. Häzir bolsa açyk deňizde ýeke özi ullakan balygy tutjak bolýar. Ol munuň ýaly läheňi öň hiç wagt görmändi, hatda eşitmändem. Ol bürgüdiň ýumulgy penjeleri ýaly bolup duran çep eline seredip:
«Basym gowulaşar — diýip oýlandy. — Elbetde, gowulaşar, ol sag elime kömek etmelidir ahyryn, şonuň üçinem hökman gowulaşar. Wah, munuň şu wagt ýüzügara edenine gaty utanýanam welin, etjek alajyň ýok-da».
Balyk badyny gowşadyp, ýene öňküleri ýaly ýuwaşlyk bilen ýüzüp ugrady.
«Ýogsa-da, ol näme üçin birdenkä suwuň ýüzüne çykdyka? — diýip, garry oýa batdy. — Belki, özüniň nähili ägirtdigini maňa görkezjek bolandyr? Indi muny bilýän. Haýp ýeri — oňa özümiň nähili adamdygymy tanadyp bilemok. Birden ol meniň elimiň damarynyň çekýändigini gören bolsa näme? Ýok, ol men ýaly däl, men barada gowy pikirdedir, şonuň üçinem işlerim ugruna bolar».
Ol özüni biynjalyk edýän agyra üns bermän ýuwaşlyk bilen oturdy-da, gaýygyň diwaryna ýaplandy, balyk bolsa gaýygy yzyna tirkäp, erjellik bilen öňe barýardy. Gündogardan şemal öwsüp, kiçiräk tolkun emele geldi. Günortana golaý garrynyň eli bütinleý gowulaşdy.
— Indi balygyň güni kynlaşsa gerek — diýip, ol ýüpi arkasyna süýşürdi.
Agyry öňküleri ýaly ýüregine düşýänem bolsa, indi onuň ýagdaýy gowulaşypdy, ýöne ol agyrynyň özüni biynjalyk edýändigini boýun almajak bolýardy.
— Men Hudaýa ynanamok, ýöne balygy tutmak üçin bilenje dogalarymy okaýyn hem-de ony ele salaýsam, zyýarata gitjekdigime özüme söz bereýin — diýip, garry doga okamaga durdy.
Wagtal-wagtal ol özüni şeýle bir ýadaw duýýardy welin, aýtjak sözlerini ýatdan çykarýardy, şo sebäpli sanaýan zatlaryny basymrak aýdyp gutarmak üçin çalt-çaltdan sarnap ugrady.
— Eý, Taňrynyň halan bendesi, Bibi Merýem, Hudaý sendenem, ogluňdanam razy bolsun! Maňa şojagaz balygy tutmaga kömek et. Ol örän owadanam bolsa, ony heläk etmek üçin Hudaýa nalyş et. Omyn.
Doga okap bolandan soň, agyrylary gowşamadygam bolsa, ol özüni gaty gowy duýdy, şonuň üçinem gaýygyň burnundaky tagta ýaplanyp, çep eliniň barmaklaryny ygtyýarsyz gymyldadyp başlady. Gün ýakyp-ýandyryp barýanam bolsa, şemal ýuwaşlyk bilen güýçlenýärdi.
— Görýän welin, kiçijik çeňňegi suwa oklamaly öýdýän — diýip, garry seslendi. — Eger balyk bu gijede suwuň ýüzüne çykmasa, men ýene-de naharlanmaly bolaryn. Çüýşedäki suwumam gaty azalypdyr. Ýöne bu ýerden makrelden başga balyk tutup bolar öýdemok. Ýöne ony täzejekä iýseň tagamy o diýen erbedem däl-le. Gije gaýygyň içine uçýan balyk gaçaýmaly ahyryn. Ýöne ony aldawa salar ýaly mende çyra-da ýok-da. Uçýan balygyň eti çigligine-de örän gowy, onuň garnynam arassalamaly däl. Mundan beýläk men güýjümi örän aýawly saklamaly. Eý, Hudaý, men onuň beýle ullakandygyny nireden bileýin?! Ýöne ol her nähili uly bolsa bolubersin, barybir, ony ele salaryn.
«Bu adalatsyzlygam bolsa, adamyň nämelere ukyplydygyny, nähili çydamlydygyny men oňa subut ederin — diýip, goja içinden aýtdy. — Eýsem, men özümiň ýöne-möne goja däldigimi oglanjyga aýdypdym ahyryn. Indi bolsa muny subut etmegiň wagty geldi».
Ol eýýäm muny müň gezek dagy subut edipdi. Edende näme? Indi muny täzeden subut etmeli, sebäbi her gezek hasap täzeden başlanýar. Ol bir zatlar etjek bolanda hiç wagt geçmişini ýada salmazdy.
«Ol uklasa bolmaýarmy näme, şonda menem uklap, düýşümde ýolbarslary görüp bilerdim — diýip, ol pikirlendi. — Näme üçin ýolbarslar mende galan iň gowy ýatlamalarka?»
— Pikirleriňi taşla — diýip, ol öz-özüne aýtdy. — Gaýygyň diwaryna ýaplan-da, hiç zadyň pikirini etmän, biraz dynjyňy al. Ol häzir zähmet çekýär, şonuň üçinem saňa dynç almaga maý bar.
Gün ýaşyp barýardy, gaýyk bolsa ýuwaşlyk bilen gyşarnyksyz gidip barýardy. Ýüpüň arkasyna berýän yzasyny ýuwaşlyk bilen duýup oturan garry gündogar şemalynyň döredýän uly bolmadyk tolkunlarynyň üstünde çaýkanyp barýardy. Gün arkasyny, çep egnini hem elini ýakyp ugrany üçin garry balygyň demirgazyk-gündogara öwrülenini duýdy.
Ol balygy görenden soň, onuň suwuň aşagynda nähili ýüzýändigini göz öňüne getirdi — ol döşündäki melewşe reňkli ýüzgüçlerini edil ganat ýaly gerip, kuwwatly guýrugy bilen tümlügi böwsüp barýandyr.
«Onuň ullakan gözleri bar — diýip, garry oýlandy. — Ýogsa-da, ol bu garaňky çuňlukda näçeräk zady görüp bilýärkä? Atyň gözleri onuňkydan ep-esli kiçem welin, garaňkyda gowy görýär. Birwagtlar menem gijelerine gowy görýärdim. Elbetde, göze dürtme garaňkyda-ha däl, ýöne gözlerim edil pişigiňki ýaly gowudy».
Gün we barmaklaryň dyngysyz hereketi garrynyň çep eliniň gowulanmagyna ýardam berdi, şonuň üçinem arkasyna düşüp duran agramy ýuwaşlyk bilen çep eline geçirip ugrady.
— Eger entegem ýadamadyk bolsaň, sen dogrudanam üýtgeşik balyk bolmaly — diýip, goja seslendi.
Häzir ol özünde ullakan ýadawlyk duýýardy hem-de basym gijäniň düşjegini bilýärdi, şonuň üçinem başga-başga zatlaryň pikirini etmäge synanyşýardy. Ol özüniň «Gran Ligas» hasaplaýan ady belli beýsbol ligalary barada, Nýu-Ýorkuň «Ýankileriniň» Detroýdyň «Gaplaňlary» bilen boljak şu günki oýny barada pikirlenýärdi.
«Eýýäm iki gündür oýnuň netijeleri barada hiç zat bilemok — diýip, ol oýlandy. — Ýöne men öz güýjüme ynanyp, beýik Di Majio mynasyp bolmaly. Ol hatda ökjesindäki süňk ösüntgisinden ejir çekse-de, gowy oýnaýar, ähli zady ajaýyp edýär. Ýogsa-da, süňk ösüntgisi (Un espuýelo de huýeso) näme? Biz balykçylarda bu kesel ýok. Dogrudanam, bu uruşgan horazyň depgisi ýaly gaty agyrylymyka? Hawa, adamam daş-töweregindäki jandarlardan üýtgeşik däl. Wah, häzir deňziň düýbünde ýüzüp barýan balyk bolup bilsedim».
— Ýöne birden oňa akulalar hüjüm edäýse näme? — diýip, ol seslenenini duýman galdy. — Eger akulalar hüjüm etse, eý, Hudaý, onam, menem özüň goraweri!
«Dogrudanam, beýik Di Majio balygy özüň ýaly erjellik bilen tutjak bolar öýdýäňmi? — diýip, ol öz-özünden sorady. — Hawa, onuň şeýle hereket etjekdigine, belki, mundanam gowy hereket etjekdigine ynanýaryn, sebäbi ol menden ýaş we güýçli. Üstesine, onuň kakasam balykçy bolupdyr… Ol süňk ösüntgisinden gaty ejir çekýärmikä?»
— Bilmedim — diýip, ol seslendi. — Men hiç mahal bu kesele duçar bolup görmändim.
Haçan-da, Gün ýaşanda, garry ruhlanmak üçin Kasablankadaky meýhanada sýenfuegosly äpet hünni bilen bolan bäsleşigi ýadyna saldy. Olar stoluň başyna geçip, biri-birileriniň gollaryny aşak ýatyrjak bolup tutuş bir gije-gündiz diýen ýaly oturypdylar. Daş-töwerekdäki adamlar alagykylyk bolup jedelleşýärdi. Ol bolsa nebit çyrasynyň öçügsi ýagtysyna hünniniň elinden, tirseginden hem-de ýüzünden gözüni aýyrman seredip otyrdy. Sekiz sagat tutluşykdan soň, eminler ýatyp dynç almak üçin dört sagatdan çalşyp ugradylar. Garşydaşlaryň ikisiniňem dyrnaklarynyň aşagyndan gan syzylýardy, olar bolsa biri-biriniň gözünden, elinden, tirseginden gözlerini aýyrman seredip otyrdylar. Jedelleşen adamlar otaga bir girip, bir çykýardylar hem-de diwarlara golaý goýlan uly stollarda oturyp, munuň soňunyň näme bilen gutarjagyna garaşýardylar. Tagta diwarlar açyk-gök reňk bilen reňklenendi, çyranyň ýagtysyna adamlaryň kölegeleri oňa düşýärdi. Hünniniň kölegesi örän äpetdi hem-de haçan-da, şemal çyrany yralanda, ol aýy kimin yraň atyp gidýärdi.
Uzakly gije olar bir-birini ýeňjek bolup çytraşdylar. Hünni arasynda şerbet içýärdi hem-de şondan soň güýç bilen garrynyň elini basyp ýatyrjak bolýardy — şol wagtlar ol garry däldi, oňa «Santýago Çempion» diýerdiler. Bir gezek hünni garrynyň elini üç dýuýma golaý basyp ýatyrdy, ýöne goja ýene elini göneltdi. Şondan soň ol hünnini ýeňjegine şübhelenmedi. Daň atdy, adamlar eminiň deňme-deň yglan etmegini aýdyp gygyryşdylar, ol bolsa nätjegini bilmän eginlerini gysýardy. Garry birden bar güýjüni tijäp, hünniniň elini aşak basyp ugrady hem-de ahyry stola degirdi. Çekişme ýekşenbe güni irden başlap, duşenbe güni irden tamamlandy. Jedelleşenleriň köpüsi deňme-deň yglan edilmegini talap etdiler, sebäbi porta işe gitmegiň wagty bolupdy; olar Gawaý kömür kompaniýasy üçin kömür ýa-da şeker ýükleýärdiler. Eger iş bolmadyk bolsa, hemmeler çekişmäniň ahyryna çenli garaşjakdylar. Ýöne garry ýeňdi, ýükçiler işe gitmezden ozal ýeňdi.
Şondan soň oňa köp wagtlap «Çempion» diýdiler. Ýaz gelende ol hünnä ýene bir mümkinçilik berdi, ýöne goýulan pul öňküleri ýaly köp däldi. Ol ikinji gezek ony aňsatlyk bilen ýeňdi, sebäbi sýenfuegosly hünni birinji çekişmeden soň ruhdan düşüpdi. Soňra garry ýene birnäçe çekişmä gatnaşyp, ahyrynda-da bu işi taşlady. Ol, eger islese, islendik adamy ýeňip biljekdigine hem-de beýle çekişmeleriň sag eline zyýan saljakdygyna düşündi (sag eli bolsa oňa balyk tutmak üçin gerekdi). Ol birnäçe gezek çep eli bilen çekişip gördi, ýöne çep eli hiç wagt oňa boýun bolman, elmydama oňaýsyz ýagdaýa salýardy, şonuň üçinem ol oňa ynananokdy.
«Gün ony mazaly gyzdyrar — diýip, goja oýlandy. — Şonuň üçinem ol içimi ýakmazlyk üçin gurşup durmaz. Ýöne agşam howa sowuk bolaýmasa ýagşy. Bu gije özüme nämeleriň garaşýandygyny bir Hudaý bilýär».
