Goja we deňiz 1 (Powest)

Goja we deňiz 1 (Powest)

Goja gaýygyna münüp, ýekeje özi Golfstrimde ( Golfstrim — Atlantik ummanynyň demirgazyk böleginiň ýyly akymy.) balyk tutýardy. Ol eýýäm segsen dört günläp deňze çyksa-da, ýekeje balygam tutup bilmändi. Birinji kyrk günlükde onuň ýanynda bir oglanjyk bardy. Ýöne awlary şowly bolmansoň, ene-atasy oňa: «Ol şor maňlaý garrynyň edeni ugruna däl, şonuň üçinem biz seniň başga gaýykda balyk tutanyňy isleýäs» diýdiler. Dogrudanam, täze ýer oglanjyga düşdi, ilkinji hepdede oňa üç sany gowy balyk tutmak başartdy. Gojanyň her gün yzyna boş gelýänini görmek oglanjyga ýokuş degýärdi, şol sebäpli garrynyň goş-golamyny, ýelkenini öýüne äkidişmek üçin her gün kenara gelerdi. Gäminiň ýelkeni ýama-ýamady, ol derbi-dagyn edilen goşunyň baýdagyna meňzemänem duranokdy.

Gojanyň mejaly gaçypdy, horlugyndan ýaňa ýeňsesi ýygyrt-ýygyrtdy. Günüň aşagynda işlemeli bolýandygy sebäpli ýaňaklarynda goňur tegmiller peýda bolup, olar aşaklygyna — boýnuna çenli uzap gidýärdi. Uly balyklary çekip çykaranlygy üçin ellerinde tanapyň salan ýara yzlary bardy, ýöne täze ýara yzlaryna gözüň düşenokdy. Olar çöldäki suwsuz galan takyryň jaýryklary ýaly örän gözgynydy. Onuň gözünden başga ähli zady garrapdy. Ýöne gözleri welin edil möwç urup ýatan umman ýaly boýun egmezekdi, şadyýandy.

— Santýago — diýip, kenara çykyp barýarkalar oglanjyk goja ýüzlendi. — Men seniň bilen ýene deňze çykjak. Sebäbi biz eýýäm biraz pul gazandyk.

Goja oglanjyga balyk tutmany öwredipdi, şonuň üçinem oglanjyk ony gowy görýärdi.

— Ýok — diýip, goja balykçy aýtdy. — Häzir seniň işleriň şowuna, şonuň üçinem o ýeri taşlap gaýtma.

— Ýadyňa düşýärmi, bir gezek segsen ýedi günläp deňze çykyp, hiç zat tutup bilmän gaýdypdyk, soňra üç hepdeläp yzly-yzyna balyk tutupdyk.

— Ýadyma düşýär — diýip, goja aýtdy. — Ýöne maňa ynamsyzlyk edip gitmändigiňi bilýärin.

— Gitmäge kakam mejbur etdi. Men entek ýaş, şonuň üçinem oňa gulak asmaly bolýan.

— Bilýän — diýip, garry aýtdy. — Başgaça bolubam bilmez.

— Ol saňa kän bir ynananok.

— Hawa — diýip, goja aýtdy. — Ýöne ikimiz welin ynanýas, şeýle dälmi?

— Elbetde. Isleseň, seni şerbet bilen hezzetläýin? Goş-golamlary soň äkidäýeris.

— Aý, näme — diýip, goja dillendi. — Eger balykçy balykça hezzet edesi gelýän bolsa…

Olar sekiniň üstüne geçip oturdy. Balykçylaryň köpüsi garrynyň üstünden gülýärdi, ýöne goja olardan öýke edip duranokdy. Uly adamlar oňa haýpygelijilik bilen seredýärdi, ýöne muny oňa bildirmän akym barada, çeňňegi haýsy çuňluga zyňmak barada, deňziň howasy barada hem-de deňizde nämeleri görendikleri barada mesawy gürrüň edýärdiler. Bu gün awlary şowuna düşen balykçylar eýýäm deňizden dolanyp gelipdi, balyklarynyň iç-goşuny döküp, iki sany agaja kese ýatyrypdylar-da, hersi bir ujundan tutup, balyk ammaryna äkidipdiler. Olary o ýerden sowadyjy ulaglaryň kömegi bilen Gawananyň bazarlaryna äkidýärdiler. Akula tutan balykçylar awlaryny aýlagyň beýleki tarypynda ýerleşýän kärhana tabşyrardylar; o taýda läşleri asyp, bagyrlaryny çykarardylar, ýüzgüçlerini keserdiler, derilerini soýardylar hem-de duzlamak üçin kiçijik böleklere bölerdiler.

Ýel gündogardan öwsen mahaly, bärik akula kärhanasynyň porsy ysyny alyp gelerdi; ýöne bu gün hiç hili ys-kok ýokdy, sebäbi şemal demirgazykdan öwüsýärdi. Birdenkä şemal tapba ýatdy, eýwan güneşli, ýakymlydy.

— Santýago! — diýip, oglanjyk ýüzlendi.

— Näme? — diýip, goja seslendi. Ol öz şerbetli bulguryna seredip, geçen günlerini ýatlaýardy.

— Ertire takgaz balyjaklaryny tutsam bolarmy?

— Hökman däl. Gowusy beýsbol oýna. Rojelio çenli kürekläp, özümem tor atyp biljek.

— Ýok, gowusy, men gideýin. Eger maňa seniň bilen balyk tutmak bolmaýan bolsa, onda başga işleriňe ýardam edesim gelýär.

— Sen maňa şerbet hödürlediň-ä — diýip, goja aýtdy. — Sen eýýäm ullakan adam bolupsyň.

— Meni ilkinji gezek deňze alyp gideniňde men näçe ýaşymdadym?

— Bäş. Sen şonda tas heläk bolupdyň. Men bir balygy çekip çykardym welin, ol gaýygy dyr-pytrak edip barýar, ýadyňdamy?

— Hawa, ýadyma düşýär, ol guýrugyny bulaýlap, çüýşäni döwdi, onsoň sen serdesse bilen onuň kellesine urduň hemem meni gaýygyň burçuna pyzyp goýberdiň. O taýda öl gurallar bardy, sen bolsa serdesse bilen, hamala, agaç çapýan ýaly balygy urýardyň. Daş-töwerege ganyň ysy ýaýrapdy.

— Dogrudanam, bar zat ýadyňdamy ýa-da bu zatlary soň gürrüň berdimmi?

— Meni deňze alyp gideniň bäri ähli zat ýadymda.

Garry Güne gyzaran gözleri bilen oňa ynamly, guwançly bakdy.

— Eger sen meň oglum bolan bolsadyň, onda seni ýanym bilen äkitmäge töwekgellik etmezdim. Ýöne seniň ejeň-kakaň bar, onsoňam häzir işleriň şowuna.

— Her niçik-de bolsa, men takgaz balyjaklarynyň yzyndan gideýin. Men olaryň dört sanysynyň nirede bardygyny bilýän.

— Meniň entek bu günki tutanlarymam bar, olary duzly gapyrjaga saldym.

— Men saňa olaryň dört sanysyny diri getirjek.

— Birem bolýar — diýip, goja garşy çykdy.

Ol hiç wagt geljege bolan umydyny, ynamyny ýitirmändi, ýöne häzir, hamala, deňizden sergin howa öwsen ýaly, bu zatlar hasam ýüreginde orun tutupdy.

— Ikisini — diýip, oglanjyk aýtdy.

— Bolýar, ikisini getiräý — diýip, goja ýan berdi. — Sen olary çilen-ä dälsiň?

— Gerek bolsa çilerdim, ýöne olary satyn aldym.

— Sag bol — diýip, goja aýtdy.

Özüniň ähli zada haçan boýun bolandygyny pikir ederden ol gaty sadady. Ýöne ol ähli zada kaýyl bolandygyny, onuň üçin utanmaly däldigini, onuň adamynyň mertebesini peseltmeýändigini bilýärdi.

— Eger akym üýtgemese, ertir gaty gowy gün bolar — diýip, garry aýtdy.

— Balygy nirede tutmakçy bolýaň?

— Kenardan uzagrakda. Daň bilen deňze çykaryn, howa ugruny üýtgeden badyna-da, yzyma dolanaryn.

— «Kenardan uzagraga gideli» diýip, menem ýanymdakyny yrjak bolaýyn. Eger çeňňegiňe ullakan balyk düşäýse, biz saňa kömekleşeris.

— Ýanyňdaky kenardan uzaklaşmanyny gowy görýär.

— Hawa — diýip, oglanjyk aýtdy. — Ýöne ol görer ýaly bir zatlar etjek bolaryn, bolmanda çarlaklar bar, onsoň ony kenardan daşlaşdyrsa bolar.

— Dogrudanam, onuň gözi gowy görenokmy?

— Kör diýseňem boljak.

— Geň zat. Ol hiç wagt pyşdyllaň yzy bilen gitmän-dä. Adamyny kör edýän şolar.

— Ýöne sen pyşdyllaň yzy bilen çirkeýli kenara birnäçe ýyl gidenem bolsaň, gözüň gaty gowy ahyryn.

— Men üýtgeşik goja.

— Eger ullakan balyga duçar bolsaň güýjüň ýeter öýdýäňmi?

— Ýetermikä diýýän. Bärde esasy zat — üşükli bolmaly.

— Ýör, goşlary öýe äkideli. Soňra men tory alyp, takgaz balyjaklarynyň yzyndan gitjek.

Olar gaýykdan goşlary çykardylar. Goja gäminiň bogaldagyny egnine alyp barýardy, oglanjygyň elinde bolsa agaç gapyrjak bardy. Onuň içinde uzyn tanap, gaňyrçak hemem garpun bardy. Meňli gapyrjak bilen serdesse gaýykda galdy, balyk suwdan çykarylanda serdesse bilen urlup seňsedilýärdi. Bärde gojany talajak adam ýokdy, ýöne yzgara çüýremez ýaly ýelken bilen balyk tutulýan gurallary öýde goýandan gowusy ýok. Goja ýerli halkyň özüni talamajagyny bilýärdi, ýöne «Garybyň maly gözüniň alnynda dursa ýagşy» diýlişi ýaly, iş gurallaryny öýde goýandan gowusy ýokdy.

