Gowy okyjylar we oňat ýazyjylar
Wladimir NABOKOW,
rus ýazyjysy
Şu tüýsli oýlanmalara «Nädip gowy okyjy bolmaly» ýa-da «Awtora oňat garaýyş hakda» diýen ýaly goşmaça sözbaşylar gelşerdi. Men dürli pikirlere ýugrulan bu makalamda gyzyklanma hem assa-ýuwaş irginsizlik bilen ýewropa edebiýatynyň naýbaşy eserleriniň birnäçesini derňemekçi. Ýüz ýyl mundan ozal fransuz ýazyjysy Gýustaw Flober tanyş zenanlarynyň birine ýazan hatynda şeýle diýipdir: «Comme l’on serait savant si l’on connaissait bien seulement cinq a six livres» — «Bäş-alty sany kitaby bolmalysy ýaly bilmek bilen, nähili alym bolup bolardy».
Okyjy eseriň her bir jikme-jikliklerini aňlamalydyr we olara gyzykmalydyr. Umumylaşdyrmagyň sowuk ýagtysy diňe Gün şöhlesine ownuk-uşak zatlaryň bary toplanandan soň gowy. Ozaldan taýyn umumylaşdyrmakdan başlamagyň özi — işe ters tarapyndan girişmekdir, oňa heniz düşünip başlamankaň eýýäm kitapdan daşlaşmakdyr. Meselem, «Hanym Bowari» romanyndan buržuaziýanyň ýazgarylýandygyny öňünden bilip, ony okamaga girişmekdenem beter ýürekgysgynç pişe we awtora adalatsyz garaýyş bolarmy?! Her bir sungat eserinde täze dünýäniň döredilýändigi hemişe ýadyňda bolmaly, baş wezipämiz hem — biziň öňümizde täzeden açylýan we ozaldan bilýän dünýälerimiz bilen hiç hili baglanyşygy bolmadyk bu dünýäni başardygymyzça jikme-jik biljek bolmaly. Şol dünýäni ilik-düwme öwrenmeli — şonda, diňe şondan soňra onuň gaýry dünýäler, bilimiň beýleki ugurlary bilen baglanyşygy barada pikir edip başlaň.
Indi başga bir sowal: romanlardan ýurtlar we olaryň taryhy barada maglumatlary bilip bolarmy? Kitap birleşmeleriniň taryhy romanlar diýip her bir ädimde bize hödürleýän galyň eserlerinden geçmiş hakda haýsydyr bir zatlary bilip bolar diýip, ýöntem pikir edýänler häzirem barmyka? Durmuş hakdaky düşünjesi ruhanynyň öýüniň çäginden aňry geçmeýän bolsa-da, Jeýn Osteniň baý-begzadaly hem bagy-bossana bürenen mülkdarlar Angliýasy hakda bize galdyran ýazgylaryna ynanyp bolarmy? Ýa-da «Sowuk öý» romanyndaky hyýaly bir Londonda bolup geçýän haýran ediji sahnalara ýüz ýyl mundan ozalky Londonyň durmuşyndan oçerk diýip bolarmy? Elbetde, bolmaz. Bu beýleki romanlar babatda-da şeýle. Aslynda-ha, beýik romanlar — beýik ertekilerdir, biziň bu sapagymyzda bolsa olar — naýbaşy ertekilerdir.