Onuň ýokarsyndan Maýama barýan uçar geçip gitdi hem-de onuň kölegesi uçýan balyklary gorkuzyp, olaryň bir sürüsi ýokaryk galdy.
— Eger bärde uçýan balyklar köp bolsa, diýmek, töwerekde makrelem bardyr — diýip, garry seslendi-de, arkasyny gaýygyň diwaryna berip, uly balygy biraz golaýlatmak üçin elindäki ýüpi çekdi. Ýöne basym munuň mümkin däldigine düşündi, sebäbi ýüp batly dartylyp, kiriş ýaly ses etdi, ondan syzylyp çykan suw damjalary çar tarapa zyňlyp gitdi. Gaýyk ýuwaşlyk bilen öňe barýardy, ýöne ol tä ýitirim bolýança, goja uçary gözi bilen ugratdy.
«Ähtimal, uçardan bu zatlaryň geň görünýän bolmagy ahmal — diýip, ol oýlandy. — Ýogsa-da, ýokardan deňiz nähili görünýärkä? Eger olar gaty ýokardan uçmadyk bolsady, onda meniň balygymy gowy synlap bilerdiler. Wah, şu mahal şonuň ýaly ýokary galyp, bu balygy synlap bolsady. Pyşdyl awlaýarkam bogaldagyň ýokarsyna çykyp, daş-töweregi oňatja synlap bilýärdim. O taýdan seredeniňde makrel örän ýaşyl görünýär hem-de onuň benewşe zolaklaryny, tegmillerini we sürüsini görmek bolýar. Näme üçin suwuň aşagynda çalt ýüzýän balyklaryň barynyň arkasy benewşe reňkindekä, olaryň zolaklaram, tegmillerem şonuň ýaly? Makrel ýaşyl görünse-de, hakykatda altynsöw öwüsýär. Ýöne, haçan-da, gaty ajygyp, awunyň yzyndan kowanda, onuň böwründe marliniňki ýaly benewşe reňk peýda bolýar. Dogrudanam, bu balygyň gahary sebäplimikä? Belki, bu adatdakylaryndan basym ýüzýänligi üçindir?»
Garaňky düşmeziniň öňüsyrasy, olar ulurak adanyň deňinden geçip gidenlerinde, kiçijik çeňňekleriň birine makrel düşdi. Sargas suwotylary suwdan ýokaryk galyp, ýuwaşja tolkunda şeýle bir yranýardy welin, hamala, umman sary ýapynjaly biri bilen gujaklaşýan ýalydy. Balyk suwdan ýokaryk galyp, gahar-gazap bilen ýüzgüçlerini şapyrdatdy welin, Günüň ýaşyp barýan şöhlesine edil altyn çaýylan ýaly ýaldyrap gitdi. Ol hakyky tansçy ýaly ýene birnäçe gezek suwuň ýokarsyna böküp, ýüzgüçlerini şapyrdatdy. Garry gaýygyň yz tarapyna bardy-da, sag eli bilen uly ýüpi saklap, çep eli bilen makreli suwdan çykardy. Gaýygyň içine düşen balyk nätjegini bilmän eýläk-beýläk urunýardy, garry egildi-de, altyn ýaly ýaldyrap duran balygy eline aldy. Balyk agzyny sandyradyp, guýrugyny şarpyldadyp, äňindäki gaňyrçagy dişleýärdi, garry onuň ýaldyrap duran kellesine suňşuryp goýberdi welin, balyk birsalym titränden soň, köşeşmek bilen boldy. Garry balygyň äňindäki gaňyrçagy aýyrdy-da, oňa ýene takgaz balyjagyny ildirip, suwa oklap goýberdi. Soňra ýuwaşlyk bilen gaýygyň öňüne geçdi-de, çep elini ýuwup, balagyna süpürdi, uly ýüpi sag egninden çepine geçirdi-de, sag elinem ýuwdy hem-de Günüň ummanyň içine girişini, uly ýüpüň ummana näçeräk ýapgytda girýändigini synlamaga durdy.
— Bar zat öňki-öňkülik — diýip, goja seslendi, ýöne elini suwa sokan badyna, gaýygyň hereketiniň mazaly haýallandygyny duýdy. — Gije gaýygy saklar ýaly, kürekleri bir-birine çatyp, gaýygyň yz tarapynda keseligine daňyp goýaýyn. Görýän welin, bujagaz balyk güýçden gaçjak däl öýdýän. Ýöne muňa özüm hötde gelerin.
«Ähli gany gitmez ýaly, makreliň iç-goşuny soň döksem gowy bolar — diýip, ol oýlandy. — Şondan soň bolsa gaýygy saklamak üçin kürekleri çataýyn. Häzir balygy biynjalyk etmesem gowy boljak, aýratynam, Gün ýaşan mahaly. Günüň ýaşmagy ähli balyga-da ýaramaz täsir edýär».
Ol elini ýele tutup guratdy-da, onuň bilen ýüpi tutup, balyk özüne zor salmaz ýaly, göwresini gaýygyň diwaryna ýaplady.
«Näme-de bolsa, bu işde bir zatlar öwrenipdirin — diýip, ol oýlandy. — Häzirlikçe-hä oňa hötde gelýän. Mundan başga-da, gaňyrçagy dişläni bäri onuň hiç zat iýmändigini ýatdan çykarmaýyn, balyk ullakan, oňa gaty köp iýmit gerek. Men tutuş bir tunesi iýdim, ertir bolsa makreli iýerin. — Goja makreli «dorodo» diýip atlandyrýardy. — Arassalaýarkam ondan bir bölejik iýeýin, makreli iýmek tunesi iýen ýaly aňsat däl. Aý, bu dünýede hiç bir zadam aňsat däl-le».
— Ýagdaýlaň gowumy, balyk? — diýip, ol batly dillendi. — Men-ä özümi ajaýyp duýýan. Çep elimiň agyrysy aýrylyp ugrady, tutuş agşamlyk, ertirlik edinmäge-de iýmitim bar. Ýeri bolýar-da, gaýygy süýräber bakaly.
Goja özüni o diýen gowy duýanokdy, sebäbi ýüpüň berýän agramy onuň bilini üzüp barýardy, bu bolsa ony biynjalyk edýärdi.
«Mundan beterräginem gördüm-le — diýip, ol öz-özüne göwünlik berdi. — Bir elim çalaja sypjyrdy, beýlekisi bolsa gowulaşyp ugrady, aýaklarym diýenimi edýär. Aý, onsoňam balyk ýaly ajygyp-surnugyp duramok».
Garaňky gatlyşdy; sentýabrda Gün batan badyna garaňky düşýär. Goja duzuň gemren tagtasyna ýaplanyp ýatyşyna, ýagşy dynjyny aljak bolýardy. Asmanda ilkinji ýyldyzlar göründi. Goja Rigel ýyldyzlar toplumynyň adyny bilenokdy, ýöne ony görenden basym beýlekileriniňem görünjekdigine düşündi, ine, şonda bu uzak aralykdaky dostlar ýene onuň ýanynda bolar.
— Balygam meniň bir dostum — diýip, goja seslendi. — Men hiç wagt bular ýaly balygy görmändim, hatda barlygynam eşitmändim. Şeýle-de bolsa, men ony tutmaly. Biziň ýyldyzlary tutmaýanlygymyzam bir gowy zat.
«Göz öňüne getir, adam her gün Aýy tutjak bolsa, Aý hem ondan gaçýan bolsa. Eger adam her gün Güni tutjak bolsa näme? Ýok, her näme diýseňem, olaryňkydan biziň günümiz gowy» diýip, goja oýlandy.
Soňra ol awlajak bolýan uly balygyna rehimi indi, ýöne onuň gaýgy-gamy balygy awlamak hyjuwyna birjigem zyýan bermedi. Bu balyk birnäçe adamy doýurjak, ýöne ony mynasyp adamlar iýermikä? Elbetde, ýok. Ony iýmäge bu dünýede ýekeje-de mynasyp adam ýok. Onuň özüni nähili asylly alyp barýandygyny göreňzokmy näme?!
«Men köp zada düşünemok — diýip, goja oýlandy. — Ýöne biziň Güni, Aýy, ýyldyzlary tutmaýanlygymyzam bir gowy zat. Adamlaryň iýmiti deňizden zorlap alýanlygy hem-de balyklary heläk edýänligem ýeterlik.
Indi men küreklerdir gaýygy saklamagyň pikirini edeýin, ýöne munuň hem gowy, hem ýaramaz tarapy bar. Birden balyk öňe okdurylsa, sypyp gitmegi mümkin, sebäbi kürekler gaýygy batly hereket etmekden saklar. Gaýygyň ýeňillik bilen hereket etmegi meniňem, balygyňam güzabyny artdyrýar, ýöne bu meniň halas bolmagymyň girewi, sebäbi balyk islese, mundan has çalt hem ýüzüp biler. Her näme bolsa-da, porsamanka balygyň iç-goşuny döküp, güýç toplamak üçin azajyk iýeýin.
Indi bir sagatjyk dynjymy alaýyn, onsoň balyk pikirini üýtgetmese, gaýygyň yz tarapyna baryp işimi bitireýin-de, kürekleriň aladasy bilen bolaýyn. Ondan soň balygyň nähili özüni alyp barýandygyny synlaýyn. Ýogsa-da, bu kürekli pikiri gowy oýlap tapdym, ýöne häzir ýalňyşmajak bolmaly. Balyk entek doly güýjünde, gaňyrçak bolsa äňiniň bir gyrasyna ilipdir. Ol ony berk dişläp barýar. Balyk gaňyrçagyň agyrysyny gaty duýýan däldir, häzir ony bar zatdan beter açlyk we gorky duýgusy heläk edýär. Nobatyň ýetýänçä dynjyňy al, garry, goý, balyk zähmet çeksin».
Ol iki sagada golaý dynç alan bolsa gerek. Aý indi giç dogýardy, şonuň üçinem ol wagtyň näçedigini aňlap bilmedi. Ol entegem ýagyrnysynda balygyň agramyny duýýardy, şonuň üçinem çep eli bilen gaýygyň burnundan tutup, balygyň agramyny gaýyga geçirjek bolup jan edýärdi.
«Ýüpi gaýyga baglap bolsa nähili aňsat boljak — diýip, goja oýlandy. — Ýöne balyk çalaja silkinen badyna ýüp üzüljek. Şo sebäpli bular ýaly pursatlara taýyn bolmaly».
— Ýöne sen entek ukyňy alaňok ahyry, garry — diýip, ol seslendi. — Ýarym gün we agşam, soňra ýene bir gün geçdi, sen bolsa entegem ýataňok. Ol entek rahat ýüzüp barýarka, azajygam bolsa ukyňy almagyň alajyny et. Eger ýatyp ukyňy almasaň, basym başyň garjaşyp ugrar.
«Häzir kelläm dury — diýip, goja oýlandy. — Şeýle bir dury welin, edil ýaldyrap duran ýyldyzlar ýaly. Ýöne, barybir, ýatyp ukymy almaly. Ýyldyzlaram, Aýam, Günem, hatda ummanam howa asuda wagty uklaýar.
— Ukyňy almagy ýatdan çykarma — diýip, garry öz-özüne ýatlatdy. — Özüňi ýatmaga mejbur et. Ýüpi goýbermegiň ýönekeý we dogry ýoluny oýlap tap. Indi bolsa gaýygyň yz tarapyna bar-da, makreliň iç-goşuny dök. Gaýygy kürek bilen saklamak pikiri bolsa, birden uklaýsaň — gaty howply zat.
«Men uklamanam günümi görerin — diýip, ol öz-özüne aýtdy. — Hawa, görerin, ýöne bu juda howply».
Ol balygy biynjalyk etmejek bolup, emedekläp gaýygyň yz tarapyna ugrady.
«Belki, onuňam ýatan bolmagy mümkin — diýip, goja pikirlendi. — Ýöne men onuň dynç alanyny islämok. Ol tä güýçden gaçyp heläk bolýança gaýygy süýremeli».