Olar ýol bilen ýokaryk galyp, garrynyň külbesine girdiler. Garry bogaldagy şol durşuna diwara söýedi, oglanjyk bolsa goş-golamlary onuň ýanynda goýdy. Bogaldagyň boýy kepbäň boýy bilen deňeçer bolup, ol şa palmasynyň ýapragyndan örülendi, bärde ony «guano» diýip atlandyrardylar. Külbede krowat, stol, stul we toýun ýazylan polunda iýmitdir kömür ýygşyryp goýmak üçin ýer bardy. Otagyň goňur diwarlary süýümli ýapraklar bilen örülip, Isanyň hem-de Santa Maria del Sobreň suratlary bilen bezelendi. Bular oňa aýaly pahyrdan galypdy. Birwagtlar diwarda onuň aýalynyňam suraty bardy, ýöne soň garry ony aýyrdy, sebäbi oňa seretmek gaty ýürekgysgynçdy. Häzir surat çüňkdäki tekjede, arassaja köýnegiň aşagynda ýatyrdy.

— Agşamlyga nämäň bar? — diýip, oglanjyk sorady.

— Bir tabak balykly palaw. Iýjekmi?

— Ýok, men öýde naharlanaryn. Ot ýakaýynmy?

— Gerek däl. Birsalymdan özüm ýakaryn. Belki, palawy şol durşuna, sowuklygyna iýmegim mümkin.

— Toruňy alsam bolarmy?

— Elbetde.

Öýde hiç hili toruň ýokdugy oglanjygyň ýadyndady, ony birwagt satypdylar. Ýöne olaryň ikisem özüni, hamala, garryň tory bar ýaly alyp barýardy. Hiç hili balykly palawam ýokdy, oglanjyk munam bilýärdi.

— Segsen bäş — bu meň gowy görýän sanym — diýip, garry aýtdy. — Ertir men müň funtlyk balyk tutaryn.

— Men tory çykaryp, takgaz balyjaklaryny alyp geleýin. Sen bolsa oňa çenli gapyň agzynda otur, bärsi ýyljak.

— Ýagşy. Meniň düýnki gazetim bolmaly. Beýsbol barada okaýyn.

Oglanjyk, hakykatdanam, garryda gazetiň bardygyny-ýokdugyny bilenokdy. Ýöne goja, dogrudanam, krowatyň aşagyndan gazet çykardy.

— Muny maňa dükandakam Periko berdi — diýip, goja düşündirdi.

— Men takgaz balyjaklaryny tutan badyma yzyma dolanaryn. Seniň ýeriňde-de, öz ýerimde-de buz goýaryn, ertir bölüşeris. Yzyma dolanyp gelemde bolsa, sen maňa beýsbol barada gürrüň berersiň.

— Ýankiler ýeňlip bilmez.

— Olary Kliwlendiň «Indeýesleri» ýeňäýmese!

— Gorkma, oglum. Beýik Di Majiony ýadyňa sal.

— Men diňe bir «Indeýesleriň» aladasyny edemok, Detroýtyň «Gaplaňlarynyňam» aladasyny edýän.

— Beýle bolsa sen bahym Sinsinnatiniň «Gyzyl tenlileri» bilen Çikagonyň «Ak joraplarynyňam» aladasyny edersiň.

— Gazetiňi oka, gelemde gürrüň berersiň.

— Eger segsen bäşinji belgili lotereýa petegini alsak nähili görýäň? Sebäbi ertir segsen bäşinji gün.

— Näme üçin satyn almaly däl? — diýip, oglanjyk aýtdy. — Belki, segsen ýedinji belgilini alarys? Sebäbi geçenki gezek segsen ýedi güne çekipdi.

— Hiç zat iki gezek gaýtalananok. Sen segsen bäşinji belgili petegi tapyp bilermiň?

— Buýraýaryn.

— Onuň bahasy iki ýarym dollar bolmaly. Muny nireden karz alsakkak?

— Bu hiç-le! Bujagaz puly men hemişe-de karz alyp bilerin.

— Muny menem karz alyp bilerdim, ýöne bergi etmejek bolýan. Sebäbi ilki karz sorap ugraýaň, soň bolsa sadaka…

— Seret, birden üşäýme, garry. Häzir sentýabr aýydygyny unutma.

— Sentýabrda balyklar ulalýar. Maý aýy balygy her kesem tutup bilýär.

— Men takgaz balyjaklaryny alyp geleýin — diýip, oglanjyk gitdi.

Oglanjyk dolanyp gelende Gün eýýäm ýaşypdy, garry bolsa kürsiniň üstünde, oturan ýerinde uklap galypdy. Oglanjyk krowatdan köne esger ýapynjasyny syryp aldy-da, garrynyň arkasyna atyp, eginleri bilen basyrdy. Onuň täsin eginleri bardy, garrydygyna garamazdan gujurlydy, boýnam gaty berkdi. Garry ýatyrka ýüzüniň ýygyrtlary o diýen bildirip duranokdy. Onuň köýnegem edil ýelkeni ýaly ýama-ýamady, ýamalary bolsa Günüň aşagynda gyradeň saralmanlygy üçin her dürli öwüşgindedi. Her niçik-de bolsa, gojanyň ýüzi gaty garry görünýärdi hemem gözi ýumulgy ýatyrka jansyz ýalydy. Onuň dyzynyň üstünde gazet bardy, şemal gaçyrmaz ýaly ony tirsekleri bilen saklap durdy. Aýaklary ýalaňaçdy. Oglanjyk ony oýarman gitdi, gaýdyp gelende onuň şol ýatyşydy.

— Oýan! — diýip aýtdy-da, oglanjyk onuň dyzynyň üstünde aýasyny goýdy.

Goja gözlerini açdy hem-de birnäçe sekunt aňka-taňka bolup oturdy. Soňra ýylgyrdy.

— Näme getirdiň?

— Agşamlyk. Häzir naharlanarys.

— Men o diýen ajygyp baramok.

— Gel naharlanaly, aç halyňa balyk tutup bilmersiň.

— Balyk tutup görüpdim — diýip, goja ýerinden turdy-da, gazeti epledi, soňra ýapynjany eplemäge durdy.

— Ýapynjany egniňden aýyrma — diýip, oglanjyk aýtdy. — Diri bolsam saňa aç garna balyk tutdurman.

— Beýle bolsa özüňi aýap sakla-da, uzak ýaşajak bol — diýip, garry aýtdy. — Näme iýeris?

— Noýbaly palaw, gowrulan banan hemem buglanan sygyr eti.

Oglanjyk olary daşyndaky naharhanadan demir tabaklara salyp getiripdi. Çarşakdyr pyçak jübüsindedi hemem olaryň her biri aýratyn kagyz bilen örtülendi.

— Bu zatlary saňa kim berdi?

— Martin, naharhanaň hojaýyny.

— Oňa sagbolsun aýtmaly.

— Alada etme, men eýýäm aýtdym — diýip, oglanjyk jogap berdi.

— Oňa balygyň iň süýji ýerini bererin — diýip, goja aýtdy. Ol bize birinji gezek kömek edenok.

— Ýok, birinji gezek däl.

— Beýle bolsa, bu onuň üçin az bolar, sebäbi ol bize gaty kän kömek etdi.

— Ol bu gün bize şerbedem berdi.

— Men ähli zatdan beter gaplanan şerbedi gowy görýän.

— Bilýän. Ýöne ol bu gün çüýşä gaplanan şerbedi berdi. Men çüýşeleri yzyna tabşyrjak.

— Sag bol — diýip, goja aýtdy. — Onda näme, iýip-içelimi?

— Men köp wagtdan bäri saňa garaşyp otyryn — diýip, oglanjyk mylaýymlyk bilen aýtdy. — Seniň turaryňa garaşyp, nahar sowaýmasyn diýip, tabaklaryň agzynam açman otyryn.

— Alyber. Men ýuwunmasam boljak däl.

«Bu nirede ýuwunjakka? — diýip, oglanjyk pikirlendi. — Granda çenli iki köçe ýol aşmaly. Muňa suw, sabyn hemem gowuja süpürgiç getirmeli ekenim. Näme üçin bu barada ozal oýlanmadymkam? Muňa täze köýnek, gyşda geýer ýaly penjek, nähilidir bir aýakgap hem ýene bir ýapynja gerek».

— Et süýji bişipdir — diýip, goja öwdi.

— Maňa beýsbol barada gürrüň bersene — diýip, oglanjyk haýyş etdi.

— Amerikalylaryň toparynda edil meniň ýaly «Ýankiler» ýeňiji bolýar — diýip, goja özünden hoşal ýagdaýda gürrüňe başlady.

— Hawa, ýöne bu gün olardan üstün çykdylar.

— Bu hiç. Oňa derek beýik Di Majio ýene öňki güýjüne geldi.

— Toparda onuň ýeke özi däl ahyryn.

— Dogry. Ýöne oýnuň netijesi şoňa bagly. Ikinji ligadaky bruklinliler bilen filadelfiýalylar ýadyňdamy? Mümkinçilik diňe bruklinlilerde bardy. Umuman, Dik Saýzler ýadyňdamy? Köne seýilbagda oýnanlarynda onuň top depişini diýsene!

— Gaty gowy depýärdi! Ol ähli kişiden uzaga depýärdi.

— Onuň eýwanymyzyň öňünden geçip gidişi ýadyňdamy? Men ony balyk tutmaga çagyrasym geldi, ýöne utandym. Ony çagyrmagy senden haýyş etdim, ýöne senem utandyň.

— Ýadymda. Men utanyp samsyklyk edipdirin. Birden ol razylaşan bolanlygynda, ömrümiziň ahyryna çenli ýatlama bolup galardy.

— Deňze beýik Di Majiony alyp gidäýseň — diýip, garry aýtdy. — Aýdyşlaryna görä, onuň kakasy balykçy bolupdyr. Kim bilýär, belki, olam birwagtlar biziň ýaly garyp bolandyr, şonuň üçinem razylaşmagy gaty mümkin.

— Beýik Saýzleriň kakasy hiç wagt garyp bolmandyr. Ol meniň ýaşymdaka gaty gowy toparda oýnapdyr.

— Men seniň ýaşyňdakam deňizçiniň şägirdi bolup, ýelkenli gämi bilen Afrikanyň kenarlarynda ýüzýärdim hem-de gijelerine ýolbarslaryň awa çykyşyny synlardym.

— Muny gürrüň beripdiň.

— Ýogsa-da, näme barada gürrüň edeli: Afrika hakdamy ýa beýsbol?

— Gowusy, beýsbol barada. Maňa beýik Jon Mak-Grou hakda gürrüň bersene.