Wagt hem giňişlik, pasyllaryň öwüşgini, damarlaryň we pikirleriň hereketi — bularyň ählisi (göwnüme bolmasa, şunda ýalňyşlyk ýok ýaly) zehini daş ýarýan ýazyjy üçin gapma-garşylykly hakykatlaryň hemmä elýeter kitaplaryndan alnan umumy düşünjeler däl-de, eýsem, genial ussadyň beýan etmäge üýtgeşik usul tapan özboluşly açyşlarynyň jemidir. Ortatap ýazyjy adaty zatlara bezeg bermegi başarýandyr: ol dünýäni täzeden döretjek bolmaýar — ol diňe adatylykdan, beýleki ýazarlaryň synap gören galyba giren zatlaryndan has gowularyny sykyp almaga çalyşýar. Ortatap ýazyjynyň nesibesi — bu öňki galyba reňk berip, ony biraz gözelleşdirmek. Ol täze bir dünýäni açjak bolup durmaýar-da, diňe öňki bar bolan zatlardan, öňki ýoň bolan pikirdir düşünjelerden has bir gowy zatlary sykyp almaga çalyşýar. Ol käte bir pursatlyk üýtgeşik täsirsizem däl, çünki ortatap okyjylara öz pikirleriniň gelşikli gaba çolanyp hödürleneni ýaramanam duranok. Emma planetalary aýlanmaga mejbur edýän çyn ýazyjy adamy heniz ol ýatan wagty emele getirýär, birehimlik bilen onuň gapyrgalaryny owýar — şeýle ýazyjynyň elinde ozalyndan taýyn gymmatlyklar ýokdur: sebäbi olary ýazyjynyň özi döretmeli. Eger-de bu dünýä ozaly bilen hyýal gaznasy hökmünde garamagy göz öňünde tutmaýan bolsa — ýazyjylyk sungaty boş patarrakydyr. Bu dünýäniň özi hakyky bolaýanlygynda-da, ol entek bitewi barlyk boldugy däldir: ol bulam-bujarlykdyr, awtor oňa «Başla!» — diýenden dünýä alawlap we eräp başlaýar. Ol diňe bir göze görner daş görnüşinde däl, eýsem, zerrejikler düzüminde-de özgerýär. Ýazyjy ilki bilen kartada onuň suduryny çekýär, onuň böleklerine at berýär. Mesaňa iýibermeli miweler. Hanha, o taýdan tegmilli bir jandar atylyp çykdy, diýmek, oňa baş öwretmeli. Daragtlaryň aňyrsynda ýatan köle «Dür köli» ýa-da — has çeperleşdirip, «Akar köl» diýip bilerin. Bu ümri dag diýip hasaplarys hemem üstüne çykmaly bolarys. Ussat ozal aýak basylmadyk kert gaýadan ýokary çykýar, onuň şemal uwlap duran depesinde kime duşýandyr öýdýäňiz? — Bagtyýar hem demi-demine ýetmän haslap duran okyja gabat gelýär-de, olar ömürlik aýra düşmezlik üçin — eger kitap müdimi boljak bolsa — bir-birine gujak açyp okdurylýarlar.
Uzaga çeken çykyşlar bilen geçen günlerimiň birinde çet-gyraky kollejleriň birine barmak miýesser etdi. Men talyplaryň arasynda kiçeňräk sowalnama ýaýratdym. Onda men okyja kesgitleme bermegi teklip etdim. Talyplar gowy okyja mahsus dört sypaty saýlamalydylar. Şol sanawym bir ýerlere ýitirim boldy, häzir ony ýadyma saljak bolup göreýin. Sizem gowy okyjy nähili bolmaly diýen sowala dört jogap beriň. Ine olara kesgitlemeler:
1. Kitap söýüjiler jemgyýetiniň agzasy bolmaly.
2. Özüňi kitabyň gahrymany bilen bir saýmak.
3. Ilki onuň durmuş-ykdysady ugry bilen gyzyklanmaly.
4. Hereketi we gepleşikleri köp bolan kitaplary ileri tutmaly.
5. Eseriň ekranlaşdyrylan görnüşine tomaşa etmezden, ony okamaly däl.
6. Ýaňy ýazmaga başlan ýazyjy bolmaly.
7. Hyýalbent bolmaly (göz öňüne getirmegi başarmaly).
8. Ýatkeşligi gowy bolmaly.