Gaýygyň yzyna baryp, ol balygyň bar agramyny çep egnine geçirdi, sag eli bilen bolsa pyçagyny gynyndan çykardy. Ýyldyzlar lowurdap şöhle saçansoň, makrel akjaryp görünýärdi. Ol balygy aýagy bilen saklap, garnyny dildi, iç-goşuny döküp, žabralaryny aýyrdy. Balygyň aşgazanynda bir zatlar bardy, ony dildi welin, iki sany uçýan balyk çykdy. Olar gatyja, täzejedi, şonuň üçinem ol ony mekreliň ýanynda goýdy-da, galan zatlaryny deňze zyňyp goýberdi. Parlak ýyldyzlaryň şöhlesi astynda makrel garamtyl-ak öwüsýärdi. Garry balygyň kellesini aýagy bilen saklap, bir gapdalynyň hamyny soýdy, soňra beýlesine öwrüp, beýleki gapdalynam aýyrdy-da, etinden gylçygyny sypyryp, deňze zyňyp goýberdi. Soňra beýlesine öwrüldi-de, pyçagy gynyna saldy hem-de balyk etlerini eline alyp, ýuwaşlyk bilen gäminiň burnuna tarap süýşüp ugrady. Ol ýere baryp, balyk etlerini tagtanyň üstünde goýdy. Soňra gäminiň tagtasyna ýaplanyp, uly balygyň agramyny çep egnine geçirdi-de, aşak eglip, uçýan balyklary deňziň suwuna ýuwmaga durdy we şol bir wagtda bolsa, suwuň eliniň aýasyndan nähili çaltlyk bilen akyp gidýändigini synlady. Makreliň hamyny ellänligi sebäpli, onuň eli ýaldyraýardy. Elini gäminiň tagtasyna süpürenden soň, ol gäminiň hereketiniň haýallandygyny duýdy.
— Balyk ýa-ha ýadapdyr, ýa-da dynjyny alýar — diýip, goja seslendi. — Basymrak garnymy doýrup, birazajyk uklaýyn.
Ol bir bölek etiň ýaryny, uçýan balygyňam birini iýdi hem-de gijäniň gitdigiçe sowaýandygyny duýdy.
— Gaýnadyp iýseň, makrelden süýji zat ýok — diýip, goja seslendi. — Ýöne çigligine welin, gaty erbet. Gaýdyp duzdyr limonsyz deňze çykmaryn.
«Egnimde kelläm bolan bolsa, deňziň suwundan alyp gaýyga guýardym, agşamara, suw guranda bolsa meniň duzum bolardy — diýip, goja oýlandy. — Ýöne men makreli Gün ýaşmazyndan ozal tutdum. Şeýle-de bolsa, men köp zady gözden sypdyrypdyryn. Balykdan ep-eslije iýsemem, ýüregimi bulamady».
Şemal kesildi, asmanyň gündogar ýüzüni bulutlar gurşap aldy we tanyş ýyldyzlar bir-birden öçüp ugrady. Gojanyň göwnüne bolmasa, bulutly jülgä girýän ýalydy.
— Ýene üç ýa dört günden harasat başlar — diýip, goja seslendi. — Balyk özüni asuda alyp barýarka, ýat-da, biraz dynjyňy al.
Ol ýüpi sag eline aldy-da, uýlugynyň üstünde goýup, tutuş göwresini gäminiň diwaryna berdi. Soňra ýüpi arkasyndan geçirip, çep eli bilenem tutdy.
«Ýüpi sag elim bilen saklaýyn. Birden ol açylaýan ýagdaýynda, ýüpüň sypyp barýandygyny bilip, çep elim meni turzar. Elbetde, sag elime aňsad-a düşmez, ýöne ol horluga çydamaga werdiş edendir. Eger men bolmanda ýigrimi minut ýa-da ýarym sagat ýatyp bilsem, tüýs jüpüne düşjek».
Ol ýüpi sag eli bilen saklap, gäminiň diwaryna gysyldy-da, gözüniň ukusyny almak üçin ýumdy. Ol düýşünde ýolbarslara derek bir süri deňiz mekejinini gördi, olar on mil aralyga uzap gidýärdi hem-de suwdan ýokary galyp, ýene-de çaltlyk bilen çykan ýerlerine girip gidýärdiler.
Soňra ol obasynda, öz külbesindäki krowatda ýatandyryn öýtdi. Demirgazyk şemaly öwüsýärdi, ol üşeýärdi, sag eli bolsa gurşupdy, sebäbi ony ýassyk deregine kellesiniň aşagynda goýupdy. Diňe şundan soň ol uzyn, sary ýalpak suwy gördi, alagaraňkylykdan birinji ýolbars çykdy, onuň yzyndan beýlekileri gelýärdi; birinji ýolbars labyryny suwa oklan gäminiň erňegine äňini diräp durdy, gury ýerden gelýän agşam şemaly ony sypalaýardy; goja juda begenip, täze ýolbarslaryň çykaryna garaşdy. Aý birwagt ýaşypdy, ýöne ol ukudan oýanman ýatyrdy, balyk bolsa gaýygy yzyna tirkäp, bulutly jülgä girip barýardy.
Ol batly silkinmä oýandy; sag ýumrugy ýüzüne degdi; ýüp aýasyny gyzdyryp, okgunlylyk bilen suwuň içine girip ugrady. Ol çep elini duýmady, şonuň üçinem ýüpi sag eli bilen saklajak boldy, ýöne ýüp öňküsi ýaly suwuň içine girip barýardy. Ahyry çep eli-de ýüpi duýup ugrady, ol ýüpi arkasyndan aýlady welin, ýüp syrylyp, indi arkasyny hem çep elini gyzdyryp ugrady. Ol ätiýaçdaky ýüpüň ýumagyna göz aýlady hem-de olaryň çaltlyk bilen çöşlenýändigini gördi. Şu pursat umman tekizligini bozup, balyk suwuň ýüzüne çykdy-da, ýene-de pagşyldap suwa girdi. Soňra ol ýene birnäçe gezek öňe bökdi, gaýyk bolsa onuň zarbyna barha we barha öňe gidýärdi; ýüp öňküleri ýaly syrylyp suwuň içine girýärdi, garry bolsa ony bar güýji bilen çekip saklajak bolýardy, diňe kämahal ýüpüň üzüläýmeginden howatyr edip, biraz gowşadýardy-da, ýene çekýärdi. Garry balygyň zarbyna gyýygyň burnuna gysylypdy, ýüzi makreliň etine degip, hiç hili gymyldap bilenokdy.
«Ine, şuňa-da garaşýardym — diýip, goja oýlandy. — Indi saklanjak bol… Men munuň üçin onuň temmisini bererin».
Ol balygyň nähili bökýändigini görenokdy, diňe onuň şapyrdap ýokaryk galşyny we bat bilen pagşyldap ummana gaçyşyny eşidýärdi. Syrylyp duran ýüp onuň elini kesipdi, ýöne ol munuň şeýle boljagyny bilýärdi hem-de has beter bolmazlygy üçin eliniň gabarçakly ýerini ulanjak bolýardy.
«Wah ýanymda oglanjyk bolan bolsa, ýüpe suw seperdi — diýip, goja oýlandy. — Wah, ol ýanymda bolsa bolmaýarmy!»
Ýüp şo-ol çöşlenip, deňziň içine girýärdi, ýöne indi kynlyk bilen girýärdi, sebäbi goja onuň her dýuýmyny göreşsiz berenokdy. Oňa kellesini galdyryp, ýüzüni makreliň etinden aýyrmak başartdy, ol ony çekgesi bilen basyp ýepbeşdiripdi. Ilki bilen ol dyzyna, soňra bolsa ýuwaşlyk bilen aýak üstüne galdy. Ol entegem ýüpi goýberýärdi, ýöne muny etmesini gitdigiçe azaldýardy. Garry garaňkynyň içinde ýumagyň duran ýerini tapyp, aýagy bilen onuň näçeräk galandygyny barlady hem-de entek ep-eslije bardygyny bildi. Balyga onça ýüpe hötde gelmek aňsat düşmese gerek.
«Ähä, balyk eýýäm ondan gowrak ýokaryk böküp, haltajygyny howadan dolduran bolsa gerek — diýip, goja oýlandy. — Indi ol deňziň düýbüne gidip bilmez-de, aýlanyp ugrar, ine, şonda oňa öz güýjümi görkezerin. Ýogsa-da, oňa bökmäge näme mejbur etdikä? Ol açlyk sebäpli umytsyzlyk ýagdaýyna düşdimikä ýa garaňkyda bir zatlar gorkuzdymyka? Belki, ol duýdansyz gorky duýgusyny başdan geçirendir? Ýöne bu ýuwaş hem güýçli balyk ahyryn. Men ony dogumly we özüne ynamly hasaplaýardym. Geň zat!»
— Gowusy, özüň gorkyny unut-da, güýjüňe daýanjak bol — diýip, goja seslendi. — Ony saklaýanam bolsaň, ýüpüň birje dýuýmynam çekip bileňok ahyryn. Basym ol daşymdan aýlanyp ugrar.
Garry indi ýüpi çep eliniň egninden aýlap saklap durdy; ol egildi-de, makreliň ýüzünde galdyran hapalaryny aýyrmak üçin sag eli bilen suwdan susup aldy. Ol ýüreginiň bulanyp, göwresiniň ysgyndan gaçmagyndan gorkýardy. Ýüzüni ýuwup bolandan soň, sag elini ýene suwa sokdy-da, agaryp duran asmana seretdi.
«Häzir balyk, takmynan, gündogara ýüzüp barýan bolmaly — diýip, goja oýlandy. — Bu bolsa onuň ýadandygyny hem-de akym bilen barýandygyny aňladýar. Basym ol aýlanyp ugrar, ine, şonda hakykatdanam güýç görkezmeli bolaryn».
Elini birsalym suwda saklandan soň çykardy-da, oňa seretdi.
— Gorkuly zat ýok — diýip, goja seslendi. — Erkek kişi üçin bu hiç zat.
Garry çep elinem deňziň suwunda saklamak üçin ýuwaşlyk bilen ýüpi sag eline geçirdi. Ol ýüpi elindäki täze ýaralaryna degirmejek bolýardy.
— Sen gaty sansyzam bolsaň, özüňi gowy alyp bardyň — diýip, ol çep eline aýtdy. — Ýöne meni oňaýsyz ýagdaýa salan pursadyňam bolupdy.
«Näme üçin iki elim deň ýaradylmadyka? — diýip, ol oýlandy. — Belki, muňa özüm günäkärdirin? Wagtynda oňa nähili işlemelidigini öwreden däldirin? Ýöne işlemäni onuň özi öwrenäýmeli ahyryn. Dogrymy aýtsam, ol geçen gije meni gaty kösemedi, ýekeje gezek damarym çekdi. Ýöne bu ýene gaýtalanaýsa, goý, ony ýüp sogrup taşlasyn».
Şu pikirlerden soň, garry kellesiniň garjaşyp ugrandygyny duýdy hem-de bir bölek makrel iýmegiň pikirini etdi.
«Bolmaz — diýip, ol öz-özüne aýtdy. — Ýüregim bulanyp ysgyndan gaçandan, kellämiň garjaşany gowy. Onsoňam ony äňim bilen basyp mynjyradanymdan soň, işdäm alar öýdemok. Gowusy, zerur ýagdaýda ulanar ýaly, ätiýaçlykda goýaýyn. Barybir, häzir ýürekse edinerden giç… Haý, samsyk garry — diýip, goja birden öz-özüne sögdi. — Seniň ýene bir uçýan balygyň bar ahyryn».
Iç-goşy dökülen arassaja balyk tagtanyň üstünde ýatyrdy. Garry ony çep eline aldy-da, iýmäge durdy; yhlas bilen çeýnäp, gylçyklaryna çenli ýuwutdy.
«Bu islendik balykdan ýokumly — diýip, goja oýlandy. — Bolmanda, onda maňa gerek zatlaryň ählijesi bar… Men elimden gelen zatlaryň baryny etdim öýdýän. Basym balyk aýlanyp ugrar welin, onsoň onuň bilen güýç synanyşmaly bolar».
Garry deňze çykaly bäri Gün eýýäm üçünji gezek dogýardy, ine, şu ýerde-de balyk aýlanyp ugrady.
Ol ýüpüň suwuň içine gidişinden balygyň aýlaw edişini kesgitläp bilenokdy, munuň üçin entek irdi. Ol ýöne ýüpüň biraz gowşandygyny bildi, şonuň üçinem ýuwaşlyk bilen ýüpi sag eline geçirdi. Ýüp ýene öňküleri ýaly berk dartyldy, ýöne üzüläýjek-üzüläýjek bolanda birdenkä gowşady duruberdi. Garry egildi-de, egninden ýüpi aýyrdy, onsoň gyssanman bir ugurly çekip ugrady.
Ol ellerini gezekleşdirip işledýärdi, onuň tejribeli aýaklarydyr eginleri bolsa, elleriniň hereketine itergi berýärdi.
— Ol gaty uly aýlaw edýär — diýip, goja seslendi. — Her näme diýseňem, ol aýlaw edýär.
Birdenkä ýüpüň hereketi togtady, ýöne garry ony öňküleri ýaly çekýärdi. Soňra ýüp başga tarapa gidip ugrady, goja dyzyna çökdi-de, ýüpi göwünsizlik bilen yzyna goýberip ugrady.
— Balyk indi iň uzyn aýlawyny edýär — diýip, ol seslendi.
«Ony berkräk saklajak bolmaly. Ýüpi dartyp saklasam, her gezek onuň aýlawyny kemelderin, onsoň, belki, ony bir sagatdan görüp bilerin. Ilki bilen oňa güýjümi görkezeýin, ondan soň ele salaryn».