— Olam öňler bärik gelerdi. Ýöne serhoş wagty onuň bilen gepiň alyşjak gümanyň ýok. Onuň bar küýi — beýsbol bilen atlaryň ýaryşy. Telefonyň başyna geçip, haýsy atyň ýeňiji boljakdygy barada pal atyp oturandyr.

— Ol beýik tälimçidi — diýip, oglanjyk aýtdy. — Kakam onuň dünýäniň iň beýik tälimçisidigini aýdýar.

— Sebäbi ol ony beýlekilerden kän görýärdi. Eger bärik her ýyl Dýuroşe gelen bolsa, kakaň ony dünýäniň iň beýik tälimçisi hasaplardy.

— Seniň pikiriňçe, iň beýik tälimçi kim? Lýukmi ýa-da Maýk Gonsales?

— Meniň pikirimçe, olar biri-birinden pes däl.

— Ýöne dünýäniň iň gowy balykçys-a sen.

— Ýok. Men özümden has gowraklaryny tanaýardym.

— Ähtimal — diýip, oglanjyk aýtdy. Dünýe giň, gowy balykçylar köp, ýöne sen ýalysy hiç ýerde ýok.

— Sag bol, şeýle pikirdedigiňe begenýän. Ýöne indiden beýläk juda uly balyk duşmaz diýip umyt edýän, ýogsa menden göwnüň geçäýmegi mümkin.

— Öňki güýjüň bar bolsa, bu dünýäde saňa eýgertmejek balyk bolmaz.

— Öňkümden biraz güýçden gaçan bolmagym mümkin, ýöne ukyp-başarnygym, çydamlylygym ýeterlik.

— Ertire çenli güýç toplaryň ýaly, ýat-da dynjyňy al. Men bolsa gap-gaçlary äkideýin.

— Bolýar, gijäň rahat bolsun. Seni ir bilen oýararyn.

— Sen meniň edil jaňly sagadym ýaly — diýip, oglanjyk aýtdy.

— Adam garradygyça ukudan gaçýar. Näme üçin olar aladaňdan oýanýarka… ýa günleriniň uzaga çekenini isleýärmikä?

— Bilmedim. Ýöne ýaşlaryň gaty berk we uzak ýatýandyklaryn-a bilýän.

— Ýadymda — diýip, garry aýtdy. Men seni wagtyndajyk turzaryn.

— Hamala, men ol adamça ýok ýaly, näme üçindir başga biri turuzsa halamok.

— Düşünýän.

— Gijäň rahat bolsun, garry.

Oglanjyk gitdi. Olar çyrany ýakman naharlanypdylar, şonuň üçinem garry jalbaryny çykardy-da, ýatmak bilen boldy. Ol galak-gaçak zatlary dolaşdyrdy-da, onuň içine gazetem oklap, ýassyk deregine kellesiniň aşagynda goýmak üçin düwüşdirdi. Soňra ýorgança dolandy-da, krowatyň üstüne düşek ýerine ýazylan gazetleriň üstüne özüni oklady. Ol basym uklady hem-de düýşüne ýaşlyk döwri, Afrika girdi — onuň uzyn altynsow kenarlary, gözüňi gamaşdyrýan ýalpak suwlary, beýik kert gaýalary hemem äpet çal daglary bardy. Ol indi her gije Afrikanyň kenarlaryna çykýardy, düýşünde tolkunlaryň sesini eşidip, ýerli adamlaryň gaýykly kenarlara çykyşyny görýärdi. Ol ýene düýşünde palubadan gelýän şepbikdir çüpregiň hem-de daň şemalynyň kenarlardan getirýän Afrikanyň ysyny aldy. Adatça, ol bu ysy alan badyna oýanardy hem-de egin-eşigini geýip, oglanjygy oýarmaga giderdi. Ýöne häzir ol bu ysy gaty ir duýdy hem-de munuň düýşündedigine düşündi. Şonuň üçinem ol deňizden akjaryp görünýän gaýalaryň başyny, Kanar adalarynyň kiçiräk aýlaglaryny görmek üçin ýene-de gözlerini ýumdy. Indi onuň düýşüne apy-tupanlaram, zenanlaram, beýik wakalaram, ägirt balyklaram, uruşdyr sögüşlerem, ýaryşlaram, hatda aýaly hem girenokdy. Ol düýşünde diňe uzakda galan ýurtlary hem-de kenarýakalaryna çykan ýolbars çagalaryny görýärdi — olar pişik çagalarynyň iňrik garalanda basalaşyp oýnaşlary ýaly kowalaşýardylar. Ol olary edil oglanjygy gowy görşi ýaly gowy görýärdi, ýöne hiç wagt oglanjyk onuň düýşüne girmeýärdi.

Birdenkä goja oýandy, açyk gapydan Aýy synlady, soňra jalbaryny alyp geýdi. Külbesinden çykyp işini bitirdi-de, oglanjygy oýarmak üçin ýol bilen ýokarlygyna gitdi. Säheriň salkyny ony birneme üşütdi. Ýöne basym ol gaýyk kürekläp, gyzyşjakdygyny bilýärdi. Oglanjygyň ýaşaýan öýüniň gapysy açykdy, garry ýalaňaç aýaklaryny ýuwaşlyk bilen basyp öýe girdi. Oglanjyk birinji otagdaky krowatda ýatyrdy, garry ony Aýyň düşýän solgun ýagtysyna synlady hem-de ýuwaşlyk bilen onuň aýagyndan tutdy-da, tä oglanjyk oýanyp, arkasyna öwrülip özüne seredýänçä goýbermedi. Goja oňa baş atdy, oglanjyk krowatyň ýanynda duran oturgyçdan balagyny aldy-da, ýuwaşlyk bilen geýmäge durdy.

Garry öýden çykdy, onuň yzyndan bolsa oglanjyk. Ol entegem doly oýananokdy, şonuň üçinem goja onuň egninden gujaklady-da, şeýle diýdi:

— Meni bagyşla.

— Etjek alajyň ýok — diýip, oglanjyk aýtdy. — Erkekleriň takdyry şeýle.

Olar köçeden aşaklygyna — garrynyň külbesine bakan ýöneldiler, aladaňdanyň garaňkysynda olaryň öňünden gämileriniň bogaldagyna göterip gelýän aýakýalaňaç adamlar çykýardy.

Külbä gelip oglanjyk içi ýumakly, gaňyrçakly sebedi aldy, goja bolsa daşyna ýelken oralan bogaldagy egnine atdy.

— Kofe içjekmi? — diýip, oglanjyk sorady.

— Ilki gurallary gämä ýükläli, soňra içäýeris.

Olar balykçylara gaty ir hyzmat edýän garbanyşhanada kofe içmäge oturdylar.

— Gowy ýatdyňmy, goja? — diýip, ukudan açylyp ugran oglanjyk sorady, ýöne onuň henizem ýatasy gelýärdi.

— Örän gowy, Manolin. Bu gün awumyň şowly boljagyna ynanýan.

— Menem — diýip, oglanjyk aýtdy. Men häzir takgaz balyjaklarymyň hem-de seniň diri balyklaryň yzyndan gideýin. Ýoldaşym gurallaryny özi daşaýar, sebäbi başga biri elini degirse halanok.

— Bizde bolsa beýle däl. Men saňa öz gurallarymy tas bäş ýaşyňdan bäri ynanyp gelýän.

— Bilýän — diýip, oglanjyk aýtdy. — Garaş, men derrew gelerin. Ýene kofe içiber, bärde bize karzyna berýärler.

Ol aýakýalaňaç merjen gaýalaryndan geçip, diri balyklaryň saklanýan ýerine tarap ugrady.

Garry kofesini az-azdan owurtlaýardy. Ol kofeden doýaýmasa, bu gün başga zat iýmejegini bilýärdi. Ol birwagtdan bäri nahar iýmäni halamazdy, şonuň üçinem hiç wagt ýany bilen deňze ertirlik äkitmezdi. Onuň gaýygynyň burnunda bir çüýşe suwy bolup, agşama çenli şonuň bilen oňňut ederdi. Oglanjyk takgaz balyjaklaryny hem-de diri balyjaklary gazete dolap, yzyna geldi. Olar ýodajyk bilen aşak — suwa indiler, aýaklarynyň aşagyndaky çagyl süýşýärdi. Gaýygy galdyryp, suwda goýdular.

— Şowlulyk arzuw edýän, goja!

— Saňa-da.

Garry kürekleriň ýüp halkalaryny gaýyga berkidilen demre ildirdi-de, öňe eglip, garaňkynyň içinde gaýygyny duralgadan çykarmaga durdy. Beýleki duralgalardanam gaýyklar çykýardy. Aý baýyrlygyň aňyrsynda gizlenenligi sebäpli garry olary görüp bilenokdy, ýöne kürekleriň suwa inip-çykyşyny eşidýärdi. Wagtal-wagtal bolsa gaýyklardan adamlaryň seslerem gelýärdi. Ýöne käwagtlar kürekleriň sesi eşidilýär diýäýmeseň, gaýyklaryň köpüsinde ümsümlik höküm sürýärdi. Aýlagdan çykan gaýyklaryň hersi bir tarapa gitdi, sebäbi her bir balykçynyň umyt edýän islegli ýeri bardy.

Goja kenardan uzaga gitmegi ýüregine düwüpdi, şonuň üçinem ol kenardan gelýän yslary yzda galdyryp, ummanyň tämiz howasyna tarap ýüzüp ugrady. Ol balykçylaryň «Beýik guýy» diýen ýerine ýetende, suwuň düýbündäki suwotularyň ýaldyraýandygyna gözi düşdi. Deňziň bu ýeri birdenkä ýedi ýüz gulaja deňeç çuňalyp, aýlanyp duran girdaby emele getirerdi, şonuň üçinem bärik her dürli balyk ýygnanardy. Olaryň içinde deňiz leňňeçleriniň ullakan sürüsi bilen owunjak balyjaklaram bardy, suwuň iň çuň ýerinde bolsa käwagtlar karakatisalar üýşerdi hem-de gijelerine ýokary galyp, ykmanda balyklara şam bolardylar.