9. Sözlügi bolmaly.
10. Azda-kände çeperçilik ukyby bolmaly.
Talyplar agzybirlik bilen eseriň gahrymany bilen bir bolmagy, hereketleri, durmuş-ykdysady we taryhy ugry saýlap aldylar. Elbetde, siziň çak edişiňiz ýaly, gowy okyjy göz öňüne getirmegi başarmaly, onuň ýetik derejede ýatkeşligi, sözlügi hem çeperçilik ukyby bolmaly, dogrusy, olaryň soňkusyny her bir mümkinçilikde özümde we beýleki adamlarda ösdürmegi niýet edinýärin.
«Okyjy» sözüni juda erkin manyda ulanýandygymy öňünden aýtmalydyryn. Geň bolsa-da, bir zady aýtmakçy, aslynda, kitap bir gezek okalyp goýlaýmaly zat däl — ony gaýta-gaýta okap durmaly. Gowy okyjy, saýlantgy okyjy, duýgudaş hem dörediji okyjy — ol kitaby gaýta-gaýta okaýan adamdyr. Näme üçin beýledigini häzir düşündirjek. Kitaby birinji gezek okanymyzda gözüň çepden saga, setirden setire, sahypadan sahypa geçmeginiň özi kyn iş, şunda biziň amal edýän çylşyrymly işimiz, kitaba düşünmek üçin sarp edýän wagtmyzyň özi ony estetiki taýdan kabul etmegimize päsgel berýär. Biz surata syn edenimizde onda çuňňurlyk we ösüş bolaýanda-da, ony görmek üçin bize gözümizi gezdirip ýörmegiň geregi ýok. Žiwopis eserine birinji gezek syn edenimizde wagta asla parh goýulmaýar. Emma kitap bilen tanyşlyga welin, wagt sarp etmeli bolýar. Bize oňa tutuşlygyna syn edip, soňundanam ony jikme-jik seljerjek (žiwopis eserine syn edeniňdäki ýaly göz kimin) beden agzasy berilmändir. Diňe birinji, ikinji, üçünji, dördünji gezek okanymyzda belli bir derejede biz kitap bilenem edil surat bilen bolşy ýaly, söhbede girip bilýäris. Isle çeper eser bolsun, isle-de ylmy iş (olaryň araçägi, pikir edilişi ýaly, şeýle bir anygam däl) — islendik kitap, ozaly bilen, akyla niýetlenendir. Akyl, beýni, oňurganyň galdyryp duran çürbaşy — kitap okamak üçin degerli ýeke-täk guraldyr.
Eger şeýle bolýan bolsa, onda biz tutuksy okyjy kitabyň Güneş nuruny saçýan ýerine gabat gelende, akylyň nähili işleýändigini seljermelidiris. Ozaly bilen, göwnüçökgünlik dargap gidýär-de, kükregi batyrgaýlykdan doly okyjy kitabyň ruhuna imrinýär. Köplenç, kitap okamaga girişmek üçin özüňe zor salmaly bolýar, aýratynam, ony ýaş okyjynyň gizlin ynanjyna görä, içgysgynç, köneçil adamlar maslahat beren bolsa, ýöne ahyrsoňy özüňe zor salyp okalsa, bu aňryýany bilen özüni ödär. Ýazar kitap döredende ylham-hyýalynyň jylawyny goýberen bolsa, okyjam öz hyýalyny erkine goýbermelidir — şeýdilse, hem dogry, hem ynsaplylyk bolar.