Emma aradan iki sagat geçse-de, balyk entegem ýuwaşlyk bilen gaýygyň daşyndan aýlanýardy. Garry derläp garasuw boldy, çakdanaşa ýadady. Dogrusy, balygyň aýlawynyň gysgalandygyny hem-de ýüpden çen tutup suwuň ýokarsyna galýandygyny bilip bolýardy.
Eýýäm bir sagat bäri gojanyň gözleriniň öňünde gara nokatjyk bökjekleýärdi, der inip, gözlerini, maňlaýyndakydyr gözüniň aşagyndaky ýaralaryny awuşadýardy. Gara nokatjyk ony gorkuzanokdy. Ýüpi nähili güýç bilen çekýändigini göz öňüne tutanyňda, munda hiç hili geň-taňlyk ýokdy. Ýöne ol özünde iki gezek dagy ysgynsyzlyk duýdy, bu-da ony howsala saldy.
«Men säwlik goýberip, bir balyk sebäpli heläk bolaýarmykam? — diýip, ol öz-özünden sorady. — Esasanam, häzir işler oňuna barýarka. Eý, Hudaý, maňa bu zatlara hötde gelmäge gaýrat ber. Men seniň şanyňa ýüzlerçe gezek doga okaýyn. Ýöne häzir däl, soň».
Şu ýerde ol ýüpüň urlup, berk silkinendigini duýdy.
«Ol öz gylyjy bilen ýüpi urýar — diýip, goja oýlandy. — Elbetde, onuň başga alajy barmy näme. Ýöne bu ony ýokaryk bökmäge mejbur etse näme? Men onuň suwuň aşagynda aýlaw edenini isleýän. Dem almak üçin oňa bökmek gerek bolar, ýöne ol her bökende gaňyrçagyň salan ýarasyny giňeldip, ýüpden sypmagy mümkin».
— Bökme — diýip, ol balykdan haýyş etdi. — Haýyş edýän, bökmesene!
Balyk ýene-de ýüpi urup ugrady, ol her gezek uranda, garry başyny ýaýkap, ýüpi biraz gowşadýardy.
«Ony artykmaç biynjalyk etmeli däl — diýip, goja oýlandy. — Ýogsa onuň däliremegi mümkin».
Birsalymdan balyk ýüpi urmasyny bes edip, ýene-de ýuwaşlyk bilen aýlanyp ugrady. Garry ýüpi bir ugurly çekip alýardy. Ýöne ol ýene-de özünde ýadawlyk duýdy. Ol çep eli bilen deňziň suwundan susup aldy-da, kellesinden guýdy. Soňra ýene birnäçe gezek guýup, ýeňsesini owkalady.
— Indi elim çekip duranok — diýip, goja seslendi. — Basym balyk suwuň ýüzüne çykar, oňa çenli bolsa çydajak bolaýyn. Eý, lagşan süňk, sen bu zatlara hötde gelmelisiň. Ýan bermek hakynda-ha asla pikirem edäýme.
Ol ýüpi arkasyna oklady-da, çöküne düşdi.
«Balyk aýlanýarka birsalym dynjymy alaýyn, golaýlaşan wagty bolsa, ýene ýüpi çekeýin».
Ol balygyň köpräk aýlananyny, özüniň bolsa dynç alanyny isleýärdi, ýöne ýüpüň gowşanyny, balygyň bolsa gaýyga tarap gelýänini bilen garry aýak üstüne galyp, ýüpi çekip ugrady. Ol ýüpi köpräk çekmek üçin göwresini eýläk-beýläk edip, ellerini nobatma-nobat hereketlendirýärdi.
«Men ömrümde munuň ýaly ýadamandym — diýip, goja oýlandy. — Üstesine, şemalam güýçlenýär. Ýogsa-da, öýe gaýdanymda bu şemal maňa örän gerek bolar».
— Ol täzeden aýlanyp ugranda dynjymy alaýyn — diýip, goja seslendi. — Üstesine-de, men häzir özümi has oňat duýýan. Ýene iki-üç aýlawdan balygy ele salaryn.
Onuň sypal şlýapasy ýeňsesine süýşüp gidipdi hem-de balyk beýlesine öwrülip ýene ýüpi çekip ugranda, halys ysgyndan gaçyp, gaýygyň burnuna ýykyldy.
«Indi işlemek gezegi seniňki, balyk — diýip, goja oýlandy. — Haçan-da yzyňa öwrüleňde, seni ýene çekip ugraryn».
Şemal güýjäp, deňiz tolkun atyp ugrady. Balyk üçünji aýlawda ýokaryk galyp ugrady. Onuň suwuň aşagyndaky ullakan gara suduryny görüp, garry gözlerine ynanmady.
— Eý, Hudaý, onuň munuň ýaly uly bolmagy mümkin däl — diýip, goja seslendi.
Ýöne balyk dogrudanam gaty ullakandy hem-de üçünji aýlawdan soň, gaýygyň otuz ýard töwereginde suwuň ýüzüne çykdy. Ol gara-gök suwuň ýüzünde agymtyl-benewşe reňkde ýaldyraýardy. Balyk ýene suwa çümdi, garry onuň äpet göwresini, böwründäki melewşe zolaklaryny synlady — onuň arkasyndaky ýüzgüji aşak goýberilipdir, döşündäki ullakan ýüzgüçleri bolsa iki gapdala açylypdyr.
Balyk aýlaw edýärkä garry balygyň gözüni hem-de onuň ýanynda ýüzüp ýören iki sany çal balygy synlady. Wagtal-wagtal olar uly balyga golaýlaşyp, birdenkä bolsa ýitirim bolýardylar. Häzir olar uly balygyň kölegesinde hezil edip ýüzýärdi. Olaryň her biriniň uzynlygy üç futdan geçýärdi hem-de çalt ýüzüp ugranlarynda, ýylanbalyk ýaly towlanýardylar. Garrynyň ýüzünden der akyp ugrady, ýöne bu Gün howry sebäpli däldi — balyk her gezek aýlaw edende, goja ony ýuwaşlyk bilen özüne çekýärdi hem-de ýene iki aýlawdan soň, ony garpun bilen tutjagyna ynanýardy.
«Onuň kellesinden däl-de, ýüreginden urar ýaly, özüme has golaý getirmeli — diýip, goja oýlandy. — Şonuň üçinem rahatlan-da, güýjüňi toplajak bol».
Indiki aýlawda balyk suwuň ýüzünde göründi, ýöne entegem gaýykdan gaty uzakdady. Ol ýene bir aýlaw etdi, öňküleri ýaly uzakda bolsa-da, indi suwuň ýüzüne çykypdy. Garry ýene biraz ýüpi çekip, balygy gaýygyň ýanyna getirip biljekdigine ynandy.
Ol garpunyny birwagt taýynlap goýupdy; onuň ýüpi tegelek sebediň içindedi, bir ujy bolsa gaýygyň burnuna baglydy. Balyk ullakan guýrugyny çalaja gymyldadyp, asudalyk bilen gaýyga golaýlaşýardy. Garry ony gaýyga has golaý getirmek üçin güýjünde baryny edip çekdi. Balyk bir pursat gapdallygyna ýatdy, soňra bolsa ýene aýlanyp ugrady.
— Ony ýerinde gozgadym — diýip, goja seslendi. — Her näme bolsa-da, ony beýlesine agdarylmaga mejbur etdim.
Garrynyň ýene başy aýlanyp ugrady, şeýle-de bolsa, ol ýüpi bar güýji bilen çekýärdi.
«Her näme bolsa-da, ony beýlesine agdarmagy başardym — diýip, ol oýlandy. — Belki, bu gezek ony arkasyna öwürmegi başararyn. Çekiň! — diýip, ol öz ellerine buýruk berdi. — Aýaklarym, meni saklaň. Kelläm, sen bolsa maňa gulluk et. Sen hiç wagt meni oňaýsyz ýagdaýa salmandyň. Bu gezek men ony arkasyna öwürerin».
Balyk gaýyga golaýlaşmazdan kän öň, ol bar güýjüni jemläp ýüpi çekip ugrady. Ýöne balyk çalaja gapdallygyna ýatdy-da, soňra gönelip, onuň ýanyndan uzaklaşdy.
— Gulak as, balyk — diýip, goja seslendi. — Sen, barybir, heläk bolmaly bolarsyň. Şonuň üçinem meni heläklejek bolma.
Onuň agzy şeýle bir gurapdy welin, mundan aňryk gürlemäge, aňyrda duran suwly çüýşäni almaga takady bolmady.
«Şeýlelikde, elimden hiç zat gelenok — diýip, goja oýlandy. — Ýöne ýene bir gezek çekip, ony gaýygyň ýanyna getirjek bolaýyn, sebäbi güýçden gaçyp barýaryn».
«Ýok, ýok, güýçden gaçmaryn» diýip, soňra ol öz-özüne garşy çykdy.
Indiki aýlawda garry balygy tas ele salypdy, ýöne ol göneldi-de, ýene-de ýuwaşlyk bilen ýüzüp gitdi.
«Balyk, sen meni heläklejek — diýip, goja oýlandy. — Elbetde, seniň muňa hakyň bar. Men ömrüme seniň ýaly ullakan, ajaýyp, asuda, paýhasly jandara duşmandym. Isleseň meni heläkle. Indi kimiň-kimi heläklejeginiň maňa parhy ýok».
«Goja, ýene başyň garjaşyp ugrady öýdýän. Entek saňa kelläň gerek. Adam ýa-da balyk ýaly, pikirleriňi tertip-düzgüne sal-da, jebri-jepalary çekip-çydajak bol…».
— Hany, kelläm, işle — diýip seslense-de, goja öz sesini zordan eşitdi. — Saňa diýýän, işle!
Balyk ýene iki aýlaw etdi, emma bar zat öňki-öňkülikdi.
«Näme etmeli? — diýip, garry oýa batdy. Her gezek balyk ýanyndan uzaklaşanda, göwnüne bolmasa, ol özüni ýitirýän ýalydy. — Näme etmeli? Hany, ýene bir gezek synanyşyp göreýin».
Ol ýene bir gezek synanyşdy hem-de huşuny ýitirip barýandygyny duýdy, şeýle-de bolsa, ol balygy arkasyna öwürmegi başardy. Soňra balyk beýlesine öwrüldi-de, äpet guýrugyny bulaýlap, ýuwaşlyk bilen gojanyň ýanyndan daşlaşdy.
«Ýene bir gezek synanyp göreýin» diýip, garry öz-özüne aýtsa-da, elleri halys güýçden gaçyp, gözleriniň öňi dumanlapdy.
Ol ýene bir gezek synanyp gördi, ýöne balyk ýene-de gitdi.
«Bu nähili beýle bolýar? — diýip, garry oýlandy hem-de göwnüne dünýe doňan ýaly bolup göründi. — Hany, ýene bir gezek synanyp göreýin».
Ol bar agyrysyny, bar güýjüni hem-de bir wagtky ýitiren buýsanjyny bir ýere jemläp, onuň bilen başa-baş söweşe girdi, balyk gapdallygyna öwrülip, ýuwaşlyk bilen gaýygyň ýanyna geldi. Garry elindäki ýüpi taşlady-da, aýagy bilen basyp, garpuny ýokaryk galdyrdy hem-de bar güýji bilen balygyň garnyndan urdy. Ol demriň etiň içinden parran geçip gidenini duýdy hem-de ony has çuňrak çümdürmek üçin basyp ugrady. Ölüm ýarasy düşenem bolsa, balyga jan girdi; ol ullakan, owadan, güýçli göwresine magtanýan ýaly, ýokaryk towusdy. Göwnüňe bolmasa, ol garry bilen gaýygyň ýokarsynda — howada saklanyp galan ýalydy. Soňra ol pagşyldap suwa gaçdy hem-de garrydyr gaýygyň üstüni öl-myžžyk etdi.
Garry özünde gowşaklyk duýup, başy aýlanyp ugrady; ol hiç zat görenok diýen ýalydy. Ýöne gorpunyň ýüpüni dilim-dilim bolan ellerinden goýberenden soň, gözi görüp ugrady hem-de balygyň kümüşsöw garnyny ýokaryk tutup, arkanlygyna ýatandygyny gördi. Garpunyň tutawajy onuň arkasyndan çykyp durdy, daş-töwerek bolsa dym-gyzyl reňke boýalypdy.
Hamala, gök suwy tutuş balyklar gurşap alan ýaly, başda garrynyň gözüniň öňündäki tegmil garaldy, soňra ol ýaýrap duman ýaly syryldy. Kümüşsöw balyk tolkunlaryň üstünde yranyp ýatyrdy. Tä gözi dumanlaýança garry ondan gözüni aýyrmady.