Garry daňyň agaryp ugrandygyny duýdy, suwy kürekläp barýarka howada şuwwuldy eşidilip ugrady — bu uçýan balyklaryň howada galgaýan ganatlarynyň sesidi. Ol bu balyklary gowy görerdi, olar onuň ummandaky iň ýakyn hemrasydy. Ol guşlaram gowy görerdi hem-de iýmitiň gözlegine çyksa-da, hiç mahal diýen ýaly ony tapmaýan ejizje deňiz garlawaçlaryna rehimi inip, şeýle diýerdi: «Eger garaguşlary we beýleki uly guşlary hasap etmeseň, bularyň durmuşy biziňkiden has kyn. Näme üçin guşlar şu deňiz garlawaçlary ýaly ejizje we gowşak ýaradyldyka? Deňiz rehimdar hem ajaýyp, ýöne käwagtlar birdenkä gahar-gazaba münýär welin, aw awlamak üçin onuň üstünde kä uçup, kä suwa çümüp ýören guşlar bir-birini çagyryp gygyryşanlarynda hasam ejiz görünýärler». Deňzi gowy görýän ispanlar ýaly, ol öz ýanyndan ony «La mar» diýip atlandyrardy. Käwagtlar deňizçiler o barada ýaramaz zadam aýdaýýardylar, ýöne edil zenanlar hakynda gürrüň edýän ýaly juda joşgunly gepleýärdiler. Akulanyň bagrynyň gymmatlan döwri motorly gaýyklaryny satyn alan ýaş balykçalar oňa erkek kişi hökmünde garap, «El mar» diýip atlandyrardylar hem-de ony garşydaşlary, käwagtlar bolsa duşmanlary hökmünde görerdiler. Garry bolsa ony keremli merhemetini eçilýän, käwagtlar bolsa ep-esli wagtlap ýüzüni turşadyp gezýän aýallara meňzederdi. Hawa-da, etjek alajyň ýok, olaryň tebigaty şeýle-dä.

«Edil aýallary tolgundyryşy ýaly, Aý deňzi ynjalyksyzlandyrýar» diýip, garry öz ýanyndan oýlandy.

Ol suwy ýuwaşlyk bilen kürekleýärdi, sebäbi akymyň käbir ýerleri diýäýmeseň, ummanyň ýüzi tekizdi. Suwuň akymyny ulanyp, ol ep-esli ýüzdi hem-de jahan ýagtylyp ugranda barmaly ýerinden has uzagrakdan çykandygyny bildi.

«Men suwuň çuňlugynda bir hepde bäri aw etsemem, hiç zat tutup bilmedim. Ýöne bu gün bagtymy bonito we albakore sürüsiniň gezýän ýerinde synap görjek. Belki, bärde ullakan balyga duşaryn» diýip, garry içinden oýlandy.

Entek jahan doly ýagtylmadygam bolsa, garry eýýäm çeňňeklerini suwa oklap, suwuň akymy bilen ýuwaşjadan ýüzüp barýardy. Çeňňege ötürilen diri balyklaryň biri kyrk, beýlekisi ýetmiş bäş, üçünji we dördünji bolsa ýüz, ýüz ýigrimi bäş gulaç deňziň düýbündedi. Balyklaryň kellesi aşak bolup, gaňyrçaga berk baglanandy, onuň ujunda bolsa täzeje takgaz balyjaklar bardy. Gaňyrçaklara ýakynlaşan her bir balyk onuň işdä açyjy ysynyň bardygyny duýmalydy. Oglanjyk garra iki sany täzeje tunes getirip beripdi, ol hem olary iň uzyn ýüpli çeňňeklerine dakypdy, beýleki ikisine bolsa uly gök makrel bilen sary umbrisa ildiripdi. Ol bulary öňki gezek ulananam bolsa, entegem gaty gowy ýagdaýdadylar, takgaz balyjaklary bolsa olara ýakymly ysdyr özüne çekijilik berýärdi. Galamyň ýogynlygy ýaly ýüpleriň her biri maýyşgak çybyga berkidilip, olaryň her biriniň yzynda bir-birine çatylan kyrk gulaç ätiýaçlyk ýüpleri bardy hem-de gerek bolan ýagdaýynda çeňňege düşen balygy üç ýüz gulaçdanam gowrak goýberip bolýardy.

Garry çeňňeklerini synlap, ýuwaşlyk bilen suwy kürekläp barýardy. Jahan gowy ýagtylyp, Gün şöhlelerini görkezip ugrady. Garry töwereginde başga-da balykçylaryň bardygyny gördi; olar suwuň aşak ýanynda, kenara ýakyn durdylar. Gün hasam ýokary galyp, onuň deňze düşýän şöhleleri gözüňi gamaşdyryp ugrady, şonuň üçinem garry suwa seretmän ýüzüp ugrady. Ol suwuň çuňlugyna — ýüpleriň gidýän ýerine seredýärdi. Beýleki balykçylaryňka garanyňda onuň ýüpleri elmydama göni aşaklygyna gidip, balyklar üçin aldawajynyň nirede durandygyny kesgitläp bilýärdi. Beýleki balykçylaryň ýüpleri suwuň akymyna gidip, ýüz gulaç aşakda hasap edýän hem bolsalar, käwagtlar olaryň çuňlugy altmyş gulaçdan geçmezdi.

«Men öz gurallarymy örän dürs oklaýan. Şonda-da meniňki şowuna bolanok. Ýöne, kim bilýär, belki, bu gün bagt ýylgyryp bakar? Her gün bolmasa-da, elbetde, adamyňky şowuna bolup dursa ýagşy. Ýöne bagt gelen wagty taýyn bolar ýaly, öz işiňe hökman dürs bolmaly» diýip, garry öz ýanyndan oýlandy.

Gün naýza boýy ýokary galyp, indi gündogara seretmek onçakly kyn däldi. Häzir diňe üç sany gaýyk görünýärdi; bärden seredeniňde olar suwuň pesinde oturan ýaly, hamala, kenardan arany üzmedik ýalydy.

«Daň şapagy ömürboýy gözlerimi gamaşdyryp geldi. Şeýle-de bolsa olar entek gowy görýär. Agşamlaryna Günüň şöhleleri has güýçli bolsa-da, oňa sereden çagym gara tegmiller gözümiň öňünde gaýmalaşanoklar. Ýöne daň säheriniň şapagy gözümi gamaşdyrýar» diýip, garry oýlandy.

Edil şol wagt ol fregat guşuny gördi, ol uzyn, gara ganatlaryny ýaýyp, asmanda aýlanyp ýördi. Birdenkä guş ganatlaryny ýygryp, suwa tarap gaýtdy, soňra ýene ýokaryk galyp, aýlanmaga durdy.

— Ol biderek ýere aýlanmaz, awuň bardygyny duýan bolmaly — diýip, garry seslendi.

Garry gaýygyny ýuwaşlyk bilen guşuň aýlanýan ýerine tarap sürüp ugrady. Ol ýüpleriň dik aşak gitmegini hem ünsden düşürenokdy. Şeýle-de bolsa gaýyk suwuň akymyndan çalt gidýärdi, guşa gözi düşen garrynyň howlugýandygy bildirýärdi.

Fregat ýokaryk galyp, ganatlaryny giňden açdy-da, ýene-de suwuň üstünde aýlanmaga durdy. Ol birdenkä özüni bat bilen suwa urdy, şonda garry uçýan balygyň suwdan zyňlyp çykandygyny hem-de deňiz tekizliginiň üstünden umytsyzlyk bilen geçip gidendigini gördi.

— Makrel — diýip, garry gygyrdy. — Ullakan, gyzyl makrel.

Ol küreklerini suwdan çykardy-da, gaýygyň burun tarapyndan çeňňegini aldy hem-de ýüpüň ujundaky kiçiräk gaňyrçaga takgaz balyjaklarynyň birini ildirdi. Soňra ýüpi suwa atdy-da, onuň ujuny gaýygyň ýeňse tarapyna berkidilen halka daňdy. Ol ýene bir çeňňege balyk ildirdi-de, kölegeli bir ýerde goýup, eline küreklerini aldy hem-de indi suwuň has ýüzünde aýlanyp ýören uzyn ganatly gara guşy synlamaga durdy. Guş ýene-de ganatlaryny ýygryp, özüni suwa urdy, soňra uçýan balygy tutjak bolup, aljyraňňylyk bilen onuň yzyndan kowdy. Şol wagt suwuň ýokarsy gümmerçekläp, çalaja ýokary galdy — bu gyzyl makreliň özünden gaçyp barýan balygy kowalaýandygyny aňladýardy. Uçýan balyk suwa çümen mahaly onuň öňünde bolmak niýeti bilen makrel juda uly tizlik bilen suwy kesip geçdi.

«Görýän welin, o taýda makrelleriň uly sürüsi bar öýdýän — diýip, garry oýlandy. — Olar bir-birlerinden juda üzňe ýüzýär, şonuň üçinem halas bolmak mümkinçilikleri gaty az. Olary guşlaram tutup bilmez, sebäbi uçýan balyklar fregatlar üçin juda uly hem-de olar gaty çalt hereket edýärler».

Garry uçýan balygyň suwdan zol-zol zymdyrylyp çykyşyny, guşuň bolsa ony çemesizlik bilen tutjak bolşuny synlaýardy.

«Makrel menden gaçyp sypdy — diýip, garry oýlandy. — Ol juda gaty ýüzüp, uzaklara gidendir. Ýöne, belki, maňa sürüden gaçyp galan makrel gabat geler? Belki, onuň töwereginde meniň ullakan balygym hem ýüzüp ýörendir? Ol bir ýerlerde bolmalydyr ahyryn».

Indi ýokardaky bulutlar dag gerişlerini ýadyňa salyp, kenar bolsa çalymtyl-mawy depeli gök zolaga meňzeýärdi. Suw gara-gök, benewşe reňkde diýen ýalydy. Goja suwa sereden wagty deňziň garaňky çuňlugynda planktonlaryň Gün şöhlesine täsin ýagdaýda öwşün atyşyp durandygyny gördi. Ol çeňňekli ýüpleriniň suwa göni gidýändigini ýa-da gitmeýändigini synlaýardy hem-de onuň töwereginde gaty köp planktonyň bardygyny görüp begendi, sebäbi bu balygyň bardygyny aňladýardy. Gün ýokary galypdy, onuň suwa düşýän täsin ýalkymy hem-de ýokarda asylyp duran bulutlaryň keşbi howanyň gowy boljagyndan habar berýärdi. Guş eýýäm uzaklara gidipdi, suwuň ýüzünde bolsa Güne ýanan sap-sary sargas suwotularyndan, öwşün atýan melewşe reňkli goýy köpürjiklerden hem-de gaýygyň ýanynda ýüzüp ýören portugal fizalyndan başga zat görnenokdy. Fizal bir gapdalyna agdaryldy, soňra bolsa ýene öňki ýagdaýyna geldi. Ol, göýä, sabyn köpürjigi ýaly Gün şöhlesine ýaldyrap, hezil edip ýüzýärdi hem-de bir ýarda golaý ölüm howply, uzyn, melewşe reňkli murtlaryny özi bilen äkidip barýardy.