Okyjynyň hyýaly barada aýdylanda, onuň azyndan iki görnüşiniň bolýandygyny bellemek gerek. Geliň, kitap okalanda olaryň haýsysynyň zerurdygyny anyklalyň. Olaryň birinjisi — juda garyp, diňe ýöntemje duýgular bilen ýaşaýan we kesgitli şahsy häsiýetli bolýar. (Kitaby duýgurlyk ummanyna çümüp okamagyň bu görnüşiniň, öz gezeginde, birnäçe röwüşleriniň bolýandygynam aýtmak gerek). Biz kitapda beýan edilýän waka ýürekden gynanýarys, çünki ol özümiziň ýa-da tanyş-bilişlerimiziň düşen ýagdaýyny ýada salýar. Ýa bolmasa, kitap okyja öz geçmişiniň bir pursady kimin onuň hakydasyna haýsydyr bir künjegi, manzary, durmuş ýörelgesini ýada salýandygy üçin ýakyn bolup biler. Ýa-da — okyjynyň düşüp biljek iň ýaramaz ýagdaýy — ol özüni kitabyň gahrymany bilen bir saýýar. Özüm-ä okyjylara hyýalyň şu görnüşinden daş durmagy maslahat bererdim. Okyjynyň ulanmaly ýeke-täk dürs guraly nähili bolmaly? Ol özüňe dahylsyz hyýaly ulanyp, estetiki lezzet almakdyr. Meniň pikirime görä, okyjynyň aňy bilen awtoryň aňynyň arasynda çeper-sazlaşyk deňagramlylyga ymtylmalymyka diýýärin. Birneme çete çekilip, şol çekilişden hoşluk tapyp, şol ýerde durşuňa gözýaşa büreýän we galpylda salýan lezzete berlip, eseriň çuňluklaryna aralaşmaly. Elbetde, bu ýerde hemme zat hakykata gabat gelip durmaz. Gymmatly zatlaryň ählisi belli bir derejede şahsy, her kimiň özüne kybap garaýyşda (subýektiw) bolýar. Düýşümde, hamala, siz bu ýerde oturan ýaly bolup biler; ýa-da meniň — siziň gözüňize arwah bolup görünmegim mümkindir. Men diňe okyjy hyýalyny öz wagtynda agyzzyryklap bilmelidir diýjek bolýaryn, munuň üçin bolsa awtoryň öz ygtyýaryna beren şol üýtgeşik dünýäsini aňynda dogry suratlandyrmagy başarmaly. Şol dünýä bakmagy we ony diňlemegi başarmaly, onuň otalgalaryny, şol älemde ýaşaýanlaryň lybasyny, edim-gylymlaryny görmegi başarmaly. «Mensfild seýilgähindäki» Fanni Praýsyň gözüniň reňki-de, onuň buz ýaly sowuk otagy hem — bu zatlaryň ählisi juda möhüm pursatlardyr.
Her kimiň bir hili ruhy garaýşy bolýar, okyjy üçin çeper garaýşyň ylmy garaýyş bilen utgaşygy has ýerliklidir. Aşa çeper joşgun kitaba juda şahsy häsiýet berer, sowuk ylmy seljeriş duýgurlygyň howruny öçürer. Emma okyjy hyjuwsyz we sabyrsyz bolsa — oňa ýazaryň joşguny we alymyň takady ýetmezlik etse welin, onuň naýbaşy eseri halajagy-halamajagy gümanadyr.
Edebiýat gadymyýet döwrüniň adamynyň ýaşan jülgesinden oglanjygyň: «Möjek, möjek!» diýip lägirip çykan, onuň yzyndanam gurt ýeteňkirläberen döwri däl-de, oglanjyk: «Möjek, möjek!» diýip gygyranda, ýöne onuň yzynda bolsa hiç hili möjegiň ýok wagty döräpdir. Ahyrsoňunda ýalan sözlemegi halaýandygy üçin, ol hakyky betbagtçylyga duçar hem bolupdyr, ýöne bu biziň üçin eýýäm ikinji derejeli zat. Munda başga bir zadyň ähmiýeti has uly. Bakyň: hakyky möjek bilen toslanan möjegiň arasynda nähilidir bir zat ýalpyldap gidýär, öwşün atýar. Şol ýalpyldap gidýän zat — edebiýatyň hut özüdir.
Edebiýat diýleni, aslynda, hyýaly bir zat. Hyýaly zat nätseňem toslama bolýar. Hekaýa hakykat ýaly diýmek sungaty hem, hakykaty hem äsgermezlikdir. Her bir uly ýazyjy — uly ýalançydyr, ýöne iň uly ýalançy — Tebigatdyr. Tebigat mydama al salýar. Köpelmegiň bähbidine sadaja hilegärlikden başlap, kebelekdir guşlaryň akylyňy haýran ediji gorag reňklerine çenli bar ýerde — Tebigat gözbagçylygyň we imrindirmeleriň jadyly toruny gurýar. Ýazyjy bolsa diňe oňa öýkünýär.