Şondan soň ol garpunyň ýüpüni gaýygyň pürsüne berk baglady-da, ellerine seretdi.
«Meniň kelläme näme bolýarka? — diýip, ol ýüzüni gaýygyň burnuna berip oturyşyna aýtdy. — Men garry adam, üstesine-de, örän ýadaw, şeýle-de bolsa, bu balygy ele salmagy başardym. Indi biraz demimi dürsäp, balygy gaýyga daňmak üçin ýüpden halka ýasaýyn hem-de ony mäkäm daňyp, ýelkeni galdyraýyn-da, öýüme tarap ýola düşeýin».
— Onda näme, garry, işe başlaly — diýip, ol öz-özüne aýtdy-da, azajyk suw owurtlady. — Söweş gutaranam bolsa, entek iş gaty kän.
Garry ilki balyga, soňra asmana seretdi. Ol Güni dykgat bilen synlaýardy.
«Häzir günorta bolup sähel geçipdir, şemal bolsa güýçlenýär. Bärde ýüpi bejerip oturmagyň geregi ýok, ony oglanjyk bilen öýde ederin».
— Hany, balyk, golaýyma gel.
Ýöne balyk oňa diýýäsiňem diýmedi, ol deňziň tolkunyna asuda yranyp ýatyrdy, şonuň üçinem gojanyň özi gaýygyny onuň ýanyna eltmeli boldy. Ol balygyň ýanynda degşirilip duranda, balygyň kellesi gaýygyň burny bilen deň geldi, garry onuň ululygyna ýene bir gezek haýran galdy. Ol garpunyň ýüpüni pürsden çözüp aýyrdy-da, balygyň žabralaryndan geçirip, agzyndan çykardy, soňra ony balygyň gylyjyndan aýlap, ýene-de žabralaryndan geçirip, balygyň gylyjyna daňdy-da, gaýygyň pürsüne daňdy. Soňra ýüp kesindi-de, balygyň guýrugyny daňmak üçin gaýygyň art tarapyna geçdi. Balygyň melewşe-kömüşsöw reňki indi sap kümüşsöw bolup görünýärdi, zolaklary bolsa guýrugyndaky ýaly açyk-melewşe öwüsýärdi. Onuň zolaklarynyň arasy gaty giňdi, gözleri bolsa dürbiniň aýnasy ýaly ýa-da haçdan gaýdyp gelýän bendäniň ýüz keşbi ýaly perwaýsyzdy.
— Men ony başgaça ele salyp bilmezdim — diýip, goja seslendi.
Suw içenden soň ol özüne geldi. Indi ol özüni ýitirmejegini, kellesiniň bolsa garjaşmaýandygyny bilýärdi.
«Onuň agramy ýarym tonna golaý bar — diýip, goja oýlandy. — Belki, ondanam köpräkdir. Balygyň şu agramynyň üçden iki bölegini alanyň-da hem-de funtuny otuz sentden satanyňda, näçeräk pul gazanarkam?»
— Muny galamsyz hasaplap bolmaz — diýip, goja seslendi. — Munuň üçin kelläň aýdyň bolmaly. Ýöne, meniň pikirimçe, beýik Di Majio bu gün maňa buýsanarmyka diýýän. Dogrusy, mende süňk ösüntgisi ýok, ýöne ellerimdir aýaklarym gaty agyryp, maňa ejir ýamanyny berdi. Ýogsa-da, süňk ösüntgisi nämekän? Belki, ol bizde-de bar bolup, aňýan däldiris?
Garry balygy gaýygyň üç ýerine berk baglady. Ol şeýle bir ullakandy welin, göwnüne bolmasa, gaýygyny ullakan gäminiň biline baglan ýaly bolup göründi. Ol bir bölek ýüp kesip aldy-da, ýüzmek aňsat bolar ýaly, balygyň aşaky äňini gylyjyna berk baglady. Soňra bogaldagy ýerine goýup, tagta bilen berkitdi-de, urganlary çekişdirdi. Ýamadan doly ýelken çişdi-de, gaýyk öňe bakan hereket edip ugrady. Garry gaýygyň içinde ýanbaşyna ýatdy-da, gaýygy günorta-günbatara tarap sürüp ugrady. Günorta-günbataryň nirededigini bilmek üçin garra kompasyň geregi ýokdy, oňa şemalyň nireden öwüsýändigini hemem ýelkeniň nähili çişýändigini bilmek ýeterlikdi.
«Kiçiräk çeňňekleriň birini ýasama meň dakyp suwa oklaýyn — diýip, goja oýlandy. — Belki, bagtymdan haýsydyr bir balyk çeňňegime düşer, ýogsa ýanymda iýmäge hiç zat galmady».
Ýöne ol ýasama meň tapmady, takgaz balyjaklary bolsa porsapdy. Şonda ol gaňyrçagy bilen suwda ösüp oturan sary suwotylaryň bir bogdagyny ýolup aldy-da, silkelemäge durdy. Onuň içinde gaýygyň içine kiçijik deňiz leňňeçleri gaçdy. Olar onlarça bardy, ýer büresi ýaly, kiçijik aýaklary bilen böküp, ondan-oňa ylgaýardylar. Garry olaryň boýnuny sogrup, bütinligine iýip ugrady. Deňiz leňňeçleri gaty kiçijigem bolsa, garry olaryň süýjüdigini hem ýokumlydygyny bilýärdi.
Çüýşede ýene biraz suw galypdy, garry leňňeçleri iýip bolandan soň, çüýşedäki suwuň dörtden birini içdi.
Gapdalynda balygyň bardygyna garamazdan, gaýyk gaty gowy gidýärdi, garry ony ýatan ýerinden tirsegi bilen dolandyrýardy. Ol iň soňky pursat, ýagny başy garjaşyp özüni gaty ýaramaz duýanda, bu zatlaryň düýşüdigine ynanypdy, ýöne balykdyr elleriniň ýaralaryna seredip, bu zatlaryň düýş däldigine, başyndan geçiren wakasydygyna göz ýetirdi. Ýöne ol balygyň ýokaryk böküp, suwa gaçmazdan öň asmandan asylyp durandygyny hem-de bu zatlar geň görnüp, öz gözlerine ynanmandygyny bilýärdi ahyryn. Dogrusy, ol mahal onuň gözleri garjaşypdy, ýöne häzir olar ýene-de öňküsi ýaly gowy görýärdi. Indi ol balygyň hakykatdanam bardygyny, elleridir arkasyndaky agyrynyň düýş däldigini bilýärdi.
«Ellerimiň ýarasy bahym biter — diýip, ol oýlandy. — Gan hapalanmazlyk üçin ep-eslije akdy, duzly suw bolsa olary bejerer. Aýlagyň gara suwy — dünýäniň iň gowy melhemi. Indi pikirlerim garjaşmasa bolýar. Ellerim öz işini etdi, gaýyk gowy ýöräp barýar, balygyň agzy daňylgy, guýrugyny göni tutýar, biz onuň bilen edil dogan ýaly ýüzüp barýarys. — Onuň kellesi ýene biraz garjaşyp ugrady. — Ýogsa-da, kim kimi alyp barýar, balyk menimi, ýa men ony? Eger ony yzyma tirkäp ýa-da gaýygyma ýükläp alyp barýan bolsam, elbetde, ähli zat aýdyň bolardy. Ýöne biz bir-birimize berk baglanyp, ýanaşyk ýüzüp barýarys ahbetin. Ýeri bolýar-da, eger oňa ýaraýan bolsa, goý, ol meni alyp barýar diýeli. Ol maňa garşy hiç hili zyýanly hereket etmedi, men ony diňe mekirlik edip ýeňdim».
Olar ýüzüp barýardy, garry bolsa elini duzly suwa ýuwup, pikirlerini garjaşdyrman saklajak bolýardy.
Topbak-topbak bulutlar asmandan asylyp durdy, olaryň ýokarsyndan ýukajyk bulutlar süýşüp gelýärdi — garry şemalyň uzynly gije öwüsjekdigini bildi. Käwagtlar ol bu zatlaryň düýş däldigini biljek bolup, gapdalyndaky balyga seredýärdi.
Ilkinji akula kowup ýetmezden ozal, bir sagat töweregi wagt geçdi. Akula onuň yzyndan tötänden ýetmändi, ol balygyň ganynyň ysyny alyp, ummanyň jümmüşinden çykypdy hem-de tä gaýygyň yzyndan ýetýänçä ysyrganyp gaýdypdy. Bu «mako» tohumyndan bolan ullakan akula bolup, ol deňziň iň ýüzgür balygy dek çalt ýüzýärdi; onuň agzyndan başga ähli zady owadandy. Onuň arkasy gylyç balygyňky ýaly gökdi, garny kümüşsöwdi, hamy bolsa ýylmanakdan owadandy; onuň ýumlup duran ägirt äňini hasap etmeseň, durky bilen gylyç balyga meňzeýärdi. Ol deňziň ýokarsynda çalt ýüzüp, arkasyndaky ýüzgüji bilen deňziň tekizligini kesip gelýärdi. Berk ýumlan dodaklarynyň arasyndan sekiz hatar bolup çykan gyşyk dişleri ony elhenç görkezýärdi; olar aglaba akulalaryňky ýaly däldi, onuň epim-epim bolup duran dişleri adamyň barmaklaryny ýa-da haýwanlaryň dyrnagyny ýadyňa salýardy. Olaryň uzynlygy garrynyň barmaklaryndan gysga däldi hem-de edil päkiniň ýüzi ýaly ýitidi. Bu akula deňziň ähli balygyny iýmek üçin ýaradylypdy hem-de onuň üçin hiç bir duşman gorkunç däldi. Häzir ol awunyň golaýdadygyny bilip gyssanýardy, onuň arkasyndaky gök ýüzgüji suwy böwsüp gelýärdi.
Garry ony görende, bu akulanyň hiç zatdan gorkmajakdygyna, özi bilen çaknyşjakdygyna düşündi. Ol garpuny taýynlap, onuň sapyna ýüp dakdy hem-de akulanyň golaýyna gelerine garaşdy. Ýüp gysgady, sebäbi balygy gaýyga daňanda, ol onuň ujundan kesip alypdy. Akulany ýeňjekdigine ynanmasa-da, häzir garrynyň kellesi sagat ýaly işläp, gujur-gaýrata galypdy.
«Ýaňybir işlerim şowuna bolup ugrady welin, bolmad-ow — diýip, ol oýlandy. Garry akulanyň golaýlap gelýänini bilip, uly balyga seretdi. — Bu zatlar düýşüm bolsa-da ýagşydyr. Onuň hüjüminiň öňün-ä alyp bilmerin, ýöne, belki, maňa ony heläklemek başardar».
Akula gaýyga golaý geldi-de, dişlerini syrtardyp balyga topuldy; garry onuň äpet agzyny, aýylganç gözlerini hem-de balygyň guýrugynyň ýokarsyndan agyz salanyny görüp ýetişdi. Akula kellesini suwdan çykaryp, uly balygyň etini çekeleýärdi, garry elindäki garpunyny bar güýji bilen akulanyň iki gözüniň arasyndan urdy, o taýda onuň beýnisi bardy.
Akula beýlesine öwrüldi, garry onuň öçügsilenip ugran gözlerini görüp ýetişdi, soňra ol ýene beýlesine öwrüldi, garpunyň ýüpi onuň daşyndan iki gezek dagy aýlandy. Garry onuň heläk bolanyny bildi, ýöne ol munuň bilen ylalaşmak islemeýärdi. Akula arkan ýatyşyna, guýrugyny pagşyldadyp, äňlerini şakyrdadýardy hem-de suwy motorly gaýyk ýaly köpürjikledýärdi. Akulanyň göwresiniň dörtden üç bölegi suwuň ýokarsyndady, ýüp çekilip güýçli dartyldy, ahyrynda-da üzüldi. Akula birsalym suwuň ýüzünde ýatdy-da, soňra ýuwaşlyk bilen aşaklygyna gitdi.
— Ol öz ýany bilen kyrk funta golaý et äkitdi — diýip, garry dillendi.
«Ol öz ýany bilen garpunymy hem-de galanja ýüplerimem äkitdi — diýip, ol içinden aýtdy. — Mundan başga-da, ýene balygyň gany döküldi, indi bu akulanyň yzy bilen beýlekilerem geler».
Häzir onuň parçalanan balyga seredesi gelenokdy. Haçan-da, akula balyga topulanda, ol özüne topulandyr öýdüpdi.
«Her näme bolsa-da, akulany heläklemek maňa başartdy — diýip, ol oýlandy. — Onsoňam bu meniň haçan-da birwagt gören akulalarymyň iň ulusy. Men bolsa çynymy aýdýaryn, öz ömrümde gaty köp akula sataşdym. Bu gün işlerim gaty şowuna boldy, ýöne mundan beýläk beýle dowam etmezmikä diýýän. Bu zatlaryň bary düýşüm bolsa-da ýagşydyr — men hiç hili balyk tutamok-da, gazet düşelen krowatymda ýatyryn».