— Haý, deýýus! — diýip, goja seslendi.

Ol suwy ýeňiljek kürekläp, suwuň düýbüne seretdi hem-de ol ýerde melewşe reňkli kiçijik balyklaryň bardygyny gördi. Olar onuň murtlaryna gaty golaý barsalaram, onuň awusy olara kär edenokdy. Adamlar babatda welin beýle däl, haçan-da, şunuň ýaly murtlar ýüplere ýapyşyp, goja hem çeňňegine düşen balygyny çykarjak bolan wagty, hamala, awuly çyrmaşygy ellän ýaly, elleri tirseklerine deňeç dym gyzyl bolardy hem-de onuň awusy dessine bildirip, edil gamçynyň urgusy ýaly, ýüregiňden parran geçerdi. Älemgoşar ýaly öwşün atýan köpürjikler örän owadandy. Ýöne olar deňziň iň mekir ýaşaýjylarydy, şonuň üçinem ullakan deňiz pyşdyllarynyň olary iýşini garry hezil edip synlardy. Pyşdyllar fizallary gören batlaryna olaryň öň tarapyndan barardylar, soňra gözlerini ýumup (bu olary batyrgaý edýär), olary murtlary bilen bilelikde iýerdiler. Bu tomaşany synlamak goja ýarardy; apy-tupan sowlansoň, deňziň kenaryna çykan fizallary gabarçakly dabanlary bilen basyp ýaryp, olaryň sesine diň salmagam halardy. Ol ýaşyl pyşdyllary owadanlygy, çalasynlygy hem-de gymmat bahalydygy üçin gowy görerdi, ýöne söýgi oýunlarynda gaty ynjyk, tagaşyksyz, samsyk sary pyşdyllary welin ýigrenerdi. Ol köp ýyl balykçylar bilen pyşdyl awlamaga gidenem bolsa, beýleki adamlar ýaly olara bolan gorky-ürküsi ýokdy. Agramy bir tonna barabar, uzynlygy gaýyk ýaly «Luty» diýip atlandyrylýan äpet pyşdyllara-da ol nebsagyryjylyk bilen garardy. Adamlaryň aglabasy olara daşýüreklik bilen serederdi, ýöne ony heläk edip, böleklere böleniňden soňam pyşdylyň ýüregi urar durardy.

«Ýöne meniňem ýüregim şolaryňky ýaly ahyryn — diýip, garry oýlandy. — Aýaklarymdyr ellerim bolsa olaryň penjelerine meňzeýär».

Goja güýç toplamak, sentýabr, oktýabr aýy, ýagny balyklaryň ýetişýän wagty taýýar bolmak üçin ak pyşdyllaryň ýumurtgasyny iýerdi. Mundan başga-da, saraýda saklaýan uly çelekdäki akulanyň bagrynyň ýagyndan her gün bir käse içerdi. Ol ýagdan her bir adam peýdalanyp bilerdi. Balykçylaryň köpüsine ol ýag ýürekbulanç bolup görnerdi, ýöne ony içmek aladaňdan ýorgandan çykandan kyn däldi, onsoňam ol dümewden gorap, gözleriň üçinem peýdalydy.

Garry asmana seredip, fregatyň ýene-de deňziň üstünde aýlanyp ýörenini gördi.

— Balyk tapypdyr öýdýän — diýip, ol seslendi.

Deňziň tekizligini uçýan balyklaram, kiçijik balyklaram bozanokdy, suwuň güberçekläp ýokary galýan ýerlerem ýokdy. Ýöne birdenkä howa kiçeňräk tunesiň galandygyna hem-de beýlesine öwrülip, deňze girip gidendigine garrynyň gözi kaklyşdy. Ol Günüň şöhlesine kümüş ýaly ýaldyrap gitdi. Onuň yzy bilen beýleki tuneslerem ýokary galyp, çar tarapa böküşip ugradylar, olaryň zarbyna suw köpürjikläp, owunjak balyklar uzaklara zyňlyp gidýärdi. Tunesler balyjaklaryň daşynda aýlanýardy hem-de olary öňlerine salyp kowalaýardylar.

«Guşlar balykçylaryň wepaly kömekçileri. Eger basymrak ýüzmeseler, basym olaryň yzyndan ýeterin» diýip, garry tunesleriň suwy şapyrdadyp ak köpük edişlerine, fregatlaryň bolsa suwa özlerini urup balyk awlaşlaryna, soňra bolsa tuneslerden gorkup derrew ýokary galyşlaryna syn edip oturyşyna oýlandy.

Şol wagt garrynyň aýagyna saran gysgajyk çeňňekli ýüpi çekildi. Ol küreklerini taşlady-da, ýüpüň ujundan tutup, ýuwaşlyk bilen çekip ugrady. Görnüşine görä, çeňňege kiçiräk tunes düşen bolmaly. Ýüp gitdigiçe dartylyp ugrady hem-de balygyň göm-gök arkasydyr ýaldyrap duran gyzyl garny göründi. Garry ony eliniň golaýyna çenli çekdi-de, gaýygyň üstüne oklap goýberdi. Dykyzja balyk gaýygyň yz tarapynda guýrugyny şapyrdadyp ýatyşyna, manysyz gözlerini petredip, durmuş bilen hoşlaşýardy. Garry onuň bolup ýatyşyna dözmän kellesine urup çaşyrdy-da, aýagy bilen bir gyra itip goýberdi. Soňra bolsa:

— Albakore — diýip seslendi. — Mundan gaty gowy aldawaç çykar. Ol on funtdan az bolmaly däl.

Garry öz-özi bilen haçan gürleşip ugrandygyny ýadyna salyp bilmedi. Öňler ol ýeke galanda aýdym aýdardy. Onda-da käwagtlar — gijelerine ýelkenli gämide nobatçy bolanda ýa-da pyşdyl awlaýan wagtlary. Oglanjyk ýanyndan gidip, bütinleý ýeke galandan soň, öz-özi bilen gürleşip ugran bolmagam ähtimal — häzir onuň ýadyna düşenok. Ýöne ol oglanjyk bilenem zerur ýagdaý bolmasa, gürrüň etmezdi ahyryn. Diňe gijelerine ýa-da harasatly günlerde işsizlik sebäpli gürrüň edilerdi. Sebäbi deňizde zerur ýagdaý bolmasa gürrüň edilenokdy. Garry bu däbe hormat goýýanam bolsa, öz pikirlerini eýýäm birnäçe gezek daşyndan aýdypdy.

— Eger-de biri öz-özüm bilen gürleşýändigimi eşidäýse, maňa akylyndan azaşandyr öýder — diýip, garry aýtdy. — Ýöne meniň akylym ýerinde, şonuň üçinem meniň bilen kimiň näme işi bar? Hawa-da, baý adamlaryňkydan gowusy ýok, sebäbi olaryň gürleşer ýaly radiolary bar. Ol bolsa olara beýsbol baradaky täzelikleri aýdyp berýär.

«Ýöne indi beýsbol barada pikir etmegiň wagty däl — diýip, garry öz-özüne aýtdy. — Indi diňe bir zat barada — näme üçin bu dünýä gelendigimiň pikirini etmeli. Belki, şu tunes sürüsiniň töwereginde meniň uly balygym hem ýüzüp ýörendir. Men diňe albakoreleriň birini, onda-da sürüsinden azaşyp galanyny tutup gördüm. Olar kenardan uzakda aw edýär hemem gaty basym ýüzýärler. Häzirki döwürde deňizde duşýan zatlaryň bary örän çalt hereket edýär hem-de demirgazyk-gündogara tarap barýarlar. Belki, günüň şu wagtynda elmydama şeýledir? Howa üýtgäp, men bolsa bilýän däldirin?»

Garry indi gök öwsüp oturan kenary görenokdy. Uzaklarda diňe gök baýyrlaryň depejikleri göze ilip, olaram, hamala, gar bilen örtülen ýaly akjaryp görünýärdi. Onuň üstündäki bulutlar bolsa beýik garly daglara çalym edýärdi. Gün dik ýokary galypdy, deňiz gap-gara öwsüp, indi planktonlaryň ýylpyldysy hem görnenokdy. Gara-gök suwda diňe Gün şöhleleriniň döwülmeginden ýüze çykýan älemgoşary hem-de deňziň düýbüne gidýän ýüpi görüp bolýardy — bärde onuň çuňlugy bir mile dagy ýetýärdi.

Tunesler ýene-de deňziň düýbüne gidipdi — balykçylar bu balyklaryň ähli görnüşini şeýle atlandyryp, olaryň hakyky atlaryny diňe bazarda satanlarynda ýa-da aldawaç hökmünde ulananlarynda dogry tutardylar. Gün gyzyp, gojanyň ýeňsesini ýakyp barýardy. Suwy küreklän mahaly arkasyndan syrygyp der şabyrdap akýardy.

«Men akym bilenem gidip bilerin ahyryn — diýip, garry oýlandy. Wagtynda oýanar ýaly, çeňňekli ýüpi başam barmagyma sarap, birsalym ukymam alyp bilerin. Bu gün segsen bäşinji gün, şonuň üçinem örän hüşgär bolmaly».

Edil şol wagt çeňňekleriň biriniň ýüpi çekilip, suwa tarap epildi.

— Ine, gördüňmi! — diýip, garry aýtdy-da, gaýygy çaýkamajak bolup, küreklerini emaý bilen suwdan çykardy.

Goja ýüpe golaý baryp, ony sag eliniň başam we süýem barmaklary bilen tutdy. Ol ýüpüň dartylýandygyny duýmady, şonuň üçinem ýüpi çekmän elinde saklady. Birsalymdan ýüp ýene-de silkindi, ýöne bu gezek emaý bilen çekildi hem-de garry munuň nämäni aňladýandygyna düşündi: suwuň ýüz gulaç aşagynda marlin gaňyrçaklara düzülen takgaz balyjaklary iýýärdi.

Goja ýuwaşlyk bilen ýüpi çeňňegiň agajyndan aýyrdy, ýüp indi onuň elindedi.

«Kenardan örän uzakda, üstesine, ýylyň şu paslynda maňa gabat gelen balyk, ähtimal, örän uly bolsa gerek. Iýiber bakaly, balyjak, iýiber. Takgaz balyjaklary örän täzejedir, suwuň alty ýüz fut çuňlugy bolsa örän sowuk we garaňkydyr. Ýene-de bir gezek yzyňa aýlan-da, iýsene, balyjagym!»