«Möjek, möjek!» diýip, ala-goh turzup, töweregindäkileri gorkuzan kiçijik ýabany çagajygymyza az salymlyk dolansak, şuny aýtsa bolar: sungatyň jadysy onuň toslap tapan möjeginiň salgymyndan, onuň hyýalyndaky gurtdan gözbaş alyp gaýdýar, bezzat oglanjyk heniz diri wagty ol baradaky gürrüňler gyzykly hekaýady. Garagol çaga heläk bolandan soň welin, gowakdaky oduň başynda bu hekaýat tymsala öwrüldi duruberdi. Ýöne şonuň bilen birlikde jadygöýligem ýitirim boldy. Çünki esasy zat hyýaly toslama bolup durýardy.
Ýazyja üç nukdaýnazardan; hekaýatçy, mugallym, jadygöý hökmünde baha berip bolar. Olar — aýdyjy, mugallym, jadygöý — üçüsi bir uly ýazyjyda jemlenýär, ýöne onda ilkinji bolup jadygöý öňe çykanda, ol uly ýazyjy bolýar.
Biz hekaýatça dynç almak, sadaja zatlar bilen aňymyzy joşdurmak, haýsydyr bir alys illere we döwürlere höwes bilen aýlanmak üçin ýüz tutýarys. Birneme başgaçarak, dogrusy, düşünjesi şeýle bir ýokary bolmadyk kişiler hem ýazyjylara mugallymlardyr öýdýärler. Öwüt-ündewçi, ahlakçy, weli — ine, ýazyjy şu tertipde ýokary galýar. Mugallyma diňe bir öwüt-ündew üçin däl, eýsem, bilim, maglumat almak üçinem ýüzlense bolar. Gynansamam, men şadyýan Parižiň ýa-da hasratly Russiýanyň durmuşy barada bir zatlar biljek bolup fransuz we rus romançy ýazyjylarynyň eserlerini okan adamlary bilýärin. Üçünjiden, bu esasy mesele, naýbaşy ýazyjy — hemişe ussat jadygöýdir, haçan-da, biz ýazyjynyň özüne mahsus jadysyna, onuň tilsimine, obrazlylygyna, onuň romanlarynyň ýa-da goşgularynyň gurluşyna düşünmäge synanyşýan wagtymyz, ine, hut şonda iň gyzykly döwür başlanýar.
Beýik ýazyjynyň zehininiň üç ugry — jadysy, hekaýaty, ündewi — adatça, bütewi we ýeke-täk röwüşde jemlenýär, çünki sungat jadysy tutuş hekaýatyň içinden eriş-argaç bolup geçip, oý-pikiriň jümmüşinde bolup biler. Guraksy, aýdyň, yzygiderli pikirleriň ajaýyplyklary «Mensfild seýilgähiniňkiden» ýa-da Dikkensiň iň bir möwç urýan şekillerinden kem bolmadyk sarsgyna salyp biler. Şygryýetiň ylmy syzgyrlyk bilen dogry sazlaşygy, meniň pikirimçe, romanyň hilini barlamak üçin amatly kesgitleme bolsa gerek. Şu jadynyň çuňluklaryna aralaşmak üçin, pähimli okyjy kitaby ýüregi bilenem, hatda akyly bilenem däl-de, eýsem, duýgurlyk damary bilen okar. Hut şeýle bolanda ýagyrnyňa sowuk der iner, ýogsam biz kitaby okanymyzda oňa gaty golaýlaşman, birneme daşgynrak durmaly. Ine, şonda biz hem duýgy, hem akyl-huş taýdan lezzete çümüp, ýazyjynyň kagyzdan jaý gurşuna hem-de şol kagyzdan gurlan jaýyň aýnadyr polatdan bina bolan jaýa öwrülişine syn ederis.
Rus dilinden terjime eden Orazmyrat MERETGULYÝEW