— Ýöne adam ýeňlişe sezewar bolmak hem-de bu zatlara çydamak üçin ýaradylmandyr ahyryn — diýip, goja seslendi. — Adamy ýok edip bolar, ýöne ýeňip, erkini elinden alyp bolmaz.
«Bu balygy heläk edenime gaty gynanýan — diýip, ol oýlandy. — Öňde ýene kynçylyklar bar, men bolsa garpunymdan mahrum boldum. Akulalar çalasyn, rehimsiz, akylly hem güýçli, ýöne men ondan akylly çykdym. Belki, akylly hem däldirin-de, ýaragym üpjündir».
— Hany, pikirleriňi goýsana — diýip, ol öz-özüne aýtdy. — Şemalyň ugruna tarap ýüz-de, betbagtlyk duşan wagty ony garşy al.
«Ýok, pikirlenmeli — diýip, ol içinden öz-özüne garşy çykdy. — Eýsem, bu meniň edip biljek ýeke-täk zadym ahyryn. Ýogsa-da, beýik Di Majio akulany nädip heläkleşim ýararmyka? Umuman-a, bärde üýtgeşik zat ýok-la, islendik adamam muny menden kem etmez. Ýöne, garry, nähili pikir edýäň, elleriň saňa süňk ösüntgisi ýaly päsgel berdimikä? Men näbileýin. Suwa düşüp ýörkäm üstünden basanymda tokly skat bir gezek çakdy diýäýmeseň, meniň ökjäme hiç zat bolanok ahyryn; şonda aýagym dyzyma çenli ysman, agyrysy tas janymy alypdy».
— Gowusy, şatlykly bir zat barada pikirlensene, goja — diýip, ol öz-özüne aýtdy. — Sen indi her minutdan öýüňe ýakynlaşýaň. Onsoňam kyrk funty ýitireniňden soň, saňa ýüzmegem aňsat boldy.
Ol akymyň ortasyna girende, özüne nämäniň garaşýandygyny gaty gowy bilýärdi, ýöne indi elinden geljek zat ýokdy.
— Ýalan, seniň çykalgaň bar — diýip, ol seslendi. — Sen pyçagyňy kürekleň biriniň ujuna daňyp bilersiň.
Ol gaýygyň rulyny goltugyna gysyp, ýelkeniň ýüpüni bolsa aýagy bilen basyp, şeýle-de etdi.
— Ine, boldy — diýip, garry seslendi. — Men garry bolsamam, bolmanda ýaragsyz-a däl.
Sergin şemal öwsüp, gaýyk öňe bakan barýardy. Garry balygyň diňe kelle tarapyna seredensoň, onda biraz umyt döredi.
«Umytdan düşmek — samsyklyk — diýip, ol oýlandy. — Mundan başga, munuň günä bolmagam ahmal. Onsoňam nämäniň günädigi ýa-da däldigi barada pikir etmegiň häzir nämä geregi bar. Bu dünýede olardan başga-da zatlar bar ahyryn. Dogrymy aýtsam, nämäň günädigi barada düşünjäm az. Belki, oňa düşünmeýän ýa-da ynanmaýan bolmagymam ahmal. Belki, balyk awlamak günädir. Açlykdan ölmezlik hem-de beýleki adamlaryň garnyny doýurmak üçin awlaýan bolsamam, meniň pikirimçe, bu günämikä diýýän. Beýle bolsa, meniň bar edýän işlerim günä ahyryn. Şonuň üçinem nämäň günädigi ýa-da däldigi barada pikir edip oturmagyň nämä geregi bar. Häzir bu barada pikir etmek giç, onsoňam, goý, bu işler bilen kime töleýän bolsalar, şolar pikir etsin, goý, olar günäň nämedigi barada oýlansyn. Balygyň balyk bolmak üçin dogulyşy ýaly, menem balykçy bolmak üçin dogulypdyryn. Keramatly Pýotr hem, beýik Di Majionyň kakasy hem balykçy bolupdyr».
Ol daş-töweregindäki zatlar barada pikir ýöretmegi gowy görýärdi. Okamaga kitaplary, diňlemäge radiosy bolmany üçin ol köp pikirlenerdi.
«Sen balygy diňe bir iýmek ýa-da satmak üçin awlaman, öz buýsanjyňa çydaman etdiň, sebäbi sen balykçy — diýip, ol oýlandy. — Sen dirikä bu balygy gowy görýärdiň, häzirem ony gowy görýäň. Ýöne eger birini gowy görüp, soňra bolsa ony heläkleseň, mundan ýaman zat ýok ahyryn».
— Sen gaty köp pikir edýäň, garry — diýip, ol öz-özüne aýtdy.
«Ýöne sen bu uly balygy höwes bilen heläklediň — diýip, ol pikirini dowam etdi. — Olam edil sen ýaly beýleki balyklary awlap gün görýär. Ol köp akulalar ýaly diňe bir maslyk iýip garnyny doýurmak bilen çäklenenok. Ol owadan hem-de gorky diýlen zady bilmeýän asylly balyk».
— Men ony öz janymy gutarmak üçin heläkledim — diýip, goja seslendi. — Men ony ussatlarça awladym.
«Onsoňam, barybir, kimdir birini ýa-da nämedir bir zady awlaýarlar ahyryn» diýip, ol oýa batdy.
Goja gaýykdan boýnuny uzadyp, akulanyň dişlän ýerinden bir bölek et goparyp aldy-da, balygyň tagamyny we hilini duýmak üçin çeýnäp ugrady. Balyk sygyr eti ýaly gyzyl bolmasa-da, süýümli we terjedi, şonuň üçinem garry oňa bazarda iň ýokary bahany berjeklerini bildi. Onuň ysy deňze ýaýraýanam bolsa, goja muňa päsgel berip bilenokdy, şonuň üçinem deňizde özüne aňsat bolmajagyna düşündi.
Şemalyň güýji gowşanokdy; ol ýuwaşlyk bilen demirgazyk-gündogara tarap gyşaryp ugrady, bu bolsa onuň gitdigiçe güýçlenjegini aňladýardy. Garry uzaklara gözüni aýlady, ýöne ol ýekeje-de ýelken, tüsse ýa-da haýsydyr bir gäminiň suduryny görmedi. Diňe uçýan balyklar suwdan ýokary galyp, onuň gaýygynyň burnundan eýläk-beýläk geçýärdiler. Hatda ýekeje guşam görnenokdy.
Ol eýýäm iki sagat bäri ýüzüp gelýärdi hem-de balygyň etinden çeýnäp, biraz güýç toplajak bolýardy. Ine, şu ýerde-de onuň gözi iki akulanyň birine kaklyşdy.
— Içigar galan! — diýip, garry seslenenini duýman galdy; bu sözde many ýokdy, bu ýöne eliň aýasyna çüý çümende ýa-da şuňa meňzeş ýagdaýlarda adamdan biygtyýar çykýan sesdi. — Akula!
Ol birinji ýüzgüçden soň, ikinjisiniňem peýda bolanyny gördi hem-de olaryň goňur üçburç ýüzgüçleridir guýruklaryny bulaýlaşyndan ýasy burunly akuladyklaryny bildi. Olar balygyň ysyny alyp ynjalykdan gaçypdy, açlykdan halys aňkalary aşyp, bu özüne çekiji ysy kä ýitirip, kä tapyp, minutsaýyn golaýlaşýardylar. Goja ýelkendir ruly gowy edip daňdy. Soňra ujuna pyçak daňlan küregini ýokaryk galdyrdy. Bu oňa aňsat düşmedi, sebäbi eli gaty agyrýardy. Ol elini biraz ýazmak üçin barmaklaryny göneldip ýumdy. Soňra elleri diýen eder ýaly küregi mäkäm tutup, akulalaryň özüne golaýlaşyny synlamaga durdy. Bu ýasy kelleliler akulalaryň iň ýaramazydy, maslyk iýensoňlar aňkap durdylar. Haçan-da, olar açlykdan ejir çekende, gaýyklaryň küreklerine, rullaryna çenli ýapyşybererdiler, juda aç wagtlary bolsa, adama ýapyşmakdanam çekinmezdiler.
— Hany, biraz golaýrak geliň — diýip, garry seslendi.
Akulalar golaýlaşýardy, ýöne olar mako ýaly däl-de, başgaça hüjüme geçdiler. Birdenkä olaryň biri gaýygyň aşagyna özüni urdy, balygyň etinden ýolup alan-da, gaýygyň titräp gidýändigini garry duýdy. Beýlekisi öz kiçijik, sary gözleri bilen biraz garryny synlap durdy-da, soňra makonyň hüjüm eden ýerinden balyga agyz urdy. Garry pyçakly küregini onuň edil beýnisinden urdy, akula özüni ýitirip, balykdan agzyny aýyrdy-da, suwuň aşagyna çümüp ugrady; ol suwa çümüp barýarka, janhowluna balykdan goparan etini çekeleýärdi. Gaýyk entegem ikinji akulanyň balyga zor salmagy netijesinde titreýärdi, garry onuň ýoguna ýanmak üçin ýelkeni goýberdi-de, gaýygy biraz ýanyn ýatyrdy. Akula gözi düşenden, gaýygyň erňeginden sallanyp, oňa pyçagyny sançdy, ýöne onuň galyň hamyndan gaty geçirip bilmedi. Urgynyň zarbyna gojanyň diňe bir elleri däl, egni hem agyryp gitdi. Ýöne akula agzyny giňden açyp, täzeden balygyň üstüne hüjüme geçende, garry onuň ýasy kellesiniň edil ortarasyndan urdy. Soňra pyçagy çykaryp, täzeden ursa-da, ol agzyny berk gysyp, entegem balygy dişläp durdy.
— Ah, seniň bir! — diýip, garry pyçagy onuň oňurgasy bilen beýnisiniň arasyna urdy hem-de onuň kekirdewüginiň şakyrdap gidenini eşitdi.
Garry elindäki küregini beýlesine öwürdi-de, balykdan akulany aýyrmak üçin ony akulanyň agzyna sokup gaňyrdy hem-de ol sypandan soň, şeýle diýdi:
— Bärden owarra bol! Aşak git-de, öz dostuň bilen görüş. Ýogsa-da, belki, ol seniň ejeň bolmagam ahmal.
Ol pyçagyny süpürdi-de, küregi gaýygyň içine oklady. Soňra ýelkeni galdyrdy-da, ýöräp ugranyndan soň, öňki barýan ýoluna bakan gönükdirdi.
— Olar ýany bilen, ähtimal, balygyň dörtden birini äkiden bolsalar gerek — diýip, goja seslendi. — Onda-da balygyň iň gowy ýerinden. Men bu zatlaryň düýşümdigine, balygy tutmandygyma ynanasym gelýär. Balygyň başyna bu günleriň düşenine gaty gynanýaryn.
Garry dymdy, indi onuň balyga seredesi gelenokdy. Ganjaryp duran suw bulanykdy, ýöne entegem balygyň zolaklary bildirýärdi.
— Men beýle uzaga gitmeli däl ekenim — diýip, goja seslendi. — Aý, balyk, munuň meniň üçinem, seniň üçinem şeýle pajygaly tamamlananyna gaty gynanýaryn.
«Ýeri, boldy — diýip, soňra ol öz-özüne aýtdy. — Gowusy, pyçagy daňan ýüpümi barlaýyn, birden üzülen ýeri bolaýmasyn, onsoňam elimi işletjek bolaýyn, sebäbi entek iş tamamlananok».
— Ýanymda çalgy daşyň bolmanyna gynanýan — diýip, garry ýüpleridir küregi barlap durşuna aýtdy. — Ýanym bilen çalgy daşyny alyp gaýtmaly ekenim.
«Sen ýanyň bilen köp zady alyp gaýtmalydyň, garry — diýip, ol oýlandy. — Indi özüňde ýok zatlar barada pikir etmegiň geregi ýok. Özüňde bar zatlar bilen oňňut etmegiň aladasyny et».
— Öz maslahatlaryň bilen ýüregime-bagryma düşdüň — diýip, goja seslendi-de, gaýygyň ruluny goltugyna gysyp, ellerini deňziň suwuna ýuwdy.
Gaýyk öňe barýardy.
— Soňky akulanyň näçeräk balyk iýenini bir Hudaý bilýär — diýip, goja seslendi. — Ýöne balyk öňküsinden ýeňlän bolsa gerek.
Goja balygyň sandan çykarylan garnyny göz öňüne getiresi gelenokdy. Ol akula her gezek zabt edende, balygyň bir bölek etini goparyp alandygyny hem-de deňizde indi ähli akula üçin ullakan yz galdyryp barýandygyny bilýärdi.