Ol ýüpüň ýuwaşlyk bilen, soňra bolsa has zarply dartylýandygyny duýdy, görnüşine görä, takgaz balyjaklarynyň birini gaňyrçakdan almak balyga kyn düşýän bolarly. Soňra bolsa birden ümsümlik aralaşdy.

— Bolsana — diýip, garry seslendi. — Ýene bir gezek gaýtalasana. Ysgap gör, eýsem, olar ajaýyp dälmi? Hany, gowuja edip iýsene. Onuň yzyndan tunes balygyny hem iýersiň, ol gatyja we sowujakdyr, iýdigiňçe işdäň açylar. Haýyş edýän, balyjak, çekinme-de iýiber.

Ol ýüpi başam we süýem barmaklarynyň arasynda saklap, şol bir wagtda beýleki ýüplere-de seredýärdi, sebäbi balygyň ol ýüpden ol ýüpe geçmegi mümkindi. Birden goja ýüpüň ýene-de çalaja silkinip gidendigini duýdy.

— Ol çeňňegime düşer — diýip, garry daşyndan aýtdy. — Taňrym, oňa jan saglyk berewer!

Ýöne balyk çeňňege düşmedi, giden bolmaly, ýüp gymyldamaýardy.

— Ol gidip bilmez — diýip, goja aýtdy. — Hudaý şaýatdyr, ol hiç ýere gitmez. Ol ýöne bir aýlaw edip, yzyna gelýändir. Belki, ol eýýäm çeňňege düşendir-de, näme etjegini bilmän durandyr?

Şol wagt ýüp ýene-de çalaja silkindi, gojanyň ýüregi ýerine gelen ýaly boldy.

— «Ol aýlaw edip, yzyna gelýändir» diýip men aýtdym ahyryn. Indi onuň gitjek ýeri ýok!

Balygyň ýüpi çalajadan çekýändigini bilip, garry örän şatlandy, ýöne birden ol akyla sygmajak agyrlyk duýdy. Ol äpet balygyň agramyny duýup, balygyň barha we barha aşak düşmegine ýol berip, elindäki ýüpi goýberýärdi. Ýüp garrynyň barmaklarynyň arasy bilen syrygyp, ýuwaşlyk bilen aşaklygyna gidýärdi, ol ony ýuwaşlyk bilen saklaýanam bolsa, balygyň äpet agramynyň bardygyny duýýardy.

— Bu nähili balykka?! — diýip, ol seslendi. — Gaňyrçagy äňine ildirip, indem uzaklara gaçyp gitmekçi bolýarmyka?!

«Ol, barybir, yzyna dolanar-da, gaňyrçagy ýuwudar» diýip, goja oýlandy, emma göz degmeginden gorkup, bu sözleri daşyna çykarmady. Ol çen bilen balygyň agramynyň nähilidigini bilýärdi hem-de garaňky deňizde barha uzaklaşyp barýan agzy gaňyrçakly tunesi göz öňüne getirýärdi. Ýöne bir pursat hereket togtady, şeýle-de bolsa ol balygyň agramyny duýýardy. Soňra ýüp ýene çekilip ugrady, ol ony birnäçe sekunt saklady welin, dartgynlyk has güýçlenip, ýüp göni aşaklygyna dartylyp ugrady.

— Ahyry gaňyrçaga ildi — diýip, garry aýtdy. — Goý, indi mazaly ýuwutsyn.

Ol bir eli bilen ýüpi ýuwaşja goýberip, beýleki eli bilen iki sany ätiýaçdaky ýüpi oňa çatdy. Indi ähli zat taýyndy, onuň ätiýaçlygynda balygyň düşen ýüpüni hasap etmäniňde, her biri kyrk gulaçlyk üç sany ýüp bardy.

— Çekinme-de, ýene biraz iý — diýip, goja aýtdy.

«Goý, gaňyrçaklar ýüregiňe çümüp, belliňi etsin. Onsoň suwuň ýüzüne galarsyň welin, seni garpun bilen tutaryn. Ýeri, nätdikä, iýip boldumyka?» diýip, ol içinden oýlandy. Soňra:

— Wagt boldy! — diýip seslendi-de, iki eli bilen ýüpi batly çekdi.

Ol balygy bir ýarda golaý çekdi. Soňra ýüpi kä ol eline, kä beýleki eline geçirip, bar güýji bilen çekmäge durdy.

Ýöne onuň edýän hereketleri biderekdi. Balyk ýuwaşlyk bilen arany açyp ugrady, goja ony ýekeje dýumam özüne golaýladyp bilmedi. Onuň çeňňekli ýüpleri uly balyklara niýetlenensoň berkdi. Goja ony egninden aşyryp şeýle bir çekdi welin, ondan suw damjalary zymdyrylyp gitdi. Suwuň içindäki ýüp dartylyp, ýuwaşja ses edip ugrady, goja bolsa göwresini arkan gaýşardyp, ýüpi berk saklap durdy. Gaýyk ýuwaşlyk bilen demirgazyk-günbatara tarap hereket etmäge başlady.

Balyk birsyhly ýüzüp barýardy. Beýleki çeňňekler henizem deňziň içinde bolsa-da, garrynyň elinden hiç zat gelenokdy.

— Wah, şu mahal ýanymda oglanjak bolsady! — diýip, garry aýtdy. — Meni balyk süýräp barýar, men bolsa oňa dakylan tirkeg ýaly yzyna düşüp barýaryn. Ýüpi gaýyga daňsaňam boljak, ýöne balygyň sypyp gitmegi mümkin. Men ony elimde berk saklamaly hem-de gerek wagty goýbermeli. Onuň deňziň düýbüne däl-de, ýüzünden ýüzýänem bir gowy zat. Birden ol deňziň düýbüne gidip, şol taýda heläk bolaýsa, näme etmeli bolarkam? Bilmedim. Aý, başa gelenini göribermeli bolar-da.

Ol ýüpi çekip oturyşyna, ýüpüň suwa gytaklaýyn gidýändigini, gaýygyň bolsa ýuwaşlyk bilen demirgazyk-günbatara barýandygyny synlady.

«Basym ol heläk bolar — diýip, garry oýlandy. — Onuň jany demirden däldir ahyryn».

Emma aradan dört sagat geçse-de, balyk yzyna gaýygy tirkäp, argynsyzlyk bilen deňze tarap ýüzüp barýardy, garry bolsa ýüpi egninden aşyryp, gaýykda direnip otyrdy.

— Muny günortanlar tutdum, şondan soň ony göremok — diýip, garry seslendi.

Balygy tutmazdan ozal, ol özüniň sypal şlýapasyna gowy edip aşak çekipdi, şonuň üçinem häzir ol kellesini kertip, gysyp-gowrup barýardy. Gojanyň suw içesi geldi. Ol ýüpi çekmejek bolup, ýuwaşlyk bilen çökine düşüp oturdy, soňra gaýygyň burnuna tarap süýşüp, bir eli bilen çüýşäni aldy-da, dykysyny aýryp, birnäçe owurt suw içdi. Soňra ýüzin ýatdy-da, birsalym demini dürsedi. Ol artykmaç hereket etmän güýjüni aýajak bolýardy. Birsalymdan gaýykda oturyp yzyna garan wagty eýýäm ýer görnenokdy.

«Howply zat ýok-la. Men Gawananyň yşyklaryndan çen tutup, elmydama-da yzymy tapyp bilerin — diýip, ol oýlandy. — Günüň ýaşmagyna ýene iki sagat galdy, belki, oňa deňeç ol suwuň ýokarsyna galar. Eger çykmasa, belki, Aýyň ýagtysyna ýa-da daňdan ýüzüp çykar. Ellerim diýenimi edýär, güýjüm ýerinde, onsoňam gaňyrçagy men däl-de, ol ýuwutdy ahyryn. Arman-ýadaman ýüzüp barýar welin, bu nähili balykka?! Görýän welin, ol gaňyrçagy mäkäm dişlän bolmaly. Ony azajygam bolsa görüp bolaýsa, kim bilen iş salyşýanym-a bilerdim».

Ýyldyzlara seredip ugruny kesgitläp bilensoň, balygyň gijesi bilen ugruny üýtgetmän ýüzendigini bilýärdi. Gün ýaşandan soň howa sowady, garrynyň çygjaran göwresi gurap, üşäp ugrady. Gündiz ol meňli gapyrjagynyň üstüne ýazan haltasyny guratmak üçin Günüň aşagynda goýupdy. Häzir ol haltanyň bir ujuny boýnuna orap, galanynam seresaplyk bilen ýüpüň aşagyndan geçirip, arkasyna örtdi. Ýüp indi onuň arkasyny gaty agyrtmaýardy. Ol gaýygyň burnuna ýaplanyp, özüne has amatly bolar ýaly biraz eglip oturdy. Dogrusyny aýtsak, şeýle halda oturmak hem oňa ýeňil däldi, ýöne: «Indi ýagdaýym gowulaşdy» diýip, ol öz-özüni ynandyrýardy.

«Men oňa hiç zat edip bilemok, ýöne olam maňa hiç zat edip bilenok. Bolman-da, täze bir hokga çykarýança hiç zat edip bilmez» diýip, garry öz-özüne aýtdy.

Işini bitirmek hem-de ýyldyzlara seredip ugruny kesgitlemek üçin ol bir gezek ýerinden turdy. Göwnüne bolmasa, garrynyň elindäki suwa girip gidýän ýüp inçejik şöhle ýaly bolup göründi. Indi olar haýal hereket edýärdi. Gawananyň yşyklary öçügsilenen ýalydy, görnüşine görä, akym olary gündogara äkiden bolmaly.

«Gawananyň yşyklary ýitirim bolup ugran bolsa, diýmek, biz gündogara tarap barýan bolmaly — diýip, goja oýlandy. — Eger balyk ugruny üýtgetmedik bolsa, olar ýene birnäçe sagatlap görünmeli ahyryn. Ýogsa-da, bu günki oýun nähili tamamlandyka? Ýanyňda radioň bolsa, nähili gowy bolardy».

Ýöne ol birden pikirlerini kesdi.

«Ünsüňi başga ýana sowma-da, edýän işiň barada oýlan. Birden çoçgara çolaşyp oturyberme».

Soňra bolsa daşyndan seslendi:

— Ýanymda oglanjygyň ýokdugyna gynanýan. Ol maňa kömekleşerdi hem bu zatlary gözi bilen görerdi.

«Garran çagy adam ýeke galmaly däl — diýip, ol oýlandy. — Ýöne maňlaýyňa ýazylan bolsa, etjek alajyň ýok. Güýçden gaçmazlyk üçin porsamanka tunesi iýmelimikä diýýän. Ajykmasamam ony ertirlik edineýin, ýöne muny unutmasam ýagşy» diýip, ol öz ýanyndan muny birnäçe gezek gaýtalady.

Gije gaýygyň ýanyna iki sany deňiz doňuzjygy geldi, goja olaryň erkeginiň agyr dem alyşyny, ene doňuzjygyň bolsa ýuwaşja hassyldaýşyny eşitdi.

— Bularyňky hezil — diýip, garry seslendi. — Oýnaýarlar, kowalaşýarlar hemem biri-birini gowy görýärler. Olar edil uçýan balyklar ýaly bize ýakyn.

Soňra ol çeňňegine ilen uly balyga nebsi agyrdy: «Gör, nähili täsin balyk. Onuň bu dünýäde näçe ýaşandygyny bir hudaý bilýär. Maňa hiç mahal munuň ýaly güýçli balyk duşmandy. Onuň özüni alyp barşy juda geň. Belki, ol juda akyllydyr, şonuň üçinem hem çabalanýan däldir? Eger-de ol böküp çabalansa ýa-da batly öňe okdurylsa, meni heläk etjek ahyryn. Ýöne, belki, ol öňem birnäçe gezek çeňňege düşüp, janyny şunuň ýaly ýol bilen halas edendir. Onuň garşysynda birje adamyň bardygyny, onuň hem gojadygyny ol nireden bilsin? Ýöne bu balyk uly bolmaly, eger-de eti tagamly bolaýsa-ha, gör, näçe pul getirer. Ol aldawaja edil erkeç ýaly ýapyşdy, meni süýräp barşam şonuň ýaly, üstesine, meniň bilen gorky-ürküsiz söweşýär. Geň zat, ol näme etmelidigini bilýärmikä ýa-da kellesine taýak degen ýaly ýüzüp barýarmyka?»

Ol bir gezek çeňňek bilen ene marlini tutandygyny ýadyna saldy. Çeňňege düşen ene balyk gorkusyna umytsyz ýagdaýda gahar bilen söweşe girdi, ýöne gaty basym ýadady. Erkek balyk bolsa bir ädim hem aýrylman deňziň ýüzünde onuň daşyndan aýlanýardy. Ol şeýle bir golaýdan ýüzýärdi welin, garry onuň orak ýaly ýiti guýrugy bilen ýüpi kesip taşlamagyndan gorkýardy. Goja ene balyga gaňyrçak ildirägede, naýza ýaly ýiti dişli agzyndan tutup, seňseletmek üçin birnäçe gezek serdesse bilen urdy welin, balygyň endam-jany besse-besse bolup, gan öýüp gitdi. Soňra ol oglanjygyň kömegi bilen ene balygy çekip gaýyga oklady, erkek balyk şonda-da onuň ýanyndan aýrylmaýardy. Garry çeňňekli ýüpüni ýygnap, garpuny häzirlän mahaly, erkek balyk ýoldaşyna näme bolanyny bilmek üçin gaýygyň golaýyna geldi-de, döşündäki açyk-benewşe reňkli ýüzgüçlerini gerip, ýokarlygyna bökdi, soňra bolsa kellesini aşak egdi-de, deňziň düýbüne çümüp gitdi, onuň arkasyndaky ýaýbaň açyk-benewşe zolagy mese-mälim bildirýärdi. Ol iň soňuna çenli öz ýan-ýoldaşynyň ýanyndan aýrylmady. Garry bolsa hiç wagt onuň owadanlygyny ýadyndan çykarmady.

«Deňizde munuň ýaly gaýgyly wakany hiç wagt görmändim — diýip, garry oýlandy. — Oglanjygam tukatlandy. Soňra biz ene balykdan ötünç soradyk-da, onuň läşini derrew bölüşdirdik».

— Ýanymda oglanjygyň ýokdugyna gynanýan — diýip, goja gaýygyň burnundaky tagaşyksyz ýerde ymykly ornaşandan soň seslendi. Ol egnini goparyp barýan ýüpüň üsti bilen bir tarapa gyşarnyksyz gidip barýan balygyň ägirt uly güýjüniň bardygyny duýýardy. — Görsene, meniň mekirligim sebäpli balygyň ykbaly üýtgedi duruberdi.

«Ol adam mekirliginden, her hili gürpbasdylardan uzakda — deňziň düýbünde bolmak isleýär, ýöne onuň yzyndan gidip, hiç bir adamyň barmadyk ýerinde ony tutmak meniň maňlaýymda bar eken. Indi bolsa biz günortandan bäri biri-birimize bagly. Oňa-da, maňa-da kömek etmäge hiç kim ýok».

«Belki, men balykçy bolmaly hem däldirin — diýip, ol oýlandy. — Ýöne men şonuň üçin doglan ahyryn. Daň atan mahaly tunesi iýmek ýadymdan çykmasa bolýar».

Daň atmazynyň öňüsyrasy gojanyň arkasyndaky ýüpleriň biri çekildi. Ol çeňňegiň çybygynyň döwlendigini, ýüpüň bolsa gaýygyň erňeginden syrygyp barýandygyny eşitdi. Garaňkynyň içinde ol pyçagyny gynyndan çykardy, sag egnindäki dartylyp duran ýüpi çepine geçirdi-de, arkan gaýyşyp, gaýygyň erňeginden syrygýan ýüpi kesip goýberdi. Soňra ol ýanyndaky ýüpem kesip, garaňkynyň içinde olaryň uçlaryny biri-birine çatdy hem-de düwnüň berk bolmagy üçin ýüpi aýaklary bilen saklap, bir eli bilen gowy edip çekdi. Indi onuň ätiýaçlygynda tutuş alty sany ýüpi bolup, olar biri-birine berk baglangydy.

«Daň atandan soň, kyrk gulaç aşak goýberen ýüpümi hem tapyp, ony-da kesip alyp ätiýaç ýüplerime çataýyn — diýip, goja oýlandy. — Dogrusy, gaňyrçaklardyr çümdürgiçleri hasap etmäniňde, men iki ýüz gulaç ýüpümi ýitirýän. Zyýany ýok, olary her ýerdenem tapyp bilerin. Ýöne haýsydyr bir balyk beýleki çeňňege düşüp, bu balygymdan mahrum etse, kim maňa şunuň ýaly balyk tapyp berer? Dogry, men häzir çeňňegime nämäniň düşendigini bilemok. Belki, ol marlindir, belki, gylyç balykdyr ýa-da akula — kim bilýär, bahymrajyk onuň bellisini etjek bolmaly».

Soňra bolsa daşyndan:

— Wah, şu mahal ýanymda oglanjyk bolaýsady! — diýip seslendi.

«Ýöne ol ýanymda ýok-da — diýip, goja oýlandy. — Sen diňe özüňe bil baglap bilersiň. Häzir garaňky bolsa-da, soňky çeňňekli ýüpi tapaýyn hem-de ony kesip, ätiýaçdaky ýüpe çataýyn».

Ol şeýle-de etdi. Garaňkyda işlemek oňa kyn bolýardy, üstesine, birdenkä balyk ýüpe şeýle bir çekdi welin, ol ýüzinligine ýykylyp, gözüniň aşagyny çapdyrdy. Gan syrygyp akdy, ýöne alkymyna ýetmän doňup galdy. Ol ýene gäminiň burnuna emedekläp baryp, birsalym dynç almak üçin ýaplandy. Goja haltany düzetdi, ýüpi seresaplyk bilen täze — gaýygyň gyrasynyň gädilmedik ýerine geçirdi, ýüpüň ähli agramyny egnine berip, balygyň nähiliräk çekýändigini kesgitlejek boldy, soňra bolsa gaýygyň näçeräk tizlikde barýandygyny biljek bolup, elini suwa sokdy.

«Näme üçin beýle çalt ýüzüp barýarka? — diýip, garry oýlandy. — Dogry, onuň arkasyndaky sim sypandyr hemem arkasy meniňki ýaly agyrýan däldir, ýöne ol nähili uly bolanda-da, gaýygy dynman çekip gidip bilmez ahyryn. Häzir men özüme zyýan berip biljek ähli zatdan dyndym, onsoňam meniň ätiýaçdaky ýüpüm gaty köp. Mundan başga adama näme gerek diýsene?»

— Eý, balyk — diýip, goja ýuwaşja dillendi. — Heläk bolaýmasam men seniň bilen aýrylyşman.

«Dogry, olam meniň bilen aýrylyşmaz — diýip, garry oýlandy-da, daňyň ataryna garaşdy, bu pursat gaty sowukdy, şonuň üçinem ol biraz ýylynmak üçin gaýygyň tagtalaryna gysyldy. — Eger ol çydaýan bolsa, diýmek, menem çydaryn».

Daň şapagyna deňziň düýbüne dartylyp gidýän ýüp göründi, gaýyk ýadawsyzlyk bilen öňe hereket edýärdi. Gözýetimde gün şöhlesiniň uçlary görnüp, garrynyň sag egni ýagtylyp gitdi.

— Ol demirgazyga barýar — diýip, goja aýtdy. — Ähtimal, akym bizi uzaklara — gündogara alyp giden bolmaly. Balygyň akym bilen gidenini isleýän, şeýdäýse, bu onuň ýadandygyny aňladar.

Ýöne Gün ýokary galanda, garry balygyň asla ýadamak barada pikir etmeýändigine düşündi. Ýöne bir begendirýän zat — ýüpüň suwa girişinden çen tutsaň, balyk indi deňziň ýüzräginden ýüzýärdi. Bu balygyň suwuň ýüzüne çykjakdygyn-a aňladanokdy, ýöne çykaýmagy ähtimaldy.

— Eý, Hudaý, ony suwuň ýüzüne çykmaga mejbur etsene — diýip, goja nalyş etdi. — Oňa hötde gelmäge mende näçe diýseň ýüp bar ahyryn.

«Ony biraz çekip, gaňyrçaga ilen ýerini agyrtsam, onuň suwuň ýüzüne çykmagy mümkin — diýip, garry oýlandy. — Jahan ýagtyldy, onuň özi suwuň ýüzüne çykmazmyka. Eger şeýdäýse, arkasynda ýerleşýän howa haltasy howadan dolup, ol suwuň düýbüne gidip bilmez».