«Bular ýaly balyk bir adamy arly gyşdan çykarjak… Bu barada pikir etme-de, dynjyňy al, balygyň galan bölegini aman saklamak üçin elleriň ýaralaryny bejerjek bol. Balygyň suwda galdyrýan yzy bilen deňeşdireniňde, meniň elimdäki gan ysy hiç zat. Onsoňam ellerimiň ýaralary çuň däl, indi ganamaýar diýen ýaly. Çep elimiň azajyk ganany bolsa, damaryň çekmeginiň öňüni alar.
Men häzir näme barada pikir etsemkäm? Hiç zat barada. Gowusy, hiç zat barada pikir etmän, täze akulalaryň gelerine garaşaýyn. Men bu zatlaryň hakykatdanam düýş bolmagyny näler isleýärin. Ýogsa-da, kim bilýär, bu zatlaryň gowulyk bilen tamamlanmagam mümkin».
Indiki akulanyň ýeke özi geldi, olam ýasy burunly akulady. Onuň bolup gelşi edil doňzuň öz ahyryna gelşi ýalydy. Garry onuň balygyň etine ýapyşaryna garaşdy, soňra pyçakly küregi bilen onuň kellesinden urdy. Ýöne akula arkasyna togalanyp, özüni yza oklady-da, pyçagy deň ortarasyndan ikä bölüp taşlady.
Garry ýene ruluň başyna geçdi. Bu hadysa hemişe özüne çekýänem bolsa, ol häzir akulanyň ýuwaşlyk bilen suwuň aşagyna gidişine seredesi gelenokdy.
— Meniň gaňyrçagym bar — diýip, ol seslendi. — Ýöne onuň näme haýry bar? Meniň ýene iki sany küregim, gaýygyň ruly hemem serdessäm bar.
«Indi olar menden üstün çykan bolsalar gerek — diýip, ol oýlandy. — Serdesse bilen urup ýatyrardan men örän garrapdyryn. Ýöne elimde küreklerim, serdessäm hem-de rulum barka, olar bilen söweşi dowam etdirerin».
Ol ýene ellerini duzly suwa ýuwdy.
Agşam golaýlap gelýärdi, daş-töwerekde diňe asman bilen deňiz görünýärdi. Şemal öňküsinden güýjäpdi, şonuň üçinem garry basym ýeri görerin diýip umyt etdi.
— Garry, sen ýadadyň, tutuş ruhuň ýadady — diýip, ol öz-özüne aýtdy.
Gün ýaşyp barýarka akulalar ýene hüjüme geçdi. Garry balygyň deňizde galdyrýan yzynda goňur ýüzgüçleriň hereketiniň bardygyny gördi. Olar balygyň yzyny tapjagam bolman, gaýygyň ýany bilen ýüzüp gelýärdiler. Garry ruly daňdy, ýelkeni aşak goýberip, gaýygyň yzyndan serdessäni aldy. Ol döwlen küregiň bir bölegi bolup, onuň uzynlygy, takmynan, iki ýarym funtdy. Ol onuň sapyndan bir eli bilen gaýym tutup biljekdi, şonuň üçinem ony sag eline aldy-da, kelemenledip, akulalaryň golaýyna gelerine garaşdy. Olar ikidi, ikisem ýasy burun akulady.
«Birinjisi balyga berk ýapyşýança garaşaýyn — diýip, ol oýlandy. — Onsoň onuň göni burnuna ýa-da maňlaýyna uraýyn».
Akulalaryň ikisem bile golaýlaşýardy, olaryň has golaýy agzyny giňden açyp, kümüşsöw balygyň garnyndan agzyny saldy, garry serdessesini dik ýokaryk galdyryp, akulanyň ýasy kellesinden inderdi, onuň elleri akulanyň kelle süňküniň gaty berkdigini duýdy. Garry täzeden bar güýji bilen akulanyň burnuna urdy welin, ol suwa süsdürilip gitdi. Beýleki akula eýýäm bir bölek eti goparyp almaga ýetişipdi hem-de häzir agzyny giňden açyp, täzeden ýetip gelýärdi. Ol balyga özüni oklap, bir bölek eti goparyp aldy, garry bat bilen serdessäni aýlap, balygyň kellesinden urdy welin, akulanyň agzyndaky et sypyp suwa gaçdy. Ol suwa gaçan eti täzeden ýuwutmak üçin synananda, garry ony ýene bir gezek urdy, ýöne onuň gaty, ýasy kellesine zeper ýetirip bilmedi.
— Hany, golaýragyma gelsene — diýip, garry seslendi. — Ýene bir gezek ýanyma golaýlaşsana.
Akula aldyrany bar ýaly bolup, balygyň üstüne özüni oklady hem-de ondan agyz uranda, garry serdessesini batly ýokaryk gardyryp, bar güýji bilen akulanyň kellesinden urdy. Bu gezek serdesse degmeli ýerine degipdi, garry ony ýene bir gezek urdy. Akula balykdan biraz et goparyp aldy-da, ýuwaşjadan suwa girip gitdi.
«Ýene gelmezlermikä» diýip, garry garaşdy, ýöne olar gaýdyp görünmedi. Ýöne soň olaryň biriniň gaýygyň daşynda pelesaň urýandygyny gördi, beýleki akula görnenokdy.
«Öňler hötde gelýänem bolsam, häzir olary serdesse bilen kowup bilerin diýip pikirem etmeýärdim — diýip, garry oýlandy. — Her näme bolsa-da, ikisem mazalyja almytyny alan bolsa gerek. Eger serdessäni iki elimde tutup bilen bolsadym, onda şu ýaşymda olaryň birinjisini heläklemegi başarardym».
Onuň balyga seredesi gelenokdy, sebäbi eýýäm onuň ýarynyň ýokdugyny bilýärdi. Akulalara başagaý bolup, goja Günüň ýaşanynam duýman galdy.
— Basym garaňky düşer — diýip, ol seslendi. — Ähtimal, onsoň Gawananyň yşyklaryna gözüm düşer. Eger gündogara tarap gatyrak gyşaran bolsam, onda dynç alynýan jaýlaryň täzeleriniň biriniň yşygyna gözüm düşer.
«Men kenardan gaty uzakda däldirin — diýip, garry oýlandy. — Adamlar men barada biderek alada edýän däldir diýip umyt edýärin. Aý, onsoňam, oglanjykdan başga alada etjek adamymam ýok-la, sebäbi ol maňa şübhelenenok. Ähtimal, uly ýaşly balykçylar aladamy edýändir, kiçileriniňem edýän bolmagy mümkin — diýip, ol oýlandy. — Sebäbi men gowy adamlaryň arasynda ýaşaýaryn».
Ol gaýdyp balyk bilen gürleşip bilmedi, sebäbi ol gaty gözgynydy. Birdenkä onuň kellesine täze bir pikir geldi.
— Aý, ýarym balyk! — diýip, ol ony çagyrdy. — Aý, öňki balyk! Men deňizde gaty uzaga gidip, ikimizem heläk edenime gaty gynanýan. Ýöne biz köp akulanyň ýoguna ýandyk, köpüsini bolsa maýyp etdik. Ähtimal, öz döwrüňde senem olaryň köpüsine hötde gelensiň? Kelläňdäki gylyjyňy ýöne ýere göterýän dälsiň ahyryn.
Oňa balyk hakynda, balyklaryň akulalar bilen darkaş urşy hakynda pikir etmek ýaraýardy.
«Akulalar bilen söweşmek üçin onuň gylyjyny goparyp almaly ekenim — diýip, ol oýlandy. — Eger onuň gylyjy mende bolsady, ony kürege baglap, ondan gaty gowy ýarag ýasardym. Şonda biz onuň bilen egin-egne berip söweşerdik. Eger akulalar gije gelse, näme etmeli bolarkam? Meniň elimden näme geler?»
— Söweşmeli — diýip, goja seslendi. — Tä tenimden soňky demim çykynça söweşmeli.
Ýöne garaňkynyň içinde hiç bir ot, hiç bir şöhle görnenokdy, diňe şemal öwsüp, gaýygy öňe alyp barýardy. Göwnüne bolmasa, birden ol özüne ölendir öýtdi. Ol barmaklaryny gowşuryp, aýalaryny biri-birine degirdi hem-de olaryň agyrýandygyny duýdy. Arkasyny gaýyga degrip, özüniň diridigine düşündi.
«Men bilýänje dogalarymyň ählisini okaýyn, balygy tutmazdan öň söz beripdim — diýip, ol oýlandy. — Ýöne häzir gaty ýadaw. Gowusy, haltany alyp, eginlerimi örteýin».
Ol ýatan ýerinden gaýygy dolandyryp, Gawananyň çyralarynyň görnerine garaşdy.
«Mende balygyň ýarysy galdy — diýip, ol oýlandy. — Belki, bagtym getirip, onuň öňki bölegini öýüme alyp bararyn. Meniňkem bolmanda bir gün şowuna düşmelidir ahyryn!.. Ýok — diýip, ol öz-özüne aýtdy. — Sen deňizde gaty uzaga gidip, şowsuzlygy öz boýnuňa aldyň».
«Bolgusyz zatlary samrama, garry — diýip, ol pikirleriniň arasyny böldi. — Uklama-da, ýoluň bilen bol. Saňa bagtyň ýene gülüp bakmagy mümkin».
— Bir ýerlerde satylýan bolsa, bagtdan birazajyk satyn alardym — diýip, garry seslendi.
«Nädip satyn aljak? — diýip, ol öz-özüne sorag berdi. — Onuň üçin ýitiren garpunyňy, döwlen pyçagyňy, ýa nämäňi berjek?! Sen segsen dört günläp deňizde bolup, bagty satyn almak islediň. Ýogsa-da, saňa ony tas satypdylaram… Hany, bolgusyz zatlaryň pikirini goýsana. Bagt adama her dürli görnüşde gelýär, eýsem, ony tanap bolýarmy näme? Ýogsa-da, ondan azajyk satyn alyp bolýan bolsa, men onuň üçin soran zatlaryny bererdim. Häk, häzir Gawananyň çyralary görünse bolmaýarmy näme — diýip, ol oýlandy. — Sen birbada köp zat isleýäň, garry. Maňa häzir Gawananyň çyralaryndan başga zat gerek däl».
Ol rulda rahat oturmakçy bolanda, endam-janynyň agyrýandygyny duýdy hem-de özüniň dogrudanam diridigine göz ýetirdi.
Gije sagat onlarda onuň gözi şäheriň çyralaryna düşdi. Başda ol şöhleler Aýyň dogşy ýaly gaty solgun göründi. Soňra olar umman zolagynda, güýçli şemalyň tolkunynda aýdyň görnüp ugrady. Ol çyralara tarap barşyna, bir salymdan Golfstrime girjegi barada oýlanýardy.
«Ine-de, boldy — diýip, ol oýlandy. — Elbetde, akulalar ýene üstüme hüjüm etmegi mümkin, ýöne garaňkynyň içinde eli ýaragsyz adam näme edip bilsin?»
Onuň tutuş bedeni sorkuldap agyrýardy, elleridir aýaklaryndaky ýaralary awuşaýardy, gijäniň çigregi bolsa agyrylaryny hasam beterletdi.
«Indi olar bilen söweşmeli bolmaz diýip umyt edýän — diýip, ol oýlandy. — Gaýdyp olara gözüm düşmese bolmaýarmy näme».
Ýöne ýary gije ol akulalar bilen ýene söweşmeli boldy, emma ol bu gezek söweşiň biderekdigine düşünýärdi. Olar onuň üstüne tutuş süri bolup topuldy, ol bolsa diňe olaryň ýüzgüçleriniň suwda galdyrýan yzyny hem-de balyga hüjüm edenlerinde salgym ýaly şöhlelerini görüp bilýärdi. Ol serdessesi bilen akulalaryň kellelerine urýardy hem-de olaryň äňleriniň şakyrdaýandygyny we gaýygyň sandyraýandygyny eşidýärdi. Ol göze görünmeýän, diňe gulagynyň eşidýän we duýýan zatlaryna umytsyzlyk bilen urýardy hem-de birdenkä serdessesiniň ýitirim bolandygyny bilip galdy.
Ol gaýygyň ruluny goparyp, iki eli bilen tutdy-da, olaryň üstüne yzly-yzyna eňterip ugrady, ýöne akulalar eýýäm gaýygyň burnuna geçip, bir-biriniň yzyndan balyga özlerini oklaýardylar.
Ahyry akulalaryň biri balygyň kellesine özüni oklady, şu ýerde garry bar zadyň gutarandygyna düşündi. Akula balygyň kellesinden dişini geçirip silkeleýärdi, garry gaýygyň ruly bilen onuň burnuna urmaga durdy. Rul bölek-bölek bolup döwüldi, onsoň ol elinde galanja bölegi bilen urmaga durdy. Garry agajyň ýiti ujunyň akulanyň hamyndan geçendigini bilip, ýene-de urdy. Ahyry akula balygy taşlady-da, bärden ýüzdi ötägitdi. Bu sürüdäki hüjüm eden akulalaryň iň soňkusy boldy. Indi olara iýmäge zat ýokdy. Garry zordan demini aldy, ol agzynda täsin tagamyň bardygyny duýdy. Ol süýjümtikdi hem-de misiň tagamyny berýärdi, şonuň üçinem garry bir minut gorkup durdy. Ýöne bary geçdi. Ol ummana tüýkürip goýberdi-de, şeýle diýdi:
— Iýiň, akulalar, goý, bokurdagyňyza tegek bolsun!
Indi goja özüniň gutarnykly ýeňlendigine, hiç zady düzedip bolmajakdygyna düşündi. Ol gaýygyň yzyna dolanyp bardy-da, ruluň bir bölegini tapyp, onuň bilen gaýygy dolandyryp boljakdygyna bildi hem-de egnine halta atdy-da, gaýygyň ýoluny dogrulady. Indi ol aňsatlyk bilen gidýärdi, garry bolsa hiç zadyň pikirinem edenokdy, hiç zady duýanokdam. Indi oňa bary birdi, basymrak mähriban kenaryna ýetmek isleýärdi. Gije akulalar hajymelik açan ýaly bolup gemrilen balyga hüjüm etdiler hem-de onuň galak-gaçaklarynam gemirdiler. Garry olara üns bermedi. Ol indi gaýygyndan başga hiç zada üns berenokdy hem-de gapdalynda ullakan balyk bolmansoň, onuň ýeňillik bilen gidýändigini duýýardy.
«Gowy gaýyk — diýip, ol pikirlendi. — Eger ruluny hasap etmeseň, ol bitin we abat. Ruluny bolsa täzeleseňem boljak».
Garry ýyly suw akymyna girendigini duýdy, oňa şäher çyralarynyň golaýlaşýandygy görünýärdi. Ol özüniň nireden barýandygyny aňýardy hem-de indi öýe aşmagyň hiç hili kynçylygynyň ýokdugyny bilýärdi.
«Şemal, ähtimal, biziň dostumyz bolmaly — diýip, ol oýlandy, soňra bolsa pikirini dowam etdi: — Umuman, hemişe däl. Bu ägirt deňizde biziň dostlarymyzam kän, duşmanlarymyzam. Düşek bolsa… — diýip, ol pikirini dowam etdi. — Düşek bolsa meniň dostum. Hawa, hut adaty düşek. Düşekde ýatmak — bu ullakan bagt. Onsoňam adam ýeňlen wagty, oňa nähili aňsat düşýär eken — diýip, ol oýlandy. — Munuň beýle aňsat bolýandygyny men bilmändirinem… Seni kim ýeňdi, garry? — diýip, soňra ol öz-özünden sorady… — Hiç kim — diýip, ol jogap berdi. — Men ýöne deňizde gaty uzaga gidipdirin».
Ol kiçiräk aýlaga gelende, eýwanyň çyralary öçükdi, garry hemmeleriň ukudadygyna düşündi. Şemal indi örän güýçlenenem bolsa, bärsi ümsümlikdi. Kömek edere adam bolmansoň, garry kenara ýakynrak barmak üçin gaýygyny küreklemäge durdy. Soňra gaýykdan düşdi-de, ony gaýa baglady.
Bogaldagyny aýryp, ýelkenini düýrläp daňdy. Soňra bogaldagy egnine atdy-da, ýokarlygyna — daga tarap ýöräp ugrady. Ine, şu ýerde-de ol nähili ýadandygyna düşündi. Ol bir pursat saklandy-da, beýlesine öwrüldi hem-de köçedäki çyralaryň ýagtysyna gaýygyň aňyrsyndan balygyň ullakan guýrugynyň çykyp durandygyny gördi. Onuň öňünde balygyň ýalaňaçlanan ak süňkleri, oňurgasy hem-de kellesindäki gylyjy somalyp durdy.
Garry ýene ýokarlygyna ýöräp ugrady, ol ýokaryk galyp ýykyldy-da, egni bogaldakly birsalym ýatdy.
Soňra aýak üstüne galjak boldy, ýöne oňa aňsat düşmedi, şonuň üçinem ol köçä garady-da, oturyberdi. Köçeden dazyrdap bir pişik geçip gitdi, garry onuň yzyndan uzak wagtlap seredip oturdy; soňra ol adamsyz köçäni synlady. Ahyry ol bogaldagy ýere oklady-da, ýerinden galdy. Soňra bogaldagy egnine atyp, ýene ýokarlygyna ýöräp ugrady. Ol öýüne ýetinçä bäş gezek dagy dynç almaly boldy.
Öýüne girip, ol bogaldagy diwara söýedi. Garaňkynyň içinde çüýşäni gözläp tapdy-da, suw içip, düşegine geçdi. Ol ýorganyny alyp aýagyny, egnini, arkasyny ýapdy-da, ýüzüni gazete berip, uka gitdi.
Oglanjyk irden külbä gelende ol uklap ýatyrdy. Güýçli şemal öwsensoň, gaýyklar deňze çykmandy, oglanjyk bolsa gowy ukusyny alyp, garrynyň külbesine gaýdypdy. Ol bärik her gün gelýärdi. Oglanjyk garrynyň dem alýandygyna göz ýetirdi, soňra onuň ellerine seredip aglady. Ol kofe getirmek üçin ýuwaşlyk bilen külbeden çykdy hem-de ýolboýy gözýaş döküp gitdi.
Gaýygyň daşyna balykçylar üýşüpdi hem-de oňa daňylan zady synlaýardylar; balykçylaryň biri balagyny çyzgap suwa girdi-de, balygyň gaňňylynyň uzynlygyny ölçemäge durdy.
Oglanjyk olaryň ýanyna aşak düşmedi; ol eýýäm o taýda bolupdy hem-de balykçylaryň biri gaýyga seretmegi wada beripdi.
— Onuň ýagdaýy gowumy? — diýip, balykçylaryň biri oglanjyga tarap gygyrdy.
— Ýatyr — diýip, oglanjyk jogap berdi hem-de olardan gözýaşyny gizlejegem bolup durmady. — Ony biynjalyk etmegiň geregi ýok.
— Burnundan guýrugyna çenli on sekiz fut! — diýip, balygy ölçän balykçy gygyrdy.
— Ondan az däldir — diýip, oglanjyk jogap berdi.
Ol eýwana bardy-da, bir taňňyr kofe sorady:
— Maňa gyzgyn kofe, köpräk süýt hemem şeker berseňizläň.
— Başga-da gerek-ýarak zadyň bolsa alyber.
— Gerek däl. Soň ol näme iýjek bolsa gelerin.
— Nähili balyk — diýip, hojaýyn aýtdy. — Görlüp-eşidilmedik balyk. Ýöne senem düýn iki sany gowy balyk tutan ekeniň.
— Meniňki onuňky ýaly däl! — diýip, oglanjyk aýtdy-da, ýene-de aglady.
— Bir zatlar içesiň gelýärmi? — diýip, hojaýyn sorady.
— Ýok — diýip, oglanjyk jogap berdi. — Olara aýt, Santýagony biynjalyk etmesinler. Men ýene gelerin.
— Oňa gaty gynanýandygymy aýt.
— Sag bol — diýip, oglanjyk jogap berdi.
Oglanjyk gyzgyn kofeni külbä äkitdi-de, garry oýanýança onuň ýanynda oturdy. Bir gezek ol oglanjyga oýanýan ýaly bolubam göründi, ýöne garry ýene ymyzganyp uka gitdi. Oglanjyk kofeni gyzdyrmak maksady bilen odun soramak üçin beýleki köçedäki goňşularyň ýanyna gitdi. Ahyry garry oýandy.
— Ýat-da, dynjyňy al — diýip, oglanjyk aýtdy. — Me, iç! — Ol kofeni käsä guýdy.
Garry onuň elinden käsäni alyp, kofe içdi.
— Olar menden üstün çykdylar, Manolin — diýip, goja aýtdy. — Olar maňa hötde geldiler.
— Ýöne balyk senden üstün çykman, ýeňlipdir ahyryn!
— Hawa. Dogry zada — dogry diýmeli. Bu zatlar soň boldy.
— Pedriko gaýyga, ondaky goş-golamlara esewan boljagyna wada berdi. Sen onuň kellesini näme etmekçi bolýaň?
— Goý, Pedriko çapyp, ondan tor üçin meňjagazlar ýasasyn.
— Gylyjyny nätjek?
— Isleseň ony sowgat hökmünde alaý.
— Bolýar — diýip, oglanjyk aýtdy. — Häzir bolsa, gel, mundan beýläk näme iş etjegimiz barada gürleşeli.
— Meni gözledilermi?
— Elbetde. Kenarýaka goragam, uçarlaram.
— Gaýyk kiçijik, bu ägirt ummanda ol göze ilmez — diýip, garry aýtdy. Oňa öz-özi bilen däl-de, biri bilen gürleşmek gaty ýakymlydy. — Seni göresim geldi — diýip, ol oglanjyga aýtdy. — Sen bir zatlar tutup bildiňmi?
— Birinji gün birini, ikinji günem birini, üçünji gün bolsa ikisini.
— Örän gowy.
— Biz indi ýene bileje balyk tutarys.
— Ýok. Men — bagtygaranyňky indi şowuna bolanok.
— Bu gürrüňiňi goý — diýip, oglanjyk aýtdy. — Men saňa şowlulyk getirerin.
— Eneň-ataň näme diýer?
— Munuň ähmiýeti ýok. Men düýn iki sany balyk tutdum. Ýöne mundan beýläk bileje balyk tutarys, sebäbi men ýene köp zatlary öwrenmeli.
— Ýanymyzda götermek üçin bir ýerden gowuja çarşak tapmaly. Onuň dişlerini köne forduň ressoryndan ýasasaňam boljak. Ony gowy ýiteltmeli, ýöne döwülmez ýaly suw bermeli däl. Ýogsa-da, meniň pyçagym döwüldi.
— Men saňa täze pyçak taparyn, ressoram ýitelderin. Kenarda ýene näçe günläp şemal öwser?
— Belki, üç gün, belki, ondanam köpdür.
— Oňa çenli ähli zat taýyn bolar — diýip, oglanjyk aýtdy. — Häzirlikçe bolsa, sen elleriňi bejer.
— Olary näme etmelidigini bilýän — diýip goja aýtdy-da, sözüni dowam etdi. — Hamala kükregimde bir zatlar partlan ýaly, tüýküremde gije nämedir bir zat agzymdan çykdy.
— Onam bejer — diýip, oglanjyk aýtdy. — Sen ýatyber, men bolsa saňa arassa köýnek bilen iýer-içer ýaly bir zatlar alyp geleýin.
— Meniň bolmadyk günlerimde çykan gazetleriňem birinem getirsene — diýip, goja haýyş etdi.
— Sen basymrak aýak üstüne gal, sebäbi men senden entek köp zatlary öwrenmeli. Sen maňa dünýäniň ähli zadyny öwredip bilersiň. Sen deňizde gaty kösendiňmi?
— Hawa — diýip, garry jogap berdi.
— Men iýmitdir gazet alyp geleýin, sen bolsa dynjyňy al, garry. Men eliň üçinem dermanhanadan däri-dermanam alaryn.
— Balygyň kellesini almalydygyny Pedriko aýtmagy ýatdan çykarma.
— Ýatdan çykarmaryn.
Oglanjyk külbeden çykyp, çagylly köçe bilen aşak düşüp ugranda ýene aglady.
Şol gün eýwana syýahatçylar topary gelipdi. Gündogar şemaly öwsüp, äpet tolkunlar gelip kenara urulýardy. Piwo gapyrjaklarydyr tapdan gaçan mylkylaryň arasynda ullakan guýrukly uzyn, ak oňurga syýahatçylaryň biriniň gözi düşdi.
— Bu näme? — diýip, ol eli bilen ullakan balygyň oňurgasyny görkezip durşuna hyzmatçydan sorady.
— Akula — diýip, hyzmatçy jogap berdi.
Ol ähli bolan zady gürrüň bermekçi boldy, ýöne syýahatçy onuň sözüni böldi:
— Bäh, akulalaryň ýaý berip duran bular ýaly ajaýyp guýrugynyň bardygyny bilmändirin!
— Hawa, menem bilemokdym — diýip, onuň ýoldaşy tassyklady.
Külbede öňküleri ýaly ýüzüni ýere berip balykçy goja ýatyrdy, oglanjyk bolsa ony goraýardy. Gojanyň düýşüne ýene ýolbarslar girdi.
Rusçadan terjime eden Rüstem GURBANNEPESOW,
«Dünýä edebiýaty»