Ol ýüpi gatyrak çekmäge synanyşdy, ýöne balyk çeňňege ileli bäri, onsuzam ýüp dartylyp durdy. Şonda-da ol ýüpi biraz çekmek üçin yza gaýşarylanda, dartylyp duran ýüp arkasyny agyrtdy. Ine, şu ýerde-de ol hiç zat edip bilmejegine düşündi.

«Ýüpi çekmeli däl — diýip, ol oýlandy. — Her çekemde gaňyrçagyň salan ýarasy giňär, onsoň balyk suwuň ýüzüne çykanda gaňyrçakdan sypmagy mümkin. Her niçik-de bolsa, indi Gün çykdy, men özümi gowy duýýaryn».

Çeňňekli ýüpe sary suwotylar çolaşdy, ýöne garry muňa begendi, sebäbi olar gaýygyň tizligini saklaýardy. Bu şol gijeki ýaldyraýan suwotulardy.

— Eý, balyk, men seni örän gowy görýän hem hormat goýýan, ýöne gije düşmezden öňürti seniň bilen bellisini ederin — diýip, goja aýtdy, soňra bolsa: «Munuň maňa başartjagyna umyt edýän» diýip oýa batdy.

Demirgazykdan gelýän bir kiçijik guş gaýyga golaýlaşdy, ol suwa gaty golaý uçýardy. Garry onuň gaty ýadandygyny duýdy. Guş gelip dynç almak üçin gaýygyň art tarapyna gondy. Soňra garrynyň depesinde aýlandy-da, ýüpüň üstüne gondy, bu ýer oňa rahatdy.

— Seniň ýaşyň näçe? — diýip, garry ondan sorady. — Ähtimal, bu seniň ilkinji syýahatyňdyr?

Guş jogap hökmünde oňa seretdi. Ol ýüpüň berkdigini, däldigini barlardan gaty ýadawdy, şonuň üçinem näzijek penjeleri bilen ýüpden berk ýapyşyp, yraň atyp otyrdy.

— Gorkma, ýüp gaty berkdir — diýip, goja ony ynandyrdy. — Hatda seniň çak edişiňdenem berk. Munuň ýaly şemalsyz gijede sen ýadamaly däl ahyryn. Aý, şu wagtyň guşlaram… bolýar-da.

«Ine, gyrgylar welin, deňizde ýadanoklar» diýip, garry oýlandy.

Ýöne ol muny guşa aýtmady, aýdanda-da ol muňa düşünjek däldi. Zyýany ýok, basym muny onuň özi biler.

— Gowuja dynjyňy al, kiçijik guşjagaz. Soňra bolsa kenara uçup bar-da, her bir adamyň, guşuň ýa-da balygyň göreşişi ýaly göreş — diýip, goja seslendi.

Guş bilen gürrüň etmek ony ruhlandyrdy, ýogsa bili agşamdan bäri agaç ýaly saň gaty bolup, indi bolsa yza berip ugrapdy.

— Isleseň bärde boluber, guşjagaz. Häzir ýeňiljek şemal öwüsýänem bolsa, ýelkeni galdyryp, seni kenara äkidip bilmeýänime gynanýan. Sebäbi bu ýerde meniň bir dostum bar hemem ony taşlap gidip biljek däl.

Edil şol wagt balyk birdenkä öňe bakan silkindi, garry saklanyp bilmän gaýygyň burnuna ýykyldy. Ol ýüpi biraz gowşadyp gaýykdan ýapyşmadyk bolsa, balyk ony gaýykdan agdarjakdy.

Ýüp çekilen wagty, guş uçup gidipdi hem-de garry onuň nädip ýitirim bolandygyny duýman galdy. Ol sag eli bilen ýüpi elläp gördi hem-de eliniň ganaýandygyny bildi.

— Hawa, balygyň teni hem agyrandyr — diýip, ol seslendi hem-de: «Balygy başga tarapa öwrüp bolmazmyka?» diýip ýüpi çekip gördi.

Ýüp batly dartylyp, ýene öňki kaddyna gaýdyp geldi. Soňra ol:

— Ýeri, balyk, ýagdaýlaryň nähili? — diýip, ondan sorady. — Hudaý şaýatdyr, meniň özüme hem aňsat däl.

Ol gözi bilen guşy gözledi, sebäbi kimdir biri bilen gürleşesi gelýärdi, ýöne guş hiç ýerde görnenokdy.

«Ol ýanymdan gaty basym gitdi — diýip, garry oýlandy. — Ýöne seniň uçup giden tarapyňda şemal gaty güýçlidir, kenara ýetinçäň güzap baryny berer. Balygyň ýekeje gezek silkineni üçin nädip özüme ýara salmaga ýol berdimkäm? Dogrudanam, garrap, aňkam aşyp ýör öýdýän. Ähtimal, guşa seredip, diňe şol barada oýlanan bolmaly. Indi diňe iş barada pikir edeýin hem-de güýç toplamak üçin tunesi iýeýin».

— Oglanjygyň ýanymda ýoklugyna gynanýaryn, üstesine, meniň duzumam ýok — diýip, goja seslendi.

Gaňyrçakly ýüpi çep egnine geçirip, ol ýuwaşlyk bilen çökine düşdi. Birsalym elini suwda saklap, ganyň ýaýrap gidişine, elini suwuň birsydyrgyn kesip gidişine syn etdi.

— Indi balyk öňkülerinden gaty haýal ýüzýär — diýip, goja seslendi.

Garry elini duzly suwda köpräk saklamak isledi, ýöne ýene balygyň ýüpi çekerinden gorkup ýerinden turdy-da, egni bilen ýüpi çekip, elini Güne tutdy. Onuň eliniň ýekeje ýeri sypjyrylan eken, ýöne ol edil eliniň ulanýan ýerindedi. Garry bu gün eliniň özüne ýene köp gezekler gerek boljagyna düşünip, günüň başynda oňa ýara salanyna gynandy.

— Elim guran bolsa, indi tunesi iýeýin — diýip, ol seslendi. — Ony gaňyrçak bilen çekip alaýyn-da, arkaýynlykda iýeýin.

Garry ýene-de çökine düşdi, gaýygyň yz tarapyny gaňragy bilen dörjeläp, tunesi tapyp aldy. Çeňňekli ýüpüň ýumagyna degmejek bolup, ony ýuwaşlyk bilen ýanyna çekdi. Ýüpüň agramyny ýene çep egnine geçirip, çep eli bilen gaýygyň gyrasyndan ýapyşdy-da, tunesi gaňyrçakdan aýryp, gaňragy ýerinde goýdy. Ol balygy iki dyzynyň arasynda saklap, onuň gyzyldan gara etini hamdyr süňkünden aýyrmaga durdy, soňra alty bölek eti gaýygyň burun tarapyndaky tagtanyň üstünde goýdy-da, pyçagyny balagyna süpürip, balygyň galak-gaçak zatlaryny deňze zyňyp goýberdi.

— Tutuş birini iýip bilmesem gerek — diýip, ol bir bölek eti aldy-da, ikä böldi.

Balyk birjigem badyny gowşatman ýüzýärdi. Garrynyň çep eli gurşupdy, onuň ýüpi tutup duran eli titreýärdi. Garry bu ýagdaýa ýigrenç bilen seretdi-de:

— Eý, Hudaý, bu nähili el boldugy! — diýip nalyş etdi. — Ýeri bolýar-da, çişseň — çişiber bakaly, isleseň inçelip, guşuň aýagy ýaly bol, barybir, bu saňa kömek etmez.

«Iý, onsoň elleriň güýçlener — diýip, ol garaňky suwdaky ýüpüň suduryna seredip oturyşyna pikirlendi. — Bärde onuň günäsi ýok, sebäbi sen eýýäm birnäçe sagatlap balygy saklap dursuň. Tä tutýançaň, ony goýbermejegiňem bilýäň, şonuň üçinem iý».

Ol agzyna bir bölek balyk atyp, ýuwaşlyk bilen çeýnäp ugrady. Onuň tagamy iýmezçe däldi.

«Birje damja şiresem bihuda gitmez ýaly, gowuja çeýnemeli — diýip, ol oýlandy. — Muňa limonjyk ýa bolmasa duzjagaz goşan bolsam gow-a bolardy».

— Ýeri, ýagdaýlaryň niçik? — diýip, ol gurşup saň gaty bolan elinden sorady. — Men seniň üçin ýene-de bir bölejik balyk iýjek.

Garry ikä bölünen balyk böleginiň ikinji böleginem agzyna atdy, ol ony yhlas bilen çeýnedi-de, hamyny tüýkürip goýberdi.

— Ýeri, gowulaşdyňmy ýa-da entegem hiç zat duýaňokmy — diýip, ol elinden sorady-da, ýene bir bölek balygy agzyna oklap, pikirlerine gümra boldy.

«Bu gaty sagdyn balyk eken. Maňa makrel däl-de, tunesiň duşany gowy boldy, sebäbi makrel juda süýji. Bu balyk o diýen süýji bolmasa-da, gaty ýokumly. Wah, ýanymda bir çümmük duzuň bolmandygyna gaty gynanýan. Galanja balygy Günüň aşagynda goýsam porsamagy mümkin, şonuň üçinem uly balyk özüni asuda alyp barýarka, aç bolmasamam ony iýeýin. Onsoň göreşe doly taýýar bolaryn».

— Sabyr et, eljagazym — diýip, ol seslendi. — Görşüň ýaly, men seniň aladaňy edýän.

«Uly balygam naharlasam gowy boljak, sebäbi ol meniň garyndaşym diýen ýaly. Ýöne men ony tutmaly, munuň üçin bolsa maňa güýç gerek» diýip, garry balygyň galanja böleklerinem ýuwaşlyk bilen bokurdagyndan geçirdi.

Soňra elini balagyna süpürdi-de, dikelip oturdy.

— Ine, şeýle, elim, indi sen çeňňekli ýüpi goýberseňem bolar. Bälçiremegiňi bes edýänçäň, ony sag elim bilenem saklap bilerin — diýip, ol çep eli bilen tutup duran ýogyn ýüpüni çep aýagyna orady-da, balygyň agramyny biline berip, arkan gaýyşdy. — Damarymyň çekmesi aýrylsa bolýar, balygyň kellesine ýene nämeleriň geljegini kim bilýär.

(Dowamy bar).

Rusçadan terjime eden Rüstem GURBANNEPESOW,
«Dünýä edebiýaty»

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle